Durmyşyň Manysy hakynda söhbet

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Isa Mesihe degişli ýygnanyşygyň ruhy hyzmatçysy Rik Warren bilen geçirilen interwýu. (from website www_turkmenhh.org)

Rik Warreniň aýaly rak keseli bilen kesselände, özüniň bolsa kitaplaryny satmak bilen şeýle uly “maddy baýlyga” eýe bolan günlerinde, onuň kalbyndan çykýan akylly sözleri eştimek siziň üçin hem ýakymly bolar. Bu ol bilen geçirilen gysgajyk gürrüňdeşligiň iňlis dilinden terjimesi.
“Maksat bilen hereket edýän Durmuş” atly kitabyň awtory we Kaliforniadaky Saddlebaçk ýygnagynyň ruhy çopany.

“Adamlar menden, “Durmuşyň maksady näme?” diýip soraýarlar. Men olara şeýle jogap berýärin: Durmuş bu bakyýete bolan taýýarlykdyr. Biz baky ýaşamak üçin ýaradyldyk we Hudaý biziň Ol bilen jennetde bolmagymyzy isleýär.
Bir gün meniň ýüregim urmasyny goýar, şol günde meniň tenimiň ölmeli wagty gelýär—emma bu meniň soňum däl.
Men takmynnan 60 ýaşdan 100 ýaş töwerekleri erde durmuş geçirmegim mumkin, emma trilionça ýyllar men bakyýetde geçirjekdirin. Bu sebäpden erdäki durmuş wajyp zadyň öňünden taýýarlyk görüp gyzyşmak ýada oýunyň öň ýanyndan taýýarlyk görmek ýalydyr. Hudaý biziň gökde baky meşgul boljak zatlarymyzy, erde praktikadan geçirip görmegi isleýär.
Biz Hudaý tarapyndan we Hudaý üçin ýaradylandyrys we sen muňa durmuşyňda göz ýetirýänçäň, ýaşaýşyňyň manysy bolmaz.
Durmuş bu yzygiderli bolýan problemalar toplumydyr: ýa sen şu wagt bir problemaň içinde, belkide ol birinden çykyp barýansyň, ýada ene bir problema girip barýansyň.
Munuň şeýlediginiň sebäbi bolsa, Hudaý seniň komfort ýagdaýyň dälde, seniň häsiýetiň barada gyzyklanýandyr.
Hudaý seniň durmuşyňy bagtly etmek bilen däl-de, mukaddes etmäge gyzyklanýandyr.

Biz käbir derejede erde wagtymyz bagtly bolup bileris, emma bu durmuşyň maksady däldir. Durmuşymyzyň maksady, häsýetimizde ösmek, Isa Mesihe meňzemekdir.
Geçen ýyl meniň durmuşymda iň bir belent ýyl boldy, ýöne şol bir hatarda iň bir kyn ýyl boldy, çünki meniň aýalym Key rak keseli bilen kesseledi.

Men öňler, durmuş depelere we julgelere meňzeş—sen garaňky wagtdan geçýäň, soňra dagyň depesine çykýaň, şeýle hemişe gaýtalanýar diýip pikir edýärdim. Men indi beýle pikir edemok.
Durmuş depeler we julgeler bolmagyndan ötri, durmuş demir ýolundaky iki sany demir relslere meňzedýärin, muňa meňzäp hemişe durmuşyňda bir tarapdan gowylyk we beýleki tarapda erbetlik bolup geçýär.
Durmuşyňda nähili gowylyk bar bolsa hem, şol taýda hemişe hem seniň iş salyşmaly erbetlik hem bardyr.
Durmuşyň nähili erbet bolsada, Hudaýa minnetdarlyk bildirmeli nähilidir bir gowylyklar hem durmuşyňda bardyr.
Sen durmuşyňdaky maksatlara ýada ondaky problemalara üns berip ýaşap bilersiň.
Eger sen problemalaryňa üns berip ýaşasaň, durmuşyňda “men-merkezlige” uçraýaň, ýagny “meniň problemam, meniň aladalarym, meniň jepam...” Emma jebir jepalardan dynmagyň bir aňsat ýoly bolsa, unsi özüňden aýyrmak we ony Hudaýa we beýlekilere gönükdirmekdir.
Müňlerçe adamlaryň dileg-ýalbarmalaryna seretmezden, aýalym Keýi Hudaý sagaltmajakdygyna we ol üçin eňil etmejekdigine tizden tiz göz etirdik.
Bu ol üçin gaty kyn boldy, ýöne Hudaý onuň häsýetini berkleşdirdi, başgalara hyzmat etmek üçin hyzmat berdi, oňa şaýatlyk berdi, ony Özüne we adamlara ýakynlaşdyrdy.
Sen durmuşyňda, ikisi bilen hem, ýagşylyk we ýamanlyk bilen hem iş salyşmagy öwrenmeli bolarsyň.
Dogrusyny aýtsam, kämahal gowylyk bilen iş salyşmak kynrak bolýar. Mysal üçin, geçen ýyl, kitabymyň 15 miliony satylanda, birdenkä men gaty baý adam boldym.
Bu şol bir hatarda, meň tejribämde öň bolmadyk gaty uly meşhurlyk hem getirdi. Hudaý adama arkaýyn durmuşda ýaşasyn ýada diňe şahsy bähbidi üçin, men-menligi üçin meşhurlyk ýada pul bermeýär.
Bu sebäpden men bu pul bilen, meşhurlyk bilen we täsirlilik bilen näme etmelidigimi Hudaýdan sorap başladym. Ol maňa Mukaddes Ýazgylardan iki dürli aýatlary berdi, şolar hem meniň näme etmelidigimde kömek etdi. Ol aýatlar 2 Korintoslar 9-njy bap we Mezmur 72.
Ilki bilen, gelýän pullara seretmezden, hiç hem öňki durmuş dolandyryşymyzy uýtgetmeris dien çözgüde geldik. Biz hiç hili uly zatlary satyn almadyk.
Ikinjiden, geçen ýylyň ortalarynda men ýygnanyşygymyzdan ruhy çopan bolup işleýändigim üçin aýlyk almazlygy çözdüm.
Üçünjiden, “Parahatlyk Çäresi” atly gurama döretdik, bu guramanyň maksady bolsa hudaýhon liderleri etişdirmek, garyplara ýardam etmek, keselleriň aladasy etmek we geljekgi nesli bilimli edip etişdirmekdir.
Dördünjiden, geçen 24 ýylyň içinde ýygnakda (kilise) eden hyzmatym üçin maňa tölenen aýlyklaryň hemmesini hasaplap yzyna gaýtaryp berdim. Bu bolsa meni Hudaý mugt hyzmat etmegime meni erkin etdi.
Biz şeýle diýip sorag bermeli: Men zat üçin ýaşajakmy? Meşhurlyk üçinmi?
Men basyşlar netijesinde durmuşymy herekete getirjekmi? Günäkärlik duýgusy bilenmi? Gazaplanmak? Materializm bilenmi? Ýada men Hudaý meniň durmuşym üçin maksatlary bilen herket ederinmi?
Men her gün irden oýananymda, düşegimiň gyrasynda oturýaryn-da, şeýle diýýärin: Hudaýym, eger men bu gün hiç bir zat edip bilmesem-de, Seni köpräk tanamak we gowyrak söýmek isleýärin. Hudaý meni bu ýaşaýyşda, diňe bir erine etirmeli bolan işler sanawyny berjaý etmek üçin goýmady. Ol meniň näme erine etirýändigimden ötri, meniň nämedigim bilen köp gyzyklanýar.
Bu sebäpden biz işleýän ynsan diýip däl, ýaşaýan ynsan diýip at berildik. (Ýaşamak üçin işläp bolýar, emma işlemek üçin ýaşamaly däldiris)
Bagtly pursatlarynda, HUDAÝA ÖWGI AÝT
Kyn pursatlarda, HUDAÝY GÖZLE.
Parahat pursatlarda, HUDAÝA SEJDE ET.
Jebir-jepaly pursatlarda, HUDAÝA BIG BAGLA.
Her bir pursatda, HUDAÝA MINNETDAR BOL.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

OOOOOOOOOOOOO!Görýän

OOOOOOOOOOOOO!

Görýän welin hristianlygy wagz edýän ýalyla! Türkmen dilinde oňa tersa diýilýär.
Ilki biraz kino gör.

www_imamtv.com/vse_propovedi__Didata.htm

Лекция Шейха Ахмада Дидата "Христос в Исламе" 298 mb
Шейх Ахмад Дидат «Христос в Исламе» скачать http://archive_org/download/Illii/___WWW.IMAMTV.COM___xristosvislame.wmv 345 MB я
Шейх Ахмад Дидат «Распят ли Иисус?» скачать http://archive_org/download/liiIiIl/___WWW.IMAMTV.COM___raspyatie.wmv 215 MB

_islamic_ru/video/

Soň biraz Oka
http://www_islamreligion_com/ru/category/68/
_molites_narod.ru/ahlilkitab/index.html
Soňam sagdyn PIKIR ET!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Erkek! Berekella :-)"

Name Deedatyň hakykata

Name Deedatyň hakykata esaslanmadyk zatlaryny bu tayda yatladýaň. Deedatyň aýdanlaryny ondan başgada köp Isa Mesihe garşy edilen göreşler kan okap seredip gördüm, olarda sakgala sürter ýalyda hakykat aýdylan däldir.
Ondan başgada, Deedatyň bu günki gün dilden hem sözden galyp, paraliç bolup ýatanyny hem ýatdan çykarma. Oňa birnäçe gezek Isa Mesihe garşy göreşiji bolma diýip duýduryş berilenden soň hem şol bir zatlary gaýtalamak bilen, Hudaýyň jezasyny eýýäm çekip oturandyr. Bu sebäpden sen hem Isa Mesihe garşy göreşiji bolup, şeýtanyň tarapynda bolmakdan gork!
Olar ýaly ýalany wagyz edýänleriň gepine girmede, özüň Injili okap öwren, hakykaty gözle, Hudaýdan sora, belkide Ol seniň gözüňi açar!

Hristianlara göra Hezreti

Hristianlara göra Hezreti Isa haça asyldy, onda sen mentalitetyna göra olam Hudayyn jezasyny çekdimi?

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Hezreti Isa Mesihiň haça

Hezreti Isa Mesihiň haça çüýlenmegi seniň günäleriň üçin, seniň dowzahda ýanman Hudaýyň jennetine girmegiň üçin bolup geçdi! Isa Mesih janyny haçda öldürilmäge meýletin berdi. Ol muňa garşy durup, Oňa zyýan etirjekleri ýok hem edip bilerdi, emma Onuň dünýä gelmeginiň esasy maksady onuň "gurbanlyk guzy" kimin öldürilmegi, ölüp ölümden ene-de direlmegidi we her bir oňa iman edene hakyky umydy bermekdir!
Bu sebäpden sen Deedaty Isa Mesih bilen deňeşdirip gaty köp günä galýarsyň!

(Predpolojim chto) Hezreti

(Predpolojim chto) Hezreti Isa bizin günalerimizi
"aklamak" üçin öldürildi. Onda hemmamiz günasiz, bas onda güna işlap yaşaly, kak nikak Hezreti Isa bizin deregmize bütin adamzadyn jezasyny (uje dawno) çekdi.

Bu diyyaninde logika yoga dossss!

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Isa Mesihin gunamizin jezasy

Isa Mesihin gunamizin jezasy uchin oldirilendigine dushunmek islesen, Mukaddes Yazgylardaky Ybraym pygamber hakyndaky bir hakykaty uns berip dinle: Ybrayma Huday in gowy goryan olguny "yakma gurbany" getirmegi buyuryar, elbetde Ybrayum uchin bu enil dushmeyar, emma ol ahli zady gerek bolsa upjun etjek we chykalga berjek, hatda olini olumden hem direltjek Hudaya iman edyar, ogluny dagyn depesine alyp chykyp, bir yakma gurbanlyk sypasyny dashdan yasayarda, ustune odun uyshuryar, shonda ogly kaka, odun bar, pychak we yup bar welin, gurbanlyk guzysy nirede diyip sorayar, Ybraym ogluna "Huday upjun eder" diyip jogap beryar, sonra oglunyn elini we ayagyny danyp onyn damagyny chalmak uchin pychagyny galdyranda, Huday ona, "ogluny oldurme, Huday senin imanyny gordi" diyip asmandan "bir gochy" iberyar, Ybrayym shol Hudayn upjun eden gochyny alyp, oglunyn deregine Hudaya gurbanlyk getiryar. Shol dagda hem Isa Mesih gurbanlyk guzy hokmunde odurilyar. Hatda Huday shol Ybraymyn dowrunde gorkezen zatlary bilen hem wagt gelende ahli adamzadyn gunasinin jezasynyn erine ojek "Guzy" yagny Isa Mesihi suratlandyryp gorkezipdi. Indi senin soragyn, eger Isa Mesih bizin gunalerimizi bagyshlan bolsak, onda indi guna edip yashabermelide, elbetde yok, eger biz Hudayn bize gorkezen belent soygusine, merhemetine, rehimine dushunen bolsak, biz guna etmezlige synanyshyp, butin omur Ona minnetdar bolup yashamaga chalysharys, imanymyz artyp butin durmushymyzy Hudaya bagsh ederdik. Ybraym Hudayyn oglunyn deregine beren gurbanlygy uchin hasda begendi we durmushynyn sonuna chenli belent iman gorkezdi, hatda Hudayn dosty diyip at aldy. Bu namani gorkezyar, Huday Isa Mesihde meni dowzah odundan halas eden bolsa, menin yuregime Mukaddes Ruhyny berse, men guna etmage begenerinmi, elbetde yok, men guna etmani yigrenerin!
Bu sebapden, bularyn hemmesinde logika bar! Bulara dushunmek uchin kop akyldarlyk gerek dal-de, kalbyndaky yonekeylik, Hudayn etjek ishine we eden ishine bolan Ybraym pygamberinki yaly iman gerek! Ybrayym Hudayn "upjun edenine" shubhe etmedi, bu habary etiren perishde bilen hem dawalashmady-da begench bilen kabul etdi, chunki Ybraym uchin oglunyn janynyn shol wagt gutulmagy gaty wajypdy we ol Hudaya iman edyardi. Eger sen hem janynyn dowzahda yanjakdygyna bir dushunsedin we Isa Mesihin senin dowzahdan halas bolmagyn uchin Oz janyny gurban edendigine bir goz etirsedin onda sen Ona minnetdar bolardyn! Emma gynansak-da, sen muna dushunmek islemeyarsin, we janyn uchin HOSH HABAR bolan INJILIN bushlugyny ret edyarsin!

