::bulary bilyarmidiniz::ya da ::muny bilmek gyzykly::

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

SSSSSSSSSSSSSSS... salam ... aşakdakylaryn hemmesini okamazdan ön bilyadim diyene telpek.. dal:) gyzykly bolandyr diyen temenni bilen vVv

PS: terjime

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "gaty gyzykly!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

 Turkiýede Mehmet adynda

 Turkiýede Mehmet adynda 1 million 229 müň adam bar.
 Dünýädäki gury ýerler her ýyl biri-birlerine takmynan 1sm. ýakynlaşýarlar.
 Ege deňzi öň gury ýerdi. Bolup geçen ýer yranmalary netijesinde Ege deňzi meýdana geldi.
 Aslynda kyrkaýaklaryň hiç bir görnüşinde kyrk sany aýagyň ýokdugyny bilýärdiňizmi?
 Gurbagalaryň zäherli möjek ýuwudanlarynda ary ýaly garynlaryny agyzlaryndan çykaryp arassalaýandyklaryny bilýärdiňizmi?
 Bir düýeguşuň gözi beýnisinden uludyr.
 Bir krokodiliň gözleriniň arasyndaky uzaklyk aýaklarynyň ululygyna deňdir.
 Aýy hinleriniň girişleri elmydama demirgazyk tarapa bakýar.
 Adamyň elindäki iň haýal ösýän dyrnak başam barmagynyň dyrnagydyr. Iň tiz ösýän dyrnagy bolsa, orta barmagynyň dyrnagydyr.
 Gawaý harplygynda diňe 12 sany harp bar.
 Günorta Koreýanyň paýtagty Seul Koreý dilinde “paýtagt” diýmekdir.
 Kanada gyzyltenlileriň dilinde “uly oba” diýmekdir.
 Sahara çölüniň Tidikelt bölegine on ýylyň içinde hiç hili ýagyş ýagmandyr.
 Prezident John F. Kennedy ýigrimi minudyň içinde 4 sany gazet okap bilýärdi.
 ABŞ-da ýaşlary 20 bilen 29 aralygynda bolan gara tenli erkek adamlaryň üçden biri ýa tussaglykdadyr ýa-da göz astynda tutulýandyr.
 Bir erkek adam ömrüniň ortaça 3350 sagadyny diňe sakgalyny syrmak üçin sarp edýär.
 Geçen 3500 ýylyň diňe 230 ýyly parahatçylyk içinde geçdi.
 Hallan atýan oturgyçda hiç durman hallan atma rekordy 440 sagatdyr

----------------------------------------------------
Başa iş düşende hasratam gerek!
Yöne olam gerek öz çeni bilen!
Öz ilin hasratyn çekenin daldir,
Öz derdine aglap geçenin bilen!

 Adamyň saçy 3

 Adamyň saçy 3 kilogramlyk ýüki göterip biljek güýçdedir.
 Beethowen saz düzmezden ozal kellesini sowuk suwa sokýardy.
 Dünýädäki haýwanlaryň 80 göterimi alty aýaklydyr.
 Uranus ýalaňaç göz bilen görüp bolýan ýeke-täk planetadyr.
 Kapitan Kuk Antraktidadan başga ähli gury ýerlere aýak basan ilkinji adamdyr.
 Bir ummanyň iň çuň ýerinde demir topuň düýbe çökmegi üçin bir sagatdan hem gowrak wagt gerek.
 Şu güne çenli hasaplanan iň uly buz dagy 200 mil uzynlygynda we 60 mil giňligindedir. Ol Belgiýadan has uly bir meýdana eýedir.
 Çarles Dikkens ukusyzlyk keseline tutulypdy. Ýüzüni diňe demirgazyk tarapa öwürse uklap biljekdigine ynanýardy.
 Şu güne çenli ýazga geçirilen iň uly tolkun 1971-nji ýylda Ýaponiýanyň Işigaki adasynda 85 metr beýikliginde bolup geçdi.
 Bulutsyz bir gijede ýalaňaç göz bilen 2000 sany üýtgeşik ýyldyzy görmek mümkin.
 Norwegiýanyň demirgazygynda tomsyna 14 hepde boýunça gije-gündiz günli, ýagny gündiz şekilinde geçýär.
 Hindistandaky ýyllyk dogýan çagalaryň sany Awstraliýanyň ilat sanyndan köpdür.
 Russiýanyň dörtden bir bölegini tokaýlyklar tutýar.
 Taryh boýunça tapylan altynlaryň 200 essesinden gowragy häzir ummanlarda bardyr.
 Itleriň der mäzleri aýaklaryndadyr.
 Hyýaryň 96 göterimi suwdur.
 Bir kg. Limonda, bir kg. ýer tudanasyna garanyňda has köp şeker bardyr.
 Peruda hiç hili umumy hajathana ýokdur.
 Krokodiller reňk körleridir.

----------------------------------------------------
Başa iş düşende hasratam gerek!
Yöne olam gerek öz çeni bilen!
Öz ilin hasratyn çekenin daldir,
Öz derdine aglap geçenin bilen!

