Köp aýallylyk gowumy?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Poligamiýa başga ady.
GOwumy? Erbetmi? Pikirleriňiz?
Men täzelikde her dürli gürrüňleri eşidýän. Emma argumentli, sebäplerini setirläp ýazsaňyz öz pikiriňizi.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

bah Bayram name bolyar kop

bah Bayram name bolyar kop ayyally boljak bolyanmy:) entak birini bir al, onson gallanlarynyn aladasyny et:) onsonam bara kabirleri ayal aljak bolsan 2 almaly dal eken 3-4 almaly eken diyyaler hacanda 1-in ustune 2-ji gelse 1-ji gun berenok diyyar, "menin ustume ayal aldyn hany onun ustune hem alyp bilyanmi diyip" onson 3-4 alandan son sesleri cykman jora bolupshyp yorler diyyar, gaty gitse hemmesi birleship senin garshyna hem cykya diyyaler:)

Soramagymyň sebäpleri: 1.

Soramagymyň sebäpleri:
1. Ýakynda bir daýza bilen gürleşdim, kakasynyň 3 aýaly bolan ekeni, gyzykly zatlary gürrüň berdi.
2. Meniň mamamyň agasynyň iki aýaly bardy, erbet däl ýaşan ýaly.
3. Köp aýallylyk bolmasa-da, bir topar erkek birnäçe aýal bilen gezip ýörler...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

dayzanyn gurrun beren

dayzanyn gurrun beren gyzykly zatlay namey?

Daýzanyň ejesi kakasynyň

Daýzanyň ejesi kakasynyň ikinji aýaly ekeni. Ärine täze aýalyny ýamanlap urdyrýar ekeni. Onsoň ony kowdurjak bolup gep berýär ekeni. Bir gün şol edýänlerini goňşusyna gürrüň berip otyrka, ony äri eşidýä we kowýa.
Muň ol aýaly kowanyny eşidip, dogan-garyndaşlary ol erkege öldürjeklerini aýdýar yzyna almasa. Olam olardan gorkmaýanyny aýdyp, üstüne ýene birini alýar, ýagny üçünji aýaly hasap boýunça(emma birinjini kowansoň, ýene iki aýally boldugy bolýar). Ýöne şondan soň gürrüň beren daýzanyň ejesi we täze gelin oňuşýalar gowy. Hatda ol adam ýogalýaram, ol soňky alan gelinem ýogalar, a daýzaň ejesi bolsa... şol üçünji aýalyň çagalarynyňkyda ýaşap ýörmüş, olaram gowy hyzmat edýälermiş.
Şeýleräk... ýagny bagtyň çüwse, oňuşyp ýaşaýalar, bolmasa biri-biri bilen gyrda-pyçak.

Mundan başga-da ýene bir ýagdaý bar. Biziň ýurtlarda, Türkmenistan we meňzeşräk ýurtlarda, käbir ýagdaýly adamlar aýalyndan başga gezýäni/oýnaşy bilenem bolup ýörler. Gowy tarapy, olardan köplenç çaga ýasanoklar, emma şonda-da şu ýagdaý fakt. Belki köp aýallylyga kanuny tarapdan rugsat bermek bir çözgütdir?! Bilmedim. Türkmenistanda kanun köp aýallylyga, bilşime görä, rugsat berýär
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

hmmm

Quote:

käbir ýagdaýly adamlar aýalyndan başga gezýäni/oýnaşy bilenem bolup ýörler.

yna yslamda yalnysh bilmesem haramcylyk bolmasyn diyip 4 ayala rugsat berilyar, shunyn yaly haram ish edilman halallap ozlerine nikalap alsynlar diyip, 4 ayal rugsat berilyar:) yene bashga sertlerem bardyr yone bir serta sheylerajik

menin pikirim,

menin pikirim, erbet. (nadip gowy diyip bolaray?)
dünyade ayallaryn sany bilen erkeklerin sany gaty biri-birne yakyn.
we yslamdaky yaly, bir erkek 4 ayal alsa, onda gapdalda 3 erkek boş galmaly bolyar. munyn netijesinde herhili problemalar dörar.
meselem hytay.
anyrda dineje yekeje çaga rugsat berilyar, we her maşgala ol yekeje çagasynyn oglan bolmagyny isleyar, gyz bolsa, önünden bilip, gyz çagany düşüryaler. yakynda nahili problemalar çykjagyny öz gözümiz göreris.. belkide şuwagtdan başlandyr.

size habar; amerikada birinin 70 ayaly bar eken:
http://www.hurriyet.com.tr/dunya/8644574.asp?gid=229&sz=47293

Huday name üçin Adam ata üçin dineje How enani yaratdy??
name üçin yanyna yene 3-4 sanagyny yaratmady?

eger şu köp ayallylyk gowy diyilyan bolsa, "köp adamlylyk" hem gowy diymeli bolyar.
edil haywanlary yaly bolup gezeris eger şeyle bolsa. :)

yöne şu köp ayallygy goldayan gyzlaram çykmagy mümkin.
aranyzda şeyle gyz bar bolsa, mana pm yazsynla.. :)

