Yslamda (dinde) aglamak we gulmek meselesi (terkidunyalik barada)

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Men kopden bari yazmadym, indi bir pikir gelende yazayin diydim.
Yslamda kop sozler bar ki, olaryn kabiri aglamagy gulmekden has kop nesihat edyaler. Hatda gulmegi dine yilgirmak bilen chaklendirmek hem maslahat berilyar. Aglamak, pikir etmek we dushunmek. Munyn adama pozitiw tasirinin barlygyny inkar etmekchi dal, jedel etmega hijem kella gelenok.
Hatda Nakyshbendiler gabyr ekzameni hem barmyshyn. Belli bir dereja yetenler, mazara gomulip, shol yerde yatyp goryamishler olumden sonky yagdayi simulate (copy) etmek uchin, nebsi terbiyelemek uchin. Hali shindi mazarda yatyp gelen bilen, Mollagarada yatyp gelen elbetde den bolmaz. Ya-da Awazada. Biri yirsh berip dursa, beylekisine durmush tagamsyz gorner.
Asha gulmek ruhy olduryar diyyanem bar. Asha gulmek adamy jogapkarchilikden mahrum edyar, chakleri unutdyryar, bu dogry. Yone aglap yormek... Men takwadan gaty uzak, emma aglap, gamly gezip yormek kyn. Sebabi shol yagdayda, durmusha stimulyn gachyar. Olesin geler. Sana mashgala-da gyzyklanmaz, sebabi gyzlaram shahdachygy gowy goryar. Yone bu gyz meselesem dal, yonekey sheyle gamly gezmek, elbetde seni terkidunya eder.
Men shu barada aytjak. Yslamda, shukur, gaty uly mumkinchilikler bar. Hardcore takwa mu'minler uchin sheyle aglap, tefekkur bilen gezmek barka, bashgalaryna yilgirip, degiship, dunya bilen bagly bolup gezmek mumkinchiligini beryar. Bashga din barmy sheyle ginish spektrli? Bilmedim.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Men Bhagawad(?) Gita diyyan

Men Bhagawad(?) Gita diyyan Hinduizmyn mukaddes kitabyna goz gezdirdim. Olarda terkidunyalik Yslamdan has onde. Ozem erbet yeri, name uchin terkidunyaligin gerekligi kan achyk dushnukli dal. Olarda mashgala dine chaga yasamak uchin gerek, bolan mashgalana hem baglanmak erbet (yone Yslamda hem mashgalana asha baglanmak maslahat berlenok)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Yslam aglamagyn, terkidünyaligin yerini nireden gözlemeli ...

Yslamda aglamak we terkidünyalik köpden bari hem musulmanlary hem-de galanlaryny gyzyklandyryp gelyan mowzuk.
Elbetde bu yagday TM halky üçin kanbir beyle bolmasa-da dünyade şeyle.

Yslamda aglamagyn we terkidünyaligin yerini bilmeyanler köplenç Gurhan we Hz.Pygamberi(a.s)in sünnetini bir gyra iteklap, maglumat edinmek niyeti b/n dünyaden öten öwülyalaryn, tarikat agzalarynyn amallaryna yüz tutyarlar.

Ynha şu yagday hem din hakynda nadogry maglumatlaryn hat-da spekulyasiyalaryn gözbaşy bolup bilyar.

Geçmiş öwliyalar Alla Tagala ybadat we tagatda, dinin emir etyaninden has artykmajyny yerine getiryardiler.
Mysal din günlik 5 wagtyna namaz emirdir diymegine garamazdan, şol 5 wagtyn üstesine gijesi b/n namazlykdan ayrilmayan öwülyalaryn yaşap geçenini kitaplar yazyar.

Yene bir mysal; terkidünyalik maksady b/n ömür boyi öylenman geçen şahyslar hem bolupdyr, hazirem bar.

