Goşgylary söýýänleriñ burçy 6

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Şu sahypada köp agzalýan temalarymyzdan biri söygi, mynasyp ýar, maşgala hakynda Magtymguly akyldarymyzyñ hem birnäçe setirleri...

Şahyr söýup-söyulmegi, birek biregi tanap maşgala gurmagy undeýär.

”Magtymguly, nesihatym bolmasa,
Sana geçmen hiç kim gulak salmasa,
Ýigit göwun söýenini almasa,
Dynç alyp parahat ýatyp bolmaýar.. ”

Maşgalada ýagşy zenanyñ ornuny kesgitläp, akyldar şahyr şeýle diýýär:

”Ýigidiñ abraýy ýagşy zagyfdyr,
Ýagşy zagyf näkes äre haýypdyr..”

Maşgala durmuşda birek birege mynasyp duşunşip ýaşamak bagtyna ýetjek zadyñ ýoklugy, tanap almagyñ/barmagyñ möhumligi nygtalýar.

”Hak her kime bir ýagşy ýar bermändir,
Sozi ahdyr, içi doly armandyr.
Ýüz ýaşasa, bäş gun ömur surmändir,
Her kimiñ mynasyp ýary bolmasa”

“Itiñ boýnuna göwher daksañ, it hem aglar - göwherem” diýlen nakyla görä Magtymguly,

“Ýatan ýeri ýylan goýny,
Asylany itiñ boýny,
Pis äriñ ýagşy hatyny,
Dürri bigymmata meñzär”

Şahyr ýagşylaryñ garşysyna erbetleri goýup, olary ýazgarýar we goşgylaryñ üsti bilen ýamany terbiýelemek isleýär.
“Dowzah nyşanaly bir ýaman hatyn,
Her kime duş bolsa alar huşuny..”

“ýylan zähri bolup ýaýrar tenine,
Ýigit garrar, aýal ýaman ýoluksa..”

”kelte diñden bolmaz beýik minara,
Ýallak hatyn duşsa bir ýagşy äre,
Başyn kesip, ganyn döküp kenara,
Ýa öldürip ýa-da satyp bolmaýar..”

Şahyr türkmeniñ agzybir maşgala ojagynyñ durmuşda uly uly orunda durýanlygyny, eger şeýle bolmasa, ömrüñ hayp geçýänligini gaýtalaýar.

”Är ýigidiñ içi doly armandyr,
Gara göz, inçe bil ýary bolmasa...”

Köpden bäri goşgy ýazylmandy, şu temaly blogy täzeden janlandyralyñ..goşgulary tutuşlaýyn gury goýman, içinde öz halan bentlerinizi ya setirleriñizi ýazsañyz we öz pikiriñizem (öz düzen goşgylaryñyzam) bolsa arasynda.. sagboluñ!

P.S. yokardaky Magtymgulynyn goshgularyny Turkmen dili gazetinden aldym we pikirleri biraz ozumche gysgaldyp uytgedibrak yazdym.

Telpekler (6 kisiden 11 sany)

Bu yazgi ucin

  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella !!!"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • azat 1 telpek goyyar we yazyar: "analize seredina"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "ähli goşgylaryňa"
  • ata22 2 telpek goyyar we yazyar: "Dash edipsin!"
  • Feya 5 telpek goyyar we yazyar: "Berekella! jorajan al sana 5 "telpek"lik :)"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Duýş

Gun şöhlesi assa girip aýnadan,
Oýatma sen beýle irden ol gyzy.
Onuñ hyýalyny duýşde oýnadýan,
Agşamky asmanyñ, aýy ýyldyzy.
Oýatmañ siz beýle irden ol gyzy.
.....
Bu säher oñ uçin aýgytly säher.
Goý doýýança baksyn ol gyz bagtyna.
Oýatmañ ýene-de ep esli wagt bar,
Ol gyzyñ barmaly iş nobatyna,
Oýatman, guwansyn ol gyz bagtyna.

Goşgy meniñki däl..

Ýokardaky Magtymgulydan

Ýokardaky Magtymgulydan bölekler bir ýerden göçürilene meňzeýä...
Gowy setirleri goýupsyň Hatyja, sag bol. Bu tema ýatdanam çykyp barýardoow...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Ay bu tema yatdan chikasi

Ay bu tema yatdan chikasi yok-la bayram bu dowur bu senede.. Hazir anna geler acar bir soygi blogy yene-de..:)

agam, size-de yaz pasly

agam, size-de yaz pasly yokupdyrmay goshgujyk yaly edip bildirtman yazjak bolupsynyz welin? :)

salam giyw, barminay senem

salam giyw, barminay senem tuweleme..:)

Yok-la goshgujik nirede men nirede? Men anna uchin goshgy yazarinmay? Onun oz yazanlarini natjegimi bilman yorun..:)

a bu name ondaa? "Ay bu tema

a bu name ondaa?

"Ay bu tema yatdan chikasi yok-la,
bayram bu dowur bu senede..
Hazir anna geler acar bir...
soygi blogy yene-de..:)"

(gachjak bolman) :)

ay jigim urulyangey

ay jigim urulyangey hazir..:)

hany goshgy yazayyna!!!

hany goshgy yazayyna!!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! :))"

Magtymgulynyn bir goshgysy

Magtymgulynyn bir goshgysy bardyla,
Kim alsa oz yennesini
yany olen yaly bolar agasymy, doly bilemok yone sheyle many beryardi, yazana menden 2 telpek

Milka, şu goşgyny tapyp

Milka, şu goşgyny tapyp ýazaýjak boldum asyl duşmadym, ýadyñda bolsa 1-2 setirlerini ýazaý, näme barada?

Hatyja senem indi telpege

Hatyja senem indi telpege kowalasyanmay .:))

Ýokla, telpek üçin däl

Ýokla, telpek üçin däl :) men özüm üçinem gyzykly, hemem okasym geldi. Öñ ony hiç okanym ýadyma salyp ýa-da tapyp bilemok. Duşsam siz bilenem bölüşmek isledim.

Salam türkmen

Salam türkmen yaşlary
Gapgaradyr gaşlary
18 dir yaşlary
Mydam dikdir başlary
Buyra buyra saçlary

* * *

Menem yazayyn diydim
Goşgy düzeyin diydim
Yüzün pozayyn diydim
Yazyp yazayyn diydim ... Ehmmmh..
neme

bulam iknji topbak.. ynha üçinji topbak..:D

* * *

gara gözleri
şirin sözleri
men seni söydüm
ugrunda köydüm
yakdy süleymany
açdym ara
boldum diwana..
salam hormatly agzalar we myhmanlar..:)

bulam 4-nji topbak.. ay galanlaryna son dowam ederis..

to be continued.. :P

... şu wagt yhlas

vVv bir gezek wrote:

.... şu wagt yhlas jana şygyr goşup otyryn ..bolan wagty çyrşaryn.. bir iki telpek eçilmezmika..

sizin mana-da bir şygyr berginiz bar eken, telpegim bar vagty yatladayin diydim...
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

bizem oyden shu gun choplali

bizem oyden shu gun choplali gishgy ertirdagy yazarys :)
_______________________
ALL MEN ARE IDENTICAL.
NOT LIFE WITHOUT WIFE

men kiçikam doganlam

men kiçikam doganlam yaşlyk depder doldyryarlardy gazetden kitapdan goşgy tapyp selbishkang beyle diymegi şony yadyma düşüraydi bir hili gülesim gelio gitdi:)

selbishka bilen oyun etme

selbishka bilen oyun etme imho..:) ol-bul zatlara menzedip bashlayar..:)

gadyr aga name

gadyr aga name bolyar:)
Yorunjamyz gulapdir
ony biri ellapdir
ellaber gyz ellaber
agam seni bellapdir

Poyuz gecher
geler gich
Yashlyk gecher
gelmez hich

__________________________________________
yagshylyga yagshylyk her kishinging ishidir
yamanlyga yagshylyk ar kishining ishidir

shu durmushda adam ynsanyng gownune degmekden alla saklasyn

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Dursana, kim namani ellap

Dursana, kim namani ellap kimi belleyaray?? Dushnuklirak yazsana selbishka!:)

gadyr aga yorunjany ellapdir

gadyr aga yorunjany ellapdir :))

__________________________________________
yagshylyga yagshylyk her kishinging ishidir
yamanlyga yagshylyk ar kishining ishidir

shu durmushda adam ynsanyng gownune degmekden alla saklasyn

Ynsan bilen ynsap

Kerim aganyñ goşgularyndan bir parça..

