Çaga söýgüsi we ýitgisi

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Bilşiňiz ýaly, türkmençilikde çagalar barada aýdylýan bir söz bar: “Bal süýji, baldan bala süýji” diýlip. Türkmenleriň öz çagalaryny nähili söýýändiklerine söz ýok. Men olaryň çagalaryna ýitirenlerinde nähili duýgyda bolýandyklary we olary teselli etmek barada birnäçe zat ýazmakçy, enşallah! Men öň “ölüm” blogyny hem açypdym. Şol ýerde öz gyz jigimiň hem ýaňy doglan çagasynyň aýrylanyny we ony baramda teselli etjegimi ýazypdym. Hawa, teselli etjek bolup, onuň gaýynenesi, baldyzlary we biziň maşgalamyz barka, şol ölüm blogyndaky maglumatlar boýunça teselli berjek boldum. Gaýtam aglady. Aýdýan zatlaryma düşünse-de, elbetde, ýarasynyň gozgalmagy we bu babatda ejiz bedeni tap getirip bilen däldir-dä agyr duýgysyna. Näme diýjegimi bilmedim we dalda gözledim. Şu ýagdaýy sizem bir göz öňüňize getirip görüň! Siz näme ederdiňiz?! Men gynandym we soňra ikiçägem oňa kä zatlary aýtdym. Azyragam bolsa giňedi, Allaha şükür.

Köp maşgalalaryň iň kyn synaglary: olaryň çagalarynyň bakyýete göçmegimikä diýýän men-ä. Sebäbi, bu babatda hadysda “gurlan her bir maşgala üçin Biribaryň dünýädäki iň uly sowgady çaga” diýlip beýan edilýär. Elbetde, ynsanlar özleriniň bu dünýädäki iň uly sowgatlaryny ýitirmek islemezler.

Indi, men şeýle ýagdaýdaky maşgalalar üçin käbir zatlary ýazmakçy, enşallah, olara peýdasy bolar diýen umyt we dileg bn ýazýaryn.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Çaga ýitgisi, elbetde,

Çaga ýitgisi, elbetde, bizi gynandyrdy. Ýöne Gurhanda Mü’min süresinde beýan edilşine görä: “Höküm Allaha degişlidir!” bolan zada razylyk we kysmata boýun bolmak imanyň bir şygary we şertidir. Biribar size güýçli sabyr bersin, murhum çagaňyzy hem size ahyretde şepagatçy hem-de baky çagaňyz hökmüne geçirsin! Size we ähli mü’minlere buşdulyk hökmünde Gurhanyň Wakya süresinde şeýle diýilýär: “Ebedi bir durmuşa eýe bolan çagalar.” Bu aýatyň syry we manysy şeýledir: “mü’minleriň ýaşyna ýetmän (kablel bülug) wepat eden çagalaryň Jennetde (uçmah) ebedi, örän eýjejik, Jennete laýyk ýagdaýda hemişelik çaga bolup galjaklary hem-de ene-atasynyň gujaklarynda ebedi şatlyk hazynalary boljaklary, “Jennetde her-hili näz-nygmat bar, ýöne ‘tenasül’ (jynsy gatnaşyk) ýeri bolmany üçin, çagaň başyny sypamak we öpmek bolmaýanyny” aýdýanlaryň hökümleriniň hakykat däldigi hem-de bu dünýäde zähmetli, muşakgatly on ýyl çaga söýgüsine derek, iman ehliniň(mü’minleriň) zähmetsiz, arassa we muşakgatsyz milýardlarça ýyldan has köp ebedi öwlat/çaga söýgüsine eýe boljagy aýdyňdyr.”

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

men sonam dowamyny hem

men sonam dowamyny hem yazaryn, sizem bilyan onat zatlarynyzy yazyp, goldaw berayseniz!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata aga birazrajyk duzeldish

Ata aga birazrajyk duzeldish girdirsem gaty gormersiniza, dine Turkmenlerde dala Butun dunyanin eneleri hem hat-da haywanlaram oz cagalaryny yitirseler gaty erbet duygylary bashyndan geciryaler,
Men yone kellama tayak degen yerinde eshidishime gora eger-de eje uc cagasyny bu dunyade yitiren bolsa onda ol dunyade onyn barjak yeri jennet bolyar diyip,sebabi ol agyr yuki cekmeklik bar eden gunani bu dunyade jezasyny cekip giden yaly bolyar diyip, yone elbetde bularyn nahili olushine onsonam ejanin nahili ozuni alyp barshyna hem baglydyr, doly biljek dal,

Milkajyk, sen nama duzedish

Milkajyk, sen nama duzedish girizdin-a?! Aslynda, sein we menin yazyan zatlarymyz bir dalmi name :)
Hawa, mana gora bir zatlar. Ol duzedish dal, goshmaca maglumat bolyar, jigim!

