Türkmenistanda bir iş/söwda/biznes gurmak üçin näme şertler/resminamalar gerekli?!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Men soňky wagtlar käbir zat bilen gyzyklanýaryn:

1- Türkmenistanda bir iş/söwda/biznes gurmak üçin näme şertler/resminamalar gerekli?!
2- Daşary ýurtdan bir şereket bilen şärikleşip, şereket açmak üçin näme şertler/resminamalar gerekli?! Şol daşary ýurtly biznes eýesiniň wiza ýagdaýy nähili bolmaly?!
3- Ýokardakylar bolaýan ýagdaýynda, döwletimize aýda/ýylda näçe mukdarda salgyt tölemeli?!
4- Bular üçin döwletmiziň haýsy jogapkär guramasyna/şahsyýetine ýüz tutmaly?!

Ýokardakylara meňzeşräk we bärde bolmadyk ýagdaýlar barada-da bilýän maglumatlaryňyzy:

a- özüňiz;
b- tejribeli tanyşlaryňyz/ýakynlaryňyz;
c- tanyş jogapkär gurama ýa jogapkär şahsyýetler we ş.m. arkaly öwrenip, bärde-de paýlaşmagyňyzy haýyş edýärin!

Mümkin, ýokardaky zatlar boýunça öňem blog açylan bolup biler - takyk bilemok, ýöne gerekli bolansoň, ýene-de bir gezek açmagy müwessa bildim.

Berjek maglumatlaryňyz üçin öňünden minnetdarlyk bildirýärin!

Köp sag boluň!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • SA 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Salam hemmelere .Menem ka

Salam hemmelere .Menem ka wagt gorinjek bolyan mumkinciligim boldugyndan.
Atam ,soraglaryna Kopirak pul we "dagdan arka " gerek diyse bolar. Su ikisi boldymy adyny tutyan yok , hezillik .Galybersede name is etjek bolyanyna bagly ...
Sen pul topla arka men bolayin :))

Haý, janym bol-a, Sanjar

Haý, janym bol-a, Sanjar :)
Asyl, sen gömülgije ýatan hazyna öýdýän :)
Polat Alemdary köp seredýäne çalym edýärsiň :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

1 we 2. Senin telekeçi

1 we 2. Senin telekeçi hökmünde işlejekmi yada şereket gurjakmy - şona göra uytgeyar resminamalar. Telekeçi üçin gatybir kelleagyry yok (myka diyyarin). Şereket üçin: Daşary yurtly tarap bilen şarikleşjek bolsan daşary yurtly tarapyn a) eger edara görnüşinde bolsa (yuridiçeskoye liso) şereket dörediş resminamalary (ustaw, hasaba alnanlygy barada resminama, döredijilerin taze şerekete şarik bolmagyny tassyklayan yygnagyn protokoly) - bularyn hemmesi terjime edilmeli, legalizowat (kanunlaşdyrylmaly) edilmeli b) şahsy tarap (fiziçeskoye liso) bolsa pasporty gerek. Başga da Türkmenistanda tayyarlanylyan: Türkmenistan tarapdan hem a) we b) resminamalary, arza, salgyn barlygy barada karende şertnamasy yada öz eyeçiligindaki ofis üçin ulanylyp boljak bina, Ustaw, Dörediş şertnamasy, Müdirin şahsy sahypasy (liçnyy listok). Hasaba alnandan sonra Bankda hasap açmaly, Salgyt gullugynda we Statistika edarasynda hasaba durmaly, polisiyadan möhür almaly.
3. Türkmenistanyn Salgyt barada Bitewi kanunyny okaymasan yada salgyt gullugyny bilyan birisi (buhgalter??)aydaymasa. GBÜS (VAT), girdeji salgydy we ş.m. bolaymasa. Şereket guranyndan son derrew öwrenilyandir lay.
4.: Türkmenistanyn ykdysadyyet we ösüş ministrliginin edara görnüşli taraplary we (daşary yurt) maya goyumlaryny hasaba alyş müdirligi (ady doly bolmasa-da şuna gaty menzeş bolmaly).

Başlangyç maya ahli yerde de gerek.
'Arkan' hem, yokarda görşümiz, yaly bar.

Bilşime göra peydaly bolmaga çalyşdym..yalnyşrak bolsa ayyplaşmawer..

Proseduralar

Telekeçi bolsaň hezillikdi 2008 ýylyň 6 aýyna çenli. Barýaň patent açdyrýaň, işläber, nalogyňy töleseň bolany.
Emma mart aýynda kabul edilen täze kararlar 7 aýdan kanuny güýjinde işläp başlady we telekeçiler işlemek üçin patent açdyrmaly bolsalar käbir ýokarda duran edaralar LITSENZIÝA almaly edildiler. Bularyn doly pereçeni ähli nalogowiý inspeksiýalarda girişde bar, gizlin ýa-da üýtgeşik zat ýok.
Şu wagtam telekeçilik işinde 2% nalog tölenýär ähli pul aýlanşygyňdan.(ciro-turnover).
Sen sat satma, podarka et, mugt ber tapawudy yok, adyna gelen we adyndan çykan ahli aktiwleriň üçin 2% paç töleýäň.

Emma bu wagt firma(HOJALYK JEMGYÝETI-HJ-Hozýaýstýenniý Obşestýwo-HO) açmagam MODA boldy. Sebabi 2 ýyl öň kabul edilen karar boýunça %100 türkmenistanyň raýatlarynyň adyna bellige alnan HJ tölenýän nalog telekeçiler bilen deňleşdirildi. Emma daşary ýurt raýaty bilen bile JOINT-STOCK (JS) ýada doly daşary ýurt raýatynyň adyna açylýan HJ tölenmeli paç (NDS-VAT) 15%-de galdy. Türkmen adyna açylan firmalarda problema ýok ýöne LITSENZIÝA we bellige alyş wagty uzap biler. Ol özüňize bagly bir mesele.

