Agzibirlik ya-da Yewropa Birleshigi

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Bir hepde bari Yewropa birleshigi(YB) barada pikirlenip yorun. Tuweleme 27 dowlet bolup agzibirje bir chukura tuykurip yashaship yorler. Muncha zatda nadip ylalashyga barypdyrlar. Sistemany oturdyplar, beyleki dowletlere yrsaran bolup yorler. Bir puly, bir wizany, bir gumrugi, bir maglumatlar gory(Database) we sh. m. kabul edipdirler. Bu gaty kyn mesele, gonshy dowledine sen gechirsen men hem razy gezibersin diyen yali bir zat. Sen wiza bermage layik goryan bolsan men hem razi diyen yali bir zat. Gunbatar yewropa gaty dogrycyl, emma Gundogar yewropa edil olar yali dal. Gunbatar yewropada bir zady galdyrsan gunortandan son gelsen hem shol yerde dur (Tejribe edemson aydyarin), emma gundogar yewropada geyip baryan jalbaryny ogurlajak bolup durlar. Shonda-da dowletler agzybirje bir-birine ynanyarlar. Seredip otursam YB indi ymykly ornashyp baryar. Shu durkuny saklajak yali(Gundogar yewropany hem yola salarlarda).

Menin esasy aytjak zadim oz dowletimiz bir birleshik guryp bilermika?! Birleshige Gazagystan girip biler, Emma Eyran eyyam uly problema. Narko trafigin merkezlerini biri bolan dowlet bilen birleship serhedini ashsan yurdyny yel bilen yegsan ederler. Ozbekler bilen Tajikler hem shona menzeshirak. Edil 27 dowlet bolmasa hem 5-10 dowlet bilen gowy birleshik gurayan yagdayinda nahili bolup biler?!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • Harezmi 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Soyuzymyz bar, güyjimiz yok!

SNG yali bir soyuz barka taze bir soyuz guramak zerur dalmika diyan.
Bize we galan agzalara SNG-ny güyçlendirmek galyar.

Hazirki wagt SNG-nyn barlygy yoklygy bir yaly görünyar, siyasy ahmiyeti, agraslygy yok.
Mysal üçin; Eyrana yrsarayan Amerika (Eyran meselesinde) SNG bilen dialoga geçmek yerine gönimen Russiya(SNG agzasy) bilen maslahatlaşyar. Galan SNG yurtlary yok hasabynda görülyar.

Mençe barde asyl mesele; taze soyuz dal-de, SNG-nyn güyjinin artdyrylmagy bolmaly. İn azyndan wagt tygşytlanar, taze bir birlik guralyança in az 5-6 yil gider.

SNG Aziya agraslygyny goymagy başaraysa Aziya bizden soralar, sözümiz geçer. Her aşdan nesibimizi alarys,towugymyza tok diyen bolmaz:))

Bir birligin sanam möhüm dal; 5-7-27... tapawudy yok. Asyl mesele düşünişmegi başarmakda.

put on a happy face:))

SNG bimany bir zat bolup

SNG bimany bir zat bolup galdy, ony ÝB ýaly etjek bolsa, üýtgedip täzeden gurmaly, olam aňsat däl.
Asyl başga prinsipleriň içinde gurulsa has oňat bolar bileleşik. Özem bizden ekonomiki has güýçli ýurtlar bolsa gaty gowy, bizi süýrär ýaly, käbir zatlary biz olardan alar ýaly.
Gazagystan, Türkiýe ýaly ýurtlar gowy. Orsýet bilen gurmak kyn, sebäbi aradaky tapawut uly, dominant bolar.
Beý diýsem, ÝBde hem 2 sany dominant döwlet barlaý, Germaniýa bilen Fransiýa
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Yalnyşmasam...

Yalnyşmasam diyjek bolyanyn SNG-nyn özüni tazelemeginden ybarat.
Gaty dogry...

Emma soyuz guramak üçin dine güyçli,kemçiliksiz döwlet gözlense, soyuz guramak nesip etmez. Sebabi soyuz guryan döwletlerin hökman bir kemçiligi bardyr ya-da başga bir yurt(lar)dan çekinyandirler.

