Wezipeden gaçsaň, wezipe-de senden gaçar!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Bir waka okapdym ýa eşidipdim bir wagtlar 1850-1900-ly ýyllarda bolan. Waka bize kä ýagdaýlar barada örän oňat sapak(/“ibret”) berýär. Aslynda, bu waka Türkiýedäki tanymal şahyr Mehmet Akif Ersoýyň bir ýatlamasy. Siziň bn hem paýlaşaýyn diýdim, belki, bize-de peýdasy bolar. Ynha:

Her gün öýmüziň ýanjagazyndaky metjide şapak söküberende, ertir namazymy eda etmäge gidýärdim. Haçan baraýamda-da menden öňürti metjide baran ak saçly bir gojany görýärdim. Näçe gezek synanyşsam hem, ondan ýekeje günem öň baryp bilmeýärdim. Özem hemişe aglaýardy. Munyň sebäbini oňa bir gün soradym. Aýtmak islemedi näçe wagtlap. Bir gün bolsa men ýer depip, ondan sebäbini aýtmagyny Allahyň razylygyny hem ara goşup ýalbaryp soradym. Ol şondan soň ulydan demini alyp, başyndan geçen bir wakany gürrüň berip başlady:
“Men Jennet mekan Abdulhamit şanyň müňbaşysydym. Bir gün öýmüzden bir hat geldi. Hatda ene-atamyň ýogalanlygy we öýdür mellegimize seretjek başga biriniň bolmanlygy sebäpli, meniň eýe çykmagym bildirilýärdi. Bu sebäpli, men hem başymyzdaky serkerdä wezipämi gutartmagyny isläp, arza ýazypdym. Arzam kabul edilmändi. Men arzamy gönüden-göni Abdulhamit şanyň öz kabulhanasyna ugratdym, ol ýerdenem arzamyň kabul edilmänligi barada taglymat geldi. Bu gezek özüm güniden-göni şanyň huzuryna çykmagy müwessa bildim, belki, bir ýagdaýyny tapyp, ýagdaýymy şaha düşündirip bilerin diýen maksat bilen. Dergähine kabul etdi, arzymy diňledi we :”Bolýar, seň wezipäňi aldyk!” diýdi. Ýöne onuň bu kararyndan şeýle birahat bolany onuň gözlerinden we özüni alyp barşyndan belli bolýardy.
Men müňbaşylygy goýup, daýhançylyga başladym. Köp wagt geçmäkä bir düýş gördüm. Düýşümde pygamberimiz (SAW) Osmanly Imperiýasynyň goşunyny barlaga gelipdi. Yzynda bolsa dört çaryýarlar/halypa we Abdulhamit şa bardy. Olaryň öňünden goşunlarymyz nyzam bilen bölek-bölek geçip durdylar. Meniň bölegime gezek gelende, bölegiň başly-barat, bidüzgin geçenini görüp pygamberimiz (SAW) bilen Abdulhamit şanyň arasynda gysgajyk şeýle gürrüň boldy:

- Hany, bu bölegiň müňbaşysy?!
- Öz islegi boýunça wezipeden boşatdyk!
- Seniň boşadanyňy biz hem boşatdyk!

Ynha, bu ýagdaýy görüp, men aglamaýyn-da, kim aglasyn?! “Meni mundan soňra pygamberimiz bagyşlarmyka, Öz şepegatyna meni hem miýesser edermikä?!” diýip, şondan bäri hiç aglamagy goýamok.”

Soňunyň näme bolany ýadyma düşenok, ýöne bize berýän sapagy anyk görülýär. Nirede, näme bolup işleýän/okaýan/ýaşaýan hem bolsak, özümize degişli wezipäni ýerine ýetirmesek, ýagny, wezipäni taşlasak, onda wezipäniň hem bizi taşlajagy aýandyr.