Dünýäde her hili synaglar bolýar.
Synaglar içinde bardyr bir synag.
Illeñ kimdiginem bilseñ bil welin,
Ilki öz kimdigiñ bilmäge synan.

”Weli - diýipdirler – özüni tanan”.
Şoñ bilen ölçelýär adamyñ hili.
Adam ilki bilen özüni tanap,
Şondan soñ tanarmyş – diýýäler - ili.

Aslynda goshgy okamak

Aslynda goshgy okamak endigim-a yok welin, Kerim, Gurbannazaryn goshgularyny yaman gowy goryan. Hasam Kerim G. oran sada dilde, yone manyly, gowy goshgular yazya, shonsyny halayan... (Agyrrak dilde goshgy yazmagy her bir shahyram bashararmyka diyyan)...
Klassyk shahyrlanam goshgulary gowy welin, sozleri agyrrak gelya, okamaga yaltanyan :)), yone (Mergen yaly :)) biri labyzly edip okasa, dinlemegi halayan... deregem, goshgyny okamakdan kop dinlemegi gowy goryan :))...
PS: Hatyja, Kerim agan goshgularyndan oklashdyrsana koprak...

Agyr bolsun, ýeňil bolsun,

Agyr bolsun, ýeňil bolsun, manyly we suwly(boş) sözleri ýok bolan goşgy ýazmak gaty kynmyka diýýän...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Güyç, labyzly okap berjek

Güyç, labyzly okap berjek barmy yanyñda ? Kerim aganyñ gösgularyna duşunmesi añsat hem mañzyña degip gidyar. Ýöne men Magtymgulynyñ goşgularynam gaty halaýan. köpüsi eýýam goýulypdy..bir kitabym bardy Magtymgulynyñ goşgylaryndan doly, birine beripdim. şony getirse menem öñ goýulmadyklary goýjak nesip bolsa.
Kerim aganyñ ýaşlyk kämillik hakynda yene bir goşgusy..

Kuwwatyñy duydugyñça - sende kuwwat käneler.
Asgynlygyñ duydugyñça – ýene gaýrat käneler.
Garaz, bir zat duýdugyñça – bir gowy zat käneler.
Hiç zat duýmasañ,
Şonda kyn bolar.
...
Adam näçe ýaş boldukça,
Özüne göwni ýetik.
Kämillige duş boldukça,
Aladasy artyk, ýüz-gözi çytyk.
Ýaşlyk – gaýnaýan süýt,
Kämillik – gatyk.
Mysalym ýöntemdir, emma düýpli zat.
Gaýnamak – ajap zat. Çogmak – howply zat.
Gazanyñdan çogsañ, oduñ söndürseñ –
Hany onsoñ gatyk, hany onsoñ ot ?

Labyzly okap berjeg-a yok

Labyzly okap berjeg-a yok yanymda :)).. Yone mende Kerim agan goshgularyny ozi okan ses yazgylary bar (mp3 formatda), sholary dinleyan kawagt...
Birem shu turklerin goshgy okayancylaryny halayan, goshgularynam (Ibrahim Sadri, Ahmet Selcuk Ilkan etc.) sholan goshgy yazysh stili nahilay? bogun, rifma gabat gels-a, ka yerinde gelya, yogsam, isleyishleri yaly yazyalar, yone gowy olaram...

"Serbest çalışma" ?

"Serbest çalışma" ?

Hawa, shona "serbest stil"

Hawa, shona "serbest stil" diyilyar eken, (kabir turklerden sorap gorupdim)...

yokarda yazan "Ata menzar" goshgysyndan yene gowy bentler..

..Burch bilen duz taze yara
awy gatar rozygare,
Yaman hatyn yagshy are -
Tukenmez tohmete menzar.

Magtymguly, namyradam,
Iller hoshdur, men nashadam,
Soz manysyn anmaz adam
Bir guyruksyz ite menzar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

online Magtymgulyn

online Magtymgulyn goşgylary:
http://magtymguly.com/
_________________________________________
Dünyade ahli zat kyn, hatda pikirlenmek hem...

daneler..Kerim Gurbannepesow

Yalan zada ýalan diýilýän wagty
Ýalan diýse bolar diñlemän böwrüñ.
Ýalan zada dogry diýilýän wagty
“Däl!” diýmekde dälmi
Manysy ömrüñ...


Serhoşlyk diýen zat “ýüzden” başlanýar.
Tanyşlyk diýen zat sözden başlanýar.
Söýgi-yşk diýen zat gözden başlanýar.

“Uzynyñ akyly giç gelermişin”
Diýipdirler. Dogrumyka bu nakyl ?
Ýöne weli dogry bolmaly bolsa,
Ýokardan inmeýän bolarly akyl.

Ýogsa ilki bilen ýetip uzyna,
Ondan soñ yeterdi beýlekilere.
…Uzynmy siz, gysgamy siz – parhy ýok,
Eý, adamlar, ýere serediñ, ýere.

Söz
Söz diyen zat togar-togar bir zatdyr.
Sözden gala gurmak kime añsatdyr ?
Çöpläp goýan wagtyñ – öz jaýy gerek.
Sepläp goýan wagtyñ – öz laýy gerek.
Ine onsoñ oña bakmak añsatdyr:
Togar-togar däl-de gözel bir zatdyr.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Quote:Serhoşlyk diýen

Quote:

Serhoşlyk diýen zat “ýüzden” başlanýar.
Tanyşlyk diýen zat sözden başlanýar.
Söýgi-yşk diýen zat gözden başlanýar.

dag depelerem düzden başlanyar
yada
dag,depe bayyr düzden başlanyar,
gereksiz gohlar gyzdan başlanyar,
Zapowednik Bathyzdan başlanyar,
gyşyn keypi garrygyzdan başlanyar,

:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Ine Quote: Yalan zada

Ine

Quote:

Yalan zada ýalan diýilýän wagty
Ýalan diýse bolar diñlemän böwrüñ.
Ýalan zada dogry diýilýän wagty
“Däl!” diýmekde dälmi
Manysy ömrüñ...

Altyn sözler...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

rubagyjyklarym

....................

seni kuyseyar yurek
mana dine sen gerek
calyshmarin men seni
ahli gyzlara derek

mena seni soyyarin
sen ugrunda koyyarin
su sozleri men sana
tus yurekden diyyarin

************************************************************

If God had wanted me otherwise, He would have created me otherwise.

Ejem ejem ay ejem! Sen men

Ejem ejem ay ejem!
Sen men üçin yekeje
Eger betlik edaysem
gulagymdan çek ejem!*

diyesim gelyar welin
men sana şeyle uzak
şeyle bir kyn ekeni
senden uzakda bolmak

sensiz yalnyz yeke men
sana nadip yete men
sen hasratyn çeke men
kabam mahriban ejem!

Sensiz mana dünya dar,
Halem suratlaryn bar,
Bolmasa nenen çydar,
Yoklugyna jan ejem!

