:: türkmençe yazgylar yygyndylary::

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we myhmanlar! uzak wagtdan bari açayyn diyip yören mowzugymy şugün açayyn diydim.. Kimem bolsa biri açmalydy.. Belki sizi azajyk oylanmaga duçar eder.. belki sizin yalnyzlygynyzy paylaşjak yoldaş bolar.. belki de suwun guma sinişi yaly yüreklerinize sinip gider.. ya da daşy ölleyşi yaly ilki öllar.. sonam gurap gider.. ay munça edebiyat yeterlik bolandyr la.. kan bulaman göni aydayayyn la.. Şu yere gysgaça gyzykly rowayatdyr hekayatlary başdan geçirmeleri goymakçy..

Ön başga dillerde okan bolmagynyz mümkin.. yöne men yene de türkmen dilinde yetirmegi makul bildim..

PS: yazgylary dine copy paste edendirin.. çeşme yazylmandyr.. Yazyp mana yetirenlerden o dünye bu dünye hasan eten.. Alla razy bolsun.. Başladym onda..

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "hemmesi üçin bir telpege az hem welin:D"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

HEKAÝAT. Anuşirwan Adyl

HEKAÝAT. Anuşirwan Adyl kapyr halynda wepat bolupdyr. Halaýykdan biri düýşünde Anuşirwanyň hoş-horram halda oturandygyny görüp, sorapdyr:
- Bu derejä neneň ýetdiň?
- Günäkärlere rehim-şepagat etmedim. Günäsizleri ynjytmadym.
- Eger kimdir biri beýleki birinden haýyr we ýagşylyk görse, özüni onuň öňünde borçly duýup, oňa hormat goýup, ýagşylyk we yhsan etmegi başarsa, onuň hakyny ýerine ýetirse, şol adamkärçilikdir we kişilikdir. Hakykatda patyşalaryň döwleti we hormaty goşun, il we ýurt bilendir. Eger goşun, il we raýat bolmasa, patyşalyk mümkin däldir.
Şonuň üçin goşunyň, iliň we raýatyň gadyryny bilmän, olary hoş tutup, mähremlik etmese, naýynsaplyk bolar.
- Ýowuzlaryň gulagyny burup, temmi berip, soň ýene-de eline güýç bermek, gurdy tutup, ant içirip, goýun ynanylyşyna meňzär. Ogra, haramylara we şerçilere ynanmak bolmaz. Betkärligi mälim bolan kişini kowup ilden çykarmakdan ony öldürmek ýegräkdir, ýagny ýylany öz öýüňden alyp, goňşy öýüne kowmak gowy däldir.
- Patyşa gaharlanýan we gazaplanýan wagtynda gyssanmaçlyk etmeli däldir. Sebäbi dirini öldürip bolar, emma ölüni direldip bolmaz, döwügi bitin edip bolmaz, bitini syndyryp bolar.
- Wepat bolan kişiniň malyny, dowaryny öýsüzlere bererler. Patyşalaryň hümmetli we döwletli elleriniň onuň kibi mala bulaşmagy laýyk däldir. Geldi-geçer dünýäde ýagşy atdan gaýry zat baky galmaz.
-Ylalaşyk we ýaraşyk eden duşmanlary dargatmak bolmaz. Tersine, olardan birnäçesini dost ederler, getirerler.
- Biadyl patyşa dary ýa-da arpa ekip, bugdaý isleýän ekinçä meňzär.
- Ejiz we güýçsüz bendeleri gaty ynjytmazlar. Sebäbi garynjalar agzybirlik bilen gaplaňy ýa-da arslany güýçden gaçyryp bilerler.
(Birinji kitap, 90-91-nji sah.)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Rowaýat: soltan Mahmyt

Rowaýat: soltan Mahmyt Gaznaly ilatyň arza-şikaýatyna mydama uly üns beripdir, dergähine gelen her bir adamyň sözüni üns berip diňläp, onuň islegini bitirmäge çalşypdyr.
Bir gezek soltanyň huzuryna gorkudan yana sannyldaýan egbar kişi gelipdir, ol soltanyň aýagyna ýykylyp, aglap, derdiniň agyrdygyny aýdypdyr. Soltan ol kişini ýerinden turuzyp, arzy-halyny howlukman, aljyraman gürrüň bermegini talap edipdir. Gelen kişi soltanyň ýasawullarynyň birinden arz edipdir. Jebir çekeniň habaryna görä, ýasawulyň günde günaşa gelip, meýlis guraýandygyny, gyzynyň namysyna degendigini, kä günler dosty-ýarlary bilen gelip, tä daňdana çenli meýlis guraýandygyny gürrüň beripdir. «Eger arz etseň, öldürerin» diýendigini aýdypdyr. Jebir çeken görgüli indi ýasawula iýdirip-içirere hiç zatlarynyň galmandygyny, bu hakda ýasawulyň eşitmek hem islemeýändigini aýdyp, çykalga tapmaýandygyna, barja süýşürintgileriniň gutarandygyna gynanyp, zar-zar aglapdyr.
Soltan jebir çekene şeyle diýipdir:
— Men saňa hemaýat ederin. Saňa sütem eden kim bolsa-da, soltanyň ogly bolsa-da, jezasyny çeker. Häzir öýüñe gaýt. Seniň bilen meniň adamlarym gatnaşykda bolarlar. Şol nekgende gelende sen biziň adamlarymyza habar ber. Nädip habarlaşjakdygyň barada seniň bilen meniň adamlarym anyk gürleşerler. Sen habar berensoň, yzyny özüm oňararyn.
Soltan üç gün garaşýar. Üçünji gün agşam nekgendäniň gelendigi baradaky habary eşiden soltan şol öýe ugraýar.
Soltan nökerlerine öýüň daşyny gabamagy buýurýar. Soltan jebir çekeniň öýüne kürsäp girýär-de, ilki bilen çyrany depip öçürýär. Soňam palazanyň kellesini pyzlandyryp goýberýär.
Içeri dym-dyrslyk bolýar.
Ähli kişi soltanyň bir zat diýerine garaşýar.
Soltan demsalymdan soň çyrany ýakmagy buýurýar. Çyrany ýakýarlar.
Soltan gorky bilen ýerde ýatan kellä seredýär. Soňam uludan demini alyp, töweregine garanjaklaýar:
Derrew ýok ediň! Içerini tertibe salyň. Soltan bir gyra çekilip, öý eýesine ýüzlenýär.
— Men gaty aç, iýer ýaly bir döwüm nan ber! Öý eýesi täzeden saçak ýazýar.
Soltan nany suwa batyryp, işdämenlik bilen iýmäge başlaýar. Ol hiç kime seretmän, başyny aşak salyp çörek iýýär. Aňyrsyna il gonan soltan öý eýesiniň özüne aňkarylyp seredýändigini aňyp, çalaja ýylgyrypdyr:
— Men seniň geňirgenmäňe düşünýärin. Ýöne sen menden aýyplaşma. Meniň ýanyma baryp gaýdanyňdan bäri men bir döwüm çöregem iýemok. Üç günläp bokurdagymdan hiç zat geçmedi. Seniň gürrüň beren zatlaryň meniň ýasawullarymyň edip biljek haýasyzlygyndan çökder göründi. Onsoň bu çökder etmişi edýän meniň oglum bolaýmasyn diýen güman döredi. Şu gümanam meni maýyrdy. Gije uklap hem bilmedim. Üç günki çeken içki güzaplarymy hiç bir güzap bilen deňeşdirer ýaly däl. Ýöne, her näme-de bolsa, meseläni adalatly çözmeli, şa kürsüsinde meni Allatagala oturtdy. Onsoň oňa ikilik etmäge ygtyýarym ýok. Gelen dessime çyrany söndürmegimiň hikmeti oglumyň ýüzüne gözüm düşse, atalyk söýgim erkimden rüstem geler öýdüp gorkdum. Çyra ýakylanda etmişi eden palazanyň oglum däldigini görenimde, gerdenimden maýryp barýan ýük aýryldy. Ýasawuluň kellesiniň ýerde ýatandygyny görenimde, süňňümde yeňillik döredi. Şol pursat hem üç günüň açlygy özüni bildirdi.
(Ikinji kitap,137- 138-nji sah.)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Çaganyzdan hat geldi

