Gyrgyzistan'da "okuw"

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam saytdashlar!

May ayinin songlarina golaylaship bashladik. Bir okuw yili sonlanip baryar. Tomus gapida. Bu bolsa bir manida taze okuw yilinin bashlajakdiginin bushlikcisi.. Yagday sheyle bolanson herkim oz balasinin okuwini alada edip bashladi..

Sheyle pursatda menem oz yashayan yurdumin yokary bilim meydancasi barada kelam-agiz gurrun berayeyin diydim.. Sebabi "Corrupted Nesil&Taze Nesil" blogunda-da azda-kande agzap gechishim yali aldawciliklar kop bolyar KG okuwlari barada..

Gitdik onda..:)

Dashari yurtlarin arasinda Turkmen rayatinin yokari okuw ucin ing kop gelyan yeri megerem Gyrgyzistan bolsa gerek.. Bu yerde umuman alangda (resmi dal caklamalara gora) 3000 towerek turkmen talibi "bilim" alyar.

(Bilim sozuni bilgeshleyin gosha dirnak icinde yazdim)

Turkmenistanin oz ichindaki okuwlarin bahasi gecen yil mese-malim galanson; hem dashary yurt bolani ucin, hemem TM'de tolenjek bahadan arzan bolani uchin, hemem TM'daki yali birden dal-de, az-azdan cikdaji edilyandigi ucin halkimiz bu yere akip bashladi.. Gecen yil mekdep ucurimi bolmadik hem bolsa caklamalara gora (zaocniy+ocniy) 1500 towerek talip Gyrgyz(KG) uniwerlerine resminama tabshirdi.. Indi bu yil bolsa name ucindir gecen yilkidanam has kop talibin bu yere gelmegine garashilyar.

Telpekler (5 kisiden 11 sany)

Bu yazgi ucin

  • aslymarly 3 telpek goyyar we yazyar: "gaty gowy maglymatlar, türk mekdepde okayn oglajyklardan hiç yere gidip bilmedikler gyzkyklanyar bu maglumt bilen yerlikli referans boldy olar üçin hem!!"
  • Bayram 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Ähli telpegim seňki, ýöne seriala dowam etmäň :))"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "gyzykly "

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

1. Umumi manida barde okuw

1. Umumi manida barde okuw nahili?

KG'da okuw 0 diysegem boljak. Hatda bu barada ors kanallarinin birinde dokumental film hem gorkezilipdi yani yakinda. Ol kanal TM'daki kabelni'larda tutyan ekeni.. Eden-etdilik kan. Mugallimlarin ayliklari pes bolanson sapaklardan gecyan taliplar ka yerlerde halanmayar. Sebabi sapakdan yikilsa mugallim seni geciryar pilanca pula. Ozem gymmadam dal. 30-40$'a butin somesterin sapaklarini yapip bolyar. Bu elbetde shaherine gora, uniwer.ine gora uytgeyar. Sheyle ujypsyz pula sapak gecilyandigini bilen turkmenler bolsa okuwa gitmeyarler. Ay gidayenlerinde-de okadilyan zat kan yok. Taliplarin aljak zadi yok kop yerde. Shol sebapli pul kinciligi bolmadiklar okuwa gitman enteship, kafelerde barlarda geziship diskotekalarda aylaniship yorendirler. Pul kinciligi bolanlar bolsa, onda-munda ishlap pul gazanjak bolyarlar sapaklari yapip yashamak ucinem goshant bolsun umidi bilen..

Quote: 30-40$'a butin

Quote:

30-40$'a butin somesterin sapaklarini yapip bolyar.

Ohooo...Biza barde 2 sanja sapakdan "Gechermikam, gechmezmikam" diyip, titreship okap yorus, olar butin semestr'in sapaklaryny yapdyryalar...No comment diydiryan ekeni.

2. Gowja ylym beryan Yokary

2. Gowja ylym beryan Yokary Okuw Jayi (YOJ) hic yokmi?

Elbetde bar. Umuman alangda 100 towerek YOJ bolan KG'da onat bilim beryanleri hokman bolaymali. Bulari sheyle agzap gecse boljak..

1. AUCA (Amerikan Uniwer)
2. MANAS (TC uniwer)
3. Ataturk Alatoo (gyrgyz-turk uniwer)
4. Slawyanski
5. OSGU (Osh Dowlet Uniweri)

Yene 1-2 sani cikmagi mumkin gyssasan welin men dinge shulari yazip onaydim..