Her gün düyşüme giryan
Mana ak pata beryan
Mana gujagny geryan
Seni küysedim ejem!

yzy yene bar welin şu wagt nira save edenimi tapmadym.. son yetirerin da.. :P

PS: * bir goşgydan alnan çeşme yatda daldir.. saglygynyz.. :D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

goşga dal welin goşgy

goşga dal welin goşgy bilen baglanşykly bolanson yazayyn diydim...
erkek şahyra bir ayal sorapdyr.
-ayal maşgala gowy goşgy yazarmy erkek?
-elbetde erkek.
-ol nadip?
-sebabi erkekler ayallardan ylham alyp goşgy yazyarlar.şonun üçinem gowy goşgy yazarlar.emma ayal maşgala biz erkeklerden ylham alyp yazsynmy? diyipdir.

Millet! Şahribossanyn

Millet! Şahribossanyn goşgylaryny bilyanin yokmay. Yazsanyzla...

Ýyldyrymlar çakanda Ýene

Ýyldyrymlar çakanda

Ýene saña alyp gıdýär küýsegım,
Gök gürleýıp ýyldyrymlar çakanda!
Ah, şu demler täleýıme gelsedıñ,
Gök gürleýıp ýyldyrymlar çakanda!

Ýatlamalar senı ıdedıp barýar,
Ak damjalar kalba ot bolup damyar,
Sana kan zathakda aydasym gelyar,
Gök gürleýıp ýyldyrymlar çakanda!

Ýürekde unudulmaz dert bolup galan,
Söýgıñ –täleýıme salynan talañ,
Bırhılı bu kalba dertdeşdeý älem,
Gök gürleýıp ýyldyrymlar çakanda!

Umytlarym grylmandyr entekler ,
Täleýımı terk etseñ-de bırçaklar,
Senı maña dolajak deý pursatlar,
Gök gürleýıp ýyldyrymlar çakanda!

Senıñ üçın

Bütın dünýäñ derdın çekmelem bolsa ,
Çekerdım olary dıñe señ üçın !
Synag köprüsınden geçmelem bolsa ,
Geçerdım olary dıñe señ üçın!

Ýüregımı sowuryp bermelem bolsa,
Aýaza epgıge dözmelem bolsa,
Iññe bılen guýy gazmalam bolsa ,
Kaýyldyryn oña dıñe señ üçın!

Dagyñ depesıne çykmalam bolsa ,
Ýüzunde keşbıñı çekmelem bolsa,
Eger söýgı odun ýakmalam bolsa,
Ýakaryn şol ody dıñe señ üçın !

Baglaýan bu gün saña ykbalym ,
Çünkı bırdır bıle ýörejek ýolum!
Telwas edýär ýürek mährıban ýarym,
Senıñ söýgıñ üçın dıñe señ üçın!

Gözel sen

Gün hanjary gökden ýere inende,
Güne garşy dogan Aýy gözel sen !
Ussa Japar işi ,senjap jüpbesi ,
Yspyhanda gurlan ýaýy ,gözel sen!

Saçbagyñ ujunyñ simdir işmesi,
Üstünden ýol düşse,kyndyr aşmasy,
Agzyñ-aby haýat ,Zemzem çeşmesi,
Aýn-al baky suwnyñ laýy,gözel sen!

Gyzyl diýsem-gyzyl,al diýsem-alsen,
Hindistanda-şeker,Bulgarda –bal sen,
Yşk bilen açylan bir täze gül sen,
Ýusup-Züleýhanyñ taýy ,gözel sen!

Herkım güçli bolsa oña"pir"diýrler,
"Dertli gülüñ dermanyny biýr" diýirler
"Gawunyñ yagşysyn şagal iýr"diýirler
Ykbally bendäniñ ,paýy gözel sen!

Owazyñ Çyn-Maçyn,daglar aşasy,
Seni görenleriñ akly çaşasy,
Hindistanyñ reñkli gyzyl şişesi,
Suraýy çilminiñ naýy gözel sen!

Magtymguly halkdan syryn gizlese,
Dişini uşadyñ ,ýalan sözlese ,
Owalda, ahyrda eýäm gözlese,
Garyp biçäräniñ paýy,gözel sen!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gowy yazipsin! Berekella!"
  • dayhanoglan 1 telpek goyyar we yazyar: "tuweleme diymeli boljak :)"

Üç goşgynyň birinji

Üç goşgynyň birinji topbaklaryny(kupletlerini) okaň we haýsysy Magtymgulyňky derrew belli bolýamy?!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

bayram shey diydin welin

bayram shey diydin welin okap goryan

Güne garşy dogan Aýy gözel sen !

ay magtymgula gyza ayy diymeya diyip gecdim :)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Degishyansinle

Degishyansinle :)
Magtymgulyn dili gaty owadan, bashga klassda ol shahyr :)
Gün hanjary gökden ýere inende,
-fabulous setir =)

Güne garşy dogan Aýy gözel sen !
-Owadan menzetme (Ayi diymek Aya menzeyan diymek)

Ussa Japar işi ,senjap jüpbesi ,
-Ussa Japar bilemok welin, dine Magtymguly shun yaly Ussany yenani tapya :D

Yspyhanda gurlan ýaýy ,gözel sen!
-Yspahan... dine shu sozem aydyp dura Magtymgulydygyny(ya azyndan klassiki shahyrdygyny). Yay...
FANTABULOUS
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Goshulyan!"

Gyyuw analiz etmekden bizar

Gyyuw analiz etmekden bizar bolmadynyzmay .Berekella.

ay ol Beyik adamyn sheyle

ay ol Beyik adamyn sheyle gowy goshgularyny analiz etmek hijem yadatmar oydyan :)
Maya, sen goshgy duzenokmy bu gunler ?

Bu gunler?? Name adaty

Bu gunler?? Name adaty gunler maya shygyr yazyarmidi?? A name bu yere goyanok maya??

Maya "bile goshgy yazalyn"

Maya "bile goshgy yazalyn" temada duzenini yazypdyda..o bagt barada, okansyna..mydama yazyan daldir, yone bu gunler diyenim kopden bari manyda.
ya ol wagt yazyn bashlan wagtlary bolanson her kim on etmeyan ishini edip omrunde 1 goshgy joshdymyka :)

Belkide utanyandyr "yandym ,

Belkide utanyandyr "yandym , köydim " we söygi temalarynda yazyan bolsa :))...
Utanara zat yok yaly öza weli bizinkiler utanjan bolyara birtüsli ...

Maya goshgy duzyar, onda-da

Maya goshgy duzyar, onda-da joshup duzyar,emma ol goshgylaryny gorkezmekden saklanyar. (muny Maya yazmady, ony tanayan biri yazdy)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: "Bää.. mundan bolup çykdow.. :)"

Maral senmi

Maral senmi ýa...?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Guyc bet romanlar yazya :),

Guyc bet romanlar yazya :), yone olary bashga at bilen cykardya :)), siz Guyji tananzok entek... muny Guyc dal, ony tanayan biri yazdy :))

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: ":)"

Gucci näme

Gucci näme öwünýäňmaý?
PS Muny ýazan Baýram däl
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

hezil edip gulderengiz uchin

hezil edip gulderengiz uchin kop sagbolsun aytyan:)))))

_____________________________________
Live in the present, not in the past

jorashka nahili yagdaylar:))

jorashka nahili yagdaylar:)) buny ong gormandim , girsene jorash ilingkiden yazyp yormede
goresim gelip gitdi:)))
_____________________________________
Live in the present, not in the past

Өỳlengin Ýigit halyň

Өỳlengin

Ýigit halyň garrylyga
Salaỳyn diỳseň ,өỳlengin;
Kethudalyk endişesin
Kylaỳyn diỳseň ,өỳlengin.

Kethudalyk gөzel ỳoldur ,
Gaỳgy garradar,gam өldir;
Ýigitlik bir gyzyl gũldũr,
Solaỳyn diỳseň,өỳlengin .

Өỳ-il gerek,ỳorgan-düşek ,
Perzent bentdir,aỳal-duşak ,
Ýüke werziş bir boz eşek
Bolaỳyn diỳseň ,өỳlengin .