ÇAGAŇYZDAN HAT GELDİ

Mähriban ejem we kakam. Ähli duýgularymy, pikirlerimi beýan edip bilýän bolsam, şu aşakdakylary beýan etmek islärdim. Ulaldygymça üýtgeşmelere gabat gelýän. Siziň çagaňyz bolsamam, sizden üýtgeşik häsiýetlere eýe bolýaryn. Maňa düşüniň. Tejribeler bilen öwrenýärin. Maňa düşünmek kynrak bolup biler. Maňa oýunda, dostlarymda, işlerimde erkinlik beriň. Meni her ýerde her wagt gorap horlanmaň. Hereketlerimiň, işlerimiň netijesini özüm görjek. Bolmasa ulalandygymy nädipi göreýin?! Ulular ýaly bolmak isleýän hem bolsam, käwagt çaga hereketlerini edýärin. Ýaşyma görä hereket etjek bolşumy görmediksirän bolup meni läligem etmäň. Islänimi alyp bilmejegimi bilýärin emma siz berseňizem alman durup bilemok. Maňa köp söz bermäň. Sözüňizde durup bilmeseňiz size bolan ynanjym azalýar. Maňa gönümel bolmakdan çekinmäň. Ýoldan çykyp ugradymmy, derrew edýän işlerimi çäklendiriň. Goýan düzgünleriňizi, eden gadaganlyklaryňyzy halamasamam hem, sebäbi beýle etmeseňiz kem taraplaryňyzdan peýdalanýaryn. Aýdanlaryňyzdan beter hereketleriňizi özüme endik edip alýaryn. Meni terbiýeleýän wagtyňyz goýberen ýalňyşlyklaryňyz meniň ýadymdan çykdy, emma biri-biriňize goýýan hormatyňyz azalan wagtynda meni ýaralaýarsyňyz. Bir zat aýdýan wagtyňyz gaty gaty gygyrmaň, sebäbi ýumşak, göni sözler gowy yz galdyrýar. “Men seniň ýalykam ...” diýip başlaýan gürrüňleri kellämde saklasym gelenok. Sähel ýalňyşlarym üçin kelläme kakmaň. Azajyk ýalňyşmaga rugsat beriň. Sähel ýalňyşym üçin “erbet çaga” diýmäň. Ilki meni doly diňläň, soňra bolsa eden işlerime görä jeza beriň. Meni diňläň. Sorag soran wagtym, bir zady çäksiz bilesim gelýänligidir. Jogabyňyz az bolsun, uz bolsun. Menden başarjagymdan artyk zada hantama bolmaň. Emma edip biljek işlerimi gaýgyrtmaň. Maňa ynanjyňyz berkär. Maňa goldaw beriň, öwüň. Meni beýlekiler bilen deňeşdirmäň, bu meni umytsyzlyga düşirer. Maňa uly adam ýaly daraşmaň. Derrew tertip-düzgünli bolmagymy islemäň. Wagt beriň, men her wagt dogry sözlemän bilerin. Meni gyssap aljyradan wagtyňyz, men ýalan sözlemeli bolaryn. Köp aldatsamam sogukganly boluň. Gaharlanan wagtyňyz, boýnuma alyp ýüzümi aşak sallasam, siz beterleşäýmäň. Has hem başgalaryň ýanynda ýamanlamaň. Gereksiz ýere gaharlansaňyz, boýnuňyza alyň, ötünç soraň. Bu size bolan söýgimi azaltmaz, tersine köpelder. Men siziň bolşyňyzy bilýärin, siz özüňizi ýokary derejeli görkezmäge çalyşmaň. Muňa gynanaryn. Aslynda menden garaşýanlaryňyzyň kyn däldigini bilýärin. Eger ýokardaky aýdanlarym köp bolsa, azaldaýaryn. Emma meni bolşum ýaly kabul ediň. Menden “göreldeli” bolmagymy islemäň. Men hem sizden “ýalňyşsyz ene-ata bolmagyňyzy” islemen. Biri-birimize düşünip ýaşamagymyz ýeter. Siziň çagaňyz bolmak maňa bagly däldi. Emma saýlamak maňa bagly bolsa, ýene sizi saýlardym.
Çuňňur hormatlamak bilen, çagaňyz.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

ELIŇDÄKINIŇ GADYRYNY

ELIŇDÄKINIŇ GADYRYNY BIL

Paltolary ýyrtyk-myrtyk bolan iki sany çaga gapymy kakdy:
– Köne gazetiňiz barmy, hanym?- Işim kändi. Ilki ýok diýmek isledim, ýöne aýaklaryna gözüm düşen badyna dymdym. Ikisiniň hem aýagynda köne köwüş bardy we aýaklary öldi.
– Öýe giriň, size çaý taýýarlap bereýin.- diýdim. Hiç geplemeýärdiler. Öl köwüşleri halyda yz galdyrypdy. Olara çaýyň ýany bilen bal hem taýýarlap berdim. Belki daşarynyň sowugyny ýatlaryndan çykardyp bilerin we azajyk-da bolsa çagalary ýylandyryp bilerin umydy bilen.
Olar pejiň öňünde garynlaryny ýazýarkalar men hem aşhana bardym we galan işlerimi tamamlamaga durdum. Ýöne olaryň oturan otagyndaky sessizlik ünsümi çekdi, başymy içine uzatdym. Kiçijik gyz elindäki boş käsä seredýärdi. Oglanjyk maňa seretdi we:
– Hanym, siz baýmy?- diýip sorady.
– Baýmy? Hä-ä, ýok!- diýip çaga jogap berýärkäm gözlerim birden ýanyndaky gyzjagaza tarap gaýdy. Gyzjagaz elindäki käsäni tabajygyna ýerleşdirdi we:
– Siziň käseleriňiz we käse tabajyklaryňyz bar.- diýdi. Sesindäki açlyk garyn açlygyna meňzemeýärdi. Soňra gazetlerini alyp, daşarydaky sowuga çykdylar. Sag bolsun hem aýtmandylar, ýöne bu gerekli däldi. Sag bolsun aýtmakdan has gowy iş bitiripdiler. Gök käselerim we käse tabajyklarym jübütdi. Bişiren kartoşkamyň tagamyna seretdim. Kartoşkalar gyzgyndy, başymyzy sokar ýaly öýümiz bardy. Ýoldaşym bardy we ýoldaşymyň hem işi bardy. Bular hem käselerim we käse tabajyklarym ýaly biri-birine uýýardylar. Oturgyçlary pejiň öňünden aýryp, ýerlerine goýdum. Çagalaryň köwüşleriniň yzlary heniz hem halynyň üstünden aýrylmandy. Aýak yzlaryny süpürmedim. Mundan soňra hem süpürmerin, nähili baýdygymyzy unadaýmagym mümkin belki.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

