Doganyn/dilegin güyji...

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

gepi uzadyp, owadanlap otyrjak dal.

Doga-dilege garşy garayyşynyz nahili?
Sizin durmuşynyzda doganyn-dilegin nahili orny bar?
Köp doga-dileg edyanizmi?
Doganyn-dilegin tasirine, güyjüne ynanyanyzmy?
Size nahili tasirleri boldy?
Doga-dileg dineje özüni aldamakmy?
Sizin durmuşynyzda doga-dielg barada nahili başdan geçirmeler boldy?
gürrün berayseniz.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Türkçe bilyanle üçin,

Türkçe bilyanler üçin, Muhammet Bozdag yaşulynyn "Islemegin Syrlary" kitabyny okamagynyzy maslahat beryarin.

Ine Muhammet Bozdag yaşulynyn sayty: yetenek.com/items.asp?tid=3&cid=61

Kitabyn esasy pelsepesi: "Egerde Alla Tagalla bize (isleyan zadymyzy) bermek islemesedi, (şol zady) islemegimizi (duygyny) bermezdi."

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

"doga" sozi turkmen dilinde

"doga" sozi turkmen dilinde yalnish dushunilyar eger turkcedaki "dua" sozunin yerine ulansang.. Sebabi "dogalamak" diyen mani angladyar..

Senin o diyyan zadyna "dileg" diysek has yerlikli bolarmika diyyan..

Türkmen dilindaki "doga"

Türkmen dilindaki "doga" sözi yalnyş düshünilsede, "doga" sözi arapçadaky "dua" sözünden gelyar.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

dogalashali-da dost!:)

dogalashali-da dost!:)

Men pikirimçe (dinimize

Men pikirimçe (dinimize göra) doga diyilyan zat hakykatdanam çyn zat. Şu alemin (yokdan) döredilendigini şugünin bilimi hem tassyklayar. Yagny şu alemi döreden Biri bar.

"Bu alem name üçin döredildi? Bizin maksadymyz name?" yaly soraglar pozitiv bilimin dalde, metafizik ylymlaryn işi. Metafizik ylymlar diyende de, olaryn esasy çeşmeleri dini yada mifologik yazgylardyr. Şol yazdylara göra bu alemi döreden bir Huday bar we bizi döretmegin sebabi, Ony tanap Ona ybadat etmegimiz üçindir.

Ybadatyn esasy "manzy" dogadyr. Sebabi doga diyilyan "yüzlenme" arkaly biz Huday Tagalla bilen "gürleşyas" yada "kontaktlaşyas". Doga, bütin alemi we şu alemdaki kanunlary döreden Huday bilen bir gepleşik yalydyr. Bu gepleşik köplenç "dileg, hayyşt, isleg" formatynda yerine getirilyar; munun sebabide, adamzadyn ejizligidir. Doga, adamzadyn öz ejizligini we güyji yetmeyan zatlary ona berjek gudratly bir Hudayyn bardygyny kabullanmagydyr. Elbetde hemme zada güyji yetyan gudratly Alla Tagalla, öz gullaryna (yada dostlaryna) kömek edip islan zadyny berer. Bu dünyade bermesede, ölümden sonky durmuşda (epesli köpeldip) berer.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • el_mariachi 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Huday doga-dilege göra

Huday doga-dilege göra hereket etyarmi bu dünyade?
meselem, maşgalamy howp-hatardan gora diyip doga-dileg edip gezsen, şol kabul bolyarmy?
ol doga etmesen, maşgalana howp gelyami?
"Huday haysy bolsada gowysyny eder" diylip bilner.
eger Huday gowysyny etjek bolsa, onda bizin doga yörmegimiz nama gerek?
_________________________________________
Ölüp baryaryn.Isa, Alla, Budda hemmanizi söyyan men. :)

Bir zady unutmaly dal: Huday

Bir zady unutmaly dal: Huday Tagalla biri bir zatlar pyşyrdady diyip, şo zady etmage "obyazan" (mejbur) daldir. Huday Tagalla öz gullaryny söyyani üçin, olara öz rahmeti (mahir) sebapli bu dünyade kömek edyar.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

menem şony yazdym-da.. eger

menem şony yazdym-da..
eger Huday bizin dogalarymyza göra, bu dünayde hereket etmeyan bolsa,
onda doga gury bir zat bolup galyar.
_________________________________________
Ölüp baryaryn.Isa, Alla, Budda hemmanizi söyyan men. :)