Mysal Türkiye. Garyp döwlet. Ekonomikasy dünya çapynda güyçli dal, emma öz synpyndaky döwletlerin arasynda gowy. İn azyndan Russiya yali bay döwlete enflasiya dersi berer yali tejribeli.

Yene-de şol bir Türkiye synp geçmek üçin Yewrosoyuza girmage dyrjaşyar.

Gazagystany agzap hem oturmaly dal, bizden yeke tapawydy dünya açylmagy.

Türkmenistan bolsa SNG yurtlaryny arasynda gaz rezerwinde Russiyadan son 2. yerde, dünyade 5.yerde(4 diyan hem bar). Yagny bay döwlet.
Bizin yeketak yetmezimiz tejribe. Bu-da dominant döwletlere yük bolmak manysyna gelmeyar. Biz olaryn tejribesinden peydalanarys, olaram yeri gelende bizden.

Mysallary köpeldip otyrmaly... Köpeltdikçe-de netije şol önki; her döwletin yetmezi bar. Üytgemeyar.

Soyuz bir harmana menzeyar, her agza özüne geregini harmanyn içinden gözleyar.

put on a happy face:))

YB

Bayram wrote:

Beý diýsem, ÝBde hem 2 sany dominant döwlet barlaý, Germaniýa bilen Fransiýa

Bayramyn aydyany dogry, YB'nyn in esasy 2 aktyory Germaniya bilen Fransiya.
Muna in gowy mysal yakynda bolan waka. Bilshiniz yaly YB'ny Prezidentini sayladylar. Muny 27 dowlet oz arasynda ylalashyk bilen saylayarlar. Yone, elbetde onincha Germaniya bilen Fransiya ylalashdylar (Belgiyanyn PM) we son beylekileri razy edyaler.

Aslynda, ykdysady we shm tarapdan seretsen Britaniya(UK) hem bularyn arasyna girmeli yaly,
yone beyle dal. UK YB'ny guran 6 dowledin arasynda yokdy.
Fransuzlar(has takygy De Gaulle) kop garsy cykypdyrlar, UK almalyn,hem zady bulasdyrar shular diyip :)
Son alyarlar elbetde. Yone UK YB icinde bolsa hem eurony ulananok, schengene agza dal.
UK kabirleri tarapyndan YB'nin icinde Amerikanyn 'troy'yna menzedilyar.
Yany YB prezidenti sayladylar diydima, shonda YB nin dasary ishler ministrinin hem sayladylar.
Onda hem UK i razy etmek ucin bu wezipani olara beripdirler :)

agzybirlik gerek

Bizin yurdumuz yada orta azia yurtlari heniz gaty garip ve ykdysady taydan yaman pes. Hatda gecenlerde Amerikanin NBCA habarlar gullugy Turkmenistan in izdan 35, Ozbekler 36, Gyrgyzlar 70lerde ve Gazaklar 80 lerde. Bu analiz hemme zady ayan edyar. Hacanda yurdun ekonomikasi gowulasip osup ugrar ona sonda sen bir bilelesik hakinda proyekt cizmaga baslarsin. Biz heniz gardas yurtlar bn birlesmani goy ozumiz yurdun icinde bileleselin onson beyleki zatlanda izi geler.Yenede bir zady yatdan cikarmalin EU 1946-7 den bari birlesmegin arzuwindadi ve indi indiler ornasdy. Olar hernace biri-birilerini halamasada bizlere garsi gezek gelende yaman agzybir hereket edyarler ona son ucinem olar osen yurtlar. Belki sen gowy bir tejribe yasan bolup bilersin yagny galdyran zadin sol yerde duran bolup biler emma icinde yasasan hicde beyle dal. Men ozum Angliyada 8 yildan bari yasayan ve iki gun mundan ozal telefonda gurlesip otyrkam elimden telefoni alip gacdi bir garan biri. Muna name diyjek. Dogry ol yalnis adam bn oyun oynadi izindan yetip tutulanson turkmenlerden turkmen tayagini nesip etdi yolun ortarasinda. Sen galdirn zadin barada aytsam eger bir sumka yada bir paket ya bolmasa basga bir zat galdiraninda olar derrew ellemez sebabi olar ol yerde yatan zada suspicious eye( erbet pikirler bn seredyan goz) bn seredyarler.Shol sebaplem elleman bolup bilerler. Biz oz yurdumuzda acik bolan bosluklari doldurip bilsek ilimli-bilimli adamlar yetisdirip bilsek onson yasayisimiz gowulasaram. Suni aytmakda gerek gardas yurtlarin adamlarinidi soymegimiz, silamagimiz gerek onson bizler agzybir asuda yasaris.