PYGAMBERIMIZIŇ

PYGAMBERIMIZIŇ JOMARTLYGY

Kerem we jomartlyk pygamberimiziň asyl aýratynlygydy. Esasan-da Oraza aýlarynda kerem we jomartlygyna çäk ýokdy.
Bir gün Resuly Ekrem (saw) öri meýdanda otlap ýören geçilerini sanaýan wagty bir adam gelip birnäçe geçisini bermegini sorady. Resuly Ekrem hem oňa ähli sürini beripdi. Ol adam sürini taýpasyna elteninde :
– Hemmäňiz musulman boluň. Muhammed (saw) şeýle bir jomart welin, garyplykdan hiç hili gorkmaýar.- diýipdi.
Resuly Ekrem (saw) kä wagt birinden bir zat satyn alardy, soňra ony ýene- -de eýesine sowgat ederdi. Özüne bir zat getirilse, ony yz ýanyndan başga adamlara sowgat ederdi. Ýanynda bir zat bir gije-de dursa oňa gynanar we birahat bolardy.
Resuly Ekremiň (saw) gelni Ümmi Seleme (ra) Ejemiz şeýle diýýär:
– Resulullanyň ýüzünde bir üýtgeşiklik duýdum. Sebäbini soranymda: “ Düýn alan ýedi dinarymy hiç kime berip bilmedip, özümde galdy.”- diýip jogap berdi.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

PANY DÜNÝÄ Ýakyn dostum

PANY DÜNÝÄ

Ýakyn dostum 3-4 ýaşyndaky ogluny gujagyna alyp, aljyraňlylyk bilen barlag otagyna girdi. Oglunyň gyzgynynyň artandygyny aýtdy. Ogluna bolan söýgüsi onda uly bir gynanç we aljyraňlylyk döredýärdi. Gysga barlagdan soňra: “Iýen bir zady täsir eden bolmagy mümkin” diýenimde:
– Sowadyjydaky duran bir kilograma ýakyn buz gaýmagyň hemmesini diýen ýaly iýipdir. Biz soňunda bilip galdyk. – diýdi. Mesele düşünişilipdi. Ýöne çagasyna uly söýgisi bolan atany köşeşdirmek çagany sagaltmakdan has agyr düşüpdi. Şol sebäpli çaganyň kakasyny nähili derejede söýýändigini görkezmek üçin we hassalanmagyna sebäp bolan zadyň buz gaýmakdygyny anyklamak üçin;
– Oglum, kakaňy has gowy görýärsiňmi ýa-da buz gaýmagymy?- diýip soradym. Çaga:
– Buz gaýmagy...- diýip jogap berdi.
Hawa, çaga entek 3-4 ýaşlaryndady. Ol halaýan zadyna artykmaç baglanmaklygyň özüne zyýanly boljakdygyny bilmeýärdi. Onsoňam ony berýäniň kakasy bolandygy üçin ony has gowy görmelidi. Ol çaga özi üçin hiç zady gaýgyrmaýanyň, buz gaýmak ýaly bir zat bilen deňeşdirilmejek bir derejede bolan zadyň kakasydygyny biljek derejede akylly däldi. Diňe çagalyk pikirlerini aýdypdy.
Ynha, biz uly adamlar, köplenç akylsyz-pikirsiz kiçijik çaganyň halyna düşüp, bize bitmez-tükenmez nygmatlary beren Beýik Rabbimize şükür etmegimiz, iň başda Ony söýüp, Oňa baglanmagymyz gerekli halatynda ýene-de Onuň eçilen dünýä nygmatlaryny has gowy görmeýärismi? Pany dünýä durmuşyna aldanyp, gulluk wezipämizi taşlamaýarysmy? Bu pany dünýä durmuşuna artykmaç baglanmaklygyň bize zyýanly boljakdygyny bilsek-de...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

ÖZÜMIZ

ÖZÜMIZ SEBÄPLI

“Başyňyza gelýän haýsy-da bolsa bir bela-beter öz elleriňiz bilen eden etmişleriňiz sebäplidir” ( Kuran-y Kerim, Şura 30 )
Portugaliýada 27 ýaşyndaky Sofie Lagoa atly bir zenan sürüji serhoş wagty maşyn ulanandygy sebäpli ýol gözegçi polisiýalar tarapyndan tutulyp, suda tabşyrylýar.
Ol zenan örän agyr bolan bu ýol jezasyndan halas bolup bilmek üçin ussat aklawjy bolan Eduardo Borja bilen maslahatlaşýar we ony özüne aklawjy edinýär. Aklawjy wezipesiniň ähli aýratynlyklaryny ulanyp, Sofieni halas edýär.
Başyna gelen bela-beterden ders alyp akyllanmadyk Sofie Lagoa halas bolandygyny bellemek üçin bir bara gidip, serhoş bolýança içýär. Soňra ýene-de serhoş halatynda roluň başyna geçýär.
Serhoş ýagdaýy bilen ýolda barýarka birini kakyp, ony ýigrimi metr ýaly uzaklyga zyňýar. Örän agyr halda hassahana eltilen bu adam näçe alada edilse-de halas edilip bilinmeýär we şeýlelik bilen ölýär.
Sofie Lagoa tussag edileninden birnäçe gün soňra serhoş wagty maşyn ulanandygy sebäpli jeza almakdan halas eden Eduardo Borjany kakyp öldürendigini öwrenýär.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

sluchaynost.

sluchaynost.

NÄÇE MANADA DEGÝÄRIS

NÄÇE MANADA DEGÝÄRIS ?

Bir himiýa alymynyň barlaglaryna görä adamyň bahasy gülkünç diýiljek derejede pes bolup, suwdan hem arzan diýen ýalydyr. Sebäbi bedenimizde 7 galyp sabyn öndürip boljak derejede ýag, orta boýly çüý ýasap boljak derejede demir, diňe bir käse dolduryp biljek derejede şeker, bir it ketegini boýap biljek derejede hek, 2000 sany otluçöp ýakyp boljak derejede fosfor, bir kiçi topu atmaga ýetjek däri üçin potassium bardyr.
Maddy taýdan beýle arzan bolan we ýekeje organyny hem “dünýäni berseler hem çalyşman” diýýän adam özüne berlen bu sarpanyň gadyryny bilmeli we älem-jahanyň dilegçiliginden halas bolup, adamy ähli jandarlaryň soltany eden Beýik Gudrada garşy gulluk wezipelerini ýerine ýetirmelidir.
Bolmasa hakyky gadyrymyz porsamaga duran birnäçe kilogram et, birnäçe litr gan we bir üýşmek süňkden ybarat bolup galar.

Shu alymyn yazan zadyny doly

Shu alymyn yazan zadyny doly okamansyn oydyan.Doly yadyma dushenok,yone asyl barlagda gorkezmek islenilyan zat adamyn bahasy dalde nameden duzulenligi.Ol bahalandyrma bolsa kichi bir mysal bolup gelyar we mohum zat dal.Name uchin mohum dal dushundireyin.
Chylshyrymly we gymmat zatlaryn kopusi aslynda gaty arzan zatlardan yasalandyr.Meselem bir mashyny demir,rezin,mis we etc. zatlara bolup chyksan belki 50 dollaram etmez,yada el telefony arassa plastmas we demire bolsen belki 1 dollaram bolmaz.Onda name uchin biz mashyn uchin munlap,telefon uchin yuz dollarlap pul toleyas? sebabi olary sho bir bolek materialdan alyp yasamak uchin nache guych harjalyar,pul gidyar,kelle dowulyar,in esasysam halk tarapyndan talap bar.telefon alamyzda bir plastmar+alumin+birzat-birzat uchin pul tolamizokda dostlarymyz bilen telefonda habarlashyp bilmek uchin,aydym dinlemek uchin,surat almak uchin,bluetooth uchin,dash keshbi uchin pul toleyars.sho zatlar bize gerek.shon uchinem sheyle gymmat.
edil shon yalagam adamyn bahasyny et yada yag bilen dalde, pikirleri, adamkarchiligi, owadanlygy, abrayi,ustunlukleri...(dowam edip bolyar) bilen bahalap bolyar.Adamlara sho zatlar gerek,shona talap bar.
shon uchin hakyky gadrymyzyn porsamaga duran birnache kilogram et,birnache litr gan we bir uyshmek sunkden ybaratdygyna goshulamok.