 Ýarym kilogram bal

 Ýarym kilogram bal ýygnap bilmek üçin arylar 2 milliondan gowrak güle gonmak mejburyýetindedirler.
 Wenus sagat ýönünde aýlanýan ýeke-täk planetadyr.
 Fransiýa iň köp asfalt düşelen ýola eýe bolan ülkedir.
 Jadyly söz “abrakadabra” ilkinji gezek ýokary derejeli gyzgyny bolan hassalaryň gyzgynlaryny peseltmek üçin ulanylypdy.
 Albert Einşteýn dokuz ýaşyna çenli düzgün gepläp hem bilmändir.
 Effel galasynyň depesine çykylýança 1792 sany basgançagy geçmeli.
 Çagalar ýaz aýlarynda has tiz ösýär.
 Ortaça her dört amerikan adamyň biri teleýaýlyma çykýar.
 Ýatýan wagtymyz telewizor görýän wagtymyza görä has köp kaloriýa sarp edýäris.
 Kebelekler tagamy aýaklary bilen alýarlar.
 Orta hasap bilen her ýyl eşekler tarapyndan öldürülýän adam sany uçar heläkçiligine garanyňda has kändir.
 Aýal adamlar erkek adamlara garanyňda iki esse köp göz gyrpýarlar.
 Gözleri açyp asgyrmak mümkin däldir.
 Piller böküp bilmeýän ýeke-täk süýdemdirijidir.
 Elektrikli oturgyç bir diş doktory tarapyndan oýlanylyp tapyldy.
 Bir garynjanyň ysyrganma güýji iň azyndan itiň ysyrganma güýjüne deňdir.
 Amerikan howaýollary 1987-nji ýylda uçuşlarda ýolagçylara hödürlenilýän ertirlik naharlarynda her tabakdan 1 sany zeýtin aýryp, 40 müň dollar gazanç etdi.
 Ýaş aýy iň azyndan bir at ýaly tiz ylgap biljek güýçdedir.
 Syçanlar gaýtaryp bilmeýärler.

 Asgyran wagtyňyz

 Asgyran wagtyňyz ýüregiňiz bilen bilelikde hemme funksiýalaryňyz bir az wagtlyk durýar.
 Bir garynja öz agramynyň elli essesini göterip bilýär.
 Krokodiller dillerini agyzlarynyň daşyny çykaryp bilmeýärler.
 Žirafalaryň 35sm. uzynlygynda gara dilleri bardyr.
 Delfinler bir gözleri açyk halda uklaýarlar.
 Kengrular yzlygyna böküp bilmeýärler.
 Bukingam köşgünde 602 sany otag bar.
 Täze Zealandiýa dünýäde her dürli yklym görülýän ýeke-täk ülkedir.
 Dünýäde her adamyň başyna 1 million garynja düşýär.
 Sag ellerini ulanýan adamlar çep ellerini ulanýan adamlara garanyňda dokuz ýyl uzak ýaşaýarlar.
 Şu güne çenli bilinýän iň agyr böwrek daşy 1,36 kilogramdyr.
 Dünýäde iň tiz ösýän ösümlik bambu agajydyr. Ol bir günde 90 sm. ösýär.
 1979-njy ýylyň Baýdak aýynyň 18-nde Sahara çölüne gar ýagdy.
 Bir adam bütin ömründe alty piliň agyrlygyna deň mukdarda iýmit iýýär.
 Hapa gar arassa gara garanyňda has çalt ereýär.
 Saudy Arabystanda hiç hili çeşme ýokdur.
 Pablo Pikasso pulsuz bolan ýaşlyk ýyllarynda çeken suratlaryny ýakyp ýylanýardy.
 Amerikada her gün ortaça üç sany jynsyýeti üýtgetme operasiýasy geçirilýär.
 Adam beýnisiniň 80 göterimi suwdur.
 Amerikada her sagat 40 adam rak keseli sebäpli ölýär.
 Beýnimiziň agyrlygy orta hasap bilen 1,3 kilogramdyr.
 Biriniň ýüz keşbini ýada salmak üçin beýnimiziň sag tarapyny ulanýarys.
 Bir adam günde ortaça 23 müň gezek dem alyp berýär.
 Pengwin ýüzüp bilýän, ýöne uçup bilmeýän ýeke-täk guşdur.

 Baýguş gök reňki

 Baýguş gök reňki görüp bilýän ýeke-täk guşdur.
 Bir adam ömrüniň ortaça 2 ýylyny telefonda gürleşip geçirýär.
....

ay şugüne yüreginiz bulanyp gidendir munça yazgyny okap.. ay men in gowusy azajyk bes edeyin.. yene de bir tam hekaya bar türkmen dilinde.. olaram wagty bilen yetireris da..

saglygynyz..

PS: bahana bilen menem peydalandym.. menem okadym. bolmasa gündelik durmuşda okamak endigim az.. :)