Amerikan uniwerine giris dinge TM'daki sinaglar netijesinde bolyar. Amerikan centre'larda edilen sinaglar esasinda alinyar. Yillik okuw tolegi yok. Ozem 160-180$ taliphaki hem beryar. Okuw tarapina ing berk uniwer hem diyse boljak. Okuwi 4 yillik. Barybir dil problemasi bolanlar alinmayar, shong ucinem tayyarlik yili diyen yali zat yok. Pul bilen sapak gecmek diylen zat duybunden yok. Munun dashindan kommerceski hyzmaty hem bar isleyanler ucin.. Gecen okuw yilinda 2000$ tolegi bardi yillik. Stipendiya-da elbetde yok bu kommerceskide okayanlara.

Manas uniweri hem berk uniwer. Pula sapak gecmek yok. Sonki dowur barmishin diyenler bolanam bolsa men-a ynanamok. Okuw tolegi yok edil AUCA yali. Yone taliphaki berenok. Edil TC uniwer sistemasi bar bu yerde. Okuw jaylarina girsen derre TR howasi gelip bashlayan yali. Okuwi gowy hem-de berk. Bir yillik dil ucin tayyarlik, ondan sonam 4 yil. Giris kinrak tm'ler ucin. Indiki okuw yilindan bashlap OSYM'nin saylan taliplarini aljaklar. Olaram TCS sinagina gora alaymasalar diyip caklayan men-a. Indiki yil 4 adam almakcimisin. Yone ek kontenjanlarina barip gormeli sentyabr towerekleri..
Mundan bashga TC diplomlilar uchin magistr okamak kyn dal. Hatda sinagsiz kabul edayyan yagdaylari hem bolyar "ozel ogrenci" kategoriyasi bilen..

Bularin dashindan

Bularin dashindan Slawyanski'de pula sapak gecmek bar yone gaty gymmat diyip bilyan. Yone shonda-da gaty owulyar bu slawyanski.. Yone yillik okuw tolegi 1500$ towerek, bolume gora uytgeyar..

Ataturk Alatoo hem edil ilkinji 2 uniwer yali berk uniwer. Pula sapak gecmek yok. Taliphaki yok diyen yali yone. Okuw tolegi 1300$ towerek. Yone bu okuw toleginin bir gowi tarapi bar; her yil kopelmeyar. Birinji yil 1300'e kontrak baglashsan, 5 yilin sonuna chenli shol pula okadyarlar. A beyleki kabir uniwerler bolsa her yil kopeldyarler kontrakti. Birinji yil 400 tolap, ikinji yilinda eyyam 600 tolemeli edilen kop yerler bar. Inflaciya diyyarler ey diyyarler bey diyyarler garaz yilsayin kopeldyarler. Bu uniwer bolsa shol dursuna saklayar kontrakt puluni..

Okuw KG uniwerleri yali 5 yillik. Yone birinji yil dinge dil owredilyar. Dil bilman gelsengem bolyar. Dil sinagindan gecip 2nji kursdan bashlayanlari kan gormedim yone bolmagi ahmal. Birem 5 yillik okuwin sonunda iki diplom berilyar; biri uniwer diplomi, beyleki magistr diplomi.. Yagni bu uniweri gutarip akademiki karyera bashlajak bolsang, gonumel doktoranturadan bashlaymali..

Mundan bashga Alatoo'da herhili skidka shertleri bar. Birinji dil yilindan son esasi bolume bashlanyan 2mji kursdan bashlap, her somestr sonunda bahalar boyunca tutush bolumde ilkinji 15%'e girenlerin okuw puly alinmayar, yagni sho somestri mugt okayar. Eger ilkinji 30%'a girse 50% skidka bar okuw pulunda.. Pul kinciligi bolanlar uchin oran gowy yagday..

Onun dashindan okuw jaylari, shertleri tarapindan alsan Manas, AUCA we Alatoo ucusinin arasinda Manas birinji, Alatoo ikinji yerde duryandir. AUCA'nin dinge adi bar we mugallimlari gowi. Jaylari we beyleki zatlari oncakli gowi dal..

