Uslybyň ähmiýeti barada

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Ýene diplomadyň açan bloglaryndaky bolan gyzgalaňly jedelleri ýada salyp, soňam Monte-Kristo-nyň açan blogyny, aýratynam, poahf atly agzamyzyň ýazan altyndan gymmatly ýazgysyny okap, şu blogy açaýyn diýen pikir aklyma geldi we açdym :)

Ilki bn dini mowzuklarda iki üýtgeşik diniň agzalary arasyndaky ýazgylaryň hörpiniň nähili bolmalydygy barada poahf-yň ýazgysyny bärigem goýmak isleýärin:

poahf wrote:

Yigitler bir şahsa garşy front açmak (beterem dini meselelerde) ya-da garşyndaka tankyd bilen birzatlar ündemek her iki tarapynam hayrina bolmaz öytyan.

Gaytam birzatlar öwredeyin diyip durkak tersine şol şahsy özümizden we arka çykyan meselamizden sowadarys.
Üstesine, eger sowadan meselamiz din bolsa ha onda hasabyny bermek kynrak bolaymasa.

Şol sebapli bir meselede agzymyzdan çykyanlar her na dereje dogry bolsa hem, söhbetdeşimize front açmak, tankyt bilen çemeleşmek ya-da seninki yalnyş diyip söze başlamak hiçkime hayir getirmez.

İsleyanimiz onat netije bolsa söhbetdeşimizi bolşy yali kabul etmek, düşünjelerini hormat goymak, dinlemani başarmak we özümizinkinem seresaplylyk bilen nygtamak has yerlikli.
İn azyndan düşünişmesek hem birbirimize sylagymyz galar.

Blogyň mowzugy boýunça-da peýdaly bir rowaýaty goýmakçy:

Bir wagtlar bir ülkäniň padyşasy düýş görüpdir. Düýşünde dişleriniň birinden başga ählisiniň düşenini görüpdir. Şol ýekeje dişiniň hem özüdigine göz ýetiripdir. Ýorgudy üçin bir alymy çagyrdypdyr. Ol alym padyşaha:"Siziň ähli dogan-garyndaşlaryňyz wepat eder, bir siz galarsyňyz!" diýipdir. Padyşa muňa gaharlanyp, ol alymy öldürdipdir. Başga bir alymy ýorgut üçin çagyrdypdyr. Beýleki alym bolsa:"Siz ähli dogan-garyndaşlaryňyzyň içinde iň uzak wagtlap ýaşany bolarsyňyz!" diýipdir. Begenen padyşa ol alyma serpaý berip, yzyna iberipdir.

Ynha, görşüňiz ýaly, her bir işde, meselem, işde, okuwda, özüňi alyp baryşyňda, maşgala dolandyrmakda we ş.m. oňat uslybyň (metod, usul) ähmiýeti ýüze çykýar.

Bu babatda siziň pikirleriňiz nähili?!
Haýsydyr bir işde işleýän, okuwda okaýan bolsaňyz, yzarlaýan uslybyňyz barmy?!

Garaz, uslyp barada sizem bilýänleriňizi şu ýerde paýlaşaýsaňyz!

Sag boluň!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Dogry uslybyn in ahmiyetli

Dogry uslybyn in ahmiyetli zady garşyndaka "HORMAT" goymakdyr.

Hormat goymagyn nyşanasyda, garşyndakyny sabyr edip "DINLEMEK"dir.

Dinlemegin nyşanasy, garşyndaky adama "DÜŞÜNMEK"dir, name diyjek bolyanyny anlamakdyr.

