Habardar etmelimi ýa ýok?!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Ýaňy-ýakynda we öňräk başymdan geçen iki-üç wakany size gürrüň berip, bu babatda siziň pikirleriňizi öwrenmek isleýärin. Ynha, waka:

1- Bir dostumyň toýy bardy we toýuna gidipdi. Onuň toýuna bärdäki käbir dostlarymyz gidip bilenokdylar okuwlary sebäpli. Aslynda, şol dostum bn bärdäki dostlarym gyltyzrak tanyşdylar, şeýle bir ýakynam däl. Olara şonuň üçinem aýtmandym dostumyzyň toýy barada. Soň bir saý-sebäp bilen habar hökmünde aýtdym welin, olar bilen aramyzda şeýle gürrüň geçdi:
- Näme üçin bize aýtmadyň?! Aýdan bolsaň giderdik!
- Aýdamda-da gidip bilmejegiňiz aýan, ahyryn! Aýtmadym şoň üçin!
- Iň azyndan gutlardyk.
- Ynha, aýtdym-a?!
- Indi giç boldy.
- Hiçden giç ýagşy, zeleliň ýarysyndan gaýtmagam bir peýda ony diýseňiz!
- Bize ähmiýet bermändir öz toýy barada aýtmazlyk bilen. Şeýle bolsa biz oňa näme üçin ähmiýet bereli?!
- Onda näme maňa yrsarap dursyňyz “habar bermediň öňünden?!” diýip?!
- Habarly bolmak isleýäs-dä öňräjiginden. Mümkin, kiçeňräk sowgatjyk hem bererdik gutlagymyzyň daşyndan.
- Bolýar, indikide habar beräýerin!
- Ynha, munyň başga gep!

Aşakda dowamy bar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

1- Ýene bir gezeginde bir

1- Ýene bir gezeginde bir dostumyň doglan güni bardy, onuň özem bilenokdy-la welin, öňünden men jaň edip gutlamda ýadyna düşdi. Men käbir sebäpler zerarly, onuň doglan güni baryp bilemokdym olara. Öz dostlaryma-da aýtmandym bu ýagdaýy. Doglan gününden bir gün soň, ýene öz dostlaryma bu ýadaý barada gürrüň berdim. Olaram öýkelediler. Ýokardaka meňzeşräk gürrüňler geçdi.
2- Türkiýede okaýarkam, ilki apendesitden aperasiýa boldum, soň burnum 2 ýerinden döwlüp, burnumy tamponladylar we 1 hepdelik gips/sargy goýdular, iň soňunda-da sag aýagymyň başam barmagynyň süňki jaýrylyp, gipsläpdiler.

Ynha, ýokardaky wakalar boýunça, men şol ýagdaýlara görä öňünden ýa yz ýanyndan öz dost-ýardyr maşgalamyzy bu babatda habardar etmelimi ýa däl?!

Pikirimçe, başdaky ikisi boýunça dostlarymy habardar etmeli ekenim, soňky wakalar üçin bolsa, maşgalamyza aýdyp, olary bimaza edip, aladalandyryp oturmaly dälmikäm diýýän!

Sizde ýa tanyşlaryňyzda şu we şuňa meňzeş ýagdaýlar boldumy?! Bolan bolsa siz/olar näme etdiňiz?! Bu barada näme maslahat berýäňiz ýa-da bu babatda pikirleriňiz näme?! Gysgajyk ýazaýsaňyz!
Sag boluň!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Mençe-de şeyle...

Yokardaky yaly yagdaya duçar bolmadym, Huday'a şükür.

Emma pikirine goşulyan.
Başdaky wakada yadyma düşen yakin-yada aydibererdim(in azyndan sms yoli b/n), sonraky yagdayda-da mümkin boldygyça aytmajak bolardym.

put on a happy face:))