Myrat, din'daki haysy

Myrat, din'daki haysy dushunjanin "shu dunyade name hayry bar ?" diyip, umumy "bu dunya, o dunya" dushunjesinden abstraklashdyranynda entagem manysy galyar ??? T.e. sen diyyan "Shu dunya'de hayry barmy ?", barde bolman anyrda bolsa hayry bolmadygymy ?? Din hachandan bari dine bu dunya'de hayri bolan zatlary one surdi ?? 2 dunya'ni bile ele almasan, onda barysy manysyz gorunjegi 2 uchsyzmyka diyyan...

Dileg meselesi hem edil sheyle...Pygamberimiz(sav) her hili dileg gornushlerinin bardygyny aydyar, meselem "maddy dileg", yagny bolmagyny isleyan ishin bolmagy uchin senin ustune dushyan fiziki borch, yagny okamaly/yasamaly/yetishdirmeli yaly zatlar... Onun dashynda-da yslam alymlary "yhlas"/"howes"/"gayrat"/"maksada okkunlylyk" yaly dushunjelerin mohumliligine uns chekyaler...Yagny "dileg etdim, onda-da bolmady" diysen ozunden gormeli, sebabi on yanyndan edilyan "maddy dileg" bolmasa guna sende dalmi ?? Ya-da diyeli yhlas'syz, govunli-govunsiz 1 ish et, zahmedem gereginden az sarp et, sonam oturda sen etmedik(aslynda edip bilyan, yone etmedik !!!) zatlaryny Alla'nyn etmegini sora... Nahili yuzsuzlik bu ??!! Nadip utanman sheyle zat sorajak ?! Mena utanyan...Gaharymam gelyar oturyp okuwyny okamagyn yerine 4444 gezek hol doga'ny okap yorenlere...Ohow, sen bashda maddy dileg'ini edip boldunmy 2-nja gecher yaly ?? Yok, sapaklaryn yarsynam bilenok, sonam 1 zat bolsa "dilegem edipdim" bolayya...

Bu dünyade pyşyrdan/aydan

Bu dünyade pyşyrdan/aydan her sözün hökman bir tasiri bardyr. Quantum Therapy diyilyan metod hem dogan dünyadaki peydalaryny tassyklayar.

Dogan dünyadaki başga peydalary hem bar. Psihologiya ylmyna göra doga edyan adamlar depressif yagdaylarda has rahat bolyalar.

Dini wagzlaryn hemmesine dünya tarapyn garanda, hemmesinde peyda bar: oraza - dieta, namaz - razminka, doga - özüni köşeşdirmek...

Yöne hakyky musulmanlar bulary "peydaly" diyip dalde, "parz, mukaddes" diyip yerine yetirmeli. Sebabi Hudaya ynanyan adam dünya üçin dalde, Hudayyn razylygy üçin parzlary (dini yaşayyşyny) berjay etmelidir.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Eý, telpek, jigim, Berekellah!"

doganyn-dilegin guyji uly.

doganyn-dilegin guyji uly. hergun doga-dileg ucin belli bir wagt ayirmak hasam gowy. netijelerini derrew gormesegem wagtyn gecmegi bilen, ya-da has gowy sheklinde goreris... "dileginiz bolmasa name ahmiyetiniz bar?"