Elbetde yokardaky mysallar şol öwliyalaryn we yslam agirtlerinin dini gereginden artygy b/n amal edendiklerini görkezyar.
Ana şol şahyslaryn ömürbeyanyny okanlarda-da yslama garşy empatiler dörap bilyar, we bu hem yslama amal edilmesi kyn bir din yali garalmagyna sebap bolup bilyar.

Emma yslamyn adamoglyndan isleyani yokardakylara garanda öran ujypsyz galyar. Belki-de deryadan yekeje damja hökmünde

Gepin gysgasy eger bir şahys terki dünyaligin we aglamagyn yslamdaky yerini öwrenmage niyetlense onda çözümi geçmiş öwliyalarda ya-da yslam agirtlerinde dal-de Gurhan we Hz.Pygamber(a.s)in sünnetinde gözlemeli.

Gurhan Yaradanyn kelamy bolsa, Hz.Muhammet(a.s)da Gurhanyn janly aynasy we Onun ömri-de yslamiyetin praktikadaky göznişidir.

Şol sebapli, menin pikirimçe, yslam b/n bagly meselerde gönimen Gurhan we Hz.Pygamber(a.s)yn sünnetine yüz tutulsa has yerlikli bolar.

put on a happy face:))

Uly shahyryn aydan "Mollalar

Uly shahyryn aydan "Mollalar owerler ol kiyamaty, Goysalar bu yagti jahan yagsidir" diyen sozlerini yadima saldi. Su setirler hakinda kan dawa bolardi. Beyik Piragam terki dunya adam boldumika diyyan. Bir waka esitdim. Magtimguly Shirgazy han medresesine baranda molla namaz okadip oturan eken. Ol imama gosulman ozi giraajikda okapdir. Namazdan son ymam sebabini soranda seyle diyipdir:"Pirim sen namazdakan Hywan bazarynda satjak soganinin hasabyny edip otyrdyn" diyipdir.

Islam dini hemme dinlereden uytgesik yeketak dindir

Hemme dinler vagtin gecmegi bn uytgap giden ve sonunda Allaha ynanman butparazlara menzews bir yolu alip baryar. Emma Allah inancli dinler arasindada( Hakiki Hrsitiyanlik ve Hakiki Musevilik) Islam dini has uytgesik ve has gin. Hemme mumkinciligi icine alyan ve Halal yoldan cikman dini yasap bolyan din. Gecenlerde Angliya musulmanlar tarapindan cap edilyan gazette yazyar Islam dininin beylekilerden uytgesikligi
=> Zikretmek yagni dem alip bermek ucin ya bolmasa iyen zatlarin ucin Alla sukur etmek bu bizin dinde bir ybadatdyr.
=> bu bir hadys eger kimde kim bas vagt namazini okasa onun isinde geciren vagtida yada onun eden isi bir ybadatdyr.

Dogrusini aytsam biz hemme zatdan onurti musulman bolandigimiz ucin Allaha sukur etmeli. Yogsam barde yas uli adamlarin nahili gynandirici yagdayda yasayanlarini gorup yuregin abayar. olar cagalari tarapinda taslanipdir ve herkim bayramcilik bellande bu adamlar bellanoklar. Bu gecenlerde BBC'de bir cozulmegi gereken temalar hokmunde ele alindi. Mena gormedim bir musulman masgalada seyle bolyandigini eger kimde kim seyle edyan bolsada Alla olari hideyete erdirsin.

Yslam dini ing güyçlisi

"rejm"-
zyna, jynsy gatnaşyga giren ayalyn daşlanyp öldürilmegi barada nahili pikir edyaniz?? gurhanda hem yazylypdyr öydyan şu.
men-a hiç-hili kabul edip bilemok.
_________________________________________

shol

shol mesele boyunca menem nace sapar kop yerde jedeleshdim, in sonynda-da doly yene dushunman galdym:( yslamda goni baryp zyna ish etdi diyip oldurmeklik yok eken, onun oz soralmaly goymaly kan ishi bar eken, yalnysh dushunmesem shol adam, ol dunyade beriljek jezadan gorkup, ozunin dashlanyp oldurilmegine razy bolandan son oldurilmage haky bar oydyan, oza shona mena doly dushunemok gowy dushunikli dushundirjek yokmay?