"sheytmeli, sheytmeli"

"sheytmeli, sheytmeli" diyyan-de, "sheytmeyanlere" name bolya, shony aytsana! Shukur edip gowy yashayanlaram, her hili guna ishleyanlerem Jennetdemi onda? a onda dowzah nama gerek?

Bayat-Hajy wrote: a onda

Bayat-Hajy wrote:

a onda dowzah nama gerek?

"Sen we men yaly, Hz.Isa'nyn oz gunaleri uchin olenine ynanmayanlar uchin gerek" :))

Hudayn hak yoluny kabul edip

Hudayn hak yoluny kabul edip ona boyun bolanlar jennetde, Onun hak yoluna kabul edip ol yolda gezmeyanler hem dozaha gider! Hudayn hak yoly bolsa bir bolek dal, Yaradylyshdan bashlap Injilde doly ayan edilen! Gadymy dowurlerde pygamberlerin ayan edip gelen Hak Yoly, ISA Mesihdir! Bu sebapden Isa Alehsalam "Men YOL, HAKYKAT we YAŞAÝYŞDYRYN" diýdi.
Sen bu hakykata ynansaň hem ynanmasaň hem hakykat hakykatlygyna galýar, emma bu hakykata bolan seniň garaýşyň we imanyň seniň bakyýeti nirede geçirjegiňi welin kesgitleýär!

Durmuşyn manysy: agaçdan

Durmuşyn manysy: agaçdan yasalan heykele ybadat edip hemme zady ondan islemekdir (mika).

PS: Heykeljik kawagt demirdenem yasalyar.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Ildeş, men saňa agaçdan

Ildeş, men saňa agaçdan ýada demirden ýasalan haç barada gürrüň etdimmi? Bu taýda heýkel barrada hiç bir zat gürrüň edilmedi. Isa Mesihe iman edýänler seniň oýlanyşyň ýaly heýkele sejde etmeýärler! Katolikler we prawoslawnylar edyandir, emma Injile hakykatda ynanyanlar edýän daldir! Hemmeleri bolsa bir kategoria salmak bolsa nadogry bolar! Isa Mesih Injilde heykele sejde etmegi atmady, bu sebäpden hem gürrüň bu günki gün bir toparyň muňa ýada nahili ynanýandygy barada dälde, Isa Mesih barada. Munuň üçin saňa Injil okap ondaky taglymata göz etirmek gerek!

Diymek yuwaş yuwaş

Diymek yuwaş yuwaş düzelyanizda :-) Birazajyk wagt geçsin, Isan Huday Tgallan ogludygy hakyndaky pikirdenem yüz öwürersiniz, enşallah.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • viola 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! gülüp hezil ettim :)))"

Men yokardan yazan jogabyma

Men yokardan yazan jogabyma seretsen, men olardan yuz owuryan diymedim, chunki men on hem heykele, yada hacha ynanmadym-da Hudayn Injilde aydanlaryna ynandym. Sen bolsa Hudayn Injiline iman etman imansyzlygyna galyarsyn.
Eger Huday Isa Mesihe sheyle uly dereje beren bolsa, onda sen ona garshy durar yaly name?! Hudaya we Onun hakykatyna garshy gitmek sana bashartmaz. Mukaddes Yazgyda sheyle sozler bar "Ussalaryng ret eden dashy, burchyng bashy boldy...Kim bu dashyn ustune yykylsa, bolek-bolek bolar, ol birinin ustune gachsa, ol ony mynjyradar" bashga erde "Yahya pygamber shagirtlerini Isa Mesihin yanyna iberip: "Sen shol geljek Mesihmi yada biz bashga birine garashmalymy? diyip olara soratdy. Isa sheyle jogap berdi:"Gidin-dej goren-eshidenlerinizi Yahya habar berin. Korler goryarler, agsaklar yoreyarler, heywere keselliler tamizlenyar, kerler eshidyarler, oluler direlyar, garyplara Hosh Habar wagyz edilyar. Men sebapli budremedik bagltydyr" Dost, Isa Mesih barada budremejek bol, chunki Ol shol "ussalaryn ret eden dashydyr" eger sen Onyn Ozi hakynda aydanlaryny ret etsen, halyn erbet boljagyny, Mukaddes Yazgy onunden duydyrysh beryar. Bu sebapden oylan, Biribardan hakykaty gorkezmegi dileg edip INJIl-i chyn yureginden iman bilen okap owren!

Yalnyshmasam, Injilde Isa

Yalnyshmasam, Injilde Isa (a.s.)-yn Pygamberimiz (s.a.v)-in geljekdigi barada aydylyan bolmaly, ozem bushlayar we "O'na iman edin" diyyan bolmaly... Men Injil barada kan bilemok, bilyanler shu tayyk yazsalar gowy boljak...

diplomat, eger sen Isa (a.s.)-a ynanyan bolsan, onda onun aydan zatlarynam berjay etmeli, sheyle dalmi? Ya Injilin sizin versionynda o yerlerini ayyrdynyzmy?

Men ona onki temalarynda

Men ona onki temalarynda tonnalap argument getiryadim, yone yene-de gepi uzadyp, 1 gurrunin tovereginde 10 krug aylanmakdan bashga edyan zady yok, sonunda-da "Logika
uysa-da, uymasa-da ynanaymaly" yaly 1 zat diyipdi, shondan son oynap gel diyip, indi
yazamok :))
Kellani agyrdyp oturma, 78 sany argument getireninde-de oz diyeninden danmeyar, on
problemasy argument ya-da logika-da dal, ynanmak isleyan "halas ediji"-sini elden
gidirmek islemeyshinde(eger aydyan zatlaryna ozi ynanyan bolsa). IMHO !!

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Tagan 1 telpek goyyar we yazyar: "Palwandanam NOKAT gelerdi öza :D"
  • agashka 1 telpek goyyar we yazyar: "TOÇKA"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "NOKAT!"

Mergen, seniň getiren

Mergen, seniň getiren argumentleriňe we soraglaryňdan men gaçmadym we olara Mukaddes Ýazgylardan jogap getirdim. Men bir zadyň daşyndan 10 krug aýlansam hem hakykatyň daşyndan aýlanýan, çünki Hudaý Isa Mesihi Hakykat edip goýdy ynsan üçin. Sen adam logikasy bilen düşünjek bolýaň hemme zada, ýone adam logikasy Hudaýyň logikasy bilen gabat gelmez, biziň akyldarlygymz çäklenendir, bu sebäpden Hudaýyň aýan edenine iman etmelidiris. Beýle diýmek bilen logikany aradan aýramok, elbetde her bir zada düşünmek üçin logiçny oýlanmak gerek, meniň diýjek bolýan zadym biziň aňymyzyň çäklidigi, bu sebäpden hem imanyň gerek bolýandygy.
Gürrüň "meniň halas edijimi" taşlap taşlamazlykda däl-de seniň Isa Mesih hakynda büdremezligiň, çünki şeýtan seniň Isa Mesihiň seniň Halasgäriňdigine ynanmagyňy islemeýär, çünki Hudaýyň Ony Gutulyş Ýoly edendigini ol gowy bilýär. Bu sebäpden men öwran öwran bu hakynda gürrüň edýän. Çünki Isa Mesih hakyndaky gürrüňe INJIL ýagny HOŞ HABAR diýilýär!

Sylap: 1-Reb; 2-Taňry; 3-Hud

Sylap:

1-Reb;
2-Taňry;
3-Hudaý;
4-Biribar;
5-Halasgär
6-ynsan;
7-bende;
8-pygamber;

şu ýokardakylaryň manysyna doly düşünseň, onda ilkinji 4-üň Allah üçin, soňky 4-üň bolsa, Hz.Isa, Hz.Muhammed we beýleki pygamberler üçin ulanylýandygy mälim bolsa gerek?!Halasgär bir Hz.Isa däl, ähli pygamberler we olara tabyn bolanlar, has takygy, olaryň taglymatyna sözüň doly manysy bn eýerenler. Seniň şu ýagdaý boýunça tersiräk düşünjäň bar ýaly?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata seniň sanap

Ata seniň sanap geçenleriň manysyna men gowy düşünýän. Sen bir zada düşün, Isa Mesih ýöne bir pygamber däldir, ol aýratyndyr. Bu sebäpden hem Ol hemmelerden uýtgeşik, Onuň biziň dünýämize gelişi, ýaşaýşy, taglymaty, ölümi, direlişi wadalary hem aýratyn we has tapawutlydyr, ýagny ýunik! Hiç bir pygambere hem göniden göni Isa Mesihe berilen titullaryň hiç birisi hem berilmändi. Muny kabul etmek we düşünmek kyn bolsada bu şeýle. Hiç bir pygamberiň dünýä gelmegine Hoş Habar diýilmedi. Näme üçin Isa Mesihe HOŞ Habar diýilýär, hiç bir pygambere halasgär diýilmedi, Isa Mesihe Halasgär diýilýär. Hiç bir pygamber "Men YOL, HAKYKAT, YAŞAÝYŞDYRYN" diýmedi. Munuň deregine Isadan öňki pygamberler, Isa Mesih hakynda gürrüň berdiler. Isa Mesih ähli pygamberlerden hem tapawutlydy! Isanyň bolsa hudaýlyk häsiýetini Hudaýyň Mukaddes Ýazgylary subut edýärler.

men hem başlaýynmy

men hem başlaýynmy "Hz.Muhammediň hormatyna ähli ynsanlar, şol bir sanda pygamberler hem ýaradyldy!"
Ýokardaky ýazgy barada Biribaryň aýdýany bir hadysda şeýle beýan edilýär: "Eý, Habybym(söýgülim), sen bolmadyk bolsadyň, felagy(älem) ýaratmazdym!"

Diýmek, Allahyň Hz.Muhammedi ýaratma plany, şu älemiň ýaradylyşyndan has hem öň bar.
Hz.Isanyň ýaradylmagy hem şoňa bagly, ýagdaýa düşünýäň dälmi?!

Her bir pygamberip özüne degişli aýratyn bir ady bar öz kowumlarynyň we gelen asrynyň aýratynlyklaryna baglylykda. Meselem:

1-Hz.Muhammed(SAW) - Habybullah (Allahyň söýgülisi);
2-Hz.Isa - Ruhullah (Allahyň ruhy);
3-Hz.Ybrahym - Halylullah (Allahyň dosty);

ynha, meniň bilýänlerim. Elbetde, her bir pygamber beýlekilerden üýtgeşik aýratynlyklara we atlara eýe bolandyrlar, ýöne beýdip, Hz.Isany hudaýlaşdyrmak nämä gerek, ony bende we ilçi edip görkezseň has amatly dälmi?! Hz.Muhammed barada "şaýatlyk sözünde" hem ilki Onuň bendeligi, soň ilçiligi barada aýdylýar.

Hz.Isanyň wezipesi: Allahyň buýrugy boýunça, özünden öňki gelen Hz.Musanyň taglymatlaryny kämilleşdirmek, käbirlerini üýtgetmek we has köp hökümleri ynsanlara bildirmek, birem, özünden soňky geljek iň soňky pygamber (Hatem'ul Enbiýa) bolan Hz.Muhammed bn buşdulamakdy. Ondan başga-da, ýene-de Allahyň rugsat/emir bermegi bn ýerýüzüne gelmegi bolmaly kyýamatdan öňünçä. Ýene yslam çeşmelerine görä, ol Allahyň rugsat bermegi bn mugjyza hökmünde öli ynsanlary janlandyryp bilýärdi (köp däl, sanlyja bolaly), hassa we şikesli ynsanlary sagaldýardy. Ynsanlara hakykaty wagyz edýärdi.

Mundan başga wezipeleri, aýratynam, Hudaýlyk wezipesini ýa-da Hudaýyň Isanyň bedeninde ýerýüzüne ineneni aýtjak bolubam oturma! Men Injilde beýle ýer okamadym, baram bolsa ynanamok şoňa!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Injiliň hiç erinde hem

Injiliň hiç erinde hem Muhammediň geljegi barada aýdylan däldir. Bu taglymaty öňe sürýänler munuň üsti bilen öz ýollarynyň nädogrydygyny subut edýärler. Eger şol islamçy alymlaryň bu barada salgylanýan aýatlaryny alyp öwrenseň, munuň nädogrydygyna doly göz etirersiň. Bu hakynda men şu mowzukdaky jogaplarymda ýatlap geçdim we delil getirip gurruň etdim. Sen bu soragyňa ol taýdan jogap taparsyň! Yada bu hakynda ine shu taydan hem koprak owrenip bilersin:http://www_turkmenhh.org/2008/06/16/turkmen-ildeslerimizin-kabir-soraglaryna-jogaplar/

Hawa ildesh, eger Isa ynanyan bolsan onda onun aydan zatlarynam berjay etmeli! Sen hem Injili okap owrende, bu soragy ozunede berip gor we biz Injile ynanyas, Isa hem ynanyas diyyan dostlarynada bu soragy ber we Isanyn aydanlaryny berjay etmage chagyrysh et, shonda dogry ish edersin!

