Bugün Miraç gijesi - gutly mübärek bolsun!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Bugün Miraç Kandili. Bu kandil mynasybetli, ähliňizi gyzgyn gutlaýaryn! Bu mubärek kandiliň Biribar tarapyndan sizler üçin haýyrlara, bereketlere sebäp edilmegini dileýärin!

Miraç Kandiliňiz mübärek, eden dilegdir ybadatlaryňyz kabul bolsun!

PS: Aşakda Miraç gijesi barada maglumat goýmakçy.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • el_mariachi 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bereketli we mübarek

Bereketli we mübarek gijelerden biri hem Miraç Gijesidir. Miraç beýgelmek diýmekdir, bütin erbet duýgylardan ter-tämiz bir ybadata, iň beýik mertebä beýgelişidir. Resulullahyn (a.s.m.) şahsynda ynsanlaryň öňüne açylan soňsuz mukdarda beýgeliş gozýetimidir.

Bu beýik syýahat, mugjyzalaryň iň ulusydyr. Miraç mugjyzasy Gurhany Kerimde aýatlar bilen inkär edilmejek ýagdaýda subut edilendir. Bu ylahy ýolagçylygyn ilkinji mertebesi bolan Mesjid-i Aksâ jenli bolan ýolagçylyk Gurhanda şeýle beýan edilýär:
“Aýatlarymyzdan bir bölegini oňa görkezmek uçin, bendesini alyp, bir gije Mesjidi Haramdan alyp, daş-töweregini mübärek eden Mesjidi Aksa syýahat etdiren Allah, her-hili kemçiliklerden uzakdyr. Şübhesiz Ol hemme zady haky bilen eşiden we hemme zady haky bilen görendir!” (İsra Süresi, 1)
Mirajyň ikinji mertebesi bolsa Mesjid-i Aksâdan başlap, gögüň bütin gatlaryndan geçip, tä Ylahy huzura barmagydyr. Bu ýagdaý Nejm Süresinde şeyle beýan edilýär:
“Ol gözýetimiň iň ýokarsyndady. Soňra indi we ýakynlaşdy. Iň soňunda özüne iki ýaý(yň ujy) ýaly, hatda, has ýakyn boldy. Soňra-da wahiý boljak zady Allah bendesine wahýetdi. Onuň görenini kalby ýalanlamady(inkär etmedi). Indi Onuň gören zatlary barada onuň bilen jedelleşjekmisiňiz? And bolsun, Ony ýene bir gezek hakyky ýagdaýda(Jemalyny) gördi. Sidre-i Müntehâda gördi. Hatda, onuň ýanynda Mewa Jenneti bardyr. Şol wagt Sidreyi Allahyň nury gaplapdy. Gözi ne bulandy, ne-de başga bir zada seretdi. And bolsun, Rebbiniň aýatlaryndan iň beýiklerini gördi.” (Nejm Süresi, 7-18.)
Miraç nahili boldy?

Miraç, Rejeb ayynyň 27-nji Gijesi Jenab-y Hakyň çakylygy bilen Jebraýyl Aleyhisselâmyň ýol görkezijliginde Pygamberimiz Aleyhissalatu Wesselamyň Mesjid-i Haramdan Mesjid-i Aksâ, ol ýerden asmana, beýik älemlere, Ylahy huzura beýgelmegidir.

Pygamber Aleyhissalatu wesselam Mesjid-i Haramdan (Mekkeden), Mesjid-i Aksa (Kudüse) ata meňzeş ak renkli Jennet ulagy bolan Burak bilen geldi. Kudüse gelmezden ozal ýol üstünde Hz. Musanyň makamyna bardy, ol ýerde iki rekagat namaz okady, soňra Mesjid-i Aksa geldi. Ol ýerde bütin pygamberler ony garşy aldylar. Mirajyny gutladylar. Pygamber Aleyhissalatu Wesselam bu ýerde pygamberlere iki rekagat namaz okatdyrdy, bir hutbe okady.

