Mübärek Berat gijäňiz gutly we bereketli bolsun!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Ertirki agşam mübärek gije bolan Miraç gijesini görmek we islänler üçin ony ýerine ýetirme mümkinçiligi/bagty miýesser eder, enşallah!

Berat Gijesiniň bäş aýratynlygy bar:

1. Ähli hikmetli işleriň aýrylmagyna başlanmagy;
2. Bu gijede ediljek ybadatlaryň gazandyrýan sogaplarynyň beýleki wagtlardakylara görä esse-esse köp bolmagy;
3. Ylahy rehmetiň bütin älemi gurşap almagy;
4. Allahyň bagyşlama mukdarynyň köpelmegi;
5. Pygamberimize doly şepagat etme mümkinçiliginiň/nygmatynyň berilmegidir.

Bir rowaýata görä Resulullah Aleyhissalatü Wesselam Şaban aýynyň onüçünji gijesi ymmaty hakynda şepagat nyýaz etdi, üçde biri berildi. Ondördünji gijesi nyýaz etdi, üçde ikisi berildi. Onbäşinji gjesi nyýaz etdi, hemmesi berildi. Ýöne Allahdan düýäniň gaçyşy ýaly gaçanlar munyň daşynda...

Zemzem guýysynyň bu gijede açyk ýagdaýda joşup, köpelmegi hem munyň delili hökmünde görkezilýändir. (Hak Dini Kur an Dili, 5:4295)

Pygamberimiz bir hadysynda Berat Gijesiniň bereketini dürli ýollar bilen bildirýändir:

"Şaban aýynyň 15-nji gijesi gelende, gijäni oýalykda ybadat bilen, gündüzi-de orazaly geçiriň. Şol gije gün ýaşandan soň, Allah rehmeti bilen dünýä asmanyna meýleder(/nury bn geler) ve şeýle diýer:

"Toba eden ýokmy, bagyşlaýyn.
Ryzyk isleýän ýokmy, derrew ryzyk bereýin.
Başyna bir bela gelen ýokmy, derrew saglyk, şypa we içdä açyklygy bereýin.
Şu ýagdaý daňdan şapagynyň atmagyna çenli şeýle dowam eder."(İbni Mâce, İkame, 191.)

PS: Häzirlikçe hemmäňizi ýeip gelýän mübärek Berat gijesi bn tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Enşallah, bu gijä oňat düşünip we oňat hem peýdalanan ynsanlardan bolmagymyzy dileýärin!
1-2 günüň içinde has giňişräk maglumaty hem hiç kim goýmadyk bolsa, özümiň goýjagymy aýtmak isleýärin :))

Hawa, indi birek-biregi gutlap, ýagşy dilegler edip bileris!

Sag boluň!

Telpekler (3 kisiden 5 sany)

Bu yazgi ucin

  • el_mariachi 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "shunyalak bloglary gowy goryan "

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Wiý, başaryp bilýänler,

Wiý, başaryp bilýänler, rowgaty ýetenler ertir gijäni orazaly garşy alyp biler. Özüm-ä synanyşan bolup görjek, enşallah. Höküwmet heläk edäýmez-le :))
Öz-ä örän kyn-ow, başym aýlanyberýär soňa-baka welin, kösensegem alyp çykarys-la enşallah:)

Gijänem, näme, ybadat we toba bn geçirse örän amatly bolaýjak ýaly:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

şu gün, yagny berat

şu gün, yagny berat gijesinde,
Muhammet pygamber jennede gidip gelipdir diyilyar, özem Burak diyilyan atyn üstünde, önünça medineden (yada mekkeden?) yerusaleme, yagny kudüse, anyrdan hem jennede gidipdir, özem bir gijede. Anyrda herhili zatlar göryar, detallaryny kan bilemok,

şu wagt, men yokarda ganatly at uçup yör diysem, hiç kim ynanmaz, hatda mana dali diyerler, gözün yalnyş görendir diyerler.
Emma gürrün muhammet pygamber bolanda, göni ynanylyar. Ine din şeyle zat, akyldanam, bilimdenem öne geçip bilyar.
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Ilki bilen-ä Beragat gijesi

Ilki bilen-ä Beragat gijesi däl-de, Miraç gijesi pygamberimiz (saw) ilki Burak, soňam Refref atly ulaga münüp, Allahyň dergahyna barýar we görüşýär.

2- Saňa häzir oturan ýeriňden amerikadaky ýa Tm-däki wakalary adaty ýagdaýda telewizordan janly görmek geň gelenok-da, pygamberimiziň mugjyza arkaly gaýby bir ulag bn uçmagy geň görülýärmi?!