Injillerin diymek isledinmi?!

diplomat wrote:

Injiliň hiç erinde hem Muhammediň geljegi barada aýdylan däldir.

Injillerin diymek isledin sheylemi? Sebabi hazir 4 sani Injil bar dalmi name?

Imansyz özüň bolaýma-la,

Imansyz özüň bolaýma-la, Sylap?!
Biz Yslam dininiň kada-kanunlaryna görä iman edýäris. Onuňam şerti 6. Şol şertdäki Ýeketäk Allaha ynanma şertiniň tersine, siz bende bolab Hz.Isa "Rab"lik, Taňrylyk sypatyny ýelmeýäňiz! Ynha, şol iman şertlerinden birini inkär etseňiz ýa üýtgteseňiz, onda iman etmeýän bolýaňyz!
Gelip, bärde hristiýanlyga görä bize "imansyz" diýip otyrma bar-a, pikifrlenipjik ýaz şu zeýilli ýazgylaryňy!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Men hiç bir erde hem

Men hiç bir erde hem köphudaýylyk barada gürrüň etmedim, Hudaýyň Biribardygyny men hemişede aýdyp geçdim we muňa iman edýan. Isa Mesihe imanlylar köp hudaýa ynanýar diýip tassyklap siz nädogry zatlary pikir edýärsiňiz. Isa Mesihe iman edýänleriň Birhudaýa ynanýandygyny diňe bir dini taglymatlary öwrenýänler dälde, dünýewi alymlar we ýazgylar hem tassyklaýar. Eger biler bolsaň,dunýewi maglumatlarda-da moneteizm dinlerine (birhudaýlyk) degişli edilip Ýahidiy, Mesihilik (yagny hristianlyk) we musulmançylyk hasaplanýar. Men Isa Mesihiň hudaýlyk hasiýeti barada we Hudaýyň birligi barada öňki ýazgylarymda hem düşündirdim. Meniň Isa Mesihiň hudaýlyk hasiýeti hakynda aýdanlarymy käbir derejede seniň iman edýän kitabyň Kuran hem ýatladýar. Kuranda Isa Mesihe "Hudaýyň Sözi, Hudaýyň Ruhy, Nur diýilip at berilýär. Hiç kime hiç haçan şeýle diýilmändi! Bu sebäpden Injiliň aýdýanlaryna imanly bol imansyz bolma dost!

Sylap, men Injiliň

Sylap, men Injiliň Biribardan gelenligine we hak kitaplygyna ynanýaryn, hristiýanlaryňam ýeketäk bolan Allaha ynanýanlarynyň, elbetde, bular, Allahyň Hz.Isadan soň iň soňky iberen pygamberi Hz.Muhammede(SAW) hem ynanýanlaryna, sözüň doly manysy bn, "mümin", ýagny, "hanif", ýagny, "Bir Allaha ynanýanlar" diýýärin! Ýokarda belleýşiň ýaly, olar: jöhitler, hristiýanlar we musulmanlar, birem, olardan öňki hak dinlere tabyn bolanlar.

Injiliň we Töwratyň käbir aýatlarynyň üýtgedilenligi barada bolsa, Kuranda birnäçe deliller bar. Kuranyň gönüden-göni Biribar tarapyndan goraljagy barada we ähli dinlere üstün etmek üçin Hz.Muhammedi hak din bn iberenligine degişli-de deliller bar, hatda, seň açan "pozitiw pikir"li blogyňda ýazypdym olardan käbirlerini.

Seret, sen öňler Hz.Isa üçin "taňry, reb" diýipdiň. Ynha-da delili:
link: http://www.tmolympiad.org/?q=node/1345#comment-23973

diplomat wrote:

...Hawa Isa Mesihe REb hem diyilyardi we bashgacha aydanda Huday "ynsan keshbinde" dunya geldi diyilyar.
Adamlaryn sheyle bir erbetligine hich hili shubhe yok. Ynsan in gowy zatlary etmage, we in erbet zatlary etmage hem ukuply! Shonun uchin ozlerine yagshylyk etmage gelen birini, yagny Halasgar Isa Mesihin oldurmekden olar gaytmadylar. Yone shol bir hatarda Isanyn oldurilmeginde Hudayun plany bardy, chunki Huday Isa arkaly butin adamzada gutulush mumkinchiligini bermek isleyar. Senin dushunmeli in esasy zadyn, Isa Mesihin name uchin dunya gelendiginde we Onun sana hem baky yashayshy bermek isleyanligidir!

Ýokardaky ýazgyň boýunça, sen Hudaýy ynsan sypatyna sokup, ýerýüzüne gelen we ölen ýaly edip görkezipsiň?! Ynha, şunyň bn hakyky imanlydygyňa ynanar ýaly däl!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata ildeş, sen bir tarapdan

Ata ildeş, sen bir tarapdan Injil Allatagalladan gelendigine ynanýan diýýäň, beýleki tarapdan şol Allatagallanyň hem Injiliniň üýtgedilendigini nygtaýarsyň. sorag: Hudaý Öz Sözüni gorarmy? Ynsanlaryň janynyň dowzah odundan nahili gutuljakdygy hakynda Ýol bolan Isa Mesih hakynda bolan INJIL-i goramazmy? Elbetde gorar! Indi Injiliň ýada Töwradyň üýtgedilendigi barada delilleriň bar bolsa sen getiräý! Injil ýada Töwrat üýtgedilendigini subut etjek bolsaň onda sende olaryň iň gadymy golýazmalary bolaýmaly, sen şolar esasynda hem olaryň üýtgändigini subut etmelisiň. Elbetde Hudaýyň Sözüni öz bähbidi üçin üýtgetjek bolýanlar ýada düşündirjek bolýanlar hemişede bolupdyr, ýöne Hudaýyň hak sözüni goraýan imanlylarda bolupdyr, Hudaý olar arkaly we başgada gudratly ýollary arkaly Öz Sözüni biziň günlerimize çenli gorap gelipdir. Isa Mesih Özüniň sözüniň ýitip gitmejegini şeýle diýip aýdypdy: " Ýer we gök geçer, Meniň sözüm asla geçmez"Bu sebäpden hem Onuň sözi geçmez.
Isa Mesihiň hudaýlygyny men saňa aýdamok, muny Hudaýyň Özi aýdýar. Eger men saňa aýdýan zatlarymy özümden düzüp aýdan bolsam onda maňa ynanma, eger Hudaýyň Sözi aýtsa onda imansyz bolup günä galma! Sen meniň şu soragyma jogap ber: seniň teniň senmi ýada seniň ruhyň senmi?

bolýar, men hen häzir

bolýar, men hen häzir saňa ony subut edeýin.
Ýöne men doly manyda Kurana ynanýaryn, onuň Allahyň iň soňky kelamy, Yslam dininiň bolsa iň soňky hak dinligi barada Kurandan aýatlar goýjak. Munda şübhäň bar bolsa, ýene jogap berersiň şol öňki däbiňe görä!

Aýat delilleri aşakda goýmakçy.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

bolýar, sen maňa meniň

bolýar, sen maňa meniň saňa beren soraglaryma-da jogap ber! Injiliň haçan üýtgedilendigini hem subut et, Kurandan öňmi, soňmy bular barada hem gurruň et, subutnamalar getir!

Injil we Töwrat, elbetde,

Injil we Töwrat, elbetde, Kuran gelmäkä üýtgedildi, hatda, Kuran gelensoňam käbir üýtgedilişler girizilen bolmagy mümkin. Men subutnama hökmünde Kyaýamata çenli üýtgedilip bilmejek Kuranda kä aýatlary goýmak bn etmekçi, ynha:

1-) Bakara (41) : Siziň ýanyňyzda bolan Töwraty tassyk etmek üçin indiren Kuranyma iman ediň, ony inkär edenleriň başyny siz çekmäň! Aýatlarymy azajyk baha deregine, ýagny, dünýä mülki üçin satmaň! Asyl Maňa garşy gelmekden uzak duruň!

2-) Maide (44) : ...Aýatlarymy azajyk baha üçin satmaň! Kim Allahyň indiren hökümleri bilen hökmetmese, ine, olar takyk kapyrdyrlar.

3-) Nahl (95) : Allaha beren sözüňizi ujypsyz bir irdeji üçin satmaň! Sebäbi, ahyretde Allahyň dergahynda bolan nygmat, eger bilseňiz, siziň üçin, elbetde, has haýyrlydyr(bähbitlidir).

Ýokardaky aýatlarda görlüşi ýaly, hak din bolan iki diniň ylahy kitaplaryndaky aýatlaryň mal-mülk üçin kä dini adamlar tarapyndan üýtgedilenligi we munyň dogry dälligi beýan edilýär, buýruklar berilýär!

PS:Edit edildi.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

jogaplar:

diplomat wrote:

Ata ildeş, sen bir tarapdan Injil Allatagalladan gelendigine ynanýan diýýäň, beýleki tarapdan şol Allatagallanyň hem Injiliniň üýtgedilendigini nygtaýarsyň.

Hawa, sebäbi men Kurana ynanýan, hem-de harpma-harp. Şol sebäpli-de, onda Injiliň Özi tarapyndan iberileni hem, soň kä betpäl ynsanlar tarapyndan azajyk pul üçin üýtgedileni hem beýan edilýär, başga näme delil gerek?!

Quote:

sorag: Hudaý Öz Sözüni gorarmy? Ynsanlaryň janynyň dowzah odundan nahili gutuljakdygy hakynda Ýol bolan Isa Mesih hakynda bolan INJIL-i goramazmy? Elbetde gorar!

Allah, elbetde, Öz sözüni gorar. Ýöne bir hadys bar:"Allah islemesedi, islemegi bermezdi!" Şu hadys boýunça, Biribar islese iberen kelamyny gorar, islese-de ynsanlaryň wyždanyna goýar. Bu Gurhandan öňki kitaplar üçin, şol kitap ähliniň wyždanyna goýlany ýaňky goýan aýatlarymdan hem belli bolýar, ýöne Kuran üçin bolsa, Hijr süresiniň 9-njy aýatynda: " O zikri, Kurany Biziň indirenimizde hiç şübhe ýokdur, ony gorajak bolan hem Bizdiris!" diýlip, kyýamata çenli Allah tarapyndan goraljagy wada berilýär ýene Biribar tarapyndan. Allah bolsa, haşa, wafasyndan hiç bir wagt dänmez!

Quote:

Indi Injiliň ýada Töwradyň üýtgedilendigi barada delilleriň bar bolsa sen getiräý! Injil ýada Töwrat üýtgedilendigini subut etjek bolsaň onda sende olaryň iň gadymy golýazmalary bolaýmaly, sen şolar esasynda hem olaryň üýtgändigini subut etmelisiň.

Ýokarda-da goýupdym aýatlar arkaly delilleri, gaýtalap oturjak däl!
Galyberse-de, seniň özüňem bir ýazgyňda Injiliň dürli (esasy 4) görnüşiniň barlygyny ýazypsyň! Onam Hz.Isanyň şägirtleriniň, hatda, bolmadyk biriniň hem ýazanyny aýdypsyň. Özem Hz.Isa öldürildi diýlenden näçe ýyllar soň. Onsoň haýsysynyň takyk ýagdaýda hiç-hili üýtgedilmän galanyna ynanýaňyz?! Injil okalanda, Biribaryň aýatlary bn ynsanlaryň goşan artykmaçlyklary we üýtgeden aýatlarynyň many we täsir güýji belli bolýar. Bu babatda Mergeniň getiren bir mysaly bar, 2 adamyň jynsy organlarynyň teswiri we olaryň eden erbet amallarynyň teswiri Allah tarapyndan mukaddes kitaplarda beýan edilmekden soňsuz derejede uzakdyr.

Quote:

Eger men saňa aýdýan zatlarymy özümden düzüp aýdan bolsam onda maňa ynanma, eger Hudaýyň Sözi aýtsa onda imansyz bolup günä galma!

Meni alada etme, Sylap, ýöne men Ýeketäk Allaha ynanyp, Oňa baglanýan we Ondan dileýän hemişe,
"-bizi dogry ýola,
-Öz nygmat berenleriniň ýoluna gönükdirmegini,
-Onuň gazabyna duçar bolan we dalalata sapanlaryň ýoluna gönükdirmezligini" (Fatiha, 5,6 we 7) dileýärin! Senem alada edýän imansyz gidersiň öýdüp! Serkowlara gidip, ruhanylaryňyzyň bagyşlamagyny däl-de, Allahyň bagyşlamagyny dilärin, enşallah sen barada-da!

Quote:

Sen meniň şu soragyma jogap ber: seniň teniň senmi ýada seniň ruhyň senmi?

Men meniň bedenimden we ruhymdan ybarat. Bedenim ruhymyň köýnegi ýaly. Gören, eşiden, diýen we ş.m. zatlary eden ruhym, ýöne bedenim arkaly. Hem ruhym, hem-de bedenim Allahyň bir kanuny we emri.
Kanagatlandyňmy?! A saňa görä bu soragyň jogaby näme?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata, Kuran Injil

Ata, Kuran Injil üýtgedilen diýilip aýdan ýeri ýokda, munuň deregine, oňa iman edilmek hakynda gürrüň edilýär. Kurandaky aýatlara salgylansaň, ondan öňki ýazgylaryň üýtgedilmändigine göz ýetirýärsiň. Men saňa şol aýatlaryň käbir sanawyny getireýin:
O ye who believe! Believe in Allah and His Apostle, and the scripture which He hath sent to His Apostle and the scripture which He sent to those before (him). Any who denieth Allah, His Angels, His Books, His Apostles, and the Day of Judgement, hath gone far, far astray (4:136 AYA).

