Pikir etmek işiň bolanda

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Iş herhili bolup bilýär, fiziki zähmet, pikirlenmeli, akterçylyk we ş. m. Ýöne şu pikir etmek işiň bolanda köp zady öwrenýär ekeniň. Her alan kagyzyňy, edýän işiňi soraglamak üýtgeşik zat. Her zada kritiki seretjek bolmak...
Dogrymy aýtsam, şeýle işiň bolsa, adamyň köp zatlara skeptiki seretmegi geň däl. Meselem, men käwagt adamlaryň gürrüňini diňläp oturýan welin, olar gürrüňe şeýle üns berip, jan berip, kellelerini ýaýkaşyp goşulyşýalar... men bolsa pikir edip otyryn. Maňa kän täsir edenok, sebäbi eýýämde kritiki analizi gidip dur aýdylan sözleriň, ýazylan işiň.
Ylmy jurnallarda peer review sistemasy bar, şony edip başlanym bäri kritiki we skeptiki analiz etmek işimem bolaýdy öýdýän. Üstesine, öz ýazýan makalaňam şeýle gözegden geçirmeli bolýaň.
Indi bolsa dünýägaraýşym şoňa görä. Ýöne skepsis akyp ýatyr... romantika azalýar, hemme zat rasional-pragmatiki bolmaly

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Hemme zada kritiki nazar

Hemme zada kritiki nazar bilen garamaga owrenishen adamlar uchin durmush kinlashyar hakikatdanam.. Sebabi akil tarapdan dernemek elbetde kop yerde kop yagdaylarda zerur bolup duryan bolmagy mumkin welin kabir mukaddesliklere-de sheyle nazar bilen garamak isleyanler bolsa gaty erbet bolyan mena.. Olar islap edenoklar welin hemme zada kritiki nazar bilen garamaga owrenishendikleri sebapli olary akil taydan hoshal etmek kyn bolyar.. Sebabi islendik pikirem "perfect dogry" dalmika diyyan mena.. Islendik pikire, aydara soz tapilar eger niyetin shol pikiri yengmek bolsa..

Beyle yagdaylarda senin aydishin yali soygi, dostluk, hormat, merhemet yali pikirler oran gozgini yagdaya dushyarler.. Ka aydanlari esasinda derngesen Ibni Sina beyleki tarapda ozuni sheyle erbet yagdaya dushurjek kop sozler sarpedipdir..

Kritika diymek menin pikirimche hemme zada akil suzguji bilen garamak bolyar.. Yone durmushin esasi manisi bolup duryan kop zatlari akil bilen derngemek yalnish bolup duryarmika diyyan.. Iman hem shol zatlarin biri..

PS: Bulam-bujar boldy. Hazir wagtym gutardi, song dowam ederin!:) Ata agang gulaklari shinlasin..:)

Hawa. Käwagt

Hawa. Käwagt musulmançylykdan gürrüň açylyp käbirleri içlerinden gelýän gowy zatlary aýdyp başlasalar, ýa men öň eşidenim bolsa, ýa nätakyk bolsa, ýa ejizräk aýdylsa we ş. m. derňäp başlaýan... Kellämde. DAşyma zat aýtmasamamam.
Bu şübhe dälde, bir hili ol bilýän zadymy nähili aýtjaklary babatynda :) Käbiri käbir detallaryny üýtgedip aýdýa welin, ol wakany bütünleý üýtgedýän ýaly gözümde :) Iller bolsa, kän beýle pikirem etmän diňläp oturýalar
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Barde AUCA'li kabir

Barde AUCA'li kabir oglanlarda gordum sheyle yagdaylari..

Yaman kyn yagdayda goyyardilar kawagt meni.. Ozum-a Hudaya shukur hijem shubha dushemokdim welin olary hoshal etmek gaty kyndy..

"Critical skills" diyip bir sapak alyarlar, shol sapak ishlerini goryar bularin.. Durmushda kop peydasi degyan bu sapagin kabir metodlarini hemme zatda ulanjak bolushlari, olaryn imanlarini (imho) oran gozgini yagdaya salyar(di)..

