:::kim kimin namesi??? :::

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam ildeşler! Bilşiniz yaly garyndaşlyk atlary Türkmenistanyn her welayatynda diyen yaly öran üytgeşik .. Esasan daşary yurtdan uçurym bolan ya da ttm uçurymlary garyndaşlary tarapyndan kan tanalanok.. Bularam garyndaşlary tananok.. Garyndaş diydigim.. neme .. Zenanlara şu baglanşyklary hijem bulaşdyranoklar welin .. şu garyndaş diyen baglanşyk ya da gatnaşyk erkeklere de wajypmyka diyyan.. Gepin gysgasy haysy welayatda haysy garyndaşa nahili yüzlenilyar.. Meselem men kakama kaka diyyan, ejeme eje diyyan, gelnejeme gelneje diyyann :P emma kabir yerlerde pahanlara dade, papa, akga yaly sözler bilen yüzlenyarler.. ya da men gelneje diyyan welin başga biri men gelnejeme apa diyya.. men jigi diyyanime biri uya diyya.. garaz baldyz, elti, yenne, çykan, yüwürji, giyew, guda sözlerini erkeklerin düşünayjek dilinde ara alyp maslahatlaşaysak öran onat bolardy.. Gezek sizde?:P
PS: genel kültür+hezil bolayjak yaly.. kim garyndaşlyk gatnaşyklary barada name bilyarka .. gyzlar ökde mi ya da erkekler.. :P

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

nebitdagda köpüsi:eje =>

nebitdagda köpüsi:
eje => näne
kaka => däde
ata (kakan kakasy)=> kaka
ene (kakan ejesi) => eje
ejen ejesi => mama
ejen kakasy => baba
diyilyar.
men bolsa ejeme eje, kakama dade diyyan.
eneme bolsa, "garry eje" diyyan.
garaz garyşyk. herkim kella gelen zady diyip yör öydyan. :)

"dogan" diymek hökman özünden uly diymek manysyna gelenok.
özünden kiçi bolsa "bally" , uly gyza "ejeke", uly oglana "aga" diyilyar.
_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

...

jalko, ene - ata sozi sizde yitaypdir wapshe

PS: Kerkinin bir obasyna baranynyzda size "janam" diyilse gorkayman, jigi diymekdir :DD

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

name üçin jalko? bizin

name üçin jalko?
bizin ulanyanymyz name türkmençe dalmi?

_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

...

orsyça dyen adam yok, ene-ata sözi nirede hany?
ulanmayanyz, ulan-da...
~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

ulanmayas, ong yerine

ulanmayas, ong yerine "nane,dade,eje" ulanylyar.
olaram türkmençe.
a siz "nane-dade" ulanyanyzmy? ulanyn-da.. :)
_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

:)

bizde (lebapda):
eje yerine - ene ,kaka yerine de - ata
diyilyar. ozunden uly erkek doganina ''aga'' kici erkek doganina bolsa ''inim'' diyilyar. gyzlarda bolsa ula ''eke'' kici gyza bolsa ''uyam'' diyilyar. gelneje yerine 'kelneke' yada 'keleke' diyilyar. atan atasina 'baba' , enesine 'mama' diyilyar kabir yerlerde 'daş mama ' hem diyilyar. bu hem ata tarap ucin hem de ene tarap ucin bir menzeş.
menden su wagtlykca şujagaz !

:)

howa turkmengzy:
bizde (LEBAPDA)
koplenc gyzlar unislije okamany bilyaler :)
sonam azaryn namay ? durduk yere urjak bolup dursun! :)

Bizdede (çarjew,farap

Bizdede (çarjew,farap töwereginde)eje-kaka ene-ata diyilya,
gelneje-yenne
papan dogany-emeki
papan gyz dogany-emme
ejen gyz dogany-hala
ejen erkek dogany -dayy
agtyk-nevere
jigi-üke
aga-eke
gyz doganyna-apa
bawa-buwa
ena-mama
adamsynyn jigilerine ya-da ayalynyn jigilerine- gayyn üke
agalaryna-gayyn eke
gyz doganyna-gayyn apa