Gezer sen oỳnap ,dalaşyp ,
Galar sen ,derde dolaşyp ,
Gaỳgydan gama ulaşyp
Galaỳyn diỳseň өỳlengin .

Joşgun eder sen өzüňden ,
Aỳrylar sen hoş ỳazyňdan .
Tükenmez derdiň yzyňdan
Ýeleỳin diỳseň ,өỳlengin .

Açyp ỳigitlik dumanyn,
Getir sen gaỳgy-zamanyň ,
Dünỳäniň ỳagşy-ỳamanyň
Bileỳin diỳseň өỳlengin .

Magtymguly, gezip her taỳ,
Etmediň jahandan perwaỳ ,
Pygamber sünnetin berjaỳ
Kylaỳyn diỳseň өỳlengin .

Gөrüm gөrülmegen

Gөrüm gөrülmegen ỳerde

Yzzat ,hormat ,syn etmegin ;
Gөrüm gөrülmegen ỳerde;
Akyl bolsaň sөz aỳtmagyn
Nobat berilmegin ỳerde!

Akly ỳagşylar unutmaz ,
Gury agaja ỳaprak bitmez,
Akylly ar mesgen tutmaz,
Hulky sөỳülmegen ỳerde .

Gөmülup galan aryk akmaz,
Her nyşandan kerem çykmaz,
It gөzlemez ,pişik bakmaz
Saçak ỳazylmagan yerde.

Haç eỳleseň,jara dөner,
Gül açylsa zara dөner,
Hyzmat etmek hara dөner
Gadryň bilinmegen ỳerde.

Namart goş üstünde harlar,
Iỳmit aş üstünde gürlär ,
Sөweş gurup ,gylyç parlar
Duşman gөrülmegen ỳerde .

Өỳ içinde hara dөner ,
Muhannes bir nere dөner ,
Tilki,şagal şire dөner
Sөweş gurulmagan ỳerde.

Parasat kyl bakyp akla,
Goç ỳigidiň sөzũn hakla.
Magtymguly ,tiliň sakla
Habar soralmagan ỳerde.

Dag saỳar Daglar

Dag saỳar

Daglar ỳeriň myhydyr,
Depe өzün dag saỳar ;
Çekik aỳdar”Bilbil men “,
Carlak өzün zag saỳar
Güỳjünden –kuwatyndan ,
Dünỳäniň nobatyndan
Her kişi yzzatyndan ,
Bedasyl өzün beg saỳar.

Nadanam zat bilmenem ,
Bir kemine gul menem ,
Sirke aỳdar :”Bal menem”.
Nebit өzün ỳag saỳar .

Kemlik eỳle, kemel bar,
Menlik etme ,-zowal bar,
Her demde bir hyỳal bar ,
Өleň өzün bag saỳar .

Habar alsaň birewden ,
Өzün kem saỳmaz dөwden ,
Өz ỳanyndan bedewden
Eşek өzün ỳeg saỳar .

Magtymguly, bir guldyr ,
Gullugyna kaỳyldyr ,
Akmak өzün akyl diỳr ,
Tentek өzünsag saỳar .

Durasyň geler Gozel

Durasyň geler

Gozel bardyr ,gөzellerden zyỳada,
Anyň hyzmatynda durasyň geler ;
Edepli,ekramly mylaỳymzada ,
Tä өlinçäň bile ỳөresiň geler.
Gozel bardyr, uzyn boỳly ,alkymy -
Garaňky gijede düşer ỳalkymy ,
Sөzlegen sөzleri misli bal kimi,
Ýaňagyndan posa alasyň geler.

Gөzel bardyr ,günde-günde gөrmeli ,
Şol gөzeliň syỳa zülpün өrmeli ,
Dөküp ,hazynanyň zerin bermeli ,
Anyň sөwdasynda bolasyň geler.

Bagzy gөzel sirkä basdyr saçyny ,
Artmaz ,ỳuwmaz,tabagyny ,daşyny ,
Sylamaz atasyn ,ene ,ỳaşyny ,
Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler.

Gөzel bardyr,ak kagyz dek bilegi ,
Jaỳ içinde bile bolar ỳüregi ,
Şeỳle gөzel mert ỳigidiň geregi ,
Ne hajat istese ,beresiň geler .

Magtymguly, syn gerekdir gөzele,
Herne kysmat bolsa ,tartar ezele,
Dünỳä malyn harç et ỳagşy gөzele ,
Ýamanyň ỳanyndan gaçasyň geler.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azat 1 telpek goyyar we yazyar: "Goshgilar ucin"

Bu derdi Keşt eỳledim

Bu derdi

Keşt eỳledim ,gezdim yşkyň dagynda ,
Ne beladyr ,kimse çeker bu derdi .
Yşk dagyn assalar gөgüň boỳnundan ,
Gөk titreỳip ,çeke bilmez bu derdi .
Yşk eser etmese ,ỳanmaz çyraglar ,
Yşk düşse ,guşlar eňrär ,gurt aglar ,
Egiler haỳbatly ,kuwwatly daglar ,
Daşlar erip ,çeke bilmez bu derdi .

Kimdir yşkyň ỳükün çeken merdana,
Pelek gөrdi ,gorkup düşdi gerdana,
Zemin jünbüş eỳläp ,geldi lerzana ,
Çөller ,düzler çekebilmez bu derdi .

Behişt gaçyp çykmyş arşyň өỳüne ,
Tamug gorkup ,inmiş ỳeriň teỳine ,
Gaçdy derỳa ,adam aldy boỳuna ,
Tөrt ỳüz ỳyllap çeke bilmez bu derdi .

Magtymguly, çekseň derdi-dügünden ,
Asy bolup ,şikaỳat etme bu günden ,
Bu өlmek, aỳralyk galypdyr өňden,
Peder bize miras goỳmuş bu derdi .

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy goşgy! Myrat İşangulyýewiň aýdymyna da gowy gelişipdir"

Mayajan, bular barda onki

Mayajan, bular barda onki temalarda. yone onda-da Berekella, sagjabol :)

p.s. shu gun sen bn gurleshenime begendim..janlashyp dur :)

bilyanleriniz bar molla

bilyanleriniz bar molla Keminanin hem bir gulkunchrak goshgysy bolmaly, shony hem yazip goyberinsene...:)
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

Haysy gosgusy .Onun

Haysy gosgusy .Onun gosgularynyn kopusi diyen yaly gulkunja .

ady birhilirak, emma okasan

ady birhilirak, emma okasan "bah, molla-da sheyle zatlar yazyan ekenow..." diydirtya:)
tm'de bolsanyz derrew tapyp bolya, islendik keminanin goshgylar kitabynda bar
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

senin

senin üstündemi?
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

yok,

yok, "mamelerin":)
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

Gyyuw ony barde yazandan

Gyyuw ony barde yazandan asgabada geleninizden son tapyp bersek bolmayarmy .Mena ony birazajyk neme goryan yazmagada yaydanyan .:)

Gidip baradyr.

Gidip baradyr.

Dostlar, bu dünýäge ýokdur ygtybar,
Kimse gelip, kimse gidip baradyr.
Hoş geçer kimseler, kimse hary-zar,
Gara ýer barçany ýuwdup baradyr.

Kimseler garrydyr, kimseler ýaşdyr,
Kimseler töwenger, kimse gallaçdyr,
Magşar sary bargan bir ulug göçdür,
Keýnimizden hak buýrugyn tutup baradyr.

Pelek bir bakgaldyr, dünýä bir bazaar,
Kimse ýagşy ýolda, kimseler azar,
Kimseler Allany bilmezler hazyr,
Kimse hak buýrugyn tutup baradyr.

Kimseler bagşydyr, kimse molladyr,
Kimsäniñ tilinde ismi-alladyr,
Küllüsinden ýat alla öwladyr,
Kimse şeýtan sözün bitip baradyr.