We believe in Allah, and in what has been revealed to us and what was revealed to Abraham, Ismail, Isaac, Jacob, and the Tribes, and in (the Books) given to Moses, Jesus, and the Prophets, from their Lord: We make no distinction between one and another among them (3:84 AYA).
Bu aýatlara esaslansaň Hudaýyň ähli kitaplaryna iman etmek undelýär, eger Hudaý Öz Sözüni goraman bolsa, onda olara iman etmek nähili bolar?!
How come they (come) unto thee (Muhammad) for judgment when they have the Torah, wherein Allah hath delivered judgment (for them)? (5:43, MP)
Let the People of the Gospel judge by that which Allah hath revealed therein. Whoso judgeth not by that which Allah hath revealed: such are evil-livers. (5:47, MP)

Bu taýda bolsa, yahudiýler ýagny Töwrada imanlylar hakynda gürrüň edilýär, eger Töwrat üýtgedilen bolsa onda beýle gürrüň edilmeli däl. Olaryň öz kitaplary bar oňa laýyklykda Hudaý olara höküm getirer diýýär. Bu şol Muhammediň döwründe ýaşanlar hakynda aýdylan.
Injil hakynda hem şeýle diýilen. Goý Injil kitabyna uýýanlar şol esasynda höküm ýöretsinler.
Mundan başgada 10süre 94 aýatda hem şeýle diýilen: "And if thou wert in doubt as to what We have revealed unto thee, then ask those who have been reading the book from before thee..." (Surah 10, Yunus, verse 94).terjimesi: "Eger siz biziň size aýan edenlerimize şubhe etseňiz sizden öň Kitap okanlardan soraň."
Bu taýda gürrüňi edilýänler Töwrada we pygamberleriň kitaplaryna iman eden yahudiýler we Injile iman eden mesihiler hakynda gürrüň gidýär. Eger olar uýtgedilen kitaplara iman edýän bolsalar, onda Kuran olaryň ýanyna baryň diýmezdi!
Mundan başgada muňa meňzeş aýatlar bar Kuranda, mysal üçin 5 süre 68 aýat; 5 süre 69 aýat. Iň esasy hem süre 10 aýat 64 "Allanyň Sözleri hiç haçan üýtgemez" şeýleräk many bar. Töwradyň, Zeburyň we pygamberleriň ýazgylarynyň we Injiliň Allanyň Sözüdigine bolsa hiç kim şubhe edip bilmez!
Bular esasynda, Töwradyň, Zeburyň, Injiliň Kurandan öň üýtgedildi diýen teoriaň puç hasaplanýar.
Mergeniň Mukaddes Ýazgyny ýamanlamak üçin getiren salgylanmasy erlikli däl. Ol teksti okasaň, Hudaý ynsanlaryň nähili derejede erbetdigini pygamberiň olar hakynda ýazmagy arkaly suratlandyrýar. Munuň üçin Hudaýyň Sözüne dil etirip günä galyp ýörmäliň! Hudaý günäni paş edende, ýüz görýän däldir!

Quote:

Onuň gazabyna duçar bolan we dalalata sapanlaryň ýoluna gönükdirmezligini" (Fatiha, 5,6 we 7) dileýärin! Senem alada edýän imansyz gidersiň öýdüp! Serkowlara gidip, ruhanylaryňyzyň bagyşlamagyny däl-de, Allahyň bagyşlamagyny dilärin, enşallah sen barada-da!

Bu taýda ene-de özüňiň meniň imanym hakynda ýalňyş düşünýändigiňi görkezipsiň. Men serkowlara gidip ruhanylardan bagyşlanma soramaýaryn, beýle taglymat Injilde ýok, men bagyşlanmagy diňe Hudaýdan soraýaryn we Hudaý hem maňa bu bagyşlanmagy Isa Mesih arkaly berýär! Men hiç erde hem serkowlara barmak, ruhanylara çokunman ýaly gürrüň etmedim, çünki bu zatlar Injilde ýok. Meniň şu wagta çenli eden köp gürrüňlerim Isa Mesih hakynda we Onuň taglymaty hakynda!

Quote:

Men meniň bedenimden we ruhymdan ybarat. Bedenim ruhymyň köýnegi ýaly. Gören, eşiden, diýen we ş.m. zatlary eden ruhym, ýöne bedenim arkaly. Hem ruhym, hem-de bedenim Allahyň bir kanuny we emri.
Kanagatlandyňmy?! A saňa görä bu soragyň jogaby näme?!

Sen bu erde dogry jogap berdiň, diýmek onda seniň ruhuňa hem Ata diýip bolar, bedeniňide. Seniň hem tenden we ruhdandygyň üçin iki sany Ata bar diýip bolarmy, elbetde ýok, olar şol bir Atany emele getirýär, we şol bir hatarda hem bedeniň ruhyň däldir, ruhyň hem bedeniň däldir. Men bu soragy bermegimiň esasy sebäbi bolsa, seniň Isa Mesihiň hudaýlygyna düşünmegiň üçin boldy: Kuranda Isa Mesihe "Hudaýyň Ruhy we Sözi" diýilýär. Eger Isa Hudaýyň Ruhy bolsa onda Ol kim bolýar? Injilde Hudaý Ruhdyr-hem diýilýär. Isa Mesihe bolsa Injilde "Ozal-Başda bar bolan SÖZ, bu SÖzüň hem Hudaýdygy" aýdylan. Bu diýdigim Hudaý iki ýada üç däl, Hudaý Özüni üç görnüşde aýan etdi, emma bolşyna laýyklykda bir Hudaýdyr. Ýaradyjy Ata Hudaý, Isa Mesih we Mukaddes Ruh—BirHudaýdyr. Bu diýildigi 1+1+1=3 däl-de 1x1x1=1 ýalydyr. Muňa düşünmek üçin suwyň H2O alyp göreli, bilşiň ýaly ol üç görnüşde bolup bilýär, emma şol bir H20! Imanly bol, imansyz bolma dost!

Hmm...Ilki bilen aytjak

Hmm...Ilki bilen aytjak zadym , bu saytymyz pikir alysmak , yagny oz pikirini aytmak , basglaryn pikirine hormat goymak (ylalasmasan hem) yaly duzgun-tertibi bar.
Galybersede isle Islam dininde , isle Yurdumuzyn demokratiyasynda her kim islan ynanjyna uyup , on bilen yasap biler , YONE sol ynanc her kimin ozunde galsa we oz dinindakiler bilen sol pikiri goterseler gowy boljak , hic-hacan hristian dusunjesini musulmanlar gotermez , ony zorlap ya-da aldawa salyp gotertjek bolmak hristian dostlarmyz ucin ayyp , sebabi oylanyp gorun , Turkmen milleti (99% i) Yslam dinine yuwrulan , on bilen yasady ,hazirem yasap yor , gelejekdede yasaram , yogsa ansatlyk bilen dinini uytgetjek bolsa 70-yyl hristianlan elindede galdy , yone uytgetmedi , seret dogrusy Turkmen hristiany taze gornup baslady ozal yokdy su dusunje Turkmen ganly adamda , yone sondada , biz Musulmanlar bolup "edyanin name? Turkmene gelismejek zat edyan , dininden gayt" yaly gurrunler aydamyzok , yada erbet gatnasyk edemizok , watandasymyz hokmunde olarynam hukuklaryna hormat goyyas , sebabi onem aydysym yaly , ne Yslam dinimiz ne-de Hokumetimizin syyasaty adamlaryn din-dusinjesine garsy cykya , biz islan dinimize uyup , islan ygtykady goterip bileris , yone ony basga dinliler b/n paylasmak , has dogrusy olary oz ynanjyna cagyrmak yerliksizmika oydyan , sebabi biz + lara "gelin Yslama girin" diyemizok (yogsam diyip bilyas) yone biz hormat goyyanmyz ucin bir hristianlan saytyna girip "ine dogry yol Yslam gelin, su dogry" diyemizok.
Bizin bu saytda esasy aladamyz o zatlaram dal , bizin esasy aladamyz watanymyzn gelejegi , ony nadip osdurmeli, agzybirlik , ahlak, birek-birege soygi , hormat. Ine bizin undeyan zadymyz , eger bir Yslamy cozmeli meselamiz bolsa Musulmanlar bolup oz aramyzda cozeris , hristianlaram gelsinde oz aralarynda meselelerini cozibersinler isimiz yok , YONE senin undeyan zadyn yanky sana zatlaryma garsy gelyan bolsa , bizin su maksatnamamyza pasgel berjek bolsa, nahili gowy zadam bolsa barde aytmagyn gerek dal, dini meselelerni oz dindeslen bilen coz , bizem size hormat goyyas , dininize uyuberin!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Men Isa Pygamberi edil

Men Isa Pygamberi edil Muhammet Pygamberin dogany yaly söyyan. Isa Pygamber we Hezreti Meryemin, Yslam dininde ayratyn we belent yeri bar. Men Diplomatyn yazan zatlarynyn logiki taydan yalnyşdygyny pikir edyarin. We muny dine men pikir edemok, sonky döwürde Yewropada musulman bolan ulu adamlaram beyle pikir edyar.

Öz dürmuşyny hristianlygyn gowy edip yaşalyan yerinde geçiren şol adamlar, ynanyan zatlarynda bir (yada köprak) yalnyşyn bardygyny anyp "hakykat"y gözleyarler. Buddizm, Shintoizm, Iudaizm, ... yaly dinler bilen Yslam dininem öwrenip "in gowy"syny saylayarlar, yagny Yslamy.

Hristianlygyn dürli reformalardan geçirilip in sonky (in tamiz we önkilerden logiki) çagi bolan Protestantlyk hem yuwaş yuwaş bu yalnyş pikirlerin Hristianlykda nenen kandigini görkezyar. Hawa, 2000 yyllap Katolik we Pravoslavlaryn yaşan Hristianlygyny yaman gysga wagtda üytgedip "hakyky hristianlyk ine şu, Huday injilde şuny buyuryar" diyip gezyan protestanlar hakykatdanam Hristian dininin "düzelya"ndigini görkezyar.

Men öz ömrümde Hristian bolan Musulman asylly adam yaman az gördüm, sanasam baş barmagy geçmez, özlerindenem derek yok, uly, belent, peydaly adam daldiklerini toçno bilyan. Yöne Musulman bolan Hristian asylly belent we beyik adam öran kan, mysal bermage geregem yok, hemme kişi olary tanayar.

Yslam dini Yewropada in çalt yayrayan din bolup, musulman bolan adam sany her yyl 200% artyar. Bu hem "akyl we logika döwri" bolan bu zamanamyzda haysy dinin dogrydygyny görkezyar.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Gadyrly ildeş, seniň Isa

Gadyrly ildeş, seniň Isa Mesihi söýýän diýmegiň gowy zat, emma Isa Mesihi söýmek diňe bir sözde bolmaýar. Isa Mesihiň Özi bu hakynda şeýle diýipdi: "Meniň buýruklarymy tutup, olary berjaý edýän Meni söýýändir. Meni söýýäni Hudaýda söýer, Men-de ony söýerin we oňa görnerin...Meni söýmeýän Meniň sözümi tutmaz...Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende galýan bolsa we Men kimde galýan blsam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz. Kim Mende galmasa, şaha kimin kesilip taşlanar, gurar. Olary ýygnaşdyryp, oda atarlar, olar hem ýanar. Siz Mende galsaňyz, Meniň sözlerim sizde galsa, islän dilegiňiz biter." Munuň üçin sen Isa Mesihiň buýruklaryny berjaý etmelisiň, Onuň buýruklary bolsa Injilde ýazylandyr, Injile iman etmelisiň we ondaky aýdylanlary ýerine ýetirmelisiň, şonda sen durmuşyňda Hudaýy şöhratlandyrjak miwe getirip bilersiň, kesilen şahalar ýaly dowzah odunda ýanmajak bolsaň onda Isa Mesihe Mesih, ýagny Halasgär hökmünde iman etmelisiň, şonda sen Isada galyp bilersiň!
Indi bolsa logika barada, Hudaýyň logikasy, ýagny akyldarlygy adamyňkydan has ýokarydyr we her bir logika dogry gelýandir. Emma Hudaýyň logikasyny, akyldarlygyny adamyňka dogry getirjek bolsaň onda bu imansyzlyk bolýandyr. Hudaýyň akyldarlygyna biz doly düşünmän, bölekleýin, ýagny Onuň aýan edenlerini bilip bilýäris! Bu sebäpden hem bize iman gerek, dünýäde köp durmuş soraglaryna jogap almaýarys, emma şonda hem Hudaýa iman edýäris. Ýöne meniň saňa gürrüň beren zatlarymyň ählisi hem adam logikasy bilen düşünip bolunmaýan zat däldir!
Indi bu ya ol dinden başga dine geçmek hakynda, muňlerçe adamlaryň bu ýada ol dine geçmegi heniz hakykatyň haýsy tarapdadygynyň alamaty däldir. Hudaýyň hak we gutulyş ýolunda gidýän we ol ýoly tapjak adamlar azdyr. Bu sebäpden men saňa Isa Mesih ene-de getiren mysalyny ýatlaýyn: "Isa Mesih şeýle diýdi: "Dar gapydan giriň, çünki heläkçilige getirýän gapy giň, ýol inli, ol gapydan girýänler köpdür. Ýöne ýaşaýşa getirýän gapy dar, ýol insiz, ony tapýanlar azdyr."

Oglanlar, gayrat edinde

Oglanlar, gayrat edinde diplomadyn achan onki blog'laryna girip gorun, shol yerde shu temada yazan argumentlerinizin belki 2-3 essesi dur, yone uytgeyan zat yok, eyyam shu mazmunly mowzugy 8-nji gezek achyar, yene-de sizem oz wagtynyzy gidirip tonnalap yazyanyz. Mowzuk achmak on haky, yone ol mowzuklarda shol 1 argumentler 1-2 gezek yazyldy, boldydyrda, isleseniz jogap berilen mowzuklary active edayinda beydip her gezek tazeden yazyp oturanynyzdan...

