Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek XXIX tomusky Olimpiýa oýunlary.

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we myhmanlar. Bilişimiz yaly yakyn günlerde Hytayda XXIX tomusky Olimpiýa oýunlary başlayar.Olimpiya oyunlaryna Ata Watanymyzdan hem on sany türgenimiz gatnaşjak.Açylyş dabarasyna bolsa perzidentimiz hem gatmaşjakmyş.Türkmmenistanly türgenlerimiz:
1.Guwanç Nurmuhammedow.Judoçy.66 kilogram agramda çykyş etjek.1976-njy yylda dogulan. Türkmenistanyn birnaçe gezek çempiyony. 2002. yylda azya oyunlarynda kümüş medala mynasyp bolupdy.Guwanç olimpiytda baydagymyzy göterjek.
2. Aliesger Başirow.(1979)Bokusçy.69kilogram agramda çykyş etjek.2008.yyl aziya çempiyonu.Geçenki Atinada bolan olipiyada hem gatnaşypdy.
3.Ümürbek Bazarbayew.(1981)Agyr atletikadan 62 kilogramda çykyş etjek.2008 aziya çempiyonatynda bürünç medala eye boldy. Geçen olipiyada hem gatnaşypdy.
4.Nasiba Surkiyewa.(1982)Judoçy.70kg agramda çykyş etjek.Türkmenistanyn birnaçe gezek çempiyony. Öran ussat türgenlerden biri.
5.Tolkunbek Hudaybergenow.(1986)Agyr atletikadan 62 kilogramda çykyş etjek türgenimiz birnaçe gezek tütkmenistan çempiyony.Halkara yaryşlarda hem birnaçe gezek abyrayly yerlere mynasyp bolan.
6.Walentina Nazarowa.(1984).Yenil atletika. 100m arakygynda ylgamakda yaryşjak.
7.Andrey Molçanow.(1987)Sportyn suwda yüzmek görnüşü boyunça yaryşjak.50m aralykda yüzmek boyunça yaryşjak.
8. Olga Haçatryan.Tütkmenistan toparynyn in yaş türgeni bolan Olga 1992.yylda dogulan.Suwda yüzmek boyunça 100m aralykda yaryşjak.
9. Yekaterina Arabowa.(1983)(ok atyanmy(?) namemi anyk bilemok. Bilyanler yazsynla)
10.Amanmurat Hommadow.(?)Yenil atletika.
Milli türgenlerimize uly üstünlük arzuw edyarin.Allajan Türkmenistan döwletimizin yaşyl baydagyny dünyan önünde abray bilen asmana götersinler.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Hormatly türgenler,

Hormatly türgenler, Türkmenistanyň olimpiýa sport wekiliýetiniň agzalary!

Sizi dostlukly Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek XXIX tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn!

Öňde duran Olimpiada Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça giň, netijeli hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyga taýýar ýurtdugyny dünýä aýan etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Adamzadyň abadançylygynyň, dostlukly, eşretli ýaşaýşynyň hatyrasyna amala aşyrýan parahatçylyk, döredijilik, sosial progres syýasatymyzyň ýene bir gezek dabaralanmasydyr.

Eziz türgenler!

Siziň bu Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyňyz ýurdumyzyň her bir raýatynyň ykbalyna dahylly beýik üstünlikdir, Watanymyza bolan päk, arassa duýgulary, söýgini goşalandyrýan pursatlardyr. Sizi Aşgabat şäherindäki Köpetdag stadionynda tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak uly baýramçylyk dabarasyna öwrüldi. Meşhur türgenlerimiziň, döredijilik toparlarymyzyň bu dabaraly baýramçylyga gatnaşmagy watandaşlarymyzyň kalbynda uly ruhubelentlik, galkynyş duýgularyny oýardy, il agzybirligini, jebisligini, dostlugy, Watanymyza baky wepalylygy has-da berkitdi.