yok beyle dal,yokarda

yok beyle dal,
yokarda "öydyan" diyip yöne yere goymandym, yagny gurhanda bolup-bolmandygyny bilemokdym,
gözlap görsem, gurhanda göni beyle manyda yazylmayar, dineje durmuşa çykmadyk gyz zyna etse, 80 tayak urulmaly diyilyar.

aslynda, rejm, muhammet pygamber döwründe hem bolan,

meselem aşakdaky hadis: (hadis kütübi-sitte'den)
Fasil : HUDUD BÖLÜMÜ
Konu : Zina Haddi
Ravi : İbnu Abbas
Hadis : Hz. Ömer (ra)`i hutbe verirken dinledim. Şöyle demişti: "Allah Teala hazretleri Muhammed (sav)`a hak (din ile) gönderdi ve O`na Kitaba indirdi. Bu indirilenler arasında recm ayeti de vardı! Biz bu ayeti okuduk ve ezberledik. Ayrıca, Resulullah (sav) zina yapana recm cezasını tatbik etti, ondan sonra da biz tatbik ettik. Ben şu endişeyi taşıyorum: Aradan uzun zaman geçince, bazıları çıkıp: "Biz Kitabullah`da recm cezasını görmüyoruz (deyip inkara sapabilecek ve) Allah`ın kitabında indirdiği bir farzı terkederek dalalete düşebilecektir. Bilesiniz, recm, kadın ve erkekten muhsan olanların zinaları, -delil veya hamilelik veya itiraf yoluyla- sübüt bulduğu takdirde, onlara tatbik edilmesi gereken Kitabullah`da mevcut bir haktır. Allah`a kasemle söylüyorum, eğer insanlar: "Ömer Allah Teala` nın kitabına ilavede bulundu" demeyecek olsalar, recm ayetini (Kitabullah`a) yazardım."
HadisNo : 1589

başgada birnaçe hadisler bar, şol rejm'in edilendigi barada.
we ol ayalyn öz islegi bilen edilmeyar,
4 şayat tapylsa boldygy, eger şol 4 dal-de 3 şayat bolsa, onda ol 3 şayadyn özleri urulyar.

_________________________________________

Men

Men on bir rowayaty eshidipdir, bilemok kabir yerlere yalnysh hem bolup biler:( bilyaniniz bar bolsa duzeldersinizda,
Muhammet pygammerimiz (SAV) dowrunde bir adam bir zenan bilen zyna ish edyar, we ony hic kim bilmeyar, onson bir gun eshidyar ol dunyade ona ol zyna ish ucin ozune nahili jeza beriljegini, ol dunyadaki jezadan gorkup bu dunyade oz jezasyny cekip gitjek bolyar, Pygammerimizin (SAV)yanyna gelip aydyp beryar eden ishini we bu dunyade oz jezasyny cekip gitjek bolyanny, onson Pygammerimiz (SAV) aydyar senin 4 shayadyn bolmaly diyip,onyn welin hic hili shayaty yok bolyar, bir gun Pygammerimiz (SAV) sahabalary bilen otyrka yanyna gelip Men zyna ish etdim diyip gygyryar, Pygammerimiz (SAV)ay sen yone bir gozun gozune dushedirle diyyar, olam yok men zyna ish etdim diyyar, onson yene Pygammerimiz (SAV)ay sen onun bilen yone bir ogshashansyn diyyar, olam yene yok men zyna ish etdim diyyar,yene bir iki sapar sheyle diyip gaytalayar, onson Pygammerimiz (SAV) diyyar baryn dashlap oldirin diyip, butun oba shayat boldy diyip, yogsam shol yerde ol adamyn eden zyna ishini hic kim hem bilenokdy, dine ol dunyadaki jezadan gorkdy

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Men hem şeýle eşidipdim, aşagyndaky jogaba-da goşulamok!"