Hany boldy edelinde shu yerde tonnalap yazmagy, Tomus 2008'i gurnamagyn ugryna chykalyn :D

Moderator'lyk 1 yana, oz adymdan yazyandyryn shu post'y, yagny sizin bilen den ygtyyarly ulanyjy, son yene "Agzymyzy yapyan" diyayman, dineje 1 kichirak yuzlenme bul.

ha-ha-ha, goşulýan men hem

ha-ha-ha, goşulýan men hem :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Sygyra çokunyan induslara

Sygyra çokunyan induslara çenli her dinden adama hormat goyyan, Hudayyn yaradan jandary, hem de ol jandarlan in beyigi bolan ynsan bolany üçin full respect. Yöne meni sygyra çokunmaga çagyrjak bolsalar, bagyşlan welin sygyryn damagyny çalmaly bolars.

Diplomatyn barde dile getiryan zatlary elbetde bize göra manysyz, yalnyş bolup biler. Yöne on tarapyndan garanda da biz - Ysa Hudaya (haşa) ynanman, on hudaydygyny inkar edip on prostoy bir adamdygyny pikir edyan, şon üçinem dowzaha girmegi hak edyan adamlar. (Men entagem düşünmedim, Isa Huday (haşa) bizin deregmize jezasyny çekdimi we biz jahenneme gir(m)ersmi? Huday bolsa name üçin adamlaryn adiginin aşagynda yenjilip döwülyar, öz yaradan adamlarynyn deregne jeza çekyar?)

Bu commentleri özümi(zi) dowzahdan halas etjek bolup yazamok, dine Diplomatyn nahili pikir edyandigini we on pikirlerindaki yalnyş zatlary görmek üçin on bilen "son"una çenli argumentleşmelidigimi(zi) pikir edyarin.

Goy Diplomat islan zadyny yazsyn; bizem okap, öwrenip, öwredip yazaly. On beyle hereket etmegi, biz üçinem peydaly zat, sebabi beydip özümizi tanayas, öz dinimizin nenen dogrydygyny göryas.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Sefer, ol kejirlik edýär

Sefer, ol kejirlik edýär hakykaty aýtsaňam, iň gowusy oňa Kurandan deliller getirip, kabul etmegini ündemek, bolmasa-da, öz dini özüne nesip etsin, gelip bärde diňeje hristiýanlygy wagyz etmegi adatdan daşary. Biz islesek, onuň goýan linklerindenem öwrenip bileris goşmaça!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Mergen dost , sol bir mowzuk

Mergen dost , sol bir mowzuk , sol bir argunmentler bolsa name ucin blog pozulmaly dalay? , gelin gayrat edip duzgin-tertibe uns berelinle sitede.

Shol 1 mowzuk dal, shol bir

Shol 1 mowzuk dal, shol bir mazmun diydim yokarda.
Shu yerde men Yslam'a degisli, mazmuny menzeshrak yazgylary ayiramok
eger ichinde adamlar yazyan bolsa, dineje yzly-yzyna birgidenini achmazlygy
aydyan, sebabi beyle yagdayda pikirler kop mowzuklara bolunyar...
Hemme dine den durmak politikasyna gora-de shol 1 hak diplomat'da-da bar,
olam islese dinini propaganda edip biler, yone olam birgidenini yzly-yzyna
achsa, onuna-da duydurysh berilyar hemmesini 1 yerde yazmak barada we etc...

Gepin tummek yeri, mowzuklaryn ichi dolup dursa, yagny ulanyjylar jogap berip
dursa onda mowzuklary durar, shol 1 mazmunly 2-njini achsa-da on haky, yone 1'i
bosh durka baryp 2-njini achsa, onda 1-nja redirect ediler we 2-nji yapylar, hemme
mowzukda bolshy yaly...

Men maksadym diplomadyn agzyny yapmak dal, okamogam yazyan zatlaryny, yone on
bloglary actual bolmagyny islemeyan bolsanyz, chozgudini yokarda yazdym !

Faraklit barada hoş habar

Faraklit barada hoş habar blogyňda-da bar ekeni, Mergenip goýan ýazgysy örän ýerlikli ekeni, ynha:

quote=Mergen]Ata aga, senin yokardaky "Faraklit" diyyanin hristianlaryn "Paraclete" diyyanleri bolsa, ynha Biblia'daky right verse:

John 16:12-13

12 I have yet many things to say to you: but you cannot bear them now.
13 But when he, the Spirit of truth comes, he will teach you all truth. For he shall not speak of himself; but what things so ever he shall hear, he shall speak; and the things that are to come, he shall show you.

13-nji verse bizin Gurhan'ymyzyn yazylyshyna harpma harp uyyar, yagny "For he shall not speak of himself; but what things so ever he shall hear, he shall speak;" diymek bilen, Muhammet pygammerin message'ni aydyar !!!

2 Diplomat: holy spirit' hemishede Hz.Isa'nyn yaninda-dy, yone ol "Men gitmesem ol(spirit of truth) gelmez, men giderin ve ony ibererin" diyyar, onson yene-de
"Holy spirit"="Spirit of truth" diyyanmi ?? Holy Spirit' hemishe'de dunyadedi Hz.Isa yashayarka, ona Father'den message'ler getiryadi, yone verse'de name uchin Hz.Isa "Men gitmesem ol gelmez" diyyar eyyam yaninda bolan zat uchin ?? Yene-de logika yok, Holy spirit bolup bilmeyar ol zat !!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata, gel indi seniň getiren

Ata, gel indi seniň getiren aýatlaryň hakynda gürrüň edeli!
Ilki bilen saňa sorag: Isa Mesih kime ýaňky gürrüňi aýdyp otyrdy? Haçan bu gürrüňi etdi? Isa Mesih ýaňky zatlary şol döwürde ýaşan şägirtlerine aýdypdy. Muhammet haçan geldi, 500 ýyldan soň geldi, onda näme Göwünlik beriji ol şägirtlere gelmedimi, eger Isa Mesih ölüp direlenden soň birnäçe günüň içinde Göwünlik Beriji-ýagny Hakykat Ruhy-Mukaddes Ruh olaryň üstüne geldi. Şol 13-nji aýadyň soňyna ýagny 14-nji aýada seredeli: "Emma Hakykat Ruhy gelende, Ol size bütin hakykata tarap ýol görkezer, çünki Ol Öz-Özünden aýtmaz, näme eşitse, şony aýan eder, geljek zatlary size bildirer. 14. Meni şöhratlandyrar, çünki Ol Meniňkiden alyp size bildirer" Ol kimi şöhratlandyrar? Muhammet Isa Mesihi şöhratlandyrdymy? Elbetde ýok, Isanyň okuwçylary Isany şöhratlandyrdymy, elbetde, çünki olar Isa Mesih hakynda Hoş Habary wagyz edip hatda janlaryny hem gurban etdiler. Muhammet Isanyňkydan alyp bildirdimi, elbetde ýok. Emma Isanyň şägirtleri bolsa Mukaddes Ruhy alandan soň, Isa Mesih hakynda wagyz etdiler, bu sebäpden hem Isa Mesihiň şägirdi bolan her bir ynsan şol Mukaddes Ruhy kabul edip Isa Mesih hakynda wagyz edýärler.

Diňle, Sylap! Biz ynsanlar

Diňle, Sylap! Biz ynsanlar ilkinji bilen ynsan bolan Ilçini däl, Rab bolan Allahy ynsanlara aňlatmaly/düşündirmeli ilki bilen-ä! Diýmek, Isany däl, Allahy wagyz etmelidi ol şägirtleri. Galyberse-de, ol şägirtler nädip Mukaddes ruhy alýarlar, ruh olara geçýärmi, ýa görüniň gidýärmi ýa aňlarynda janlandyrýalarmy ýa näme edýäler?!

Ikinjidenem, Hz.Muhammed barada şol aýatyň aýratynlyklary aýdylýar. Çünki, Hz.Muhammediň okama-ýazma aýratynlygy ýokdy ilçilik wezipesi oňa berlende, şol sebäpli hem, Allah näme islese, onuň diline wahiý ýoly bn aýtdyrdy. Ýagny, näme eşitse, haýsy hakykat sözüni/aýaty diline Allah tarapyndan goýulsa, olam şony aýtdy bizlere. Diýmek, şol aýatlardaky sypatlar Hz.Muhammede degişli bolmaly! Birem, başga bir çeşmede "Bismillähir Rahmanir Rahym" sözüniň diňeje musulmanlara peşgeş beriljegi aýdylýar. Oňa-da jöhitler eýe çykjak bolan bolmaly, siziň ýokardaky aýatlaryňyzyň Hz.Isa degişli edip görkezjek bolşuňyz ýaly!

Seret, sen özüň boýunça many çykarýarsyň, men/biz hem özüm(iz) boýunça.
Eger düşünmejek bolsaň, seň diniň saňa galsyn, biziňkem bize!

Saňa bir zady aýdasym gelýär: Şu sahypa diňeje Hristiýanlygy ýaýjak bolup gelmegiň bolanok. Açan ähli bloglaryňa seredip gör! 1-je blog be

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata, men saňa seniň

Ata, men saňa seniň getiren aýatyňdan düşündiriş berdim, eger birinji 13 aýat hak bolsa yzyndaky 14nji aýat hem dogry bolmaly, onda näme üçin Isa Mesih Hakykat Ruhy meni şöhratlandyrar, Meniňkiden alyp size bildirer diýýär. Mukaddes Ruhy alanyňyzda...eriň soňuna çenli Meniň şaýatlarym bolarsyňyz" diýýär. Isanyň şägirtleriniň bolsa, kim hakyna we näme hakynda wagyz edendigi hemmelere bellidir! Mukaddes Ruh Isanyň şägirtleriniň üstüne gelip olaryň kalplaryny doldurdy. Resullaryň işleri bölümde, Isanyň ilkinji şägirtleriniň Mukaddes Ruhdan doluşy hakynda gürrüň edýär. Isanyň şägirtleriniň bolsa durmuşlarynyň soňuna çenli Hudaýyň ozal başdan planyny düşündirip, Onuň Isa Mesihdäki gutulyş ýoluny wagyz etdiler. Sen bolsa bularyň hemmesini ret etjek bolýarsyň.
Men özüm boýunça many çykaramok, men Injil nähili many berýän bolsa men saňa şol manyny aýdyp otyryn.
Eger sen Injile ynanmasaň, belkide näme bolsada Kuranda Isa Mesih hakynda getirilenlere bir iman et, hatda şolar hem Injiliň diýýänlerini tassyklaýar.
Men saňa hristýanlygy ýaýamok, Isa Mesih hakynda hakykaty aýdýan. Bu zatlar hem ýöne ýere ýazylanok, çünki Hudaý seniň hem Isa Mesih hakynda büdremezligi isleýär. Isleseň, parahatçylyk bilen dialogy dowam etdireli we hakykatyň nirededigine göz etireli. Islemeseň hem ýazman bilersiň, belkide bu meýilli başga adamlar tapylar!
Men seniň bilen islän mowzugyňda gürrüň etmäge akylym çatýar, ýazypda bilerin, emma meniň üçin iň wajyby adamyň janynyň dowzah odundan halas bolmagy, bu sebäpden men HOŞ HABARY wagyz edýärin! Çünki ertir näme boljagy anyk däl, ilki bilen janyň halas bolmagy hakynda, bakyýeti nirede geçirjegiň hakynda oýlanmaly, Hudaý bilen ýaraşmaly, Hudaýyň seni jennetine aljagyna ynamly bolmaly, soňra galan zatlar boluberer! Bu ugurdan ýazýan ýazgylarymy wajyp görýän!