Yewropa Bileleshigi men hem

Yewropa Bileleshigi'ne men hem edil awtor yaly hayran galyan dogrusy. Gaty gowy sistema gurupdyrlar.
Bilyaniza Yewropa taryh boyuncha oz aralarynda gaty kop urshupdurlar. 1-nji we 2-nji Jahan urushlary esasy shu Yewropalylaryn oz arasynda. YB gurulmagynyn esasy maksady hem "biz oz aramyzda bileleshik gursak, urush zat bolmaz we agzybir bolarys" pikiri. Bashda 6 dowlet bardy, shu wagt 27 dowlet bolupdyr.
Osen Yewropa dowletleri bir-birlerini goldap gelyarler. Bu bir manyda Hristiyan dowletlerinin bir-birine komek etmegi diysem hem bolyar. Sebabi, Yewropa taryh boyuncha din sebapli hem kop urshupdur.
Yewropa bu dereje Hristiyan bileleshigini taryh boyuncha goren daldir oydyan...

Germaniya bilen Fransiya oz

Germaniya bilen Fransiya oz aralarynda kop urshupdurlar.
1-Jahan Urshy
Bilsiniz yaly bu urushun esasy boleklerinden biri Germaniya-Fransiya frontunda gecyar. her iki tarapdanam
gaty kop adam olyar.

2-Jahan Urshy
Munda kan Fransuz olen daldir, sebabli Nemesler ansatlyk bilen Fransiyany alyarlar. Yone yenede urush bolyar.

bu 2 jahan urshundan onincha Napolyon we shm birtopar urshunan ikisi.

Dunya seredeninde Fransuz

Dunya seredeninde Fransuz dili Nemes diline gora has kop adam tarapyndan geplenilyar.
Munyn esasy sebabi hem Fransiya Afrikanyn takmynan yarysy diyen yaly golastynda tutdy belli wagtlap.
Germaniyanyn bolsa, koloniyasy yok diyen yaly.

[Nemes'lerin 1 Jahan urshuny turuzmaklarynyn esasy sebabi hem shul. Olar imperiyalaryny gic gurdular we guranlaryna eyyam herkim(Britaniya, Fransiya, Amerika, Ispaniya, Osmanly we shm) aljak yerini alypdyr. Germaniay gat guyclidi we shona garamazdan ellerine hic zat yok, eyyam hemme yer alynypdyr. Shona gaty gahary gelyan ekenler. 2 Jahan urshunun baslamagy, onson Nemeslerin 1-Jahan urshunda beyleki dowletlerin olara yenilenleri ucin gaty agyr shertler goymagy(gaty kop pul tolemek yaly)]

Yone Fransuz dilini we Nemes dilini dine Yewropa dowletlerinde yarysdyrsak onda Nemesce one gecaymese.
Sebabi Awstriya we Sweysariya(60%) hem gurleyar. Ondan son Awstriya-Wengriya imperiyasyndan icinde bolan birtopar Slaw dowletde(Chehiya, Slowakiya, Sloweniya, Wengriya, Horwatiya we shm) we kop wagtlap Germaniya(Prussia) golastynda bolan Polshada Nemes dili ene dili bolmasa hem Fransuzda gore has kop adam tarapyndan bilinyandir oydyan. Shol sebapli, yany yakynda Gundogar Yewropadan birtopar dowledin YB girmegi esasan Fransiyanyn dalde Germaniyanyn peydasyna...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"