"Diplomat"a Sorag ???

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Sorag: YSLAM DINININ KEMÇILIGI NAME?

Hormatly DIPLOMAT;

Sen barde bize hristianlyk barada yazyan, Injilden ayatlar goyyan, bir zatlar öwretjek bolup der dökyan, minnetdar.

YÖNE sen bilmeli bir zadyn bar, hakyky Musulman adam hiçhaçan Hristian (yada başga) dinini kabul etmeyar!

SEBABI:

1- Musulmanlar edil Hristian we Iudeylerin ynanyan Hudayyna ynanyarlar;

2- Musulmanlar Hristian we Iudeylerin kabul edyan Pygamberlerine (Adam, Ibrahim, Yusup, Süleyman, Dawut, Musa, Isa ...) ynanyar we bularyn barysyny dogrulayan Muhammet Pygambere ynanyarlar;

3- Musulmanlar Töwrat we Injilde buyrulan ahlaky kada kanunlaryn barysyny berjay edyar.

Musulmanlygyn Iudeylik we hristianlykdan hiçbir kemçiligi yok, gaytam tersine has taze, tamiz we yaş bir din.

Haysy akylly we hakyky Musulman adam, bulary bilip başga dini saylar? Haysy akylly we hakyky Hristian/Iudey bulary bilip Musulmanlary öz dinine çagyrar?

Islam dininin Hristianlyk yada Iudeylige göra kemçiligi bar diyyan bolsan bize de ayt, bizem bileli.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Hmmm,hany diplomat

Hmmm,hany diplomat bolmasamda oz pikirlerimi aydayin.
1-dogry,aytjak zadym yok.

2-"barysyny dogrulayan"-yeri tartyshylyp bilinyar,sebabi bu kitapdan kitaba gora uytgeyar.Sana gora dogry ona gora yalnysh.

3-edil barysy dal oydyan.

Quote:

Musulmanlygyn Iudeylik we hristianlykdan hiçbir kemçiligi yok, gaytam tersine has taze, tamiz we yaş bir din.

din name wagtyn gechmegi bilen hapalanyan zatmy?bir dinde has kop kada-kanun bolsa shol din has gowy din diymekmi?

Quote:

Haysy akylly we hakyky Musulman adam, bulary bilip başga dini saylar? Haysy akylly we hakyky Hristian/Iudey bulary bilip Musulmanlary öz dinine çagyrar?

Hmm,shu gepi herkimden eshidyanay.hristianlara gora her-kim hristian bolyamyshyn,musulmanlara gora her kim musulman bolyamyshyn.shu alym musulman bolupdyr,plany buddist bolupdyr etc.bosh gep menin pikirimche.islan islan dininden daner,islan dinini saylar.eger bir dininin dogrydygyny bilse shonam adamlara owretmage chalyshar,sebabi sheydip sogap gazanyar.yadyndan chykarma musulmanlaram beyleki adamlara oz dini owredyarler,olaram sizin edyan zadynyzdan uytgeshik zat edenoklar.

2-nji sozlemindaki

2-nji sozlemindaki aydyanlaryny has anyk aydyp biljekmi? ("barysyny dogrulayan"-yeri tartyshylyp bilinyar,sebabi bu kitapdan kitaba gora uytgeyar.)

Haysy kitaplarda nahilirak uytgeyar? Ya-da haysylary dogrulamayar? Subut eder yaly bir zatlar gorkezmesen bosh gurrun bolup dur.

sen 2-nji punktda yazylan

sen 2-nji punktda yazylan zada dushunyanmi? Muhammet pygamber hemme pygamberleri dogrulayarmy? Gurhana gora dogrulayar,Injile gora dogrulanok.Injilde in beyik pygamber Isa pygamber hemme zat shonda gutaryar.
ine sana gerekli subut.

indi diýjek bolýan zadyň

indi diýjek bolýan zadyň düşnikli. Onda sen entek Injiliň Hz.Muhammedi dogrulaýanyny okamansyň. Ýa-da okasaňam ýadyňdan çykypdyr. Muňa degişli materialy tapyp bärik ýazaryn. Many taýdan şeýleräk bolmaly meniň diýýän zadym :(Hz.Isa degişli bolmaly şu söz) "Men gitmeli, şeýlelikde Faraklit geler we nuruny tamamlar" Ýagny özinden soň hem bir pygamber geljegini aýdan Hz.Isa.

Yok,men name Injil

Yok,men name Injil dogrulanok diydimmi?
yokarda dykgat edip okan bolsa men "tartyshylyp biliner"-diydim.tartyshylyp bilinjegine subut gerekmi?
hana diplomat bir yil forumdaky hemme agzalar bilen tartyshyar.ine subut.

a muny kim diydi?

Gurhana gora dogrulayar,Injile gora dogrulanok.Injilde in beyik pygamber Isa pygamber hemme zat shonda gutaryar.

ha hawa,muny son

ha hawa,muny son yazdym.tartyshmak uchin,yagny tartyshylyp bilinjekdigini subut etmek uchin.Men injili doly bolmasada bilyan we tarafsyz goz bilen seretsen Injilde in beyik pygamber Isa pygamber.Injilde Isa pygamber halasger hokmunde gelyar nache pygamber onunden sho barada aydyarlar.

yazanlarinda gapma garshilik

yazanlarinda gapma garshilik bar.. Injilde hz isa; pygamber dal-de "tanry" diyilyan yali diplomadin aydanlarina ser salsan.. Onga asil pygamber diyenoklara..

hawa,yagny yone bir pygamber

hawa,yagny yone bir pygamber dalde halasgar,tanry yaly aydylyar.bu yokardaky aydyan zadymyn manysyny uytgedenok.

...

ştangistmy sen?!

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

sonpeygamber.info/ KUTSAL

sonpeygamber.info/ KUTSAL KİTAPLARDA HZ. MUHAMMED (SAV)`İN MÜJDELENMESİ bölümine seredip bilersiňiz. Isleseňiz rusça we iňlisçe hem okap bilersiňiz.

stawka goýsaň

stawka goýsaň bolýamaý?!
:D
Kim çalt, kim çeýe, kim çakgan? Hany Aýterek, Günterek!
:)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: "heheh :)"

şahsa garşy front açmak...

Yigitler bir şahsa garşy front açmak (beterem dini meselelerde) ya-da garşyndaka tankyd bilen birzatlar ündemek her iki tarapynam hayrina bolmaz öytyan.

Gaytam birzatlar öwredeyin diyip durkak tersine şol şahsy özümizden we arka çykyan meselamizden sowadarys.
Üstesine, eger sowadan meselamiz din bolsa ha onda hasabyny bermek kynrak bolaymasa.

Şol sebapli bir meselede agzymyzdan çykyanlar her na dereje dogry bolsa hem, söhbetdeşimize front açmak, tankyt bilen çemeleşmek ya-da seninki yalnyş diyip söze başlamak hiçkime hayir getirmez.

İsleyanimiz onat netije bolsa söhbetdeşimizi bolşy yali kabul etmek, düşünjelerini hormat goymak, dinlemani başarmak we özümizinkinem seresaplylyk bilen nygtamak has yerlikli.
İn azyndan düşünişmesek hem birbirimize sylagymyz galar.

put on a happy face:))

mümkin, tankyt maksady bn

mümkin, tankyt maksady bn açylan däldir bu blog, kä zatlary bildirmek üçindir welin, ýene-de bolaýýar-da düşünişmezlik - bulam adatymyka diýýärin!

Onuň daşyndan, şu ýazgyňy altyn harplar bn ýazaýmaly ekeni, berekellah! Doly hem goldaýaryn we şony amal etjek bolaryn, enşallah!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Monte_kristo ildesh! Bu

Monte_kristo ildesh! Bu mowzugy açanyňa we öz düşünjäňi ýazanyňa we minnetdarlyk bildireniňe minnetdar!

Quote:

YÖNE sen bilmeli bir zadyn bar, hakyky Musulman adam hiçhaçan Hristian (yada başga) dinini kabul etmeyar!

Ilki bilen men kimdir birini bu dinden ol dine çagyramok-da Injildäki hakykaty bilmäge çagyrýan. Ondon soň hem hakyky Musulman başga dini kabul etmez diýdiň welin, eger isleseň iň hakyky musulmanyň Isa Mesihe iman edip mesihi bolandygyna diýseň mysallar kän.

Quote:

1- Musulmanlar edil Hristian we Iudeylerin ynanyan Hudayyna ynanyarlar;

2- Musulmanlar Hristian we Iudeylerin kabul edyan Pygamberlerine (Adam, Ibrahim, Yusup, Süleyman, Dawut, Musa, Isa ...) ynanyar we bularyn barysyny dogrulayan Muhammet Pygambere ynanyarlar;

3- Musulmanlar Töwrat we Injilde buyrulan ahlaky kada kanunlaryn barysyny berjay edyar.

1.Hawa musulmanlar hristian we iudeyleriň Hudaýyn ynanýan diýýärler, emma hakykatdan ynanýarlarmyka, çünki musulmanlar şol Hudaýyň iudeýlere we hristianlara beren kitaplaryny hem ret edýärler, olar uýtgedilen diýip olary okamakdan we olardaky ýazylanlara iman getirmekden ýüz öwürýärler. Meniň öwran öwran Hudaý Öz Sözüni goraýandyr, üýtgedilmegine ýol bermez, eger Kurany gorajak diýen Hudaý şol bolsa onda Ol ÖZ ilkinji Sözüni goramazmy diýip nygtasamda, muňa garşy gelip HUdaýyň sözüniň üýtgedilendigini öňe sürýärler. Indi pikrir edip gör kim adama Hudaýyň Sözüniň üýtgändigini nygtap bizi ynandyrjak bolar? Meniň pikirimçe Hudaýa imanly muny etmez.
2. Musulmanlar ol pygamberlere ynanýan diýipde, ol pygamberleriň aýdanlaryny welin ret edýärler, mysal üçin Isa Mesih gelmek maksadyny ret edýärler, Injil ONuň halasgärdigini aýtsa, olary muny ret edýärler, göräýmäge Islam Oňa iň ýakyn din bolsada, 100 golaý erde Kuranda Isa Mesih hakynda aýdylsada, Isa Mesihe garşy göreşiji pikir ýöredip Onuň dünýä gelmeginiň maksady ret edilýär we muňa garşy ähli güýçleri bilen göreşýärler. Injil bolsa Isa Mesihe garşy görejiniň şeýtandandygyny aýdýar, Kuran hem muňa deçjal diýýär, ýagny Isa garşy göreşiji. Bu erde hem Kitaplar üýtgedilipdir diýip pygamberleriň ýazanlary kabul edilmeýär. Bulara hiç hili delil bolsa olarda ýok!
3. Köp derejede musulmanlar elbetde Töwrat we Injilde ýazylan ahlak kada kanunlary erine etirýärler, emma shol bir hatarda bu meselede hem musulmanlar Töwrady we Injili okamaýandygy uçin käbir ugurlarda tapawutly hereket edýärler. Musulmanlaryň bolsa ahlak kada kanunlary saklamaga çyny bilen çalyşýandygyna bolsa men hormat goýýaryn!

Quote:

Haysy akylly we hakyky Musulman adam, bulary bilip başga dini saylar? Haysy akylly we hakyky Hristian/Iudey bulary bilip Musulmanlary öz dinine çagyrar?

Islam dininin Hristianlyk yada Iudeylige göra kemçiligi bar diyyan bolsan bize de ayt, bizem bileli.

Muňa bolsa ýokarda aýdylan zatlara esaslansaň hakykaty bilen adam hökman bir çözgüt çykarar diýip jogap bermekçi! Hakykaty bilen adam hökman hakykaty başgalara aýtmaga çalyşar. Islam dininiň kemçiliklerini käbirini ýokarda sanap geçdim. Eger ene-de soraglaryň bar bolsa beriber!
Elbetde bu üçüsiniň bolsa köp ýagdaýlarda biri birine meňzeş erleriniň bardygy we ýakyndygy bolsa dogry, emma Islamyň hem Iudeýçiligiň hem hristiançylygyň özeni bolan Isa Mesih barada ýalňyşýandygy bolsa iň esasy aýratynlykdyr we hakykata zyýanly iň esasy zatdyr! Üns berip görseň, iudeýler hem musulmanlar hem Isa Mesihiň kimdiginde, umumy aýdanda Onuň dünýä gelmeginiň maksadynda, Kimdiginde budreýärler we Ony ret edip gelýärler! Isa Mesih bolsa şeýle diýipdi: "Ýahýa pygamber hem Mesihiň işlerini zyndanda eşidip, şägirtlerini iberdi. "Sen şol geljek Mesihmi ýa-da bizz başga birine garaşmalymy?" diýip, olara soratdy. Isa şeýle jogap berdi:"Gidiň-de, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. Körler görýärler, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýärler, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär. Men sebäpli büdremedik bagtlydyr".
Şeýtan her bir ynsanyň Isa Mesih barada büdremegini isleýär, çünki Hudaý Ony gutulyş ýoly edip ynsanlar üçin Gökden ýollapdy, bu sebäpli hem Isa Mesihiň gelmegine Hoş Habar diýilýär, emma şeýtan bilşimiz ýaly ynsanyň janynyň dowzah odundan halas bolmagynyň tarapynda däldir, bu sebäpden hem Ol bu habara garşy ähli güýjüni, ähli zady ulanýar!
Dost meniň bolsa saňa maslahatym, şeýtanyň ýalanlaryna gulak gabartma-da Injili oka we ondaky ýazylanlaryň baryna iman et we janyň gutuluşyna eýe bol! Men seni dine çagyramok-da, "Men ÝOL, HAKYKAT we ÝAŞAÝYŞDYRYN" diýen we muny subut eden Isa Mesihe bolan imana çagyrýaryn!

kop

kop yazmaga yaltanyan, shon uchin gysgaja:

Quote:

2. Musulmanlar ol pygamberlere ynanýan diýipde, ol pygamberleriň aýdanlaryny welin ret edýärler, mysal üçin Isa Mesih gelmek maksadyny ret edýärler, Injil ONuň halasgärdigini aýtsa, olary muny ret edýärler, göräýmäge Islam Oňa iň ýakyn din bolsada, 100 golaý erde Kuranda Isa Mesih hakynda aýdylsada, Isa Mesihe garşy göreşiji pikir ýöredip Onuň dünýä gelmeginiň maksady ret edilýär we muňa garşy ähli güýçleri bilen göreşýärler. Injil bolsa Isa Mesihe garşy görejiniň şeýtandandygyny aýdýar, Kuran hem muňa deçjal diýýär, ýagny Isa garşy göreşiji. Bu erde hem Kitaplar üýtgedilipdir diýip pygamberleriň ýazanlary kabul edilmeýär. Bulara hiç hili delil bolsa olarda ýok!