Bizin yerli dialekt birazjyk özbeklerinki bilen garyş

ps.dostlar önünden diyeyin prikol tutmak yoktur,karateden " çornyy poyasym bar,her kim şona görade akylly bolsun :D

ha ha ha

hawwa uçup deperin,aramyzda kabir "prikolşik" dostlar bar,"apa kandeysiz,dünya bazara kandey gitsa bolady"diye msj atyalar türkiyan içinde ha ha şolara degişli :D

Yok,işjegi çay bolsa

Yok,işjegi çay bolsa gelsinler gapym açykdyr :D

jagmyr jagyp jatatby

jagmyr jagyp jatatby jyldyrymlar barmydyr eee:PP
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Köytenli oytyan sen :D

Köytenli oytyan sen :D

Garagalpakgistan TV de

Hich unudulmayan howa maglumaty barda.
1990 yillarin bashlarinda Dashoguzun demirgazzyk taraplarinda, howa maglumaty has takyk beryar diyip Garagalpagisanin televideniyesine seredyardik. (Howalar birmenzeshirak da)
Shonda bir gezek sheyle diyipdi TV de:
"Jerten Karakalpakistanda Jagmir jawad, jawmasa sewelep oted"
Turkmenchesi:
"Ertir Garagalpagistanda Yagmyr yagrar, yagmasa sepelap gecher"

Bizem gulup yikilyadik tapawudi name yagmyr yagar diyaymelida... Yone gumansiradip goyayar.....

türkmenler yaly "yagmagam

türkmenler yaly "yagmagam mumkin, yagmazlygam mümkin" diymese bolyarda :D
_________________________________________
Akan suwlar gelmez yzyna, edil yaşlygym yaly.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: ":D..ay hava kop aydyalar sheydip"

çarjewlidiginiz

çarjewlidiginiz bildiryar... :D

O çarjewçe dal,gazakça

O çarjewçe dal,gazakça öytyan.

koplenc saherde eshidyanlerim

Eje-eje
kaka-kaka
ejen ejesi Mama
Kakan ejesi ene
Kakan kakasy Ata
ejen kakasy -Baba
Adamyn (ayalyn)kakasy -gayyn ata
Adamyn (ayalyn)ejesi -gayyn ene
Gyzyn cykan ogly -giyew
adamyn kici gyz jigisi -baldyz
adamyn kici oglan jigisi- yurjy
adamyn uly gyz dogany -gayyn keji (tocna bilemok)
adamyn uly oglan dogany- gayyn aga
ayalyn gyz doganyn adamsy - baja
ejen gyz jigileri -dayza oglan doganlary dayy
dayyn cagalaryna hem koplenc dayy diyilyar bizem olara yegen bolyas
dayzan cagalaryna cykan
kakan uly erkek doganlaryna mysal ucin Bahram kaka diyilyar:)
kakan gyz jigilerine bolsa mysal ucin Mylayym eje diyilyar:)
kakan erkek doganlaryndan bolanlar doganoglan gyz doganlaryndan bolsa egen

Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu komment ucin
  • Hajyjan 1 telpek goyyar we yazyar: "Men ejemiň doganlarynyň adyny hem doly bilemok, çykan-mykan, giýew-miýew'den ömür hem başym çykmaýar:D"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "minnetdar, jigim!"
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "hakykatdanam gyzlar ökde ekeni.. :P"
  • annashka 1 telpek goyyar we yazyar: "sagja bola. menem owrenjek nesip bolsa!!!"

Peydaly we gyzykly mowzuk...bahana bilen öwrenyan...