Eger gurluşyk firma açjak bolsaň prosedura gaty başgaça, gurluşyk litsenziýasy diňe gurluşyk obýektini alandygyň barada prezidentiň karary çykandan soň berilýär.

Daşary yurt raýatlarynyň adyna açylan HJ we JS kärhanalary ähli paçlaryny, töleglerini we amallaryny daşary yurt pulunda amala aşyrýarlar. Şol sebäpli bu görnüşli kärhanalar köplenç peýdaly bir kärhana görnüşi däl.

Telekeçi (priýate person) bizde irki döwürde söwda işini ýeňilleşdirmek üçin ullanylan bir metotdy. Hasabaty we açyk ýerleri gaty köpdi. Şu wagt ýuwaş yuwaşdan sistema pugtalandyrylýar.

Telekeçi bilen HJ arasyndaky tapawut:
HJ-leri doly ýagdaýda edara görnüşli kärhana bolup, halkara derejede kärhana hukuklaryndan peýdalanyp we amallary öz başyna amala aşyryp bilýär. HJ elinde ştat saklap bilýär, öz adyna işgär işledip bilýär.
Telekeçiniň halkara kärhana hukugy ýokdyr we daşary yurtly köp firma garşysynda telekeçi bilen işleşmek islemeýär. Telekeçiler halkara kärhana hukuklaryndan peýdalanyp bilenoklar. Emma Telekeçiler WES(Wneş Ekenom Swýaz)(Daşary Ykdysady Aragatnaşyk) patenti açdyryp daşary yurtlardan öz atlaryna haryt alyp bilýärler.

Dokumentleriň sanawy bir kyn we köp zat däl. Ähli dokumentasiýa işi çynyňy etsen 1 hepde bolmady 2 hepdede dyndyrýar. Bular aňsat esasy gurjak firmaňa litsenziýa almak we registratsiýasyny tamamlamak. Registratsiýa işini öňki Daşary ýurt inwestisiýalaryny hasaba alyş gullugynyň deregine Maliýe Ministrliginden aýrylyp täze ministrlik bolan Türkmenistanyň Ykydysadyýet we Ösüş Ministrligi alyp barýar. Bu ministrlik ýokarda ady agzalan Gullugyň edara jaýynda Azady-Gagarin köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär.

Daşary yurt JS, HJ we ýerli HJ açylan halatynda belli bir mukdarda Ustawnoy Fond pul görkezmeli. Telekeçide bu ýok.
Daşary ýurt JS ýada HJ açylanda Ustawnoý Fonddan daşary her ýyl ýyllyk 6000-8000$ töweregi registratsiýa pajyny tölemeli.

Başlyk kimiň näme soragy bolsa sorabersin elimizden geldigiçe tejribämizde boldygyndan kömek etjek bolarys, bilmeýän zatlarymyzy sorap idäp elimizden geldigiçe jogabyny bereris.

BAŞLYK diyip men ATA aga ýüzlenýän. Ýalňyş düşünilmesin, onyň yörgünli ady BAŞLYKdy bir wagtlar. :-)

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Slava 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • SA 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "geliň, şu ýerini okaň, halaýyk :)"

Maksat aga, ol döwürden

Maksat aga, ol döwürden oba göçdi. Mende "başlyk"lyk galmady, çopan boldum indi.
Ehh, aldap gezipdirin, sizem ynanypsyňyz başlykdygyma...

Bolýar-da, hormatyňa ýene minnetdar!
Hä, Bursadan bärde-de aktiw oglanlar bardyr, sanawy:

1- medman - Aman Soltan;
2- moonwalker - Süleýman Ata

başga-da ýogom eken-laý :)

PS:Şeýle peýdaly we tejribeli ýazgyň üçin örän minnetdar, Maksat aga!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

begenchli habar

Suleymanyn Maldw adalaryndadygyny eshidip begendim abi

Menem shu wagt Vietnamda
Mermer alimi uchin geldim buraya.
Bardede turkmen okuwchylary bar ekeni.
Gaty begendirdi. Yatsam tursam kellame gelmezdi turkmenlerinem butun dunya yayrap biljegini.
Abi mena bu oglanlary gorup gaty begendim.
Hayirlisi inshalla
6 sany turkmen oglan bar shu vagt vietnamda universitetlerde okayan.
a kopusu hem senin okulundan abi

maňa "abi" diýmesene-how,

maňa "abi" diýmesene-how, "aga" -da bir hasap welin, olam däl-dä seň üçin :)

Wetnamdadygyňy bildim welin, hatda, söwda sebäplidigenem, ýöne oglanlar bn görüşeniňi bilmedim :)

Men eşidipdim 1-2 Tm oglanyň ol ýere gidenini. Biziň mekdepdendir öýdemokdym. Kiçilerdenmi ýa biz töwerekelerimi?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Estagfuralla

Bashlyk once seni Bursa tanayardy
indi nesip edenden butun dunya turkmenleri
yatdan chykarma senin Bashlyklygyn elmydama arkasyndadyrys
ne fedakarlyk pahasyna olursa olsa abi.

janyn sag, gorjegin gowulyk, yhlasyn myrat bolsyn BASHLYKLARYN BASHLYGY

toba, toba :)) ýok-how,

toba, toba :))

ýok-how, nätdiň-aý :)

Nurýagdy başlyk TÇ-de karar kylypdyr, bärik gelmegem aňsat däl, şoň üçin bolmagam mümkin.
TÇ has amatlydy oňa, gowy edipdir!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"