:: bermek ... ::

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Aralykda (2-3 gün ön) TM'dan türkmen tajir agalar (esnaf) gelip gitdi.. 23 töweregi yaşuly bardy.. Olar bilenem tötanleyin duş geldim.. Bile kebap iydik.. Olary şahere ayladyk we diysen hoşal bolanyny gördük.. Yöne gürrünimiz olar hakda dal de olaryn işi hakynda... anyyeti hakynda .. kebap iyip bolanymyzdan son tanyşmak nesip etdi.. "men pylany pylanyyew
özüm marydan aptek işletyan.. men bolsa pylany pylanyyew, özüm aşgabadyn x yerinde yaşayan , gassap... men adym pylany.. özüm lebaply.. egin eşik magazinim bar.. " we yene yene kellanize gelip biljek gündelik işler.. bu zatlary türkmen dilinde eşitmek meni diysen buysandyrdy.. başlarynda gelen aga bolsa ne türk mekdep uçurymy.. ne de httu uçurymy .. ne de türkiye de okan.. diyjek bolyanym Howadan nem sorup alyanlar nahili bagtyyar, yagşyn aşagynda bolubam ezilmeyanler bar.. (havadan nem kapanlara ne mutlu, yağmur altında olup da ıslanamayanlar var.. diyya) we başlaryndaky aganyn olar bilen gyzyklanyşyny görüp nahili boş, nahili tyn tyn adamdygymy yene bir gezek tejribe edip galdym.. sap türkmen dilinde gürleşyarler ..emma şo bir pikir, şo bir düşünje, şo bir dert, şo bir alada.. watanyn gelejegi.. yaş nesillere eye çykmak.. olary ilki görenimde içimdaki men menligim sebapli olara göwniyetmezçilik bilen seredipdim.. emma edilen işleri yeke yeke eşdip başlamda bolsa bularyn hakykatdanam gelejegin düşünje gurluşykçylarydygyna göz yetirdim.. hersi öz maşgalasynda, öz obasynda , öz etrabynda, öz welayatynda, öz milletinde göreldeli, abrayly, gurply adamlar.. yöne olary beyleki gurply adamlardan in esasy tapawudy bermek duygylary.. olara bermek mejnunlary diysegem bolar (verme delileri) ... edil Ebu Akil yaly.. Olam günlük bazarda (günümizde galtak süryanler bolayyar öydyan) arksasynda illerin yüküni daşap pul gazanyar we agşamara da getirip Allanyn Resulyna beryar.. We Yermükde şehit bolya.. Köp eşdensiniz.. indi men size sorayyn.. Olaryn Ebu Akilden, Musab bin Umeyrden(ilkinji mugallymymyz) we... gepin gysgasy Ashab-y Güzinden name tapawudy bar? Alada yene adamlaryn eşretde yaşamaklary, imanly nesil yetişdirmek, bir adamam bolsa ak gara diyman halas etjek bolmak.. yöne hemme kişiden bir menzeş zat islenenok .. wagtynda şirin jandan geçilmelidi Habyby-Edip üçin.. wagtal wagtal giden bir ömür bermelidi.. kawagtam maddy kömek..

barde de şeyle agalar söhbetdeşlige çagyryalar o taydaky yagdaylar hakynda gürrün bermage.. ilki tanyşlygy hijem unudamok.. onam hazir yazaryn da wagtym çakli..

Telpekler (5 kisiden 9 sany)

Bu yazgi ucin

  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • shetdaly 1 telpek goyyar we yazyar: "hemme yazgilan ucin"
  • ata22 5 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!Yhlasyn ucin!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Dost sana

Sana telpek goyjakdym, welin goyyp bilmedim. Telpeigim, şapkam, papoşym we ş.m. senki bolsun!!!

- Nie kanvule, sunkutu -

- Nie kanvule, sunkutu -

- Nie kanvule, sunkutu - name diymegay

:))

Afrikang bir dilinde gözel gyzlary söyyan diymekmiş. şona menzeş. Afrikan dostumdan öwrendim.
- Nie kanvule, sunkutu -

Ooupss... Toty'nyn bilman 2

Ooupss...
Toty'nyn bilman 2 gezek yazan post'unyn 1'ni ayirjak bolup, Vepa'nyn birinji post'yny ayirdim yalnyshlyk bilen...
Vepa, 1 yerlere yazyp galana dalsin ?? Sorry, yalnyshlyk bilen gitdi...

yo yazmandym.. ay bor la

yo yazmandym.. ay bor la zyyany yok..