Ýok, men gürrüň edýäni

Ýok, men gürrüň edýäni kän edil erbet problema salmajak bolýadym. We meň aýdýanyma ýalňyş düşündiň Gadyr aga. Mende şübhe kän problema däl, ýa-da bärde ol barada aýtjak bolmadym. Problema şol gürrüňleri diňläp duýgulanmakda. Men ol gürrüňleri 100+ gezek diňledim we özüm okadym, köpüsini bilýän. Gürrüňi edýänleri bir hili üýtgeşik täsir etdirer ýaly aýdyp bilenok ýaly, özüm okamsoňmy, ýa öň eşidemsoňmy. Onsoň diňläp oturşyma ukym tutýa. Ukymy tutdurmajak bolsam, gürleýäniň sözlerini kritiki analizläp başlamaly bolýan, içim gysmaz ýaly

PS Bu diňe meniň problemam dällaý. Ylahyýady gutaran oglanlaram irkiljek bolşup oturlar. ÝÖne käbir adamlar şeýle üns berip diňleýäler... Men bolsa, kritiki analize girmän şeýdip diňläp bilemok
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Hawa gurrun berishem gaty

Hawa gurrun berishem gaty uly zat.. Ka adamlar, adaty bilinyan wakalari sheyle yurekden janigip we tasirli edip gurleyarler welin ining tikeneklap gidyar..:)

peer review bolanda ayda

peer review bolanda ayda nace makala barlayan? Hacan basladyn muna?
Peer review gowyja et onda. Wagtynda ber. Nesip bolsa, sonrakym adim associate editor zatdyrda :D
Gutlayan.

Ýokhow, bu öwrenmek üçin

Ýokhow, bu öwrenmek üçin praktika. Professora her aýda birnäçe makala review üçin gelýär. Olam bize paýlap berýär, okamaly, we ýazmaly rewýu. Umuman aýdaňda, gaty köp zat öwrenýäň
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

quote

Bayram wrote:

Ýokhow, bu öwrenmek üçin praktika. Professora her aýda birnäçe makala review üçin gelýär. Olam bize paýlap berýär, okamaly, we ýazmaly rewýu. Umuman aýdaňda, gaty köp zat öwrenýäň

Menem shonyn yaly bir zady pikir edipdim yokarda. Name, basda professoryn sana paylan makalalaryny review edyan, tejribe gazanyan. O jurnala owrensyan. Wagtyn gecmegi bilen o jurnalyn strukturasyny gowy bilyan. Senin adyn onune hem in azyndan Dr., Asst. Prof., zat gosular hem eyyam sen hem studentlerine jurnal paylap baslarsyn :)

PS- shu "ý,ň" harplaryny nirden tapyan sen? keyboard da bar my?

Hawa, keyboard'da bar

Hawa, keyboard'da bar :)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Ey, Harezmi aga, Bayram,

Ey, Harezmi aga, Bayram, yaman gozumi gyzdyryanyz-ay sheyle gurrunleriniz bilen :)), shonun ucin esasan sizin ikinizin gurrun alyshyan yerlerinize sokulmajak bolyan hemishe :)), on Harezmi aga gelmeyan wagtlaram, Bayram suyjedip-suyjedip, balyny akdyryp gurrun beryadi okuwy, ishi barada... geplarlik galman, arzuw edip, "yuwdunyp" oturyadym dine :))

PS: biz yalaklara-da nesip etsin...

Bah. Menem gurrun bereyin

Bah. Menem gurrun bereyin onda, islesen :D
Yuwdunmak seni ucin gowy ya erbet mi, shony ayt onincha :P

Gurrun ber ber :))... "manty

Gurrun ber ber :))... "manty iymesegem, ysyny alaly" :)) "yuwdunmak" erbet dal menin ucin, erbet bolsa, ol (menin ucin) eyyam gorubilmezcilige barya...
Men gaytam buysanyan sheyle yerlerde abray bn okap yoren turkmen oglanlarynyn bardygyna, hatda kawagt bardakilere gurrunem beryan, "ay, pylan yerde, pylan zat okayan okayan dostum bar, on dunya olimpiadalaryna gatnashan......" dagy diyip :)))...

Ay gurrunler-a menem beryan

Ay gurrunler-a menem beryan toweregime.. Pilan tanshim US'da phd okap yor.. Biri Stanford'da: hatda ondan gsm, hitay, telekeciler, worldbank etc barada sorag sorayan welin yaltanman jogabam beryaroooww..:) diyip bay owunyan-aaa:)