Kiyamat guninde on Isa Pygamberin yere injegi bara shuphe yok. Muhammet(s.a.v.) hadislerinde aydyp gechyar shony: bir hadisde Dejjal barada aydanda shol dejjaly Isa Pygamber yere inip oldurjegini we adamlary halas etjegini aydyar.

http://tmolympiad.org/?q=node

http://tmolympiad.org/?q=node/3314#comments
Diplomat ildes su yerdaki yazanlarymy okamansyn oydyan goryan welin? Bir ynanja cagyrmak , cagyrmazlyk barada berilyan haklaryn cakleri barada aydypdyk , gayrat et okada amal et!
Galybersede biz Musulmanlar entek Injildaki dalde , Kur'andaky hakykatlary owrenmage hem kop matackliklerimiz bar.
Kur'andaky hakykatlar b/n biz kanagat edyas , sony owrenmage calysyas , yone sonada gowy yetisemzok , wagt bolsa Insa'Allah injilem owreneris , bizem owrenmeli dal , bilmeli dal diyemizok , yone sen yazanyn bilen biz onkiden artyk injil b/n gyzyklanmarys , tersi hem sonun yaly , senin hiz zat yazmadygyn bilenem gyzyklanman oturmarys , okarsam bilersem , dogrysy hristyancylyk hakda okayasam , bilyasem , yone sondada bizi oz dinimiz KANAGATLANDYRYA. Saglygyn!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Gurban ildeş men seniň

Gurban ildeş men seniň ýazan komentiňi okadym, we seniň pikirleriňi ylalaşmasamda hormatlaýan! Her kimiň bu hakynda öz pikiri bolup biler.
Ýurdyň halkymyzyň bähbidi üçin peýdaly zatlaryň aladasyny edip bu taýda dürli temalarda gürrüň edilýändigi hem gowy zat. Meniň hem arzuwym we ilsegim halkymyzyň azat erkin, bereketli, agzybir we birik biregi hormatlamak we söýmek bilen ýaşamagy.
Meniň düşünişim boýunça, adamyň şol üstünliklere ýetmegi üçin ilki bilen içki dünýäsinde welin çyn üýtgeşikler ýagny ruhy gymmatlyklar kök uran bolmaly we şolar esasynda hem her birimiz özümize Hudaý tarapyndan berilen potensialy doly güýjünde dogry ýola ulanyp bilýäris. Gürrüňiň şu tarapyny alsaň onda meniň ýazýan zatlarym hem ynsana zyanly zatlar dälmikä diýýärin.
Indi, adamlary öz diniňe çagyrýarsyň diýen pikiriň barada, men adamlary dine çagyramok, munuň deregine türkmenleriň asyrlar boýy hakykaty bilmek hukugyndan peýdalanyp bilmän gelendigi we giç bolsada peýdalanmak mümkinçiliginiň az bolsada käbir derejede açylandygy üçin islamyň Injil baradaky hakykaty ýoýup diňe öz düşündirişlerini aýdyp gelendiginiň tersine, Injil hakynda hakyky taryhy halka etirmek üçin men şeýle edýärin. Haýsy tarapyň dogry ýada nädogrydygyny ildeşlerimiziň özi çözer. Kimdir biri muny ýada ony dogry hasaplar, bu bolsa her bir ynsanyň iki tarapyda öwrenip çözgüt çözmeli hukugydyr. Islamyň bolsa Türkmenistana we biziň töweregimizdäki ýurtlara nähili ýaýrandygy köplere bellidir we gynansakda, şu günlerde hem bolşy ýaly, islam erkin pikiriň ýaýramagyna we ylaýtada Injil hakynda hakyky taryhyň türkmenleriň arasynda aýdylmagyna ýol açmandyrlar, bu sebäpden hem biziň halkymyz Isa Mesih hakynda dogry hakykaty bilmek hukugyndan mahrum bolupdyrlar. Bilşiň ýaly Hudaýyň Sözünde bolsa Injiliň ähli halklara, ähli dillerde, dünýäniň soňuna çenli gürrüň edilmegi we wagyz edilmegi buýrulýar!
Eger sen muňa garşy çyksaň elbetde Hudaýyň erkine garşy çykanyň bolýar, ondan başgada 10 milliondan köpräk Türkmenler üçin eke özüň çözgüt çözeniň bolýar.
Bu gürrüňleriň başga tarapy hem bize berilen söz azatlygyny, iň bolmanda şu taýda peýdalanmaga bir rugsat ber dost.
Hemmesiniň üstesinede, meniň düşünişim boýunça, eger ynsan Hudaýyň Isa Mesihde beren gutulyşyny kabul etmese, onda ol ölüp o dünýä baranda dowzah odunda ýanmaly bolýar, men ildeşlerimiň dowzah odunda ýanmagyny islämok, olaryň Hudaýyň Öýünde, jennetde bolmagyny isleýärin. Şeýtmek bilen şeýtanyň maksadyna garşy göreş alyp barýaryn diýip düşünýärin!
Saňa hem saglyk amanlyk arzuw edýärin Gurban!
Hormat bilen Sylap

Hormatly GARADAG; "Din name

Hormatly GARADAG;

"Din name wagtyn geçmegi bilen hapalanyan zatmy?" diyip soramagyn, yzly yzyna gelen pygamberlerin iberilişini manysyz kabul etmek yalydyr.

Dinlen özi wagtyn geçmegi bilen hapalananok, yöne şo dinleri berjay etmeli adamlar öz anlayşyny we dini yaşayşyny hapalap, dinin özünem hapalayalar.

Pygamberlerin iberilişinin iki esasy sebabi bardyr:
1- Tewhid, yagny Huday Tagallan "birligine, yeketakligine" esaslanyan ynanjyn bozulmagy; şirk, yagny Huday Tagalladan başga hudaylaryn bardygynyn kabul edilmegi.
2- Ahlaky taydan bozulmak. Zyna, alkogol, geroin, ... yaly haram keyplerin yayramagy.

Yokarda yazan zatlarym sebapli, adamlar Hudayyn iberen hakyky dininden yüz öwürüp, Hudaya garşy gel(meli bol)yarlar. Beyle adamlar Hudayyn iberen kitabyndaky kada kanunlary yada olara bolan garayşlaryny üytgedyarler.

Bu "bozumalar"yn netijesindede Huday Tagalla taze pygamber iberyar, "taze" dinin esasy pelsepesinin önki dinden hiçbir tapawudy yok, bu dinin maksady, önki dinlerini berjay etmeyan ynsanlara "tazeden" Hudayyn kada kanunlaryny yatlatmakdyr. Gurhanda, önki pygamberlerin dininin "yslam" dini bolandygy hakda yazylyar, bu "yslam" sözünin manysy "Hudaya boyun egmek"dir.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Senin aydyshyna gora din

Senin aydyshyna gora din wagtyn gechemgi bilen hapalanyar,adamlar ony uytgedyarler we etc.Name uchin onda Gurhandan son taze kitap iberilmedi we iberilmejekmishin? Name uchin Islam dini hapalanmayamyshyn? Shu wagt dunyade Hudaya az adam garshy gelyarmi? Sholary duzeltmek uchin name uchin taze pygamber iberilenok?

Musulmançylygyn iki-üç

Musulmançylygyn iki-üç hudaya ynanmagy, procent bilen pul gazanmagy, arak içmegi, donuz iymani wagyz edyandigini/rugsat beryandigini eşitmedim.

1400 yyl onki Yslam bilen, şugünki Yslam arasynda hiçbir tapawut yok.

Ana şon üçin.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Quote: Name uchin Islam

Quote:

Name uchin Islam dini hapalanmayamyshyn? Shu wagt dunyade Hudaya az adam garshy gelyarmi? Sholary duzeltmek uchin name uchin taze pygamber iberilenok?

shu soraglaryn birinede jogap bermedin.
galybersede senin aydyshyna gora bashdaky iberilen dinlerem bir hudayi undeyadiler we dogry dindiler, olar name uchin uytgediler?

Yokarda obşi yazan zatlary

Yokarda obşi yazan zatlary gowja okan bolsadyn, öz soragyna jogap tapardyn.

Gözleyan tapar diyyaler, basyber...

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

hah,tuweleme. sheydip jogap

hah,tuweleme.
sheydip jogap tapmany "gozlan bolsan tapardyn"-yaly bosh gurrune gechme.Jogabyn barmy adam dushuner yaly edip dushundir,yokmy-yazma hich zat.

...

agresifligin üns bermegine, pikir yöretmegine pasgel berya jenap köşek...
önkü dinler bozuldy, hristiyanlygam bozuldy, yslam bozulmanka bolsa bütin hemme zat bozulya=Apocalypse bolya megerem senin hristiyan dilingde aydilanda

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Elbetde din adamyn doredeni

Elbetde din adamyn doredeni bolsa ol bozulyar we yok bolar, emma ozal bashdan Hudayn ynsanlara beren iman ýoly hemişelik dowam edýär. Bu sebäpden hakyky ýol, hakyky iman Adam ata-dan başlap biziň günlerimize çenli dowam edip gelýär. Huday Mukaddes Sözleriniň hemmesini hem soňuna çenli gorap saklaýar, çünki Hudaýyň Söziniň öňkileri bilen soňkylary baglanyşykly, öňkülerinde soňra bolup geljek wakalary pygamberlik edýär, Özüniň Gutulyş Ýoluny aýan etdi. Bu sebäpden er we asman geçer emma Hudaýyň Sözi geçmez. Apokalypse, ýagny dünýäniň soňy geler, şonda hem Isa Mesih geler we antikristi (deçjaly) eňer we erde 1000 ýyl patyşa hökmünde höküm sürer şol döwürde şeýtany we onuň jyn-arwahlaryny 1000ýyllyga baglar, iň soňunda bolsa olary ot kölüne zyňar diýip Mukaddes Ýazgylar aýdýar.

Hormatly DIPLOMAT Sen

Hormatly DIPLOMAT

Sen yokarda yazanlaryna göra Yslam dininin esasy "kemçiligi" Isa Pygabmerin beyik derejesini kabul etman, ona "garşy" gelmekdir/göreşmekdir.

Bu garayşyny tassyklayan çeşmelerin 100% musulman daldigini aydybiljek. Bu pikirleri Hristian çeşmelerinde okap, olara göra hereket edyan.

Isa (pygambere) Yslam dininin garayşy bilen baksan, musulmanlara göra on nenen belent derejede bir adamdygyny anlarsyn.

Inlisçe bilyan bolsan, aşakdaky makalany doly okamagyny maslahat beryarin:

Wikipedia wrote:

JESUS IN ISLAM

Jesus in Islam (Arabic: عيسى‎ `Īsā) is a messenger of God who had been sent to guide the Children of Israel (banī isrā'īl) with a new scripture, the Injīl (gospel). The Qur'an, believed by Muslims to be God's final revelation, states that Jesus was born to Mary (Arabic: Maryam) as the result of virginal conception, a miraculous event which occurred by the decree of God (Arabic: Allah). To aid him in his quest, Jesus was given the ability to perform miracles, all by the permission of God. According to Islamic texts, Jesus was neither killed nor crucified, but rather he was raised alive up to heaven. Islamic traditions narrate that he will return to earth near the day of judgment to restore justice and defeat al-Masīḥ ad-Dajjāl (lit. "the false messiah", also known as the Antichrist).Like all prophets in Islam, Jesus is considered to have been a Muslim, as he preached for people to adopt the straight path in submission to God's will. Islam rejects that Jesus was God or the son of God, stating that he was an ordinary man who, like other prophets, had been divinely chosen to spread God's message. Islamic texts forbid the association of partners with God (shirk), emphasizing the notion of God's divine oneness (tawhīd). Numerous titles are given to Jesus in the Qur'an, such as al-Masīḥ ("the messiah; the anointed one" i.e. by means of blessings), although it does not correspond with the meaning accrued in Christian belief. Jesus is seen in Islam as a precursor to Muhammad, and is believed by Muslims to have foretold the latter's coming.

Dowamy üçin basyn >>>>>

PS: Inlisçe bilmeyan bolsan men barde gysgaça yazyp bererin.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Hristianlykdan başga, Yslam

Hristianlykdan başga, Yslam dininin Isa (pygambere) hormat goyyan, onun Huday tarapyn adamlara dogry yoly görkezmek üçin iberilendigine ynanyan yeketak dindiginem nygtayyn.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Monte_kristo ildeş,

Monte_kristo ildeş, iňlisçe getiren çeşmedäkileri islamyň düşünjesidigini bilýärin, iň bolmanda islamyň Isa Mesihi beýik pygamberleriň biri hökmünde hormatlaýandygyna men hem begenýan we hormatlaýan. Şol bir hatarda, Isa Mesih hakynda iň wajyp taglymatlarda büdreýändigine welin gynanýan. Bu taglymatlar: Isa Mesihiň dünýäniň Halasgäri hökmünde gelendigi, ynsanlaryň günäsiniň jezasyny,"Gurbanlyk Guzy" hökmünde öz üstüne alyp haçda öldürilendigi, Özünde ebedi ýaşaýşyň bardygynyň, ölümden soň direlişiň bardygynyň, ölümi eňendiginiň subutnamasy hökmünde ölümden direlendigi hakynda, galybersede, Onuň Hudaýdan çykyp Gökden ere gelendigi, 100% ynsan bolmak bilen 100% hudaýlyk hasiýeti ret edilýär. Bular bolsa Injiliň özeni bolup durýar! Çünki Isa Mesihe ýöne pygamber hökmünde ynanmak, bize janyň gutulmagyny bermeýär, şeýtan hem muny gowy bilýär, bu sebäpden hem şeýtan ynsanlaryň Isa Mesihiň kimdigini doly düşünmegini we kabul etmegini islemeýärler, bu üçin hem soňky döwürde Antçhristy, ýagny Deçjaly hem iberýär, antiçhrist mesihe garşy göreşijidir. Özüň oýlanyp gör näme üçin dünýäniň soňunda hem şeýtandan bolan Deçjal gelmeli?!