_________________________________________

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

onun

Jenap-Che wrote:

aranyzda şeyle gyz bar bolsa, mana pm yazsynla.. :)

onyn yaly PM alman gecaymesen:) hic bir ayal-gyz islanok cto onun ustune alynmagyny,

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: "Geng dünya, her-hili adam bolup bilyar.. :)"
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

(ay hezil edip guldum

(ay hezil edip guldum muna)
neme... ustune ayal alnannok hemmesem deng alynyar :)
hic haysy beylekinin ustune dal, hemmejigem deng...
yadyma orslaryn kone kinosy dusdi, gyzyl goshuna orta aziyadaky basmacylar gun berenok. said bolmaly kinoda. gulcataydymy shondaky in yash gelnin ady? gaty gyzyk kinoday shol...

oyun edyanle, menem garshy olar yaly zada. yone, gurrunler gaty prikol-da shondan

Myrat aga siz hokman, chalt

Myrat aga siz hokman, chalt ozungizi barlatmaly , chaltyrak geling tm ozungizi barladyngy chynymy aytyan
:)))

______________________________________
Live in the present, not in the past

...

dalihanadamy :))
mana da bersene adresni?

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

yokla muhammet aga size

yokla muhammet aga size jenap chedan yagshyla :))))

______________________________________
Live in the present, not in the past

Hytayda chagan gyz bolsa,

Hytayda chagan gyz bolsa, shol chagan 7 yashayancha chaga edinmek bolanok. 7 yashdan son yenede 1 chaga edinmage rugsat bar. Onda hem bolmasa, rugsat yok. Tanyshlarymyn kopusunun gyzlary bar. Yokardaki yazanyn hytaydakam biri menin bilen "hytayda youtube ishlanok" diyip jedel edishi yali bolyar:)

Ol 4 ayallilik meselesi menche Pygamberimiz zamanyna degishlidir. Ol wagtlar urshda yok olyan(wepat etyan, shehit bolyan) kop bolanson rugsat berilendir. Zamanyn gechmegi bilen ol duzgunler uytgeyan hem bolup bilerler!

men ol habary; zaman

men ol habary; zaman gazedinin ing uly awtorlaryndan, we ady belli türk romançysy, "Elif Şafak"'yn yazan textinde okadym,
elbetde hytaya gidip göremok, kan bir gyzyklanyp hem duramok, şon üçin adam yalnyşyp biler. :)

* gurhan ahli döwürlerini özünde jemleyan kitap dalmi? we pygamber, dine şol döwürdaki adamlar üçin dal-de, ahli dünyanin halklary, we ahli döwülerin pygamberi dalmi?
şonun eden işleri, ahli döwürde mysla alynmayarmy?
sen aydyşyn boyunça, muhammet pygamber, dine şol döwrün adamy, we kitap hem şol döwürin problemalaryny çözmek üçin "adam eli bilen yazylan" kitap.

Myrat, senä gepe düşmez

Myrat, senä gepe düşmez ekeniň. Her ýerde Yslama ýa Kurana daş atjak bolup dursyň, kapyrlaram şeýdäýenok musulmanlaryň arasyna. Sen nämehow, özüňe hemme zada bilýän we düşünýän, we her filosofiýaň aňarsyna çykandyrsyň öýdýäňmi?
Adamlaryň pikirine hormat goýmagy bilgin! Bärde musulmanlar aglaba, sen ters ýazgylaryňy bir tema jemlede, ýazyber!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • islam 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

öküz yatagyna

öküz yatagyna gelyar, sygyrlar yekeje öküzi paylaşyp bilenok:
Sygyr 1: Hoşgeldin janym..
Öküz: Moo..
Sygyr 2: Çekil önümden, sygyr 1, Öküzim, açmyn? yadawmyn?..
Öküz: Moo...
Sygyr 3: Sizi halanok, görenzokmy?!.. welcome mister, sen buyuryber..
Öküz: Moo..
Sygyr 4: Hehe, bularyn bolup durşuny? Ol öküz dal ahyryn..
Öküz: nomer 4, bir yanyma gelsene sen.. :D
_________________________________________

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!=))"
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "hayysht siz ozungizi barladyng:L)))))))))"

yagdayy gowy düşündiryan

yagdayy gowy düşündiryan surat. :D
hayran galyan zadym; ayallar haysysynyn özüdigini nadip bilyarkalar?
surada düşmek nama gerekka?? onsuzam dineje gözleri görünyar. :D

_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • kemaltm 1 telpek goyyar we yazyar: ":)"

Dinimiz bir zada rugsat

Dinimiz bir zada rugsat berdimi , hemme zady goz onune tutulandyr , hemem 4-ayallylygyn hem oz sertleri bar , sol sertlerini yerine yetiribilmejek bolsan , elbetde almak dogry dal , eger solary 100 % edibiljek bolsan bas ustine!