Bu her iki tarap üçinem gerekli zatlardyr.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Atamyrat aga, men hamala

Atamyrat aga, men hamala kadasyz, uslypsyz ýazýanym ýaly etdiňä beýleki temada :) Men näçe random, azat, erkin ýazsamam, belli bir prinsipleriň içinde.
Bolýa, özümi aklamakçy däl. Ýöne ýazanlaryňa goşulýan, usyl we uslyp wajyp!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

men basnyadaky (fabl)

men basnyadaky (fabl) tilkilere hayran galyan. kicikak goryadik bir multfilmde tilki garga seredip "sayra, sayra; senin nahili owadan guyrygyn bar diyyami :)"

sonam yene birinde yolbars tokaydaky bar haywanlary cagyryp yatyan yerinden nahili ys gelyandigini sorayarmys. haywanlaryn bary erbet, hapa ys gelyandigini aydypdyr. bulary yolbars aga iyipdir. gezek tilka yetende "men gripledim, yolbars aga bir cemce ganymy gecin men ys alys ukymy yitirdim diyipdir we yolbars aganyn ganly penjesinden sypypdyr. ine uslyp

bu blog poslap ýatan ekeni,

bu blog poslap ýatan ekeni, özüm bir zatlar çyrşaýyn :)

Aslynda, mende-de bolan ýagdaý we käbir türkmen oglandyr gyzlarymyzda hem bardyr şu ýagdaý, ýagny, şu ýagdaý boýunça bir sorag sorasak:

Quote:

" ...ınha biz musluman. yöne menin tanayan klasdashlarım bar ya budist yada hristiyan yada hiç hili dine ınananoklar. diyjek bolyan zadım meselem şoların sapakları tüveleme hemmelenkiden ugruna, bolmasa öldürüp baryan kitap hem okanoklar. şondada bölüm birinci falan. dine derslerde dal. başga işlerdede hemme zatları ugruna. a biz bolsa okasagam geçip bilmani yörüs. men olara aslışjak bolamok yöne düşünmeyan zadım olar hudaya ınananok yöne huday oların hemme zatlarını ugruna edya. bilyan bizin hudayı soraga çekmane hakımız yok. yöne men düşünemok olarınkı nadip beyle bolup bilyanine. men bu mısalları 1 ya 2 kişide görmedim köp kişide görenligim üçin sorayan..."

Indi, şu meseläňem öz usullary bar. Bu barada aşakda Baýram, Mergen we öz ýazan ýazgylarymdan, hem-de başga-da agzalaryň ýazgylaryndan peýdalynyp, kä zatlary ýazmakçy.

Sizem bu babatda bilýänjeleriňizi paýlaşaýsaňyz!

sag boluň!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hazir ogretmek uçin tär

hazir ogretmek uçin tär tapdym, goyayin, men soň asyl degişli tärleri ýazaryn:

Bayramyn hem aydyshy yaly:

1-Hemishe owretjek zadyny ilki ozun ymykly owren, gadigi bolmasyn mowzugyn;
2-Bu babatda ozune berk ynamyn bolsun;
3-Owreden mahalyn shadiyan bol, yilgyr, yuzuni asyp yorme, okuwcylaryn yadan bolsa, onda olara bir degishme ayt ya-da lisedir uni-de bolan gyzykly wakalaryndan birini, elbetde, muny sen oran onat bilersin, sebabi, synpda gezip yorkan, namanin namedigi sana oran aydyn yagdayda ashgar bolar. Degishmeler kop bolsa 3-5 min bolar, son yene gerek wagty yene birini aydarsyn, munyn ucinem, sende degishmeler kitaby ya hazynasy bolmaly:)
4-adalatly bolmak, bahada we talyplara umumy yagdayda ozuni alyp barma, ikicak munyn dashynda, sebabi, ayrymcylyk edyarsin diyerler, gowy bolmaz, tasiri hem erbet bolar;
5-Kynlashdyrma, ansatlashdyr, gorkuzma, bushdula!
6-Talyplara hayir tarapdan hemishe goldaw ber, sherli taraplarynda sawlikleri ymyklyja dushundir.
7-Talyplaryn ene-atasy bn tanysh, cagalary barada pikir alysh, eger hakyky pedagog(hem terbiyeci, hem-de mugallym) boljak bolsan!
8-Seni goldajak talyplara eye bol, olaryn hem beylekilere hemme taraplayin onat gorelde bolmaklary ucin gayrat et!
9-TC-de gonshy-golamlaryn cagalary we liseyli talyplara shu wagt name edyan bolsan, gazanan tejriban bn hem mekdepde ulanyp bilersin, uni-de 3 we 4-nji kursa/synpa gelenizde, dowlet mekdeplerine staj ucin ibererler, sen hazirden hususy mekdepdir dersanelere gidip, talim we tejribe gazanyp bilersin!