Alatoo uniwerinin 2008-2009

Alatoo uniwerinin 2008-2009 okuw yili ucin turkmen rayatlarina niyetlenen kontrakt nirhlari belli boldy.. Shol gorkezma gora:

- Gyrgyz dili we edebiyati - 850$
- Turkoloji - 850$
- Tercumanlik - 1000$
- Ingiliz dili edebiyati - 1000$
- Bilgisayar muhendisligi - 1200$
- Endustriyel elektronik - 1000$
- Uygulamali matematik - 850$
- Isletme - 1200$
- Finans ve bankacilik - 1200$
- Iktisat - 1200$
- Uluslararasi iliskiler - 1200$

Bu yazgyndana Turkmenlere

Bu yazgyndana Turkmenlere dalde, Turk rayatlary uchin belli bolan yaly :))

3. Name ucin okamakci? Bu

3. Name ucin okamakci?

Bu yere okuwa salmak ucin mana-da eyyamden jang edyanler kopelip bashladi. Uniwer.ler barada menden info sorayarlar garaz. Menin ilkinji sorayan zadim shu: Hakikatdanam shuna gowja uns bermeli. Okuwa gelyanler, okamakci bolyanlar yzarlap her zat edip yokarda agzalan uniwerlere giryarler, ilki gelende bashga uniwere gelenem bolsa sholara gecirtyarler okuwlarini. Yone ginansagam bu yere gelyanlerin arasinda "diplom bolsa bolya" diyyanleri gaty kan. Yagday sheyle bolanson turkmenlerin abrayini gaciryan hereketler gaty kan bolyar bu yerde.. Diplom bolsa bolya diyyanlerin anginin acilmagina garashmak gaty kop wagt alar. Olar ya pully bolyarlar, ya gowja yerlerde dayilary bar'lar bolyar, ya-da okuwa doly dushunmeyan oba oglan-gyzlary bolyar.. Songki kategoriyadakilara hemme zady dushundirmek gaty ansat bolyar welin beylekilerin bu zatlara dushunmek islejekleri gumana bolaymasa..

4. Berk dal uniwer.lerde

4. Berk dal uniwer.lerde okasalaram okuwa berk yapishanlar hic yokmi?

Bar. Okuwa formalnost ucin gidip, belkam hic gitman okuwdan dashari kitaplar okap birzatlar okamaga dirjashyanlaram gabat geldi manga Hudaya shukur. Ol kursdan bu kursa ilgap yorler tuweleme..

Garaz "ylmyng ysyny alanlar" bu yerde-de bar. Bu yagdayin doremeginde uniwerin tasiri uly bolsa-da yeke-tak yol daldigini sholar subut etdi manga..

5. Yashayish ucin nacerak

5. Yashayish ucin nacerak cikdayjini hasaba urmali bolar?

Bishkek uchin ortaca 150-170$.. Osh ucin 100$ towerek..

6. Attestat problemasi

6. Attestat problemasi barmi?

Bar. Bizin 9 yillik attestatlarimiz bilen bu yerde yokari okuw jayina girmek mumkin dal indi. Bulara liseylere girmegi mejbury edyarler we 1 yil okadyarlar. KG attestati alansonlar yokari okuw jayina tabshirdyarlar.

10 yillik attestati bolanlar, hichili alada edip oturmasinlar, goni gelibersinler..

Hormatly saytdashlar!

Hormatly saytdashlar!

Gyrgyza okuwa gelmek isleyan tanyshlariniz, dost-yarlaringiz, dogan-garyndashlariniz bar bolsa hokman habarlasalin! Kabir yeniyoluklar arkali oz yakinlarimizin aldanip kosenmeklerinin onuni alalin! Bu yerde gecen okuw yilinda sheyle wakalar gordum welin indiki yilam sheyle bolsa mena cidap bilmezmikam diyyan!

Mana telefon edyanler bolyardi: "Pylan diyip biri, pilan shaherdaki pilan uniwere, pilanca pula salayin diyyar. Name edeyin?" diyip. Men pikirlenip, ideshdirip, sorashdirip ya "hawa salaysin", ya-da "yok, ol adamdan dashrak durun, ine shuna jan edin" diyip bashga ynamdar birinin telefonuni beryardim.. Sheyle yagdaylar, habarlashmalar bolsa men elimden gelen komegi etmage tayyar..
Halkimizin aldanmagina rugsat bermalin!!!

7. Meni nadip aldap

7. Meni nadip aldap bilerler??

Munun herhili wariantlari bar. Uniwerlerin kabul edish tolegleri bolyar. Meselem X uniwer kabul edish uchin 200$ alyar diyeli. Sizi okuwa saljak adam sizden 1000$ talap edip biler salip bereyin diyip.

Aydali pilanca nirh aydildi size.. Soramali zatlar shu:
1. Icinde okuwa kabul edish puly barmi?
2. Wiza puli barmi?
3. Aydan okuwina hokman saljakmishinmi? Salip bilman bashga yerlere salsa shol pulun nace %'sini yzyna berer??

