Aydasym gelyan zatlar

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Arada hakyky "krutoy" oglanlaryn hemishe uyyan kanunlary barada yarym chyn,yarym oyun hekaya okapdym. Takmynan sheylerakdi:
soyguline hich hachan goni "hawa" diymeli dal
gyzlardan hich-hachan otunch soramaly dal,yalbarmak barada asjak bolsalaram pikirlenmelem dal
hokmant it saklamaly
yatdan 10 sany goshgy yada aydym bilmeli,yone gyzlardan bashga hich-kim bilmeli dal
gyzyn owadan jorasy bar bolsa,oz dostun bilen tanyshdyrmaly
gyzyn pishigi bar bolsa hokman her gezek guyrugundan basmaly
gyzyn jorasy owadan dal bolsa,oz dostun barada hich zat aytmaly dal,hatda sorasada "soygulisi bar"-diymeli
hemme taze modany bilmeli yone bilyanini hich-kim bilmeli dal
dostun agyr ishi bar bolsa(oyunin goshlaryny gochiryan bolsa,mashyn remont edyan bolsa...) hokman komek etmeli,olam oz gezeginde futbola bilet almaly
dostun onki soygulisi bilen hich hachan gezmeli dal
.
.
.
shun yalagrakda.pishikleri onem halamokdum,shuny okamson voobshe hormatymy yitirdim.a gyzlar barada aydybam durmayin:) beyleki maddalaryna gechsek,dostuna elbetde komek etmeli,olam minetdarlygyny bildirmeli.dostumun jorasynyn owadan jorasy bilen men-a tanyshmaga garshy dal,betgelishik jorasy bilen tanyshmaga garshy.dostun onki soygulisi bilen...
shu mesele barada universitedimizde bolup gechen chynnaky wakany aydyp berjek.Barde gazak studentler kan we hemmesi diyen yaly gowy oglan gyzlar.Aytjak hekayam uch oglan bir gyz we birem singapurly gyz barada.Birinji oglan Berdi Sahra bilen soyushyadi.Durdy bolsa Jillian(singapurly gyz:) bilen soyushyadi.Son Berdi bilen Sahra ayrylshdylar,Berdi yatdan chykardy,Sahra birazajyk gam-gussa batdy,son olam yatdan chykardy:) Son gorsem Durdy hem Jillian bilen ayrylshypdyrlar.gaty gen galdym sebabi biri-birini gaty halayadylar,agzybir biri-birine mynasyp jubutdiler.ay name bolarka diyip durdum welin,Berdi Jillian bilen soyuship bashlady,edil sho wagtam Durdy Sahra bilen dushushup bashlady.son bir salym olary gormedim,son gorsem,Durdy Sahrany tashlapdyr,yene Jillian bilen soyuship bashlapdyr,Berdi yekeje ozi gyzsyz,Sahrada uchunji gazak oglan Geldi bilen soyuship yor:)
yokardaky kanunlaryn in sonkusyna duybinden ters gelyan bolup gechen waka.Yone men ozum pikirlenip goryan welin men dostum onki halashan gyzym bilen soyuship bashlasa,nahili bolar?Erbet bolar.Men-a halamaryn.Siz bu barada nahili pikir edyaniz?

ps.bar aytjak zatlarym shundan ybaratdy,aklyma bashga zat gelmanligi uchin otunch sorayan.
ps2.yokardaky hekayadaky bar adam atlary computer generated wiii,to est yasama atlardyr.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • poahf 1 telpek goyyar we yazyar: "Tüweleme! Sendena bir magazin redaktory çykar öydyan:))"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

ehhhhhh sizem bara yeri gyz

ehhhhhh sizem bara yeri gyz gapyshypdyr dostyn onki soygilsinden bashga, koplenc bir birlerinin icini yakmak ucin gyzlar soygilsinin dosty bilen, oglanlar gyzyn jorasy bilen soyushyaler dine bir birlerini gaty soyyendikleri ucin we shony yatdan cykaryp bilmeyanleri ucin sheyle edyaler oydyan,
on bir waka bolupdy, iki dostyn biri oylenyar welin wagt gecman dosty aradan cykyar, onyn heleyini yyly gecman ol dosty alyp otyryberdi, ejesi kakasy oglym olendenem erbet boldy jan yaly dosty onyn heleyini aldy diyip,
name gerek bashga adam gapyshmandyr sholardan bashga