Musulmanlaryn Isa (pygamber)

Musulmanlaryn Isa (pygamber) hakda kabul etyan zatlary:

1- Isa pygamber ayallaryn in tamizi hasaplanyan hezreti Meryemin ogludyr.
2- Meryeme bir perişde (Jebrail) iberilip Isan tohumy goyulyar.
3- Isa pygamber, Töwratyn interpritaciyasyny üytgedip yaşayan Iudeyleri dogry yola çagyrmak üçin taze kitap Injil bilen we köne kitap Töwratyn dogry interpritaciyasyny yatlatmak üçin iberildi.
4- Isa pygambere Yslamda "Isa bin Maryam", yagny "Meryemin ogly Isa" diyilyar. Isa pygambere "Ruhullah" hem diyilyar, yöne bu, Isan Allan ogludygy manysyna gelenok. (Bu hakda soragynyz bolsa son ayratyn yazarn.)
5- Isa pygamber öldürilmedi, Huday tarapyn asmana (Jennete) alyndy.
6- Kyyamatdan ön Isa pygamber tazeden (yere inip) gelip, Detjaly öldürer we adamzady on zulmundan halas eder, adamlary dogry yola çagyrar.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Monte-kristo ildeş, ine

Monte-kristo ildeş, ine sanap geçen ine şol zatlaryň köpüsinde Injiliň we Kuranyň pikiri çapraz gelýär.

1. Isanyň bibi Merýemden dogulandygy bu Injilde hem şeýle.
2. Merýeme bir perişdäň gelişi Injilde dogry, ýöne hiç erde tohum goýýar diýmeýär-: "Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar...Ozal başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi...Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady. Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa ynsanlaryň nurydy...Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady. Ol özüniňkilere geldi, özüniňkiler Ony kabul etmediler...Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady..."
Injil Isa Mesih hakynda şeýle diýip güwälik geçýär. Kuranda hem bilşiň ýaly Isa Mesih "KelamAllah" we "RuhAllah" diýilip aýdylýar. Injil hem muny şeýle diýýär. Bu gaty haýran galdyryjy dälmi eýsem, ýagny Hudaý ýaradan ynsanlaryny gutulyşya getirmek üçin, olara hak Hudaýy görkezmek üçin, Özi asmandan ere "jan-ten" bolup gelýär! Bu Hudaýyň gudraty, merhemeti we rehimidir! Bu sebäpden hem HOŞ HABARDYR!
3. Isa Mesihiň maksady "Gurbanlyk Guzy" hökmünde gelmekdi, Hudaýyň Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda öňden wada beren gutulyş planyny amala aşyrmakdy, şol ýüzlerçe öňden aýdylan pygamberlikleri erine etirmekdi, çünki Hudaý Mesihi wada beripdi. Bu taýda hem Islamyň pikiri Mukaddes Ýazgylaryň taglymatyna gabat gelmeýär.
4. Bu hakynda 2-njidäki jogap düşündirýär.
5. Isa Mesih dünýä gelende ynsanlaryň günäsiniň jezasyny çekip olara gutulyş getirmek üçin ölmäge gelipdi, Isa ölmedi diýsek onda Injiliň manysy ýitýär. Isanyň ölekdigini we direljekdigini, Injilden öňki ýazgylar hem pygamberlik edip öňünden aýdýar, Isa ölmedi diýseň onda birnäçe pygamberleriň bu hakynda aýdan pygamberlliklerini ýalan çykarýaň, olar ýalançy bolmaly bolýar, eger olar ýalançy boljak bolsa onda ol pygamberlikleri Hudaý olar arkaly öňünden aýdypdy, onda Hudaý hem ýalançy ýaly görüner, bu bolsa Hudaýa şirk etirmekdir. Isanyň ölüp direlendigini diňe bir Injil aýtman, Isanyň şägirtleri hem munuň şeýledigini tassyklapdyr, öz ýazgylarynda bu hakynda gürrüň edipdirler we bu hakykat üçin janlaryny beripdirler. seniň diýýänleriň ynansaň onda olar hem ýalan zatlara ynanan bolýar we ýalan zatlar üçin janlaryny gurban getiren bolýar. Munuň üstesinede Kuranda hem Isa Mesihiň ölüp direljegi aýdylan, muňa esaslansaň Kuran hem ýalan bolmaly bolýar. Bu sebäpden Isa Mesih öldi we direldi, şägirtlerine we bäş ýüzden gowrak adamlara 40 günüň dowamynda göründi we soňra ýokary göge gitdi!
6. Isa Mesihiň kyýamatda ene-de gaýdyp geljegi baradaky pikiriň bilen ylalaşýan, Onuň ere gaýdyp gelmeginiň bir maksady, Deçjaly ýok etmek, näme üçin çünki Deçjal (antikrist ýagny Isa Mesihe garşy göreşiji)we Isa Mesih özüne iman edenleri ýanyna almak, olary Hudaýyň baky jennetine eltmek. Ol elbetde adamlary şeýtanyň zulymyndan halas eder, we erde 1000 ýyl patyşa hökmünde höküm sürer diýilýär, bu müň ýyllyga şeýtany onuň al-arwahlary bilen baglar, ondan soňra bolsa olary baky ot kölüne zyňar, şonda bu er we asman dünýäden ýok bolar, Hudaý täze asman we täze er ýaradar we ol taýda Hudaýyň Özi şäherini gurjakdygyny we şol şäherde Hudaýyň Özüniň ynsanlar arasynda boljakdygy ýazylan. Bu bolsa iň ajaýyp zatlar!

"Tohumy goyulyar" sözüni

"Tohumy goyulyar" sözüni özüm yazdym, yagny içine ruh/jan üflenyar.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

GaraDag wrote:Name uchin

GARADAG: Name uchin Islam dini hapalanmayamyshyn?

MONTE_KRISTO: Musulmançylygyn iki-üç hudaya ynanmagy, procent bilen pul gazanmagy, arak içmegi, donuz iymani wagyz edyandigini/rugsat beryandigini eşitmedim.
1400 yyl onki Yslam bilen, şugünki Yslam arasynda hiçbir tapawut yok.

GARADAG: Shu wagt dunyade Hudaya az adam garshy gelyarmi?

MONTE_KRISTO: Adamlar Hudayyn iberen hakyky dininden yüz öwürüp, Hudaya garşy gel(meli bol)yarlar. Beyle adamlar Hudayyn iberen kitabyndaky kada kanunlary yada olara bolan garayşlaryny (yagny dinin özüni) üytgedyarler.

GARADAG: Sholary duzeltmek uchin name uchin taze pygamber iberilenok?

MONTE_KRISTO: Bu "bozumalar"yn netijesindede Huday Tagalla taze pygamber iberyar, "taze" dinin esasy pelsepesinin önki dinden hiçbir tapawudy yok, bu dinin maksady, önki dinlerini berjay etmeyan ynsanlara "tazeden" Hudayyn kada kanunlaryny yatlatmakdyr.

... diyip yazyldy ...

Yazylan zatlardan çykan NETIJELER: Bir dinin kada kanunlary üytgedilmese, ol din tamiz diymekdir we şo dine (hakykatdan) uyyanlar Hudayyn razylygyny gazanyar diymekdir, we bu (global) din we ynanyan adamlar yeryüzünde yaşadykça taze bir din gelmez diymekdir. 1400 yyl önki Gurhany al, şugünki Gurhandan tapawudy barmy? YOK. Dymek Yslam dinine şugün uyyan musulmanlar bilen, 1400 yyl mundan ozal yaşan musulmanlaryn dini (ahlak we iman) yaşayşy arasynda hiçbir tapawut yok. Bütin aleme "hoş habar we duyduryş" bilen iberilen Muhammet Pygamberin (sav) dini şugünem edil önküsi yaly yaşalyar; Gurhan Muhammet Pygamberin (sav) mugjyzlaryndan biridir, diymek Muhammet Pygamberin sesi şugüne çenli (adamlar tarapyn üytgedilman) yetyar. Şon üçinem taze pygamberin iberilmegine gerek yok.

MONTE_KRISTO: Yokarda obşi yazan zatlary gowja okan bolsadyn, öz soragyna jogap tapardyn.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Diplomat gardashym menem bir

Diplomat gardashym menem bir sorag sorajak gaty gormesen...
Shuwagt nace durli İnjil bar dunyade we nace durli Gurhan bar?
Men bilishime gora 4 sany bir-birinden uytgeshik İnjil bar eger men ynanjak bolsan haysy birine ynanayin?

Hristianlaryn uyyan 5 sany

Hristianlaryn uyyan 5 sany kitaby bar: 4 sany Injil we Iudeylerin uyyan kitaby Töwrat.

Bu kitaplar "görünen" kitaplar. Vatikanyn kitaphanasynda gizlin tutulyan bir topar Injil bar diyilyar.

Injil bilen baglanyşykly in ahmiyetli taryhy faktda, Injilin Isa pygamberin gelişinden 300 yyl son "resmi" şekilde Hristianlaryn kitabydygy kabul edilyar. 365-e golay dürli Injillerden, şo wagtky Hristian alymlaryn saylap alan Injilleri 4 sanydyr. 360-a golay başga Injiller "yalnyş" diyip yakylyar, gadagan edilyar.

Bu fakta degişli başga zatda, yygnagy geçirden şo wagtky hökümetdi; yagny şo wagtky syyasy hökümedin, yygnagy geçiryan din alymlaryna we alynan kararlaryna bolan tasirinem yatdan çykarmaly dal.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

hemmesem biri-birinden

hemmesem biri-birinden uytgeshik bolsa olaryn haysysy in hakykaty aytyarka yagny HOSH HABARY eger sylabynky dogry bolsa name ucin musulmanlara aytyar onda gitsin beyleki dindeshlerine aytsyn yone Kur'an hemme yerde bir menzeshmika diyan.....

Mossy ildesh soragyn uchin

Mossy ildesh soragyn uchin kop minnetdar! Men sana jogap beryancham, monte-kristo ildesh sana oz pikirleini bildiripdir, elbetde men onun pikirleri bilen razylashamok.
Esasy okalyp owrenilyan bir sany Injil bar, ol Injil dort sany shayatlykdan yagny dort adam shol bir Injili dort tarapdan yazypdyrlar. Olaryn yazyanlary shol bir Injil. Injil diymek bu Hosh Habar diymegi anladyar, ol hem Isa Mesih hakyndaky habardyr. Musulmanlar Hudayun sozi asmandan kitap bolup dushupdir diyip dushunyarler, emma bu beyle dal, Huday Oz Sozuni pygamberlerini ylhamlandyryp adamlara etiripdir. Pygamberler, shol sozleri halka aydyp, wagyz edip, koplench hem ozleri sholary Yazgy hokmunda yazyp galdyrypdyrlar.Bu sebapden onlarcha pygamberler Hudayn sozlerini yazgy hokmunde yazyp galdyrypdyrlar. Shol sozler Hudayn Sozi bolandygy uchin hudayhon imanly adamlar olary asyrlardan asyrlara yazyp gochurip bizin gunlerimize chenli saklapdyrlar. Emma Isa Mesih bilen bashgacha, chunki Isa Mesihe Hudayn Sozi-diyilyar, Isa Mesih Hudayn Sozi we Ruhydyr diyip Mukaddes Yazgylar tassyklayarlar. Bu sebapden shol Hudayn Sozi jan ten bolup ere geldi we erde ynsan bolup yashapdyr, ynsanlary dowzah odundan halas etmek uchin Oz janyny olar uchin gurban edipdir we tazeden ene direlip, arsha gaydypdyr. Ony goren, onun eden ishleine, durmushyna, taglymatyna shayatlyk eden ilkinji shagirtleri Ol hakynda yazyp beyan edipdirler. Isa Mesihin durmushy hakynda Isanyn dort sany shagirdi yazypdyrlar. Olaryn edyan gurrunleri biri birinden tapawutlanman, shol bir taryhy dort tarapdan gurrun beryarler we shyele etmek bilen Isa Mesih hakynda Hosh Habary doly beyan edyarler. Hemishede bir shayatdan kop shaydyn gorup we eshidenleri guychli bolup chykyar, eger bu hakynda bir adam yazan bolsa, elbetde shubhe edip bolardy, emma bu yagdayda dort shagirdin yazanlary biri birine gabat gelyar we bu taryhy dolylygyna hemmetaraplayun beyan edyarler. Bu bolsa taryhy-yuridiki taydan hem wajypdyr! Bu sebapden Injil diyip tanalyan we bizin gunlerimize chenli original dillerde etip gelen we bu gunki gun hem muzeydir, ylmy barlag institutlarynda saklanyan we bu gunki Turkmen dilinde hem elyeterli bolan: Matta, Luka, Markus we Yahyanyn shayatlygyna esaslanan bir Injili okamagy maslahat beryarin!
Kuran barada we Monte-kristin bellap gechen kabir zatlary barada indiki jogabymda yazaryn!

Quote: Musulmanlar Hudayun

Quote:

Musulmanlar Hudayun sozi asmandan kitap bolup dushupdir diyip dushunyarler, emma bu beyle dal, Huday Oz Sozuni pygamberlerini ylhamlandyryp adamlara etiripdir.

Bu sözlerin, Musulmançylyk hakda okap öwrenmandigini görkezyar. Sebabi Musulmanlara görade ylahy kitaplar vahiy (Jebrailin habar getirmegi) arkaly iberilipdir.

Mysal üçin Gurhanyn özi 23 yyl boyunça (yuwaş yuwaş) inip tamamlandy. Muhammet Pygamberin 40 yaşyndan 63 yaşyna çenli bolan pygamberlik wezipesi, Gurhan tamam bolanson gutardy. Muhammet Pygamber 63 yaşynda öldi, ölmanka "Size iki zat goyup gidyan, olara tutunyp yaşasanyz dogry yolda bolarsynyz, biri Gurhan, ikinjiside men sünnetimdir (sözlerim & yaşayşym)."

Gurhanyn 23 yyl boyunça inmegi, adamlaryn dinini derrew üytgedip bolmandygy sebaplidir. Adamlara hakykaty "yuwaş yuwaş" öwretmeli, srazu "şu kanunlary berjay edin!" diyse kyn bolardy.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Kuranyň nädip Muhammede

Kuranyň nädip Muhammede gelişi hakynda men bilýän, öwrenmedik zadym däl, ýöne bu taglymaty diňe okap öwrenenler köprägem bilýärler. Musulmanlaryň köpüsi, Kitap asmandan Muhammede gelipdir diýip duşünýärler. Men şuny aýtjak boldym. Muhammediň bolsa 40 ýaşyndan 63 ýaşyna çenli Hudaý muny ýa ony diýdi diýip aýdandygyny, şol bir hatarda käbir oňki gelen aýatlary aýyryp täzesini Hudaýy şu bu ýada ol meselede täzesini aýtdy diendigini hem ýatlap geçmeli ekeniň, meniň düşünişime görä Muhammet nähili bir täze ýagdaý ýüze çyksa we öňki aýdanlary soňkysyna garşy gelse, Hudaý öňküsini aýyrdy, indi şeýle diýýär diýip täze aýat beräýipdir. Bu bolsa Hudaýyň häsiýetine laýyk gelmeýär. Hudaýyň Sözi tizden tiz şeýle üýtgärmikä? Näme üçin öňki gelen aýatlar soňkysy bilen täzelenipdir?

yslam barada köpräk okap, onsoň ýaz Sylap!

diplomat wrote:

Kuranyň nädip Muhammede gelişi hakynda men bilýän, öwrenmedik zadym däl, ýöne bu taglymaty diňe okap öwrenenler köprägem bilýärler.