Indi bolsa seniň getiren

Indi bolsa seniň getiren aýatlaryň hakynda, gel tazeden şol Injiliň aýatlaryna seredip geçeliň. Ýöne seretmezden öň Isa Mesihiň kimlere bu sözleri aýdýandygyny we haçan aýdandygyny hem oýlanyp geçeliň. Isa Mesih bulary özüne şol döwürde iman eden ilkinji şägirtlerine bu dünýäden gidip barmagyna yakyn wagt galanda, ýagny erdäki soňky günlerinde aýdandygyny ýatdan çykarmalyň. Mundan başgada bu aýatlary bütin kontekstden aýryp düşündiriş bermeli däl. Isa Mesihiň ol aýatlardan öňki we soňky aýdýanlary bilen bilelikde düşündirilmeli. Beýle bolmasa kimdir biriniň aýdan sözüni özüňçe ýorup ýda düşündirip bolýar. Bu sebäpden her bir tekst kontekst esasynda öwrenilmelidir. Saňa bolsa maslahat Yahýanyň Hoş Habarynyň 14-nji babyny başyndan okap gör we oňa iman et. Onda hakyky imanly bolarsyň. Mukaddes Kitabyň bir ýada başga bölegine iman etmän her bir sözüne iman etmegimiz bolsa wajypdyr.
Seret Isa Mesih näme diýýär şägirtlerine: Yahýa 14:15-19 “Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň. Mende Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji, ýagny Hakykat Ruhuny berer. Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar. Men sizi etim goýmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin. Az salymdan soň dünýä Meni görmez, ýöne siz görersiňiz, çünki Men ýaşaýaryn, siz-de ýaşarsyňyz....” şol babyň 26 aýady “ Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi ) —Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar.”
Gel bular hakynda oýlanyp geçeliň: Isa bu wadany Özüniň ilkinji şägirtlerine wada berdi we tiz wagtdan Göwünlik beriji bolan Mukaddes Ruhy aljakdyklaryny aýtdy. Ol Mukaddes Ruhyň bolsa olaryň hemişe içinde boljakdygyny aýtdy. Isa Mesih ölüp direlenden soň, şägirtlerine görünip şeýle diýdi. Şol Yahýa kitaby 20nji bap 19-22: “Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri ehudylardan gorkularyna gapylary gulpla, bir öýde üýşüşip otyrkalar, Isa geldi. Isa olarayň ortalarynda durup: “Size parahatlyk!” diýip, olara ýüzlendi. Muny aýdyp, olara Öz ellerini, böwrüni görkezdi. Şägirtleri Rebbi görüp şatlandylar. Isa olara ene: “Size parahatlyk! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men-de sizi iberýärin” diýdi. Soňra bolsa olaryň üstüne üfläp goýberdi-de: “Mukaddes Ruhy alyň. Siz kimiň günäsini bagyşlasaňyz, ol bagyşlanar, kimiň günäsini geçmeseňiz, ol geçilmez” diýdi.Bu barada Mukaddes Ýazgynyň başga bir ýerinde şeýle diýip ýazylan: “Isa görgüsinden soň hem kyrk günüň dowamynda resullara göründi, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berip, köp kesgitli alamatlar bilen Özüniň diridigini olara görkezdi. Olar bilen bile bolan wagty olara buýruk berdi: “Iýerusalimden aýrylman, Atanyň wadasyna garaşyň (ýagny wada edilen Göwünlik Beriji Mukaddes Ruha) Siz ol wadany Menden eşitdiňiz...Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Yahudada, Samariýada, Eriň tä soňuna çenli Men iň şaýatlarym bolarsyňyz.” Bular nämäni görkezýär, ýagny Göwünlik beriji –Mukaddes Ruhyň olara tiz wagtda ýagny Isa ölüp direlip, göge çykandan soň ilkinji birnäçe günlerde Mukaddes Ruh Onuň şägirtlerine inýär we olar Mukaddes Ruhdan dolýarlar. Bu wada hiç bir ýagdaýda Muhammet bilen baglanyşykly däldir, Muhammet Isa göge gideninden 560 ýyl soňra dünýä geldi we ýaşap ölüp gitdi. Mukaddes Ruh wadasy olaryň içinde Isanyň beren wagtyndan başlap hemişe bardy we tä Muhammediň döwrüne çenli hem, ondan soň hem, bu gün hem her bir Isa Mesihiň adyndan iman edenlerde bar bolandyr we baky bolar. Bular gysgaça Mukaddes Ruhyň geljek wagty barada.15 bap 26-27 “Atadan size iberiljek Göwünlik Berijim, ýagny Atadan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda guwälik eder. Siz-de güwälik edersiňiz, çünki başdan Meniň bilen bilediňiz." Bu aýat esasynda Mukaddes Ruhyň, ýagny Göwülik berijiniň (Paraçlete) güwäligi barada. Ýokardaky tekst we başga tekstler “Parakletiň” kim hakda güwä geçjekdigini aýdýar? Paraklete Isa Mesih hakynda güwälik eder, şägirtler kim hakynda güwälik eder, Isa Mesih hakynda dünýäniň soňuna çenli güwälik ederler. Dünýäniň soňy geldimi, elbetde ýok, dünýäniň ähli halklary Hoş Habary eşitdimi, köpüsi eşitdi, emma heniz hemmesi däl. Muhammediň döwrüne çenli ähli milletlere Isa Mesih hakyndaky HOŞ HABAR wagyz edilip etişildimi? Ýok! Göwünlik Berijini —Mukaddes Ruhy kim kabul edip bilýär, Isa Mesihe iman edenler, çünki başgalar Ony tanarmy, ýok, çünki Isa ýokardaky aýatda şeýle diýýär: “Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar. Men sizi etim goýmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin. Az salymdan soň dünýä Meni görmez, ýöne siz görersiňiz, çünki Men ýaşaýaryn, siz-de ýaşarsyňyz....” Bular esasynda, Mukaddes Ruh arkaly Isanyň Özüniň olaryň arasyna gaýdyp geljekdigi aýdylan. Ondan başgada “ Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar.” Bilşimiz ýaly, Isanyň ilkinji şägirtleri, Isanyň taglymatyny eşiden, Onuň durmuşyny gören, ol bilen gije gündiz ýöräp Ol barada şaýat bolanlardyr, bu sebäden Mukaddes Ruh gelip olaryň içinde ýaşap, olara Isa Mesih hakynda ähli zatlary ýadyna salyp öwretdi, bu sebäpden Isanyň şägirtleri, bilşimiz ýaly, durmuşlarynyň ahyryna çenli Isa Mesih hakynda wagyz etdiler, imanlylara öwüt ündew etdiler we Isa Mesihiň tagltymatyny düşündirdiler we bular bilen bir hatarda olar hakynda ýazgylar galdyryp Hoş Habaryň wagyz edilmegi ugrunda janlaryny hiç kime zyan salmazdan gurban etdiler.
Isleseň Paraklete hakynda gaty köp zat aytsa bolar, emma hazirlikçe bu hakynda şular.
Soňunda bolsa seniň oýlanyp görmegiň üçin: Isa Mesih hakynda Hoş Habary Onuň şägirtleriniň wagyz edişi ýaly edip Muhammet wagyz etdimi? Isanyň şägirtleriniň Isa Mesih hakynda halklara parahatçylyk bilen wagyz edip, Onuň adynyň hatyrasyna yzarlanyp, özleri bolsa hiç kime zyýan ýetirman, öldürilişleri ýaly, Muhammet we onuň yzyna eýerýanler, Isa Mesihiň adyny wagyz edip, şolar ýaly boldylarmy? Bu gün Islam Isa Mesih hakyndaky hakyky HOŞ HABARY wagyz edýärmi, ýada munuň deregine, Isanyň Hoş Habaryna garşy göreşýärmi?

Indi bolsa Injiliň orginal dili hakynda, Injiliň käbir bölekleri Arameý dilinde ýazylan bolsa, seniň mysal getiren bölegiň bolsa şol döwürdäki ysraýyllaryň ýaşan ýerlerinde esasy orun tutan dil bolan grek dilinde ýazylan. Isanyň Ýahýa atly resuly, ol kitaby grek dilinde ýazypdyr. Injiliň original iň gadymy golýazmalary, biziň bü günlerimize saklanyp galan, elbetde Kurandan tapawutly, Injil we beýleki Mukaddes Ýazgylar dünýäniň dürli dillerine terjime edilen, çünki bu HOŞ HABARYŇ maksadyna laýykdyr we wajypdyr. Injiliň tekstiniň dogruçyllygyna diýseň gaty uly taryhy ýüridiki faktlar bar. Munuň üstesinede, Injil üýtgedilipdir diýseň onda Hudaýa dil ýetirdigiň bolar, Hudaý Öz Sözüni hiç haçan hem üýtgedilmegine ýol bermez, ylaýtada HOŞ HABAR bolan INJILE şeýle bolmagyna ýol bermez. Hudaý elbetde her bir millediň bu hakynda eşitmegini isleýär we Öz Sözüni goramagy başarýandyr. Injil üýtgedilipdir diýýän taglymaty öňe sürüp, ondaky hakykatlara iman etmezligiňi bolsa Hudaýyň duşmany we ynsan janynyň dowzah odunda ýanmagyny isleýän şeýtan öňe sürendir we sürýändir. Çünki şeýtan Isa Mesihe garşy göreşijidir. Sebäbi şeýtan Isa Mesihiň Hudaýyň iberen ähli ynsanlary dowzah odundan halas etjek Halasgärdigini bilýändir we Hudaýyň Ony Gutulyş ýoly edendigini bilýändir, ol muňa garşy ozaldan bäri göreş alyp barýar we soňuna çenli göreş alyp barar, emma Isa Mesih ony eňendir we ahyrzamanda Ol gaýdyp gelip şeýtany we onuň yzyna eýerenleriň ählisini ebedilik ot kölünde ýakar!
Bu sebäpden, ol ýalan zatlara ynanyp günä galyp ýörmede, hakykaty biljek bolsaň Injili çyn ýüregiňde öwren we olarda ýazylanlaryň hemmesine, diňe käbir bölegine däl, ählisine iman et we baky ýaşaýşa eýe bol!

eý, ýadadym seniň şu

eý, ýadadym seniň şu aýlap-dolap getirýän "hoş-habaryňdan", "halasgäriňden" we ş.m.
men näçe düşündirsemem, sen ýene özüňe görä ýazgy ýazjak ýaly. Onda saňa jogap bermegiň dahyly nämekä?!
Öňem-ä bir ýerde saňa : "...Indi seniň şu tetelli ýazgylaryňa jogap berjek däl, diňeje musulman agzalar seň ýazgylaňdan şübhelenip sorasalar, başardygymdan jogap bermekçi... " diýen manyda jogap ýazypdym.

Sylap, hristiýanlyk saňa, musulmanlyk hem bize nesip etsin!
Ýene-de dogry hakykaty saňa görkezmegii Biribardan dilejek, enşallah!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata, men saňa getiren

Ata, men saňa getiren aýadyň hakynda gurruň edýan we saňa Injiliň Muhammet hakynda gurruň etmeýändigini düşündirýän, Injiliň Muhammet hakynda aýtmaýandygy tekstleriň özi aýdyp otyr, sen bolsaň dyzap dursuň Muhammet hakynda diýip. Injile ynanjak bolsaň, oňa doly ynan. Ýokarda getiren Kurandaky aýatlaryň hem Injiliň plan aýady uýtgedilipdir, ýada Töwradyň plan eri uýtgedilipdir diýenok, meniň saňa düşündirişim ýaly Hudaýyň sözüni nädogry düşündirip öz bahbitleri üçin ulanýandyklary barada gürrüň gidýär. Beýle diýip Musada we beýleki pygamberler hem şol döwürdäki dindar görkezip Hudaýyň sözüni ýoýýanlara, ýalan pygamberlere aýdypdy. Isa-da öz döwründe ýaşan kanunçy dindarlary muňa meňzeş sözler bilen paş edipdi, bu diýdigi Hudaýyň Sözüniň uýtgändigini aňlatmaýar. Hudaý Gurdatyguýçlidir, Onuň Sözi uýtgewsizdir! Hudaýyň Sözüniň bu ýada ol böleginiň üýtgedi diýilmegi, Hudaýa dil etirmek ýada ynamsyzlyk etmek bilen deňdir. Töwradyň, pygamberleriň ýazgylarynyň, Injiliň üýtgedilmedik teksti sende bar bolsa onda uýtgedileni bilen deňeşdirip üýtgedildi diýilip bolar. Injil Kurandan öň üýtgedildi diýýärsiň, beýle diýmek bilen onda sen Kurany ýalan çykarýarsyňmy? Çünki Kuran hem Towra, pygamberlerin yazgylaryny, Zebury we Injili okamagy we olara iman etmegi aydyp gechyar!

Hawa, Kuran öňki mukaddes

Hawa, Kuran öňki mukaddes kitaplara-da göz gezddirmegimizi we pikir etmegimizi ündeýär, ondaky düzedişleri we dogry ündewleri bir-birinden aýryp, üýtgedilmediklerini amal etmegimizi, üýtgedilenlerenem sapak çykarmagymyzy we şeýle etmezligimizi many taýdan ündeýär, etsek bize peýda, etmesek ýa tersini etsek, özümize zyýan!

Sylap, men ýokarda kä aýatlar bn oňat düşündirdim, sen maňa dogry düşünmek isläňok, men bolsa saňa! Islejegem däl, sebäbi dogry dogrynyň meň getiren çeşmelerimdäkilerdigine hiç şübhäm ýok.
Şol sebäpli-de, seniň käbir beren soraglaryňa jogap bermän bolup bilerin! Gören däldirin, ýa bizar bolandyryn, ýa islän däldirin öňem jogaplamsoň.
Bu uzaga çeker sorag-jogap ýagdaýynda. Muny men-ä islämok, sen hernäçe isleseňem.
Ýokarda goýbolsun etjegimi, ýöne beýleki agzalaryň aýratyn soragy bolsa, başardygymdan kä zatlary ýazjagymy beýan edipdim. Şeýle-de etjek. Maňa reply etseňem, gerekli görsem jogap bererin, ýogsam jogaplajak däl indi.

Saňa pozitiwli blogyňda şeýle oňat zatlary teklip etdim, iň aşakda şolary gaýtadan goýjak!
Düşünip, kabul edip, amal etseň-ä, gör, nähili bagtly bolarsyň! Bolmasa-da Allah saňa dogry imany yhsan etsin!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Bilýäňizmi, belli bir

Bilýäňizmi, belli bir wagt geçensoň diňe ýatlamalar galýar, nostalgiýa. Menem ýene pylança ýyldan ýatlaryn, "tmolympiadda şol döwür diplomat nikli, Sylap atly biri bardy, şoň bilen jedel etmek modady" diýip :)
Sylapda trenirowka(tälim) geçýäňizmi jedel etmek ukybyňyzy ösdürmek üçin? :) Ýa maksadyňyz barmy? Eger oňa musulmanlygy we Yslamy subut etmek ýaly maksadyňyz bolsa, başa barmaýmasa diýýän :)
Sylap basyber!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Baýram dost, sen hem aram

Baýram dost, sen hem aram aram koment ýazýaň welin bir hili begenip gidýäňeý! Ýazýan komentleriňden hem seniň bir hoşnietli ildeşdigi duýsa bolýa. Käwagt käwagt gelip biziň jedellerimize seredip durmagyň hem bir ýagşy.
Bu jedellerden elbetde käbir gowylyklar çykar, bu ýa ol tarap hakykata düşünmäge mumkinçilik alar, onuň üstesinede, akylly başly, hoşnietli birek birege adam hökmünde hormat etmegi-hä öwreneris, bu hem elbetde dürli pikirli, belkide dürli dini ynançly bolup biljek islendik ildeşimiziň azat erkin ýaşamagyny üpjün edip biljek we goltgy berip biljek raýatlar bolmaga ýardam eder. Çünki içimizde wagt gelende dürli ugurlarda täsir edip biljek, dürli wezipelerde işlejek bar, olar hem demokratiany ösdürmekde we onuň esasy bir sütini bolan dini azatlygy üpjün etmekde belkide dogry we gowy goşant goşup biler. Iň bomanda şular üçin peýdaly bolar!