Onsonam saljak okuwina seretmeli.. Biderek okuwa pilanca $$ berip girenine-de degmeyar..

Meselem gecen yil aldananlar sheyle bolupdi: puluni alyar moshennik we ne kabul edish puluni toleyar, ne wizasini alip beryar, ne-de bashga zatlarini edip beryar. Mun dolar we dinge resminamalarini alip uniwere tashlap gaydani uchin.. Galan cikdayjilarini taliplarin ozleri chekyarler..

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "dogry aydyan"

Şunça wagt gidirip,

Şunça wagt gidirip, mazmunyny ýazanyň üçin telpekler ýokarda :)
Biziň studentlerimiz keýpi-sapadamy ol ýerde? 3000 türkmen? Baýbaaa...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

corrupted nesil yasayan

corrupted nesil yasayan inkubator KG ..:)

Med Akademya...

Siz özüniz nirede okayanyz we name ugurdan Gadyr aga, Med. Akademya bolmaly bişkekde şonun yagdayindan habar bersenizlan!
Hazirden sagbolun!

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Meng ozum okamok edil hazir

Meng ozum okamok edil hazir yone ishleyan.. Ozum TR'de Izmir'de Ege'de okadim we 2005'de dyndym..

Bishkekdaki Med akademiya gecen yil turkmen almadi. Yone bu yil alar diyip umit edyan.. Medicina KG.nin ing berk we osen ugury, yokari okuw babatda.. Yone edil hazir indiki okuw yili barada name boljagi belli dal.. Belli bolanda habarlasaymasak..

hmmm

yalnysh hem bolup biler, yone shol yerin Medisinasyny gutaryp gelenler barde kan bir ekzaminden gecip bilmandirler, gowy owredilenok diyyaler medisina uguryndan,
bashga okuwymam okuw welin yone medisinanany 30-40$ berip yapdyryp gelenlere nahili janyny ynam edip boljagay

medicinani yapdirmak 30-40$

medicinani yapdirmak 30-40$ dal.. Ol birneme gimmadrak..:)

hmm

ay yone bardakilere hem janyny ynam edip bolmaz welin, yone onda-da azda kanda okayalarda

janyny ynam edip-etmez yaly

janyny ynam edip-etmez yaly olar gaty üytgeşik kyn operasiyalary edenoklar-a..
ing köp edyan zatlary, köriçeg operasiyasy.
şol döwülen ayaklara gips we yyrtylan yerleri tikyarler boldy.
_________________________________________
Özüni asjak bolanda, yüpi üzülen oglanjak...

hmm

yalnsyhyan bolayma, name ucin bizde-de az operasiya edilenok, in barkisi ankologiya baryp goraymali, her tuysli operasiyalar bolyar

bizdaki operasyalary

bizdaki operasyalary wraçlar gözlerini yumubam edyarler. sebabi ol operasyalar gaty bir kyn dal. sonam wraçlar öwrenişip gidipdirlerol op.lara. sebabi bir hirurgyn edyani 4-5 op. köriçege, gryzhalar, öt halta almak(!),bagyrgurt almak...yöne bularam 80nji yillaryn usullary bn edilyar. ondan bari nace technique (usul) çykdy. a biz bolsa olardan bihabar özümizi in güyçli hirurglar hasaplap yörüs...yagday tragy-comic

hmmm

Goz kesellerin operasiyasy Moskwadan (2-nji yerde biz) sonky yerde duryar SNG icinde, taze acylan hassahanalarda bolsa kabir yurtlarda yok gurallar bilen upjin edilen, 80 yyllarda bardymy shu wagtky yaly Ene mahrinde gecirilyan emeli caga, uytgeshik operasiyalar gecirilip bashlanar bizde-de