3- Hemme pygamberlerde Biribar tarapyndan özlerini ilçilik taglymatynyň delili hökmünde mugjyzalar berlipdir. Meselem:

Hz. Adam – ähli zatlaryň atlary;
Hz. Nuh – kämil gämi gurujylygy we küýze we ş.m. ussatlygy;
Hz. Süleýman – şemala, jynlara höküm etmegi, haýwanlaryň diline düşünmegi;
Hz. Dawud – demirleri hamyr ýugran ýaly ýugrup, islän şeklini bermegi;
Hz. Musa – hasasynyň aždarha öwrülmegi, gökden nygmatlaryň gelmegi, eliniň şöhle saçmagy we ş.m.
Hz. Isa – öli ynsanlary, haýwanlary direltmegi, hassalary sagaltmagy we ş.m.
Hz. Muhammed(saw) – örän köp mugjyzalary bar, ynha, käbir sanawy:

1- Başda Kuran;
2- aýy ikä bölmegi;
3- miraja çykmagy;
4- agaçlary ýöretmegi;
5- daşlary elinde döndermegi;
6- daşlar, agaçlar, haýwanlar bn gepleşmegi;
7- barmaklaryndan suw akdyrmagy;
8- nygmatlaryň köpeldilmegi;
9- gaýypdan habar bermegi;
10- ahyrete degişli mertebeleri we ş.m.

Aslynda, pygamberimiziň 1000-den gowrak mugjyzalary bar. Şol asyrda kapyrlaryň olara ynanmaýşy ýaly, bu asyrda-da kapyrlar ynanmak islänoklar – bu tebigy ýagdaý.
Ýöne ýokardaky pygamberleriň hem mugjyzalary barka, ala-böle Hz.Muhammed mysal getiriläýmelimikä ýekeje mysal hökmünde?!

Garaz, ynanar ynanar, ynanmadyk ynanmaz! Allah ynanmaýanlara hidaýet bersin!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Goshmaca

Goshmaca maglumat:

AÝATLARDA BERAGAT

وَالْكِتَابِ الْمُبينِ اِنَّا اَنْزَلْنَاهُ فى لَيْلَةٍ مُبَارَكَةٍ اِنَّا كُنَّا مُنْذِرينَ

Aýdyň bolan Kitaba ant bolsun, Biz ony (Kurany) mübärek bir gijede indirdik. Şübhesiz biz öňünden bildirijidiris. (Duhan / 2-3)

رَحْمَةً مِنْ رَبِّكَ اِنَّهُ هُوَالسَّميعُ الْعَليمُ

Seniň Rabbiniň haýpygelijiligi sebäpli (iberen ilçilerimize şol gije emirlerimizi bir-birden düşündirer, wahyýllarymyzy bildireris). Dogrusy, Ol eşidendir, bilendir. (Duhan / 6)

HADYSLARDA BERAGAT

Pygamberimiz bir hadysynda Berat Gijesiniň bereketini dürli ýollar bilen bildirýändir:
"Şaban aýynyň 15-nji gijesi gelende, gijäni oýalykda ybadat bilen, gündüzi-de orazaly geçiriň. Şol gije gün ýaşandan soň, Allah rehmeti bilen dünýä asmanyna meýleder(/nury bn geler) ve şeýle diýer:
"Toba eden ýokmy, bagyşlaýyn.
Ryzyk isleýän ýokmy, derrew ryzyk bereýin.
Başyna bir bela gelen ýokmy, derrew saglyk, şypa we içdä açyklygy bereýin.
Şu ýagdaý daňdan şapagynyň atmagyna çenli şeýle dowam eder."(İbni Mâce, İkame, 191.)

* Hz. Üsame (radyýallahu anh) şeýle diýýär: "Eý, Allahyň Resuly, Şaban aýynda tutuşyň ýaly, başga aýlarda oraza tutanyňy görämeýärin (sebäbi nämedir?)'' diýip soradym. Şeýle jogap berdi: "Bu, Rejeb aýy bilen Remezan arasynda ynsanlaryň gaflat edýän aýydyr. Aslynda O, amallaryň Rabbülalemine çykarylýan bir aýydyr. Men, orazaly halda amalymyň beýgeldilmegini isleýärin."

TEFSİRDE BERAGAT

Şaban aýynyň 15-nji gijesiniň dört ady bardyr: "Mübärek gije", "Beraga gijesi" "Sakk gijesi", "Rahmet gijesi". Bu gije bilen Gadyr gijesi arasynda kyrk gün bardyr. Beragat we Sakk gijesi diýilmegi hakynda: nyrhy doly alynan wagty, beragatlaryny (tämizdiklerine yglany) bildiren bir sakk (güwanama) ýazylyşy ýaly, Allah Tagala-da bu gije mümin bendelerine beragat ýazar.

