Regaib kandiliňiz mübärek bolsun!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Bu gije juma gününe baglaýan gije bolanlygy mynasybetli, Regaib Kandilidir. Bu kandil, dinimizde "Mübärek üç aýlar" hökmünde bilinen Rejep aýy bilen başlap, Şaban aýy bilen dowam eden, rehmeti, feýzi we bereketi bol bolan Remazan aýy bilen gutarýan hözir we ruhy möwsimine girýänligimiziň hem habarçysydyr.

Regaib kandili barada has giňişleýin türkmençe maglumaty hiç kim goýmasa, bugün-erte, enşallah, özüm goýmakçy!

Häzir bolsa, bir-birimizi bu babatda gutlap bileris! Ilkinji gutlag we dileg menden:

Hemmäňizi mübärek üç aýlar we Regaib kandili mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaýaryn! Beýik Biribardan eden ybadatdyr dilegleriňiziň esseleri bn kabul etmegini, bar bolsa günäleriňizi doly bagyşlamagyny, köp mukdarda ragibeler(regaib-sowgat) eçilmegini dilemek bn!

Bir-birimiz üçin hususy dileg etmegiňizi hem haýyş etmek bn!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Koroçe bar doga we

Koroçe bar doga we dilegleriniz kabul bolsun.

Bu mübarek gijaniz gutly bolsun ;-)

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Ata aga, sagboluñ bu temany

Ata aga, sagboluñ bu temany açanyñyza. menem gutlayan! Hemmanizi mubärek üç aýlary hem Regaib bayram bilen gutlayan we dogalaryñyz kabul bolsun! Kalbyñyzdan iman, eliñizden Gurhan, diliñizden Yslam, bedeniñizde saglyk egsilmesin. Kim bu gije mynasybetli agyz beklän bolsa enşalla kabul bolsun!
Dilegleriñize omyn we bize-de dileg etjeklere köp köp minnetdar :)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: ":) joşupsyn-a ow, ejeke. "

____@_____@_________@______@_

____@_____@_________@______@____
___@_________@___@__________@___
___@___________@____________ @___
____@______KANDİLİNİZ______@____
_____@______MÜBAREK______@_____
_______@_____OLSUN______@_______
_________@____________@_________
___________@________@___________
_____________@____@_____________
_______________@@_______________

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Menem tm den hemmanizin

Menem tm den hemmanizin kandilinizi gutlayan .Jokurama gyzgynda kandil mandil yada da dusenok sahypa gelaymesen .

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • medman 1 telpek goyyar we yazyar: "ay suna dogry aytdyn dost "

Hemmamizinki bile bolsun,

Hemmamizinki bile bolsun, ençeme yyllara Allan özi yetirsin, hayyrlysy bn..

:)

salam hemmelere:) hemmekishin mubarek uch aylarinin gelmegi bilen gutlayan, etyan dilegleriniz size hayirli bolsa Kabul bolsun :)

Amin,hemmamizin dileglerimiz

Amin,hemmamizin dileglerimiz kabul bolsun!

Ahli müminleri, ayratyn

Ahli müminleri, ayratyn sahypamyzyn agzalaryny yetip gelen Kandili bilen mübarekleyan. İnşallah Allan nije kandilleri hakyny berip gutlamagy hemmamize-de nesip etsin.

Bu gije hakynda bilyanjelerimi yazmak isledim:

1. Bu gije Rejep ayynyn ilkinji juma güni gutlanyar. Bu gije Allanyn huzuryna has yakyndan dileg edilyan, Onun merhemedine sygynyp bagyşlanmagyny dilenyan gije.

2. Ayratyn bu gijanin beyle sylaga makul görülmeginin, gel gel Regaibin şu gija gabat gelmegi hakynda dürli sebapler bar. Şolardan biri hem Hz Amine enemizin Pygamberimize hamyla galanyny duyan gijesi hasaplanmagydyr.

3. Şu gün agyz beklemek, gijani ybadat bilen geçirmek, kaza namazlaryny, kaza yok bolsa nafile namaz okamak, Kurany Kerim okamak, toba-istigfar etmek, tefekkür etmek beyleki gijelerdakiden has sogaply hasaplanyar.

4. İn bolmanda yatsy we ertir namazlaryny jemagat bilen okamak gowy görülyar. Şeyle edilen halatynda bütin gijani ybadat bilen geçiren yaly görülyar.

5. Bu gijanin adyny perişdeler dakypdyrlar.

6. Pygamberimizin Remezandan son in köp agyz beklan ayy Rejep ayydyr.

7. "Rejep ayy Allanyn ayy, Şaban menin ayym, Remezan bolsa ymmatymyn ayydyr" Hadys.