Quote: özüne berlen bu

Quote:

özüne berlen bu sarpanyň gadyryny bilmeli we älem-jahanyň dilegçiliginden halas bolup, adamy ähli jandarlaryň soltany eden Beýik Gudrada garşy gulluk wezipelerini ýerine ýetirmelidir.

yokarda yazan yazgyndan gurrunin haysy sarpa barada gidyanligi dushuksiz.
onsanam adamyn "ahli jandarlaryn soltanydygyna" gynansagam goshulamok.
soltany bolmak beylede dursun,shol jandarlaryn kopusini belki bilyanem daldir adam.

SEBÄP Adatdakysy

SEBÄP

Adatdakysy ýaly köçäni burçunda bir ýetim gyzjagaz dilegçilik edýärdi. Egninde ýyrtyk geýimleri bardy. Ýüzü kirden we kesmekden ýaňa tanar ýaly däldi. Her göreniň nebsi agyrýardy.
Baý bir adam her wagtkysy ýaly şol köçeden geçýärdi. Dilegçi gyzy gördi-de ondan nazaryny sowdy. Yzyna bakman gaty gaty ýöräp gitdi. Kiýoskdan gazýet satyn aldy. Soňra-da köşk ýaly öýüne geldi. Şat günleri bardy. Her dürli naharlar bilen bezelen saçagyň başyna oturanda näme üçindir birden hälki dilegçi gyz ýadyna düşdi. Onuň gözgyny ýagdaýyna göz ýumany üçin Allanyň öňünde özüni günäkär duýup başlady. Wyždany birahatlandy:
« Name üçin Alla, bu kiçijik gyzjagazy beýle garyplyk içinde ýaşadýarka? Näme üçin oňa kömek eder ýaly bir zat ýaradanokka?»
Birden ýüreginiň töründen şeýle bir sesi duýdu:
« Ýaratdy! Seni ýaratdy we bir bölegini mätäçlere paýlamagyň üçin saňa baýlyk berdi.

ÖLENİŇ YZYNDA DOGA-DİLEG

ÖLENİŇ YZYNDA DOGA-DİLEG ETMEK

Salyh er-Mersi hakynda şeýle rowaýat bar:
Bir Anna agşamy ertir namazyny kylmak üçin metjide gitdim. Ýolda mazarlyga bardym. Öz-özüme: “Daň atýança bärde bolaýyn” diýdim. Bir gyra oturdym. Birden üstüme agyrlyk basdy we ukladym. Düýşümde, mazarda ýatanlaryň hemmesi çykyp, ak eşikde topbak-topbak bolup gepleşýändigini gördüm. Emma içlerinden biri meniň ünsümi çekdi, üsti kirli eşikli bir ýaş oglan ýalňyz otyrdy. Oturanlara üsti ýaglykly okara getirip berdiler. Hersi birini alyp içine girdiler. Emma ol oglana hiç zat gelmedi. Ol ýaş gabra girmek üçin ýerinden turdy we men oňa:
- Eý, Allanyň bendesi, sen gaýgyly görinýärsiň. Bu gören zatlarym näme?- diýdim.
Oglan:
-Aý, Salyh, gelen okaralary gördüňmi?
- Hawwa gördüm, olar näme?
-Ol okaralar dirileriň ölilere iberen sowgadydyr. Yaşaýarkalar ölülerine doga okasalar, sadaka berseler, Anna güni görşüň ýaly okaralar getirip eýelerine berilýär. Men görşüň ýaly garyp adam. Aslym Hidistanly. Gaýnym bilen haja gitmek üçin ýola çykdyk. Men Basrada ýogaldym. Ejem täze durmuş gutdy. Ol öz adamsy işleri bilen meşgullanyp meni sadaka ýa-da doga bilen ýatlamady. Dünýä ony gıýmedi. Meniň gaýgym şudur. Sebäbi men ölemsoň, meni ýatlaýan ýok- diýdi.
Men oňa:
- Ejeň öýi nirede?- diýip soradym.
Maňa ejesiniň öýini yaryplady. Ertir namazymy kyldym. Soňra düýşümdäki ýigdiň taryp eden öýüne gitdim. Gapyny kakdym. Öýden ejesi:
- Kim ol?- diýip sorady.
- Men Salyh Er- Mersi- diýfim.
İçerik girmäge rygsat berdi, we girdim:
- Seniň bilen gürrüňim bar, emma hiç kim eşitmesin – diýdim we oňa:
- Alla rehmet eýlesin seniň çagaň barmy?- diýdim
- Ỳok- diýdi:
- Şu wagta çenli çagaň bolmadymy?- diýdim
Aýal uludan dem aldy, soňra
- Hawwa, meniň bir çagam bardy . Yaşka ýogaldy- diýdi.
Şu ýerde menem oňa başymdan geçen wakany aýdyp berdim. Aýal aglamaga başlady. Soň hem şeýle diýdi:
- Ol meniň janymdy, ony garnymda göterdim, oňa süýt berdim, gujagymda göterdim, Bulary diýensoň maňa bir dirhem berdi:
- Muny meniň söwer oglum uçin sadaka hökminde paýla. Allamdan and içýän galan ömrüme ony unutjak däl, onuň üçin dileg edip, sadaka berjek- diýdi.
Soňol ýerden gaýtdym. Maňa beren puluny sadaka edip paýladym. Soňky Anna güni ertir namazy üçin metjide gidemde ýene mmazarlyga bardym. Öňki baran ýerime baramda uky basyp, ukladym. Ỳene öňki düşümi gördüm. Ol oglan ak, arassa eşigi bilen şatlykly hald gördüm. Ỳigit maňa ýakynlaşyp şeýle diýdi:
- Eý, Salyh. Alla bu eden ýagşylygyň üçin saňa köp-köp soagp bersin. Sowgat maňa-da getirildi.
Ỳigide soradym:
- Anna günini bilýäňizmi?
- Elbetde bilýäris. Guşlaram bilýär, ol gün kyýamat gopjagy üçin, gorkylaryndan, kömek, ýardam dilärler – diýdi.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Eger pygamberimiz size

Eger pygamberimiz size myhmançylyga gelse...

Bilesim gelỳär

Eger hezreti Muhammet size myhmançylyga gelse,
Diňe bir-iki günlügine,
Birden gapyňyzy kaksa,
Nämeler etjegiňizi bilesim gelỳär.

Bererdiňiz, otaglaryň gowusyn
Geleninde myhmanlaryň iň hormatlysy
Elleriňiz bilen uzadyp,
Saỳlap bererdiňiz azyklaryň oňadyn.

Ynandyrmak üçin synanşardyňyz,
Onuň bilen bile bolmagyň,
Öỳňüzde hyzmat etmegiň,
Çäksiz bagt bolýandygyny.

Emma... Ony gelỳärkä göreniňizde
Gujagyňyzy has giňden açyp,
“Hoş geldiň” diỳip myhmanyňyza.
Gapyda garşy alarmydyňyz?

Ỳa-da ... “Töre geç” diỳmänkäňiz,
Geýip iň tämiz geýimleriňizi,
Ỳa-da gizlärdiňizmi žurnallaryňyzy,
Goỳarsyňyzmy ỳerine Kur’an-y Kerimi?

Henizem edepsiz kinolary görerdiňizmi
Telewizoryňyzda?..Ỳa-da öçürmek üçin ylgardyňyzmy,
öçürỳän dügmesine basmaga?
Bimaza etmänkäňiz Pygamberimizi.

Öçürerdiňizmi radiỳony?
“Eşiden däldir-le entek” diỳip,
We aỳtmazlyga çalşarmydyňyz?
Aljyraňlylyk bilen çykan gödek sözleri.

Edepsiz aỳdymlary gizläp,
Hadys kitaplaryny ele alyp,
Açarmydyňyz tizden girsin diỳip,
Ỳa-da aljyrap durardyňyzmy, gorkudan?