Shujagaz hekayanam okap gor,

Shujagaz hekayanam okap gor, halarsyng diyip umytda :)))
IKI ASHYK.
Yash gyzyn bary-yogy bir gysym ushak puly bardy. Ojagashynam dukandan,
gassapdan, gok-sok satyanlardan ojuk-bujuk satyn alyp, satyp zordan
gazanypdy. Puluny bir sanap chykdy, iki sanady, uch sanady… Ertesi gun
Taze yyldy. Gyzyn aglamakdan bashga caresi galmady… Aglamasyny goyup
elindaki el yaglygy bilen goz yashlaryny supurdi. Penjira golaylashyp,
tamyn ustunde yatan chal pishige gam-gussaly seretdi. Bar oy-pikiri
elindaki azajyk puluna bayramchylyk mynasybetli soygulisine nahili
bolsa-da bir sowgat almakdy. Sonra birden penjiranin onunden
ayryldy-da, aynanyn garshysynda durdy. Uzyn sachlaryny chalt-chaltdan
chozdude, biline chenli goyberdi. Sachlar, dogurdanda oran owadandy.
Ol durmushynda buysanara shondan bashga hich zadynyn yokdugyny gowy
bilyardi. Birsalym aynanyn garshysynda sachlaryna sereden gyz
gozlerini balkyldadyp gapyny achdyda, basganchaklardan ylgap dushup,
kocha chykdy. Ol ozunin dellekhana nahili gireninem duyman galdy.
Zenan dellekden: - Sachlarymy satyn alarmysynyz? diyip sorady. -
Yaglygynyzy ayyryn, bir goreli diyip, dellek zenan elleri bilen
sachlary sypalady-da - Yigrimi dollar bolar diydi. - Chaltyrak berin,
men razy - diyip, yash gyz pullary gysymyna gysdy. Ol soygulisine shol
pula satyn alar yaly bir sowgat tapyancha dukan baryna aylandy. In
sonunda dukanlaryn birinden gozleyan zadyny tapdy. Gyzyn soygulisi-de
ozi yaly garypdy. Onun durmushynda bar guwanyp yoreni atasyndan galan
koneje gymmatbaha sagatdy. Yone bagynyn gopanlygy sebapli kop wagt
bari ony jubusinde goterip yordi. Yash gyz oye dolanan mahaly ozunin
alnysh ish edendigine dushundi. Soygulisi bu edenine begenmese, onun
bu keshbini betnyshan gorse nahili bor?! Sagat yedide ahli zat
tayyardy. Naharam ojagyn ustunde gyzdyrylgy durdy. Soygulisi hich
hachanam gich gelmezdi. Shol wagtam uzakdan ayak sesleri eshidildi.
Gorguli gyzyn renki-peti uytgedi. Ona “Alla jan! Jim menin bu keshbimi
halaybilseydir” diymek bilen, dine doga okabermek galypdy. Gapy
achyldy. Jim icheri girdi. Ol hortap, yone gelshikli yigitdi. Gorguli
yany yigrimi iki yashynda bolsa-da, cheken hupbatlarynyn ahli agramy
gerdenini chokeripdi. Taze bir palto almalydy. Ellikleri-de yokdy… Ol
ishikde durup, gyza hayran galyjylyk bilen bakdy. Yash gyz endishe
bilen: - Mana beyle seretme!- diyip dillendi. – Sachymy kesdirip,
satyp goyberdim. Taze yyl bayramyna sana bir sowgat almalydym. Yone
gynanma, sachym sheyle bir chalt oser weli… Yigit yuwdundy-da: -
Sachyny kesdirdinmi? – diyip gaytalady. - Hawa, kesdirdim. Senin
uchin. Bilyanmi, men sana nahili ajayyp sowgat aldym! Gozunde yash
gorunen yigit jubusinden bir bukja chykardy. - Sachyny kesdirenin
ya-da bashga bir zatlar edenin sana bolan soygume tasir eder oytme.
Emma shu bukjany achanda menin name uchin sheyle aljyrannylyga
dushenimi anlarsyn. Titreyan akja barmaklar bukjanyn yupuni chozdi.
Gyzyn bukjany achan wagtyndaky shatlykly sesi, sonar umytsyz gozyasha
owruldi. Bukjada ajayyp bir sach daragy bardy… Gyz muny bir dukanyn
tekjesinde gorupdi. Kop wagtdan bari seredip we sheyle bir daragynyn
bolmagyny isleyardi. Sonar daragy bagryna basyp, aljyranny, gozgyny
halda shu sozleri gaytalady: - Jim gaygy etme, sachlarym, nesip bolsa,
sheyle bir oser weli… Sonra birden yerinden galdy-da, satyn alan
sowgadyny soygulisine uzatdy: - Nahili owadan, sheyle dalmi? Sagadyny
chykar-da seret. Bu sagatbagy ona onat gelisher – diydi. Yigit keypsiz
jogap berdi: - Gulum, shu gunlukche bu gurruni goyaly. Sebabi sana bu
daragy almak uchin sagadymy satmaly boldum… Durmushda birek birekden
habarsyz, maslahatsyz edilen zadyn gadyryda bolmaz manysyda…