Nädip gelenini doly/takyk ýazmansyň! Ýöne bilýäniňi ýazypsyň!
Öwrenenem bolsaň, ýalňyş öwrenipsiň ýa-da öwrenmek isleýşiň ýaly öwrenipsiň!

Quote:

Musulmanlaryň köpüsi, Kitap asmandan Muhammede gelipdir diýip duşünýärler.

Asmandan diýeňde, Biribardan gelenini bilýäler, sen haýsy manyda asmandan geleni barada ýazdyň?

Quote:

Men şuny aýtjak boldym. Muhammediň bolsa 40 ýaşyndan 63 ýaşyna çenli Hudaý muny ýa ony diýdi diýip aýdandygyny, şol bir hatarda käbir oňki gelen aýatlary aýyryp täzesini Hudaýy şu bu ýada ol meselede täzesini aýtdy diendigini hem ýatlap geçmeli ekeniň, meniň düşünişime görä Muhammet nähili bir täze ýagdaý ýüze çyksa we öňki aýdanlary soňkysyna garşy gelse, Hudaý öňküsini aýyrdy, indi şeýle diýýär diýip täze aýat beräýipdir. Bu bolsa Hudaýyň häsiýetine laýyk gelmeýär. Hudaýyň Sözi tizden tiz şeýle üýtgärmikä? Näme üçin öňki gelen aýatlar soňkysy bilen täzelenipdir?

Allah "...Muhammed pygamber(SAW) ilki şeýle diýdi, soň beýle diýdi, şoň üçin mundan beýläk öňki şeýle boldy..." diýip aýat indirenok, bolup geçýän wakalaryň möçberine, ähmiýetine we hiline görä kä aýatlary az mukdarda üýtgedýär, käleriniň tersini indirýär, ol Hz.Muhammediň taglymaty boýunça däl. Meselem, arak barada 3-4 üýtgeşik aýat gelýär:
Manysy boýunça şu yzygiderlikde gelýär, süre adyny we aýat sanyny şu wagt bilemok:
1-"...aragyň peýdaly taraplary hem, zyýanly taraplary hem bardyr..."
2-"...serhoş wagtyňyz, namaza golaýlaşmaň!..."
3-"...içki,.. şeýtanyň myrtar oýunjaklarydyr, uzak durmaýarmysyňyz?!...(Maide, 5/90)"

Ýokarda görşüň ýaly, şeýle ýagdaýlarda Biribar ynsanlara birden agyr ýüki ýüklemän, asta-ýuwaşdan öwrenişdirip, gutarnykly ýagdaýdaky hökmi taýýar bolanlarynda iberýär. Munda şeýle oňat hikmet we haýyr bar.Bir aýatyň tersi barada bolsa many taýdan ilki Kudüsdäki(Jerusalem) Aksa metjidine seredip namaz okalmak buýrulan bolsa, soň Mekgedäki Käbä seredip okalmak emredilýär. Muňa başga-da mysallar bar.

Ynha, Sylap, görşüň ýaly, bärde Biribaryň iki sözliligi ýok-da, bir işdäki birnäçe hikmet sebäpli, biz ynsanlaryň has oňaýly, rahat bolmagy üçin berýän görkezmeleri, has takygy, buýruklary bar.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • moonwalker 1 telpek goyyar we yazyar: "agam eliňe, diliňe saglyk we peýdaly ýazgyn üçinem bir sowgat."

Quote:

Quote:

bolup geçýän wakalaryň möçberine, ähmiýetine we hiline görä kä aýatlary az mukdarda üýtgedýär, käleriniň tersini indirýär,

Ine shu diyyanlerin hem Hudayn hasiyetine gabat gelenokda, Huday oz sozuni az mukdarda yagdaya gora uytgetjek bolsa, kabirlerini hem tersine inderjek bolsa, name Huday onrakden bilmeyardimi munun ya onun bashgacharak bolanda gowy boljagyny. Ondan bashgada shu tayda birnache gezek gechen dinler uytgedildi, bu sebapden hem Huday tazesini berdi diyip aytdylar. Emma Hudayn kanunlarynyn, sozunin uytgemejegi hakynda hatda Isa Mesih hem sheyle diyipdi: "Meni Mukaddes Kanuny ya pygamberlerin yazgylaryny bozmaga gelendir oytmang. Men bozmaga dal-de, olary berjay etmage geldim. Chunki size dogrusyny aydyaryn, Gok bilen er gechip gidyanche, ahli zat berjay bolyancha, Kanunyng bir harpy-da, bir nokady-da kemelmez."
Bu sozler bolsa, Hudayun Sozi uytgedilipdir, yok edilipdir, bu sebapden taze din gerek boldy we shuna menzeshleri tassyklap bu dushunjani oner suryanlere "nokat" jogap bolup duryar diyip men pikir edyarin!
Beyle oylanyanlar Hudaya shubhe etmek bolyar diyip dushunyan, chunki Huday Oz Sozuni dunyanin sonuna chenli gorajakdygyny aydyp gechdi.

Sylap, aýatlaryň näme

Sylap, aýatlaryň näme sebäpli üýtgedilenini ýokarda aýdyp geçipdim! Täzeden ýazjak däl.
Şuny aýdaýyn, Biribar biz ynsanlary ýaratdy, diýmek, bizi bizden has gowy bilýär. Nirede, haçan we näme/kim bn näme etjegimizi bileni üçinem, Kuranda bizi iň oňat ýagdaýa ýuwaş-ýuwaşdan taýýarlaýar. Häzir sen öýlenen bolmaly. Eger Biribar saňa sagadatly bir çaga-da beren bolsa (enşallah, bersin!) onda şoňa 1-2 aýlykka et iýdirjek bolup gör, dişi bolmany üçin, süýtden başga hiç zat içmez. Haçanda 2-3 ýaşyna gelip, has sagdyn bolanda, şonda eti arkaýyn çeýnäp iýip biler. Ynha, wagtyň geçmegi bn aýatlardaky az mukdardaky üýtgeşmeler hem şeýle bolýar we näçe haýry bar. Muňa Yslamda "aýatyň neshi" ady berilýär.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Quote: bolup geçýän

Quote:

bolup geçýän wakalaryň möçberine, ähmiýetine we hiline görä kä aýatlary az mukdarda üýtgedýär, käleriniň tersini indirýär,

Ata agan yazan sonky sözlemi men pikrimçe dogry dal, sebabi Alla Tagalla Gurhanda birbirine ters gelyan hiçbir ayat indirmedi. Gurhanda "Bir ayaty üytgeden bolsak, ya menzeşini yada ondanam hayyrlysyny (gowusyny) ibereris." (Bakara Süresi, 106) diyip aydylyar.

Hormatly Diplomat, men yokardada aydyp geçdim, Yslam dini 23 yyl boyunça yuwaş yuwaş indi. Sebabi arak içyan, zyna etyan, gyzlary diriligine gömyan, putlara ybadat edyan, her hili güna işleyan adamlary srazu üytgedip bolanok, hakykaty bir diyende öwredip bolanok.

Üygedilen ayatlar hiçhili birbirine ters düşenok, dine hakykata has yakynlaşyar, yuwaş yuwaş, mertebe mertebe. Bu hem Yslamyn adamlaryn ruhy dünyasine nenen uyyandygyny görkezyar. "Alla birdir" dyen bolsa, başga bir yerde "Alla bir daldir" diyilyan zat yok, esasy kada kanunlar, principler üytganok. Dine social taydan praktiki yaşayyşda kabir üytgemeler bolyar.

Gurhanda birbirine ters düşyan, birbirini yalanlayan hiçbir ayat tapmayan.

YÖNE (şugünki) İnjilde,

Bir yerinde Isa üçin "adamyn ogly" başga yerde bolsa "Hudayyn ogly" diyip geçyar. Injilde beyle "terslikler"e kan gabat gelinyar, logiki taydan hiçhili düşünüp bolanok. Isan (direkt) öz agzyndan dalde on şagirtleri tarapyn, on şagirtlerinin şayatlyk eden zatlary yazylgy. Injil bolsa Hudayyn sözi bolmaly, Isan agzyndan dökülen "tamiz" sözleri bolmaly, hiçbir adamyn "şahsy" pikiri, yada yekeje sözi hem ona yazylmaly daldir.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Musulmançylykda hiçhaçan

Musulmançylykda hiçhaçan dinin esasy principlary hakda jedel edilmandir, yöne social, syyasy, praktiki (ictihad) taydan ayratyn pikirler bolup biler.

Hristianlara göra ilkinji Nice Council (İznik Konseyi) yygnagynda, Isa hakda "ynsanmy ya tanrymy?" jedeli edildi.

Indi, Isan arşa gitmeginden 325 yyl son, on ynsan yada tanry bolandygy hakda jedel çykyar. Bu bolsa dinin esasy principlaryndan biri diymekdir. Kabirleri "ynsan" diyyar, kabirleri "tanry" diyyar. Bu bolsa Injilin içindaki esasy principlarda bir "terslik" bardygyny görkezyar.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • mati 1 telpek goyyar we yazyar: "tuweleme!!!!"
  • moonwalker 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"

Quote: YÖNE (şugünki)

Quote:

YÖNE (şugünki) İnjilde,

Bir yerinde Isa üçin "adamyn ogly" başga yerde bolsa "Hudayyn ogly" diyip geçyar. Injilde beyle "terslikler"e kan gabat gelinyar, logiki taydan hiçhili düşünüp bolanok. Isan (direkt) öz agzyndan dalde on şagirtleri tarapyn, on şagirtlerinin şayatlyk eden zatlary yazylgy. Injil bolsa Hudayyn sözi bolmaly, Isan agzyndan dökülen "tamiz" sözleri bolmaly, hiçbir adamyn "şahsy" pikiri, yada yekeje sözi hem ona yazylmaly daldir.

Dost, Injilde Isanyn ahli hasiyetleri hakynda, durmushy, taglymaty hemmetaraplayun wasp edilen. Isanyn fiziki manyda we ruhy manyda titullary aydylyp dushundirilip bularyn hakdygy faktlar esasynda wagyz edilendir. Bu sebapden Isa Mesihe "Ynsan Ogly" diyilse bashga erde "Hudayun Sozi, Hudayn Ogly" diyip gechyar. Bularyn manysyna biz elbetde musulmanlaryn dushunip bizi sheyle ynanyarlar diyishi yaly dushunip iman etmeyaris elbetde. Emma gel men sana bu hakynda senin ynanyan Kuranyn-dan hem bir mysal getireyin: mysal uchin Kuran Isa Mesihe "Meryemin Ogly" diyyar bu "Ynsan Ogly" diyen dushunje bilen manysy yakyn, yagny Isa Mesih ynsan bolup dogulyp yashandygy uchin Ol "Ynsan Ogly" bibi Meryem ejesi bolandygy uchin hem "Meryem Ogly" emma shol bir hatarda Isa Mesihe Kuranda hem "Hudayn Sozi, yagny Kelamallah, yagny Hudayyn Sozi we Ruhallah, Hudayn Ruhy" hem diyilendir. Bularyn Kuranyn aydanlarynda gapma garshylyk doretmeyshi yaly, Injilde Isa Mesih hakynda aydylan yokardaky zatlar hem gapma garshylyk gorkezmeyar.
Indi bolsa Hudayn sozi tamiz sozler bolmaly diymegin hakynda. Ilki bilen sen Injilin namedigine dushunmelisin, Injil bu Hudayn Sozunin ere jan-ten bolup Isa Mesihde gelmegidir. Bu sebapden hem Isa Mesihe "HUdayn Sozi" kuranyn dili bilen "Kelamallah". Bu sebapden Injil bu Isa Mesihdir, yagny Onun asmandan ere gelmegi, durmushy, taglymaty, eden ishleri, wadalary, olumi, direlishi, goge gidishi we ene-de gaydyp geljekdigi. Bilshin yaly Injilde hem olaryn hemmesi aydylyp gechilen. Munun uchin Hudayyn Sozi hakynda bizin bilmegimiz uchin, Huday Isanyn shagirtlerine olar hakynda yazmagy ylhamlandyrypdyr. Munun uchin ol shagirtler sheyle diyipdirler: "Yashayysh Sozi hakda ozal-bashdan bar bolany, eshidenimizi, gozlerimiz bilen gorup synlanymyzy, ellerimizin tutanyny size yglan edyaris. Yashaysh ayan boldy, biz ony gorduk, ona guwa gechyaris. Hudayda bolup, bize ayan bolan yashayshy, ebedi yashayshy size habar beryaris. Sizinde bizin bilen sharikchiliginiz bolar yaly, gorenimizi, eshidenimizi size aydyarys." Isa Mesih diydi "Men Yol, Hakykat we Yashayyshdyryn!"

Sefer, sen dogry ýazypsyň,

Sefer, sen dogry ýazypsyň, men "tersi" diýemde, ilki bir ýere seredip ybadat etmegi, soň birnäçe sebäpler we haýra görä başga ýana seredip ybadat etmegi emredýänini aýtmakdy, ýöne ýalňyş beýan edipdirin.

Bagyşlaň!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Isa pygamberin naçe ayaly

Isa pygamberin naçe ayaly bolupdyr?
_________________________________________
Ölüp baryaryn.Isa, Alla, Budda hemmanizi söyyan men. :)

Isa Mesih oylenmandir we

Isa Mesih oylenmandir we onun hich hili ayaly bolmandyr! Onun dunya gelmeginin maksady, adamzadyn Halasgari bolmakdy! Onun dogulyshy, erdaki durmushy, owreden taglymaty, olumi we direlishi, goge gidishi ene-de gaydyp geljekdigi hayran galdyryjydyr! Ony yakyndan tanasan, onun taglymatynda yashasyn geler we Onun yzyna eyeresin geler!