erkeklerin tarapyndan

erkeklerin tarapyndan seretsen gowudyr,ayallaryn tarapyndan seretsen gowy daldir:)
oz pikirim biderek zat. bir ayalam doly onararyn oydemok 2-3 ayal dagy dash etsinler.Onsanam bagul yaly bir gyzyn bashga birinin 2,yada uchunji ayaly bolup barsa yuregin awamazmay?
in gowusy oylenmakan etjegini edip,toydan son adam yaly yashamak.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: "öylenmakan basss.. :D"

in

GaraDag wrote:

in gowusy oylenmakan etjegini edip,

bashga yazanlaryna goshulyan yone shuna goshulamok, bir owrenilen endik galmayar, oylenmaka diyilyar oylenendenem son shol dowam edyar, ay eyle bahana bolar ya beyle bahana bolarda galmaz ol hasiyet:)

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "dogry aytyang "

bir adam 1nji gelni aldy

bir adam 1nji gelni aldy diyeyli,
we jydap bilenokmyş, içi şol jynsy gatnaşyga höwesden dolyp dur, we 1nja seretman, 2njini alyar, we ol hem yetmeyar yene 3njini alyar, 4njini.
indi bir pikirlenip görün, 3 ayal bilen yetinman 4njini alyan "adamogly" 4 bilen yetinermi?? 4 sany nama göra goyuldyka? ing köp 2 ayal diyip goyaymaly eken-da. 4ini alyan bolsa, şonyn höwesi yene-de geler, we isledigiçe alyp durar.

"Haramçylyk bolmasyn" bahanasy men üçin manysyz.
onsuzam yslamda nikasyz jynsy gatnaşyk ing uly güna dalmi? eger şony edyan bolsa göni yslama garşy geldigi bolyar. ol höwesi aklamak üçin hökman 4 sanysyny almalymay?!
hayran galyan.
bir "adamoglynyn" 5 minutlyk höwesi üçin, bir tarapda 3 sany yaş bagül gyzynyn (GaraDagyn aytmagy boyunça :D ) bütün durmuşy, bütün arzuwy, bütin maşgala umytlary puç bolup bilyar, hatda 80-90% gyzyn islegiçe bolmayar. Gyzlarda şeyle höwes bolmayandyr öytyanizmi? Bir gelnin adamsy, özi işi bilen bolup, ayalyny unydyp bilyar, şonda ol ayal, başgalaryna barybersinmi?
we gyz-oglanlaryn sany dünyade bir-birine yakyn. Eger bir "haramçy adam" öz haramlygy aklamak üçin 4 ayal alsa, beyleki tarapda üç oglan boş galar. olar sonra haramçylyk etmezmi?? haramçylykdan beterini eder, birin ayalynyn, gyzynyn üstüne topulmagam mumkin.

birinin oynaşy bar diyeyli;
we şony aşa köp söyyamiş, durmuş gurasy gelyar, onda 1nji gelninden ayrylyşsyn; şeydip öz "söygüli oynaşyna" öylenibersin. "yok, 1njiden ayrylyşyp bolmaz, çagalarym zatlarym bar" diyyan bolsa, onda hayyş edyan, oynaş diyilyan zatdan el çeksin. öz çagalaryna, maşgalasy bilen bolsyn. Çagalary bar bolsa, yaşy bir eyyam geçip gidendir. Şol yaşda oynaş edinip yöran bolsa, utansyn, akyllansyn.

gyzlaryn/ayallaryn höwesi yokdyr öydülyarmyka?? hatda birnaçe ayalyn admlary, olary doly kanagatlandyryp bilman bilyar, işi köpdir, başga şaherde işleyandir we ş.m. sebapli. onam gyzlara hem yol açybermelimi, köp adamlylyga?

garaz, bu bahanalar men kabul edip biljek bahanalarym dal.
yeka-yeke, 1e-1 bolmaly.
yok halamayan bolsa, kanuna layyklykda ayrylyşsyn, başgasyny alsyn. yogsamda onmaly.

_________________________________________
Menin yüregim hakykatçyl, onyn yüregi arzuwçyl..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

hemme tarap razy bolsa namüçin bolmasyn?

Jenap-Che wrote:

Çagalary bar bolsa, yaşy bir eyyam geçip gidendir. Şol yaşda oynaş edinip yöran bolsa, utansyn, akyllansyn.