we sh.m.

Halit Ertugrul hem mekdepde, hem-de uni-de mugallym bolup nace yil ishlan bolmaly, onun gazanan tejribesi her adamda bolman biler. Garaz, ony we tejribelerini kiceltmek gowy dal, gowniyetmezcilik etmek hem! Gerekli tejribeleri alynyp biler, kabirlerini bolsa dowrebap uytgedip, yone dowmage gerek yok menin pikirimce!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

sapak öwrenmegiň we çalyşmagyň oňat tärleri:

aşakdaky linkde gişişleýin bar bolmaly:
1- http://tmolympiad.org/?q=node/2290

Linkden Baýrama degişli gysgaça bir ýazgy goýsak:

Şu wagtlykça bilýän iň uly gowy tarapyny ýazaýyn. Ylmy barlaglar(nähili ylmy barlag bilemok) görkezýär, bir gezek okan adamyň öwrenmek effektiwligi pes bolýar. Gaýtadan okan, diňlän we göreniňki beýigräk bolýar. Ýöne şu effektiwlik näçe jan etseňem 60%i geçenok. Şu wagt sanlar doly ýadymda däl, ýöne bir "Blooms Taxonomy" diýen kitapda bardy, bize gelenimizde gürrüň berdiler. Garaz şol barlaglara görä, iň effektiw öwrenmek usuly - OKATMAKDYR, ýagny mugallymçylyk. Mugallymçylyk etseň, öwrenmek effektiwliligi 90% bolýa.
Sizem özüňiz uniwersitetde okaýaňyz we şuny barlap bilýäňiz. Bir dostuňyza bir zady öwretjek, düşündirjek boluň, bir hili ýagdaý başgaça bolýandyr. Men şunyň praktikada dogrulygyna göz ýetirdim(90% diýen sanyň nä dereje dogrylygyny aýdyp biljek däl ýöne).
Netije==> öwrenmek üçin... ÖWREDIŇ!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ýene-de

Aslynda, ýokardaky goýan soragymyň birnäçe zat bn baglanşygy bar, meselem"

1- Kysmat;
2- Öwrenmek;
3- Dileg we ş.m.

Bu babatda men ýekän-ýekän ýazgylary goýaýyn, enşallah, peýdaly bolar. Bolmasa-da, bärik sorag we teklipleriňizi, pikir we maglumatlaryňyzy goýup bilersiňiz.

Bu babatda manlayly yeri Kysmat atly bloga goyup, sapakly yerine geleyin, aslynda, hic zat yazmaly hem dal welin, lakgyldap galmasam, bir yerim kem yaly bolyar:) Garaz, bally(Ebu Hanypa<=>çaga) mesele bolyar, yene-de yazmakcy, ensalla, peydasy bolar!

1- Baýramdan:

"Sen bir işi nähili başlasaň, şeýle hem dowam edýäň. Okuwy gowy okap başlasaň, gaz özüňde bolup gowy okap dowam edýäň. Erbet başlasaň, gowulaşdyrmak gaty kyn düşýä.
Meniň özüm Orsýede baramda bir erbet başladym, şondan soň sapaklara hijem üns bermedim. Bärde gelip ýene üns berip başladym welin, indi gowy başlanymdan bäri, erbet baha almak gaty kyn düşýä..."