Men garyndaşlarymyng köpüsüni tanamok, şol sebapli yokarda sanalanlaryng kabirlerini(eşiden bolsamam) kimlere diyilyaninem bilemok. Myhmançylyga gelenlerden tanamayan birini göraysemem dayi/dayza diyip diyaloga giriberyan. Yalnyşaysamam özleri düzeltyaler...Size-de bilmeseniz şeydibering diyan, yalnyşyp öwrenenizi belki hiç unutmarsynyz
put on a happy face:))

köreken nam bolya?:P

köreken nam bolya?:P

senin gyz

senin gyz garyndaşyn/uyan/gyzyn adamsyna diyilyar.
_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

agtyk, gowluk, yowluk,

agtyk, gowluk, yowluk, çowluk, aklyk.. babadaş, ara daş.. garyndaş:P bular hakda name diyesiz.. :P

At oynatmasana Wepa! Shol

At oynatmasana Wepa! Shol atlary yazmana bilipsing, manysynam bilyansing. Eger bilmesen oylen!, sholaryng ahlisi oyleneningden son bolyar. (Maya yazanok,onun adresinden giryan yazyar.)

adynyn Wepadygyna çenli

adynyn Wepadygyna çenli bilyaray ol Maral gyz :D
_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

şodaray

selmonelk85 dal de onun adresinden giryan wrote:

At oynatmasana Wepa! Shol atlary yazmana bilipsing, manysynam bilyansing. Eger bilmesen oylen!, sholaryng ahlisi oyleneningden son bolyar. (Maya yazanok,onun adresinden giryan yazyar.)

At oynatmak ... WEPA... biri birine nahili uzak zatlar?!:P yazmagymyn sebabi azajygam bolsa gyzykdyrmak.. :P Eger bilmesen öylen diyipsin! No comment! Toba tagsyr! (Muny vVv (Vepa) yazanok, onun adresinden giryan yazyar.. :) ba.. bu gyz gaty akylly öydyan.. :D

bizde daşoguzlu

bizde daşoguzlu yomutlarda
eje=eje
kaka=dade
kakan erkek dogany yada jigisi=... kaka
kakan ayal doganlar=... eke yada apa
kakan ejesi= garryeje
kakan kakasy=ata
ejen ejesi=mama
ejen kakasy= baba
ejen ayal dogany= dayza
ejen erkek dogany= dayı
garaz galanlary hem şeyle dovam edyar baldyz,yürji....

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "Olaram yazsan öran gyzykly bolardy.. başga da agzalmadyk garyndalar bardyr belki.. :P"
  • yenis.atayev 1 telpek goyyar we yazyar: "Allah razy bolsun !!!"

Quote: kakan ayal

Quote:

kakan ayal doganlar=... eke yada apa

shun-a birinji gezek eshidyan-ay... "eke" diyip erkeklere aydylya dalmay Dashoguzda? (ozbekce "ake"=aga sozunden), "apa" diyibem ozbekler ulanyan bolmaly...
men-a kakamyn ayal doganlaryna "pylan ejeke" diyyan...
ps: "ejeke" dine Dashoguzda bar bolmaly.

agam natdinay.. :) Balkanda

agam natdinay.. :)
Balkanda hem "ejeke" sözi ulanylyar,
özünden uly gyza/dogana diyilyar.
we daden gyz doganlaryna, gyz garyndaşlaryna diyilyar.
_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

wiy, dur onda, Dashoguzda

wiy, dur onda, Dashoguzda ulanylmayan bolmaly onda ol... bizin aslymyz balkanly bolanson, ozumiz ulanyas we bizin agayyn-garyndashlardan bashgalaryn ulananyny eshitmedim, dogry galtaman, dogry :))

Menina dashoguzly

Menina dashoguzly komnatdashym kakasynyng ayal doganlaryna "ejeke" diyyayardi.

vah agzalmadık kanle velin

vah agzalmadık kanle velin özümde onça bolmanson agzap oturmadım.

hovva yomutlarda esasan hem

hovva yomutlarda esasan hem pylany ejeke diyilyar velin bizi öwrenişdiripdirler eke,apa ikisinem ullanyas. mena şol ekelerimem apalarımam tanamok çynymy aytsam. birini 5-6 yıl mundan ön gördüm galanlarının dine adını eşidyan gören zadym dal. Oba gitmesen boljagınam şu borda:)

