Watansöýlerlik alnan, has dogrusy alynmadyk sözlerdemi?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Soňky döwür aý üçin, käbiri gün üçin ýazgardylar täze kararlary. Nämemiş, biz türkmen adyny dakyp bilýärkäk, başga atlary dakýarmyşys.
Diliň tämizligi gaty wajyp zat, muň bilen jedel etmek gerek däl! Eger biri bilgeşleýin, meýletin başga dilde gürleşse, ýa öz erkinde bolsa-da başga dili garsa, şony problema görmese eýýäm bu belki azda-kände watançylyk duýgusy barada informasiýa berer.
Emma bir tebigy prosess bar, olam dilleriň biri-birine täsir etmegi. Dünýäniň iň baý dillerem biri-birinden asyrlar boýy täsir alandyrlar, ýagny arapça parsçadan, parsça türki dillerden, türki dilleri başgalardan. Sorag, "käbir sözleri ulanmak hökmänmy? Türkmençe garşyly barka, ony ulanmak gerekmi?". Alnan sözler bilen diliň gurluşy üýtgänok, esasanam globallaşan dünýäde, söz alman gezmek gaty uly kynçylyk.
Men eýýäm şu tekstiň içinde azyndan 5-10 sany alynma söz ulandym, ýogsam türkmen sinonimlerem bar:
1. problema-kynçylyk
2. informasiýa-bilgi
3. sinonim-bir meňzeş manyly sözler
we ş. m. Ýöne meň pikirimçe munyň ýaly sözler diňe türkmençä däl, her dile baryp ýetdi we bu adamzadyň durmuşyny ýeňlemek üçin alnan sözler. Şeýle sözleri kabul etmeseň, onda bir topar täze zatlar oýlap tapmaly bolýar...
Men 100% bilýän, bizde şeýle alnan atlar diňe aý atlary däl, eger hersini üýtgetmekçi bolsak, onda türkmençe häzirki görnüşinde galmaz. Ýöne men biziň bolşumyzda uly many göremok, bizden gadymy medeniýet bolan hindileriň dili arap, parsy we türki sözlerden doly, olara namys däl, bize namys. Başga-da mysal kän, ýöne aýtsaň aýdybermeli. Bize Awgust diýmek şeýle agyr düşýärmişin...
Onda Nebula, Andromeda, şahyr we edebiýat ýaly sözlere, kitap we mekdebe, ruçka we ýene ýüzlerçe söze garşylyk gözläp başlalyň.
Şu ýerde gowy garşylyk tapsaňyz ýazaberiň! Men bir göreýin...

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bolyar,ay atlary onkusinden

Bolyar,ay atlary onkusinden uytgetmek yalnysh karar bolup biler.Emma eyyam uytgedildi we taze atlary ulanylyar.Name uchin tazeden yzyna uytgetjek?Manysy barmy uytgetmegin?Dursun shu wagtky durshy yaly,uytgemesin.

TDH'nyn aydyşyna

TDH'nyn aydyşyna göra:
"...Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa çykyş edip, kanunçylyk reformasynyň barşy hakynda habar berip, onuň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmekde eýelejek ornunyň ähmiýetini belledi.

Mejlisiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize dünýäniň köp ýurtlarynda ýörgünli ulanyşda bolan milady senenamasyna, şeýle hem türkmenleriň asyrlaryň dowamyndaky ulanan, goňşy döwletlerde hem ulanylýan gündogar hepdenamasyna geçmek barada ýurdumyzyň raýatlaryndan ýüzlerçe teklipleriň gelip gowşandygy barada habar berdi. A.Nurberdiýewa bu meseläni Mejlisiň nobatdaky sessiýasynyň gün tertibine girizmek teklibi bilen çykyş etdi..."
"hatanın neresinden dönsen kardır" diyilyan söz bar türkçe-de; Hiç-kim ony ulanmayan bolsa; mundan başga sebap we mümkinçilik gözlemek gerek dal.

________________________________________
Dünyade ahli zat kyn, hatda pikirlenmek hem...

Oz adyna gurlesene Myrat,

Oz adyna gurlesene Myrat, "hichkim" diyer yaly kim sen ?? Gitde mekdep okuwchylaryndan sora, sholar taze ay atlaryny konelerden kem bilyan bolsalar gelay onson. Ulylar hich hachan, hich zadam basym owrenenokdylar we tazelige hemishe diyen yaly gulup garanoklar, yone bu dine oz shahsy islegleri sebapli 1 zatlar etmek isleyanler uchin bahana bolup biler, yeterli sebap dal.