Çagasy bolmaklyk yaşynyn bir eyyam geçenligini anlatmayar..mysal üçin 19 yaş 'eyyam geçdigimi'?
Eger 1-njı gelın 2-njının yada 3-njının alynmagyna garşy bolmasa yada goldasa? Bu da 'bagül' yaly gyzyn arzuwlarynyn puç bolmagy? Dinimiz rugsat beryan bolsa, 1-njı gelin razy bolyan bolsa, 2-njı gelyan gelin hem garşy dal bolsa - nirede haramçylyk? hem de 2-njının hökman 'oynaş' bolmagy zerur dal..Hemmesini bir ujundan kesmek dogry dal..Eger hemme gatnaşyan tarap razy bolsa namüçin bolmasyn????
Yanky aydyşyn yaly 'haramçy' adam yekeje gelnı bilen garrap, emma şol garrylyga baryança we kabir yagdaylarda barandan son hem gapdalyndan birnaçe oynaş tutup yalan yaşanymy gowy, yogsa nikaly 2-4 sany gelin alyp dogry yaşanymy gowy? Adamlar din,e 'haramçy' bolany üçin birnaçe gezek öylenyarlermi? Belki kabir yagdaylarda möhüm esas hem bolyandyr..
1 'haramçy' adam 4 ayal alsa, beyleki 'halalçy' 3 adam sallah geçayer oydyanmi? Başga tarapdan seredeli, 1 'haramçy' adam 1 gelin alyar, gapdalyndan 3 oynaş tutunyar..o 3 oynaş ayalyn arleri 'şahly' bolany gowumy yada sallah? Gyz yetmezçilik bolany üçin sallah gezyan barmy ka dünyade (Türkmenistan diyemok)?
Daşyndan seredeninde yigrenji yaly hem görünyandir birnaçeayallylyk..öz yakyn garyndaş gyzyn 2-3-4-njı bolmagyny belki hijimiz hem isleyan daldiris, yöne şol 2-3-4-njı diyyanimiz öz erki bilen saylan, we razy we bagtly boljagyna ynanyan 'bagül' gyz bolsa name?
Emma 1-njı gelnin narazy bolsa, onun islegine garşy gidip öylenmeklik belki gaty dogry hem daldir, bu yerde de yagdaylara-şertlere seretmek gerek..
Menin özüm-a 2-njı gezek öylenemok, yöne namüçin dal?

öz erki bilen pikir edyan,

öz erki bilen pikir edyan, karar berip bilyan, beyni yuwylmadyk gyz/ayal hiç-haçan hem (99%) 2njini islemez.. we 2nji hem bolmak islemez, ayrylyşandan sonra çykmak islar,
edil bir erkegin öz ayalynyn 2nji bir erkek adama barmagyny islemeyşi yaly.
eger şeyle köpayallylyk bar bolsa, munyn düyp sebapkari, erkek adam. hatda şol erkek adamyn höwesleri.

yok sizi hokman bejermeli

yok sizi hokman bejermeli

______________________________________
Live in the present, not in the past

wäh! ak gyz,natdinay?

wäh! ak gyz,
goyber yakamy, "bejermeli, bejermeli" diyip bir zatlara diyjek bolyan özi bar-a, yöne göni aydyp bilenok öydyan.. :D
çekinman aydyber, name aytjak bolsan.. :D

1 nji aytjak zadym men ak

1 nji aytjak zadym men ak dal gynansakda
2. nji aytjak zadym men hich hachan chekinman aytyan aytmaly zadymy.........adamdan chekinip duramak,
sizi dalihana ugratmaly, siz kan sag dal >..................... boldumy indi

______________________________________
Live in the present, not in the past

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: "düşündim. :D"

yeke özüm gorkyan, ikimiz

garaja gyz :D
yeke özüm gorkyan, ikimiz bileje gidayeris birgün.., :D
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

saga

saga 40 sapar dali diysen dali bolyandyr, birden hakykatdanam dali bolayma:)

garaja oglan name manga gara

garaja oglan name manga gara diyyang
mena dalini akitmane gorkyan :D

______________________________________
Live in the present, not in the past

mojek.

turkmenler name uchin mojegi gowy goryar!?
sebabi oz tayyny omrunde 1 gezek sechyar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

gyzykly..

merka wrote:

turkmenler name uchin mojegi gowy goryar!?
sebabi oz tayyny omrunde 1 gezek sechyar.

Türkmenin möjegi gowy görmeginin sebabinin şudygyny nireden eşitdin/okadyn/öwrendin?
Yada bu senin pikirinmi?
Gyzykly..

mena mojek gowy goryan

mena mojek gowy goryan diyyan turkmen eshidemok ?