Bizde Mary tekelerinde

Bizde Mary tekelerinde yokardaky Mylayymyn yazysy yaly takmynan , ol yerde dine yuwurji yazylmandyr , mylayym sana son ucin kayinc yglan edyan , sebabi manada yuwurji sozi gowy yakya , gelnejelem yuwurjim diyip gowy goryaler, son ucinem o soze owrensipdirin.

ha ha

Quote:

adamyn kici oglan jigisi- yurjy

yazdyma bashlyk:) bir iki harpy yalnysh gidipdir diymesen yazyklyda:)

...

Lebabyn Hojambaz etrabynda ulanylyanlary aydayjak
her obada herdurli pochti...

ene ya-da (ije) "e dal"
ata, awa (papa versyonam bar!)

mama(2 tarapam)
baba ( -''- )

apa, dada, eke - uly gyz doganyn, yada kochede uly zenana yuzlenende-de aydip bolya!
aga, akga - uly erkek dogan, yada atanyn doganlary!

keleke, keneke, yenge - uly erkek doganyn gelnine! kichi doganynka "gelin" diyip yuzlenyaler

Emme - atanyn ayal doganyna
Hala - enenin ayal dogany

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selmonelk85 1 telpek goyyar we yazyar: "Bu awa diyyaniniz ucin"

siz taraplarda gonshyna

siz taraplarda gonshyna hemsaya diyilyan bolmali...
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

howwa...

howwa hemsaya diyilyo, siller name diyonuz?

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

siller? ---------------------

siller?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

...

yhlas dushuner...
sizler diymek, sizin tarapda -lar -ler goshulanok!

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

gechen yil astana-babada,

gechen yil astana-babada, dayimlarda otyrkak nahara chemche getirmandiler. son dayim biraz garashdy-da "Shekeeer, jaan gyzym, bar hemsayalardan chemche karzyna alip gayt..." diydi:)))
dayimin sheyle, dialekt dilde prikol tutsa gulup gyrylyasay
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

Bizdede gonşa

Bizdede gonşa "hemsaya"diyyaler,bir gezek maryly tanyşlam gelen oye ejemem "ay indi hemsayalara gitdi gyzym"diyen.Yankylaram ank-tank bolup"Ay dayza bize yarym sagatjyk otyryp gitjektik naçenji gün gelya indi, adresini ya telefonunu bersenize şo giden yerinin".A o "hemsaya"da gapdal gonşymyz aslynda........... :D

Kaka-Ata Eje-ene Uly gyz

Kaka-Ata
Eje-ene
Uly gyz dogan-Eke
Kiçi gyz dogan-Uya
Uly erkek dogan-Aga
Kiçi erkek dogan-ini
Gelneje-Gelineke/Kelineke/Keleke
Ejen ayal dogany-Dayza
Ejen erkek dogany-Dayy
Kakan ayal dogany-Eke
Kakan erkek dogany-Aga
Gonshy-Hemsaya (Gonshy hem ulanylyar, yöne az)
Kakan kakasy-Baba
Kakan ejesi-Mama
Ejen kakasy-Baba
Ejen ejesi-Mama
Giyew-Giyew
Guda-Guda
Adamsynyn ejesi (Gelinlere) -Gayynene
Adamsynyn kakasy (Gelinlere) -Gayynata
Adamsynyn agasy-Gayynaga
Adamsynyn erkek jigisi-Yüwürjü
Adamsynyn uly gyz dogany-Gayyneke
Adamsynyn kiçi gyz dogany-Baldyz
Iki doganyn ayaly-Elti
Iki doganyn ari-Baja

yadyma düşyanler. Halaç tarapda ulanylyanlar

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Sana-da telpek!"