ay goy how...moskwadan son

ay goy how...moskwadan son diyyanmi?sng diyme sen. sng-de sistema gutaran.elbetde moskwada göz keselleri gowy.penzaly fyodorof bar olarda. pahyr yogaldy.yöne indi moskwada-da ylmy ösüç durdy. 92-93den bari döwlet ylmy işlere kan pul serişdesi goyberenok.asyl işi şu wagt amerika alyp baryar.yokary hilli gurallar alnandyr epesli pul erilip (bir MRI baryp 5-6 mln dollar) yöne ony işledip bilyan yoga (bir yerde kesele CT'de (computerized tomography) has köp (over dose) radioaktiv madda berip öldürayipdirler keseli, belki eşidensin).özünem oylanyp gör sonky yillarda daşary yutda medisina ugrundan yokary bilim alyp gelen barmy? yok. bar 1-2. olaram rosiyyadan. rosiyyanyn özünde modern medisina gurallary doly dereje ulanylşyga girizilenok. hatda geçen aylarda newsweek jurnaly ors hirurglar bn izdiwatsa edip yazypdy.mysal,bizde men diyen hirurglaram galkan ekilli mazin operasiasyny edip bilenoklar.edip bilyanlerem operasyadan son keselin %100 sesi çykmayar (bu garantia). yöne daşary yurtda şeyle operasia etsen yagny operasiadan son keselin sesi çykmasa bu hirurgy praktiki taydan yetersiz göryarler. ya-da indi daşary yurtlarda (ösen döwletlerde elbetde) açyk operasialar edilenok. bir deşikden kamera bn girip mikroskobik usul bn laparaskobik operasia edilyar.menem geçen yaz bir hirurga (myrat aga) laparaskopik bn edilyarmi diysem. ''ol name?'' diydi. men-a birhili boldum dogrym.bir tanyşymym öt haltasyny aldylar.garny ullakan edib-a kesipdirler, sonam krokodil dişlan yaly dip dikipdirler.men-a dogrym bu tikinler sepleşmez, garyn yene açylyp gider diyip gordum.(yöne hiç zadam bolmady. gowulaşyp gitdi. ya türkmenin organizmi gaty güyçlimi :) garaz şular yaly mysal köp. yöne bu zatlary dineje özümizi tankyt üçin yzdym.bizler super-muper diyip yörmegin peydasy yok. kemçiligimizi gowy bilmel we ony düzeltjek bolmaly watan hemmamizinki.hormat bn aman

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

...

Medman sana sorag?! operasyang yzyny giderip bolyamy, yurekden bolan operasyankyny?!

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

birinjidenş operasia bagly.

birinjidenş operasia bagly. köpüsi femoral arteriadan girilip edilyar. esidensin belki sonky wagtlar ''umbrella'' operasia hili diyip.
ka wagtlar dös kapasasyny açmaly bolyar. onda-da edil dösün üstünden (sternumyn edil ortasyndan) erre bn kesip, sonam steel simler bn berkidyarler. belli bir wagtdan son simler ayrylyar. elbette operasia yzy çalaja galyar. yöne erkeklerde-ha dös tüyleri yapyar, gizleyar. yöne ayyallarda welin kan gizlap bolanok. yöne plastiki hirurglar ökde bildirman dikin atmaga. alara deri tikincileri diysegem boljak :)

sagj bola...

men şo ayal gyzynkyny diyjek boldum, olarda kawagt psigologiki rahatsyzlygam chykarya, sebabi köplenç tm'de mal soyan yali soyyalarda! karoçe bolan operasyang yzyny giderip bolonok, şeylemi aman aga!?

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

gaty problema bolar öydemok

gaty problema bolar öydemok eger operasia gowy edilen bolsa. mysal üçin indi köp operasialar multi-disiplinli edilyar. köp ugurlardan wraçlar gatnaşyar. mysal üçin göwüs ragynyn operasiasyny aslynda obşiy hirurglar edyar, yöne ona plastik hirurglaram gatnaşyar. sebabi bular yzyny gaty gowy edip tikyaler. sonam kesel eger ayal bolsa (göwüs ragy erkeklerde hem bolup bilyar) onda hasam üns beryaler. sebabi kosmetiki görnüş olar üçin has zerur. bu adaty yagday. sebabi ayallaryn maşgala durmuşy bar.ar-ayal gatnaşyklary bar (bu zatlar hemişe göz önünde tutulyar) sonam erkegem düşünaymeli-de ( has wank bolaymasa :)

Medicina berk diydigim:

Medicina berk diydigim: wagtynda oran uly investment edipdirler.. Hassahanalary, okuw jaylari enceme meydana pitrap yatir.. Beyle uly okuw jaylari bolan YOJ yok KG'da.. Beyin operaciayalindan kim bilya bashga nahili kyn operaciyalar edyarler.. Nazaraliyev diyip bir doktor bar meselem, neshebent adamlari gipnoz arkali bejeryan hususy klinikasy hem bar..

Sowt dowrunde Orta aziya yurtlarinin arasinda medicina ugrundan KG'dan kop investment edilen bashga yurt/shaher yok bolaymasa..