Ohooow, bu baradada shek

Ohooow, bu baradada shek barmy? doga-dileg barada islamda hic-hili shek yok doganlar , doga-dileg hokman gerek, bu barada kuran , hadysda ysaratlar kan, bilseniz namazyn arapcasy "Sala" olam "doga-dileg" manysyny beryar , a biz bolsa namazy parz diyip okayasa , diymek doga-dileg parz eken.
Doga-dileg adam hokman matac bolanda etmeli dal , onsanam adamzadyn bu dunya gelip matac dal wagty bolmady, bolanogam bolmazam , cunki aydaly bu dunyade hemme zadyn duziw diyeli yone o dunyan nahili boljagyny bilyasmi? elbetde yok , yone islam name diya "adam haysy yagdayda bolsada gorky b/n umydyn arasynda bolmaly " diya , howa su iki zady islam musulmana derman hokminde yanynda gotermegini maslahat berya , haysy halatlarda? , hacanda adam ozunden , oz edyan isinden hosal bolup arkayynlasyp baslanda "gorky" dermayny ulanmaly , hacanda erbet isleri edip sonam toba edesi gelsede ozune ynamy bolman , umytdan dusen yagdayynda bolsa "umyt" dogasyny icmegi maslahat beryar.Munun netijesi bolsa , adam in gowy gunlerindede , in rebet gunlerindede dogadan ayrylmaly dal diymekdir.

telpek berjekdim, arman

telpek berjekdim, arman telpek yok, birem onundaki "Ohooow" ynyz bolmadyk bolsady - super bolardy, sheyle bashlangyclar adamda gorky doredip biler:))

Bu dine Turkmen yasullaryna

Bu dine Turkmen yasullaryna okunip aydylayan zat , gorkuzjak bup dal :D , telpek bilenem isim yok , dogan manysyny dusundirip bilsem yererlik.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

bagyşlan, yokarda

bagyşlan, yokarda doga-dilegin güyji barada el bn tutup boljak düşündiriş görüp bilmedim, aklym yetenok öydyan . :)

soragymy tazelayin:
doga edyan bn doga etmeyan arasynda bu dunyade (!) nahili tapawytlar bar?
Doga-dileg dineje özüne motivasiyamy?
Dineje özüni gowy duymagyn üçinmi?
_________________________________________
Ölüp baryaryn.Isa, Alla, Budda hemmanizi söyyan men. :)

has okderak we yatdan

has okderak we yatdan hadys-ayat bilyan agzalar sana has gowy dushundirermika diyyan... gapdalyndan bizem owreneris, hany, garashyp goreli:)

Islamda bir buyrulan isi

Islamda bir buyrulan isi edip edil yzyndan jogabyna garasylmayar , elbetde doga edyan b/n doga etmeyan adamyn tapawudy bar madem Alla'tagala "dilan" diydimi bir hikmeti bardyr, yokardada bir doganmyzyn aydysy yaly , doga et eger bu dunyade kabul bolmasada o dunyade hokman garsylygny gorersin , galybersede biz Alla'tagalany adyl diyip tanayasa , hem ona bil baglayas we ona towekgellik etyas , doga et , dogan kabul bolmayandada sen Alla'tagala bolan ynamyny , ona bil bagayandygyny , dine sona dayanyandygyny subut etdigin bolya. Diymek dogan peydasy sine isleyan zadyna yetmek dalde , eysem Alla'tagala b/n arany sazlamak , ona bolan ynamyny guyclendirmek diymek bolya.
Doga etmeyan kisi bolsa , eden dogalary kabulmanyndan yada basga bir sebaplere gora , etman yorse Alla'tagala bolan sepi daslasdyrar , sebabi onem aydysymyz yaly , doga 9-y duzuw adama hem gerek , sebabi bu dunyuan 9-duzuwligi o dunyadaki gelejege edip biljek peydasy yok.
Kur'anda doga barada ayat:
بسم الله الرحمن الرحيم
وقال ربكم ادعونى استجب لكم
صدق الله العظيم
Yagny : " Meni cagyryn , gatarayyn" yada " Menden dilan , bereyin" diyen manyny beryar.Indi bu yerde seyle sorag yuze cykyar , "onda name ucin dilesenem berenok kabir kisa?"
Pygambermiz (s,a,w)aytdy:
قال رسول الله صلى الله عليه وسلم
اطب مطعمك تكن مستجاب الدعوه
صدق رسول الله صلى الله عليه وسلم
Goni terjimesi : Naharhanany arassala , dogasy kabul bolyan bolarsyn"
Acyklamasy: Halal gazan , halal iy , palini duzet , dogan kabul bolar"
Beyle bolsa bir paliyaman bozuk adamlara cykalga yokda?
Yok duybinden beyle dal , hacanda dogry yola dusip , sol yoluny dowam etdirse yakyn wagtdda miwesini gorer , eger gorup yetismaka olaysede o dunyade gorer. Basgada ayat-deliller juda kan bu meseleler barada.
بسم الله الرحمن الرحيم
واذا سالك عبادى عنى فانى قريب اجيب دعوة الداع اذا دعان فليستجيبوا لى وليؤمنوا بى
صدق الله العظيم
Bu ayat hasam acyklayar , acyklamasy seylerak:
Alla'tagala pygambermize yuzlenip seyle diyar:
"Eger senden bendelerim sorasa , ine men yakynda , doga edenin dogasyny gaytararyn eger cagyrsa , onda derhal sorasynlar we mana iman getirsinler"
Ayatlaryn tefdiri mundan has ginirak , acygrak we uzagrak, son ucin gysgaca manysyny yazyan, tefsir etyan diysem guna bolar , tefseir edemok gysgaca terjime diyen yaly manysyny yazyan.
Diymek Alla;tagala doga etmegi ozune iman etmek bilen dendedi , iman etmek bolsa ona ynanmak ona ozuni tabsyrmakdyr , tersi hem seylerak bolar , doga yok imanam az diyen netije gelip cykya.Dogrusy oz dusunsin yaly gowy dusundirip bilemok , many cykarjak bolarsynda , kellamdaki zady hemmesini dilim aydyp bilenok.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Yeke goz