8. "Rejebin ilkinji juma gijesini ybadatlar bilen geçirene Alla Tagala gabyr azaby görkezmez....." Hadys

Bulardan başga-da bir mysal bermekçi (din alymlarynyn birinin eserinde okapdym yalnyşmasam):

Köplenç uly söwdalar bazar günleri yörite yerlerde gurnalyar. Şol bazara baranlaryn islan harydyny amatly baha tapmaga has mümkin. Emma şol güni sypdyranlar ertesi gün edil isleyşi yalysyny tapman biler ya-da amatly baha alybilman biler - ol indiki bazara garaşmaly bolar. Edil şonun yaly bizem eger şu günki yaly yylyn dowamynda bir gezek bolyan Regaib kandilini peydalanman sypdyrsak bu pursaty garşy almak üçin giden 1 yyl garaşmaly bolarys -o da şol wagta çenli yaşamak nesip edilse. Şonun üçin bu gijede iman yolunda has amatly söwda bar. Adaty wagtlar her hayyrly amal üçin 10 sogap bellenen bolsa bu ay 100 sogap, indiki Şaban ayynda 300, sonky Remezanda bolsa 1000 sogap bellenendir. Bu hakda hadyslar hem bar.

Goy Alla ybadatlarynyzy, doga-dileglerinizi öz dergahinde kabul etsin. Menem dileglerinizde yatlan inşallah.

"Allahym! Rejep we Şabany bize mübarek kyl we bizi Remezana yetir." Hadys - Pygamberimizin Rejep ayyndaky dogasy.

men barik yazgy goyupdym,

men barik yazgy goyupdym, biri ayyrdymyka ya men goyup bilmedimmikam?!
Bayram, sen bılyarmın sebabini?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Regaib näme diýmek?

Regaib näme diýmek?

Regaib, arapça bir sözdür we "rega-be" kökünden gelýär. "Rega-be" –
haýsydyr bir zady islemek, arzuw etmek, hyýal etmek we ony alyp bilmek üçin gaýrat etmek diýmekdyr. "Regib" sözi bolsa, "regabe"'den dörän bir atdyr we “özüne höwes edilen, arzuwlanan, talap edilen zat” diýmektdir. "Regibe"niň köplük sany "regaib" dyr.

Rejep aýynyň ilkinji juma gijesine Regaib gijesi diýler. Bu gijä Regaib gijesi adyny melekler beripdirler. Her Juma gijesi kyýmatlydyr/gadyrlydyr. Bu iki kyýmatly gije birleşse, has kyýmatly bolýar.

Allah, bu gijede, müminlere, ragibetler (yhsanlar, sowgatlar) berer. Bu gijä hormat edip, peýdalananlary bagyşlar. Bu gijede edilendilegler kabul bolar, namaz, oraza, sadaka ýaly ybadatlara köp sowaplar beriler. Regaib gijesinden peýdalanmak isleýän: şol gijäni ybadat bilen geçirmeli, kazasy bolan, iň azyndan bir günlük kaza namazyny kylmaly! Kazasy bolmadyklar hem nafile namaz kylar, Kur’an-y Kerim okar, tesbih çeker, toba eder. Penşenbe(4-nji) güni agyz bekläp, gijesinde hem amal etmek örän sogaplydyr. Rejep aýynda agyz beklemek örän sogaplydyr.

Pygamberimiz (SAW)’ iň Remezan aýyndan soň iň köp oraza tutan aýy Rejep aýydyr. Bu Rejep aýynda oraza tutmagyň beýik we köp mukdarda sogaplary bar.

Bu aýda sogaplar bendeleriň amal depderleriniň sogap hanalaryna, köp mukdarda dökülýäni üçin, “Rejebül esabb” diýlendyr, ýagny, sogaplaryň köp mukdarda, akyp gelýän aýydyr. “Sabbe”, Arapçada “dökmek” diýmek. Derýanyň hem daglardan şyldyr-şyldyr akyp dökülýän yerine “münsab” diýerler. Olam bir kökden döreýär. Rejeb-ül esabb – Allahyň rehmetiniň joşa gelip, ykram we yhsanynyň şyryl-şyryl bendelere gelýän aýy diýmekdyr.