Onun dunya gelmeginin

Onun dunya gelmeginin maksady, adamzadyn Halasgari bolmakdy!

bu şuny yanzytyar!
Öylenen beyleki pygamberler yada öylenen her kimem bolsa her adamam bolsa bolsun - hemmesi- Halasgar daldir!!!

yerlikli jogap bermansin diplomat!
reklama etyan,her jogabynda yazgynda,İsa pygamberi nygtayan...
Bizin İsa Aleyhissalam bn terligimiz yok,onun dinini,öwüdini öz peydalaryna göra ulanyanlary halamzok!!!
her adiminde İsa İsa diyip dursan yürege düşyar we yigrenç döreyar...
Hakykatdan musulman bolan hiçkimem dinini üytgetmez!
Eger wyjdanyn birahat bolsa gitde---
-3-4 aylyk göwreli wagty gyzlan garnyny yaryp içindaki çagan erkekmi gyzdygyna jede etyan dindeşlerine...
-Yrakdaky,owganystandaky,afri
kadaky,kabir Aziyadaky... gyzlary zorlan,öldüren dindeşlerine...
-keypine adam awlayan dindeşlerine...
-Gökdepe urşundan son türkmen(biz bolyas!)gyzlary zorlan dindeş esgerlere...
...
...
...
yüzlen!!!
başarsan 1 musulmany hristiyan dalde 1 hristiyany hristiyan et!!!

__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Ildeş, meniň berýan

Ildeş, meniň berýan jogaplarym meniň özümiň oýlap tapan jogabym däl. Injilde Isa Mesih öýlendi diýip aýdanok, men şony-da saňa aýtdym. Berýan jogaplarymda Isa Mesihi nygtaýan bolsam, Ony nygtamagy Hudaý buýurýar, çünki Ol seniň üçin hem Halasgär, Ybraýymyň oglunyň deregine, Hudaýyň gurbanlyk guzysyny berişi dek, Hudaý Isa Mesihi hem seniň günäleriň üçin Gurbanlyk Guzy hökmünde berdi. Ybraýym oglunyň deregine Hudaý berende, Hudaýa sejde etdi we Hudaýyň beren bu sowgadyny kabul etdi. A sen näme, Hudaýyň berýän bu uly gutulyşyny ret edip hatda bu Habary ýigrenmekden hem gaçaňok. Hudaý sabyrlydyr, iň soňuna çenli, ýagny seniň agzyňdan janyň çykýança bu gutulyş ýoluny kabul etmegiňe garaşýandyr, çünki başga hiç erde gutulyş ýok, sen öz özüňi diniň bilen halas edip bilmersiň, eden işleriň bilen hem halas edip bilmersiň, bu sebäpden Hudaýyň rehimi we merhemeti, gutulyş ýoly gerekdir, bu Yol hem Isa Mesihdir! Ene-de gaýtalaýan bularyň ählisi hem Hudaýyň Injilinde ýazylan!

Quote:

Eger wyjdanyn birahat bolsa gitde---
-3-4 aylyk göwreli wagty gyzlan garnyny yaryp içindaki çagan erkekmi gyzdygyna jede etyan dindeşlerine...
-Yrakdaky,owganystandaky,afri
kadaky,kabir Aziyadaky... gyzlary zorlan,öldüren dindeşlerine...
-keypine adam awlayan dindeşlerine...
-Gökdepe urşundan son türkmen(biz bolyas!)gyzlary zorlan dindeş esgerlere...

Biderek mysallary getirme, dünýäde bolup geçen bidüzgünçilikleri, edilen erbetlikleri Isa Mesihden görme, olaryň köpüsi imansyzlar tarapyndan edilid, Isa Mesihe bolan imanyň nämedigine düşünmedikler we heniz hem düşünmeýänler tarapyndan edilýär. Beýle erbetlikde aýyplamany her bir dindäki wekillere hem degişli edip bolar, bu sebäpden beýle gürrüňller etmek gerek däl-de, isleseň, her bir dindäki baş gahrymanyň durmuşyny alyp görmeli, ol gahrymanyň şol wagtda yzyna eýerenleriň durmuşyny alyp görmeli we seretmeli olar erbetlik etdilermi ýada ýok, seniň aýdan sanawlaryňy şolara berip gör, şonda dogry jogaby taparsyň! Kimdir biriniň goýberen kemçilikleri bilen sen iman ýoluny puja çykarjak bolmaň nädogrydyr! Hoş Habar ýagny Isa Mesih hakyndaky wagyz ähli halklara wagyz edilýär, tapawudy ýok haýsy dine degişli ýada degişli däl hemmelere wagyz edilmeli!

Pygamberler name ucin

Pygamberler name ucin gelipdir?
we name ucin dine yekeje dal-de birden kan pygamber gelipdir? Diymek İsa(a.s.)onkileri uytgetman onkilen yasayan zatlaryny gaytalayan bolsa name ucin gerek...
Her pygamber bir onki gelen pygamberin getiren dininin bozulmagy bn adamlara dogry yoly gorkezmek olaryn duyp maksatlarydyr kim garshy cyksa ya gozi kor ya akylsyz .... bir milletde sheyle bir soz bar "nace pyrlansan pyrlan gotun yenede yzynda galar"...yagny sen kabul etsenem etmesenem dogry kabir zatlar
Diymek İsa(a.s.) sonam bir pygamber geilpdir onda mena bashgaca pikir edip bilemok....gadyrly Sylap aga sen name pikir etyan....?

Yokarda berilen hem bolmagy

Yokarda berilen hem bolmagy ahmal shu soragm, yokaryny okap goremok, Dimpolat sen dogylanda musulman mashgalada dogylansyn, onson bu dine gecmegine ejen kakan dogan garyndashlaryn nahili garady, name sebaop boldy bu dine gecmegine?

Hawa men dogulanda musulman

Hawa men dogulanda musulman mashgalasynda doguldym, önüp ösdüm, bu hakynda elýeterli bolan bilimi aldym, öwrenmeli ýatlanmaly, gaýtalamaly zatlary, musulmançylyk barada taryhlary öwrenip ulaldym. 21 ýaşyma etenimde birinji gezek Isa Mesih hakynda hakyky taryhy Injilden öwrendim we Isa Mesihiň adamzadyň Halasgäridigine göz ýetirdim we muňa iman etdim! Şol günden başlap meniň durmuşym özgerdi, geljege bolan umytdan we ölümden soň ýaşaýşa bolan umytdan, dynçlykdan we parahatçylykdan doldy, durmuşymda erbetler hasiýetlerden saplanyp başladym. Elbetde başda öýdäkiler düşünip bilmediler emma haçanda Isa Mesihiň kimdigine düşünip başlanlarynda we mendäki özgerişleri görenlerinde, olar meni kabul etdiler! Soňra meniň maşgalamda hem köpleri Isa Mesihe iman getirdiler.

...

diplomat wrote:

Soňra meniň maşgalamda hem köpleri Isa Mesihe iman getirdiler.

Kellang işleyamay senin özi, olar başda musulman bolsa Isa mesihe iman getiren bolya, yada maşgalang wapşe musulman daldi, başdan dinin "d"sine düşünman 50 dolar garşylygynda iman getirene menzeyaniz... sebabi okayan takallaryng barysy biderek, bizin obada-da bar, missionerlerin 50 dolarlyk "hristiyanjyklary"
~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Beýdip töhmet atmaň

Beýdip töhmet atmaň näme, olar düşünip nämedigini bilip iman getirdiler. Musulmanlar Isa Mesihe diňe pygamber hökmünde ynanýarlar. Biz bolsa Isa Mesih, ýagny ol hakda Injilde aýdylan zatlara ynanýarys. Ýalan zady aýdyp töhmet atma, hiç kim hem pul berip birini iman çagyran däldir, şeýle edýän bar bolsa hem biljek däl welin, bar bolsa olary men hakykata imansyzlardyr diýip hasap edýärin! Ýöne seniň diýýän zatlaryň töhmet, ýalan zatlar, Isa Mesih hoş habaryny ýaýradýanlara aýdylan töhmetden başga zat däl! Bu sebäpden töhmet atmazdan öň pikirlen we Hudaýdan gork!

...

wah jan dogan, tm geleninde habarlashaly, men senin elinden tutypjyk eltjek sho aylik 50 dolar alyan gonshymyn oyune nader? onson ynanarsyna, onsonam bardeprotestan church bar, yakynyzmyzda ankarada, shotaya gatnayan eyranlylary bilyan, injilin arasyna her hepde dyen yali 100 dolar goyup beryaler!
men sana thmet atamok, sen pul almayan bolp blersin beylekilerem sen yali sa hristiyan manysyna gelenoga...

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Dost, sening eline 50 dollar

Dost, sening eline 50 dollar berip Isa Mesihe ynan dien boldymy? Yada ichine 100 dollar salynan Injili sanada berdilermi, yada bu diyyanlerin tohmetde okde bolan Turklerden alan habarlarynmy?! Yureginden hakykaty gozle, shonda sana hakykat ayan bolar!
Gozun bilen gormedik zady aydyp yorme!

...

senin yolun turkiya düşyami wapşeta?
Men seni şotaya akitjek, eger sana 100 dolar berilayse, sen mana ustune 900 dolaram goyup berip biljekmi?
gel jedel edeli, töhmetmi dalmi şonda hasaplaşayarys diplom aga... men pikrimçe sen hakykady görip bilenok,şo özüne öwredilenler daşynda... at ayneklerini çykarmaly wagtyng geldi, başyna ak girse-de an girmejege menzeyan sen... izveni za grubost!

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Daway men Turkie baryp

Daway men Turkie baryp bilenimde sen bilen dushushayn, sen bolsa mana ichine $100 dollar salyp beryan Isa Mesihe ynanyanlaryn yanyna akidersin, eger olar sheyle edyan bolsa onda men sana ynanjak we sheyle edenleri senin gozunin alnynda naletlejek! Emma men ol taya baryp bilerinmi yokmy men bilmeyarin, belkide sen shol ichine $100 dollar salyp berip duranlary, video yada surata alyp, olaryn adresini we guramasynyn adyny yazyp berersin, we shol dollarly Injiling hem suratyny alyp mana yollarsyn, sheyle yagday hem menin ynanmagyma yardam eder! Men beyle adamlaryn bardygyny doly ret edemok, chunki her durli maksatly adamlar bardyr, emma hakykat yuzunde Isa Mesihe iman edenin Injilin sozlerine esaslananda, senin aydanlaryny etjekdigine welin shubhe edyarin! Eger hakykaty biljek bolsang, kimdir birine seretme, men on aydyshym yaly Isa Mesihin ozune we onun owreden taglymatyna, Injile seret we ondan owren. Her bir ugura ynanyanlaryn durmushynda kemchilik tapylyshy yaly, Isa Mesihe iman edenlerde hem ozune mahsus kemchiligi bolup biler, bu sebapden men seni Isa Mesihe imana chagyryaryn we ol barada yazylan Hudayn Sozi bolan Injile iman etmeging uchin bu erde Ol hakynda gurrun edyarin!

...

men uje Isa artykmaçy bilenem iman getirenlerden, elbette Injile-de
açyk sözli bolda "beylekileri ret et" diysene in gowysy...
Isa iman getir sözingden yadadym dogrysy

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "mana abi diyseniz göterip bilmejegimi bilyan..hazirjek bolun:D birden omman aşybermali..:D"

Quote:Emma gel men sana bu

Quote:

Emma gel men sana bu hakynda senin ynanyan Kuranyn-dan hem bir mysal getireyin: mysal uchin Kuran Isa Mesihe "Meryemin Ogly" diyyar bu "Ynsan Ogly" diyen dushunje bilen manysy yakyn, yagny Isa Mesih ynsan bolup dogulyp yashandygy uchin Ol "Ynsan Ogly" bibi Meryem ejesi bolandygy uchin hem "Meryem Ogly" emma shol bir hatarda Isa Mesihe Kuranda hem "Hudayn Sozi, yagny Kelamallah, yagny Hudayyn Sozi we Ruhallah, Hudayn Ruhy" hem diyilendir. Bularyn Kuranyn aydanlarynda gapma garshylyk doretmeyshi yaly, Injilde Isa Mesih hakynda aydylan yokardaky zatlar hem gapma garshylyk gorkezmeyar.

Isan adamyn ogludygyny we Hudayyn sözüdigini Musulmanlaram kabul edyar. Bu diyyan zatlarynda "terslik" yokdur, sebabi Huday Tagalla adamlar bilen pygamberler arkaly gürleşipdir.

YÖNE: "Adamyn ogly" bilen "Hudayyn ogly" arasynda hiçhili tapawut yok diymek bolsa yalnyşdyr. Sebabi adamyn ogly, şo bir sanda Hudayyn guludyr. Hudayyn guly, nadip Hudayyn ogly bilen, yagny ikinji (kiçirak) bir huday bilen den bolsun?

Hristianlyga (Isan gidişinden köp wagt son) Grek we Rim mifologiyasy (ynanjy) garylany üçin, Hudayyn ogly, Hudayyn ejesi, Huday kaka, Huday ruh, wşm. yaly birtopar yalnyş terminler we Hudayyn şarikleri goşulypdyr. Mifologiya hasap edilyan Grek we Rim dininde kabir adamlar hudaylyk sypatlaryna da eyediler.

Hristianlygyn önüne geçibilman şo dini kabul eden Rim Imperiasy, yuwaş yuwaş şo dine "öz dini"ni garyp başlady. Beylelik bilen Zews yaly "uly bir Huday Kaka" we ondan kiçirak başlga hudaylar emele getirildi. Hristianlaryn çokunyan heykeljigi de, bu Rim Imperiasynyn köne kulturasyndan (dininden) galan adatdyr. "Hristianlygyn in uly merkezi nire?" diyip sorayyn sizden, jogabynyz tayyardyr: Vatikan!

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • moonwalker 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Quote: san adamyn

Quote:

san adamyn ogludygyny we Hudayyn sözüdigini Musulmanlaram kabul edyar. Bu diyyan zatlarynda "terslik" yokdur, sebabi Huday Tagalla adamlar bilen pygamberler arkaly gürleşipdir.

YÖNE: "Adamyn ogly" bilen "Hudayyn ogly" arasynda hiçhili tapawut yok diymek bolsa yalnyşdyr. Sebabi adamyn ogly, şo bir sanda Hudayyn guludyr. Hudayyn guly, nadip Hudayyn ogly bilen, yagny ikinji (kiçirak) bir huday bilen den bolsun?

Sen öz aýdanyňa hem ynanaňok dost, "Ynsan Ogly" "Hudaýyň Sözi" diýeni musulmanlar hem kabul edýär diýýärsiň, "Adam Ogly" bilen "HUdaýyň Ogly" düşünje bilen "Ynsan Ogly" "Hudaýyň Sözi" düşünje manysy boýunça bir zat aňladýar. "Hudaýyň Sözi" "Hudaýyň Ogly" bu Isanyň arşa degişliligini, öňden Hudaýda bolandygyny, hudaýlyk häsiýetini görkezýär. "RuhAllah" diýen düşünje hem muňa meňzeş. Hudaý şeýle bolmagyny islän bolsa onda Ol hemme zady başarar. Ynsanlary gutultmak maksadyna etmek üçin Hudaý şeýle edipdir, munuň üsti bilen Hudaý belent söýgüsini görkezipdir. Ýagny Hudaý üçin iň gymmatly bolan, ozal başda Ol bilen bolan Ogluny (Ruhy Manyda) ynsanlar üçin gurbanlyk beripdir. Bu Hudaýyň Söýgüsini, merhemetini, rehimini görkezmegidir!