Bir rowayatda Hz. İsanyň doglan ýeri bolan Betlahama bardy, ol ýerde da iki rekagat namaz okady. We bugün Kubbetüs-Sähranyň bolan ýerinden Muallak Daşynyň üstünden Miraja cykdy.

Asmanyň hemme gatlaryny gördi. Nobaty bilen ýedi gat asmanyň mertebelerinde bolan Hz.Adam, Hz. Ýahýa, Hz. Ysa, Hz. Yusup, Hz. İdris, Hz. Harun, Hz. Musa we Hz. İbrahim ýaly pygamberler bilen görüşdi. Olaryň hemmesi oňa “Hoş geldiň!” diýdiler we Mirajy bi;en gutladylar.

Ondan soňra Hz. Jebrail bilen birlikte “mümkin(imkan)” bilen “wüjub”yň arasyndaky (älemiň gutarýan ýeri) Sidretül-münteha geldiler. Pygamberimiz Aleyhissalatu Wesselam ol ýerde ikisi gizlin, ikisi ýer ýüzünde akan (Nil, Fyrat) dört derýa gördi. Soňra hergün ýetmiş meleğiň zyýarat edýän Beýtül-Mamury zyýarat etdi.
Hz. Jebraýylyň bu ýerden ötesine gidip bilmegi mümkin däldi. Pygamberimiz Aleyhissalatu Wesselam mundan soňra Refref adyndaky bir ulag bilen zaman we mekandan münezzeh (uzak) bolan Jenab-y Hakyň jemalyny gördi.

Pygamberimiz Aleyhissalatu Wesselam Rebbimiziň huzuryndan dönenden soňra, Hz. Musa bilen görüşdi. Ol:“Allah ymmatyňa nämäni parz kyldy?” diýip soranda, Pygamberimiz Aleyhissalatu Wesselam “50 wagt namaz” diýdi.

Hz. Musanyň, “Rebbiňe dön we muny azaltmagy üçin Rebbiňden nyýaz(dileg) et, ymmatyň muňa güýç ýetirip bilmez!” diýeni üçin, Pygamberimiz Aleyhissalatu Wesselam, bäş gezek Jenab-y Haka nyýaz etdi, her gezeginde 10 wagt indi, soňunda bäş wagt kararlaşdyryldy.

Ondan soňra Pygamberimiz Aleyhissalatu Wesselam Hz. Jebraýylyň ýol görkezijiliginde Jenneti(Uçmah), Jähennemi(Dowzah), ahyret menzillerini we bütin älemleri gezdi, gördi we Mekgä yzyna geldi.

Çeşme yslaminfo

PS: Miraç güni we gijesi edilip biljek ybadatlar çeşmede berlen linkde bardyr, seredip bilersiňiz!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • stalin 1 telpek goyyar we yazyar: "mirac gijaniz gutly bolsun!"
  • poahf 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella! Herkime hayri degsin!"
  • loverman 1 telpek goyyar we yazyar: "Bilgilendireniniz üçin köp sag bolun!!!"

Menem

Menem gutlayan!
Doga-dilegleriniz kabul bolsun!
Bizi hem yatlan!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Hormatly agzalar, hemmanizin

Hormatly agzalar, hemmanizin mirac gijaniz gutly mubarek bolsun. Allahyn beryan pursatlaryny in hayirli isler bilen gecirmeginizi dileyan!!!

orazalylarynyz bardyr,

orazalylarynyz bardyr, belki, aranyzda. Olarynam orazalary hem kabul bolsun!
Kabir agzalar her kandilde agyz bekleyan bolup biler, men welin, olaryn arasynda dal :)
Dineje bu tomusyn yssysynda we uzyn gunlerde oraza tutanlara telpek :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Bugun Miraç gijesi we bu

Bugun Miraç gijesi we bu mynasybetli, ähliňizi gyzgyn gutlaýaryn! Bu mubärek gijaniň Biribar tarapyndan sizler üçin haýyrlara, bereketlere sebäp edilmegini dileýärin!

Miraç gijaňiz mübärek, eden dilegdir ybadatlaryňyz kabul bolsun!
--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"