GEPLEMEÝÄN HALKA (türk dili olimpiadasynyň logosy barada)

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

ýokarda halkara 6-njy türk dili olimpiadasynyň logosy bar.
bu logo barada käbir pikirlerim bar.
paýlaşmak isleýän. belki gyzyklydyr.

umuman haladym. ýöne köpräk seredip oturýaň welin bir topar samsyk pikirler gelýä akylly saçlaryň taşlap giden akmak kelläme.

1-nji bellik. olimpik halkalaryň gepleýän halkalar bilen çalşyrylmagy bir täzelik. gyzykly. ýöne näme üçin ol halkalaryň biri geplänok. ýagny gepleşik halkasy däl-de ýönekeý bir halka? ol geplemeýän halka haýsy kontitentkä?

2-nji bellik. näme üçin diňe garalar işlemelikä şu dünýäde? işlemeli ýerinde aklar görünmeýär. bu logoda hem olimpiadanyň fakelini gara adam göterip gelýär.

3-nji bellik. fakelli garamyradyň bir aýagy guýruga çalymdaş.

siz nähili pikirde?

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • toty 1 telpek goyyar we yazyar: "Gowy oylanma, Yöne süyde sine seretsen, gan görüner!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

bir obada bäş halka bar

bir obada bäş halka bar eken.
gök halka.
gara halka.
gysyl halka.
ýaşyl halka.
we egni gyzyk sary halka.

hemme halkalar gepleýärmişin.
sebäbi dilleri barmyş.

diňe saryja halka dymýarmyş.
onuň dili ýokmuş.
pikir edýän onuňam dili bolandyr.
ýöne kesendirler.
belki-de kesen däldirler.
daş-töweregini eşitmänsoň geplemegi başarýan däldir.
kim bilýär?

ah sary halkam.
geplemäge jan edýärmiş.
başarnyksyz bolansoň gün-günden saralýamyş sary halka...

belki 7-nji olimpiadada geplemegi başarar.

hytaýlyň agzy iýse-de gan iýmese-de

hytaý olimpiadasynyň logosy barada bir zat tapdym.
(gurduň agzy iýse-de gan. iýmese-de gan diýýälermi türkmenler...)

dogrudanam döşüniň

dogrudanam döşüniň gyzyly näme?
ýöne logo hytaý ierografyna öýkünilip ýasalypdyr.
balagyna çolaşyp barýan adama hem meňzeýär.:-)

Ayagyny gochuripdirlermay

Ayagyny gochuripdirlermay turkche olimpiadasy uchin :D
O nahow, men ayaklaryma menzap durlar :D
Ya surada alaydylarmyka pelaketler, men bilman durkam :D ?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Ol iyeroglif "medeniyet"

Ol iyeroglif "medeniyet" diymegi anladyar, (gadymky gornushi), hazirki gornushi , yagny, medeniyet(lerin) olimpiadasymysh-da :))...
yone yokarky karikaturany bet oylap tapypdyrlar :))

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aA 1 telpek goyyar we yazyar: "«medeniýet» ierogrifi yaman adama menzesh eken. maglumat uchin sag bol."

Beijing 2008

amnesty.sk sahypsaynyň Beijing 2008 olimpiýa oýunlaryna protest hökmünde ýasan sosial reklamasy.

paid tha cost to be da Bo$$

Sary halka gaty sesli we

Sary halka gaty sesli we "gara" gepleyan yaly men göwnime .
Garamyradam on agzyndan tutup " boldy , bes et " diyip ylgap baryan yaly ...

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • aA 2 telpek goyyar we yazyar: "gepleyan «garany» gorenin uchin :-)"

erteki

OldBoy wrote:

Sary halka gaty sesli we "gara" gepleyan yaly men göwnime .
Garamyradam on agzyndan tutup " boldy , bes et " diyip ylgap baryan yaly ...

...garamyrat gyzyl oba baryp geplejek bolýar. gepletmeýärler.
garamyrat gök oba baryp geplejek bolýar. gepletmeýärler.
sary obada-da gepletmeýärler. ýaşyl oba hem gepletmeýär.
onsoň garamyrat sözüni eline alyp oba-oba ylgamaga başlaýar. arasynda hem «meniň gara sözümi diňlejek ýokmy?» diýip gygyrýamyş. şol ylgap barşyna ol gara daşly oba barýar. ony saklap «seniň sözüň diňlener. aýt sözüňi» diýipdirler. olam belentlige çykyp «Allahu Ekber! Allahu Ekber!....» diýip sözlemäge başlapmyş.
şondan bärem gyzyl oba, sary oba, gök oba, ýaşyl oba, ähli oba onuň sözüni diňleýärmiş...