Şu jedelde men uly many

Şu jedelde men uly many göremok Sylap. Ýagny maksat garşydaşyňy öz diniňe çekmek bolsa, onda bu jedeller peýdasyz.
Ýöne jedeliňizden soň biri-biriňiziň diniňiz hakynda köpräk öwrenersiňiz. A senden beýleki oglanlar bolsa hoşamaý jedeli, hoşniýetliligi we dialogy öwrenerler.
Köp oglanlar bäriniň musulman köpçüliginden peýdalanyp başda seň kowulmagyňy isleýäler :D Men oňa düýpgöter garşy. Ýöne oglanlar bärde azajyk bolup düşünýäler. Bir ýurtda senem bolmaly, menem, başga birem! Biri biriň pikirine hormat goýmaly we azatlyk bermeli.
Olar bir tarapdana musulmançylygy her ýerde isläniçe ýaşaslary gelýär, beýleki tarapdanam ýaşlyk edip eline güýç gelende seni kowaýaslary gelýäler*
*Beýlekilere ýaşlar diýip ýüzlendim welin, özümem ýaşlaý
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Sag bol Baýram seniň hakykatyň tarapdaryndadygyň üçin bir telpek!"

öňki goýanym, ähmiýeti üçin ýene goýýan:

Sylap, sen yalnysh hakykatlara ynanyarsyn!

Menden sana teklip:

1- In sonky we hak dinin kitaby bolan Gurhanyn Fetih suresin 28-nji ayatynda sheyle diyilyar:

"Ol pygamberi(Hz.Muhammed(SAW)) hidayet(imana gowush(dyr)mak) we hak din bilen iberendir. (Allah) ol hak dini ahli dinlere ustun etdi. Shayat hokmunde Allah yeter!"

2- Ynha, shu mynasybetli, in sonky we hak din bolan Yslama yene-de Gurhanda Biribaryn Ozi ehli kitapdakylary (hristiyan, yewrey) Yslama cagyryar!
Maide suresi 15-nji ayatda sheyle diyilyar:

"Ey, kitap ehli! Artyk size ilçimiz (Muhammed) gelendir. Ol, kitabynyzdan gizlap duran hakykatlarynyzdan birnacesini size bildiryar, birnacesini hem bagyshlayar. Ynha, size Allahdan bir nur ve açık bir kitap (Kur'an) geldi!"

Sheyle diymek bn Allah sizi Yslama, Gurhana cagyryar!

3- Eger muny etmejek bolsanyz, onda size yene Gurhanda Nisa suresinin 171-nji ayatynda sheyle diyilyar:

" Ey, Kitab ehli! Dininizde serhetleri aşman we Allah hakynda dine hakykaty aydyn! Meryemogly İsa Mesih, dine Allahyn pygamberi, Meryeme yetiren (emri bilen ona nygmat beren) sozi we Ozunden bir ruhdyr. Shu yagdayda Allaha we pygamberlerine iman edin, "(Allah) üçdir" diyman! Oz gowulygynyz uçin sheytmeginizi goybolsun edin! Allah dine yeketak ylahdyr. Ol caga eye bolmakdan uzakdyr. Göklerdaki her bir zat, yerdaki her bir zat Onunkydyr. Wekil(shayat) hokmunde Allah yeter."

4- Eger muny hem etmejek bolsanyz, onda, alyn size Gurhanyn Kafirun suresinden sonky maslahat:

"Rahman we Rahym bolan Allahyň ady bilen!
1.2. (Resulym!) Diý: Eý käfirler! Men siziň ybadat edenleriňize ybadat etmen.
3. Sizem meniň edenlerime ybadat etmeýärsiňiz.
4. Men siziň ybadat edenleriňize asla ybadat etjek däl.
5. Sizem meniň ybadat edenlerime ybadat etmersiňiz.
6. O halda siziň diniňiz size. meniň dinim maňa!"

Hawa, Sylap, shu sana Gurhandan oran onat maslahat! Eger okap, dushunip, amal etsen, onda Allah seni bagyshlar we Oz Jennetine alar! Yone yene onkiligine dowam etsen, onda Agajan aganyn aydanyny yazayin:

aA wrote:

...aýdýanlaryň köne aýdym.
bu meseläni ozal mergen we beýlekiler has giňişleýin düşündirdi. ýöne şonda-da sen şol Isa-Hudaý diýer oturarsyň. eger sen hakykatdanam isany söýýän bolsaň onda seni isanyň hudaýyna ybadat etmäge çagyrýan. ybraýynmyň hudaýyna. muhammediň (s.a.w.) hudaýyna (Allaha) ybadat etmäge çagyrýaryn.

ýöne sen bizi pygamberimiziň ybadat etmediklerine ybadata çagyrma.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ey shu diplomada telpek

ey shu diplomada telpek goyyan-ay, oz "davasi" ucin yaltanman shunca yazgylary okap, uzyn edip jogap yazyshyna hayran-ay... dogrusyny dogry aytmaly, Berekella, yone peydasyz zat ucindigine gynanyan...

Ata, Kuran belkide seniň ol

Ata, Kuran belkide seniň ol aýdanlaryň hak Hudaýa iman etmeýänlere aýdýandyr. Emma Kuran Töwrada, Zebura, pygamberleriň ýazgylaryna we Isa Mesihe iman edenleri bolsa kafir diýip atlandyrmaýarda, munuň deregine hatda eger bir zatda şübhe etseň Isa imanlylardan sora diýip maslahat berýär. Men bu aýada ýokarda bir erde salgylandym. Isa Mesihe iman edip, Onuň görkezen ýolundan gidenleriň bolsa iň belent derejede bereketlenenlerdigini men saňa ene bir gezek aýdyp geçeýin. Hudaýyň kimdigini, Onuň hak ýoluny, hakykatyny, we baky ýaşaýşyny Isa Mesihden güýçli we açyk görkezen ýokdygyny bolsa Kuran hem 100 golaý aýatlarda aýdyp geçýär. Men seni başga bir täze ýola iman etmegi çagyramok, şol Hudaýyň Sözi diýilip hasaplanýan we tassyklanan, Töwrat, Zebur, pygamberleriň ýazgylaryna we Hudaýyň iň soňky we iň esasy planyny jemlän Injile (Hoş Habara) imana çagyrýan. Sen bolsa gelip 12 asyrda musulman alymlary tarapyndan döredilen, "Töwrat we Injil üýtgedilipdir" diýen ýalan teoria ynanyp, Hudaýyň hakykatyny bilmekden gapyl galýarsyň. Eger sen hakykaty biljek bolsaň, gel dialogy dowam etdireli we bu üçin çyn ýürekden barlag geçireli!

Hormatly DIPLOMAT;Sen barde

Hormatly DIPLOMAT;

Sen barde bize hristianlyk barada yazyan, Injilden ayatlar goyyan, bir zatlar öwretjek bolup der dökyan, minnetdar.

YÖNE sen bilmeli bir zadyn bar, hakyky Musulman adam hiçhaçan Hristian (yada başga) dinini kabul etmeyar!

SEBABI:

1- Musulmanlar edil Hristian we Iudeylerin ynanyan Hudayyna ynanyarlar;

2- Musulmanlar Hristian we Iudeylerin kabul edyan Pygamberlerine (Adam, Ibrahim, Yusup, Süleyman, Dawut, Musa, Isa ...) ynanyar we bularyn barysyny dogrulayan Muhammet Pygambere ynanyarlar;

3- Musulmanlar Töwrat we Injilde buyrulan ahlaky kada kanunlaryn barysyny berjay edyar.

Musulmanlygyn Iudeylik we hristianlykdan hiçbir kemçiligi yok, gaytam tersine has taze, tamiz we yaş bir din.

Haysy akylly we hakyky Musulman adam, bulary bilip başga dini saylar? Haysy akylly we hakyky Hristian/Iudey bulary bilip Musulmanlary öz dinine çagyrar?

Islam dininin Hristianlyk yada Iudeylige göra kemçiligi bar diyyan bolsan bize de ayt, bizem bileli.

Jogabyny şu BLOGa yelmawer.

PS: Bu blog gaty çişdi :-)

bey ba..:D Hakykatdanam köp

bey ba..:D Hakykatdanam köp zat hakda peydaly maglumatlar berlipdir. Yöne meni asyl tolgundyran we duygylandyran zat menin duygylaryma hem kimem bolsa birilerinin terjimeçi bolyandygy. Sebabi eger biz munun yaly pitnelere tayyn bolup yetişmesedik, önümizden akan maglumat alaşasyndan(çeşmesinden) içmedik bolan bolsadyk onda şu wagt Sylabyn önünde çaresiz bir nesil durardy. Çykalga yok, berlen maglumatlar az, göwnejay dal, kelleler (anlar) bulam bujar bolardy .(Alla gorasyn) We özümçe şu netijani çykardym.Pygamberimizin " Bir adamyn imana (hidayete) ermegi, üstüne gün düşyan ahli zatdan (muna Kabe de degişli) hayyrlydyr." diymegi yöne yerden daldir. Göryanizmi..? Munça dyrjaşsagam garşymyzdaky adam pikirinden danenok. Danmeli diyen kada yok . Emma Allajan rugsat bermese bolanok ekeni. Pygamberimizin yekeje adam diyip Mekgeden Medina hepdelik ayak yalanaç gidip gelmeginin bir emmasy bar ekeni. ... gepin gysgasy adamlara bilyan hakykadymy düşündirmek üçin elimden gelyan hemme zady gaygyrmajakdygyma söz beresim gelyar. Yöne e-net sahypalarynda dal. Hemme yerde.. (elbetde elimden gelse) ...

Tüweleme, yaltanman

Tüweleme, yaltanman yazyanay Sylap :D..

Tagan ildeş sagja bol

Tagan ildeş sagja bol ýazgyň üçin!
Eger ýary gije biriniň jaýy ýanyp duran bolsa, eýesi hem içinde bolsa, olar hem jaýynyň ýanýandygyny bilmeýän bolsa, sen baryp olara jaýynyň ýanýandygyny aýtmaga ýaltanarmydyň.
Ynsanyň jany hem günäleriniň içinde gitse, günäleri üçin töleg tölenmese dowzahda ýanmaly bolýar. Hudaý bolsa ynsanyň janynyň dowzahdan gutulmagy üçin çykalga açdy, günä çukurynda oturan bize, Özüne tarap Ýol açdy, bu barada habary bolsa Hudaý Injilde aýan etdi. Bu sebäpden hem Injil Hoş Habardyr! Injiliň gürrňi bolsa Isa Mesih hakyndadyr. Isa Mesihe iman edenlere Hudaý dowzah odundan gutulyşy wada berýär! Maňa hem kimdir biri ýadaman HOş Habary etirdi, men hem gutulyş aldym, gejege bolan umyt aldym, bu üçin hem men hem başgalara borçlydyryn!

Injil wagtynda Hoş Habardy,

Injil wagtynda Hoş Habardy, son ony sizin yaşoklarynyz Boş Habar etdiler..
Name üçin Isa Mesihe bolan söygüniz Hudaya bolan söygünizden güyçli, şony düşünemok. Bolya, Hudayin yörite saylap iberen adamy diydin, zat diyemok. Yöne name üçin siz şol adamy onun Hudayindan has köp söyyaniz?

Bir patyşa ilçisi bilen size sowgat iberse, sizem şol sowgady getirene sagbolsun aydyp, şol sowgady iberene, sowgadyn asyl eyesine sagbolsun aytmasanyz nahili bolar? Men patyşa bolsam gaydyp sowgat bermezdim, nadan adam diyip.

Hoş Habar bolsa onda oňa

Hoş Habar bolsa onda oňa iman et dost! Boş Habara iman etme. Hiç kim iberileni iberenden belent görenok. Isa Mesih hakynda gürrüňiň bu taýda köp edilmeginiň bir sebäbi bolsa musulmanlaryň Isanyň dünýä gelmek maksadyny we eden işlerini ret etmekleridir! Dost sen ilki bilen Isa Mesihiň kimdigine bir düşünsediň şonda nämeniň nämedigine düşünerdiň! Isa Mesihe görkezilmeli hormaty görkezmeseň, Hudaýa nähili hormat görkezjeksiň?!Hudaýy saňa tanatjak bolup Isa Mesih asmandan geldi! Bu sebäpden Injilde şeýle diýilip ýazylan: "Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Ony bize Hudaýdan çykyp gelen Isa Mesih tanatdy" Bu sebäpden hem Isa Mesih ýöne seniň pikir eden ilçi rolunda däldir! Emma Isanyň näme üçin gelendigini ret edýän bolsaň onda Ol baradaky Injiliň aýdan beýlekilerine nähili ynanjak!

kapyrlar putlara sežde

kapyrlar putlara sežde etmekleriniň sebäbini "bizi Allaha ýakynlaşdyrmaga sebäpçi bolany üçin" diýipdiler. Hz.Isa barada bolsa - Hakykat bir bendäni hudaýlaşdyrmakda däl-de, şol bendäni hak wezipe bn iberen Ýaradany ýene-de şol bende arkaly bilmekdir. Tagzymy bendä däl, Ýaradanyna etmekdir.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Men seniň kapyrlar barada

Men seniň kapyrlar barada aýdyanyňa düşünýän. Emma bilşiň ýaly Injil kapyrlaryň kitaby däl, onda ýazylan zatlaryň hemmesi hakykatdyr. Eger Mukaddes Ýazgylaryň Isa Mesih barada aýdýanlary hakykat bolsa, hatda Kuranda hem Isa Mesihe "Hudaýyň Kelamy we Ruhy" diýilän bolsa, onda Isa Mesihiň diňe bir ynsan bolman, Hudaýyň bir bölegidigini tassyklaýar. Elbetde adam aňy bilen muňa doly düşünmek kyn bolýar. Bu sebäpden men saň "sen bedenden we ruhdanmy" diýen soragy-da beripdim, çünki biziň hem tenden we ruhdan bolşymyz ýaly, Isa Mesih hem Hudaýyň Ruhy, onda Ol Hudaý bilen birdir!Şu sebäpden hem seniň gürrüň edýän zadyň Isa Mesihe mahsus gelmeýär! Ol bu dünýäde ýaşasada bu dünýäden däldi, ol gelende eýýäm Gökden Hudaýdan çykyp gelipdi!