Biribardan bizi okuwymyzda, işlerimizde, amallarymyzda, wezipelerimizde we durmuşymyzda hemme taraplaýyn başarnykly etmegini dilemek bn!

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu yazgi ucin

  • Slava 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy! Paylasanin ucin!"
  • toty 1 telpek goyyar we yazyar: "Hak aytdynay dogan."
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gyzykly :) paylaşanyňyza minnetdar."

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ay indi bu dowur wezipeden

Ay indi bu dowur wezipeden gacjak adam gozlemek birhili bolar.. Herkim nace $$ tolap wezipe eyelejek bolyalar-a..:)

PS: men degishdim..:)

kabiri wezipanin kynlygyndan

kabiri wezipanin kynlygyndan gaçyar, kabiri hem yerine yetirip biljegini bile bile gaçyar.. kabiri bolsa şan şöhrat yzynda ylgany üçin ne wezipe galyar ne de iş.. şonun üçinem dört dessury hiç haçan yatdan çykarmaly dal..
1. Her bir amalymyzda Allanyn razylygy bolmaly.
2. Bu yoldaky dogan we jigilerinizi tankyt etmezlik we olaryn yanynda köp bilmişlik edip, gysgançlyk (gıbta) damaryny basmazlyk. (tahrik etmezlik) sebabi bir el beyleki el bilen yaryşanok, bir göz beyleki gözi tankyt edenok, dili gulagyna boyun towlanok, kalb (yürek) ruhun hatasyny görenok.. Gaytam biri birinin ayybyny yapyarlar we mataç wagty kömek eder, wezipesine de kömek eder.. yogsa da adam bedeninin durmuşy söner, ruhy gaçar we jysymy hem pytrar.
3. Bütin kuwwatynyz (güyjüniz) yhlasda we hakykatda bilinmeli .
4. Doganlarynyzyn üstünliklerini şahyslarmyzda we başarnyklaryny özümizde duyup, olaryn abrayy bilen yürekden öwünip bilmek.

terjimam onat bolmany üçin ötünç sorayan.. terjime edip bilmedik yerlerimi hem agalar yetirse öran peydaly bolardy.. saglygynyz:P

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "örän oňat terjimäň we altyndan gymmat maslahatlar üçin!"

wezipeden gacmalyn adamlar,

wezipeden gacmalyn adamlar, emma yerine yetirip bilmejek bolsan bashga birine yol berenin gowy dalmi?!

Basaryp bilyakan , halal ,

Basaryp bilyakan , halal , dogry-duzuw islap biljek bolsan, islemagede mumkincilik bar bolsa , basga bir is onarman , yada haramhorluk edip duranlara yol berip barsinden serdip durmak , olan edyan isini goldayan , has dogrusy sol edyan yalnyslyklaryna komek eden yalymyka diyan.

shol, wezipani boynuna

shol, wezipani boynuna alanson, senem para almaly bolmajagyny bilyanmi, eger "alaymaly" yagday bolsa, hasyny saylardyn, shol wezipeden gacmagymy ya-da "tapawudy name, kim gelse-de shol onki sistema dowam eder, gowusy men galybereyin" diyersinmi?!

shuwagt dowlet ishinde

shuwagt jogapkarli ishde ishlejek bolsang alman bolmaz.. Almadik yagdayinda erteki gun seni birzat edip pyzarlar.. Almali.. Almali, yone shol alnan zatlari bokurdakdan gechirmeli dal.. Uyshurip goymali.. Edil gelishi yali hem gitjek yerleri bolar ilerde.. Meselem has uly jogapkarchilik uchin pylanca soralsa berip goyberaymeli.. Elbetde "almazlik" uchin elinde mumkinchilik doreyanca sheyle bolmak in gowusi bolaymasa.. Sebabi her "arassa" adam beyle ishlerden dashlassa ol yerler hijem duzelmaymese..

bah

Bah gen goraymeli Gadyr beyle zatlary diyyar:)