Elbetde, senin diyenlerine goshulyan! 3 cagasy yashy yetman bakyyete gocen ene-ata-da baky jennetlik bolar diyip hadysda bushdulyk bar. Yene-de, elbetde, bu yagday ene-atanyn ozlerini alyp baryshlaryna bagly. Garaz, Biribara dushman bolmaly dal, Ony inkar etmeli dal, shikayat hem. Sabyr etmeli. Ashakda degishli mysal goydum, shol yerde ha sonat dushundirilendir!

Jigim, maglumat ucin Allah senden razy bolsun!
Men yazgylara dowam etmekci, in sonunda bolsa bir dileg yazmakcy bu bloga degishli, ensallah!

Sizem goshantlarynyzy goshuberin!

Sag bolun!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

dowamy

Bu babatda bir mysal alsak: Bir wagtlar bir adam zyndana düşýär. Eýjejik çagasy ýanyna getirilýär. Ol adam hem özüniň zyndandalygyny hem-de çagasyna oňat seredip bilmeýänligini pikir edip, örän gamlanýardy. Bu ýagdaýy bilen hökümdar oňa bir ilçisini iberip, şeýle diýer: “Şu çaga, aslynda, seniň perzendiňdir. Şol bir sanda meniň raýatym we hemaýamdadyr. Ony men almakçy we gözel saraýlarda oňa göz-gulak bolmakçy.” Zyndandaky adam muny eşidip aglar we ýalbarar:”Meň ýeketäk mydarym bolan perzendimi bermek islämok!” diýer. Oňa dostlary şeýle diýer:”Seň bu aladaň ýerliksiz we bimanydyr. Eger sen çagajyga ýüregiň awaýan bolsa, çagajyk şu pis, öl, ýürekgysgynç we kyn ýagdaýdaky zyndanyň ýerine sagadatly we hemme zady ýerbe-ýer bir saraýa gider. Eger sen nebsiň üçin gamlanýan bolsaň, öz peýdaňa we rahatyňa çapýan bolsaň, onda az salymlyk peýdaňa derek, çagaňa kyn şertlerde seretmegiň we onuň dertleri sebäpli, has köp gynanarsyň! Eger saraýa gitse, saňa mzňlerçe peýdasy bar, çünki hökümdaryň rehim etmegine sebäp bolar, saňa şepagatçy bolar. Padyşa ony seniň bilen görüşdirmek islär. Bu ýagdaýda ony seň ýanyňa zyndana ibermez, elbetde, seni zyndandan çykaryp, saraýyna çagyrar we çagaň bilen görüşdirer. Ýöne şu şert bilen: hökümdara ytagatyň/(boýun egmegiň) we ynamyň bar bolsa!
Ynha, şu mysalda bolşy ýaly, bir mü’min perzendi wepat eden wagty şeýle pikir etmeli:
Şu çaga bigünädir. Onuň ýaradany hem Rahym we Kerimdir. Meň ýetersiz terbiýe we merhemedime derek, örän kämil bolan Öz hemaýasyna we rehmetine aldy. Dünýäniň gamgyn, belaly, muşakgatly zyndanyndan çykaryp, Firdews(iň belent mertebedäki) Jennetine iberdi. Ol çaga nähili bagtly! Bu dünýäde galsady, kim bilýär, gör, nähili bolardy. Şu sebäpden oňa nebsim agyranok, ony bagtyýar bilýärin! Öz nebsim üçin hem gamlanmaýaryn, agyr derde düşmeýärin. Çünki bu dünýede galsady, belki, on ýyllyk geçiji we gam bilen garyşyk perzent söýgüsine sebäp boljakdy. Eger salyh we oňat ahlakly bir bolsady, dünýä işlerine oňat göz ýetirýän bolsady, belki, ol maňa kömek ederdi, emma wepat etmegi bilen, ebedi Jennetde milýardlarça ýyl maňa perzent söýgüsine hem-de ebedi sagadadyma/bagtyma sebäp boljak şepagatçy hökmüne geçer. Elbetde, şübheli we nagt berlen ýekeje bähbidi ýitiren, şübhesiz we gijikdirilen müňlerçe bähbidi gazanan çuňňur gynanç görkezmez, gamgynlyk bilen perýad etmez!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yene dowamy

