Şükür!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam tmolympiad'yn agzalary we myhmanlary!

Şu hekaýajygy meniñ iñ gowy görýän joram gürrüñ berdi..jorama hem bu adamlary hakyky durmuşda görüp tanaýan adamyñ gürrüñ beren hekaýasy..men düynki gün ondan gaty görüpdim. Düşünşdim soñ. Sagbolsun, maña görä sabyrly we giñ adam bolany üçin..
Maña, bize şu halymyza Alla şükür etmäge yene bir mysal bolup biljek hekaýa.

“Iki garryja el bilen hereketler bilen bir zatlar bir birlerine düşündirip barýan ekenler...
Olar lal eken…Huday olara geplemek we bir birlerine oz duýgularyny söz bilen saz bilen düşündirmek bagty bermändir.
Şoña da şükür…eller bar, gözler görýär…”Düşünşip bilýäris biz” diýen manyda elleriniñ hereketi bilen görkezdiler…
Olar şonda- da özlerini bagtly saýýarlar…we Hudaý olara şükür edenleri üçin, sabyr kanagat görkezenleri üçin, bir-birlerini kyn günlerde ýalnyz goýmadyklary üçin has uly bagt berdi..
ÇAGA, Perzent bagty… Geplap bilýän aglap bilyan, begenip bilýän we pikirlerini düşündirip bilýän çaga iberdi…"
Allahym, sana şükürler bolsun! Men geplap bilýän, dilim bar, elim bar, aklym bar, eý görýän yakynlarym we dostlarym bar…

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Renaissance 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Adam dine kyn gününde

Adam dine kyn gününde bilýär şat gününiñ gadryny, syrkawlanda bilýär saglygynyñ gadryny, işsiz oturanda bilyär işiniñ gadryny, ene atasyz galanda bilýär olaryñ gadryny..garaz köpdä şülara meñzeş sanaberseñ..ýöne näme üçin ýok wagty gadryny bilmeli? Barlygyñ özem saña gadyr bilmek üçin berilmeýärmi ? biziñ ähli eýe bolan nesibämiz, rysgymyz, san saglygymyz, durmuşymyz bize bar wagty gadyr bilýänlerden bolup bilmek üçin berilýandir. Ýok wagty her kimem biler öýdýan. Kellamde şu wagt şeyle pikirler bardy..

Hmmm,bagyshla welin men-a

Hmmm,bagyshla welin men-a hekayan manysyna dushunmedim.Chykaryan netijelerin gowy welin,hekaya bilen baglanyshygy yok.

hekayan manysy her kim

hekayan manysy her kim ozunde bar bolan zatlaryna shukur edip begenip bilmek barada...

Sho manyny hekayadan nadip

Sho manyny hekayadan nadip chykardyn?

bu doly hekaya dal

bu doly hekaya dal öytyan,mazmuny bolaymasa...ilki özi dinlap halandyr sonam öz pikirlerini yazandyr...
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Hatice doganymyz gowy zady

Hatice doganymyz gowy zady bygtapdyr barde, şonun özem sagbolsun üçin yeterlik. Hakykatdanam kabirlerinin aydyşy yaly roman yazmaly bolsa adamzat taryhy barada "Adam aldandy" diyse boljak. Sebabi adamyn in unudyan zady şükür. Sebabi onun bu dünyadaki baş wezipesi ŞÜKÜR. Kime? İlki bilen özüni barlyk nygmatyna eye eden, aklyna sygmayan, göz önüne getirşinden düypgöter başgaça bolan tükeniksiz güyjin we ylmyn eyesi bolan BEYİK GÜYJE. İne şol beyik güyjem Yslamda Allah diyilyar. Biz Allah diyyanimiz üçin dal-de Ol hakykatdanam Allah bolany üçin, bize-de beyleki haywanlardan tapawutlylykda şol zatlary pikir etme, göz yetirme ukyby bereni üçin Ol Beyikdir - Beyiklik we Bakylyk dine onun ŞANYDYR. Dine şu zatlaryn özem şükre itergidir.

Bu düşünjeler giden bir umman, girsen ya çümersin astyna çenli, girmesen süriden ayrylarsyn gurt gapar.

Men men diyen arler yatyr gum bolup

Hmmm,razylashyamayan

Hmmm,razylashyamayan yerlerimi bellap gechsem gaty gormersina?

Quote:

İlki bilen özüni barlyk nygmatyna eye eden

1.bar bolmak hemishe nygmatmy?Itin gununde yashayan nache garyplar bar,sholaram sheyle pikir edyarmika?
shu chagajygyn ejesi uchin nygmatmy bar bolmak?


Allajan name uchin bu chaga beren nygmatyny berip bermanka yzyna,ondada sheydip aldy?