Myalyym, rowayat (hadis?)

Mylayymjan, :)
rowayat (hadis?) dogry yada yalnyşdyr..
men aytmak isleyanim, "öz erkin, islegin bilen daşlanyp ölmek" dal-de..
yslam hukuga göra "sen islemezden, senin daşlanyp öldürülmegin"

*** hatda şol "öz islegin bilen, özüne rejm edilmegini" islemek, öz janyna kast etmek hem bolup biler, sebabi, ol jan senkimi?? öz -özüne jeza berip, özüni öldürder yaly??

________________________________________

gynançly hadis:2 sany zyna

gynançly hadis:
2 sany zyna eden ayal-erkek yewrey getiryaler pygamberin önüne:
olam töwratda "rejm" bar diyip, olary daşlatdyryar, daşlanylyp durka, erkek adam, ayalyn üstünü öz bedeni bilen yapyar, ayaly goramak üçin.
Fasil : HUDUD BÖLÜMÜ
Konu : Resulullah (sav)`ın Hadd Tatbik Ettikleri Kimseler
Ravi : İbnu Ömer
Hadis : Yahudiler, Resulullah (sav)`a gelip, kendilerinden bir erkekle kadının zina yaptığınısöylediler. Resulullah (sav) onlara: "recm hakkında Tevrat`ta ne buluyorsunuz?" diye sordu. Onlar: "Teşhir edip rezil ederiz ve dayak atarız" dediler. Abdullah İbnu Selam (ra): "Yalan söylüyorsunuz. Zinanın Tevrat`taki cezası recmdir" dedi. Hemen Tevrat`ı getirip açtılar, içlerinden (Abdullah İbnu Surya adında) biri elini recm ayetinin üzerine koydu. Sonra, ayetten önceki kısımlardan okumaya başlayıp (kapadığı kısmı atlayarak arka kısmını okumaya devam etti. Abdullah İbnu Selam (ra) müdahale edip: "Kaldır elini!" dedi. Adam elini çekti, tam orada recm ayeti mevcut idi. Bunun üzerine: "Ey Muhammed, Abdullah doğru söyledi. Tevrat`ta recm ayeti mevcuttur!" dediler. Resulullah (sav) derhal o iki zaninin recmedilmesini emretti ve recmedildiler." İbnu Ömer (ra) der ki: "Erkeğin, atılan taşlara karşı korumak için, kadının üzerine eğildiğini gördüm."
HadisNo : 1613

_________________________________________

Zyna barada öň bir blog

Zyna barada öň bir blog açypdym, şol ýerde-de bu babatda kä zatlar ýazylan bolmaly.

Indi jezasyna gelsek, Kuranda "rejm" diýip gözletseňiz çykmaz. Ýöne rejm jezasy Yslam dininde-de, ýewreýleriň dininde-de bolan zat, Myradyň (Jenap-Çe) goýan hadysy hem muňa şaýat. Indi bu ýagdaýa giňiräk seretsek:

1-) Durmuş gurmadyk toý ynsanlaryň zynasy üçin her birine 100 taýak urmak(Nur, 2);
2-) Durmuş guran we maşgalaly ynsanlaryň zynasy üçin rejm jezasy berlen ekeni.

Elbetde, ýokardakylar göni ediläýenok, zyna edenleriň özleri boýun alsalar ýa-da olaryň zyna edenlerine 4 adam şaýatlyk etse, onda rejm jezasy berilýär. Eger töhmetligi aýan bolsa, onda töhmet atanlar 80 taýak urlup jezalandyrylýarlar we ondan soňra olaryň şaýatlyklary hiç bir wagt kabul edilmeýär.
Ýene bir wajyp maglumat: Yslam dini günümizde her ülkede üýtgeşigräk berjaý edilýär, meselem, Owganystan we Eýranda "şerigat" sözüň doly manysy bn berjaý edilýär diýlip bilinýär. Nä derejede başarnykly bolýalar - biljek däl. Bu ýagdaý Orta Aziýa ülkelerinde, Türkiýede we ş.m. ýurtlarda beýle däl. Taýýar hem däl. Şoň üçin geregem däl pikirimçe. Ynsanlaryň aglabasy munyň üçin ruhy, ahlak we aň taýdan taýýar bolmasa, kän bir manysy hem ýok diýip pikir edýän.