Magtymguly, umyt etmek hudadan,
Ýalbarmak-gedadan, ýalkamak – şadan,
Nefgy ýokdur, kim saña masewalladan,
Kimse günin, kimse ýatyp baradyr.

ALNYÑDA

ALNYÑDA
Nä günüñe şat bolar sen, adamzat,
Sansyz hatar ahu-zarlar alnyñda.
Niçik takat kylar bir müşt toprak,
Ýedi dowzah atly narlar alnyñda.

Biwepada bäş gün bolan şadyña,
Aldanmagyn, ol gün düşer ýadyña.
Tañla onda hiç kim ýetmez dadyña.
Gabyr, lahat diýen darlar alnyñda.

Biler sen, biwepa, ygtybaryñ ýok.
Ýaman iş kylmakdan özge käriñ ýok,
Eý, bigaýrat, namysyñ ýok, aryñ ýok.
Howpu-hatar bişumarlar alnyñda.

Zerre-zerre bir-bir sorsalar hasap,
Rusyýa, şermende, berer sen jogap,
Istär seni bermek üçin gyýn, azap,
Ýüz müñ sansyz hyrydarlar alnyñda.

Eşit bu dem eger bolsañ gaýratly,
Halyñ bolar günbe-günden haýhatly,
Çykaýyn diýip oturypdyr haýbatly,
Bugra kibi ulug marlar alnyñda.

Gapyl bolup emri-magrup etmeseñ,
Bilip durup, dogry ýola gitmeseñ,
Ahyret ýaragyn munda tutmasañ,
Peýdasyz puşeýman, zarlar alnyñda.

Magtymguly, neçün gapyl ýörer sen,
Bibaka dünýäde tä ki durar sen,
Niçe söwda bar başyñda, biler sen,
Syrat üzre intizarlar alnyñda.

Dini biläni

Dini biläni

Bäş şerti beýan kyl, musulman bolsañ,
Ýöriseñ Muhammet dini biläni.
Ýüz ýigrimi dört müñ pygamber ötdi,
Her biri bir ymmat sany biläni.

Arzuwanlar gider gaýgy keşigne,
Gijeler ýagtylar göwher yşygna,
Aly, Hatam başlar jennet işigne,
Jomartlar geçerler nany biläni.

Sap-sap gurup, hüýr gyzlardan gözledip,
Saýlap alar her birinden hezil edip.
Byrag atyn çar tarapa hyzladyp,
Şehidler geçerler gany biläni.

Roza-hemdemiñdir, namazyñ – çyrag,
Zekat – hasabyñdyr, imanyñ – ýarag.
Bu gün bir at berseñ, magşar gün Byrag,
Çekerler gyzyldan zini biläni.

Magtymguly mestan, yşk jamyn içer,
Kim ajal elinden gutular, gaçar.
Syrat köprüsinden salamat geçer,
Haka gulluk eden jany biläni.

Sapa bolar! Ýagshy bilen

Sapa bolar!

Ýagshy bilen bolsañ oba,
Işiñ zowky-sapa bolar;
Yigitlikde kylsañ toba,
Köp derdiñe dowa bolar.

Ýaman gonşy çapar gaýta,
Ýykylsañ-da deper gaýta,
Senden aýyp tapar gaýta,
Başyna bir bela bolar.


Adam ýagşysy alymdyr,
Amal etmese, zalymdyr,
Meniñ zynatly malymdyr,
Haky bir gün eda bolar.

Muhannes ogly her ýerde *muhannes- namart
Özüni goýar çoh derde.
Işiñ düşende bir merde, -
Ýaman günde gala bolar.


Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar.

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 2 telpek goyyar we yazyar: "Dowamyna garaşýan"

Magtymguly atamyz paçak

Magtymguly atamyz paçak edýälaý:

Quote:

Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Ahow, ol pahyram öz döwründäki üýtgeşmeleri görýän ekeni. Biziň döwrümiz üçinem gabat gelip dur...
Meň täze golum bolmaly şu bölek!

PS "..." nämaý? Ýa ol topbaklary ýitipmi?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

ol topbaklar bar, yone men

ol topbaklar bar, yone men goymadym. dushunmesi kynyrak.

Wah sen goý, biz

Wah sen goý, biz düşünjek bolarys. Düşünen düşünmeýäne düşündirer! Toftologiýa üçin bagyşlaň!
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

ine..

Görün gudratly nyşany,
Her agyzdan söz boşany,
Ahyret wagtyñ nyşany, -
Bedasyl kethuda bolar.

Görüñler niçik zamana:
Ýagşy goşuldy yamana,
Goç ýigit münse çamana,
Wehm ile mübtela bolar.

Zamana ýakyn gelende,
Parh olmaz, çynda, ýalanda,
Hak kanagatyn alanda,
Nowaly binowa bolar.

Ine öň goýuldymy bilemok

Ine öň goýuldymy bilemok welin, ýene Magtymgulydan altyn sözler:

DERT BILEN

Gel, köňül, başyňňy çykar dumandan,
Ýeke galdyň gam öýünde dert bilen.
Namart bilen uzak ýola gitmegil,
Baş goşawer bir töwekgel mert bilen.

Çyn ärler iblisiň ýoluna gitmez,
Mynafyklar hakyň emrini bitmez,
İman bilen şeýtan bir öýde ýatmaz,
Niçik mydar tapar goýun gurt bilen.

Jan şährinde ajal guşlary ýaýlar,
Köňlümiň derýasy möwç urup gaýnar,
Gäwdar ogly doňuz bilen it oýnar,
Beg balasy sadranç oýnar nard bilen.

Çyn aşyklar bolmaz tilde käýini,
Muny bilgil, ykrar saklar imany,
Ýakyn gelse ahyrzaman eýýamy,
Dawa artar, ant içerler şert bilen.

Pyragy diýr, ýedi yklym, çöl galar,
Ne han galar, ne beg galar, gul galar,
Ne dag galar, ne düz galar, il galar,
Deçjal çykar, tersa jöhit, kürt bilen.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Magtymgulydan..

BEHEM* EDER

Behem etmek- gazanmak, hasyl almak, artdyrmak, ýygnamak manyda

Kimyany topraga seçseñ,
Toprakdan zer behem eder.
Her närsäni, ýere sepseñ,
Sepdigiñ yer behem eder.

Ýagşy-ýaman bolmaz mälim,
Her kim öz bilenne alym,
Munda nobat sürse zalym,
Ýyl-ýyldan şer behem eder.

Ýagşy ýigit ýol ýitirmez
Jäht kysmatdan köp getirmez,
Müñ gaýgy bir iş bitirmez,
Töwekgel – ner behem eder.

Berimiñ bolsa her kanda,
Gören saña bolar bende,
Bethüýnüñ – duşman ýanynda,
Ýagşylyk – ýar behem eder.

Magtymguly sözlär sozde,
Gaýrat – ötde, haýa – gözde,
Ýyl-ýyldan bu ýurdumyzda
Zulm artyp, zor behem eder.

DAMAN GALMADY

DAMAN GALMADY

Bir sözüm bar, diýsem şaha, soltana,
Dostlar meñgi bolup, daman galmady
Döwletli baýlaryñ duz hareminde
Desterhan kesilip, myhman galmady.

Gaýta gybatkeşler özün düzetdi,
Süýthor dünýä bilen özün göz etdi,
Tañrydan bihabar goşun uzatdy,
Tañryny bir bilen merdan galmady.

Nirde şugul bolsa, boldy mugteber,
Dünýäni baky diýp, ýygnady çoh zer,
Aýdyp ötüp gitdi ol Haýryl-beşer,
Tañrydan gorkunçly jenan galmady,

Bahyl bolan baý adyny göterdi,
Pasyklar pysk ile ömrün ötürdi,
Ähli-dil dünýäden özün gutardy,
Dertliler derdine derman galmady.