Men siziň öz juwanlygyňyz, egsilmez gujur-gaýratyňyz, tutanýerli zähmetiňiz we erjelligiňiz, maksada okgunlylygyňyz bilen milli sportumyzyň Täze Galkynyş eýýamynda ýeten derejesini äleme ýaýyp, Türkmen Tuguny belende galdyrjakdygyňyza, janyňyz-teniňiz bilen ýurdumyzyň sport abraýyny gorajakdygyňyza berk ynanýaryn! Siziň her biriňize Hytaýyň gözel şäherlerinde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Türkmenistan Watanymyza medallar, baýrakly orunlar, uly ýeňişler, täze rekordlar bilen dolanyp gelmegi tüýs ýürekden arzuw edýärin! Goý, bu Olimpiada günleri siziň durmuşyňyzy süýji arzuwlara, ýatdan çykmajak pursatlara, tolgundyryjy wakalara beslesin!

Hormatly türgenler!

Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we ruhy-medeni taýdan barha täze belentliklere galýan Täze Galkynyş eýýamynda halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak biziň baş maksadymyzdyr. Munuň üçin ýurdumyzda sagdyn durmuşyň esasy ugry bolan bedenterbiýä uly üns berilýär, sporty ösdürmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Aşgabatda, ýurdumyzyň oba-şäherlerinde häzirki zaman sport binalaryny, stadionlary, türgenleşik zallaryny, ýörite sport-okuw mekdeplerini gurmak işleri giň gerimde dowam etdirilýär. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýene-de köp täze sport desgalarynyň gurluşygyna ak pata berildi.

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini has ösdürmek maksady bilen, häzir ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş meýdançalarynyň ençemesi, stadionlar, Buzly köşk, Olimpiýa sport suw toplumy, durky täzelenen dünýä meşhur şypahanalarymyz halkyň hyzmatyna berildi. Ýakyn geljekde Aşgabat şäherinde iň döwrebap Olimpiýa şäherçesi peýda bolar. Bu üstünlikler Täze Galkynyş eýýamynda ynsan saglygy, sagdyn durmuş hakyndaky aladanyň ileri tutulmagynyň, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleriniň çalt depginde ornaşdyrylmagynyň aýdyň subutnamasydyr.

Eziz ýaşlar!

Siz ynsan saglygyny berkitmekde bedenterbiýäniň ähmiýetiniň örän uludygyny hiç wagt unutmaly dälsiňiz. Siziň beden hem-de ruhy taýdan kämil ösmegiňiz üçin, ýurdumyzyň iň gowy sport desgalarynyň gapylary hemişe açykdyr. Täze Galkynyş eýýamynda ilkinji gezek gatnaşýan Olimpiadaňyzda ýeňişli orunlary eýeläp, Watanymyzyň sport abraýyny dünýä ýaýan nesiller hökmünde tanalmalysyňyz! Siz pähim-parasatly, edermen, merdana pederlerimiziň gazanan at-abraýyny gorap hem-de dowam etdirip, uly üstünlikleriňiz bilen türkmeniň dünýädäki mertebesini has belende götermelisiňiz!

Hormatly dostlar!

Sizi ýene-de bir gezek XXIX tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn! Siziň her biriňiziň mähriban ata Watanymyzyň milli sportunyň mertebe-abraýyny barha belentliklere galdyrmak ugrunda gujur-gaýratyňyzy, ukyp-zehiniňizi gaýgyrmajakdygyňyza çuňňur ynanýaryn! Goý, siziň her biriňiziň durmuş ýoluňyz uly-uly üstünliklere, rowaçlyklara beslensin, janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun!

Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Suratdaky pälwan kimaý?

Suratdaky pälwan kimaý? Tanamadym...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

.

Ay anyk bilemok welin Ümürbek yada Tolkunbek bolaymasa.
Bu hem judoçy gyzymyz öyütyan.

judoça meňzänoklaý bu

judoça meňzänoklaý bu gyz?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Suratdaky Amanmyrat

Suratdaky Amanmyrat Hommadow, ol yenil atletikanyn "disk zynmak" yaryşyna gatnaşar.