Bakyýete göçen çaga Halyk we Rahman bolan Allahyň mahlugy/ýaradany, guly we bendesi hem-de ähli süňňi bilen Onuň sungaty, Oňa degişli bolmak şerti bilen ene-atasynyň bir ýaranydy, şol sebäpli, az wagtlyk olaryň hemaýasyna berlipdir. Kakasyny we ejesini oňa hyzmatkär edipdir. Ene-atasynyň u hyzmatlary üçin bolsa, olara nagt nyrh hökmünde lezzetli bir şöwket beripdir.
Şu ýagdaýda çaga eýe bolmakda müňden dokuz ýüz togsan dokuz göterime eýe bolan Allah, Öz rahmeti we hikmetleri sebäpli, ol çagany siziň eliňizden alsa, çaga hyzmatyňy soňlandyrsa, görnüşdäki ýekeje paýyň bilen hakyky müň paýa eýe bolan Eýesine şermendeligi we şikaýaty ýatlatjak ýagdaýda gamgynlyk bilen perýat etmek iman ehline ýaraşmaz, belki-de, gaflatdakylara(kapyrlyk ukysyndakylara) we dalalatdakylara(iman ýolundan çykanlara) ýaraşar!

PS: dowam eder yene-de

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • yenis.atayev 1 telpek goyyar we yazyar: "Elin gözün dert görmesin agam!"

Eger dünýä ebedi bolsady,

Eger dünýä ebedi bolsady, ynsan içinde baky galsady we aýralyk ebedi bolsady, onda çuňňur gynanç we gamlanmagyň bir manysy bolardy. Ýöne dünýä bir myhmanhanadyr, wepat eden çaga nirä giden bolsa, biz hem, siz hem şol ýere gideris. Bu ölüm diňe çaga mahsus däl, umumy bir ýoldur. Hem aýralygam ebedi däl, geljekde hem berzahda hem-de Jennetde görüşiljekdir. Şu mynasybetli “Hakyky höküm Allaha degişlidir!” diýmeli. “Ol berdi, Ol aldy. Dalalatyň daşyndaky her bir hal üçin Allaha şükürler bolsun!” diýip, sabyr bilen şükretmeli.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ylahy rehmetiň iň şirin,

Ylahy rehmetiň iň şirin, iň tagamly, iň gözel, iň hoş aýratynlyklaryndan biri bolan şöwket – nurly bir şerbetdir, yşkdan has güýçlidir. Jenab-y Haka has çalt gowuşmaga sebäp bolar. Görünişdäki we dünýä degişli yşk näçe kynçylyklar bilen hakyky yşka öwrülip, Biribary tapsa, şeýle hem şöwket has az azap, has çalt hem-de has tämiz ýagdaýda kalbyň Allaha gowuşmagyna sebäp bolar.
Gerek ata, gerek bolsa-da ene öz çagalaryny bütin dünýäni söýen ýaly söýerler. Çagasy elinden alnan wagty, eger bagtyýar bolsa, hakyky iman ehli bolsa, dünýäden ýüz öwürer, nygmatlaryň hakyky Eýesini tapar we şeýle diýer: “Dünýä panydyr, ýürek bilen baglananyňa degmez!” çagasy nirä giden bolsa, şol ýere kalby meýleder. Uly ruhy bir ösüşe eýe bolar.
Gaflatdakylar we dalalatdakylar şu ýokardaky ýagdaýlardan, sagadat we buşdulykdan mahrumdyrlar. Olaryň ýagdaýlarynyň nähili erbetdigini şu ýagdaý bilen deňeşdirip görüň : Garry bir ene örän eý görýän ýeke-täk çagasynyň ölüm halyny görüp, dünýäde ebedilik wehmi/şübhesi boýunça, gaflaty we dalalaty netijesinde ,ölümi ýokluk we ebedi aýralyk bilýäni üçin, ýumşak düşegini pikirlenmegiň deregine gabryň topragyny pikirlenip, gaflaty we dalalaty boýunça Rahman we Rahym bolan Allahyň Rahmet Jennetini, Firdews nygmatlaryny pikir etmeýäninden, nähili agyr gaýgy we azap çekýänini pikir ediň we biliň!
Ýöne iki dünýä bagtyna sebäp bolan iman we Yslamyýet mü’mine şeýle diýer: “Şu ölüm düşegindäki çaganyň Rahym Ýaradyjysy ony pis dünýäden çykaryp, Jennetine äkider. Saňa şepagatçy hem-de ebedi öwlat eder. Aýralyk wagtlaýynçadyr, aladalanma! “Hakyky höküm Allaha degişlidir! Biz Allaha degişli bendelerdiris we dönüşimizem ýene Oňa bolar!” diý we sabyr et!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Olum barada we yakyny