Salam gadyrdanlar, oni bilen hemmanize ustunlik arzuw edyarin.
Bu yerde gidyan gurruni gorup gaty begendim, onson men hem pikirlerimi yazmagy yuregime duwdum.

Yokarda yazilan oylanmalaryn hemmesinin dogry taraplary bar. Yone hemmesi yeke goz bilen seretyar. Ahli dunya garayislari bilen hem seretsen Huday bilen geday arasindaki arabaglansygy dine yurekler arkali syzyp bolar.(*Sigmam dedi Hak arz u semaya,Kenzen bilindi dil madeninden.)
Eger akyl bilen seretsek, Tanryny dine bir "isleglere jogap beryan" gozu bilen seretmek yalnis bolar. Dine bizin bilyanimiz 99 ady bar. Sypatlarynyn sanyny bilip biljek dal.
Doga(dileg) jogap beryan Hudayin 2 ady bar. Rahman we Rahym atlary. Rahman ady bu dunyadaki ahli kisilere(Tanryly dinler, Tanrysyz dinler) den derecede seretyar. Rahym ady bolsa ol dunyade dine musulmanlara seretjek adydyr. Sonun ucin musulmanlar Rahman(Dunya) we Rahym(Ol Dunya) bolan Allanyn ady bilen diyyarler.

* Bu Ywrayim Hakky'yn sozi bolup Huday Tagala ozuni gizlin bir magdan hokmunda gorup, pash edilmek ucin Ynsanlary yaratdy hokmundedir. Asly Mukaddes Hadysdyr.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Slava 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ine şu ýaşuly, meň

Ine şu ýaşuly, meň gözümde, iň gowy şekilde daş edipdir.
Rahman we Rahym bolan Alla. Hakykatdanam, şondan gowy düşündiriş ýok.
Myrada öz jogabymy goşasym gelýä. Ýöne men dini tarapdan ekspertlikden gaty uzakdadyryn.
Hakykatdanam, edil bu dünýäde gözüň bilen görüp, delilli bolan doga-dilegi görkezmek kyn we şu many berýär. Eger doganyň güýji ylmy tarapdan subut edilsedi,==>ylym Allanyň barlygyny subut ederdi==>her kim musulman bolardy ýa Alla imanly bolardy==>bu dünýä konseptiniň manysy galmazdy.
Doganyň täsirini diňe şol doga eden we kabul bolanda gözi ýeten bilýä, ýa mümin musulman bilýä, her zady Alladan gelýär diýip kabul edeni üçin.
Başgalar üçin bolsa, bu dünýäniň her ýagdaýynyň ylmy sebäbi bar bolýar.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Salam gadyrdan ildesler