Menzeshrak yagdaylar

Menzeshrak yagdaylar mende-de bolyar. Dogrymy aytsam, olara dushunip biljek. Meni eyle-beyle toplanyshyga chagyrmayan bolsalar, diymek yakyn dost daldirin we bu obyektiw zat. Emma chagyrsalar belki yakynlashardyk, bu bashga gep. Erbet yeri, son shol adamlara, yagny chagyrmadyklara garayshyn uytgeya, azyndan menin garayshym.
Ine meselem barde piknik edyaler oglanlar. Aydanoklar hijisem. Men ozumche shol grupbadan dal yaly duyyan. Ya bir yerde oturyalar bir sebap bilen, aydanoklar. Bolya, oz ishleri. Yone yene 2-3 gunden ya pylancha wagtdan menden komek dilap gelyaler. Namemish, men dostumyshym we komek etmelimishim, gayrat etmelimishim. Kan yuzum yok gonulemage, yone ichimden gechyan zatlar doly bashga. Men dost bolyan bolsam, hol piknik/party'da hem chagyrylmalydym. Azyndan habardar etmelidim. Olara gitmage wagtymam yok, labda bolup, yone sonundan bilemde gaty goryanda.

Men ozumem kabir adamlary chagyramok oz yignanyshygyma. Emma yone obyektiw liniyany saklajak bolyan. Yagny chagyrmadyk adamymy son goremde dost bolan kishi bolamok. Meselem, men toyuma kop dostlarymy chagyryan, TANYSHlarymy chagyrjak hem bolamok. Sebabi olar dine tanysh, men tanyshlarymyn sany-sajagy yok
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • islam 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ata aga,

Ata aga, ikinji yagdayda-da habardar etseniz gowy menin pikirimche.. aytmajak bolup, bimaza etmejek bolmaklyk, ay bilmedim..

yone menem gechen tomus apenditsit bolamda, hich kime aytmandym bashda..
dine doganym-a operasiya bolmaly diydim, Yaponiya-da etdirmeli bolanymdan barde dynyp gitjek diyip aytdim.. yone son operasiya gechenson reska ejeme zada jan edishdirip aytdik, doganym bn.. edil onunden operasiyany aytmasanam, yzyndan bolanyny aydaymali.. dost-yar, dogan-garyndash diyenin ajyn-suyjin bn bile paylashsalar gowy.. ozunizi artykmach yuk yali duymagynyz mumkin belkem, ozunize bir zat bolanda aytmak islemezliginiz.. yone onda-da men-a habardar etmegin tarapdary.. yone polniy aglap enremeli dal elbetde, way otam way butam diyip:P
yone sheyle pikir etseniz, siz oglunizi bir yere okamana iberyaniz, onun otaysi butaysi dowulyar we sizin habarynyz yok?! nahili duygi?!

koplenc hasam gozun

koplenc hasam gozun gormeyan yerinde birni bir zat bolupdyr hat-da kicijik bolsada shony uly aladalanyan, shonun ucin aydylmany gowyka diyyan 2 yagdayda, sonyndan gynanylyaram name ucin aytmadyn diyip onda-da
ozum koplenc doglan gunum zatlara ozume kan cagyramok, birhili cagyrsan zat getir diyip cagyran yaly bolyar, shonun ucin cagyramok, ozlerinin yadyna dushup gelseler has gowy bolyar:) yone bashga yagdaylarda bolsa aydyan,
shu wagt bir partada otyran klasdashym ayrylypdyr, towereginde yashayan oglan klasdashymyz baram welin bize aytmandyr, dine ozi baryp gaydypdyr, onunam eyyam 7 sem gecipdir, hic bir klasdashlarymyz bilmandir, onson bashga birinden bildik bu yagdayy, shunyn yaly yagdayda aydylsa gowy, bilyan gowy habar dal aydylmagyna, shu wagt bashga klasdashlaryma jan edip aydyp habardar edip duryn welin her saparky birhili kyn bolyar aytmak, onda-da name etjek aytmaly, uyship baryp gaytmaly

ata aga

bu tema hakinda gurlessen gurlesip oturmali. Name edilyan bolsa eger adamin gelmeyanini bilsende adamlari dasdan tanasanda dine solari silayanligin hokmunde cagirmak gowudyr.Barde asil mesele Tay edyan adamin cagirmanligi. Biz gecenlerde howlu barbeque ettik ve 4 jay aralikdaki gonsy name edyanimizi gordu. Muslmancilikda gonsy hakky diyilen zat baar sony berjay etmek ucin akidip berdik adma begenjine sol yerde galyan dostlarimiza birnace gun gecenden son birgiden zatlar getirip hodur edipdir(yorute ayalina bisirdipdir) ve musulman bolanliklari sebabli hemme zat halal etdiripdir. biz sona goz yumdum edip gecip bilerdik emma etmedik.