______________________________________
Live in the present, not in the past

Meniň pikirimçe, Hudaýyň

Meniň pikirimçe, Hudaýyň taglymaty boýunça hem köpaýallyk diýen zat öňe sürülmändir we Hudaý tarapyndan hem tassyklanmandyr. Bu sebäpden eýýäm mysal getirilişi ýaly, Hudaý ilki Adam atany ýaradanda hem, oňa diňe bir aýal onuň gapyrgasyndan alyp ýaradypdyr. Şol taýda Hudaýyň aýdan Töwratdan we Injildäki sözi bar, "şonuň üçin erkek adam ata-enesini taşlap aýalyna goşular we ikisi bir ten bolar...Şunlyk bilen, olar artykmaç iki däl, bir tendir. Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn."
Eger Hudaýyň sözüne esaslansaň Ol Adam ata bir aýal ýaradyp beripdir ol hem How enedir. Şol döwürden başlap Hudaýa imanlylar käbir sebäplerde bolmasa, bir aýala öýlenip ýaşapdyrlar, Hudaýyň beren kanunlarynda hem köpaýallylyk öňe sürülmeýär. Hatda Injilde Isa Mesih hem bir aýallyk taglymatyny we şol bir aýala hem wepalylygy ar-aýal gatnaşygy baradaky taglymatynyň esasy edip tutýar. Isa Mesih diňe bir köp aýallyga garşy çykmak bilen çäklenmän, bir aýal bilen hem wepaly ýaşamak we ömrüňiň soňuna çenli şol aýal bilen nikada gowy ýaşamagy hem wajyp hasaplap öwretdi. Bu barada ine şeýleräk gürrüň bolupdy:"Fariseýler (şol wagtyň dindar wekilleri) geldiler we Isany synap: "Her bir sebäp bilen aýaly goýbermek dogrumydyr? " diýip soradylar. Isa Mesih hem jogap berip diýdi: "Ýaradanyň olary başda erkek we aýal (üns beriň:aýallar däl, ýada dört aýal däl) edip ýaradandygyny, "Şonuň üçin erkek adam öz ata-enesini taşlap, aýalyna goşular, onsoň ikisi bir ten bolar" diýin aýdanyny siz okamadyňyzmy? Şunluk bilen, olar artykmaç iki däl, bir tendir. Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn". Onsoň olar Isa diýdiler: "Onda näme üçin Musa pygamber talak hatyny berip, aýaly goýbermegi tabşyrypdyr?" Isa olara diýdi: "Ýürekleriňiziň gatylygy zerarly, Musa pygamber size aýalyňyzy goýbermäge rugsat etdi: ýöne owal-başda beýle däldi. Men size aýdýarynny, kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen goýberipde, başga aýal öýlensse, zyna edýändir; ärinden aýrylan aýala öýlenen hem zyna edýändir" Bulara esaslansaň, hatda aýalyň bilen aýrylyşmak hem şeýle bir eňil däl, diňe aýalyň zyna etse, onda hakyň bar bolup çykýar, başga sebäplerde hökman ýaşamak üçin hereket etmelidigi buýrulýar. Indi bolsa, öýlenmänkäň, edeniňi etmek barada, beýle zat Hudaýyň gözüniň öňünde günä hasaplanýar, ýagny zyna etmek bu zynagärlik diýilen günädir we bu üçin Hudaýyň jezasy bolar, bu sebäpden öýlenmänke edeniňi etmek diýen düşünje düýbünden erkege hem aýala hem gadagan edilendir. Zyna barada bolsa Isa Mesihiň taglymaty has çuňňur pikir ýöredýär we adamyň ýüreginde bolup geçýän zatlar bilen baglanyşdyrylýar. "Siz:: "Zyna etme" diýlenini eşidensiňiz. Men welin size diýýärin, bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir..."
Ine dostlar şeýleräk, ynsan kada kanunyny alsaň hem Hudaýyň maşgala baradaky taglymatlaryny alsaň hem köp aýallylyk dogry däl bolup çykýar, munuň deregine bir aýala öýlenmek we ol bilen bagtly durmuş gurmak, birek biregiň bagty üçin ömrüň geçýänçe bile ýaşamak we zynadan bolsa nikadan öň hem soň hem daş durmak talap edilýär we bulara esaslanylyp ýaşalanda bolsa, manydan doly ýaşaýyşda ýaşap baglty durmuş görüp bolýar we geljekdäki ol dünýäň hem ýagty bolmaga mümkinçilik bolýar!

bir soz bilen jogap

bir soz bilen jogap beryan...
SUPER!!!

biza birine bas edip bilemizok

Mena dogrysyny aytsam birini bas edip bilemok onun ustune yene birini getirsen kocelerde yatip turaymasam. Bu dine gep etmek ucin gowy bir tema, basgarak tema tapilip yazilsa gowi bolardi. Eger beyle bu soraga jogap tapjak bolsan ozuni solarin yerine goyup gor sonda has dogry jogaby taparsin. Pygamberimiz muny diyipdir kitabimiz beyle diyyar diyip her gelen zady yazmalin son bu zatlarin izinda durmak gerek.Icimizde hakikatdanda dinimiz hakinda bilman shu taylarda bilgiler gozlap yorenlerimiz bardir eger sholar biz sebabli bolgusiz bilgiler edinse gunasi sen boynuna duser. Sen oz ayalin senden basga 3-4 sany erkeginin bolmasini islemeyan bolsan senem 3-4 ayalin bolmasini kan arzuwlama.

Aydyanyn umuman dogry

Aydyanyn umuman dogry bolsa-da, sonky setirin yalnysh we oz aydanlaryna garshy. Detallara girjek dal, yone sonky sozlemin sen shu dini temada yazanlaryna duypgoter garshy.
Eger muny umumy Yewropey dushunje hokmunde yazan bolsan, onda dushunerdim. Gunbataryn ayalynyn pikiri shol. Emma sen bashda musulman yaly pikir yoredyan, sonam Yewropa stil dushunja garylya...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

...

adam ata 2nji ayal yasap berenin bilen, 2 sany adam ata, 2 sany hem How eje yaratmagyn tapawudy yok... Bu Hudayin işi... o wagtlar dogan dogan bilenem öylenipdir, şo yagdaya name diyaniz onda? bu dogrymy hazirki yagdaya göra seretsek?
şo babatda adam ata döwri bilen hazirki döwri deneşdirip otyrmalyng gyzlar...
adam neslinin arasynda has beter agzalalyk başlardy belki-de, eger How eje1 ve How2 bolan bolsady...