2- Tagandan:

"Mena şular yaly problemalary adamyn özünden göryan. Özümden mysal getirjek bolsam: bir yigrenyan sapagym bar, şol sapagyn ekzamenlerine yaman köp tayinlanyan(beyleki sapaklara göra :D) yöne gowy baha alyp bilemok. Sapagy yigrenemson islegsiz okayan, geçmek üçin. Olam bolanok :D.. Onson şeydip sapagy tazeden alyp yörüs.. :((

Agşamam ekzamen bar himiyadan, görers-da, prof-yn ynsabyna bagly, geçirer diyip umyt edyan öza :D

Birem senin haysy talyp toparyna, sapaklary geçsem kayil diyyanlerdenmi ya hökman 100 almaly diyyanlerdenmi, degişlidigini bilmamson kan bir zat diyip biljek dal.

Bizde öran gowy söz bar, "DD olsun, benim olsun" (DD in pes, geçilyan bal). Şol şygar(slogan) bilen okap yörüs :D..."

3- menden:

"a-) Bayramyn aydanyna goshulyaryn, sen, hakykatdanam, pes baha alyarmyn, ya 80 yaly bahany hem pes gorup sheyle diyyarmin!?

b-) Eger, hakykatdanam, pes bahalar alyan bolsan, sizin okayan yerinizde oran okde talyplar(gyz-oglan) bar diyip eshitdim, anha, sholar bn bile calyshmak we gayrat etmek, elbetde, sana oran peydaly bolar!

ç-) bu babatda dine calyshmak hem kamahal yetman bilyar, 3 yagdayda dileg bolmaly, umuman, sholaryn ilkinji ikisini hem yerine yetirip gormeli!

d-) shol sapagyn mugallymynyn sana ayratyn gahardyr dushmanlygynyn yoklugyny bilip, shona gora-de careler alynyp barylmaly!

Hazirlikce shular kellame gelenler, ensalla, has tasirli we peydaly maslahatlar yazarlar agzalar, yokarda yazyshlary yaly!

Size okuwynyzda we ahli ekzamenlerinizde(synaglar) yokary baha aldyrmagyny Biribardan dilemek bn!"

Has giňişleýin maglumaty Jumaýewanyň açan blogyndan okap bilersiňiz!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ýokardaky mesele boýunça,

ýokardaky mesele boýunça, mugallymlaryň hem käbir ýagdaýlary bar, meselem:

1- diňe öz usullary bar, şondan çykany tekiz kabul edenoklar ýa ýarym kabul edýänler we ş.m.;
2- käbir mugallymlar käbir ideologiki ýa başga milletden we ş.m. talyplary ýigrenýäler we şoňa görä baha berýäler;
3- Käbirleri gysga we dogry jogap däl-de, dogra ýakynam bolsa, has uzyn jogaplar isleýäler, ýa tersi we ş.m.

Ýene-de kä sebäpleri sanasa bolar. Bu babatda Baýramyň we Mergeniň açan ýörite bloglary bar, belkem, peýdasy deger, ynha, olar:

1- http://tmolympiad.org/?q=node/2586
2- http://www.tmolympiad.org/?q=node/774

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Dileg etme usuly:

Ýokardaky soragyň kysmat taýdan ýagdaýyny kysmat linki diýip belläp geçipdim.
Dileg taýdanam link beripdim, ýöne bärik ony hem mowzuga degişli bolany üçin gysga bir ýazgy goýmakçy. Ynha:

Dilegleri umumy yagdayda 3-e bolse bolar:

1-Hal bilen: Ynsanyn dash-keshbi, gornushi, aclygy, we sh.m. hallary bn onun dileg edyani bes-belli bolar, meselem, kocelerde ac-suwsuz we sal-sal eshiklerde oturan "dilen(g)ci"ler;