Halaýyk barçasy jesethor boldy,
Alymlar ylmyndan galdy, kör boldy,
Sypahy barysy parahor boldy,
Şa aldynda adyl diwan galmady,

Müfti öz sözüne kylmady amal,
Şerigat işine eýledi haýal,
Halk içine düşdi hyrs atly kesel,
Hakyna jür bolan ynsan galmady.

Gyzlar-juwanlarda galmady haýa,
Ýerden gögermedi bereket-giýa
Derwüşler tagatyn eýledi ryýa,
Ýurtda keramatly işan galmady.

Magtymguly aýdar, barha ýol tany,
Burunky hemnişin dostlaryñ kany?
Abray bile tabşyrawer bu jany,
Munda gelen ýary-ýaran galmady.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azat 1 telpek goyyar we yazyar: "Goshgilarina"

GOLDA BARY BOLMASA

GOLDA BARY BOLMASA

Zamana beýledir, göze ilmezler,
Her ýigidiñ golda bary bolmasa.
Ýüz tümenlik sözün şaýa almazlar,
Her kişiniñ ygtybary bolmasa.

Ten bir dar kapasdyr, jan bir wagşydyr,
Tile gelen sözler köñül nagşydyr.
Otly, suwly tamug andan ýagşydyr,
Her ýuwurdyñ bir bazary bolmasa.

Begzadalar galdy çopan tährine,
Ten haçan döz getir ýylan zährine.
Bibat olup döner Lutuñ şährine,
Her ülkäniñ häkim äri bolmasa.

Dünýäde añlardan añlamaz kändir,
Bilmezler beladyr, bilenler jandyr;
Ol ýigitler adam tilli haýwandyr,
Söz añmasa hem ykrary bolmasa.

Ýigide ýoksulluk ýaman beladyr,
Sözüni deñ-duşdan gaýra saladyr.
Ýaman gylyk dosty duşman kyladyr,
Guryp galsyn, il dekrary bolmasa!

Hak her kime bir ýagşy ýar bermändir.
Sözi ahdyr, içi doly armandyr.
Ýüz ýaşasa, bäş gün ömür sürmändir.
Her kimiñ mynasyp ýary bolmasa.

Magtymguly, haka tabşyr özüñni,
Her namarda sarartmagyl ýüzüñni.
Terhosym bar, gel terk eýle sözüñni,
Näge gerek, hyrydary bolmasa.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Fantabulous"

Magtymguly atamyzyň

Magtymguly atamyzyň goşgylaryndan iň gowy görýänim

Dag Saýar

Daglar ýeriñ myhydyr,
Depe özün dag saýar.
Çekik özün bilbil diýr,
Çarlak özün zag saýar.

Kemlik eýle – kemal bar,
Menlik etme – zowal bar,
Her başda bir hýyal bar,
Gul özüni ig saýar.

Güýjünden, kuwwatyndan,
Dünýäniñ nobatyndan,
Bir kişi yzzatyndan
Bedasyl özün beg saýar.

Nadanam, zat bilmenem,
Bir kemine gul menem,
Sirke aýdar: ”Bal menem”,
Nebit özün ýag saýar.

Habar alsañ birewden,
Özün kem saýmaz döwden,
Öz ýanynda bedewden
Eşek özün ýeg saýar.

Dert çekenler dert biler,
Namart özün mert biler,
Tilki özün gurt biler,
Garsak özün seg saýar.

Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

dost in gowy goryanim

dost in gowy goryanim diyme-de bilyanim diyaysene :)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "bilýänimmişindä :))"

Men kitaphanadan kitap

Men kitaphanadan kitap alypdym. Magtymgulynyn shygyrlary. Kitap mende eyyam yarym yyldan bari bar. hich shony yzyna gowshurmaga wagt tapmayankishi bolyan. utanyanam we gorkyanam ol yerdaki dayzalardan indi eltip "bagyshlan, shu kitabynyzy men gechen palan wagtda aldym" diymage. telefonymy, adresimi chalshamson olar meni tapyanam daldir. menem unudyp shu gune chenli geldim. kitabyn ichi dashy dargagly yyrtykdy. gowja hala getirdim ony name-de bolsa. yone ichimden chykanok shol amanat zatdygyna. basym eltmeli oza. ya galsa yalnysh etdigim bolarmyka? :)

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • azat 5 telpek goyyar we yazyar: "hemme goshgilan ucin"

Menche yzyna ber

Menche yzyna ber, bashgada kishilere peydasy degsin..

"Bence"-nin turkmenchesi

"Bence"-nin turkmenchesi "menche" dal Resul aga, onem birgiden gezek yazdylara shuny, yone sen duzeldayenokla :)

Menche deneshdirmede ulanilyar, "menche bolup biljek yok" we etc yaly yerlerde, "mana gora" diyen manyny berenok turkmen dilinde, ozem yaman "abes" gorunyar yazgynda shol manyda ulansan!

Dogry aydyan Mergen

Dogry aydyan Mergen, yone owrenshipdirinda shonun yaly edip ulanmana:)) Indiki sapar duzeltjek bolaryn yadymdan chykmasa:))

ýadyma düşýär, ýadyma

ýadyma düşýär, ýadyma düşýär :)))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hava, shol pikir bilen menem

hava, shol pikir bilen menem basymrak gowshurayin diyyan. peydasy degjegi belli, kitaphana boyuncha shol yekeje ekzemlyar eken. "ozumde galsa" diyip oyun etdim.

Bir ýaşlaryň

Bir ýaşlaryň komediýasynda=molodejnaya komediýada barda bir oglany gamçylap sado-mazo ene we gyz urýalar "sen kitapjagazlaram ýyrtýaňmy?" diýip :D Gyz kitaphanaçydy :D Oglan şoka girýä, naruçnik dakylanda bilip galýa :D
Degişýän welin, kitaphanadan kitap çilmeli däl dogrusy.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

baa, Hatyja senem

baa, Hatyja senem beylemin-ay? :)
shu bizin oyden kitap alyp gidyanler omur yzyna getirmelidir oydenok, aydyp-aydyp getirtmeli, hak shu Kerim Gurbannepesin "Yedi yapragy" gitd-ow bir tanysh oglanda, yaman jalko :(
hasam kakamyn agalary, ejekeleri bir alyp gitdigi, yok onson, gitse-gelmeze gidya... kakama aydyan, "indi sholara gitsen/gitsek, hokman alyp gaydaly sho kitaplary" diyip, koplenj-a tapyas, kawagt yitirim edyanlerem bolya :D
_______________________________________________
* Bugday nanyn bolmasa, bugday aragyn yokmudy?

aslynda beyle endigim yok,

aslynda beyle endigim yok, kishin zadyny almagam halamok, totanden mende galsa saklamagam. Magtymgulyn kitabyny birine menin uchin alyp beray diyip hayysh etdim. son ozum elterin diyenson arkayin boldum. nesip bolsa tiz tabshyrjak!

"Yşk mülkiniň

"Yşk mülkiniň şasy"-ndan. (meniň iň gowy görýän goşgym we aýdym sözlerim)

Haýrana Galar - Mollanepes

Bag içine ýar sallanyp girende,
Bilbiller saýramaz, haýrana galar,
Keşt edip, serçemen üzre ýörende,
Ganatdan aýrylar, perwana galar.

Aý nurdan aýrylar, gün gökden uçup,
Ýyldyzlar kararsyz çar tarap göçüp,
Saky meý getirer, erenler içip,
Olar ah çekerler, zamana galar.

Şalar ýatabilmez, arzuwda gezer,
Öli balyk görse, jan berer, ýüzer,
Goly bagly gullar zynjyryn üzer,
Söýlemez ýüz düşse, diwana galar.

Gülüp baksa, ol garrylar batlanyp,
Öten günler, ýigit çaglar ýatlanyp,
Gök otlar saralyp, daraht otlanyp,
Asman jünbüş eýläp, lerzana galar.