Türkmenistan şu 17 yylynda, tomus yada gyş Olimpiyadalarda hiç-hili medal almady.
Aslynda 92a "SNG" bolup gatnaşypdyk, 96,2000 we 2004 , nol.
Gyş olimpiyadalaryna-ha gatnaşyp hem görmandiris öydyan, takyk bilemok.
Garaz masgara, taze prezident , sportsmenleri ugradyş konsert dabarasy etdirdi.
Özi hem Pekine gidyar. Garaz üns beryar. Olimpiya Komitetinin başlygy hem, Aşgabadyn hakimi Deryageldi Orazow goyuldy. Ol yany-yakynlykda futbol federasiyan hem başyna geçirildi. Umytlansak bolar.
Yöne önünden medal alanlara uly pul bayrak beriljek diyip aydylmaly.
Eger pul bolsa, özlerini gynar welin birzatlar alyp gaydarlar diyip pikir edyan. :)
_________________________________________

TW-de gördüm, Putin

TW-de gördüm, Putin rosiýaň topary bilen duşyşandan aýtýa "gyzyl medala 100.000€, kümüş medala 60.000€, bronz medala bolsa 40.000€ berjek, yöne esasy zat şu kyn günde halkymyzy begendirseňiz bolar" diýdi. Oň daşyndan olimiýada guramasy hem yeňijilere we rekord goýanlara sylag berýan bolmaly.
Isinbaýewa santim santim rekord goýýa, her rekord üçin hem 50.000$ sylag alýa.

Menem shulary ugratmaga

Menem shulary ugratmaga gidipdim, stadionna gowy konsert berip ugratdylar, kan yadadylar oydyan olar

şol dabaradan

şol dabaradan surat:

sportsmenlerin eşikleri, yörite olar üçin Aşgabatda modellenipdir we özem türkmen önümi keteniden dikilipdir.
_________________________________________

Oglanlaryň eşikleriniň

Oglanlaryň eşikleriniň reňki biçak tagamsyz bolupdyr. Gyzlaryňkam şeýleräk.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

hawa, oglanlarynkyn-a menem

hawa, oglanlarynkyn-a menem halap barmadym..
gyzlarynky boljak.
yöne şol gyzlaryn eşigi, aşgbaatda haysy hökümet edarasyna barsan, şol eşigi geyyaler öydyan.
birhili gözüme yaman yakyn yaly.
magazinlerde, dükanlarda şeker satyan gyzlar geyyar öydyan... :D
_________________________________________

...

oglanlang eshigini renklini halamadim, birhili nema mengzapdur..
renki acik gok renk ya mawy reng ing bolmanda duz ak ustunde turkmen nishanlari(gerb, baydak, gol we shm.) bolan bolsa has gowy bolardi diyyan mena..

ay gyzlangkingam renki bolupdur yone dikilish tarzi bolmandir. sport bilen gyzyklanyan ykjamrak eshik geyer. bulangki kan ykjam dal. :D

hani tazeden seredip goring hani..:D:D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • medman 1 telpek goyyar we yazyar: "birhili nema menzap dur diyenin ucin dost :)"

Ildeslere ustunlik dileyan!

Ildeslere ustunlik dileyan! watanmyzy , baydagmyzy dunyade tanadarlar diyip umyt edyan! sanymyza az eken 10 sanyjak hic zat dal.

sizem bir hili adam oytyan

sizem bir hili adam oytyan ,gaty gormang welin , nahili bolanda name size sheyle, ay borlay yazmaynda

______________________________________
Live in the present, not in the past

...

edil ozi nireden bilding?
menem nahilek adamkam diyip yordim ongler..
Tangiryalkasin jigi aydaning ucin

way sheylemi doganjygym

way sheylemi doganjygym :)))))

______________________________________
Live in the present, not in the past

Olimpiýadanyň açylyşyny

Olimpiýadanyň açylyşyny gören barmy? Biziňkiler geçende gaty utandymaý :(

Eşikleriň reňki TW-de has hem erbet, betgelşik görünýär...