Bilesim gelỳär, eger Pygamberimiz
Birnäçe günläp siziň bilen ỳaşasa,
Dowam ederdiňizmi?
Hemişelik edỳän işleriňize.
Diliňiz sözlärdimi?
Şol öwrenşen sözlerini.
Durmuşyňyz üỳtgemän giderdimi?
Edil geçmişdäki ỳaly?

Dowam ederdiňizmi gürlemäge?
Maşgalaňyzda edil öňki ỳaly.
Kyn görerdiňizmi?
Her nahardan soň töwir okamagy.

Dowam ederdiňizmi namaza?
Kyn görmän her gezek.
Turardyňyzmy her säher?
Ertir namazyny kylmaga?

Hiňlenerdiňizmi şol aỳdymlary?
Okardyňyzmy öňki kitaplaryňyzy?
Bilmesini islärdiňizmi?
Aklyňyzyň we ruhuňyzyň näme bilen doludygyny.

Bile giderdiňizmi?
Gitmek islän her ỳeriňize.
Ỳa-da üỳtgärdimi planlaryňyz?
Diňe birnäçe günlügine.

Howlugarmysyňyz tanyşdyrmak üçin?
Ony iň ỳakyn dostlaryňyz bilen.
Ỳa-da gizlärdiňizmi olary?
Birden göräỳmesin diỳip.

Siziň bilen galmagyny islärdiňizmi?
Soňsuza çenli.
Ỳa-da uludan dem alardyňyzmy?
Ahyryn gitdi diỳip.

Bilmek syrly bolsa gerek,
Siziň etjek işleriňizi.
Eger myhmançylyga
Hezreti Muhammet (S.A.W.)gelse.

önem yazypdym bir yerde..

önem yazypdym bir yerde.. yene de yetireyin..

EJEME DILEG...

Beýik Rabbim, men indi ýaş adam däl we dostlarymyň ejeleri ýeke-ýekeden bu dinýä bilen hoşlaşmaga başladylar. Dostlarym ejeleriniň gadyrlaryny bilenlerinde muny olaryň özlerine aýdyp bilmejek derejede gijä galandyklaryny aýdýarlar.
Meniň entek ýaşaýan sagdyn ejem bar. Onuň ýetip bolmajak bahasyna her geçen gün has gowy düşünýärin. Ejemiň deregine men üýtgeýärin. Ýaşym geçdigiçe onuň nähili gadyrly adamdygyna has gowy göz ýetirýärin. Ýöne bu sözleri ejemiň özüne aýdyp-da bilmeýärin. Duýgulary ýazga geçirmek bolsa aňsat.
Bir çaga özüne ýaşamagy bagyşlan enesine nädip sag bolsun aýdyp biler? Çaga ýetişdirýärkä görkezýän söýgüsine, sabyrlylygyna we gaýgylaryna näme diýjek? Indi ene bolan bir çaga entek hem özüne enelik edýän bir adama nähili sag bolsun aýdyp biler? Islenildiginde öwüt-ündew bermäge taýýar bolan ýa-da gerekli wagty sessiz bolmagy başarýandygy üçin...
Müňlerçe gezek şol bir zady gaýtalatsak-da: “Saňa öň aýtmanmydym?” diýmeýändigi üçin... Diňe özi bolandygy üçin... Söýgi we mähir bilen garaýan, sabyrly we bagyşlamany bilýän özi bolandygy üçin oňa nähili sag bolsun aýdyp bileris? Eý, Allahym! Meniň elimden Seniň ondan razy bolmagyňy dilemekden başga zat gelmeýär we onuň maňa nusga bolmagynda ýardam bereniň şükür etmekden başga edip biljek zadym ýok.
Öz çagalarymyň gözünde, ejemiň meniň gözümde bolşy ýaly, hakyky ene bolup bilmegim üçin senden dileg edýärin, Beýik Allahym.

PS: terjime

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

ELLİ ỲYLLYK

ELLİ ỲYLLYK ỲUMŞAKLYK

Garry bir är-aýal uzak ýyllardan soň gurmaklarynyň altyn ýylyny belläpdirler. Ertirlik naharyny iýip otyrkalar kempir şeýle pikir edipdir:”Elli ýyllap adamyma gowulyk bolsun diýip çöregiň ortasyny iýdim. Şu gün bir çöregiň gowy ýerini –daşyny iýeýin-le!”
Çöregiň daşyny özi alyp goja-da çöregiň ýumuşajyk içini uzadypdyr.
Kempikiriň pikir edişiniň tersine goja şadyýanlyk bilen şeýle diýipdir:
“Kempikir,elli ýyllap gowy görýän çöregiň ýumuşak ýerini iýip bilmedim. Gowy görýänligiň üçin o ýeri seniň iýmegiňi isledim.”

ENE WE ÇAGA 1

ENE WE ÇAGA

1 ýaşyňyzdakaňyz size elleri bilen seretdi, sizi ýuwundyrdy. Bütin gije aglap, ony ýatyrman sag bolsun aýtdyňyz.
2 ýaşyňyzdakaňyz size ýöremegi öwretdi. Sizi çagyranynda otagdan gaçmak bilen sag bolsun aýtdyňyz.
3 ýaşyňyzdakaňyz size aýratyn naharlar bişirip berdi. Tabagyňyzy stoluň aşagyna dökmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.
4 ýaşyňyzdakaňyz elleriňize reňkli-reňkli galamlar berdi. Öýüň ähli diwarlaryna surat çekmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.
5 ýaşyňyzdakaňyz sizi owadan eşikler bilen bezedi. Her gören palçygyňyza bökmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.
6 ýaşyňyzdakaňyz size top sowgat etdi. Goňşyňyzyň penjiresini döwmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.
7 ýaşyňyzdakaňyz sizi mekdebe çenli äkitdi. Köçelerde “Gitjek däl-ow” diýip aglamak bilen sag bolsun aýtdyňyz.
9 ýaşyňyzdakaňyz size piýanino mugallymyny tapyp berdi. Notalary bir gün hem okaman sag bolsun aýtdyňyz.
10 ýaşyňyzdakaňyz doglan günlerden başlap sizi hemme ýere maşynly äkitdi. Maşynly gideniňizde yzyňyza-da garaman sag bolsun aýtdyňyz.
11 ýaşyňyzdakaňyz sizi dostuňyz bilen bile kino görmäge äkitdi. Siz: “Sen biziň bilen oturma”- diýmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.
12 ýaşyňyzdakaňyz zyýanly telewizor programmalary görmegiňizi islemedi. Ol öýde bolmadyk wagty ol programmalaryň hemmesini görmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.
15 ýaşyňyzdakaňyz sizi daşary ýurtlara tomusky dynç alyşa iberdi. Bir setir hem hat ýazman sag bolsun aýtdyňyz.
17 ýaşyňyzdakaňyz dostuňyz bilen bile wagt geçirmegiňize rugsat berdi. Telefon hem etmän ertesi gün gelmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.
19 ýaşyňyzdakaňyz okuw çykdaýjylaryňyzy berdi, sizi maşyn bilen mekdebe çenli eltdi we goşlaryňyzy göterişdi. Dostlaryňyzyň üstüňizden gülmeklerini ismeýändigiňiz üçin onuň bilen mekdebiň agzynda sag bollaşmak bilen sag bolsun aýtdyňyz.
21 ýaşyňyzdakaňyz okuwyňyz barada size maslahat bermekçi boldy. Siz: “Men seniň ýaly bolmak islemeýärin”- diýmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.
22 ýaşyňyzdakaňyz diplom alýan günüňizde begenjinden ýaňa sizi gujaklady. Ýewropa gezelenji üçin pul soramak bilen sag bolsun aýtdyňyz.
24 ýaşyňyzdakaňyz halaýan gyzyňyzy tanamak isledi. “Wagtyny özüm bilerin”- diýip, garşy çykmak bilen sag bolsun aýtdyňyz.
25 ýaşyňyzdakaňyz toý jykdaýjylaryňyzy etdi, siziň üçin begendi we şadyýan boldy. Siz dünýäniň bir burçuna göçüp gitmek sag bolsun aýtdyňyz.
30 ýaşyňyzdakaňyz çaga seretmek hakynda size akyl bermek isledi. Siz “Indi o döwür geçdi” diýmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.
40 ýaşyňyzdakaňyz sizi tapyp, bir ýakyn garyndaşyňyzyň doglan gününiň ýetendigini ýatlatdy. “Eje, işim başymdan agdyk”- diýmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.
50 ýaşyňyzdakaňyz ol agyr keselledi, ony görmäge baranyňyzda gaty begendi. Oňa garrylaryň çaga ýaly näziksireýändiklerini aýtmak bilen sag bolsun aýtdyňyz.
Şeýlelikde bir gün..... ol bu dünýä bilen hoşlaşdy. Şo güne çenli onuň üçin etmedigiňiz näme iş bar bolsa, şol wagtyň özünde ýüregiňize bir ýldyrym ýaly bolup düşdi...