Quote:

bize-de beyleki haywanlardan tapawutlylykda şol zatlary pikir etme, göz yetirme ukyby bereni üçin

Quote:

Ol Beyikdir

Diymek Allah adamlara beyleki haywanlardan tapawutlylykda pikir etme ukyby berenligi uchin beyikda?
Eger ertir Allah towuklara akyl berse,pikir etme ukybyny berse beyikligini yitiryarmi indi?Bashdan adamlara pikir etme ukybyny bermedik bolsa beyikligi kemelerdimi?
Gaty gorme belin,oz aydyshyn yaly senem surin ichindaki 40 goyunyn biri.Chopan nira husht diyse ozunem bilman sho gidyan.

Sokulsam gaty

Sokulsam gaty görmersiňä?
Aslynda Alla Beýik bolany üçin Beýik. Ýagny Beýik onuň sypady, ýokardaky ýoldaş "cause-effect" aragatnaşygynda bulaşypdyr.
Birinji meselä gelsek: Durmuşda hiç zat beýle ýüzleý we ýönekeý däl. Alla hem, durmuşdaky adalat meselesi hem(belki bu hasam) çylyşyrymly filosofiki meseleler. Men Hristiýanlar ýaly "adam hemme zada düşünip bilmeýä, kabul edäý" diýmekçi däl. ÝOK, düşünip bolýa. Ýöne PIKIR ETMESEŇ, şol filosofiki netijä gelmeseň mümkin däl.
Bar bolmak nygmatmy ol belli däl. Ýöne häzirki ýagdaýymyzy her wagt nygmat görüp bolýar. Sebäbi häzirkiden has erbet ýagdaýda bolmak hijem kyn däl. Şoň üçin şony nygmat görüp bolýar. BAr bolmak hemme wagt nygmatmy? Meň pikirimçe, Allanyň berenini nygmat görýän käbir dini grupbalar bar. A käbirleri bolsa, "eý Allajan, men seň ekzameniňden geçip bilmerin. Käşgä dogulmasadym, bir gury çöp bolsadym" diýýän ikinji grupba bar. Bularyň her biri öz tarapyndan dogry pikir. Bu adamyň şahsy filosofiýasy.
Meň düşünişim şeýleräk
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Yokla,name uchin gaty

Yokla,name uchin gaty goreyin.
Kabir yerlerini kabul etmesemem umuman pikirdesh ekenik.Hazirki yagdayimyzy hemishede nygmat gorup bolyar,hawa,yone edil shon yaly tersem bolup bilyar.Sebabi hazirki yagdaydan has gowy yagdaydada bolup bilerdin.Umuman nygmat meselesi men uchin chylshyrymly dal,bu dunyade adamlara paylanyan nygmat adalatly dal,sebabi asyl mohum bolan o dunyadaki hakyky adalat-dini tarapdan meselani ele alsak sheyle.Men yaly hudaya ynanmayan bolsan has ansat-nygmat random paylanyar.
ikisindede uytgeshik shukur ederlik zat yok.

Hmm... random paylanyamyka?

Hmm... random paylanyamyka? Sen kabir ateistlerin "luck'y ozun yasayan" diyen pikirine goshulanokmy?
Dinde yagdayina shukur etmek we hazirkiden has gowa ymtylmak + hasaplanya. Barde bary shol
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Yok o soze menem

Yok o soze menem goshulyan,yone nygmatlar diyemde men asyl bizin elimizde bolmayan zatlar barada yazypdym.Meselem adamyn zehin ukyplary,dogulan mashgalasy,yurdy we etc.elbetde oz elindede kop mumkinchilikler bar,yone adamlara uytgeyada oda.

Garadag, sen "hudaya

Garadag, sen "hudaya ynanmayan" diyip, oz-ozuni, gownuni aldajak bolyan oydyan, aslynda Allanyn bardygyny senin yuregin syzyar, ony ozunem bilyan welin, name ucin ateistligi saylanyna dushunemok... Onsonam, Ylahy Adalat meselesinde, sen dine bu dunya gozi bilen seredip baha bermage synanyshma, oz-ozun cocgara colasharsyn... Elbetde, adamzadyn Allatagalan adalatyna baha berjek bolmagynyn ozi uly yalnyshlyk, adamzat kim bolyamysh Ylahy adalata kembaha seretmage? Adamzadyn akyl yetirip bilyan zatlary gaty limitli bolan beynijigini (beyninin) onarmajak ishlerine sokmajak bol... (Elbetde, men bular yalak akyl bererce, ozumem berk imanly adam dal welin, sen yene-de dushunjelilik bn kabul et!)