Beýleki yurtlara seredeňde biziňki gaty ýönekeýlaý :( On sanjak adam bary ýogy, şolary dagy gaty gowy edip geýindiräýmeli welin, aý bor-da ...

http://results.beijing2008.cn

Gecen gezek medal sany

Gecen gezek medal sany boyunca Amerika 1nji bolupdy. Bu gezek Hytay alar oydyan. Shu wagt 7 altyn bilen onde baryar:

Rank ↓ Nation ↓ Gold ↓ Silver ↓ Bronze ↓ Total ↓
1 China China (CHN) 7 2 0 9
2 South Korea South Korea (KOR) 3 2 0 5
3 United States United States (USA) 2 2 4 8
4 Czech Republic Czech Republic (CZE) 2 0 0 2
5 Italy Italy (ITA) 1 2 1 4
6 Japan Japan (JPN) 1 0 2 3
7 Australia Australia (AUS) 1 0 1 2
7 Spain Spain (ESP) 1 0 1 2
7 Netherlands Netherlands (NED) 1 0 1 2
10 Great Britain Great Britain (GBR) 1 0 0 1
10 Romania Romania (ROU) 1 0 0 1
10 Thailand Thailand (THA) 1 0 0 1

http://en.wikipedia.org/wiki/2008_Summer_Olympics_medal_count

(No subject)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "suratlar üçin"

...

eyyyyy shu eshikler bilen gidendena gitmedigem gowymyka diyyan mena..
yada borlay 3 nokat . . .(fill in the blank with appropriate sentence)

ÇANG ÇIN ÇONG VANCING HONG

2 sany ştangistlerimiz hem

2 sany ştangistlerimiz hem medal alyp bilmedi, yüzüjilermiz, judoçy erkek, we atyjy gyz hem yenildi.
dine judoçy ayal, nasiba we disk zynyjydan umytlanaymasak.
garaz bu gezek hem boş. :(

bizden 10 adam gatnaşyar,gazaklardan bolsa; 138 adam.

_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Olimpiadada yarysh

Olimpiadada yarysh mashynlara "Awaza" diyip yazdyranyn yaly medal alyp bolayanok. Ya winolarymyza alyan medallarymyz yaly medal alyp bolayanok.
Borda...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Eshiklera chynymy aytsam

Eshiklera chynymy aytsam itin b*kuna menzapdir.gyzlarynky entagem bir-neme boljak.Masgara.
Alan yerlerimiz ondanam beter:
Ekaterina Arabova-ok atmakda in sonky 47-nji yer.
Aliskaer Bashirow-boksda birinji urushda fransuz Jaui Shiguere yenilip yaryshdan chykdy.
Guwanch NUrmuhammedow-dzudoda koreyaly garshydashyna yenilmek uchin 9 sekund yetipdir:(
Umurbek Bazarbaew-shtanga gotermekde showsuz chykysh etdi.
Tolkunbek Hudaybergenow-22 yashly sportsmen shtanga gotermekde obshiy rezultatlara gora 7. yer alypdyr.gutlayan.Belki indiki gezek has gowy chykysh eder.

yuzujilerimiz galdy oydyan,olaram tizden belli bolar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

wahey

wahey gynandymlay, kan uly yer almandyrlarmy:( ay borla shol yarysha gatnashdylar gatnashman durmadylar, son bir gun yer alan yerimizem bolarda
Umurbeke name bolupdyr showsuz cykysh edipdir?

göterip bilmandir.

göterip bilmandir. :)
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Dowamy:( Nasiba

Dowamy:(

Nasiba Surkiyeva-dzuda amerikan garshydashyna 2 ikinji munutda brosok gechrimaga rugsat beryar we yaryshdan chykyar.
Olga Hachatryan-100m erkin stilde yuzmekde in yakyn garshydashyndan 15 sekund yza galyp in sonky yer alypdyr.
Andrey Molchanov-50m erkin stil yuzmekde 68-nji yer alypdyr.

Gechdigi bolsun.

ha ha

yene dowamy bamy ya zaklyucitelnyy seriyasydymy:)))
obshiy nace dowlet gatnashday ?

204 döwlet. türkmenlerden

204 döwlet.
türkmenlerden dineje indi disk zynyançy galdy..
olimpiya doly 24ne gutaryar.
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..