A gyz otur göz degirayme :D

A gyz otur göz degirayme :D

Seretyan welin kabir

Seretyan welin kabir dostlarymyzyn gözleri açylyp başlady. Alty asyr çagalary ulalyp başlady öytyan.Hoş geldin bizin "yalancy,alynyp we berilyan"dünyamyza!:D

bilmedim... pikirlenip

bilmedim... pikirlenip gormeli... uyshurip yygnap goymak ahyr... ahyr sonunda bulashaymasan... gowusy "harama yakynlashmazlyk" bolaymasa

-5 telpek shu post'yna, 1

-5 telpek shu post'yna, 1 adim anyrsyna seredeninde 1 gram tapavudy yok islap haram alyanlar bilen senin shu yazanyn, nira sowanynda name ol haram puly, barybir haram dalmi ?? Shol puly berip yokarlara chyksan, chykan yerine halal yollar bilen chykdygyn bolyamy ?? Name alyp-beryanligi herkimin oz ishi, yone harama haram diymeli, "bolaymasa" yaly gurruni yok bu meselanin...

name diyjek bolyanina men

name diyjek bolyanina men dushundim.. Dogry aydyan.. Uzak gurrun.. Uzin hekaya.. Dushundirmek kyn.. Kawagt ozungem kyn "ic gepletmeleringe" sala salip zombi yali gezip yoryan.. Edil "almak" meselesine jogap bolup biljek mysal gelmedi kella shuwagt yone "bermek" temasina mysal bar.. Meselem: Pylan ishe XXX$$ sorayalar gecmek uchin.. Eger haram diyip (bermage yagdayin bolmagina garamazdan) shoni bermekden yuz owurip gaytsang, we senin yeringe-de bir zanniyaman gecip halka gan gusdursa; shondan senem jogapkar bolarsin (diyip pikir edyan).

A menin zanniyaman daldigimi, zanniyamanlik etmejekdigimi, azmajakdigimi nadip bileyin?? Ing kyn mesele-de shol.. Her kim ozuni arassa hasaplayar..

Quote: Eger haram diyip

Quote:

Eger haram diyip (bermage yagdayin bolmagina garamazdan) shoni bermekden yuz owurip gaytsang, we senin yeringe-de bir zanniyaman gecip halka gan gusdursa; shondan senem jogapkar bolarsin (diyip pikir edyan).

Yalnysh pikir edyan diyip pikir edyan !!!
Eger haramlyk bilen beyle goreshesin gelip, senem olaryn metodlaryna bash goshsan, onda bu senin oz ishin, halal diyyan bolsan argument getir gayrat etde, yone men elimde mumkinchilik bolsa-da shol ishe para berip gechmesem, men yzyndakylardan jogapkar bolamok, sebabi ol menin jogapkarchiligimdaki zat dal, para bermezlik bolsa in bir yonekey haky halal-harama uns beryan adamyn, "para bermedin" sozi hich hachan 1 yalnysh yaly gorulmeli dal, yzyndaky name erbetlik eden bolsa-da bu ol adamyn chyzgylaryndaky ish dal...

garaz uzin gurrun.. meninki

garaz uzin gurrun.. meninki yalnish bolup biler yone dogrulik payi bar.. Baglanishigi bolmasa-da ayal mashgalang sachina yapinja atinmagi wakasina chalim edyar.. Achmak haram, yone bla bla bla..:)

Elbetde barybir taslap

Elbetde barybir taslap gitjrk bolsam , duzetmage synansyp, duzelmese ondan son taslap gidern, yone sol yagdayda dowam etmek? ay yok kim gelsede sol isi edya diyip galybersem olanam gunasini ozum alayynmy.