Aslynda, blog uzady we biz

Aslynda, blog uzady we biz ýöne netijesiz jedelleşip oturana meňzeýäs, ýöne men bir zady aýtmak isleýärin:

Ýahudilik, Hristiýanlyk we Yslam - bu üçüsi, elbetde, Allah tarapyndan iberildi. Yslamda imanyň şertleri hökmünde şol dinleriň kitaplary bolan Töwrat, Injil we Kurana, olary biz ynsanlara iň oňat ýagdaýda düşündiren pygamberler (Allahyň ilçiler) bolan Hz.Musa, Hz.Isa we Hz.Muhammede(SAW) bir musulman hökmünde iman edýýärin. Ýahudiler we hristiýanlar hem şuňa şol ýagdaýda iman getirmeli. Şeýlelik bn hem ynanýanlar birleşip, ynanmaýanlara has täsirli ýagdaýda hakyky imany düşündirip, hakykata çagyrmaly! Ynha, iň wajyp zat şul, ýagny, dinler arasyndaky dialog!

Ýokardaky ýazgylaryň bu ýagdaýyň tersineräk ýazgylardygyny(sorag-jogap) bilýän. Näçe ýazmajagam bolsam, Sylabyň kä ýazgylaryny okap daýanyp/saklanyp bilmedim we ýazdym. Mundan soň ägäräk bolup ýazsak has amatly bolar pikirimçe!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

OGLANLAR , JAN DOGANLAR ,

OGLANLAR , JAN DOGANLAR , ILDESLER , GOZ GORECLERIM , JANYM DOSTLARYM , JANYM MILLETIM.....Sylap we onun dini baradaky jedellerin sonuna nokat goyalyn besdir indi , Sylap dost senem GAYRAT etde , su zatlary yazmagyny goy! Howa hakyn-hukugyn bar bilyan , erbet zadam aydanok YONE . Sen aydyan zatlaryn su yerik agzalalyk getirjek bolsa, has mohunirak meselelere uns berman yerine gije-gundiz su zatlar barada jedellesiljek bolsa , sol zadyn gowyn-gowysy hem bolsa AYTMA , YAZMA.
Oglanlar siz bolsa..., Su oglan Ahmet Didatyn cykyslaryny dinlap gorupdir , sondada hci zada gozi acylmandyr gynanyas. Yogsam sol yerde HEMME ZAT aydyldy , sol zatlar bilen kanagatlanmayan adamy bizinem aydyan zatlarymyz kanagatlandyrmaz , yogsam bizin delillerimiz yeterlik , sahsy ozim 6-yyldyr su zatlar ucin kelle dowyan , Sylap deliller bilen boyun egyan bolsa men , yagys edip yagdyrjak solary , yone Sylap boyun aljak adam dal , oz diyenini tutyp otyr , KELLE , SYGYRDY BIR AZAJYK ISLEYAN BOLSA , bizin delillerimiz OCURYA , yone hakykatdan gacyan adama kowalap yapysdyryp bolmaz.
Sylap name delil aytdyn diyip soramagyn mumkin , yadynda bolsa gecen yyl , sen b/n www.tmch.at da gabatlasypdyk sonda men dostlarym Batyr, Rejep dagy sen bilen hemme zady gurlesdiler , a men bolsa olara bosuna eglenyaniz ol oglan hic zat kabul etmez diyipdim , olaram sondada seni hak deliler bilen kanagatlandyrjak boldular , emma basa barmady , bardede sol bir bolsun , bolya ozune ozun hokum edyan dinin nesip etsin , yone azajygam bolsa , in bolmanda bizinki yaly , bizin dinimizem syla , onun pikirlerine hormat goy!
Su gurrinler in yakyn wagtlarda gutarar diyip umyt edyan , emma beyleki meselelerde (dinden basga) bize pikirlerini yazyp bilersin.Sag bol!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • agashka 1 telpek goyyar we yazyar: "aydanlarya goşulyaryn dost!"

Gurban ildesh,

Gurban ildesh, ildeshlerimize bu mowzugy bes etmegi maslahat edip yuzlenman kabul ederli dal, senin aydan delillerin hakykat bolsa onda name uchin olary aydyp gurruni dowam etdirmkchi dalsing. Deedat diydin oturdyn, Deedat dogry zady aydanok, Mukaddes Yazgylaryn kabir boleklerini alyp ony ozuche dushundirip, olary Injile garshy delil hokmunde ulanyar. Bu sebapden hem, onun yalan taglymatyny kimdir biri bu tayda pash etmeli dalmi eysem, name uchin bizin ildeshlerimiz taryhyn yada diskussiyanyn bir tarapyny dinlemeli, olara garshy getirilyan faktlary dinlap ozleri chozgut chykarmak hukugyndan mahrum bolmaly!? Bu sebapden men ene-de sana yazan jogabymy shu tayda hem gaytalamagy makul bildim:
Gurban ildeş men seniň ýazan komentiňi okadym, we seniň pikirleriňi ylalaşmasamda hormatlaýan! Her kimiň bu hakynda öz pikiri bolup biler.
Ýurdyň halkymyzyň bähbidi üçin peýdaly zatlaryň aladasyny edip bu taýda dürli temalarda gürrüň edilýändigi hem gowy zat. Meniň hem arzuwym we ilsegim halkymyzyň azat erkin, bereketli, agzybir we birik biregi hormatlamak we söýmek bilen ýaşamagy.
Meniň düşünişim boýunça, adamyň şol üstünliklere ýetmegi üçin ilki bilen içki dünýäsinde welin çyn üýtgeşikler ýagny ruhy gymmatlyklar kök uran bolmaly we şolar esasynda hem her birimiz özümize Hudaý tarapyndan berilen potensialy doly güýjünde dogry ýola ulanyp bilýäris. Gürrüňiň şu tarapyny alsaň onda meniň ýazýan zatlarym hem ynsana zyanly zatlar dälmikä diýýärin.
Indi, adamlary öz diniňe çagyrýarsyň diýen pikiriň barada, men adamlary dine çagyramok, munuň deregine türkmenleriň asyrlar boýy hakykaty bilmek hukugyndan peýdalanyp bilmän gelendigi we giç bolsada peýdalanmak mümkinçiliginiň az bolsada käbir derejede açylandygy üçin islamyň Injil baradaky hakykaty ýoýup diňe öz düşündirişlerini aýdyp gelendiginiň tersine, Injil hakynda hakyky taryhy halka etirmek üçin men şeýle edýärin. Haýsy tarapyň dogry ýada nädogrydygyny ildeşlerimiziň özi çözer. Kimdir biri muny ýada ony dogry hasaplar, bu bolsa her bir ynsanyň iki tarapyda öwrenip çözgüt çözmeli hukugydyr. Islamyň bolsa Türkmenistana we biziň töweregimizdäki ýurtlara nähili ýaýrandygy köplere bellidir we gynansakda, şu günlerde hem bolşy ýaly, islam erkin pikiriň ýaýramagyna we ylaýtada Injil hakynda hakyky taryhyň türkmenleriň arasynda aýdylmagyna ýol açmandyrlar, bu sebäpden hem biziň halkymyz Isa Mesih hakynda dogry hakykaty bilmek hukugyndan mahrum bolupdyrlar. Bilşiň ýaly Hudaýyň Sözünde bolsa Injiliň ähli halklara, ähli dillerde, dünýäniň soňuna çenli gürrüň edilmegi we wagyz edilmegi buýrulýar!
Eger sen muňa garşy çyksaň elbetde Hudaýyň erkine garşy çykanyň bolýar, ondan başgada 10 milliondan köpräk Türkmenler üçin eke özüň çözgüt çözeniň bolýar.
Bu gürrüňleriň başga tarapy hem bize berilen söz azatlygyny, iň bolmanda şu taýda peýdalanmaga bir rugsat ber dost.
Hemmesiniň üstesinede, meniň düşünişim boýunça, eger ynsan Hudaýyň Isa Mesihde beren gutulyşyny kabul etmese, onda ol ölüp o dünýä baranda dowzah odunda ýanmaly bolýar, men ildeşlerimiň dowzah odunda ýanmagyny islämok, olaryň Hudaýyň Öýünde, jennetde bolmagyny isleýärin. Şeýtmek bilen şeýtanyň maksadyna garşy göreş alyp barýaryn diýip düşünýärin!
Saňa hem saglyk amanlyk arzuw edýärin Gurban!
Hormat bilen Sylap

Sen gowy bilersin Sylap dost

Sen gowy bilersin Sylap dost , islesen dowam edip bilersin , senin hakyny hormatlayan , yone men aydyan zatlarym dogry bolsada dinlenmejek bolsa , dine oz diyenini tutup otursan men name ucin biderek yazyp oturayyn?
Sen azajygam bolsa boyun alma meselani dogryla menem yazayyn , yazan zatlarymyn bir kopuk peydasy bolmasada yazyp oturar yaly men name dalimi? ya basga isim yokmy?
Sen su wagt birdonnara dasa seredip "eyt , beyt" diysen das sen aydanyny edermi? menm yuzlenmelerim edil dasa seredip aydylyan yaly dami?
Onsanam saydymyzyn munlap agzasy bar , hemmesininem sana aytjak zatlary bir zat , hemmesindenem aljak jogabyn solar yaly , sen ozune gaty daralmagyny gowy goryanmi? mena sana gaty daralmagyny islamok , cunki senem oz ildesimiz , oz Turkmenimiz , bilsen su yerde dine Turkmenleri jamlemek-jebislesdirmek ucin alada edilya , eysem ARALARYNA FITNE SALMAK UCIN DAL , senin dini yazgylaryn bolsa gowy hem bolsa aramyzy bolya , fitne getirya , hemme kisi kada-kanun boyunca yoranok barde , arasynda gany-gyzgyn godegrak oglanlar bardyr , solar sana gayrak gurrin aytsa , menem hak-hukuk hatyrasyna ona garsy cyksam , ine sana iki sany musulman oglanyn gyrlysygy , ana seyle dost ya sen bizin seyle bolmagmyzy isleyanmi? sayty peydalanmak dalde , jedel , sogusmek , yigrenc yaly yere owrulmegini isleyanmi? elbetde isleyan dalsin , onda gayrat et sony bil, senin etjek bolyan zadyn yarany bitirmek ucin , donuzyn yagyny calan yaly bolya (bilyana biz dermanlyk ucinem donuzun ne etini nede yagyny ulanmaya) gowy zat yone basymyza bela getirjek bolsa ulanjak dal. Senem bize ol dermany ulanmaga mejbur etme.
Yenede bir zat Ahmet Didat Yslam alymlaryndan biri , ony gowy goryas hormat goyyas , name ucin men ona tohmet atylmagyna rugsat bermeli? name ucin ona yalancylygy yonkelende sesimi cykarman oturmaly? men musulman hokmunde oz dinimi goramaga hakym bar seylemi? (senin dinini mazamlamaga hakyn bolsy yaly) alymlar dinimizi saklamakda uly rol oynayalar son ucinem olary gorayas biz , yekeje hristiyan alymyna hic zat diyip goremok , musulman alymlarynada dil yetirilmegini islamok. Saglygyn!

Gurban ildesh, seni haysy

Gurban ildesh, seni haysy delili aytdyn men ona gulak asmadym, senin getiren delilin hakykat dal bolsa men ona garshy gurrun etdim, sen hem sheyle, senin edyan gurrunlerin mana tasir edyar, shol bir hatarda menin edyan gurrunlerim sana tasir edyar. Gurrunleshmegin manysy shonda, her birimiz kabir derejede onun yada munun pikirini bilyaris, birek birekden owrenyaris. Bu argumentleshmegin usti bilen bolsa hakykata goz etiryaris. Jeddelleshmek, her bir ylymda we adam yashayshynyn her bir ugrunda bilshin yaly bardyr we munun netijesinde biz bir chozgude gelip bilyaris.
Kimdir birinin dawalashmagy, yada urushmagy we sogushmegi bize bagly bolmayar, her kim ozuche bir netije chykaryar we ol uchin ol ynsanyn onunde-de we sony bilen Hudayn onunde jogap beryar. Elbetde sen we ozun yaly dushunjeli oglanlar birek biregi hormatlamazlyga yamanlyk etmeklige garshy elinde baryny etjek bolmagy gaty gowy zat we gerekli zat, emma shol bir hatarda erbetleri doly aradan ayrmak we sheyle yagdaylaryn yuze chykmagyny biz aradan ayryp bilmeyaris. Bu diyildigi biz agzymyzy yapmalymy, elbetde yok, biz bilyan hakykatymyzy aytmaga chekinmeli daldiris we muny dowam etdirmelidiris.
Men musulman alymlaryna hormat goyamok dymedim, men olara ynsan hokmunde, alym hokmunde hormat goyyaryn, emma olar nadogry zady aydyan bolsa olara nadogry aytdyn yada aydypdyr diymek olary hormatsyz gormek diyip men hasaplamayaryn!
Gorkezen hormatyn, ildesh hokmunde alada gorkezyanine kop minnetdar! Sana-da saglyk arzuw edyan!