Salam gadyrdan ildesler menem komegim degse birzatlar yazmak isleyan.Aslynda yokarda hemme zady gowy edip yazypdyrlar men gurlemelem dal...
sorag hakykatdanam gowy soragda iki kisin tapawudyny soraya (dileg eden bn etmeyan):
diyeli indi dileg eden adamyn islan zatlary bu dunyade berilmedi... Allah edilen dilege uc sekilde jogap berer
1.dilegin edil ozini berer dunyade
2.olumden sonky dunyade berer
3.yada durmusda garsylasjagyn belalary yok eder(dileg eden bilman biler belalary)
diymek edilen dilegler bos dal eken aklymyza su sorag gelip biler name ucin Allah bu dunyade bermedi? men eden dilegim yerine gelen bolsa has bagtyyar yasardym bu soragdan ansat zat yok:
eger bir keselli lukmana gitse lukman derman yazyp berse kesele garsy. Keselli diyip bilermi "Lukman ajy dermanlar men isjek dal" nahili akmaklyk bor kesellin beyle diymesi sebabi lukman kesella gerek hemma zady keselliden has gowy bilyar hut sheylede Allah-da bizden hemme zady gowy bilyar
Hic suphesiz Allah gowy islerin (adalat,komek eden,merhemet eden....)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "beh, daýow ekeniň-laý :)"

şu türkiyan yarym finala

şu türkiyan yarym finala çykmagynda hem, türklerin dogasynyn güyji barmyş. :)
_________________________________________
Ölüp baryaryn.Isa, Alla, Budda hemmanizi söyyan men. :)

Dileg..

Name dileg edenimde-de, “ mana hayyrly bolsa, dilegimi kabul bolsa Allajan”, diyip dileyan. Sebabi dine ol bilyar diyip dushunyan. Elbetde, oz elimden geljek zat bolsa, boshuna oturyp dilamok, onun ugrunda ylgayanam. Allajana shukur, eden dileglerim hayyrly shekilde nesip edyar, bolmadyklarynada sabyr edyan :)

Kop Hakk dostlari yali

Kop Hakk dostlari yali diyyanmi?! Olarin kabir ekabirlari "dilegi dillendirmegi dereje pesligi hasap edyan ekenler!" Men O'ndan pylan, pismidan zat dilemerin, sebabi ol menin nama matacdigimi, namanin menin uchin has hayirlidgini ya-da hayirli daldigini menden gowy bilyar.. dusunjesi bilen..

bilmedim..

bilmedim, na derejede Hakk dostlary yaly.. elbetde, shona menzesh dushunje bilen. yone dine ol bilyar diyip, dileman duramok. yokarda yazanymam shol manydady. bar bolan dilegimi edyan, yone shol hokman bolawersin diyemok.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"

Doganyň güýji barada mysal

Doganyň güýji barada bir mysal. Bolan waka. Şu ýerde öňem ýazypdym.
Meniň kakamyň 2 gezek yzly yzyna insulty bolupdyr men Moskwada okaýarkam. Onsoň birinji gezek sähel tutup geçen bolsa, ikinji gezek çep gapdalyny paraliç edipdir. Hassahanada ýatyrka, ýanynda ýaş oglanyň ýatanyny görüo gynanypdyr. Oňky hasam beter ekeni, sebäbi kakam az wagtda gowulaşyp ýöräp başlasa-da, ol oglan sag(?) gapdalyny duýanok ekeni. Aýagyny süýräp ýöreýär ekeni. Tanyşypdyrlar.
Men Amerika gaýtmakçy bolup tomusda öýe baramda, bir gün ol oglanam öýe geldi. Gaty görmegeý oglan, bir görsem mendenem kiçi ekeni 1-2 ýaş. Özi sag, daýow, gül ýaly. Kakam ony görüp gözüne ynanyp bilmän otyrdy. Soň men ony ugratmaga çykdym.
-Bilýäňmi, men şeýle gynanyp, ölesim gelýärdi. Sebäbi bu bir günde bolan zat, paraliç boldum oturdym. Doktorlar "pejigipsiň" diýdi, men 18-19 ýaşly oglan, nämä pejigeýin?! Beýniniň bir tarapy doly işlänok diýdiler. Hemme zat edip gördüm, umyt galmady. Elimi duýman her gün kesip görýädim, duýgy gelermikä diýip.
diýdi, ellerini görkezdi. Uzyn yzlar galypdyr...
-Dünýä ýüz öwüren ýaly boldy. Kakaňdanam beterdi, doktorlaram umyt üzdüler. Dereksiz ýatyrdym. Bir gün garyndaşlarymyňka gidenimde, kiçijek Yslam dini hakynda kitap gördüm. Aldym, okadym. Maňa uly ruh berdi. Soň maňa şeýle kitaplary tapyp gelmeklerini soradym. Okap başladym. Diňe Alla ýalbarýardym. Bir gün namaz okajak boldum, ellerimi gulagyma ýetirenime haýran galdym, azan/kamat okajak bolamda! Soň namaz okap başladym we hereketleri edip bilýänime özüm ynanmadym.
Her Juma metjide gidip, gelenlerden özüm üçin doga-dileg etmegi haýyş edýärdim. Ahyr soňy şol ýerde sadaka-da berdim. Soň doly açyldym, ine özüň görýäň!
diýdi, gaty kyn ynandym.
-Doktorlar meni görüp ynanyp bilmediler, ine kakaňam kyn ynanyp otyr. Doktora "indi sen ýaly gelse namaz okamaga ugratjak" diýdi. Men gaty begenýän
diýdi.