Nepes, tarypladyň ýaryň jemalyn
Ýel degip, göterdi ýüzde desmalyn,
Hak bermiş ozalda oňa ykbalyň,
Şalar görsem diýip, armana galar.

shun aydymam bar dalmi?

shun aydymam bar dalmi? sowet dowrunde cykan bolmaly, tapyp bolmazmykan-ay?

Haýrana galar, sazy ussat

Haýrana galar, sazy ussat kompozitorymyz Nury Halmammedowyňky. Nury agaň eli degse nämeler bolýanynam özüňiz bilýänsiňiz!
______________________________________________
Haýrana galar - Nury Halmammedow (Saz; gözbaş)

______________________________________________
Haýrana galar - Atabaý Çargulyýew (Pop)

______________________________________________
Haýrana galar - Kerim Ylýasow (Saz)

______________________________________________
Haýrana galar - Annagül Annagulyýewa (Opera)

______________________________________________
Haýrana galar - Medenýet Şahberdiýewa (Opera)

______________________________________________

Telpekler (3 kisiden 7 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "zyom hazynynga bereket:)"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "telpeg-aý:)"
  • Hatyja 5 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"

bular real playerdemi? real

bular real playerdemi? real gorkezya welin, acyp bilenok, "rugsat ber" zat yaly yazgam cykanok, komek edaymeseniz biriniz :))

gurbandurdy zeliliniň 115



gurbandurdy zeliliniň 115 sany goşgylary, türkmençesi we türkçä terjimesi


şu ýerden indirip bilersiňiz!!!

bir talybyň diplom işi

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 5 telpek goyyar we yazyar: "Tapsana şuň ýaly gowy we peýdaly zatlary"

Tak, Zeliliniň goşgularyna

Tak, Zeliliniň goşgularyna 5 telpek, dostuň terjimesine arryjak 3-lük. Goşgynyň terjimesi aňsat zat dälhow, ol çaga muny alyp sözme-söz türkçä geçiräýipdir!
Many diýen zat bar, şol terjime bolmaly ilki bilen!
Aý bolýa, ola ol diýseň, ol sözlerem nädogry terjime edipdirä. Grammatiki ýalňyşlary bir gapdala, Zelili "gideli" diýsem, türkçesi "gideliM" bolmaly. A ol bolsa göni "gideli" diýip terjime edäýipdir...
Türkmençe -> Türkçe
Gideli -> Gidelim
Gidenimden bäri -> Gideli
Bäh, bula maýda mysal welin, oň türkçe terjimeleri gaty tagamsyz bolupdyr...
Bilýäňmi Magtymgulynyň goşgularyny rus diline kim terjime edipdir? Näçe ýyl wagt sarp edipdir şol 10-20 goşgyny terjime etmek üçin?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

men hem 3 ýyl öň

men hem 3 ýyl öň "zöhre-Tahyry terjime edipdim türkçä, olam tagamsyz bolupdy, goýaýynmy bärä :)

aý. ýok-laý, 200 sahypa gowrakdy öýdýän, gerek däl :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "ata aga gayrat edip goy goymakang telpeging:)"

"aslymarly 1 telpek goyyar

"aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "ata aga gayrat edip goy goymakang telpeging:)"

Köp minuslary bar-a:

1- terjime türkmençeden türkçä edildi;
2- tagamsyz boldy maňa görä;
3- mukdar taýdan köp - 200 sahypadanam kän;
4- islegsiz, çaltrak bolsun diýip ele alypdym ol işi, özümiňdi däldi :)

Ýene-de "goý!" diýseň, onda gözläp tapmaly bolaryn we aýry mowzuk açmaly bolaryn :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

onda bir sayta goyypjyk

onda bir sayta goyypjyk ceriumoxide yaly link beray, men yaly gyzyklanyanlar sereder;)

Ol oglan şu ýerde ýazýan

Ol oglan şu ýerde ýazýan bolsa, gaty görmesin. Emma talybyň diplom işi bolsa, talyp diýmek edebiýatçy bolmaly. Ahow, Allajan bar, nähili edebiýatçy ol adam?!
Menä ör-gökden gelýänhow. Grammatiki ýalňyşlary şeýle kän welin, täzeden mekdebe göýbermeli. Bolýar bu bir tarapa, elementar terjimeleri ýalňyş. Türkçe okan Zelilini däli saýar, hiç manysyna düşünmez! Nädip türkmençedäki "göz" diýen söz türkçä "köz" diýip terjime bolýaraý?!
220 sahypa töweregi iş, emma ol işiň bahasy 1 köpük. 10 sahypalyk goşgyny terjime etsedi, emma adam şekilli. Munyň ýaly terjime Zelilä hormatsyzlyk.
Bagyşlaň, emma durup bilmedim. Özem hemme terjimesini okamadym, diňe göz gezdirenim...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

(No subject)


Serdar oň ýaly bir zat

Serdar oň ýaly bir zat install etmegi soraýan faýl goýmasana gaýrat edip. Menä how, seň goýýan faýllaryňy alyp bilmän halys bolýan
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

hiç zadam install etmeli

hiç zadam install etmeli däl, diňe rugsat soraýa, şoňa rugsat ber diýäýmeli! sahypaň ýokarjygynda çykýandyr, aşakdaky suratdaky ýaly bir zat


Mozilla

Mozilla Firefox?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ishlanok firefox'da, plugin

Ishlanok firefox'da, plugin sorayar, yone onunam namedigini aydyp bilenok !!

internet explorer!

internet explorer! :)
firefox-da menem açyp bilmedim

Goni link'in ozuni goysan

Goni link'in ozuni goysan nadyar ?? Barybir dinleyanchan temporary'ne download edyar, goy beydenden save etsinde dinlabersinler ?! Shol 1 wagt alyar barybir, zato save eden yerinde galyar, temporary'den pozulyp gitman!

IE ulanmayan kop bu dovur, shon uchin 2'sine-de bolar yaly 1 zat etmesen zol plugin sorap durmasy yadadyar !

download etsenem acanok,

download etsenem acanok, men-a dushunemok, bir acyp bolyan yoly bar bolsa aydyn-how.

:) Goni link'leri goysa,

:)
Goni link'leri goysa, ustune bassan download edersin, shu wagt bolsa sahypan source code'inden gormeli bolarsyn http://........./palanpismidan.mp3 diyip duran yazgylary, shony alyp address bar'a yazsan, goni download etjekmi diyip sorar!

men barde play-e basanymda

men barde play-e basanymda "bolanok" messaginde bar "http//......//palanpismidan.mp3", yagny linki, shony adres yazylyan yere sen aydyshyn yalak yelmap, download etdim, dwn. edenden sonam acylanok yone...

Ynha, yokarda goylan

Ynha, yokarda goylan birgiden aydymyn in sonkysynyn link'i:
http://www.filekeeper.org/download/ceriumoxide/sendtonazar/medeniyet_sahberdiyewa_hayrana_galar.mp3
Shuny alyp yokara yapyshdyrsan, "open with" we "save to disk" manysynda yazgylar chykanokmy ??

Mergen, cykyady, men

Mergen, cykyady, men downloadam etdim diydim-a, yone sho download edilen fayly (palanpismidan.mp3 :)-i acyp bilenok, shony acmak ucin name "otkryvatel" gerek diyyan :)

Oups, my bad :) Dogry,

Oups, my bad :)
Dogry, dykgat bilen okamandyryn yazanyny, yalnysh dushundim!
Yone .mp3 bolsa, ony adaty Windows media player'em achmaly. Sende achanokmy ??
Shu yokarda goyan link'imden download edip gordum, achybam, hemme zat ishlap otyr
oza...Hany shu yokardakynam 1 alyp gor, WMP yene-de achmasa, son bashga yol taparysda!

download edishinde problema

download edishinde problema bar oydyan, 3.81 kb-lyk bir zat eken :)

Sheyle 1 zat bardyrla

Sheyle 1 zat bardyrla :)
Yokardaky link'i address bar'a goyup download etdinmi ?? T.e. goyan link'imi gor, bolmasa onson gurlesheli diydima how :) Shol link goni link, sen belki script ya-da sahypan 1 bolegini download edip yoren bolup bilersin beyle 4 KB'lyk bir zatjyk bolsa!