Bu gijäniň bäş aýratynlygy bardyr:

1- Her hikmetli işiň aýrylmagy;

2- Bu gijedäki ybadatyň beýikligi: Resulullah (s.a.w.) : "Kim bu gije ýüz rekagat namaz okasa, beýik Allah oňa ýüz melek iberer. Otuzy oňa jenneti buşdular, otuzy oňa jähennem azabyndan gutuluşyň kepilnamasyny berer. Otuzy-da ondan dünýä apatlaryny sowarlar, onusy hem ondan şeýtanyň duzaklaryny, hilelerini sowarlar."

3- Rahmet iner, Resulullah (s.a.w.) : "Beýik Allah bu gije ymmatyna şeýle rahmet eder welin, Kelb kabylasynyň goýunlaryň gyllarynyň sany ýaly köpdür."

4- Bagyşlanma ýüze çykar. Ýene Resulullah (s.a.w.) : "Beýik Allah bu gije bütin musulmanlary bagyşlar, ýöne (toba edip, edýän erbet amallaryndan ýüz öwürmedikleri ýagdaýda) : müşrikler (Allaha şärik getirýänler); kahin(palçy); sihirbaz(gözbagçy); müşahin (örän kinli we hemişe ynsanlara duşman bolup, zyýan bermekden başga zady pikirlenmeýänler); musulmanlaryň üçine pitne salýanlar; garyndaşlyk bagyny goparanlar; gompulyk we men-menlikleri sebäpli, eşiklerini ýerde süýreýänler; hemişe serhoş ediji närseleri (arak, tirýek we ş.m.) içýänler; ene-atasyna garşy gelmeklerinde dowam edip, olary ynjydýanlar; zyna etmegine hemişe dowam edýänler munyň daşyndadyr."

5- Bu gijede Resulullaha (s.a.w.) şepagatyň hemmesi berilendir. Çünki Resulullah Şaban aýynyň onüçünji gijesi ymmaty üçin şepagat isledi - üçde biri berildi. Ondördünji gijesi isledi - üçde ikisi berildi. Onbäşinji gijesi isledi, hemmesi berildi Ýöne Allahdan düýäniň gaçyşy ýaly gaçanlar munyň daşynda...

Zemzem guýysynyň bu gijede açyk ýagdaýda joşup, köpelmegi hem munyň delili hökmünde görkezilýändir. (Hak Dini Kuran Dili, 5:4295)

BERAGAT GIJESI BARADA

Üç aýlaryň ikinjisi bolan Şaban aýynyn onbäşinji gijesidir. Beragat gijesinde, ynsanlygyň kysmat taýdan ylahy taglymatlary(programma) edilýäni üçin, bu gije Gadyr gijesi bilen barabar hasaplanýar we bir gije bütin senäniň tohumy hökmündedir. Bu gije ýaradylanlaryň bir ýyl içindäki ryzyklaryna, baý ýa garyp, eziz ýa zelil(perişan) bolajaklaryna, ýaşajakdyklaryna ýa-da öljeklerine we hajylaryň sanlaryna degişli Allah tarapyndan meleklere maglumat beriljeği beýan edilýär.

Beragat: "iki zat arasynda bagyň bolmazlygy; şahsyň bir jogapkärlikden gutulmasy ýa-da jogapkärliginiň bolmazlygy " diýen manyny berýändir. Sahyh hadyslaryň beýanyna görä: Şaban aýynyň onbäşinji gijesi toba eden müminler, Allahyň bagyşlamagy bilen günälerinden, şeýlelik bilen Jähennemden beragat ederler, halas bolarlar. Şaban aýynyň ortasyndaki gijä Beragat adynyň daşyndan; ruhy taýdan bereketli we mukaddes bir gije bolany üçin, Mübärek Gije; oňat amal edilen ýagdaýda, Biribar tarapyndan günälerden tämizlenilýäni üçin Sak (Beragat, Perman, Halas boluş Belgisi) Gijesi; sansyz yhsany, bagyşlama we merhemeti çäksiz bolan Allahyň ykram we eçilmegine gowuşylany üçin hem Rahmet Gijesi diýlendir. Bir hadysda: “Beragat gijesinde edilen dilegleriň yzyna boş iberilmejeği” buşlugy berlendir.

Käbir alymlaryň kyblanyň Kudüs'däki Mesjid-i Aksadan Mekkedäki Kabe-i Muazzama tarap öwrülmeginiň Hijretiň ikinji ýylynda Beragat gijesinde bolanlygyny kabul etmekleri hem bu gijä aýratyn ähmiýet berilmegine sebäp bolýar.