Onsonam şerti bar ahyryn köp ayally boljak bolsan! Hemde şol sanda 1 adamyn birnaçe ayal almaga güyji yetyaka, kabir adamyn özüni bakmaga güyji yetenok, öylenmek entegem parz diyilmandir adamogluna, mena şona begenip gezip yörün!!!
Dul heleyler köplenç 2nji ya-da 1+X-ynjy bolp are baryalar, eger zenan yaş bolsa we yagdayam adamysyz çagalaryny bakarna yetmeyan bolsa, sizin pikrnizçe ol nametmeli? göni oynaş bolmagyny teklip edyaler, bilip yören zadymyz!!!
Mena şo dul ayaly alan adama hormat goyyan, we şony alanyna razy bolan şo adamyn 1nji ayalyna-da!!!
eger keypi göterilip köp ayally boljak bolyanlary, yazgaryan, din rugsat beryanem bolsa(!)...

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

men barde asla din temasi

men barde asla din temasi hakinda gurrun edmek islemedimem eger uns bn okasan diyip gecyar pygamberimiz muny diyipdir kitabimizda beyle yazilipdir diyip barde gelip gurlesmalin sebabi hemme yazilanlari okasan pygamberimize garsy bir terbiyesizlikler ve kitabymyz hakinda bir agyr sozler ulanilip gecilipdir ve eger munun yali zatlar bizin yazyan zatlarimiz sebapli ulaniljak bolsa beyle temalari hic yazma. yenede bir zady yatladayin yewropanin ayallari bn musulman geografiyasindaki ayallarin tapawudy yok bu soz erkekler ucinde gecerli. Eger yazilan zatlar ayal masgalanin asagilamak ucin boljak bolsa bu gen waka bolsada beyle yerlerde dalde diyalog gornusinde ilimli bilimli adamlarin researchler bn gelinen netijeler esasinda geplesilir. Men basinda aydip gecen sozlemim elbette oylenenson masgala gurmagin ansat daldigini heniz oylenmediklerimiz ucin bildirmek isledim. Eger sen free dusunje bn bir zatlar etmek isleyan bolsan bilip goy ayallarada sol free'lik berilendir kada kanun esasinda.

Düşünmedim. Kime

Düşünmedim. Kime ýüzlenýäň?
Maňa ýüzlenýäň diýip kabul edeýin.
Meň saňa aýdanym şu. Sen başda gürrüňleriň gaty dini ýaly. Eger şeýle bolsa, bir FAKT BAR, olam Yslam 4 aýala öýlenmäge mümkinçilik berýär. Isleseňem, islemeseňem fakt şol. Sen şol dini ýazgylardan soňam

Quote:

Sen oz ayalin senden basga 3-4 sany erkeginin bolmasini islemeyan bolsan senem 3-4 ayalin bolmasini kan arzuwlama.

diýipsiň. Bärde arzuwlamak başga gürrüň. Näme halal, näme haram başga gürrüň! Arzuwlasam, we halal bolsa, näme üçin arzuwlamaýyn?! Aýala 3-4 erkek haram. Meň bilýän Yslam dininde şeýleräk.
Şoň üçin aýdýan saňa, sen Yslamy garaýyşdan ýazýaňmy ýazgylaryňy ýa umumy Ýewropeý düşünjesindenmi?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Myradyň ýazýanlaryna

Myradyň ýazýanlaryna bolsa, kän ünsem berme.
Hol youtube'e girseň "öňki Palestinaly/Yrakly musulman" adamlaryň CNN/Sky/Fox News ýaly ýerlere beren interwýularyny oka. Hemmesem şol bir zady gaýtalaýalar. Hamala Yslam bir günüň içinde manysyny ýitiren ýaly.
Ol pahyrlaryň öz aslyna-da, öz ata-babalaryna-da, ýa ýene ýenelerine-de hormady ýok. Olar bir bada dünýäniň syryny bilen ýaly, bagtly bolmagyň ýoluny tapan ýaly. Ol pahyrlar ýadyndan çykarýalar, dünýäniň ägirt akyllary Hudaýa ynanypdyrlar. Şeýle hemme zat bimany bolsa, elbetde olaram ynanmazdylar?
Ýok, bu pahyrlaryň pikirinde, ol adamlaryň kellesi çatmandyr şol zatlara...
Stiwen Howkiň, Einstein ýaly adamlar şu soraga açyk jogap berip bilmän geçipdirler, başga alymlardan beýikler Hudaýa ynanypdyrlar. Ýöne olar samsyk bolmaly, şeýle ýönekeý zatlara kelle aýlap bilmändirler...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • islam 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Palestinaly-Yrakly bolsam,

Palestinaly-Yrakly bolsam, menem şolar yaly pikir etmegim mumkindi, we netijede bagtly duyyan bolsam özümi. Yslam bir günde manysyny yitirenokda, dineje olar üçin birgünde üytgeyar yslam. Kabir zatlar hökman doly bimany yada manyly diyip bolmayar, dinem şolardan biri, haysyna ynansan şol sana manyly bolyar, beyleki manysyz, dogryny hiç kim bilenok.