Bilim we din alymlary kitaplarynda “bu aýyň ekim, ekme, ekerançylyk aýy”dygyny belläpdyrler. Sogaply işler, oraza tutmak, toba etmek we ş.m. gözel zatlar ediler.
Bir zadyň ekilmegi ýaly ekerançylyk, ekim aýydyr. Şaban bolsa ekilen zat bilen meşgullanma aýydyr. Remezan hasyly biçme/ýygnama aýy diýlendir. Diýmek, Rejep aýy bizi Remezan aýyna taýýarlaýan bir möwsümiň ilkini ädimi bolýar. Şonuň üçin, "Rejep aýy toba aýydyr." diýipdirler, ýagny, bende näme etmeli?! "Ýa, Rabbi! Men düşünmändirin, hata edipdirin, bilmändirin, men günäli, ýalňyşypdyryn! Bilip, ýalňyşyp ýa-da ýadyma düşmän ýalňyşan we günä eden bolsam, bu sebäpli meni hasaba çekme we meni bagyşla!..." diýip, hatasyny boýun alyp, hatasyndan el çekip, Hakyň ýoluna girmeli.

Şaban aýy ybadatlara dowam etme aýydyr. Remezan hem sylaglaryny alma aýydyr. Şu ýagdaýlar boýunça, şu üç aýyň bir-birleri bilen baglanyşyklydygy beýan edilendir.

Söýgüli Pygamberimiz (SAW), Regaib gijesini içinde bolan Rejep aýynda köp dileg eder, namaz kylar, oraza tutar, her dürli haýyr amallary eder, sadaka bermäge üns bererdi. Resulullahyň (SAW) Rejep aýynyň ilkinji penşenbe gününi orazaly geçirenligi we juma gijesinde bu kandil gijesine mahsus/degişli bolan on iki rekagat namaz kylany aýdylýar. Regaib gijelerinde dileg etmek, toba etmek, bu gijäni mukaddes kabul etmek bilen dürli ybadatlar bilen geçirmek, umuman, alymlar arasynda rowaçdyr.

Bu aýlara "Köp sogaply ybadat aýlary" diyen alymlardan biri şeýle diýýär: "Her gözel amalyň sogaby başga wagtlarda on bolsa, Rejeb-i Şerifde ýüzden geçer, Şabanda üç ýüzden zyýada we mübarek Remezanda müňe çykar we juma gijelerinde müňlere we Gadyr gijesinde otuz müňe çykar."

Bu gijäni pursat bilip, köňlüizi gaflat bilen bogan duýgy we pikirleri kalplarymyzdan aýralyň. Nebsiň erbet arzuwlaryny duruzyp, kalp höziri bilen ybadatyň lezzetini almaga, şol hal arkaly Rabbimize ýönelmäge çalyşalyň! Gyýbat, erbetlik, gysgançlyk, görünjeňlik, öwünmeklik, kin, gazap we kanagatsyzlyk ýaly erbet duýgylardan tämizleneliň!

Regaib ýaly mübärek gijeler näme etsek has amatly bolar?!
1-Mümkin bolsa, şol mübärek gijeler orazaly garşy alynmalydyr.

2-Kazasy bolan, iň azyndan bir günlük kaza namazyny kylsa amatly!
3- Kazasy bolmadyklar hem nafile namaz kylyp/okap biler;
4-Kur’an-y Kerim okalyp, tesbih çekilip we toba edilip biler.
5-Tefekkür (durmuş we ahyret barada pikir) edilip biler.
6-Iň azyndan ýatsy we ertir namazlary metjitde jemagat bilen kylynmalydyr. Bu bolsa bütin gijäni amal eden ýaly sogap gazandyrar.
7-Allahy beýik atlary bilen sena etmeli (öwmeli)

Regaib bilen baglanyşykly aýaty kerimeler:

Regaib sözi Kuranda hem bardyr. "Regabe"dan dörän dürli sözler, Kuranda sekiz ýerde geçýär we "regabe" ýerine ulanylandyr.

Aýratynam, "Şübhesiz Allahyň gökleri we ýeri ýaradan günki ýazgysyna görä aýlaryň sany on ikidir. Bulardan dördi haram aýlardyr. Ynha, bu Allahyň dop-dogry kanunydyr. Şeýle bolsa, şol aýlarda özüňize zulum etmäň!" (Toba Süresi, 36)

Hz. Pygamberimiziň ( a.s.m ) bir hadysynda ýokardaky aýatda agzalan haram aýlaryň: Zilkade, Zilhijje, Muharrem we Rejep aýlarydygy beýan edilendir.