Baýat hajy! seň download

Baýat hajy! seň download edişiň ýalňyş!
ýalňyşmaýan bolsam seň kompiýuteriňde "Flashget, Internet Downloader, Orbit" ğaly bir programma bar, sen şol linki açjak bolaňda linkiň soňy .mp3 bilen gutarýanlygy üçin audio faýldyr öýdip html-ni download etýär. etmeli zat.

Linki bir boş sahypada açmaly, "Downloader" programmaň derrew download ejek bolar, oňada cancel diýmeli, onsoň bir sahypa açylar, onsoň 30 sekunt ýaly garaşmaly (açylan sahypada counter bardyr), şol dolansoň şol ýerde bir link bardyr, şoňa basyp alaýmaly!!! düşünmeseň soraý!

aýdymlar mugt serverde bolany üçin şeýle etmeli bolýar, aslynda pully server bar, indiki gezek şol ýere goýsam hiç hili problema bolmaz!

hää ýene bir zat, playerdäki aýdymyň linkini almak üçin sahypaň source-sini görmek gerek däl, göni playeriň üstüne syçanjygyň sagyna basyp properties diýseň link görkezer!!! surata gara

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "dogry, down. prg-dan eken"
  • azat 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"

Quote: göni playeriň

Quote:

göni playeriň üstüne syçanjygyň sagyna basyp properties diýseň link görkezer!!

Ol player'i goryan bolsak bolmajakmy ?! Goni link'i goyanyn govy bolaymasa ondan!

emngkam ilki sorady onsang

emngkam ilki sorady onsang menem basdym welina chaydy:)) wijik men dinglap bilyan::)

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Köp Bolsa -

Köp Bolsa - Magtymguly

Akylsyzlar akyl gözlär, zeýrener,
Akyl bolan diýer: "Aklym köp bolsa"
Mert ýigitler gylyjyna daýanar,
Namart tutabilmez, golda çöp bolsa.

Sen bardyr, hasapsyz bolan pidalar,
Her günüň pikir eýlär ýören gedalar,
Haznasyn dolduran berkarar şalar,
Gunde bir öýlener, keýpi kök bolsa.

Namart gorkar goç ýigidiň adyndan,
Öýünde telmurar merdiň badyndan,
Dertli gullar ömür salmaz ýadyndan,
Lukmanyny, kylan emi nep bolsa.

Dert zyýat bolmasa, dertli samramaz,
Ýetse akyl, biakyllar ýaňramaz, .
Misgin düşen Magtymguly eňremez,
Ýüreginden gam-gussalar dep bolsa.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Myrat Ömürüň goşgularyndan

***

Gara başym gaýgym däl,
Ýollar ýatyr kötelli.
Nämeüçindir bilemok,
Aladalr köpeldi.

Sowal berýän özüme,
Hem soraýan hasabat.
Bir başa ýüz müň hyýal,
Gymmat maňa her sagat.

Belki-de men alňasap,
Aşa köp zat isleýän.
...Oýlanara wagt ýok,
Kim-kä meni gyssaýan?

***

Dünýäde sensiň belendim,
Mähribanym, käbäm ejem.
Didaryň küýsäp elendim,
Mähribanym, käbäm ejem.

Ukusuz geçende gijäň,
Aýralyga düşdi bijäm.
Nirede sen nury didäm,
Mähribanym, käbäm ejem.

Maýyl bolup hüwdülerňe,
Kän garaşdym seüýň gelerňe.
Gelde bir balaňy görle,
Mähribanym, käbäm ejem.

Gül ýüzüň sypanda elim,
Bagryňa basypdyň telim,
Maňlaýyňdan bir öpeýin,
Mähribanym, käbäm ejem.

***

Bu ýerler ümsümlik, bu ýer asuda,
Otyryn oýlanyp ýatlap geçeni.
Ak guwlar erkana ýaýnap ýör suwda
Ýatladyp meň ak gyňaçly ejemi.

Maňa oglanlykdan tanyş bu ýerler,
Gelmesem, görmesem ýüregim gysdy.
Belki-de bu ýerde suw persi görner,
Bu ýerler şeýle bir gözüme yssy.

Dur, honha kenarda kökerlen gaýyk,
Kürekler sypaöar tolkunlaň gerşin.
Ýadymda jüm-jüme käýnegiň geýip,
Elleň bedreli kenarda durşuň.

Bu ýerler ümsümlik, bu ýer asuda,
Otyryn oýlanyp ýatlap geçeni.
Ak guwlar erkana ýaýnap ýör suwda
Ýatladyp meň ak gyňaçly ejemi.

***

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bagyshlang welin Myrat Omur

Bagyshlang welin Myrat Omur kim?
_____________________________
Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

myrat omir Maryle bilemok

myrat omir Maryle bilemok tochno welin wekilbazar etrabynda polisiya ishgari bolmaly. sen garrama ejejan diyen aydymam shong sozlerine oytyan. ol aydym bar bolsa ceriumoxide agamyz hem shu yere pylchap goyberse:);)

Aytdygyn gutardy ;) Mena

Aytdygyn gutardy ;)
Mena aydymyn pylçayyn, senem boşurak wagtyn sözüni çyrşa! :)



Sen garrama Ejejan - Kakageldi Çaryýew


Maru Şahu Jahan

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "cool:)"

Оз язан гошгым. Баха берин!!

Гозлерин сенин

Мен сенин гозлерин тарыпын этсем
Гозлерин оран бир жадылы сенин
Шол жадылы гозе середен вагтым
Бирденка соваяр менин беденим

Сенин гозлерине середен вагтым
Горйарин дунйани сенин гозленде
Сенин гозлерине середен вагтым
Тазеден гуйч гелйар мен бедениме

Гозлерин шейле бир манылы сенин
Гойа бу дунйанин манысы сенсин
Манысыз затларын хеммесинеде
Маны гатып отур сенин барлыгын

Гозлерин шейле бир овадан сенин
Билйарин дунйанин гозели сенсин
Гормексиз затларын хеммесинеде
Безег берип отур сенин сыратын

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

sağja bol!!

Kawagt joşyanlay.

Köñül

Köñül arzuwy

Gyz-gelinleñ nur çaýylan ýüzünde,
Näzli bakyş bilen ýylgyryş bolsun.
Arzuwlan ýigidi durup sözünde,
Daşyny penalap, göwündeş bolsun.

Ýürek gyýlyp, ýüze ýygyrt düşmesin,
Ak ýolunda päli bozuk duşmasyn,
Dogan güni wagtyndan öñ ýaşmasyn,
Köñül ganat baglap, wagty hoş bolsun.

Bagra bassyn ak posalak bäbegi,
Gama batyp gabarmasyn gabagy,
Naz-nygmatdan dolup dursun tabagy,
Görünmez apatlar ondan daş bolsun.

Haýa-şerim bolsun ömür hemrasy,
Arşa göterilsin göwün telwasy,
Göreniñ durmuşa artsyn höwesi,
Töri bezäp duran galam-gaş bolsun.

Edep bolsun nurly ýüzüñ tuwagy,
Ýyly mähri bilen çoýsun ojagy,
Waspyna söz saýlap gowudan gowy,
Şahyryñ ylhamy mydam joş bolsun.

G.Sapargylyjow- Balkan gazetinden

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "prosto super.. gaty haladim..:)"
  • loverman 1 telpek goyyar we yazyar: "goşgy diyip şuna aydaysan"
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

aydymy edindim

aydymy edindim welin..aytjak dal diyya bula:(