Myratjan sen ýönekeý zada

Myratjan sen ýönekeý zada düşüneňok, adamlar köp pikirli bolup bilýäler dünýäde we sen medeni adam hökmünde, köp pikirlilige hormat goýmaly. Şuňa Ýewropa we Amerika ýaly ýurtlarda düşünýäler, okuwçylara namaz okamaga ýerem berýäler uniwersitetlerde, iş ýerlerinde. Sen bolsa, ýazyşyň bar maksadyň Yslamy ýa musulmanlary garalamak ýaly.
Men saňa ýene bir gezek aýdýan, ateist bolmak, belli bir dini diňe ýamanlamak diýmek däl, oňa moral hakam berenok. Senden sorasalar aýdarsyň, meň pikirimä şu diýip, ýöne sen her ýazgyňda maksadyň ýamanlamak. Muny edýän ýogahow!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

"ateist" diymek huday we

"ateist" diymek huday we dini inkar etmek, barlygyny kabul etmezlik.
şeyle yagday bolandan sonra, dinin öwülmejegi belli, eger şol yerde "erkin pikire" yol berilyan bolsa.
Özün aytyan, köp pikirlilige hormat goymaly.
"Özün taze blog aç we şeylede islanini yaz" diyyan, men başgasyny açsam, "sen dine dini yamanlap dursyn" diyersin-da, yada şonun yaly görnerin men.
Men dineje tema bilen baglanyşykly bolsa, dini ara sokyan,
Bu blogyn temasy hem - "köpayallylyk" we bu yere dini sokmak möhüm bolup duryar men üçin.

** Ing gowysy hormat, sylagly sözler ulananyndan sonra, bir-biregi dymdyrmakdan, kowmakdan el çekeli. Eger sylagsyz sözler ulansa, onda gep başga.
Yokarda we başga yerde, gelşiksiz söz ulanan bolsam, ahlinizden ötünç sorayan.
Çynym men sizi söyyan.. :)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Quote: "ateist" diymek

Quote:

"ateist" diymek huday we dini inkar etmek, barlygyny kabul etmezlik.
şeyle yagday bolandan sonra, dinin öwülmejegi belli

Men şuň bilen tekiz ylalaşamok. Dini öwmän bilersiň, ýöne dini her ädimde döwmekligi soranok ateist bolmaklyk. Sen ateist bolsaň, adamlar dini berjaý etjek bolup özüni gynaýalar diýde geçiber, isleseň. Günde-günaşa aryň, kiniň galan ýaly bir dine garşy, ýa şol dine uýýanlara garşy ýazmak ateiste gerek zatmy?! Menä şeýdýän adamlary az gördüm, ateistleri bolsa, gaty kän gördüm.

Quote:

Özün aytyan, köp pikirlilige hormat goymaly.
"Özün taze blog aç we şeylede islanini yaz" diyyan, men başgasyny açsam, "sen dine dini yamanlap dursyn" diyersin-da, yada şonun yaly görnerin men.

Biriniň azatlygy beýleki biriniň azatlygyna garyşan wagty eýýäm sorag soralýa. Sen öz isläniňi pikir etmekde we aýtmakda azat, ýöne haçanda ol eýýäm başga biriniň azatlygyna/şahsyna garşy bolsa, gowy däl. Sen bärdäkileriň köpüsine garşy zady ýazýaň. Özem birdir ikidir däl, ýöne gaýtalap dursyň.
Täze blog aç we din bilen problemalaryňy şol ýerde jemle. Beýleki temalarda azat pikir ýöretjek bol. Ýogsam her tema girip "aý musulmanlaram/Yslamam şeýle diýýä" diýseň, gowy däl. Umumanam, ýöne ýöne blog gerek däl. Asyl şunda many we maksat ýok. Özüňi ýigrendiresiň gelýämi?

Umuman meni gynandyrýaň. Meň dostlarym, jan ýaly dostlarym hem bardy ateist. Bir musulmanyň ateiste boljak ýa bolmaly iň birinji duýgy, gynanç. Gynanýaň, gowy oglan, emma Alla iman berilmändir. Men hijisine ateist bolany üçin ters pikir saklamadym. We sen özüň arkaýyn bol, gowy adam bolsaň, seň ateist bolanyňa diňe gynanarlar. Ýok, her geçen gün aryň köýen ýaly bolsaň, saňa nähili garasynlar?!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Telpek, jigim! Myrat,, jigim, gowy oka şu ýeri!"