Tejen tarapda kakan gyz

Tejen tarapda kakan gyz dogany -Mysal ucin Mylayymbibim diyilyar eken,
nohurlarda kakan gyz dogana - Mysal ucin Mylayymeze diyilyar,yone shol senin naman diyilse Emme-m diyilyar
kakan erkek dogan mysal ucin Sapareke diyilyar yone shol senin naman diyilse Awa-m diyilyar, ejen gyz gyz doganlaryna -Hala diyilyar

...

men yazanlaryma üns ber yokarda..
beh nohurlar lebapdan göçüp gelen bolaymasalar bara...

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

howa

howa sheyle oydyan Lebapdan gocup gelipdirler yaly:)

...

owganystana-da 2 milyondan gowragyny yolladyk :))
balkana-da yollamaly oydyan!

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Balkanda toydaky öylenyan

Balkanda toydaky öylenyan oglanyn yanyndaky şayada - "Mysayyp" diyilyar. Gyzyn yanyndaka "Boydaş" yada "jora" diyilyar
_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

Ýazyp almaly

Ýazyp almaly öýdýän.
Meň bilýänlerim:
Kaka(teke)=Däde(ýomut, ärsary, saryk)=Akga(saryk)=Ata(ärsary)=Awa(ärsary)
Ene(ärsary)=Eje(teke, saryk)
Baba(ärsary, her iki tarap)=Ata(teke, dädeň dädesi)=Baba(saryk-her iki tarap?, ejeň kakasy-teke)
Mama(ärsary, her iki tarap)=Ene(teke, kakaň ejesi)=Mama(saryk-her iki tarap?, ejeň ejesi-teke)
Kakaňyň iň uly erkek doganyna saryklar "ata" diýýäler, ärsarylar özlerinden uly erkek doganlaryna, kakasynyň erkek doganlaryna "aga" diýýäler, tekeler kakalarynyň erkek doganlaryna "kaka" diýýäler.
Sakarlaram kakalarynyň uly erkek doganyna "ata" diýýäler öýdýän.
Başga-da kän.
Biziň obamyzda her dürli tireleriň köpüsi bar, diňe biziň köçäniň özünde tekelerem, ärsarylaram, saryklaram, sakarlaram bar.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

:)

Bayram wrote:

Ýazyp almaly öýdýän.
Meň bilýänlerim:
Kaka(teke)=Däde(ýomut, ärsary, saryk)=Akga(saryk)=Ata(ärsary)=Awa(ärsary)!

Bah, bize-ha "tekeler" diyyaler welin, shonda-da biz kakamyza "dade" diyyas, ya biz "ýomut, ärsary, saryk"-dan birimikak :)
Men-a caga(lary)m bolsa "kaka" diydirjek, "pap, mam" hem dal :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yomutlaryn ichinde hem

yomutlaryn ichinde hem "nane" diyman "eje" diyyalenler gaty kop. menin mamamyn chagalary we enemin chagalary oz ejesine "eje" diyyaler. olaryn den dushlaram sheyle. indiki yashlaryn arasynda yek tuk yone. mysal uchin shol bir mashgalada menin oglan jigim ejeme "eje" diyyar, men bolsa shol "nane"-de "nane" :)
galanlarynyn tutulshyny bolsa yokarda Myrat yazypdyr.

wa

way men shu yomutlaryn dilini bir gowy goryan, hasam ballym onsonam hiii diyenlerinde bir hili suyji dil olarynky, ol gun zat 2-3sany gyz gurleship otyrys welin gaty gyzykly boldy

hiii, sheylemi ? :) menem

hiii, sheylemi ? :) menem gowy goryan sholaryn dilini :)

Dogrymy aýtsam, menä dadyp

Dogrymy aýtsam, menä dadyp görmedim dillerini, ýöne gowudyrlaý, süýjidir.
Bir topar goşga bar ýomut gyzlarynyň şanyna :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

ha ha

shu hokman dadyp gormelimi:) eh shu oglanlaram bara:)
wi shu yone Ballym diyip dogan oglanyna diyilyarmi ya bashga birine diyilyarmi

gyz/oglan jigine aydylyar.

gyz/oglan jigine aydylyar. hokman oz jigin dal, dogan oglanyn/gyzyn senden kichi bolsa hem "ballym" diysen bolyar. aydylanda yone "oglan ballym", "gyz ballym".