Käbir müfessirler "Biz Ony (Kurany) mübärek bir gijede indirdik. Çünki biz hakdan ýüz öwürenleri öňünçä habardar ederis. Ol şeýle bir gijedir, her hikmetli iş, tarapymyzdan bir emir bilen şol wagt ýazylyp belli ediler." aýatynda bildirilen gijäniň Beragat gijesidigini aýdypdyrlar. Yslam alymlarynyň köpüsine görä bolsa bu gije Gadyr gijesidir. Çünki beýleki aýatlarda Kuranyň Remezan aýynda we Gadyr gijesinde inendiği aýdyň bildirilendir. Bu ýagdaýda Kuranyň doly görnüşde Beragat gijesi Lewh-i Mahfuzdan(Allahyň gatyndan) dünýä gatyna inenligi, Gadyr gijesinde-de wezipeli kätipler(melekler) tarapyndan böleklere aýrylyp, aýatlaryň hezreti Jebraýyl tarapyndan pygamberimize (saw) bölekleýin indirilmäge başlandygyny bildirýän ýorum ýüze çykýar we käbir müfessirler bu görüşi(pikir) kabul edýärler.

Käbir alymlara görä: Beragat gijesinde, emirler Lewh-i Mahfuzdan gelmäge başlar, kätip melekler bu gijeden, indiki ýylyň şol gijesine çenli boljak wakalary ýazarlar. Bu ýazma işi Gadyr gijesi bitiriler. Ryzyklar bilen baglanyşykly depter Mikaýyla (as); söweşler, zelzeleler(ýer titreme), saikalar(belalar), çöküşler bilen baglanyşykly depter Jebraýyla (as); amallar baglanyşykly depter, dünýä gatynyň eýesi we beýik melek bolan İsrafile (as); musybatlara(bela-beter) baglanyşykly nusga hem Ezraýyla (as) berler. Rasulullah (saw) : "Allah Tagala hemme zady Beragat gijesinde takdyr eder(ýazyp belli eder). Gadyr gijesi gelende-de bu zatlary eýelerine gowşurar." diýipdir. Beragat gijesinde ajallar we ryzyklar; Gadyr gijesinde bolsa haýyr, bereket we salamat bilen baglanşykly işler takdyr ediler. Gadyr gijesiniň saýasynda diniň güýç-kuwwada eýe bolan zatlaryň takdyr edileni; Beragat gijesinde bolsa, şol ýyl öljekleriň atlarynyň ýazylyp, ölüm meleğine berilýäni hem aýdylypdyr.

Hz. Peygamberiň Şaban aýyna, aýratynam, bu aýyň içindeki Beragat gijesine has köp ähmiýet berenini kabul edýän köp alymlar bu gijäni namaz, Kuran okap we dileg edip geçirmegiň örän köp sogaba sebäp boljagyny belläpdirler. Beragat gijesi okaljak namaza Salatü'l-Haýr/Haýyr Namazy diýlipdir. Bu namaz birnäçe rowaýata görä ýüz rekagatdyr. Her rekagatynda fatiha(alham) süresinden soňra, on (ýa onbir) gezek yhlas(kulhuwalla) süresi okalar. Bir rowaýata görä bolsa on rekagatdyr we her rekagatynda fatihadan soňra ýüz yhlas süresi okalar.

Bir yslam alymy Beragat Gijesi gutlagynda bu gijäniň gadyry we ýerine ýetirilmegi barada şeýle diýýär: "Elli ýyllyk bir manewi(ruhy) ybadat ömrüni iman ähline gazandyran Leyle-i Beragatyňyzy ruh we janymyz bilen gutlarys! Bu gelen Leyle-i Beragat [Beragat Gijesi], bütin ýylda bir mukaddes tohum hökmünde we ynsanlyk kysmatynyň programmasyndan bolmagy sebäpli, Leyle-i Kadryň(Gadyr gijesi) mukaddesligine barabardyr. Her bir salyh amalyň sogabynyň Leyle-i Gadyrda otuz müň bolşy ýaly; bu Leyle-i Beragatda her bir salyh amalyň we her bir Kuran harpynyň sogaby ýigrimi müňe çykar. Beýleki wagtlarda on bolsa, Şuhur-u Selasede [mübärek üç aýlar] ýüze we müňe çykar. Bu mukaddes meşhur gijelerde on müň, yigrimi müň ýa-da otuz müňlere çykar. Bu gijeler, elli ýyllyk bir ybadat hökmüne geçip biler. Şonun üçin mümkin boldugyça Kuran, toba we salawat bilen meşgul bolmak uly gazançdyr.

Ceshme: yslam.info

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"