__________________________________________
yagshylyga yagshylyk her kishinging ishidir
yamanlyga yagshylyk ar kishining ishidir

shu durmushda adam ynsanyng gownune degmekden alla saklasyn

hawa,bu hekayany

hawa,bu hekayany bilyan.O.Henrinin shuna menzesh hekayalarynyn yigyndysy bar oyde.

pishikleri

pishikleri seyle gowy goryan :)
oymuzde 3 pishigim bar..
olar mana oran wepaly hacanda oye bajak wagtym bir gun onunden edil geljegimi bilyan yaly yoluma chykyp aylanyamysh :)
ejem aydyp beryalay seyle etya diyip...
doganlam halanok men ichimi yakjak bolsalar pishiklerimi uryalar hemem halta salyp kanala zynarys diyip gorkuzyalar..

men kiçikam, gyz jigimin

men kiçikam, gyz jigimin pişigini aylap howlyn daşyna zynypdym.
yöne indi gaty gowy göryan olary. pişikde yaman üytgeşik owadanlyk we mylayymlyk bar, myjyklasyn gelyar-da.
beyleki haywanlara göra arassa bolyar.
türkmen gyzlaram pişik yalyjak aslynda. :D
_________________________________________
Ölüp baryaryn.Isa, Alla, Budda hemmanizi söyyan men. :)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "pishigi gowy goryanin ucin :)) menem gowy goryan"

way

way sheylemi:))))
yigrenyanim pishik ,mena gujugi gowy goryan , mengem bir gowja guyjugim bar hezil edip oynayan kawagt bile , oyunchyl ozi

__________________________________________
yagshylyga yagshylyk her kishinging ishidir
yamanlyga yagshylyk ar kishining ishidir

shu durmushda adam ynsanyng gownune degmekden alla saklasyn

"turkmen erkekleri hem

"turkmen erkekleri hem gujujek yali aslinda" diyersin oytdumey:)))
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

Selbi bu yerde pisikden

Selbi bu yerde pisikden goryan weli kujugede gecip yetisdin .:))))Agsam oturma barjak .Sonda ozun gurrun berersinda gowuja edip .:))))

teman ady name yazylan

teman ady name yazylan postlar name.. pişik it :D

mena hemme haywanlary halayan :D

mowzuk hakynda bolsa.. kyn mesele.. adamyn niyetini bilip bolmaya.. kabirleri içini yakmak üçin kabirleri hakykatdan soyyandikleri üçin şeyle yagdaya düşya..söyyanlere sözüm yok yone içini yakmak üçin edyanlere menina yuregim awayar.. şeyle öz nebislerine buyrup bilman yada yazgydyna kayı
il bolman ar aljak bolup, içini yakjak bolup.. yada yatdan çykarmak üçin başga yollara yuz tutyanlar.. yuregin awamaz yaly dal..gynanyan..şeyle yollar bilen bagtly bolup bolmayamyka diyyan.. tersine öz durmuşyny zayalanyn bolyan bolaymasa..