Baa sheyle gowy goryanmi

Baa sheyle gowy goryanmi...onda seni shol yerlere yollayly::))

ha

samolyotlymy ya poyezdli:)

ay ol bagty chuwen oglanin

ay ol bagty chuwen oglanin oz ishi.. Mashgalasini nadip akitse sheydip akitsin..:)

wilay

wilay bulary men pahyr eyyam ol yerde bir oglany tapyp goyupdyrlar oydyan:)

aaaa sen name

aaaa sen name ugratjak adamy dinleman beylekilen gepine ynanyan:::))) hemme zat tayyn sen nameli gidesin gelyanini aytsan bolyar:::)))

Dashoguz Yomutlary

Dashoguz Yomutlary

Kaka-Dade
Eje-ene
Uly gyz dogan-Ejeke
Kiçi gyz dogan-Jigi
Uly erkek dogan-Aga
Kiçi erkek dogan-ini
Gelneje-Gelneje
Ejen ayal dogany-Dayza
Ejen erkek dogany- Dayy
Kakan ayal dogany-
Kakan erkek dogany-Kaka (Pylan Kaka)
Kakan kakasy-Ata
Kakan ejesi-Ene, Garry Eje,
Ejen kakasy-Baba
Ejen ejesi-Mama
Giyew-Giyew
Guda-Guda
Adamsynyn ejesi (Gelinlere) -Gayynene
Adamsynyn kakasy (Gelinlere) -Gayynata
Adamsynyn agasy-Gayynaga
Adamsynyn erkek jigisi-Yüwürjü
Adamsynyn uly gyz dogany-Gayynekeje
Adamsynyn kiçi gyz dogany-Baldyz
Iki doganyn ayaly-Elti
Iki doganyn ari-Baja

Elbetde ichinda ka sozlere bashgacha ulanyanlar hem bardyr, yone menin bilyanlerim ha sheylerak...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "telpek, agam!"

"Kakan ayal doganyna' näme

"Kakan ayal doganyna' näme diýip tutýañyz? Ejekemi?

"Bibi" diyilyan bolmaly,

"Bibi" diyilyan bolmaly, "Bivi" diyip okalyar...

Gechen yil turklerin 1 kanalynda-da 1 adam "Aslynda biz "hala" diyyanimiz "Bibi" bolmaly, Anadolu'da entagem ulanilyar bu soz, biz son uytgedipdiris" diyipdi, yagny olarda-da bar ekeni bu soz..

Havva

"Kakan ayal doganyna - Ejeke diyyas

Mena 25 yyl

Mena 25 yyl shol topraklarda yashasamam, iki tarapdan birinin shol taraply bolsada bibi diyyan...yone dayzalamdan, we uly yashly gyzlaryndan ejeke diyyanim bar...

Chykan-

Iki ayal doganyn chagalary bir birine - Chykan diyip yuzlenyar.

Yagny dayzamyn chagalary mana chykan bolyar,

Ejeñ gyz

Ejeñ gyz jigilerine/doganlaryna pylan daýza diýilýar. Menem şeýle diýıp tutýan welin, ýöne men özüma soñ öz gyz jigimiñ çagalarynyñda maña pylan daýza diyip tutanlaryndan “ejeke” ýa-da mumkin “bibim” diýenini gowy görýän. Bilemok, daýza diýseler gowydyr..ýöne maña ýüzlenenlerinde bir “pylan ejeke” diyseler has yakyn maña :) sebäbi, bärde nebitdagda nätanyş daýzalara, gelinlere “daýza” diýip yüzlenilýar. Başga welaýatda “gelje” “gelneje” diýilýära ýaşyna garamazdan.. gelneje bizde dine agañ gelni we ş.m.
şu wagtam öz daýzalarymyñ ýa daýylarymyñ kiçi çagalary maña içinde pylan daýza diyip yalnyşyp :) “haýt, ejeke diýiñ diýip” öwredýän :)