Tüweleme...

yokardaky yazilan çyzylanlary umuman mowzugyny haladym, arman men garybyng puly bolmayşy yali telpegi-de yok. Bolan bolsa bar telpegimi goyjakdym, tüweleme:)
put on a happy face:))

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • aA 5 telpek goyyar we yazyar: "her garybyn bolmanda 5 telpegi bolmalydyr. al sana telpek. nesip etsin. toyda payla!"

Turkmenistan

Turkmenistan nachinji bolday Turkche Olimpiyadada, bilyaniniz bamy?

Where is Hereket, There is Bereket!

Aydym ayytmakda 1-nji

Aydym ayytmakda 1-nji boldyk.Abadan Halmedowa.

http://www.zaman.com.tr/multimedya.do?tur=video&aktifgaleri=3699

Gutly bolsun.

yok, aydimda 2-nji bolduk.

yok, aydimda 2-nji bolduk. 1-nji azerbayjanli Hatije atly bir gyz boldy
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

howa

howa shol gyz 2 yer aldy, mena gaty begendim shonca dowletin arasynda 2 yer alanlygyna; birinjiden calaja baly az bolupdyra yogsam birinje hem bolardy welin:(
aydymy dinlap gordinizmi?

Aaa bagyşlan yalnyş

Aaa bagyşlan yalnyş yazypdyryn aydymda 2-nji bolduk.

Ol gyzy türkiyedaki

Ol gyzy türkiyedaki türkmeler sms bn goldaw berdi.. yogsam yer alman hem gaydyp bilerdi.
Barde ing köp azeriler bolany üçin- olaram 1nji boldy.
we azeriler biraz bize göra bayrak :)
_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

Ercan Hoja (Taşdemir)

Ercan Hoja (Taşdemir) dalirayjek bolup yör .. 2-nji bolanymyza.. 1-njilik garaşyan ekeni.. Salamlary bar...

AS. Erjan hocami goresim

AS. Erjan hocami goresim geldi, sizem salam aydin gorseniz. ay yone Azerbayjan hakketi birinjiligi...
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

Menem şol olimpiadalaryn

Menem şol olimpiadalaryn 4-njisine gatnaşypdym şonda da şeyle boldy bizin aydymçylaryn ikisem öran gowy aydym aytdy emma finala hem çykarmadylar. beyleki branşlarda da dine Türkmenistan 1-nji bolmasyn diyen yaly başga döwletlere gitdi birinjilikler yogsam dine Türkmenistan, Azerbeyjan,Gazagystan birinjilik üçin yaryşardy.
_________________
**FENER FOREVER**

Goshulamok.. Bizin gyzymyzin

Goshulamok.. Bizin gyzymyzin sesi gowja ekeni.. Yone sahna performansi pesrakdi..

Bizin gyzymyzyn sho sesine shol aydim yalnish saylanipdir.. Bashgarak, sesine kibapdash aydim saylanan bolsa dowerdi goni..

Garaz gyzymyza 5'lik, aydimi saylap berenlere tirrijak 2'lik..

Agam salam. Meniň hem

Agam salam. Meniň hem kelläme käbir pikirler geldi welin gaty 'banal' bolaýmaz-da hernä? Onda-da ýatyp galandan atyp galan ýagşy.

1.Sary halka belkem Türkiyänin özüdir hä? 'Bu ýaryşda diňe başga ýerlerden gelenler ýaryşyar/gürleşýär. Biz bärde gürlemeyäris.Ýöne gürlejeklere mümkinçilik berýäris/gürlejekleri taýynlaýarys.' Ýaly many çykarmak bolarmy? ýa çygylmak bolaýarmyka :)
2.Fakeli tutýan garamyrat bolsa 'Adamlaryň içinden bir adam' (?)
3.'Ylgaýan! Her ýere ýetmek üçin jan edýän.' (?)

«Sary halka türkiýedir»

«Sary halka türkiýedir» diýen pikiri şu gün işde-de aýtdylar. pikiriňiz deň geldi.
ýöne türkiýe kontinent däldir-ä?
göwnüme bolmasa ol sary halkanam «gepledip» bolardy bir az gaýrat eden bolsa dizaýner.