islam dininde dort ayallilik

islam dininde dort ayallilik rugsat berilsede %100 yerine getirmeli zatlar bar Ondan son sen kop ayala oylenip bilersin. Elbette myradin yazan zatlarina uns bermeli bolarsin. Eger ol Men dinim hakinda bir zatlar diyyan bolsa men razy bolmaryn. eysem shul narzalik hemmamizdede bolmali. Kabirleri Islam dininde bir yerinde biri yalnislik etse bolyar diyip opportuny'ye garasip duranlar bar emma aslinda din name diyyar diyip gozlemek isleyan yok. Bu bir fact bolup biler emma sen bir gyz tapyp biljekmi senin ikinji ayal onun ustune almagina razy bolsun.Gaty kyn taparsyn.Arab yurtlarinda shu mahal seyle problema bn yuzbe yuz durlar. Dort ayallilik rugsat berilen diyip birinji ayallarini pul bn doyurlarlar gidip basga yerlerden giz gozleyarler ve shu mahalki yas nesilleri name is bn mesgul boljaklarini bilenoklar. bu nireden baslayar elbette ene-atanin dolu terbiye bermeyanliginden baslayar. Kakasy basga ayallar bn mesgul bolup yorenson cagalari yatdan cikyar. Menin barde yewropali hokmunde pikirlenip bir soz aytmagim aslinda ozumi gizlan yerine goyup gordum ve hic kabul edip bilmedim shol sebaplide shol sozu yazdim. Bul indi dusundirse gerek name ucin shol sozlemi yazanimi.basindada diysim yali has dogry jogaby tapmak ucin ozuni solan yerine goyup gor sonda has dogry jogaby taparsin diyip yazimdim belki senem seydip gor name netijeye gelyan.Myradin yazanlarina uns berme diyipsin belli bir sebabi bar bolsa mana PM iber menem bilip galayin.

men basdanda din hakinda hic

men basdanda din hakinda hic soz etmedim sen nireden cikardin men dini hakinda bir zat yazdim diyip. Haysy sozlem sana men din hakinda yazdim diyip pikir beryar. men ozum shu mahal gayta gayta okadim ve tapip bilmedim eger beyle pikir beriji bir sozlem duzen bolsam menin turkmencamde bir yalnislik bar diyip kabul edeyin.

Bolýa,

Bolýa, ýalňyşandyryn.
Jedelden ýadadym menä.

-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

:)

Style wrote:

men basdanda din hakinda hic soz etmedim sen nireden cikardin men dini hakinda bir zat yazdim diyip.

Aljyramasana-how, Hajy :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Bir tarapdan köp ayalylyk

Bir tarapdan köp ayalylyk gowy yaly, sebabi zyna azrak bolardy.

düybünden

düybünden goşulamok.
zynanyn sebabi, 1 ayallylykmy?

gaytam 4 ayal bolsa, we yekeje erkek olaryn hemmesine yetişip bilmese, şonda bikanun zyna köpelaymese.. :)

goşulamok! "Elinden we

goşulamok!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Menin pikirimche hem

Menin pikirimche hem kopayallylyk zyna etmekligi azaltmaz, zyna etmek bu yurekde bashlanyan zat. Ona garshy goreshmek uchin dashky shertler yardam etmeyar. Adam yureginde Hudayn berjek guyji bilen zyna garshy chozgut chozmeli bolyar, shonda ol zynadan dashda durmagy basharar. Bu sebapden hem Hudayn sozunin hich erinde kop ayallylyk one surilmedi we kopayllylyk mashgala taglymatynyn esasynda goyulmady.
Menin pikirimche erkekler oz jynsy gatnashyga bolan doymayan islegini doldurmak uchin munun chykalgasy kopayllykda diyip pikir edyanler kop, emma adamyng gozi we yuregi olar bilen doymayar, we birinde nebsine buyuryp bilmeyan bolsang onda dordi, ony, yada yuzlerchesi bilen hem doymarsyng! Eger kopayllylyk sosial we ykdysady yagdaylary chozmek uchin gerekli we ing gowy chykalga diyyanler bolsa mening pikirimche yalnyshyarlar, social we ykdysady problemalary chozmek uchin ondan gowy sistemalary we yollary ulanyp bolar, bu sebapden mening pikirimche kopayallylyk jemgyeting problemalaryny chozmekdaki ing gowy chykalga dalde, munung ustesine jemgeyetde ene-de koprak problemalary doredip biljek bir yagday!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "gysga yazanyn üçin minnetdar..:D"
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "dogry aydyan."

Telpekleriniz uchin kop sag

Telpekleriniz uchin kop sag bolun!:)

men pikirimce gaty gowam dal

men pikirimce gaty gowam dal sebabi edil bizin yasasysymyza garanda kynyrak bolmagy mumkin birinjiden olan baryny doly anyry bas bolmasada gowy yasamagyna seretmeli ikinjiden cagalannyzy den tutup bolmayar olara den bar islan zadyny yetirmeli,olaryn hemmesine gowy terbie bermek.men pikrimce muna gaty uly jogapkarcilik cekmeli,hemem edil men ozima birinin nacinji ayaly bolmak islamok......

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella jigim!"

Mundan öňküler nädip

Mundan öňküler nädip başardylarka?
PS Men köp aýally bolasym gelenokdyr, ýalňyş düşünmäň :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Magtymgulynyn bir

Magtymgulynyn bir goşgysynda "iki ayal, bir ar- üç ayal bolar" (goşgy edil beyle dal, manysy şeylerak) diyya. Köp ayallylyk hiç gerekdal.