Seniň garrasyň gelýän

Seniň garrasyň gelýän däldir:D
Maňa eýýäm näçe sany jigilerim "Daýy" diýýäler. 1-2 günden ata, ýa-da "garry ata" diýmeseler ýagşy:D

sheyle bolmaly :)

sheyle bolmaly :)

Garrygala tarapda daden

Garrygala tarapda daden (kakan) ayal doganlaryna "bibi, bajy" diyilyar, oglan doganlaryna bolsa "dide" diyilyar.

daýza/daýy ogullaryna we

daýza/daýy ogullaryna we gyzlaryna näme diýilýär-ä, haýsy welaýatlygy wajyp däl:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yalnyshmasam "cykan"yn

yalnyshmasam "cykan"yn bolyar, yone biz-a dine adyny tutyas, name diyilyanini bilemok

Dineje dayzalaryn ogullary

Dineje dayzalaryn ogullary chykanyn bolyan bolmaly, Dayi'laryn ogullary "yegen" diyyaler biri-birlerine...

Kim kimin namesi ? Inha iki

Kim kimin namesi ?

Inha iki gony dusunin ! Birinin ayalynyn yasy kici birininki uly .Ikiside basga yerden (obadan)gelin bolup gelipdirler. Kici gonsyn ayaly uly gonsyn ayalyna name diyip yuzlenmeli ? Adyny tutmalymy ? Dayza diymelimi , gelneje diymeli ? Has dogrysy sizin taraplarda name diyyarler ?

****************************************************************************************
Yollara çykardyk nije zenany ,
Yoldn çykardylar ençe merdany ...

Gonshy diyaymese

Gonshy diyaymese.... Bashga name diysin... :)

Yomutlaryn hemmesi.................

Eje----- nane
Kaka----- dade
Jigi-----bally
Uya-----ejeke
Ene-----eje
Ata-----Kaka
Barkileri ozumem bilemok hachanda durmusha chykamda owrenerinda......

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "ba.. diysen üytgeşik hem de gyzykly ekeni..:D"

Yomut oydyan

Yomut oydyan hami?! Ya Dashoguzly ya-da Balkanly bolmaly onda?!

"nane", "bally" diyya,

"nane", "bally" diyya, balkanly bolmaly

nebitdagda.. ba çyndanam

nebitdagda.. ba çyndanam şonun yaly ekeni.. başga da üygteşik sözler bar ekeni meselem yöritmek.. ylgamak .. etek - aşak.. bally.. bally diyse meninem kellame ballyja bir zat gelyadi .. eje-nane.. bir zat diyensonlar şeyle dalmi diymek yerine "iiiii" diyyaler ekeni... inda menem öwrenşipdirin.. bir iki sany yatlamam bar onam yetirerin da ..

sizem indi owrenship "iiiii"

sizem indi owrenship "iiiii" diyip ugradynyzmy? sizi eshitmeli ekenow :)
nebitdagda, gownunize degyan yok dami, "heyt oglan" diyip :P

:)) "heyt oglan" name erbet

:)) "heyt oglan" name erbet zatmy gownune dagy alar yaly? ;-)

:) erbet zat dal. nahili

:) erbet zat dal. nahili tonda aydylanyna bagly. ay shonda-da mena halamok "heyt" diyseler. nebitdagda kop sheyle yuzlenyan.

ay yone, Wepa agamyz dushan daldirle.

Nebitdaglylar bilen araň

Nebitdaglylar bilen araň kän saz däl öýdýän :D
Menä seni Nebitdagly diýip bilýädim?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Yok, name üçin?