Şoň ýaly ýagdaýda häzirki medisina hiç hili täsir edenok. Kelläňiň bir böleginde gan aýlananok. Ýöne doga ynansaň, Alla ynansaň, bu uly moral güýç, motiwasiýa, iň kyn günden alyp çykýa! Bolmasa ýatan ot sen, özüňi öldüräýmeli. Men ol ýaş oglan üçin gaty begenipdim.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

"her bir ishde hayyr bar"

"her bir ishde hayyr bar" diyleni, ol oglana hem derdi onun Alla imanynyn berkemegine, umytly bolmagyna sebap bolupdyr. gowy mysal.

eý, şu ýerde men hem

eý, şu ýerde men hem ýazaýyn diýýädim az-owlak welin, ýazman gidýän-dä, soň ýazaryn-da :)

PS: Baýram, gaharlanmadyň gerek :)
PS2: Hakykatdanam, şeýle gowy blog bolupdyr we gowy zatlar ýazylypdyr, hem blogy açyp, sebäp bolan Myrada hem-de gowy maglumatlary goýan ähli agzalara minnetdarlyk bildirýärin! Allah sizden razy bolsun!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Bir gün biri yatan yerinden

Bir gün biri yatan yerinden “Allajan mana kömek et, meni jennedine goy, mana jennetde Peygambere gonşy bolmagy nesip et,” diyip dileg edyarmiş. Ony beyle yatan yerinden dileg edyanini gören başga biri jayyn depesine çykyp eylak beylak gezipdir. Yatan yerinden dileg edyan adam “kim sen? Name edyarsin?” diyip sorapdyr. Olam”düyami yitirdim.şony gözleyan”.diyipdir. “jayyn depesinde-de düye gözlenermi?”diyipdir.jayyn depesindaki adamam “sen yatan yerinde Allany gözleyan,Peygamberi gözleyan…ey akylly, yatan yerinde Alla, Peygamber gözlenermi?” diyipdir.

bu kissa IBRAHIM BIN EDHEM

bu kissa IBRAHIM BIN EDHEM barada gurrun berilyar.. Ol yatan yerinde dasharda dalde, dushekde, yumshak yassikda, arkayincilik ichinde dileg edeni uchin bir Hakk dostunin ona beren sapagy sheklinde dushundirilyar..

Gadyr aga menem daşarda

Gadyr aga menem daşarda yatyr diymedima... kim baradadygyny bilyadim yöne yazyp oturmayyn diydim...

Dileg edenimizde dilegimize

Dileg edenimizde dilegimize jogap berjek birinin bardygyna ynanyandygymyz üçin dileg edyaris. Men dilege ynanyaryn we köp dileg edyarin. Elbetde bolup bilayjek zatlary we elimden gelenini edip onson Alladan dileyarin. Bolar bolmasyz zatlar dilemek akmaklyk bolar. Biz elimizden geleni edip,onson Alladan dileg etmeli. Sebabi şonda biz hakykatdanam dileyan zadymyz isleyandigimizi belli edyaris.