PS: hay türkmen a dalmika diyyan..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

GÜÝZÜÑ SOÑY Hijretiñ

GÜÝZÜÑ SOÑY
Hijretiñ içinde gaýnaýan bir älem bar.Ol o tarapa bu bu tarapa..diýýänçäk dünýä üýtgeýär.Bir görseñ, hemme zat ýerbe ýer.
Kiçijik otagymyzyñ oñarylmagy üçin näçe zähmet çekişimiz ýadymyza düşse bu hadysalara haýranlygymyz ýene-de artýar.Akyl bu zatlary görüp “Näme üçin şu durmaýanlar durmaýar; elmydama hereketli ýagdaýda täzelenýärler?” diýip soranlygyny duýman galýar.
Zatlaryñ tozanyny syrmak süpürmek niýeti bilen elimizi olara degirýäs welin, dynç almak üçin sagada seredenimizde eýýäm günüñ soñy gelipdir, ýene işlerimiz ýärym galypdyr.Penjirämizden daşary seredenimizde bolsa, müñlerçe mahlukatyñ diñeje dünýä gelişini, gidişini we täzelenmesini seretmek akyllary duruzjak derejede tertib we nyzama eýe.
Munuñ bilen bir hatarda her mätäjiñ mätäç bolýan zady berilýär, ryzyklary hiç umyt etmedik ýerden gelýär.Wagty gelende ýene şol bir düzgün we tertib içinde hemme zat ýok bolup gidýär.
Göýä älem hemişe we her pasyl edil bazar meýdançasy ýaly añsatlyk bilen gurulýar we arkaýynçylyk bilen ýykylýar.Bütün bu işleriñ we perdeleriñ arkasynda Belent Ýaradyjynyñ täsin we soñsuz gudraty akla görünýär.Onuñ rugsady bolmazdan, bir ýapragam ýapragam ýere düşenok (Enam:59)
Ynsan hem bu geliş we gidişleriñ manysyna düşünen mahalynda ynsanlyk mertebesine beýgelýär.Beýleki janly-jandarlardan şu häsiýeti bilen tapawutlanýar.Özüni bu pany jahana getireni, öwezini dolan mahalynda alyp gideni bilmek we tanamak bilen we şeýle hem özünden garaşylýan gymmatly wezipeleri ýerine yetirmek bilen bu mertebä çykýar.
Tersini etse sürenijilerden tapawudy bolmaz.Her tarapy ynjalyksyzlyk gaplar.Ynjalyksyzlyk bolsa hormatsyzlygy dogurar.
Adamzat şu älem agajynyñ iñ datly miýwesidir.Agaja üns berilýän bolsa bu hem diñe miýwesi üçindir.Beýle bolsa adam ölmek bilen ýok bolmaz, topraga gömülmek bilen çüýräp gitmez.Tersine edil tohum ýaly dünýäniñ güýzünde topraga düşer we ahyrýetiñ baharynda direlip hasap bermek üçin magşar gününe taýýar bolar.Makalamyzy günleriñ birinde bir diwar gazetiniñ kenarynda okan we aslyýetinde İki Jahan Soltanyna (saw) degişli bolan şu sözlemler bilen tamamlamagy makul bildik.
“Köpçülik bir ýere ýygnansa biri şeýle diýse; ‘İçiñizden agşama çenli kim ýaşar, ýerinden tursun’ hiç kim turmaga milt edip bilmez.Haýran galynjak zat şu; eger olara ‘Beýle bolsa ölüm üçin taýýar bolan ýerinden tursun’ diýilse ýene hiç kim aýaga galmaga ýürek etmez.”
Hawa, hemme zadyñ bir soñunyñ bar bolanyna görä Güýzüñ hem soñy bardyr.Yzyndan bahar, yzyndan bolsa direliş we iñ soñunda hasap bardyr.Gyzyklanyp şoña görä taýýarlanýarmykak?

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

ESGER Söweşiň iň

ESGER

Söweşiň iň gyzyşan günlerinden biridi. Esger, iň gowy dostunyň ýere ýykylyp gan içinde ýatanyny gördi. Bu söweşde garymyň daşynda bir sekunt hem durar ýaly däldi. Esger, onbaşa ýüzlenip: “Onbaşym, derrew dostumy alyp geleýin-le!”. Onbaşy “Däldirediňmi?” diýen ýaly seretdi.
- Gitseňem peýdasy bolmaz. Dostuň deşim-deşim bolupdyr. Belki ölen bolup biler. Ony alamaga gidipi öz durmuşyňy howp astyna atma! Esger ýene ýalbardy. Onbaşy:
- Bolýar, git onda, diýdi. Ynanar ýaly däldi. Esger ýagyş ýaly ýagýan oklaryň aşagynda dostunyň ýanyna baryp bildi. Ony üstüne alyp, ylgap yzyna geldi we ony garymyň içine goýdy.
Onbaşy, gan içinde ýatan esgeri barlady. Soňra ony garyma getiren esgere ýüzlenip:
- Saňa durmuşyňy howp astyna almagyňa degmez diýipdim. Gör men mamla ekenim. Bu ölüpdir.
Esger aglap:
- Degdi onbaşym, ýene-de degdi. Sebäbi ýanyna baranymda ol entek diridi. Onuň soňky sözlerini eşitmek meniň üçin dünýälere barabar. Ol şeýle diýdi:
“Geljegiňi bilýärdim, dostum, geljegiňi bilýärdim!!!...”

wopa ne dow chaldi sanga

wopa ne dow chaldi sanga tuweleme..:)

Berekella..

ha ha

Gadyr wrote:

wopa ne dow chaldi sanga tuweleme..:)

alma alaydym oydyan bahana tapaydym oydyan:) ozinem yalnysh yazypsyn:) WEPA bolmaly:)

ay men ony bilgeshleyin

ay men ony bilgeshleyin yazdim-a..:)

barde bir wepa'miz bar welin men-a ona aram-aram yopa hem diyiberyan..:)

wii, yogsa-da sizede Gadya

wii, yogsa-da sizede Gadya diyyanlerem bar ekena..Gadya Petrovich mi siz? :)

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • vatan 5 telpek goyyar we yazyar: "hahaha"

HRRRR.:)

HRRRR.:)