Onsonam, ateistler meselesinde, bilyansin, Hytayyn halkynyn kopusi ateist; arada bir mugallym bilen gurrun edip otyrdyk, shonda sorapdy, "nama ynanyan (din)?" diyip, musulman diydim... (on ozi ateist bolarly), "ynanc gowy zat, hasam adam yashy gaydyshyp ugradygyca, ynanja mataclik duyup bashlayar, onun yerini bolsa bashga “eglenceler" hicem dolduryp bilmeya" diyipdi... tak chto, oz pikirim, ateistlerin icinde ozlerinin doldurmak matacligini duyyan, yone name bn doldurjagyny bilmeyan (ya-da bilse-de, doldurasy gelmeyan) boshlugy bolyamyka diyyan...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Dost,sen meni yeke kopuk

Dost,sen meni yeke kopuk tananok,onsan nadip menin yuregimin Allany syzyandygyny bilyan bolyanay?
Senem edil T.Ozaldaky mugallymlar yaly dushundirip bilmedik zadyn hakynda "hemme zada dushunip bolmayar,bolshy yaly kabul etmeli"-diyip goyberyan.Men sheyle zatlara bolamok."men dushundirip bilemok,yone menki 100% dogry".Dovod getirip bilyan bolsan getir,getirip bilmeyan bolsan gyrada dur.
Hytay mugallymyna gelsek.
1.Sen name meni gorkuzjak bolyanmy?men gorkyanlygym uchin,garramda gerek boljagy uchin musulman bolayinmy?

1-den-a seni gorkuzmak

1-den-a seni gorkuzmak kellame-de gelenokdy, men gorkar yaly zadam aytmadym...
ikinjidenem, sen hemme zada adamyn akly yetyandir oydup pikir edyan bolsan, gaty jalko sana, nebsim awaya... sen sheyle zatlara bolsanam shol, bolmasanam yene shol...
dovod sen ylahy adalat barada getirmegimi isleyanmi? elbetde, sen hudaya ynanmayan bolsan, o dunyan (olumden sonky yashayshyn) bardygyna-da ynanyan dalsin, diymek hic kim sana bu meselede subutnama berip bilmez, sebabi sen oni-sony dogry subutnamany inkar edyan bolsan... diyeli, o dunyani kabul eden yagdayynda (beyle bolan yagdayynda ateistlikden awtomatik usulda cykya adam), meselem, sho olen cagajyklaryn o dunyade hakyny aljakdygy, o dunyade, bardaki ceken jebirleri ucin berilyan nygmatlar adalaty balans edenokmy, hatda garshylygyndan esse-esse kopem bolup gidyandir berilyan nygmat...

Garadag, men senin saylanyna hormat goyyan, hic hili garshylygymam yok, bu her kimin oz ishi, men dine oz pikirlerimi yazyan, shonun ucin biderek gyzmak hokman dal,

Quote:

getirip bilmeyan bolsan gyrada dur.

kosheshdaray, koroche...

Bendam bendame sebap diyleni

Bendam bendame sebap diyleni - kabirleri yazgydynda az yaşamak yazylmagy bilen başgalaryna birnaçe tarapdan sapak bolup biler, senem sapak al dost! Erbedi görde şükür et, gowyny görde pikir et diyipdirler.

Men men diyen arler yatyr gum bolup

Nama shukur edeyin shony

Nama shukur edeyin shony aytsana sen? Menin dalde shu chagajygyn olenine shukur edeyinmi?

Garadag, hemme zady bu dunya

Garadag, hemme zady bu dunya bagli shekilde pikir etsen hakikatdanam senin chikaran wiwodyna gelip bolyar.. Tebigy ejirli doglan chagalar, yokardaki suratda calam-cash bolup yatan chagalar etc..

Ol bendelerin beyleki tarapda aljak serpaylarini goz onune getirsen, dinge shonda kosheship bolyar.. Bu yerde chekilen ejirler ol yerde gor nahili silaglara sebap bolyar.. Ony bolsa gorup gelen yok.. Ynanaymak galyar onga.. Bashga aydip biljek zadym yok.. Bu meseleler kader temasina-da giryar aslinda azda-kande.. Yslamyn bolsa in gowshak damarlarinin biri shol.. Garshy soz aydyanlar uchin yitmejek hazyna bolup duryar shu kader meselesi.. Yone beyleki bloglarda bir yerde bayram bilen aydishipdik azajik.. Akil bilen derngemeli dal ka zatlari.. Birazajik T.Ozal mugallimlarina menzap bashlamankam boldy edeyin bu gurrunleri.. Sebabi sen bu zatlarin hemmesini bilyan yone kader temasinda (kop adamlar yali) senin gowshakligin bar ekeni.. Yazanlarin eger (oyun etc) dal bolsa sheyle netije chikyar. Ol gowshakliga bolsa menin samahallayan zatlarim tasir etmez diyip pikir edyan..

Bilshimce dushundirerdim welin boldy edayeyin..:)