2-Ish bilen: Ynsan, oz gayratlary bn her durli ishleri amal edip oz ryzkyny agtaryan bolsa, muna "Ish bn Biribardan dileg etmek!" diyler, meselem, bir talyp ekzameni ucin hepdelap calyshsa we hemme mowzuklary suw icen yaly bilse, eden ish we gayratlary bn dileg edyar diymek bolyar;

3-Dil bilen: Ynsan kabir(hemme) zatlar barada dili bn Biribardan dileg edyan bolsa, bu gornushe-de "dil bn dileg etme" hokmunde kabul edilyar, meselem, yokardaky ish bn dileginin dashyndan dili bn hem Biribardan ozuni basharnykly etmegini, okan yerlerini pugta belletmegini we unutdurmazlygyny, ekzamen wagtynda zehin acyklygyny we sh.m. dileyan talyplar muna mysal bolup biler.

Elbetde, adaty ynsanlar yokardaky 1-nji maddadaky yagdaya dushmeli dal, 2 we 3-nji maddalry bilelikde ulanmaly diylip maslahat berilyar! Dine 2-nji maddany edenler hem, umumy yagdayda basharnykly bolar, sebabi, bu dunya "Sebapler Dunyasi". In amatlysy welin 2 we 3 - bu ikisi birlikde bolsa gowy!

Yene-de 1 zat, hemme dileglerin bashynda Biribara hamd(shukur), yzyndan Habibine(onun soyguli bendesi Hz.Muhammed(SAV)) salawat we yzyndan islenen dileg, yene-de Pygambere salawat we in sonundan Biribara hamd(shukur) bn gutarmak, dileglerin in onat we kop yagdayda kabul bolmagyna sebap bolar (hadyslarda sheyle gecyar)

PS: Gowy dilegler we dileg barada has giňişleýin maglumat üçin, aşakdaky linke basyň:

http://www.tmolympiad.org/?q=node/1102

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

sebäpleri ulanma usuly:

Ýokarda "sebäpler dünýäsi" atl link goýupdym. Ilki şondan 1 wakany goýmakçy"

"Bir dindar adam bn 1 ateist(ynancsyz) alym ozara dushunizshmezlige, netijesinde bolsa jedele giryaler. Mesele bolsa, yanyp duran odyn ynsana tasiri barada. Dindar adam ateiste:
-Shol ot menin elimi yakmaz - diyyar, ateist bolsa:
-Odyn duzumine we ynsanyn gurlushyna seretsek ot ynsan elini yakar - diyyar. Oz aydanynyn "praktika" taydan dogrulygyny subut etmek islan dindar ybadat edip, Alla towekgellik edip "Ya Alla!" diyip elini yanyp duran odun ustunde tutmaga bashlayar. Ol az salymdan gygyryp elini cekmeli bolyar. Ateist bolsa ony yenenligine buysanyp:
-Gordunmi, men diyenim dogry cykandyr, indi bolsa, men sana shol odun menin elimi yakmajagyny gorkezeyin - diyyar we hakykatdanam elini yanan odun ustunde nace minutlap saklayar. Muna dindar adam sheyle gen galyar. Munyn sebabini soranda ateist alym ona owredyar. Garaz shol alym, eldeligini goz bn saygaryp bolmajak we oda garshy oran cydamly naylon ellik yasap, ony geyip arkayin odun ustunde elini tutan eken. Sheylelik bn bu dunyanin kada-kanunlarynyn sebaplerden ybaratdygyny gorkezipdir!"

Aşakda bu babatda azyrak pikirimi ýazmakçy.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Quote: "...şu hudaya

Quote:

"...şu hudaya ınanmayanların nadip işlerinin ugruna bolyanlıgıdı. yagnı olar ınananoklar yöne olarınkı nadip ugruna bolyar? islegleri kabul edilya. men şona düşünemok..."

Ýokardaky goýlan hekaýa, şu soragyň iň gowy jogabymyka diýýän, aslynda.