Öran gowy mowzuk açypsyn

Öran gowy mowzuk açypsyn ata aga:) Alla razy bolsyn.
bira wezipeden gaçmak bar, birem wezipani edip bilmerin gorkysy. edil özüma gaçyp bilenimden gaçyan. name üçin?
1. eden zadymy eden shekilli etmesem yaman gaharym gelyar. hem özüme hem yanymdakylara. şonun üçinem edip bilmejek zadymy ansat ansat alammok.
2. köp kişi senin dineje gowy tarapyny görüp sana şol göz bilen garayarlar. emma senin içki dünyani bilenoklar. hemme yerde bolşyn yaly boljak bolsanam içindakini hemme yerde döküp bolanok. yada men şeyle adam diyip sapsym yayrap bolanok. şonun üçinem köp yerde köp hereketlerine dykgat etmeli bolyan. bu bolsa beyleki adamlaryn sen barada gowy zatlar pikir etmeklerine sebap bolyar. ay garaz seni doly tanaman wezipe berjek bolyalar. sen bolsa özüni ol wezipa layyk görennok.şonun üçinem alasyn gelenok.

ediljek men ekeniň-dä

ediljek men ekeniň-dä :)
aý, men wezipe berseler, säginmän kabul edýän-ä, anha, bursada temsiljilik wezipesinde şeýle boldy, "batyrdym", elbetde!

PS;nirä ýitirim bolduň-ow, aram-aram gel-ä bärigem :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

bursa temsiljiligi name

bursa temsiljiligi name bolyar?!

TM bilim ministrliginiň

TM bilim ministrliginiň Bursa şäherindäki tm talyplarynyň wekili

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

bah, bete bet diymeli:) indi

bah, bete bet diymeli:) indi name wekilcilik edenokmy? ya-da haysy wezipede?

men häzir UK-da dil

men häzir UK-da dil kursynda.
ol ýerden gaýtym 3 ýyl öň.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yitirim bolammok ata aga.

yitirim bolammok ata aga. kan el degenok. wezipe:)...
oyun edyanlay yöne önki yaly kan girip bolanok...

talyplyk iň möhüm

talyplyk iň möhüm wezipäň seň şu wagt, elbetde.
Synaglar gutardymy? Hawa bolsa, onda köp gelersiň bärik indi :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

synaglaryn gutaranyna köp

synaglaryn gutaranyna köp wagt boldy...girip bolsa gireris nesip bolsa yöne girsegem edyan zadym yok...yazylanlary okap okap çykyan:)... şolam yeter mana:)

kiçigöwünli ekeniň-aý

kiçigöwünli ekeniň-aý bolsa-da:)
aýratyn blogym bardy şoňa degişli, özümem gaýta-gaýta okap, amal etmeli welin, hiç başaramok-da:)
Ynha, seňki ýaly etmeli bar-a, 1000 söz aýtjagyňa, 1-je haýyr amal etmeli!
Gowy edýäň, jigim, berekellah!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata aga indi dogry zady

Ata aga indi dogry zady yazsanam kiçi göwünli bolyanmay. Mena dogry zady yazdym. Men nirede kiçi göwünlik nirede?
Ata aga yazga seredip adama baha beryaniz. Emma yalnyşyanyz menin pikirimçe:).
Türklerde bir söz bar “dervişin fikri neyse zikri de o” diyip emma menda şeyle dal how. Şu pikir edyan zatlarymy yazsam hiç kimem mana kiçi göwünli diymez welin arman içimden geçen zatlary, ya yazyp bilemmok ya-da yazsamam yalnyşlyk bilen tersini yazyanmy namemi, bir zatlara bar bu işin içinde…
Ay borla sakawlamayyn yogsam ata aga yene bir baha berip yzyndanam kiçi göwünlik edyan diyer:)))

Quote: Wezipeden gaçsaň,

Quote:

Wezipeden gaçsaň, wezipe-de senden gaçar!

A name etsin bolmanda?? Duran yerinde dursa-da sen ondan gacsan onunam gacdigi bolar-da eger gacmagi "aradashligin kopelmegi" manisinda alsak..:)