şu yaşa gelyançak her

şu yaşa gelyançak her hilek zat diyip gördüler.. :D

AGTYGYNDAN ALYNỲAR

AGTYGYNDAN ALYNỲAR

Bir gün bir ýaşuly gezim edip ýörkä, gözi çaýhananyň işiginde asylyp goýlan kagyza düşüpdir. Ol kagyzda: “Islän çaýhanamyza girsin, islän zadyny alsyn, iýsin. Ol adamdan hiç hili pul alynmaz, onuň agtygyndan alnar.” Ỳaşuly bu haty okanynda: “Men bary-ýogy sallah adam. Oglum ýok, gyzym ýok, agtygym-da ýok. Gel bir gowy edip garnymy doýuraýynla” diýip pikirlenipdir. Çaýhana girip iýipp bilen naharyny iýipdir. Ỳaşuly naharyny iýip bolanyndan soňra onuň öňüne iýen zatlarynyň hasabyny ýazyp getiripdirler. Ỳaşuly gapydaky ýazgyny görkezip: “Ol ýere serediň! Özüňiz bildiriş asypsyňyz. Puly menden däl-de agtygymdan almaly ahyry!”. Çaýhananyň işgärleri oňa: “Hawa, bildirişimiz ýalan däl. Ỳöne biz siziň iýen naharlaryňyzyň puluny talap edemzok. Ol puly siziň agtygyňyz tölär. Biziň sizden aljak bolýan pulumyz, siziň ataňyzyň bergileri. Ol hem bir gün gelip edil siziňki ýaly nahar iýip gidipdi” diýip jogap beripdirler we ýaşulydan puly alypdyrlar.

BATYRGAỲLYK Birnäçe ýyl

BATYRGAỲLYK

Birnäçe ýyl öň Stanford Hassahanasynda höwes bilen işleýärdim. Şol wagtlar, örän az duş gelýän bir kesele duçar bolan Liza atly bir gyzy agyr ýagdaýda tanadym. Gowulaşmasy üçin diňe bir ýol bardy, bäş ýaşyndaky oglan jigisinden gan almalydy. Oglan jigisi hem şol keseliň hötdesinden gelipdi we bedeninde ýarawsyzlygy ýeňip biljek antikoralar emele gelipdi. Men bu ýagdaýy Lizanyň oglan jigisine aýtdym we oňa gyz doganyna gan berip-bermejegini soradym. Çagajyk azajyk oýlanyndan soň, uludan demini alyp, “Bolýar, eger Liza aýaga galjak bolsa bererin.” diýdi. Gan geçirilýärkä, çagajyk gyz doganynyň ýanyndaky krowatda ýatyrdy we doganynyň ýaňaklaryna reňk geldigiçe biziň bilen bile ýylgyrýardy. Soň ýüzi saraldy we ýüzündäki ýylgyryşlar birden ýitdi. Başyny galdyryp maňä: “Indi derrew ölerinmi?” diýip sorady.
Ỳaşy kiçi bolany üçin, “ganyňy bermeli” sözlerini ýalňyş düşünipdi we ganynyň hemmesini bermelidir öýdüpdir. Dogany üçin ölmekdenem gorkmandyr.

Harezma bagyşlanyar :D

BIR SAGAT Öýüne

BIR SAGAT

Öýüne geleninde, gapyda alty ýaşlyja ogly kakasyna ýüzlendi:
¬¬ - Kaka, bir sagatda naçe manat gazanýaň?
Kakasy:
-Ol seniň işiň däl!- diýip, otagyna girdi.
Oglanjyk:
-Kaka jan! Haýyş edýän, aýdaý-diýip, bir diýenini tutdy. Ol:
-Beýle bilesiň gelýän bolsa, belle. Men bir sagatda 20 müň manat gazanýan – diýdi.
-Hä, belledim. Onda maňa 10 müň manat karz beräý-dä?!
-Seniň oýunjaklaryň üçin ýa-da şoňa meňzeş zatlar üçin mende artykmaç pul ýok. Bar otagyňa gir-de oýnuň bilen bol!
Oglanjyk sesini çykarman otagyna girip, gapyny ýapdy.
Az salym geçensoň, az-kem köşeşen kakasy oglunyň otagyna bardy.
Keýpsiz ýatan oglundan:
-Ukladyňmy?- diýip sorady.
-Ỳok.
-Ỳaňy göwnüňe degäýdim öýdýän. Işden ýadap geldim. Geregiň pul bolsun. Me, 10 müň manat.
-Sag bol, kaka jan!
Oglanjyk begenjinden bökjeledi. Soň ýassygyň aşagyndan öz sowalgalaryndan ýygnan pullaryny hem çykaryp, hemmesini goşup kakasyna uzatdy-da:
-Ynha kaka, 20 müň manat. Indi sen bir sagadyňy meniň bilen geçiräý-dä,!” diýdi.

“Bismilla” diýen

“Bismilla” diýen zenan

Bir aýal her söze we her işe başlanda “Bismilla” diýer eken. Sebäbi ol Bissimillanyň uly güýciniň barlygyna ynanar eken. Bissimilla diýip ähli zada Allanyň ady bilen başlar eken. Ol aýalyň Alla ynanmaýan adamsy bar eken. Aýalynyň her ýerde “Bismilla” diýmegine gahar edýärmiş. Ol, Bissimillanyň güýjüni ýalana çykarjak bolup bir plan düzüpdir.
Bir gün aýalyna içi puldan doly gapjygy berip, “Keýwany muny gizle, soň senden alaryn” diýipdir. Aýaly gapjygy “Bismilla” bilen bir ýere goýup, üstüni örtýär. Adamsy bolsa aýalyndan habarsyz gapjygy alyp, guýa atýar. Soňra bir gün bolsa aýalyndan gapjygy getirmesini isläpdir.
Aýaly gapjygy goýan ýerine baryp, “Bismilla” diýýär. Şol wagtyň özünde Allatagala Jebraýyl perişdä ýere inip gapjygy guýudan alyp, ýerine goýmasyny buýurýar. Jebraýyl perişde gapjygy guýudan alyp, suwy bilen getirip ýerine goýýar.
Aýaly gapjygy almak üçin elini uzadan wagty eli öl bolýar. “Bu gapjyk nädip öl bolduka?!” diýip haýran galýar. Bolan zatlardan habarsyz adamsyna eltip berýär.
Bu ýagdaýy gören adamsy şol wagtyň özünde toba edip, musulman bolýar. Mundan soňra hem her işe başlanda “Bismilla” diýmäge başlaýar.

Burny bilen okaýan

Burny bilen okaýan oglanjyk

Russiýanyň Saratow şäherinde ýaşaýan 18 ýaşly Sergeý Semirwolos, gözleriniň görüp bilýän bar zadyny “örän oňat ys alýan burny” bilen hem görüp biljekdigini aýdýar. “Izwestiýa” gazetiniň habar bermegine görä, Semirwolos kitaby gözi ýapyk halatynda-da, kitap onuň ýeňsesinde goýulsa-da okap bilýärmiş. Semirwolos gözi ýapykka ýasama kagyz pullary hakykysyndan saýgaryp bilýär. Şeýle hem ol narkotiki maddalaryň ysyny 40 metr ýaly uzakdan alyp bilýär. Semirwolos bir adamy, onuň elini ýa-da onuň teniniň degen ýerini ysgap, ol adamy 100 adamyň arasyna garyşan bolsa-da tapyp bilýär. Semirwolosyň gözlerini daňyp oňa ýapon harplaryny görkezipdirler. Semirwolos bolsa harplary ysyndan ýat tutup, olary kagyza ýazyp bilipdir.
Ýene-de bir täsinlik. Tagil şäherinde ýaşaýan Roza Ruleşowa barmagynyň uçlary bilen görüp, ýazyp, reňk saýgaryp bilýär. Bu täsinlikleriň hemmesi ruh dünýäsiniň barlygyna ýeterlik delil dälmi, eýsem? Elbet-de, ýeterlik. Bularyň hemmesi ruh dünýäsiniň bardygyna şaýatlyk edýär.

ÇAGALARYMYZY NÄDİP

ÇAGALARYMYZY NÄDİP DİŇLEMELİ?