Şu yyl kursy geçip

Şu yyl kursy geçip bilmegim üçin sapaklaryn hemmesinden gowy bahalar bilen geçmelidim. Emma men kan sapak okamadym.okasym gelibem kabir sebaplerden okap bilmedim yöne kan gaygy etdim. Egzamenler wagty bolsa köp okadym. Olam yeterlikli bolmady. Egzamenlerden ön we son Allajandan köp dileg etdim “egzamenlerden gowy bahalar alyp kursy geçmage kömek et” diyip. Allajana şükür sapaklaryn hemmesini geçdim. Hatda bir sapakdan galaryn diyip yördüm emma 3 bal bilen geçipdirin.(in yokary bal 4).

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekellaa! Gutlayan"

Jenap-Che sana jogap yazjak

Jenap-Che sana jogap yazjak boljak. Yazyp bildigimden…

Sen diyyarsin “Huday doga-dilege göra hereket etyarmi bu dünyade?
meselem, maşgalamy howp-hatardan gora diyip doga-dileg edip gezsen, şol kabul bolyarmy?
ol doga etmesen, maşgalana howp gelyami?
"Huday haysy bolsada gowysyny eder" diylip bilner.
eger Huday gowysyny etjek bolsa, onda bizin doga yörmegimiz nama gerek?”

Elbetde Alla bizin dilegimize göra hereket edenok. Bu dünya synag dünyasi we bizem şol synagdan geçmek üçin bu dünya iberilen ynsanlar. (Allajan synagy geçen bendelerinden eylesin.) şonun üçinem kabir zatlar bizin ygtyyarymyza berilipdir. Erbedi we gowyny seçip bilmek bizin elimizde. Halal haramy saygaryp şona göra hereket etmek bizin ygtyyarymyzda. Yogsam ynsanlar hasap bermeli günde Alla şeyle diyip bilerlerdi “menin güna işlejegimi bilibem name üçin meni dünya iberdin…”yaly sözler diyip bilerler emma beyle diyilmezligi üçin kabir zatlar bizin ygtyyarymyza berilipdir.

“Maşgalamy howp-hatardan

“Maşgalamy howp-hatardan gora” diyip dileg etmek bilen bizin esas maksadymyz şu bolmaly. “Allajan, men maşgalamy goramak üçin elimden geleni edyarin/ederin. Emma menin güjüm kuwwadym hemme zada yetmeyar. Şonun üçinem elimin yetmeyan, güyjümin-kuwwadymyn yetmeyan yerlerinde özün kömek et,özün gora”. Yagny biz ygtyyarymyzy ulanyp elimizden geleni edyaris, netijesini-de Alladan garaşyarys.

Eden dileglerimizin kabul bolup bolmajagyny bolsa dine Alla bilyar. Belki eden dilegimiz biz üçin netijesi gowy boljak daldir. Meselem aydaly menin çagam yaranok(entak çagama yok welin mysal üçin aytyan) we öljek derejede agyr yatyr. Men Alladan çagamyn gowylaşmagy üçin dileg edyarin emma dilegim kabul bolanok we çagam ölyar. Men şeyle yagdayda name etmeli? Ya, Alla menin dilegimi kabul etmedi,eşitmedi? diymeli ya-da biderek yere dileg edyaris. Dilegimize jogap beryan yok diymeli. İkisem yalnyş. Hemme zadyn in gowsyny dine Alla bilyar. Eger çagam gowylaşan bolsady, belkem ulalanson yaramaz,erbet,haramhor biri bolup yetişjekdir. Bu bolsa menin üçin in erbet zat dalmi name. Emma çaga wagty ölüp hem jennede gidyar, müdimi(ebedi) çaga bolup galyar we mana-da müdimi çaga söymega sebap bolyar. ol müdimi çaga bolup galjak we menem ony müdimi çaga hökmünde söyüp yaşaryn. hem-de belkem meninem jennede gitmegime sebap bolar. Sanasan sanap otyrmaly yöne esas aytjak bolyan zadym netijanin bizin üçin nahili yagdayda gowy ya erbet boljakdygyny dine Alla bilyar we bizin dileglermizi-de şona göra kabul edyar diyip bileris.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Tagan 1 telpek goyyar we yazyar: "tevekkeltü alallâh"