Quote:

Hristianlyga (Isan gidişinden köp wagt son) Grek we Rim mifologiyasy (ynanjy) garylany üçin, Hudayyn ogly, Hudayyn ejesi, Huday kaka, Huday ruh, wşm. yaly birtopar yalnyş terminler we Hudayyn şarikleri goşulypdyr. Mifologiya hasap edilyan Grek we Rim dininde kabir adamlar hudaylyk sypatlaryna da eyediler Hristianlygyn önüne geçibilman şo dini kabul eden Rim Imperiasy, yuwaş yuwaş şo dine "öz dini"ni garyp başlady. Beylelik bilen Zews yaly "uly bir Huday Kaka" we ondan kiçirak başlga hudaylar emele getirildi. Hristianlaryn çokunyan heykeljigi de, bu Rim Imperiasynyn köne kulturasyndan (dininden) galan adatdyr. "Hristianlygyn in uly merkezi nire?"

Isa Mesihe "Hudaýyň Sözi" "Hudaýyň Ogly" "Ynsanl Ogly" diýilen titullar, şol Isanyň döwründe aýdyldy, seniň getiren bu deliliň düýbunden faktlara esaslanan däldir. Seniň pikrir edişiňçe şol 300 ýyllarda bolup geçen sowetde bu zatlar goşulypdyr diýjek bolýarsyň. Emma Injil ýüzlerçe belkide müňlerçe golýazmalary dürli erlere ýaýrapdy we dürli erlerde saklanýardy. Şol golýazmalarda şol terminler bardy. Bu sebäpden olaryň köpüsi hem şol terminleriň ol ýazgylarda bolandygy üçin seniň bu günki sorag berişiň dek sorag beripdirler, ýagny nädip bir erde Isa Mesihe "Ynsan Ogly" diýilýär, ene-de şol bir hatarda "Hudaýyň Ogly, Hudaýyň Sözi, Hudaýň Ruhy" diýilýär diýen soraglary adam aňy bilen oýlanypdyrlar, we haçanda Ýazgylary öwrenenlerinde muňa doly göz etiripdirler. Eger ol düşünje Injilde bolmadyk bolsa, onda bu üçin olar kelle agyrtmazdylar.
Ikinjiden Isanyň hudaýlyk häsiýeti, arşa degişlidigi we ol erden gelendigi baradaky taglymat eýýäm orginal Injilde bardy, muny Isanyň şägirtleri ýazypdylar, muny wagyz edipdiler ol taglymat üçin olar hem öldürilipdiler, Isa Mesihiň öldürilmeginiň sebäbi hem Onuň Özüni Hudaý bilen deňemegi, Hudaýdan çykyp gelen Halasgärdigini aýdandygy üçin bolupdy. Injiliň original golýazmalarynyň iň köne görnüşleri ýagny şol seniň oýlanýan sowetiňden öňki döwürlere degişli golýazmalar hem şu günler hem saklanyp galýar.
Bu sebäpden Injil rimliler grekler tarapyndan üýtgedilipdir diýmegiň nädogry we faktlara esaslanmaýar. Sen düşünmänsiň, Injilde kiçiräk Hudaýlara iman barada gürrüň asla ýok, Injilde BirHudaýlyk düşünje bar. Hatda munuň şeýledigini, dünýewi çeşmelerde hem "monoteistik" dinler Yahudili, Hristanstwa we Islam diýilýär.
Seniň gürruňleriň öňki gürrüňe ýagny Hudaýyň Öz Injilini gorap bilmejegine bolan şübha direlýär. Injildäki hakykatlara iman etmekden boýun gaçyrmagyň ýoly hökmünde Injil üýtgedilipdir diýmek eňil bolýar. Eger Injil üýtgedilmedik bolsa onda ondakylara iman etmek galýar.
Isa Mesihiň Injildäki taglymatyna başgaçarak düşünip haça çokunmak, popa çokunmak, Isanyň okuwçylaryna çokunmak, Isanyň ejesine çokunmak ýaly nädogry zatlar öňe sürilipdir, buda esasan hem katolikler tarapyndan şeýle edilipdir,we käbir derejede prawoslawny ybadathanalar hem muny öňe sürýärler. Emma bu Injilde ýok we Injiliň arassa taglymatyna iman edenler we bu ýoly biziň günlerimize çenli saklanlar bolupdyr. Haçanda hristiançylyk döwletleşdirilende, döwlet ýygnaklary dürli dap dessurlar döredip hemmeleri şoňa boýun etjek bolupdyrlar, emma Injildäki ýok zatlara biz iman edip bilmeris we Injiliň dogry ýoluny ýörederis diýen müňlerçe imanlylar bolupdyr, olary bolsa katolikler yzarlapdyrlar, ezýet beripdirler. Emma olar öz imanyny şol kynçylyklaryň içinde hem saklap galypdyrlar we biziň günümize çenli etiripdirler. Bu üçin hristianlygyň iň uly merkezi Isa Mesihiň Özidir! Vatikan diňe katolikler üçin belkide merkezdir, emma Injiliň hak taglymaty olaryň köp däp dessurlaryn garşy gelýär, hakyky imanly bolsa olaryň köp meselede ýalňyşýandygyny aýdyp olary hem dogry imana çagyrýarlar. Munuň üçin eger parh eden bolsaň, meniň gürrüňlerimiň hemmesi diňe Isa Mesih baradadyr, Vatikan, heýkellere sejde etmek we başga zatlar barada hiç haçan gürrüň eden däldirin we etmerin hem. Çünki hristianlygyň özeni Injildir we Injil hem Hudaýyň HOŞ HABARYDYR, bu hem Hudaýyň Halasgäri iberendigidir!

"Hudaýyň sözi" bn

"Hudaýyň sözi" bn "Hudaýyň ogly" many taýdan birdir diýýärmiň, Sylap?!
Şuňa özüň bir ynanýarmyň?!
"Isa Hudaýdan" diýeňde, "Isany Allah ýaratdy" diýen manyny berýär, seň getirýän delildir meňzetmeleriň bolsa, Hudaýy kiçeltmek bolýar. Hudaý Özünden bir bölek, Öz ruhyny ýer ýüzüne iberme märäçligini çekjek ýagdaýda ejiz bolsa, onda, haşa, Hudaý bolmazdy.

Isany bende we pygamber hökmünde iberdi, mugjyza hökmünde öli närseleri ýene Öz(Allah) razyly bn direltme aýratynlygyny berdi. Şonuö üçinem oňa Yslam çeşmelerinde "Ruhullah" diýilýär. Ýagny, "Allahyň islemegi arkaly, ruh üfleýän, öli jandara jan berýän" manysynda .

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Tagan 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Hudaýyň Sözi we Hudaýyň

Hudaýyň Sözi we Hudaýyň Ogly diýmegiň hudaýlyk häsiýet hakynda alanda bu many birdir. Ýagny Hudaýlyk häsiýet barada gidýär. Bu sebäpden Isa Mesih şeýle diýip bilipdi: "Atam we Men birdiris! Meni gören Hudaýy hem görendir. Ozal-başda Söz bardy. Söz Hudaýdady. Söz Hudaýyň Özüdi" bular Injilde ýazylan zatlar. Başga hiç kime şeýle titullar diýilmedi, näme üçin Isa Mesihe şeýle diýilen. Isa Mesih özüniň hudaýlyk häsiýetini, taglymatynda, ýaşaýşynda, gudratlarynda, Öz sözlerinde hem bildirdi. Ine Isa ene bir erde şeýle diýýär: "Hiç kim Göge çykan däldir; oňa Gökden inen we Gökde bolan Ynsan Ogly (Isa Mesih) çykandyr" Isa şu taýda hem özüniň aýratynlygyny, ýagny ozaldan gökde bolandygyny, Hudaýyň bir bölegidigini aýdýar. Hudaýyň Sözi we Hudaýyň Ruhy diýende bu seniň düşündirişiň ýaly manyda däldir. Eger ýadyňda bolsa men saňa seniň ruhyň we teniň hakynda sorag beripdim. Şonda sen meniň ruhym we tenim birdir, meniň ruhym hem men we tenim hem men diýipdiň. Muňa meňzeşlikde Hudaýyň Ruhy bu nämäni aňladýar, Bu Hudaýyň Özüni aňladýar.
Hudaý hiç bir zada mätäçlik çekenok, Hudaýyň er ýüzüne Isa Mesihde gelmegi, Mukaddes Ruhyny bermegi bu Hudaýyň ejizligini aňlatmaýarda, Onuň gudratyny, merhemetini, söýgüsini, rehimliligini pes derejeli bolan ynsanlar bolan biz barada aladasyny aňladýar. Munuň üçin hem Hudaýyň bu eden işlerine, Isa Mesih arkaly etiren gutulyşyna INJIL ýagny HOŞ HABAR diýilýär!
Biz bolsa, Hudaý muny ýada ony edip bilmeýär diýip Hudaýyň eden işine şübhe etmän, Onuň bu Isa Mesih arkaly bize görkezen belent söýgüsini, rehimini we merhemetini kabul edip Ýaradyjy Gudratygüýçli Biribara minndetdarlyk bildirmelidiris!

Sylap, Hudaý ynsanlara

Sylap, Hudaý ynsanlara merhemet, rehim etmek, söýgüsini bildirmek ýa geljegini alada etmek üçin, ruhyny bir ynsan bedenine salyp, ýerýüzüne ibermäge mätäç däl. Biribara imanyň şertlerinden biri bolan pygamberler, barybir, bu işi edýäler. Hudaý we ynsany beden-ruh taýdan meňzetme getiripsiň, pikirimçe, bu mysalyň ýerliksiz we ýetersiz!

Injilden soň Biribaryň Sözi (kelamy) hökmünde Kuran indirildi. Kuranda göge, Allahyň huzuryna çykanyň Hz.Muhammetdigi (SAW) aýdyň görülýär. Mümkin, Hz.Isa-da çykandyr. Ýöne onuň Allahyň huzuryna däl-de, gögüň mertebelerinden birinde diýip bilýärin Yslam çeşmelerine görä. Hz.Musa-da Allah(yň nury) bn Tur dagynda gepleşipdi.

Bärde Hz.Isany aýratyn beýik görkezjek bolýarsyň beýleki pygamberlerden tapawutlylykda. Elbetde, onuň tapawudy bar, ýöne barsyna serkerde boljak ýagdaýda däl, bu aýratynlyk diňeje Hz.Muhammedde(SAW) bardy, çünki Miraç gijesinde onuň Aksa Metjidinde ähli pygamberleriň öňüne geçip, olara ymam bolup, namaz okatmagy munyň aýdyň şaýadydyr. Hatemül Enbiýa(iň soňky pygamber) bolmagy, Habibullah bolmagy, Makamy Mahmud, Kewser howuzy, Allahyň Rauf we Rahym atlaryna bu dünýäde iň beýik mertebede eýe bolan we ş.m. hem delillerden birnäçesi.

Garaz, sen meniň diýýänlerimi kabul etmersiň, sebäbi, seni şeýle bagly gördüm "Hoş Habar"yňa! Men hem seniň ýazýanlaryňa ynanmaryn, has takygy, troitsaňyza, Hz.Isanyň Hudaýyň ruhydygyna, Injiliňizde Hz.Muhammediň geljeginiň buşdulanmaýanlygyna we ş.m. käbir zatlara ynanamok, ynanjak hem däl!

Meni "Hoş Habar we Hz.Isanyň iň beýik halasgärligine çagyrandygyňy" özümem şaýat bolup tassyk ederin ahyretde, ýöne senem meniň seni hakykata çagyranlygym barada şaýatlyk edersiň-ä?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ata ildeş hoşnietli

Ata ildeş hoşnietli gürrüňler üçin minnetdar, hakykaty diňlemäge we aýtmaga çalyşýandygyňy we hudaýhon adamdygyňy sylaýaryn!

Quote:

Sylap, Hudaý ynsanlara merhemet, rehim etmek, söýgüsini bildirmek ýa geljegini alada etmek üçin, ruhyny bir ynsan bedenine salyp, ýerýüzüne ibermäge mätäç däl. Biribara imanyň şertlerinden biri bolan pygamberler, barybir, bu işi edýäler. Hudaý we ynsany beden-ruh taýdan meňzetme getiripsiň, pikirimçe, bu mysalyň ýerliksiz we ýetersiz!

Men Hudaý muny ýada ony etmäge mätäçdir diýmedim, hawa Hudaý mätäç däl, emma biz Hudaýyň biziň üçin ony ýada muny etmegine mätäçdiris, bu sebäpden Hudaý ony ýada muny biziň üçin edýändir! Bu sebäpden Hudaý Ruhyny, Sözüni er ýüzüne ynsan keşbinde gelip dünýäniň halasgäri bolmaga iberdi. Eger Hudaý şu ýol bilen adamzada öz gutulyşyny üpjün eden bolsa, onda biz muňa minnetdarlyk bildirip, Hudaýyň şeýle belenet söýgüsi we rehimliligi bilen bizi göklerden idäp er ýüzüne gelendigine şükürler etmeli dälmidiris eýsem! Ata ildeş
eger Injil Hoş Habar bolsa, ondaky ýazylanlar hakykat bolsa onda ene bir kitabyň gelmegi ýada pygamberiň gelmegi wajyp bolmaýar, kimde kim men Hudaýdan geldim diýse, pygamber diýse onda ol Hudaýyň Hoş Habaryny, ýagny Injili wagyz etmelidir. Eger Isa Mesih, "Men Ýol, Hakykat we Ýaşaýyşdyryn, hiç kim Hudaýa Mensiz baryp bilmez" diýen bolsa, onda başga bir ýolyň emele gelmegi gerek däldir.
Sen birtarapdna Injile Hudaýyň Sözi hökmünde iman edýärin diýýärsiň, emma içinde ýazylanlara ynanmaýarsyň. Men Isa Mesihi ýokary tutmaga öz özümden synanyşamok, Mukaddes Ýazgylar Ony beýgeldýär, Hudaýyň Özi Öz sözünde Ony beýgeldýär, eger Isa Mesih Hudaýyň Sözi we Ruhy bolsa, Nur bolsa, YOL< Hakykat we Yashaysh bolsa, onda olar Onuň hemmelerden beýikdiginiň subutnamasy dälmi eýsem. Ol Özi barada aýdylanlaryň ählisini durmuşyndan hem, taglymatynda hem, ölüminde we direlişinde, göge galyşynda hem subut etdi. Sen meniň aýdanlarym Injile we Hudaýyň beýleki ýazgylaryna laýyk gelmese ynanma, sen Töwrada, Pygamberleriň ýazgylaryna, Zebura, Injile iman et, şonda höküm edilmersiň!
Meniň saňa Isa Mesihiň Iň beýik Halasgärdigini aýdanyma ahyrýetde şaýatlyk etjekdigiň meniň üçin gaty şatlykly, elbetde men hem seniň maňa eden gürrüňleriň barada şaýatlyk etmäge çagyrylsam şaýatlyk hökman ederin!
Seniň bilen gürrüňdeş bolmagy men hoş görýärin we hoşnietli gürrüňleriň we soraglaryň üçin köp sag bol!