ýurdumyzyň raýatlaryndan ýüzlerçe teklipleriň

Che wrote:

ýurdumyzyň raýatlaryndan ýüzlerçe teklipleriň

Bah, rayatlaryn pikirlerinin bardygynyn şu wagt yatlaryna düşayşini...
Bu 'yüzlerçe teklipler' şu wagta çenli nirelerde garaşdy-ka, gel gel halk birden önki aylara geçesi gelipdir...
Taze aylar Türkmençe (yada Türkmene has yakyn) bolany için halk 'uytgedilmegini' isleyarmi-ka?
Düyn şeyle, bugün beyle, ertir yene başga atlar...Her 6-7 yıldan taze atlar...
Şu taze 'milady senenamasyna' göra goyuljak ay atlarynyn içinde sonky döwür hemmamizin in köp eşidyan atlarymyzyn hem 1-2 sanysy çykaysa gen görünmezdi..Belki ör turup el çarpyşardyk..
Şu gelyan 'yüzlerçe teklipleri' köpeldip 1-2 milyona yetirip bolsa we 1-2 milyon teklibin içinden in köp teklip edileni saylap alynsa we saylanjak atlar in az 50-60 yıl uytgemese...Belki adalatlysy bu bolardy..
Hem-de Türkmenler haysy asyrdan başlap 2-nji güne Sişenbe yada 6-njy güne Şenbe diyip başlady? (onda ın azyndan, sişenbanin 2-nji bognundaky 'n' harpyny 'm' harpyna öwrelin Türklerin beyleki günleri edişine menzeşrak)..
yagny, eğer Türkmen sözlerini islemeyan bolsak hem, Pars yada Roman sözlerini Türkmen dilinin ayratynlyklaryna mahsus şekilde öwrüp ulanalyn...

Bir tarapdan goşulýan,

Bir tarapdan goşulýan, halka danyşman, pikirini soraman ÝENE üýtgedýäler. Ikinji tarapdan, syýasy aý atlaryndan dynylýar, olam gaty erbedem däl. IMHO
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

globalleşmek we medenyetden tasirlenmek....

İndustrial revelutiondan songra dunya boyunça globallaşmak başlady.. halklar, milletler, topmlumlar has hem yakynlaşdy. taryha sereden wagtymyz yer yüzünde beyik yaşayyş medenyeti guran milletler hazir hem dünya medenyetinde hem-de ahli dillerde özününg üstünlügünü dowam etyar. yewropa dillerining hemmesi ROMA imperiyasynyng dili bolan Latin hemde özboluşly medenyetleri bilen we pelsepe ylymynda görkezen özgermeleri bilen tanalyan Grek dillerinden gözbaşyny alyar. Asya döwletlerining köpüsünde bolsa arap we pars dilleri yaygyn.
meng asyl diyjek bolyan zadym 21-nji asyrda garaşsyz bolup, yer yüzünde amala aşyrylmadyk reformiyany etjek bolmak manysyz. elbetde halk haçanda öz dilini beyleki dillerden ayyryp, taze bir yaşayyş medenyetini kemala getirende mümkün, yöne ol döwür hem bize entek gelmedi.

onsong hem dildaki özgörüşler döwlet politakasy tarapyndan dal-de medenyting guryjylary bolan alymlar we yazyjyl tarapyndan bolmaly. haçanda inglis dilining reformalaryna seretjek bolsak dil bilimi halk tarapyndan dalde dilçiler tarapyndan tazelense uly uly problemalar yüze çykyar. angilyada 17-nji yüzyylyng dilçileri yazylyşy Latinleşdirmek üçin bir refprm geçirdiler we şondan bari native speakerler hem spelling kanunlayny bilmeyarler. sebabi hiç kanun yok okamak bilen baglanyşykly.. mysal üçin GHOTİ diyip yazylan zady men FİSH diyip okap bilyan kanunlardan yola çyksam. rough kelimesindaki GH, F diyip seslenirilyar, women-daki O,İ diyip seslendirilyar we nation-daki Tİ Ş diyip seslendirilyar. asyl geljek bolyan temam dilde reforma geçirmek diymek GYZLANG MODA GORA EŞİK ÇALYŞMASY DAL, SAPARMYRAT WAGTY GURBASOLTAN BOLSU, BERDİMUHAMMET WAGTY HEM GURBANGULU BOLSUN DİYER YALY.. EGER ŞEYLE REFORMA BOLAYSA MENA GYNANARYN BİR TÜRKMEN BOLUP, özümüng hem gerek mejek yerlerde daşary yurt dillerini ulananym üçin bagyşlang, türkmençe terminleri yatdan çyrdym...

uzyn yazgy okamayanlar üçin gysgaça

dili üytgetmek GYZLANG MODA GORA EŞİK ÇALYŞMASY DAL, SAPARMYRAT WAGTY GURBASOLTAN BOLSUn, BERDİMUHAMMET WAGTY HEM GURBANGULU BOLSUN DİYER YALY..

Aý şeýle aý atlary bize

Aý şeýle aý atlary bize wajyp bolsa, geliň onda HAKYKY türkmen aýlaryna geçeliň, ýagny Rejep, Oraz, Remezan we ş. m. aýlar!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

oraz bilen ramazan bir ay

oraz bilen ramazan bir ay how:D:D

Wiý hawa... bagyşlaň

Wiý hawa... bagyşlaň bulaşdym :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

HAKYKY türkmen aýlaryna geçeliň, ýagny Rejep, Oraz, Remezan

Rejep, Oraz, Remezan - bularyn ahlisi hem Türkmen dal atlar....
Nirede Hakyky türkmen atlar?????