Rejep Aýy we Regaib Gijesi ile baglanşykly Hadysy Şerifler:

• Allah Tagala Rejep aýynda oraza tutanlary bagyşlar. (Gunýe)

• Rejeb-i şerifiň bir gün başynda, bir gün ortasynda we bir gün hem soňunda oraza tutana, Rejep aýynyň hemme gününi oraza tutan ýaly sogap beriler. (Miftah-ül-jenneh)

• Remezan aýyndan başga Allah ryzasy/razylygy üçin bir gün oraza tutan, güýçli yaryş atynyň bir asyrda aljagy menzil ýaly Jähennemden uzaklaşar. (Ebu Ýala)

• Şu bäş gijede edilen dileg yzyna gaýtarylmaz: Regaib gijesi, Şaban aýynyň 15-nji gijesi, Juma, Remezan baýramy we Gurban baýramy gijesi. (İbn-i Asakir)

• “Rejeb-i Şerifiň birinji gününde agyz beklemek üç ýyllyk, ikinji güni orazaly bolmak iki ýyllyk we ýene üçünji güni orazaly bolmak bir ýyllyk kiçi günälere kefarat bolar. Bulardan soň her güni bir aylyk kiçi günäleriň bagyşlanmagyna sebäp bolar.” (Jamiu-s sagir)

• İbn-i Abbas -radiyallahu anh- hezretleri: “Resulullah -sallallahu aleýhi we sellem- Rejep aýynda kämahal şeýle köp oraza tutardy, biz Ony hiç iftar(agzaçar) etmez öýderdik. Kämahalam şeýle köp iftar ederdi, biz Ony hiç oraza tutmaz öýderdik.” diýipdi. (Müslim)

• Elbetde, zaman Allahyň ýaradan günki şekli bilen akyp gidýändir. Ýyl on iki aýdyr. Bulardan dördi haram aýlardyr we üçi yzly-yzyna gelýändir. Zilkade, Zilhijje, Muharrem, birem, Jemaziýel-ahyr bilen Şaban aýlarynyň arasynda gelen Mudar kabilesiniň aýy Rejep aýydyr." (Buhari, Tefsir, Süre, 8,9)

• "Rejep aýy Allahyň aýy, Şaban meniň aýym, Remezan hem ymmetymyň aýydyr." (Ajlûni, Keşfu’l-Hafa, 1/423)

• Ýene mübarek üç aýlardan ilkinjisi bolan Rejep aýynyň ähmiýeti we gadyry hakynda Enes b. Malik ( r.a. )'dan bir hadys şeýle rowaýat edilir: Rejep aýy girende, Hz. Pygamber şeyle diýerdi: "Allahym! Rejep we Şabany bize mübarek kyl we bizi Remezana gowuşdyr!" (Ahmed b. Hanbel, Müsned, 1/259)

• Rejep uly bir aýdyr. Allah bu aýda haýyr amallary esse-esse kabul eder. Rejep aýynda bir gün oraza tutan, bir yyl oraza tutan ýaly sogaba gowuşar. 7 gün oraza tutana, Jähennem gapylary ýapylar. 8 gün oraza tutana Jennetiň 8 gapysy açylar. On gün oraza tutana, Allah islän (haýyr) zadyny berer. 15 gün oraza tutana, bir jarçy: “Öňki günähleriň bagyşlandy!” diýer. Rejep aýynda Allah Tagala Nuh aleýhissalamy gämä mündürdi we olam Rejep aýyny orazaly geçirdi. Ýanyndakylara-da oraza tutmaklaryny emretdi. (Taberani)

• Hz. Aişe ( r.a ) walidämiz, “Resulullah, birinji(duşenbe) we penşenbe günleri oraza tutmaga örän ähmiýet bererdi.” diýýär. Çünki Hadysy Şerifde, “Amallar Allah Tagala duşenbe we penşenbe günleri arz ediler. Men hem amalymyň orazaly wagtym arz edilmegini isleýärin!” diýdi. (Tirmizi)

  • Tahyr2005 1 telpek goyyar we yazyar: "maglumatlara"

25 iýun gijesi, mübärek

25 iýun gijesi, mübärek Regaip gijesi. Ähliňizi şu wagtdan gutlaýan!
Yslam.info sahypasynda Regaip gijesi barada giňişleýin maglumatlar berilipdir
http://www.yslam.info/2009/06/20/mubarek_regaib_gijesi/

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Tahyr2005 1 telpek goyyar we yazyar: "yatladanyna.ARO"

yazmadan gechip bolmaz

menem hemmanizin kandilinizin mubarek bolmasyny isleyan
hich güna işlemeyan adam yokdur dünyade onun dıleg doga
edıp günalerimizin bagyşlanmasyny islalin Alla Tagaladan
ve in esasy zat dost,dogan,ene,ata ve garyndaşlaryda
unutmaly.saglykda görüşelin