Yone edil hazir guycli doktorlar baram bolsa, okuwyny azajik unsden dushurdiler diyip bilyan, yone yalnishyan bolmagim hem ahmal..

gadyr aga sagbolung

gadyr aga sagbolung aydayanyngyz uchin
yone men bilyadim okuwa gityan kandi yone beyle zatlar badyr oydup pikirem edemok mengem kop tanyshlarym gitdi gyrgystana kakam gownemedi gitjek boldum name uchin diyemde kakam edil siz yaly gurring beripdi o tayda kan okatmayalar yone aldayanlar kan diyip yone kan ynanmayadym gowy okadylyarmyka oytyadim
yone siz shu wagt aytyangyz welin agzym achyldy

__________________________________________
yagshylyga yagshylyk her kishinging ishidir
yamanlyga yagshylyk ar kishining ishidir

shu durmushda adam ynsanyng gownune degmekden alla saklasyn

Selbishka, kakang aydyanlari

Selbishka, kakang aydyanlari gaty dogri.. Bu barada shek shubhe yok.. Yone aldamayanlaram bar, olar bilen gurleshsen hic hili problema cikmaz..

Okuwa girrmek barada sana alatoo uniwerini maslahat beryan.. Berk uniwerlerin arasinda in elyeteri shol.. Ozun yaltjak 5-6 sani gyzymyzam okap yor ol yerde.. Indiki yil olar eyyam 2nji kurs bolarlar..:)

milkajik wrote: Goz

milkajik wrote:

Goz kesellerin operasiyasy Moskwadan (2-nji yerde biz) sonky yerde duryar SNG icinde

Goshulamok..

Turkmen telekanallarindaki aydilan zatlarin tasirinde galanin bildiryar milka! Gerekli jogabi "DR medman" beripdir welin men yene birzat nigtap gecayeyin.. Sebabi shol goz ugrundan birneme ejir cekenligim uchin bilyan ka zatlari..

Lazer bilen goz operaciasi TM'de her goz uchin ayratin edyarler. We ilki bir goze edyarler, goz saralgi 1 hepde yatmali.. Onson ikinji goze edyarler operaciyani.. Ondan songam 3-4 gun yatip onson chikaryarlar Ashgabatdaki Goz keselleri keselhanasinda.. Ondan bashga yerde edenoklaram lazer bejergisini.. TR'de bu nahilidir oytyaniz?? Her goze 15 min dowam edyar.. Operaciya yarim sagatda dinyar.. 1 aylap gunde 3 wagtina damdirmali derman yazip beryarler, boldy! Songam penjegingi alip chikip gidibermeli..:)

hmmm

shola hakyky biz ikinji yerde duryan ekenimiz shu wagta biljek dal yone, has gowy edilyan eken bashgalara garanda, yone indi biljek dal diyya (gapdalymda kanditat med nauk otyr) shonyn aydanlaryndan aydyan menem,
ondanam shu wagt bizde-de Niyazowskiy bolnisada-da Tureskiy gospital hem kasmeticeshkiy operasiya edilip dur, krakadil yaly kesilen kabir wraclaryn gunasi bilen edilendir, yone operasiya edilen yerini bildirmeyanlerem bar,
ondanam wraca hem bagly bolup duryar bu zatlar dowlete dal dineje,

Kandidat dal, prof'am bolsa

Kandidat dal, prof'am bolsa yalan shola..:)

Bizde medicina osen dal, isle dowlede isle doktora bagli bolsun.. Elimde ygtybarli cesme yok welin, yone caklamalara gora dunyadaki ortaca medicina derejesindenem pesrak bolaymasa bizde..

orta aziada yekeje

orta aziada yekeje bolnitsada ORGAN, DOKUMA, ÖYJÜK TRANSPLANTASİASY edilenok. muna name diymeli. daşary yurtlarda illegal organ satyşlary yaly zatlar eşidyansiniz. sular yaly zatlar orta aziyada eşidyanizmi? esidenzok? sebabi organ hiç kime gerek dal.gecen yil bir habarda kazakistanda sünk yiligi transplanty edilipdi, olam prosoy usul bn. plazmoferez maşinkasy bn (gan alan yaly zat). tm gözde önde bolyan bolsa kornea transplanty etsin. bu in ansat transplant usuly. mysal ucin bir uniw. bolnitsasynda dine gecen yilda 168 böbrek transplanty bolupdyr (turkiiyada). bu gaty uly san.

krokodil yaly operasia eden

krokodil yaly operasia eden çarjewin men diyen hirurgy. moskwany gutaranmysh. zordan ochered yetdi-ow.