Olum barada we yakyny yogalyp, gayga-gama sezewar bolana teselli etmek ucin birnace blog bardy, shol yerlere hokmany gidip seretmeklerini maslahat beryarin! Ynha, olardan kabirleri:

1- http://www.tmolympiad.org/?q=node/489
2- http://www.tmolympiad.org/?q=node/1958
3- http://www.tmolympiad.org/?q=node/1613/30183

Kabir bolekler:

Quote:

...Olum barada Gurhanda Mulk(=Tebarek) suresinin 2-nji ayatynda sheyle diyilyar:
”Ol haysynyzyn has gozel amal etjeginizi synamak ucin olumi we durmushy yaradandyr. Ol sonsuz kuwwatyn eyesidir, kop bagyshlayandyr!”. Bakara suresinin 153-nji ayatynda bolsa: ”bizi Alla yaratdy(geldik) we donushimiz(barjak yerimiz) hem O'na bolar!” diyilyar

1-Olum bolmadyk bolsa, onda dunyade janly-jandarlardan yana yer galmazdy, hemme zat ust-uste jemlenip, tutda-baslyk bolardy. Belki-de zatlaryn we jandarlaryn kopluginden ys emele geler we belki-de hassalyklaryn yayramagyna sebap bolardy, hassa ynsanlar we cekilyan azaplar, olume na derejede mataclik duyurardy we sh.m.

2-Bizin, gor, nace tanayan dost-yarlarymyz, dogan-garyndashlarymyz, ene-atamyz we sh.m. baky aleme gocup gitdi, biz bolsa olaryn ayrylygyndan nahili gam-gussa batyas. Ynha, shu yagdayin, aslynda, gysga wagtlyk ayrylykdygyna hem-de baky birlikdelige sebap boljagyna imanyn 6 sherti guwa gecyar, baky alemin kilidini bolsa Biribaryn bu babatdaky esas perdesi bolan Ezrayil perishda hem perde bolyan olum acary arkaly acyp, iceri girip bolyar.

3-Olum bolmadyk bolsa, mashgalada ene-atanyn yashy we rowgaty belli bir dereja gelip, olara seretmek, nahar iydirmek we tebigy hajatlaryny gidirmek, gor, nahili, mushakgat boljakdy, olumi hem olar, hem-de biz durmushdan ziyada islardik, ynha, olumin hayirlaryndan biri yene-de ayan boldy;

4-Cagajyklaryn wepat edip, baky aleme gocmegi hem, aslynda, bir hayir. Nadipmi!? Ynha, sheyle: eger caga ergenlik=bulug=yetishyan cagyna yetmaka aradan cyksa, onda ol goni baky jennete gider we ol yerde oz ene-atasynyn baky hyzmatcysy (wildanum mulalledun) we olaryn shepagatcysy bolar. Bu mushakgatly pany dunyade olar Biribaryn synagyndan na derejede basharnykly gecjekleri hem gumanaka, takyk baky jennet olara peshgesh berilyar, shol sebapden, belki, olaryn olenine gynanmaly dal, baky cagamyzyn, hyzmatcymyzyn we shepagatcymyzyn bolanyna begenip bileris!