Ýene bir zat: Öýlenen/durmuşa çykan bir ynsan näme üçin başga biri bn zyna etmeli?! Äri/aýaly ýokmuşmy?! Yslam dini keýpe ýeterlik lezzet berýär we kanagatlandyrýar hemme taraplaýyn, onuň daşyna çykmaga hajat ýok. Şu zyna meselesini özümizden mysal alyp göreli. Tm-da bir maşgalanyň zenany zyna edýär, muny duýan/eşiden/öwrenen äri näme eder?! Öldüresi geler şol bada öz aýalyny! Bu ýagdaý erkek adamda bolsa welin, beýle bolanok, umuman. Bulam biziň türkmençiligimiz diýeýin, dini höküm däl. Garaz, haýsymyz öz ýanýoldaşymyzyň öz islegi bn başga ynsanlar bn zyna etmegini isläris?! Elbetde, hiç kim! Ynha, şeýle ediläýen ýagdaýynda, goý, ynsanlara sapak bolsun, gaýdyp şu tetelli ýigrenji günäni etmesinler diýen maksat bn, dindäki rejm hökmi goýlan bolup biler. Elbetde, täsiri örän güýçli bolar bu ýagdaý edilse ynsanlar görse. Gysga wagtda şu betnyşan ýagdaýdanam ynsanlar uzaklaşar pikirimçe. Şoň üçinem şol höküm goýlandyr.

Myrat, sen diňe Yslamda görýärmiň/pikir edýärmiň şeýle ýagdaýlary?! Näme, dünýäniň başga ýerlerinde bu ýagdaý ýokdur öýdýärmiň?! Näme, indi düşünip ýörmüň bu zatlara?! Öz ýakynlaryňdan pikir ediň gör ilki! Ody özüňe basyp gör! Ýakanokmy/ötenokmy, onsoň diý näme diýjek bolsaň!

Dini kiçeltjek bolýar soňky günlerde ýazýan ýazgylaryň her biri! Bärde isläniňi edip bilersiň, ýöne ynanmaýan ahyretiň bir gün seni tapar, şonda halyň niçiksi bolarka?!
Men özüme ynanamok, Allah meni bagyşlasyn! Öz jennetine goýsun! Ýöne belli wagt soň seň we saňa meňzeşleriň edýän zatlary Allahyň gaýratyna täsir eder we netijesi hem gelip biler.
Meňki aýtmak, karar seňki, elbetde!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

"rejm"in pygamber döwründe

"rejm"in pygamber döwründe hem edilendigini kabul edenin üçin sagbol. :) (kabirleri "gruhanda yok" diyip kabul etmeyar)

men hiç-hili öylenen/durmuşa çykan başgalary bilen yatsyn diyemok, beyle zady islamok. kim islap biler? adamçylyga ters.
men kabul etmek islemeyan zadym, zyna üçin öldürmek, we has beteri daşlap öldürmek. şol hukugyn agyrlygy, adalatsyzlygy. toba bilen hem sypyp bolmayandygy. agzalyan Hudayyn beyle etjegine ynanyp bilemok.

hazirki döwürde, eger öylenen/durmuşa çyksa, onda yanyoldaşy ondan ayrylmagy haky bolyar, islese ayrylyşyp bilyar, islesede bagyşlap biler.
yslamdan hem şeyle zada garaşmak islardim, yöne gynansakda dal.