Onuň daşyndan kä zatlary hem aýtmak wajyp bu babatda, gysgaça:

1- Men unidekäm, türk gyz-oglanlar ekzamenlerden öň gelip:"Men hiç zat çalşyp bilmedim, ýandym, bitdim,.." we ş.m. diýýärdi. Bizem güpbe ynanýardyk "...biz ýalylar bar ekeni.." diýip begenşen bolup. Netijeler belli bolanda, şony diýenleriň 90-100 töwerekleri baha alýanlaryny görüp, ýalan aýdýandyklaryna we "urup aglaýandyklaryna" göz ýetiripdik.

Diýmek, okamaýan ýaly görnüp biler, ýöne hökmany ýagdaýda örän oňat edip okap, çalyşýan bolmaly olar pikirimçe.

2- Käbir talyplar bar, dogluşda olarda ukyp bar düşünmek taýdan. Sapakda gowy edip diňleýäler, synaglardan öňem gysgaça göz aýlaýalar, şulr olar üçin ýokary baha almaklaryna ýetip bilýär, ýöne beýle ynsanlaryň sany az bolmaly, pikirimçe.
Käbir ynsanlar bolsa, köp okap, öwrenäýmese, şeýle bir başarnykly bolman bilýär. Munyň üçin kä usullary synap görmeli, bu babatda bolsa, ýokarda käbir maslahatlar bar!

3- Indi, asyl soraga gelsek: Belki, şol ýokary baha alýanlar ukyply we okap ýörenem däl, ýöne başarnykly bolýarlar diýsek - elbetde, men muňa ynanamok - bu Allah tarapynmyka?!

Ýokardaky sebäpler we ony ulanmak bn baglanşykdaky waka boýunça ýok. Sebäbi, bu dünýä sebäpler we synaglar älemi. Sebäpleri gowy ulanyp bilmeseň, bärde sözüň doly manysy bn başarnykly bolmak örän kyn! Bärde Allaha ynanyp-ynanmazlyk möhüm däl munyň üçin! Allah bu dünýäde bir zady isläp, şony yhlas bn amal etmäge dyrjaşýan ähli ynsanlara islän zadyny berip bilýär - bu Onuň Rahman adynyň hikmeti/manysy boýunça şeýle.

Bu babatda dini bir sorag soralýar:"...Näme üçin musulmanlar hak dinde bolsalaram, şu asryň ynanmaýan kapyrlaryna köp zat boýunça ýeňilýärler?!..." Şu soraga jogap hökmünde şeýle diýilýär:

"...Şol musulmanlar kapyr sypatlary bn, şol kapyrlar hem musulman sypatlary bn ýaşansoňlar ýagdaý şeýle. Ýagny, ýeňilen musulman we ýeňen kapyrlar bolman, ýeňen "musulman sypatlary", ýeňilen bolsa "kapyr sypatlary" bolýar...."

Garaz, kapyr sypatly musulmanyň, musulman sypatly kapyra ýeňilmegi adaty bolýar. Sebäbi, bu äälem sebäplere görä ýaradylan we şol sebäplere dogry we doly eýerilmedik ýagdaýda, başarnykly bolmak hem örän kyn bolýar!

PS: Bilemok, bu ýazgy/jogap kanagatlandyrarmy ýa ýok - ýöne mundan has gowy düşündirjek agzalaryň goldawlaryna garaşýaryn! Meň bar bolup bilşim şu bu babatda :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

şu ýazgy ýazmada-da uslyp

şu ýazgy ýazmada-da uslyp wajyp, aýratynam, jedellilerinde. Ýogsam, Kemal agaň goýan suratyna meňzäp gitjek bolýar kämähal, hernäçe ýazgyda doly belli bolmasa-da.

Mende-de köp kişidebolşy ýaly, äheňimi we hörpüni garşydakyň äheňine we hörpüne görä üýtgetme ädähedim bar. Meselem, sesimi sesine görä çasly çykarma ýa-da gygyrma we ş.m.

Kyn ýagdaý, elbetde!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"