5-Caga, aslynda, ynsanlara Biribaryn bu dunyadaki in uly peshgeshi, yagny, caga Allanyn beren amanaty, yagday sheyle bolanyna gora, cagany beryanem, ony bizden yzyna aljagam Ol bolyar. Bu dunyade yashasa-da, belli wagtdan son beyleki tarapa gitjegi ikucsyz. Bu dunyade biz shol cagamyza na derejede eye cykyp bileris, ona Biribaryn emirlerine tabyn bolmagy, hetden ashmazlygy na derejede owredip bileris, jahennem azabyndan nadip gorap bileris hem-de maddy taydan nadip ona eye cykyp bileris diyen yaly yuzlerce soragyn deregine, giden caga Allanyn in onat yagdayda eye cykjagyna ikucsyz ynanyp tabyn bolmagymyz, elbetde, yene bizin oz nepimize bolar.

6-Yashy yetmedik 3 (gyz) caganyn ene-atasy ucin jennete goni gitmekligine shepagatcylar hokmunde sebap boljagy hadyslarda beyan edilyar we shol agyr yagdaya sabyr edyan ene-atalara in onat sabyr, goltgy we bushdulyk bolup duryar!

7-Soyyan ynsanlarymyz, mashgalamyz, Pygamber gonshulygy we Allanyn Jemaly, elbetde, olumden son yuze cykyar, onson, nadip olum ucin erbet yagday diyip pikir edilsin!?

8-Ynanmayanlar(kapyr, ateist, munapyk, mushrik we sh.m.) ucin bolsa, olum yokluk we cydap bolmajak ayrylyk. Ynanyanlar nahili bagtly!

9-"Olum, ynha, perde arkasy habar,
Olum gozel bolmasa, olermidi pygamber!?"

10 -"Ol haysynyzyn has gozel amal etjeginizi synamak ucin olumi we durmushy yaradandyr. Ol sonsuz kuwwatyn eyesidir, kop bagyshlayandyr" (Mulk(Tebarek) suresi, ?/2 )

Ölüm, ynha, şudur perde arkasy habar.
Ölüm gözel bolmasa, ölermidi Pygamber?!
Ölümden nalynyp, näletlemäň siz zynhar!
Ölümiň haýry köpdür, Allah bendesi!

Biz Allahdan geldik, ölüp Oňa gidiler,
Gabry geçip, Magşardan Terezä barylar,
Tereziden geçeňsoň, bir netijä geliner,
Oňat netijä ymtyl, Allah bendesi!

Dogulaňda sen agla, gülsün hemmeler,
Öleňde sen gülgün, aglar hemmeler,
Bu ýagdaýa ymtylsynlar özgeler,
Ölüm bir açardyr, Allah bendesi!

Ynha, ölümiň haýyrlaryndan birnäçesini teswir edýän goşgy...

Allah hemmamizi olume takyk yagdayda tayyarlykly bolmagy we olumin yuzune gulup bakmagy, netijesinde Ozune we in yakyn we soyguli bendelerinin yanyna gowushmagy nesip etsin, ensalla!

Shony dilemek bn!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ahyrky dilegim:

Allahym, bize Özüňe laýyk bende boljak, Habybyňa (SAW) laýyk ymmat boljak, başyndaky serkerdelere tabyn ynsan boljak, watanyna we milletine peýdaly raýat boljak, bize mynasyp öwlat boljak, ýoldaşlaryna wepaly ýar boljak nesilleri yhsan et! Olary elimizden alyp, bizi agyr synaga duçar etme! Göterip bilmejek agyrlykda ýüki bize ýükleme! Eger çagamyzy Öz huzuryňa alaýan ýagdaýyňda-da, olaryň jaýyny jennet et! Başda bize muňa tap getirp biljek güýçde sabyr ber we olary bize ahyret üçin şepagatçy hem-de ebedi çagamyz hökmüne geçir! Bizi Özüňe tabyn bolan we sabyrly gullaryň hataryna goş! Şonuň hormatyna bizi Firdews Jennetiňde Habybyňa goňşy boljak we juma günleri Öz Jemalyňa muşdak boljak müminleriň hataryna goş! Ämin! Ämin! Ämin!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Köp sag bol hemmesi üçün"