Quote:

Öz ýakynlaryňdan pikir ediň gör ilki! Ody özüňe basyp gör! Ýakanokmy/ötenokmy, onsoň diý näme diýjek bolsaň!

yakynlary ara sokmaly daldin.
bolya onda dowam edeyli,
sen öz yakynlaryn eger şeyle iş etseler (huday saklasyn!), daşlanyp ölmegini isleyanmi? Men bolsam, 1njiden-a etmeklerini islemezdim. etseler hem kabir şertler bilen, bagyşlardym. we hiç-haçan şol iş sebabpli ölmeklerini, daşlanyp ölmeklirini islemerin.
dine yakynlarymyn dal, hiç-bir adamyn şeyle ölmegini islamok.

_________________________________________

Myrat, inim, seninem stilin

Myrat, inim, seninem stilin yalnysh. Barde pikir we soz azatlygy bar, we medeniyet chyzyklarynyn ichinde name yazsan yaz we jedel et. Emma sen stilin adamlara yalnysh pikir beryar. Sen gel-gel, durup-durup Yslama ataka edyan yaly. Dunyade din azmy? Yok. Emma sen gor-gor, Yslamda bir ters zat gorjek bolyanyn yaly. Ozem bir hili ozundenem narazalygyn bar yaly, yagny ozun eden kararyny dogrulajak bolup jan edyanin yaly jedelde.
Sen karar beripsin, isle Yslama uy, uyma, oz ishin. Yone dine ataka etmekde name maksadyn bar dushunmek kyn. Dinin gowy tarapyny sanasan sogaby bar, sebabi dinsiz adamyn ruhy dunyasi anarhiyada. Sen dine ynanyanlaryn edyan yalnyshyny goryan bolsan, dinsizlerin we ateistlerin edeni hasam yigrenji. Olaryn hasap berjek diyen aladasy yok, moral taydan hemme zada etmage tayin. Beyle adamlar zalymlykda-da, husytlykda-da, adam oldurmekde we yenede-de has beter.
Sozumin sony sheyle. Sen Yslama atakalaryna ara ber. Azyndan pikirini umumylashdyr, yagny hemme dinlere yayrat. Yone in gowusy dini jedelleri goy. Sen dine ynanmasan oz ishin, bashga tema gutaran daldira?! Dine ynanyan adam, eger dogry shekilde ynanyan bolsa, hich hachanam dinsize erbet niyet bilen yakynlashmaly dal! Yone dinsizlerin kopusi Yslama ataka edip durany uchin, olara gowy yakynlashybam bolanok. Gayrat et, Yslamyn gowy taraplarynam gor we jedelini goy diyyan mena. Bolmasa sen guduz achana menzeyan Yslama bir gara yapyshdyrjak bolup.
PS Ozundenem narazy bolma. Eger sen hakykatdanam kararyny goldayan bolsan, onda rahat bol. Yok, ichin burkulan bolsa, ichinde bir agy bar bolsa, onda pikir et... Yslam dini terk edip name gazanyp bolyar?! Name yitirip bolyar?,,
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Myrat,

Myrat, Rejm jezasy barada giňişleýin maglumat bar. Kuranda aýatlar bellidir. Wahiý bn pygamberimize takyk ýagdaýda bildirilen aýatlar gönüden göni Kurana girizilýär. Kä wahiýler bolsa, many taýdan ylham edilýär Pygamberimize, olaram güýçli hadyslar hökmünde ýerine ýetirilýär. Rejm jezasy ikinji bölekde gelen!