1-2 börük bilen çözerislay.. :D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Haha...Bolyala shu 2 boruk bilen hakyny halal edyan bolsan :)"

2 diyen bolup 1'ni berdimmi

2 diyen bolup 1'ni berdimmi ? :D
1'ni mowzugyn bashyna berendirin, son "sokdunay" diyme :)

est.. ay onaryanay.. :D

est.. ay onaryanay.. :D çozdi..

Est.. diymek namay_? :D Ya

Est.. diymek namay_? :D
Ya olam Afrika dilinde bir zatmy_? :D

hawa afrika dilinde de br

hawa afrika dilinde de br öydyan.. açylymy estagfirullah bolya...:P olaram kiçi göwünlilik eden bolyandyrlar...:d

ilki söhbetdeşlige

ilki söhbetdeşlige gidenimde (geçen yyl) tanyşanymda yaman aljyrapdym hem de öye gelenimde yaman agym tutupdy.. sebabi alada etyan kabir zatlarym bardy.. olaryn biri hem barde okayan studentlerin tomus kanikulynda işlemek islemekleridi.. muna da rugsat berilenokdy.. şona anym yetenokdy.. söhbete gelelin.. neme.. agşam çaya başlamankak tanyşalyn diydim.. seredip otursam biri dellek, biri şofyor, biri akkumulyator onaryar, biri swarka edyar.. garaz ortaça yaşayalar diysenizem boljak.. emma bizin güyjümiz yetenok diyip bir gyra çekilmandirler.. Olar edip bilyandikleri sebapli o yerde daldiklerini , gaytam kimem bolsa birilerinin şu işleri etmelidigi üçin eden bolyandyklaryny kiçi göwünlilik bilen nygtayarlar.. olardan maddy kömek soralyar.. emma bizden name soralyar.. adamdan adama üytgap biler.. ata watanyna gel we kimem bolsa birilerine eye çyk diyseler hemme arzuwlarmyzy goy bolsun edip dolanyp baryp bilerismi? Yogsa da bizden görlüp eşdilmedik zat islenenok edil şu wagt.. dine dolanan yerimizde berk durup bilmek.. bolany.. harama, peşgeşe, yalana , aldawçylyga, dünya malyna , maşyna, aylyga , abraya .. gyzman adamlara hakykady düşündirmegi durmuşymyzyn bir bölegi halyna getirip, galan zatlara gapylary yapyp 5yyl-10yyl-15yyl... hatda ömrümizin sonuna çenli emri bil maruf, nehyi anyl münkeri baş maksat edinip bu yolda hiç zat gaygyrman ylgamak.. bay garyp, mayyp - sagdyn, mojuk owadan , dost duşman , düşüner düşünmez diyman dine düşündirmek.. hem biz bu yolda yeke dal ahyryn.. wagtynda gelipdirler.. köp zady taşlap.. syn edip otyryn welin oglanlaryn köpüsinin arzuwy USA ya da haysam bolsa bir Yewropa döwledinde köp pul gazanyp öz dünyalerini özleri bilen paylaşmak.. şu çaka çenli Hudaya şükür şu iş diyip hiç kimin burny ganan daldir.. Sebabi hemme guramalaram patyrty bilen yumruk bilen , zor bilen alyp boljak galanyn yokdugyna onat düşünendirler..

bermek duygysy.. çyndanam ansat dal ekeni.. esasan wagtyndan ömründen bermek.. emma türkiyede münlerçe mollumyn 15 yyl bari dine ady bar.. özleri nirde kim bilyar.. biz bolsa öz watanymyza dolanmagy hem şeyle kyn göryas..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Wepa dost! Senin bu blogda

Wepa dost! Senin bu blogda yazan duygularyny okap şeyle bir begendim welin, hat-da her hili pikirler aklyma geldi. Yagny aslynda göryanmi heryerde pikirdeş watandaşlarymyz kan, bulary görmek, tanamak geljege bolan umydy yokarlandyryar. İlki başda kabir hasiyetlerimizi ilden daşda gören ene-atam mana "Sen bu yolun bilen nira çenli yol alasyn gelyar, sen bu hyyaly düşünjelerin bilen bu durmuşda dine öz gazygynda aylanmaly bolarsyn" diyyardiler. Sebabi olar üçin beyle anyyet, düşünje gaty gen we ynandyryjy daldi. Olaryn alan terbiyesi we jemgyyetin hem şol düşünjan pionerleri bolmagy biz üçin yolun yokdugyny görkezyardi. Yöne indi olaryn özi şu yola giriberdi elhamdulillah. İn kan name tasir edendir öydyaniz? Öz pikirdeş dost-yarlarymyn köprak öyümize gelmegi, şu döwrün adamlarynyn düşünjesinde-de dostlarymyzyn aktiw rol almagy (tans edyandirem öytmeyan ümsüm adamlarynyn tans edip toyy şowhunly alyp barmagy, işde we söwda-da gowy orunlar tutmagy, dil we kompyuter yaly ugurlarda jemgyyet anynda yokarda bolmaklary we ş.m)in kan tasir eden zat boldy. Öylenenson hem maşgala gatnaşyklary dowam edyar. Hatda netijede dine ene-ata dal gelinlerimiz hem öz yoldaşlary yaly başga-da adamlaryn bardygyna göz yetirmeklerine sebap bolyar, yagny bizin gelinlerimize öwredip bilmejek zatlarymyzam maşgala gatnaşyklarynda özleri öwrenyarler.