Nebitdagly. öran gowy aramyz :)
a ol sözi sypayçylyk bilen aydylysa-da, birhili gödek göryandirin. Dine şon üçin halamok diydim.

kellame bir zat geldi,

kellame bir zat geldi, gyzlaryn koplenc gahary gelya ozlerine lak atylsa, yone oglanlara lak atylsa olara nahili tasir edyarkanay? :)

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • loverman 2 telpek goyyar we yazyar: "''altyn kelle :) ''"

lak atylanda gahary gelmeyan

lak atylanda gahary gelmeyan gyzlarynky yaly tasir edyandirda :)

Gyzyň lak atmagy nähili

Gyzyň lak atmagy nähili bolýaka?
Dogrymy atýsam, bu ýagdaý biziň kellede başga şekilde öýdýän, ýadyma hem salyp bilemok. Belki beýnimiz gyzyň lak atmagyny lak atmak diýip kabul edýän däldir?

Dogrymy aýtsam, lak ataýsalar, derrewjik gyzyň derdine derman tapaýasy gelýän bolaýmasa oglanyň :) Emläp, ýomlap, işi bar bolsa bejerip göýbererdä :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

-gyiw oglan kofe alda -

-gyiw oglan kofe alda - diyip lak atsalar mena halamok:):P
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "mygygygy :D"

ay yo la lak atyan yok..:D

ay yo la lak atyan yok..:D lak atar yaly gyz görmedik biz a ..:D başymdan geçen bir wakany aydyp bereyin.. bir gün bir okuwçy sapaklardan son rugsat almaga geldi.. name sebap bilen diyip soramda " ejem ayryldy we şonun ayaty(sadakasy) bar " diydi.. menem rugsat berdim.. son bir gün bir dayza gelipdir we ogluna rugsat sorapdyr.. olam yene menin yanyma geldi.. oglunyn adyny familiyasyny soradym olam halki oglany adyny aytdy.. başym aylanyp gitdi.. siz onun namesi bolyanyz diysem olam "nanesi" diyip jogap berdi.. yaman erbet boldym.. o nam bolya diysem "ejesi" diydi terbiyeçim.. :D garaz.. şonun yaly waja başdan geçdi.. garaz mamasy aradan çykypdyr.. menem ejesimika diyipdirin.. ruh göryarmikamem ditdim ..:D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: ":)"

:))

ol "ejem ayryldy" diyen bolsa enesini goz onune tutandyr. mamasy daldira :P yone hakyky, kelle garyshmaz yaly dal :)

yene bir gezek mekdebin

yene bir gezek mekdebin waratasyndan girip baryarkam bir gyz bir okuwçyny çagyryp berayin diydi.. adyny klasyny soradym welin çorny ispisekdaki :P bir oglanyn yzyndan gelipdir.. menem gezyanimika diyip "siz namesi bolyanyz?" diydim.. olam "ejekesi" diydi.. ay menem içimden "kakasy only zat dal eke na how oglundan garaşar yaly .." diydim.. emma bolsa nahili gülkünç yagdaya düşenime bu waka her yadyma düşende yylgyryan..:D gülmeli yeri.. men ejesimika diyipdirin.. meger sopystwenniy dogany ekeni..

Wepa senem tire

Wepa senem tire dialektlerine kän belet däl öýdýän :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

azda kande belet welin

azda kande belet welin balkan tarapa birinji gezek geçip göryan.. hemem içinde uzak möhletleyin bolup göraymesen duş gelip boljak zatlar dal :D indi öwrenişdik le ..

Menem 1 yazyp galayyn

Menem 1 yazyp galayyn bilyanjami:)
kaka-dade
eje-eje
gyz jigim-bibi
oglan doganym-aga
dademin dadesi-ava
dademin ejesi-garry eje:)
dademin in uly doganyna-okkon(ullakan;ulusy diymek)dade diyyas:)
dademin erkek dogan-jigilerine-aga
dademin gyz dogan-jigilerine-bibi
ejemin erkek dogan-jigilerine-dayy
ejemin gyz dogan-jigilerine-dayza

Ozbekler:eja-"oiye" diyyaler
apa diyibem gyz doganlaryna diyyaler(ozbek filmlerinden bildim)