Men bu barada soňam ýazmakçy, enşallah, häzir gitmeli!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Atamyrat aga barde teoriyada

Atamyrat aga barde teoriyada gurrun edilya. Derrew yakynlary sokmaly dal ekenin. Shunyn yalnysh.
Sen gun boyi kompyn onunde oturyp Sylap bilen jedelleshende Hristiyanlyga ya onun pikirlerine sheyle hormatsyzlyk edenokmy? Hristiyanlyk barada 100 000 sorag soramadylarmy Diplomatdan?
Sana sorag soralsa, adekwat shekilde, shahsa gechman jogap berjek bol agam!
"Zyna uchin adam dashlanyp oldurilmesin" diyyan adam "zyna edibersinler men yakynlarym" diyenok. We men sana aydayin, oz goz onunde birini yere gomup, dashlap oldurseler seredip bilmersin, gusyp-sychyp yatarsyn. Ki ibret, men ony bilyan, emma halkyn sheyle dashlap oldurilmegi bir hili edil shu gun kabul etmek ansat dal. Sen ozun dash atyp bilermidin?
Men sizin dini jedellerinize goshulasym gelenok, emma name temada jedel etsenizem, elementar zatlara dushunin, yagny shahsylashdyrman jedeli!
Men ogurlyk edeninem elinin kesilmegini goldayan diyip biljek dal. Ogurlygy goldayanmy men? Yok, yone yashlykda ya yene bir wagtda ogurlyk edenin tobasy yok bolya, sebabi eyyam bir eli ya iki eli yok. Son onun geljegi gara, sebabi eyyam eli kesik, ogrulygy belli. Halkyn ona nahili garajagy belli. Onson shol adam duzelermi? Bilemok. Kuranda barmy beyle jeza? Bilemok.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Myratjan sana gelşenok...

Seni gowy tanayan, senem meni...

Bir faktdan söz edilse şeyledir öydyan, beyledir öydyan diymek yerliksiz...

Ana menem yerliksiz öydyan diyemok, dineje yerliksiz diyan; sebabi fakt.

Anyk diymeli bolyar, sebabi fakt fakt bolyar. Ya şeylesi bolyar ya-da beylesi, faktyn öydyani bolmayar...

Belkide yazgyndaky öydyani ayirmak üçin Gurhana seredip görmeli borsyn...

Sana-da gelşenok dogrysy...

put on a happy face:))

blogyň mowzugy barada

blogyň mowzugy barada bolsa:

"Az iý, az geple we az ukla!" dessuryna eýerýänleriň, umuman, ygtybarly ynsanlar boljagy beýan edilýär dinde we durmuşda. Munyň netijesinde hem az gülmek bar, aglamak taýdan biljek däl. Hadys bar, many taýdan şeýle:"Köp gülmäň! Çünki köp gülmek ynsanyň kalbyny garalar(körelder)!" Nakylymyzam bar:"Köp gülen bir aglar!" diýip welin, munyň kän bir baglanşygy ýok mowzuk bn.

Indi Yslam dini boýunça, ynsanlaryň beýikligi olaryň milletinde, boýunda, wezipesinde, güýjinde, reňkinde we ş.m. däl-de, Allaha ýakynlygyndadyr. Allaha ýakynlyk bolsa, az gülmek we ynsanlaryň erbet ýagdaýlaryny görüp, olaryň hallaryna aglamak we olaryň bu hallaryny düzetmek üçin çekýän gaýrat we ejir çekmegindedir. Garaz, netijesinde köp aglamak bar-da.
Aglamak bar, aglamak bar, ýagny, Allahyň razylygy we ynsanlaryň her iki taraplaýyn halas bolmagy üçin aglamak, aglama görnüşiniň iň haýyrlysydyr pikirimçe!

PS: Bu ýagdaý mende ýok diýiljek ýagdaýda az ýa-da hiç ýok, ynha, muňa welin özümem gynanýaryn.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Duydurysh!

Bildirish!
Dini temalary arkayin yagdayda gurrunleship bilmejek bolsanyz, ayiraryn! Dini jedelleship owredip bolanok! Jedelde ketjallyk bar.
Shu sahypada "dini owret" diyen maksadam yok, shygaram. Men bu temany achdym, jedel etjek bolup achmadym. Kella gelen pikirlerdi. Mun ustunde uly dawa turuzman, dini temalary yapyp chykaryn
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!