Blogda agzalan esnaflaryn bolmagy we köpelmegi bolsa jemgyyetde hasam uly tasir oyandyryar. Almak barka bermegin tutgyny bolmak - elbetde dalinin işi yaly. Emma Hak dalisinin işi. Ynansanyz, synlasanyz şolar köpeldigiçe beyleki adaty adamlarda bermek ruhy yyl sayyn artyar elhamdulillah.

Ýeńiş

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Geçen yyl bir marekede

Geçen yyl bir marekede oturmak miyesser etdi. Görüp otursam bular hayyr sahawat adyna meyilli Hak halanlary ekeni. Yagny toy daldi baran yerim, adaty bir nana çagyrylyşykdy. İyip içilenden son aralaryndan biri özleri bilen tanyşdyrdy, hemmesem şol etrabyn adamlarydy. Biri saç onaryar, biri gassap, biri gök ekyar, yene biri doktor. Gepin tümmek yeri in uly gazançlysy bazarda lampa satyar. Emma edyan zatlaryna seretsene:
Saç onaryan günde müşderi sanyna garamazdan bir kelle hakyny ayyryar ayra yere, gassap günde 0,5 kg etin hakyny ayyryar ayra yere...... lampa satyan ayyryar günde 2 lampan hakyny ayra yere - Netijede yylyn dowamynda 90 million gowrak manat yygnanypdyr, onun üçin olar garybam galmandyr, "Bermanimiz üçin bayamardygam" diydiler gayta. Pulun belli mukdaryny bolsa yagdayy kyn hojalyklaryn 2-3 sanysyna obada dükanjyk açyp beripdirler, üstesine-de özleri şondan söwda edyarler - bolmasa özlerem bazaryn adamsy. Şol üyşmelende bolsa indiki hayyr amallaryny maslahatlaşdylar. Gen yerem bularyn syyasat bilenem işi yok, "Bize Hatyja dal, netije gerek" - bularyn baş şygary eken. Sahypada dal-de durmuşda yygnan bar telpegimi ana şol yerde goyup gaytdym. Şol yer Murgap etrabynyn Hyrslan Juma obasydy.

Ýeńiş

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • azik 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Yene-de bir mysal beryan

Yene-de bir mysal beryan sahy yolun GAHRYMANLARYNDAN. Bu hadysa geçen 2-3 ayda bolan.

3 sany oglan bolup 20 million manat orta goyupdyrlar. Puly bolsa yslam usullarynda karzlar we hayyr amallar üçin ulanmak bolsa baş maksatlary eken. Yagdayy orta gürpde dostlarynyn birine beripdirler puly - olam jüyje alyp yetişdirip başlapdyr. 1700 jüyje bilen işe başlan dostlarynyn elinde kör köpügem yok eken aslynda - 7 hazynan biri TOWUK diyseler başlapdyr. Netijede 56-57 gün son hersi 23 mün manatlyk 1500 gowrak towukdyr horaz galypdyr elinde. Horazlaryny satyp şu güne çenli eden harajatlaryny yapypdyr. Netijede fontdan alan 20 millionyny 29,5 edip yerine goyupdyr. Sebabi alanyny 2-a paylaşmaly ekenler. Başdaky başlangyç pul bolsa azabyny çekyan jüyjeça berlipdir. Göryanmi jüyjeçi puly yok yerden 2 aya yetman 29,5 million manatly we 800-e golay towukly galdy, yene 2,5 aydan yumurtga bermegine garaşyar inşallah. Fonda bolsa asyl pulun daşyndan 9,5 million manatlyk hayyr sahawat üçin ulanmaga pul.
Tasin yeri bu oglanlaram Murgaply. Elbetde her yerde bardyr bular yaly PALWANLAR. Allah olardan razy bolsun we bizide neslimiz-kesbimiz bilen dogry yoldan ayyrmasyn! Amin!