Sylap, garaz, şu ýerde sen

Sylap, garaz, şu ýerde sen ýalňyşýarsyň!
Muňa ahyretde doly göz ýetireris ikimizem iribar we Hz.Isanyň huzurlarynda welin, gijiräk bolmagy mümkin :)

Ýene-de hormat saňa, Sylap!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata ildeş, eger Mukaddes

Ata ildeş, eger Mukaddes Ýazgylary başyndan ýagny Töwratdan başlap tä Yahýa gelen Ylhama çenli okasaň, onuň içinden geçýän bir pikire, ýagny gyzyl sapak ýaly bolup geçýän Hudaýyň gutulyş planyna,ýagny onuň Isa Mesihde erine etişine göz etirersiň. Men olar hakynda öwrenip haýranlar galdym, nädip Hudaýyň eýýäm Erem bagyndan Adam ata we How ene kowulan wagtyndan başlap adamzady ene-de Özi bilen ýitirilen aragatnaşyga gaýtaryp getirmek we jennetine girmek mümkinçiligini açmak planyny aýan edip başlandygy bolsa has hem belläp geçmek erliklidir. Bu sebäpden, eger meniň aýdýanlarym barada hakykaty biljek bolsaň we düşünjek bolsaň, "Dogrulyk Ýoly" atly radio gepleşikleri türkmen dilinde diňläp gör, sen olary www—turkmenhh.org/radio bölümünde tapyp diňläp bilersiň, olar Töwratdan başlap ähli kitaplara esaslanyp taýýarlanan. Belki sen ynanmarsyň olara ýöne sende olar hakynda käbir düşünje bolar.
Edýän hormatyň üçin we dialogy dowam etdirmk isleýändigiň üçin köp minnetdar! Men nirede ýaňyşýan bolsam onda sorag ber we düşündir, men hem saňa düşündirerin!
Men hem seni hormatlaýan,

aslynda, Kuranyň

aslynda, Kuranyň arapçasyny birnäçe gezek, türkçe mealyny(terjime) 1 gezek okap gutardym, Allah hasam bereketlendirsin san taýdan we doly manyda amallaryny hem etdirsin, enşallah!
Okanlygym sebäpli, aslynda, Injili hem okasym gelýär. Iňlisçe Injilim bar, okap düşünmek kyn we köp wagt alar, ýöne ýene-de synanyşmakçy, şonda düşünerin-dä bu ýagdaýa! Mümkin, online türkçesini okaryn, has ýeňil bolar maňa! Türkçe "Hoş Habar" barada ynamdar sahypaň linkini berseň hoşal bolaryn, Sylap! Ýa siziň türkmençe sahypaňyzda barmy ýazgysy, radio däl-de?!

Ýöne çynymy aýdýan, Hudaý bir ynsan bedenini ulanyp, ýer ýüzüne ynsanlary halas etmek üçin gelmegi aklym alanok, umuman, köp ynsan üçin hem şeýlemikä diýýän.
Ýöne sen ýene-de oňat düşündirýäň , sag bol :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata ildeş din ylmyndan

Ata ildeş din ylmyndan bilimlidigiňe, birnäçe dil bilýändigiňe bilimlidigiňe guwanýan we hormat goýýan! Injili okap görmäge bolan islegiň üçin hem minnetdar. Men hem şu wagt Kurany okaýaryn we düşünmäge çalyşýaryn. Seniň hem bu babatda ýazlaryňdan hem peýdalanýan. Şeýle açyk häsiýetli dialog we ikitaraplaýyn sylap hormatly çemeleşmeleriň üçin köp sag bol!

Elbetde Türkçe-de birnäçe websahypalar bar, ondan başgada Turkmençe websitde hem Injilden parçalar bar. Emma eger isleseň, men saňa Injiliň Türmen ýada Türk dilindäki kitabyny poçta üsti bilen ýollaryn. Saňa göni internet üsti bilen hem okap bileriň ýaly salgy tiz bererin!
Eger isleseň meniň bukjama nire olary ýollamalydygyny ýazaý, elbetde içinde dollar tapmarsyň, köp ildeşlerimiz Injil bilen dollar iberýärmişler diýip gürrüň edýärler, beýle zat düýbünden ýalan maglumatdyr.:)

Çäkli bolan ynsan aklymyz bilen Hudaýyň eden köp işlerine aň etirmek kyn bolýar, emma meniň üçin Hudaýyň şeýle edendigini bilmek we ynanmak, Onuň belent söýgüsini, bizi idäp erede gelendigini, merhemetiniň çäksizdigine haýranlar galýan, Ol Gudratygüýçlüdir!

ha-ha-ha, degişmäňi

ha-ha-ha, degişmäňi haladym :)

men saňa pm bn 1 adres bereýin, hem türkmençe hem-de türkçesini ibersene! Içinde dollar hökman däl, mende az-owlak bar ol zadan :)
Bolsa-ha kem bolmazdy diýip degişjekdim aslynda, ýöne degişjek däl :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

senin dinin sana, menin

senin dinin sana, menin dinim mana.
Elde Kur'an gibi bir mucize-i baki varken
Başka bürhan aramak aklıma zaid görünür
terjimesi
(Elde Kuran yaly baky gudrat(mugjyza) barka
Başga burhan(delil) gözlemek aklyma ters görner)

Gadyr aga teoriki din bn

Gadyr aga teoriki din bn praktiki dini garyşdyranlary sebapli pygamberler gelmanmi eyse...

arka çykmasanaaaa
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

bey ba.. yöne ylham bolup

bey ba.. yöne ylham bolup duray diyyanmi onson..:D

diplomata sorag bermäýin

diplomata sorag bermäýin diýsemem soramaly atlar bar.

Injil boýunça Isany haça çüýlälerinde Isa şeýle diýýär: "... Боже Мой, Боже Мой! Для чего Ты Меня оставил?" (Мат. 27:46) (Hudaýym (Taňryn-Allahym)! Hudaýym! Meni äme üçin ýeke goýduň(taşladyň))

sorag isa hudaý bolýan bolsa onuň bu dogasyna nähili düşünmeli. hudaý-isa başga bir hudaýdan medet soraýar? geň dälmi?

"Я послан

"Я послан только к погибшим овцам дома Израилева" (Мат. 15:24)

şu ýazga görä isa diňe ýewreýlere iberildimi?

buny kurhan hem tassyklaýar. kurhanda isa şeýle diýýär: "O cыны Иcpaилa! Я - пocлaнник Aллaxa к вaм" (61:6)

Bu yazgyny kontekst bilen

Bu yazgyny kontekst bilen yagny butin onundaki we yzyndaky yazylanlar bilen okap dushunmage chalyshmaly. Isa ilki bilen ozuninkilere yagny ehudylaryn ichie geldi, olaryn arasynda hem wagyz edip bashlady, emma butin adamzat uchin gelipdi, bu sebapden hem goge gitmezinden on shagirtlerine beren in sonky tabshyrygynda bu hem senin salgylanan kitabyn Matta 28:18-20 sheyle diyyar: "Ähli ygtyýar erde-gökde Maňa berildi. Şonuň üçin, gidiňde ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň. Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn. Omyn" Isanyň aýdan bu sözüne we başgada birnäçe erde aýdanlaryna esaslansaň, onda Isa Mesih baradaky wagyz ähli halklar arasynda wagyz edilmeli we iman edenler Isanyň şägirdi bolmaly, Isa Mesih bolsa Mukaddes Ruh arkaly biz bilen dünýäniň soňuna çenli, ýagny ahyrýetde gaýdyp gelýänçe bile boljakdygyny wada edýär!

injilden setirler "И Сам

injilden setirler
"И Сам отошел от них на вержение камня, и, преклонив колени, молился, говоря: Отче! о, если бы Ты благоволил пронести чашу сию мимо Меня! впрочем не Моя воля, но Твоя да будет" (Лука 22:41-42)

«Eý Ata! isleýän bolsaň bu käsäni menden geçir. ýöne meniň islegim däl seniň islegiň bolsun» diýip doga etmäge durdy»

ata ogul we mukaddes ruh BIRLIK bolýan bolsa onda ol birlik hasaplanýan üçligiň biri bolan isa nädip bu sözleri diýýär «meniň islegim däl seniň islegiň bolsun» olaryň islegleri hem gabat gelenok, özlerä aňyrda dursun. diýmek Allah aýratyn zat, pygamberleri aýratyn. pygamberi bolan isa hem hudaý däl. sebäbi olaryň islegleri gabat gelmedi ýokarda. şonuň üçin kuran şeýle diýýär "Ваш Бог - Бог Единственный. Нет божества, кроме Него, Милостивого, Милосердного" (Коран, 2:163)

Hawa, seniň aýdan

Hawa, seniň aýdan aýdanlaryň Isa Mesih diýdi, emma sen ene bir zada düşün, Isa Mesih 100% ynsandy hem, bu sebäpden ynsan hökmünde ol şol sözleri aýdypdy, ýagny ynsan bolup Hudaýyň erkine doly boýun bolmagy hem bize mysal hökmünde görkezdi. Hudaýyň ozaldan beren kanunlaryny hiç kim doly erine etirip bilmändi, emma Gökden gelen Isa Mesih ynsan bolup olary doly kämil erine etirip Hudaýa 100% boýun bolup görkezdi. Şol sebäpden eger Injili okap öwrenseň Isa Mesihiň Hudaýyň erine etirýän Hudaýa degişli häsiýetleri hem aýan bolýar. Bu onuň 100% ynsan we 100%hudaýlyk häsiýetlerini görkezýär. Ondan başgada, dost
şol salgylanan aýatlaryňyň yzyndakylary hem okap gör, edip bilseň Lukanyň soňuna çenli okap gör, hany seniň musulmançylyga esaslanýan Isa baradaky pikirleriň bilen doly gabat gelýärmi?! Bular hakynda oýlanyp gör! Isa ynanýanlar hiç haçan hem Hudaý üç sany ýada iki sany diýmedi, biz hem Birhudaýa ynanýarys, emma şol bir hatarda Hudaýyň Özüni üç görnüşde hem aýan edendigini hem Onuň Sözünde görýäris we muňa iman edýäris. Eger Hudaý Özüni Ýaradyjy Ata Hudaý hökmünde, bizi idäp ere gelmek bilen ten-jan bolup Isa Mesihde we Mukaddes Ruhda aýan eden bolsa, muny ret eder ýaly biz kim bolarys! Hudaý gudratygüýçlidir, eger şeýle etmek islän bolsa, onda biz muny ret edip bilmeris!

bah... İsa s.a-a ynsany

bah...
İsa s.a-a ynsany problema çykan wagty ynsana öwrülyar kemçiliksiz gezen wagtam Huday bolyamy?
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Huday name islese shony

Huday name islese shony eder, senden yada menden soramaz! Ol beyle yada eyle edip bilmeyar diyer yaly biz ynsanlar kim! Hudayn gudraty hem guyji hem akyldarlygy hem bizing pikirimiz, akylymyz bilen den gelmeyar. Huday islanini eder! Men sana-da aydyaryn, senin uchin Isanyn hudaylyk hasietine ynanmak kyn bolsa, onda ing azyndan Onun eden ishlerine, durmushyna, yagny Ol hakynda Injilde aydylanlara bir iman et, muny etsen belki Ol hakynd ulurak zatlara hem iman edip bilersin!
Bir zady yadyndan chykarma, Isa Mesih senin dowzahdan halas bolmagyn uchin Halasgar hokmunde Gokden ere geldi! Iman etsen gutularsyn, iman etmesen hem dozaha gitmeli bolarsyn!

ynsanlar eyle edip biler

ynsanlar eyle edip biler bilmez hatda yogam diyyar---o başga gürrün
emma!!!
Huday,adamlaryn arasyna 1 bendanin bedenine girip gezmande name eysem hökmüm edip bilenokmy..name üçin hökman İsa pygambere İnjildakisi yaly edip ynanmaly name üçin gurhandaky yaly dal!!!
İnjilema 4 sany...originaly bolsa yok,yok,yok...
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Eger Hudaý şeýle etmek

Eger Hudaý şeýle etmek islän bolsa, men Oňa tekepbirlik edip sen beýle ýada eýle etmelidiň diýip bilmen, Hudaýyň bu eden işi, meniň üçin Onuň belent merhemedi we söýgüsidir!
Injil Isa Mesih hakyndaky kitabyň özüdir. Kuranda edilen gürrüňler, alty ýüz ýyldan soňra aýdylan zat.
Men originaly okap oňa iman edesim gelýär, 600 ýyl töweregi wagtdan soňra ýazylan zatlara däl!

Quote: Isa Mesih 100%

Quote:

Isa Mesih 100% ynsandy hem, bu sebäpden ynsan hökmünde ol şol sözleri aýdypdy, ýagny ynsan bolup Hudaýyň erkine doly boýun bolmagy hem bize mysal hökmünde görkezdi.

Diplomat, eysem sen Musulman boldunmy?

Gen galmaly zat :-O

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Hawa men birwagtlar

Hawa men birwagtlar musulmandym, Injile ynanmayardym, emma hakykata goz etirenimde Isa Mesihe dunyanin ahli ynsanlarynyn Halasgari hokmunde iman getirdim! Eger sen Isany tanasan, sen hem iman edersin!

diplomat wrote: Isa Mesih

diplomat wrote:

Isa Mesih 100% ynsandy hem, bu sebäpden ynsan hökmünde ol şol sözleri aýdypdy, ýagny ynsan bolup Hudaýyň erkine doly boýun bolmagy hem bize mysal hökmünde görkezdi.