2-nji we 3-nji abzasdakylar bilen razylaşýan. umuman adam silueti gara bilen berlipdir. ýene-de ýöne ol gara adam silueti edil pekin olimpiadasynyňka meňzeş ylgamalymaý?

pekinli aýagyny galgadyp saga ylgaýar.
türk logosynda bolsa ol çepe ylýaýar. eller we aýaklar gaty meňzeş...

-------------
bu olimpiada ozalkylaryndan gyzyksyz bolan ýaly göwnüme. bir az syýasaty köpräk goşupdyrlar. biraz hem özlerini öwdüler...
milletleriniň adyna nähili uly iş edýändikleri görnüp duram welin şony dillerine almalary bir az suwuny gaçyrýar...

Gyzyklymy dälmi onçasyna

Gyzyklymy dälmi onçasyna baha berer ýaly men ýaryşlary görüp bilmedim. Ýöne syýasaty goşmak we özlerini öwmekleriniň asyl maksady, edilen işleri bize/daşardan seredýänlere görkezmek däl-de içerdäki gözli körlere we olar tarapyndan ugrukdyrylýan halka bolaýmasyn? Edilen işleri görýänler bir eýýam bahasyny berendirem onça işiň...

Agam menä şol sary

Agam menä şol sary halkanyň Türkiýedigi baradaky pikirimde 'ysrar ediýorum' :)
Sebäbi näme diýseň ol sary halka fakeliň içinde dur, ýöne bir aýyby gürlänok, şeýle dälmi? A onuň ýarysyny garbap duran fakel, ýarty hem bolsa(!), beýleki halkalardan has gatyrak gürläp duran ýaly - olimpiýadalarda iň köp ýeňiji haýsy kontinentden çykýanynam ýada salalyň - ana size gerek bolsa ýapa söýenip duran bir pikirjik :)
(yöne näme üçindir geplemezek halkanyň reňki sary, ine 'bu myzraga uýgun bi çuwal bulamadym daha :)
Aý bolýa-da aA aga kelläňizi agyrdyp galanja saçlaram gaçyrmakam men bes edeýin gowusy :)

TTM baş müdürliginiň

TTM baş müdürliginiň türk dili zümre başlygy erjan taşdemiriň aýtmagyna görä türkmenistan bu olimpiadada iň kän altyn medal gazanan ülke bolupdyr. statistika boýunça türkmenistan (5 ýa 6) altyn medal gazanypdyr. we bir topar kümüş we bürünç.

geplemeýän sary halka barada.
bu gün erjandan getiren olimpiad sowgatlaryny gördüm. olaryň arasynda bir suwenirleriň birinde diňe halkalar çekilipdir we ähli halkalar (sary halka hem) gepledilipdir.
(geplemän durup bilmändir - türkiýe :-))

agam, men-ä gijä galdym,

agam, men-ä gijä galdym, ýöne okanym gowy boldy, barybir, bu babatda ukybym nol :)

erjan aganyň özem bir olimpiýada-da goşgy okapdy ejelere bagyşlap.

ol sary halka nähili gepledilipdirkä, agam?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hawa, shu olimpiadada

hawa, shu olimpiadada turkmenler gatnashyar diyip begenyar tanyshlar welin, men-a bashga milletler turkmenlerin turkmen dili yaryshyna gatnashan bolsa has begenerdim...
elbetde, turkmenlerin turk dili we bashga dilleri owrenmegi begendiriji, emma esasy begenyanler shol dili owredyan yurtmyka diyip pikirlenyan...
turkmenlerem birwagt sheyle yaryshlar gurnap bilerlermika?!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Turkce olimpiyat

Turk dili olimpiadasynyn videosyny tapyp bolmazmyka???

Where is Hereket, There is Bereket!

Youtube'de doly, kim gerek

Youtube'de doly, kim gerek bolsa "6. türkçe olimpiyatları" yazyp, yzyndan adyny yazsan chykyar koplench...Ya sen HQ video sorayanmy ??

Aha

Aha HQ gerek Mergen, stv-n saytyndanam aldym, yone low quality (wmv)

Where is Hereket, There is Bereket!

Turkce olimpiyat full

6. Turkce olimpiyatlary full. Kime gerek bolsa ashakdaky linklerden download edip biler.

Çözünürlük : 384 * 288
Ses : 192 kbps mp3
Süre : 2 s 35 dk 26 sn
Boyut : 992 mb
Dvb Rip : By zevkopat
winrar : 10 part

part 1
part 2
part 3
part 4
part 5
part 6
part 7
part 8
part 9
part 10

Where is Hereket, There is Bereket!