Ýeńiş

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Name diysenizlan, wala-wala

Name diysenizlan, wala-wala bir gapdala, shon yaly adamlar beyik!
Ozum basharyanmy? Yok, yone basharyanlara telpek goyyan.
Onsonam gowniyetmezchilik temasynda dogry aytdyn Wepa. Kawagt kabir adamlary goryan we bir bada kan gownumem yetenok. Ichinden pikir doreya, ozunem duyanok, "namesi uytgeshik bu adamyn? durmushda name gazanypdyr? nahili ustunligi bar?" we beyleki biderek soraglar.
A gowy adam bolup bilmek ustunlik dalmi? Gowy ishler edip bilmek uytgeshiklik dalmi? Her kime bashardanok ikisem, mena basharamok gowy bolmagam, gowy ishleri etmegem. Shon uchin shol yerini okamda ozum barada aydylan yaly boldy. Menem kabir shon yaly yagdaylara duchar boldum. Goryan welin, gownunem yetenok, kellane-de alanok. Son tanayan welin... beh, ozun bilen on arasyndaky uchurumy duyyan.
Ay ya nesip, bizem bir wagt adam bolaly!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

hmmm

Bayram wrote:

Ay ya nesip, bizem bir wagt adam bolaly!

name bu wagt adam dalmi biz:) oyun edyanle ozumem adam dallay, nesip bolsa bizden hem gowy zatlardan gorelde alar yaly adam bolmaklygy dilalin,

Olar bolmasa ...dat bidat...

Eger şol bermek duygi zaryadly yaşulylar yali we olar bilen birlikde yaşlyk duygilaryndan, dünyaliklerden geçen gününizing sahaba ruhlylary bolmadyk bolsa dat bidat.Huday saklasyn, belki-de tebigy betbagtçylyklardan ya-da şona menzeşlerinden başymyzy çaramak kyn bolardy.
Dostjan sönene duygylarymy tazeden oyaranyng üçinem telpejik berayjakdym welin telpegim galmandyr. Gatyr görme...dowamyna garaşyan
put on a happy face:))

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • dr turkmen 5 telpek goyyar we yazyar: "al "

Her temada "telpek bererdim,

Her temada "telpek bererdim, arman ozumde yok" diyip telpek sorap gechipsin men yaly telpek baylaryndan :D
Bilyanmi, mende "bermek" duygusy yok, mende dina almak duygusy bar. Husyt men, bitimi iyme gysganch :D
Gownumden turan zady yazmasan telpek yok :D
"Yatan agza/yazyja, telpek yok" ine tmolympiad'yn shygary!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

"Yatan okuze telpek yok"

"Yatan okuze telpek yok" :)), ynanmasanyz men profile-yma seredayin :))

edit: ey-way, kim mana bildirman 10 telpek berd-ay? sagja bolsun kim beren bolsa-da :))

2-nji edit: ata22 bilen stalin2 eken :)), kim-ay bu agzalar? sagja bolsunlar oz-a :))

Güýç, inim, "ýagşylyk

Güýç, inim, "ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese Halyk biler!" diýib-ä eşidensiňdir :)

hawa bolsa, onda saňa 10 däl, 11 telpek berlen bolmaly şol 2 agza tarapyndan :)
olar meniň tanyşlarym we meň yrsaramagym bn agza bolupdylar. Ýakynlarda telpek sanawlaryna seredemde, ep-esliň ýarsy bar ekeni olarda, jaň edip sanaw berdim ellerine, senem içinde bar ekeniň, diýmek :))

neme, men hem derýa atylany bilýän balyklardan bolýan-da onda :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

blogyň ady "bermek" ekeni,

blogyň ady "bermek" ekeni, ýagny, "Allahyň beren ryzkyndan, ýene-de Allahyň razylygy üçin mätäç ynsanlara/ýerlere ryzkyň berilmegi"

Bu babatda men-ä özümi görelde boljak ýagdaýda bilemok, ýöne şu Wepaň hem-de Ýeňişiň beren mysallaryndaky beýik şahsyýetlere telpek çykarýan we Biribardan bizi hem, sözüň doly manysy bn, şolaryň hataryna goşmagyny we bizden razy bolmagyny dileýärin!

Tmolympiad.org hem, aslynda, bu işi gurnajak bolupdy, soň ýalňyş pikir edilmesin ýa-da şoňa meňzeş sebäpler zerarly goýbolsun edilene meňzeýär.

Dowamy bolup biler, pikirimçe. Goý, bu blogy okap, şeýle duýga eýe bolan agzadyr myhmanlarymyz hem şol mümkinçilige eýe bolsunlar, ýagny, Allah razylygy we haýyrlar üçin ryzyk/pul berme mümkinçiligine!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"