Isa %100 ynsandy!!! Diplomat, hany Isa huday yaly bir zatdy sana göra. Yokardaky commentin öz yazyan zatlaryny yalanlayar.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Monte-kristo ildesh, Isa

Monte-kristo ildesh, Isa Mesih 100% ynsandy we 100%Hudaydyr hem, muny men tapamok, muny Isanyn Ozi aydyar we durmushy bilen subuet edyar! Ine shu hem Hudayn gudratynyn in beyigidir, chunki Huday adamzady halas etmek uchin goklerden bizi idap ere geldi we gutulysh yoluny achdy. Bu Hudayn belent merhemeti, belent soygusidir! Bu sebapden hem Hosh Habardyr, Injildir! Muna dushunmek uchin bolsa ilki bilen sen Isa Mesihi hakykat yuzunde tanamalysyn, Islamyn owredishi bilen dal-de Isa Mesih barada original taryhy beryan Injile esaslanyp owrenmelising, shonda sen hakykata goz etirersin! Menin aydyanlarymyn oz ozunden dalde Injile esaslanandygyna goz etirersin!

...

Sen eger Isa aleyhisselamy Yslamyng öwredişi yali tanan bolsadyng, hristyançylyga uymazdyng, sen hristiyançylygy kabul edip, onson Yslamyn öwredişini kritika etmegi öwrenene menzeyan!

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

bor..

bor..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Bah sen hem bir zatlara bor diyjeksiň!"

Quote: Isa Mesih 100%

Quote:

Isa Mesih 100% ynsandy we 100%Hudaydyr hem, muny men tapamok, muny Isanyn Ozi aydyar we durmushy bilen subuet edyar!

Injilden Isa Pygamberin "Men Hudaydyrn" diyyan yekeje bir ayatyny yazsana. Gayrat et. Injilde %100 yoga onun yaly zat.

Injilde Isa Pygamberin "meni dinlan, meni yzarlan, mana uyun, men hakykatdyrn, men şöhledirn, men şemdirn, men yagtylykdyrn, men hoşhabardyrn, men sizin çopanynyzdyrn, men ..." yaly sözleri bardyr. Yöne "Men Hudaydyrn" diyen sözi hiçhili yokdur.

Yokarda da nygtadym, eger Injilde Isan "Men Huday" diyyan sözü bolsady, onda ilkinji Nice Council (Iznik Konseyi) geçirilmezdi. Hristian çeşmelere göra I. Iznik Konseyinin geçirilmeginin sebabi, Hristianlaryn öz aralarynda "Isa adammy, Hudaymy?" diyip jedel etmeleridi.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

PS: Diplomat dost, men

PS: Diplomat dost, men dürli Yewropa döwletlerindaki Hristian jemagatlarynyn zaochniy kurslaryna yazylyp Hristianlygy gowy edip öwrendim. Hristianlyk hakda yazyan zatlarymy şo kurslarda öwrenen/gören zatlara esaslanyp yazyan.

Indi sen bilen basic bir formula yazaly, logichno analiz edeli:

Isa Injilde özüne "Adamyn Ogly" diyyar
[+]
Isa Injilde özüne "Men Huday" diyenok
[=]
Isa adamyn ogludyr, ynsandyr we Isa Huday daldir.

Kompyutere bu formulany milyonlap gezek bersen şo bir netije çykar. Akylly adama bu formulany yazyp bersen, yene de yokardaky netije çykar.

2+2=4 yaly bir zat.

Din diyyanin logika uyaymaly!

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • agashka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! "

Dost, Isanyň Hudaýdygy

Dost, Isanyň Hudaýdygy hakyndaky taglymaty bir çete goýup, men senden Injilde ýazylan başga zatlara iman edýärsiňmi diýsem hem sen olara iman etmersiň, çünki ene-de Injil üýtgedilendir diýen bahanalap başlarsyň. Çünki Injiliň aýdanlaryna ynansaň onda islam gerek däl bolup galýar. Çünki Injiliň maksady, Kuran we Muhammet tarapyndan ret edilen. Injilde iň wajyp bolan zatlar islamda ret edilen. Bular hem Isanyň gökden öň bolandygy we ere gelendigi, ýagny hudaýlyk häsiýeti, Isa Mesihiň dünýäniň günäsini öz üstüne alyp "Gurbanlyk guzy" hökmünde gurban edilmek üçin gelen dünýäniň Halasgärdigi, Isa Mesihiň şol agzalan maksat üçin ölendigi we direlendigi ret edilýär. Bular hem Injiliň özeni bolup durýar, Isa ýöne bir gelen pygamber bolsa, onda Isanyň dünýä gelmegi beýle bir uly derejä, wajyplyga, ýüzlerçe pygamberleriň öňünden Ol hakynda pygamberlik edip öňünden aýtmagyna, Hoş Habar diýilmegi ýaly zatlar bolmazdy.
Eger Mukaddes Ýazgylary öwrenseň, şeýtanyň maksadynyň hem ine şol wajyp zatlar hakynda iman etmezlikdir. Bu sebäpden hem antiçhrist, ine şol taglymatlaryň garşysyna hem göreşýär we gerek bolan ähli zady ulanýar. Mukaddes Ýazgyda munuň garşysyna 2000 müň mundan özal duýduryş berilen.
Sen bolsa gelip şol antiçhristiň öňe sürjek zatlaryny aýdyp Isany diňe bir pygamberligini öňe sürýärsiň!
Bu sebäpden dost gowyja oýlanyp gör, bilşiň ýaly ahyrzamanda Isa Mesih gelip antiçhristi ýok eder we onuň bilen bile herket edenleri hem jezalar!

Öz soragyňa jogap hem

Öz soragyňa jogap hem berjek bolupsyň! Bilşiň ýaly şol maslahatyň geçirilmeginiň sebäbi, Mukaddes Ýazgylara düşünmek hakykatdan hem Isanyň kimidigi hakynda pikirlenmek maksady bolupdyr, çünki Injilde Onuň hem Hudaýlygy hem Ynsandygy barada aýdylan zatlar gaty kän, bu sebäpden olar muňa adam aňlary bilen düşünjek bolupdyrlar we Ýazgylary gözleşdiripdirler, seniň ýaly Ýazgylary ret etmändirlerde, olary gözleşdirip, öwrenip, pikirlenip Isanyň 100%Hudaýlykdygyny we 100% Ynsandygyna düşünipdirler. Olaryň gelen pikirlerini bilmän hem Injil okasaň munuň şeýledigine göz etirersiň.
Indi seniň soragyň hakynda, Ine şeýle sözleri Isa diýdi:"Atam ikimiz birdiris" Ehudylar Ony daşlajak bolup, ene erden daş aldylar. Isa olara "Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin siz Meni daşlajak bolýarsyňyz?" diýdi. Ehudylar Oňa: "Biz Seni ýagşy iş edýänligiň üçin däl, Hudaýa dil etirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys" diýdiler."Siziň ataňyz Ybraýym Meniň günlerimi görjekdigine şatlanýardy; ol gördi we şatlandy" "Heniz elli ýaşa-da barmadyk halyňa Sen Ybraýymy gördüňmi?" diýip, ehudylar Ondan soradylar. Isa olara: "Men size hakykatyny aýdýaryn, Ybraýym dogulmazdan öz hem MENBARDYRYN" diýidi. Şonda Oňa zyňmak üçin daş aldylar...Isa olara şeýle diýdi:"Siz aşakdansyňyz, Men ýokardandyryn; siz bu dünýädensiňiz, Men bu dünýäden däldirin. Munuň üçin Men size "günäli ölersiňiz" diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz, günäli ölersiňiz" diýdi."
Bular eterlik bolmasa, ene: Isa şägirtlerine şeýle diýdi: "Siz Meniň nirä barýanymy, ýoly bilýänsiňiz". Tomas Oňa "Ýa Reb, biz Seniň nirä barýanyňy bilmeýäris, ýoly nädip bileli?" diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: "Men-Ýol, Hakykat we Ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez. Meni tanasaňyz Atamy-da tanarsyňyz, Siz mundan beýläk Ony tanaýarsyňyz, Ony gördüňiz". Filipus Oňa: "Ýa Reb, ATany bize görkez, bize şol bolýar" diýdi.(seniň soragyň meňzeş sorag!)Isa oňa şeýle diýdi: "Eý Filipus, Men siziň bilen şeýle köp wagt bosam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň "Atany bize görkez" diýmäň näme?"
Bu hem eterlik bolmasa : "Isa ölüp direlenden soňra, onkileriň biri bolan Ekiz diýilýän Tomas Isa gelen mahaly olaryň ýanynda däldi. Beýleki şägirtler oňa: "Rebbi gördük" diýdiler. Ýöne ol: "Men Onuň ellerinde çüýleriň yzyny görüp, şol yzlara barmaklarymy degirmesem, böwrüne elimi degirmesem, asla ynanmaryn" diýdi. Sekiz günden soň, şägirtler ene öýdekäler, Toma hem olaryň arasyndady. Gapylar gulply bolsa-da, Isa gelip, olaryň ortasynda durdy-da: "Sze parahatlyk!"diýdi. Onsoň Isa Tomasyň ýanyna baryp, oňa: "Barmagyňy bu ere degir, ellerimi gör, eliňi uzatda, böwrüme degir, imansyz bolma, imanly bol" diýdi. Tomas Oňa: "Rebbim, Hudaýym!" diýdi. Isa oňa: "Sen Meni göreniň üçin iman etdiň. Meni görmän iman edenler nähili bagtly!" diýdi. Isa şägirtleriniň ýanynda bu kitapda ýazylmadyk başga-da köp alamatlar görkezdi. Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy."
Isany tanasaň, Hudaý tanarsyň, çünki Hudaý Isa Mesihde ere geldi we Özüni aýan etdi.
Imanly bol dost we bagtly bol!

(hristianlykda iman sözi

(hristianlykda iman sözi hem de terimi barmay? sen yeri gelende iman yeri gelende Alla yeri gelende de hak hukukdan gürrün beryan.. Sen munça zady nadip öwrendin? naçe wagtda öwrendin.. )eger sen şo bir azaby Yslam üçin eden bolsan sen ahyret güni yüzün belki de ak bolanlardan bolardyn.. dine soraga jogap ber bolany.. sorag skopkada..

Soragyňa düşünmedim,

Soragyňa düşünmedim, iman sözi hem de terimi barmay? diýeniňde näme diýjek bolýanyňa düşünmedim? Täzeden sorag bersene

Quote: Dost, Isanyň

Quote:

Dost, Isanyň Hudaýdygy hakyndaky taglymaty bir çete goýup, men senden Injilde ýazylan başga zatlara iman edýärsiňmi diýsem hem sen olara iman etmersiň, çünki ene-de Injil üýtgedilendir diýen bahanalap başlarsyň.

Men sana şon üçin aytyan, hiçbir hakyky Musulman Hristian bolmayar diyip. Bahana bolsun, sebap bolsun, netije üytgemeyar ;-)

Quote:

Öz soragyňa jogap hem berjek bolupsyň!

Öz soragyma jogap dal, öz pikirimi, taryhy faktlary yazdym.

Quote:

Bilşiň ýaly şol maslahatyň geçirilmeginiň sebäbi, Mukaddes Ýazgylara düşünmek hakykatdan hem Isanyň kimidigi hakynda pikirlenmek maksady bolupdyr, çünki Injilde Onuň hem Hudaýlygy hem Ynsandygy barada aýdylan zatlar gaty kän, bu sebäpden olar muňa adam aňlary bilen düşünjek bolupdyrlar we Ýazgylary gözleşdiripdirler...

Iznik Konseyinin geçirilmegi, Hristian dini üçin reforma hökmünde bir zatdy. Musulmanlaryn Iznik Konseyi hakyndaky pikirlerine garşy (jogap) Hristianlar tarapyn yazylan bir kitapda geçyan faktlar:

1- Iznik Konseyinin geçirilmegi bilen, döwlet dinin işine goşuldy.
2- Rim Imperiasynyn şasy, Konstantinin esasy derdi dini hakykatlary öwrenmek dal-de, öz döwletinin abadançylygy, asudalygy, agzybirligidi. Yagny esasy maksat dinin dal-de, döwletin "gutulmagy"dy.
3- Konseyde geçirilen yygnaklardan son, in sonky, jemleyji karary Konstantin berdi. We Isa üçin "homo-usios" (huday adam)terminini ulandy.
4- Isa üçin "ol son yaradyldy" diyen Hristianlar Konseyden kowuldy.
5- Dürli kitaplardan saylanyp, şugünki Injilin kontenti jemlenip kabul edildi.

Hristian çeşmelerde geçen bu faktlara seredende, şugünki Hristianlygyn Isan gidişinden 300 yyl son emele gelendigini görüp bolyar.
---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Telpek!"

Sen iman et etme, hakykat

Sen iman et etme, hakykat hakykatlygyna galýar! Injil Isa Mesihe Halasgär hökmünde iman etmedigiň höküm ediljegini aýdýar. Sen Hoş Habary eşitdiň, ýagny Hudaýyň seniň günäňiň geçilmegi üçin Özüniň Gurbanlyk Guzyny Isa Mesihde üpjün edendigini, Isanyň gökden gelip ynsanlar arasynda günäsiz ýaşandygyny, adamzadyň günäsi üçin janyny gurban berendigini, ene-de direlendigi we ene-de gaýdyp geljekdigi, her bir iman edene hem dowzah odundan gutulyş we baky ýaşaýyş berjekdigini sen birnäçe gezek eşitdiň. Hudaýyň Sözi bolan Injil bulary aýdýar. Men bulary ret edýärin diýseň, özüň işiň, agzyň bilen aýdanyň üçin we ýüregiň bilen Isa Mesihe Halasgäriň hökmünde iman etmändigiň üçin sen özüň jogapkär!
Dostjan, Konstantiniň döwründen öň ilkinji asyrda ýazylan Injilde, Konstantiniň döwründe we şu günde bar bolan Isa Mesih barada zatlar bar. Bu sebäpden Injil hiç haçan üýtgedilmedi, şol döwüre çenli bar bolan kitaplar bu günler hem saklanyp galýar, şol maslahatyň geçiren kitaplar sanawyny goşulsyn goşulmasyn, olar şu günler hem elýeterli. Eger maksat olar öz pikirlerini öňe sürmek bolsady onda olar bar bolan beýleki kitaplary ýok etmegiň küýüne çykylardy, eger şeýle etmäge çalyşylanda hem bu başa barmazdy, çünki ol ýazgylaryň dürli kopiýalary dürli ýurtlara ýaýrapdy. Uç ýyz ýyllap imanlylar dürli ýazgylaryň originalyndan goçürmelerini dürli erlerde saklýardy. Isa Mesihe iman edenleriň sany bolsa ýüzlerçe müňdi. Bu sebäpden bar bolan golýazmalary ýok edip özleriçe bir Injil ýazmak mümkinçiligi düýbünden ýokdy!