Quote: bir deşikden kamera

Quote:

bir deşikden kamera bn girip mikroskobik usul bn laparaskobik operasia edilyar.menem geçen yaz bir hirurga (myrat aga) laparaskopik bn edilyarmi diysem. ''ol name?'' diydi. men-a birhili boldum dogrym.

shu operasiya bizde edilyan eken Niyazowskiy bolnisada buda hirurg Myrat namayew familyasy yadyma dushenok,
Gadyr senem sorap goray bashgalardan glaznoy inst bizde gaty okde bolan,

hawa Karanow adyndaky şol

hawa Karanow adyndaky şol hassahana hakykatdan hem Sssr tutyş sayuzyng merkezi göz hassahanasy eken yöne ol yerde ol wagtlar işlan professorlar özlerini durmuşa göra tazelemeyan bolsa hiç kime peydasy yokda, taryhyng bilen öwünmeli bolsa birhilirak bolarlay, profyng ogly prof bolanoga, hatda yetmiş baş yaşan akly huşundan uçan profdan hem ile komek gelenokda:)

salam Gadyr aga! KG okuwdan

salam Gadyr aga! KG okuwdan kowulmak meselesi naili? shony bilip bolmazmyka...yokarda yazylan bolyp biler kop okamadyn chynymy aytsam...kyn gormesen yazsana yene. haysy YOJ lardan in kop okuwchylar kowulya? turkmenlerden kowulyan kanmi? sorayanymy sebabi: ukrainada kabir univerda voopshe seni kowmalayar...gatna-gatnama pulyny tolesen bolly. (private univerlar) a kabiri bar pul toleyanine seredenok, okuwyny bilmesen "pashol von" diyyayya goni...(seryozny univerlar)

Shol yokarda agzap gechen

Shol yokarda agzap gechen guycli/berk uniwerlerin ahlisi kowyar okuwcini.. Yone podpol'ni uniwerlere kontrakt tolesen bolani.. Olaryn zat bilen ishi yok..

Cuyski diyip bir "uniwer" bar! Arada bir-iki oglani shol yerik yazdiripdik. Inlis dili bolumine. Spisokda 60 towerek talyp gorunyar.. Shol oglanlar 1 ay gatnap shol oz klaslarini tapyp bilmediler.. Ing sonunda uniwer ishgarlerin ozleri gulumjirap hakikady aydyarlar.. "Beyle klas dinge kagyz yuzunde bar"..:)

Dost göwnümemi ýa sen

Dost göwnümemi ýa sen indi türkmençe oňat gürläp bilmän iňlisçe garýaňmy?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

:)

yazsam bolar welin bu köplerin ünsini çekmez-de. bu yerde köplenç söygi-möygi yaly temalar rowaçda.men yene-de yazaryn. milleti maglumatlandyrmak üçin.

elbetde bular bir

elbetde bular bir auto-tankyt. bizde-de bar gaty gowy wraçlar. mysal uçin abzalsyz-guralsyz köp zady bilip oturanlar bar. daşary yurtlarda şon bilyan zatlaryny 200-205 usd bn bilip bolyar. sebabi olar dine radiologiki usullar ulanyalar (mysal ucin garaguşkakyn üçin MRI 230 usd). bulam yurt ekonomikasyna zyyan diymek. yöne beyle wraçlaram gaty gaty az (gyzyl kitaba girdi). sonam wraç dieninin adamçylygy hem onat bolmaly. özünde hiç hili şüphe galmaly dal-de, wrajyn elinden gelenini etjekdigini öz yüregimizde duymaly...

Quote: ORGAN, DOKUMA,

Quote:

ORGAN, DOKUMA, ÖYJÜK TRANSPLANTASİASY edilenok.

bilyan menin diyyanim caganyn diyjek zadydyr yone owal bir sapar sheyle gybat yayrapdy, Ashgabatda bolan waka, 2 caga bez sledsiz yitdi, son bir aydan son shol cagalary yolda tapyalar barlagdan gecirilenden son her caganyn bir bowregi yok diyyar, sholayn bir bowregini alyp bashga birini goyupdyrlar diyip gybar yayrady, onson bizde hem shonun yaly bolsa gowam dal bizde hem tapylar ogyrlap organ satmaklyk:)

Quote:

Nazaraliyev diyip bir doktor bar meselem, neshebent adamlari gipnoz arkali bejeryan hususy klinikasy hem bar.. .

shol klinikada bizde bolmasa gowy Hol Syrlar dunyasindaki Tek Turkiyani goryanizmi ol gyz pahyry gipnoz edip nahili terorist edip cykaryalar, edil shonun yaly edip adamlary ulanyp durarlar, gipnoz edip kellelerini:)

PS men medik daldirin:)

wah yaman gowy gyzdy-da şol

wah yaman gowy gyzdy-da şol Berfin..
terorist eşiklerini geyende yaman owadan bolyar. :)

_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

Name song pahyr

Name song pahyr bolyarmi??

PS: Ilkinji 4-5 seriyasini gorupdim, song yatdan cikip gitdi..

yok, bir "esger" ony

yok, bir "esger" ony horlayar..
we ol hem, "intihar bombacısı" bolyar..
hazir-a ölenok..
şeylede ing gowy göryan artistim "Şiwan" , yagny teroristin biri, Berfin hem gowy, 2sinin duşuşmagyny isleyan. :)
_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

ay

ay goysanay shol haywany duynki seriasynda zat bay yigrendimay, wi onsanam kezmanam owadanja gyza hasiyetini gowy goryan men:)))

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hajyjan 1 telpek goyyar we yazyar: "Kezman uchin:D"

wii shol gepci yercceken

wii shol gepci yercceken mi?:) Bay yigrenji hasiyedi barey onun!:) Huday yone saklawersineeeeyyyy..:)

bya beyle bolup çykdynow

bya beyle bolup çykdynow :D
Şiwanyn gepleyşi original..özem hakyky erkek.. ol doktor Tarygy bir ursa öldürer welin, edenok-da..
* kezman dal, kezban :) (kezman fenerbahçeli futbolist)
_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

yoklay

yoklay gepleyishde Cabanyn gepleyshi gowyy:)
namay ondanam dine menin yalnyshymy taypy dursynyz gozini yumayynda:)
hazir bardakiler bu GR hakynda kop maglumat toplanypdyr diyerler:)

sen ol serilay nirden

sen ol serilay nirden görüp yörsün??
anyrda türk kanaly sredilyarmi? seredilse hem ayratyn STV'ni seredişini diysene, yada sen türk uniwrsitedde zatda okadynmy??
baglanyşyk nirden? :)
_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

bashga

"bashga blok acmaklyga yaltanyan, shu yerde sorayjaklay bir cemce ganymy geczeniz, Jenap Che duyn ol serial gutardymay dushunmedimay in sonyna sezon finaly diydi sonam bir hili bolup gutardy dushuniksiz ya yzy bar diydimi

milka sezon finaly bolanda

milka sezon finaly bolanda dowamy bar diymek bolya.. yagny sentabrda taze sezon bn dowamyny berip bashlarlar.. shu wagt konyada howa yaman yssy, kino oynamaga yagdaylary yokdyr :)))

ay

ay beytmeli dalde:) resizoryny gorsen gulagyndan bir cekip gal menin adymdan:) sentyabyra cenmli yatdan cykar gider manysy galmaz:(

milayim wrote: Hol Syrlar

milayim wrote:

Hol Syrlar dunyasindaki Tek Turkiyani goryanizmi

:)

ha ha

howa name shol hakyky bolup gecen zada

"Syrlar Dunyasi" ayri

"Syrlar Dunyasi" ayri serial, "Tek Turkiye" ayri serial..:)

Hay milkang bar bol-a..:)

wi

wi wiiiiii hol kanalyn adyna samanyolyda ay men pahyr ona syrlar dunyasi diyip goyberyan:)

hmm..:) Sen zor-la

hmm..:) Sen zor-la tuweleme..:)

gadya aga tmde turkler

gadya aga tmde turkler tarapyndan gorkeziyan hemme zada syrlar dunyasi diyilyar how:D
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

gyzyklanyanlar üçin

gyzyklanyanlar üçin .americancouncilstm.org/tasp

hmm

salam gadya dayi.soragym bar.osh saherinde nahili univerler bar bir gysgajyk maglumat berseniz.bir dostum okamaga barya veli sorayin diydim :P

Hawa, onsoň, Gyrgyzda bilim

Hawa, onsoň, Gyrgyzda bilim sistemasynda özgerişler, ösüşler barmy, Gadyr aga?!

Gazaklaryň "bolaşak" programmasy ýaly zatlar edilýärmi ol ýerde TJS-niň daşynda ýa ýokmy?!

PS: US üçin bolashak application hem gowja ekeni :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

edil beyle zat barmi

edil beyle zat barmi biljekdal! Kan gyzyklanip gormedim..

Türklerde MEB prg bar ekeni

Türklerde MEB prg bar ekeni Gazaklaryňky ýaly. Tm we Gyrgyzlar entäk başarmaýmasalar bu işi TJS-niň daşynda. Malaýa-da ýylda 10 talybymyz iberilýär welin, olam ýok diýiljek ýagdaýda az-da!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"