Ene-atalaryň uly bölegi çagalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklap bilmeýändiklerini nygtaýarlar. Çagalarynyň özleri bilen gürleşmeýändikleri üçin, soraglaryna jogap bermeýändikleri ýa-da ters jogap berýändikleri üçin çagalaryny urýan ene-atalar hem bar. Professor Gardan: “Köp adam başyna gelen kynçylyklary, şowsuzlyklary ýadyndan çykarmaga çalyşýar, şeýle edip bulardan dynyp boljakdygyny pikir edýärler. Emma bu düýbünden beýle däl. Bu şowsuzlyklar diňe başga birine gürrüň berilse, başga birine aýdylsa gutarar” diýýär. Ine, çagalarymyzyň içki duýgularyny, pikirlerini, çekýän kynçylyklaryny bize aýtmaklary üçin bize olary diňlemegi başarmaly. Çaganyň kellesini garyşdyrýan, ony bimaza edýän her hili düşünjelerini aýdyp biler. Şonuň üçin ene-ata hemme zada taýýar bolmaly. Çaga gaharlanman, onuň sözüni bölmän, olary üns bilen diňlemeli. Diňe şeýle edip biz çagalarymyz bilen dost bolup, olaryň içki dünýäsine aralaşyp bileris.

Hassalarymyzy soramagy

Hassalarymyzy soramagy ýatdan çykarmalyň!

Ömrümiziň her pursady her hili synaglar bilen doludyr. Biz bu synaglara döz gelip, çydap bilsek, bular bizi Beýik Allatagala ýakyn kylar. Bu synaglaryň biri hem: Kesellemek.
Hökmany suratda hemmämiz bir gezejik bolsa – da keselländiris. Her kesellän adam özüni ejiz duýýar, ysgyndan gaçýar. Eger kesellän adama zyýarata gidip, onuň hal –ýagdaýyny sorap oňa:”Sag – aman gutul! Keseliň agyr däl, eýýäm gowulaşyp hem başlapsyň! Ýaly sözleri aýtsak, ol sözler hassanyň ýagdaýyny has hem gowylaşdyrar.

Her ýagdaýda Alla teslim

Her ýagdaýda Alla teslim bolmak

Sahara çölünde ýaşaýan bir adam bardy. Ol adamyň ertir namazyna turuzýan bir horozy, özüni we goşlaryny goraýan iti we çadyryny, suwuny ýükleýän eşek arabasy bardy.
Bir gün ýakynyndaky obadakylar bilen gürleşmäge gitdi. Olar bilen “Kafelerinde ” otyrka horozyny tilki iýen habary geldi. Ol adam habary eşideninde;
- Haýyrdyr enşalla, diýipdir.
Az wagt geçeninden soň itiniň hem ölüm habary geler we ol adam ýene:
- Haýyrdyr enşalla, diýipdir.
Ýene bir salymdan soňra möjegiň eşeginiň garnyny ýarandygynyň habary gelýär, bu gezek ol adam:
- Bir umydym-a bar, bu işiňem haýyry bardyr.
Gije ol çadyryna gider we ýatar. Ir bilen, ol obadaky adamlaryň duşmanlarynyňgije oba çozuş edenlerini, horozlaryň gygyran, itleriň üýren, eşekleriň aňňyran öýleri belläp, bütin goşlaryny talanlaryny görer. Obada diňe şol adamynyň öýüne zyýan gelmeýär. Bu wakadan soň haýwanlaryň näme üçin ölýändigine düşüner we Allatagala şükür eder.

Iň gowy mugallym –

Iň gowy mugallym – ene-atadyr!

Ne mekdep, ne ỳokary okuw jaỳy, ne-de başgalarynyň beren dini terbiỳesi “Men berjaỳ edemok, emma çagamyň dini öwrenmegini, ile peỳdaly bir adam bolmagyny isleỳärin.” diỳen müňlerçe ene-ata ỳalňyş bir pikir içindedir.
“Makul we çäkli zehinli bir ene-ata tarapyndan terbiỳelenmek, dünỳäniň iň ỳokary derejeli terbiỳeçisi tarapyndan terbiỳelenenden has gowudyr” diýýän bolan meşhur mugallym J.J.Rousseaunyň pikirlerinden ỳol alyp hakykatda çagalaryň iň gowy mugallymyň ene-atalardygyny aỳdan Uludag Uniwersitetiniň Ylahyỳat bölüminiň mugallymy Prof. Dr. Mehmet Emin Aỳ, çagadaky dinin duỳgy we düşünjäniň ösmeginiň aslynda maşgaladan alan dini terbiỳesidigini aỳdỳar.
Geçirilen gözleglerde, çaga has köp täsir eden ene-atanyň hereketleridigi orta çykaryldy. Maşgalanyň gowy hereketleriniň çaga gönüden-göni täsir edişi ỳaly, çaganyň dini häsiỳetleri-de maşgalanyň içinde kemala gelỳär. Dini berjaỳ edỳän maşgalanyň, ỳagny dindar maşgalanyň çaganyň maşgalasy dini öwrenmeginde öňde gelỳär diỳen Prof. Dr. Mehmet Emin Aỳa görä, ybadatlaryna üns berỳän maşgalanyň çagalary-da ybadatlaryna üns berỳär.
Çaga berlip biljek iň esasy zat: “Allany söỳüp ybadat eden adamlar bolmagydyr” diỳen Prof. Dr. Mehmet Emin Aỳ “Meselem, çaga Alhamyň türkmençe manysyny oňa düşündirip bilsek, çaga namaz kylanda manysyna düşünip kylar.” Biz bu günlerde ene-atasyndan gorkmaỳan çagalaryň namaz kylmaỳanyny görỳäs. Diỳmek biz, bulara söỳgüni öwredip bilmändiris. Biz çaga Alla, pygamber söỳgüsüni öwredenlere berekella!” diỳdi.
Mükremin Albaỳrak / Mürsel Çetin İstanbul – Konya
Bir aỳal: Dogry sözläň!
Eỳ, iman edenler! Alladan gorkuň we dogry sözläň, sebäbi şeỳle etseňiz, Alla edeniňizi ugruna eder we günäňizi bagyşlar. Kim Alla we resulyna uỳsa, gurularlar. (Ahzab, 70 – 71)

KEREP ÝALY HAÝYR Bir

KEREP ÝALY HAÝYR

Bir gün dünýäde hiç hili haýyr iş etmedik, diňe erbet işler bilen ýaşan bir adamy Jähennemiň gapysynda bir melek ony garşy alypdyr. Melek adama şeýle diýipdir:
- Bu ýere girmezligiň üçin dünýädekäň ýekeje haýyr iş edenem bolsaň bolýär. Gowyja pikirlen.
Uzyn wagtlap pikirlenen günäkär adamyň ahyry ýadyna düşdi. Bir gezek tokaýyň içi bilen gidip barýarka ýoluň üstünde duran düşdüşi basman geçenini ýatlap, ony guwanç bilen gürrüň berdi.
Melek ýylgyrdy we ýokardan düşdüşiň kerebi sallandy. Adam bu kerep bilen dyrmyşyp Jennete çykmalydy. Adam Jennete tarap ýokarylygyna dyrmyşyp ugrady. Jehennemde çeza çekýän günäkär adamlar-da bu kerebi görüp olaram şol kerep bilen dyrmyşmaýa başladylar.
Emma adam bu kerep hemmämizi götermez diýip pikirlendi we yzyna gaýdyp adamlary yza tarap itelemäge başlady. Edil şol wagt hem kerep hakykatdan-da üzüldi we beýleki günäkärler bilen ol adam-de Jähenneme gaçdylar.
Melek gynanç bilen başyny ýaýkap şeýle diýdi:
- Öz-özüňe hyýanat etdiň. Dünýäde gazanan ýekeje haýryň bardy, o-da men menligiň sebäpli günä öwrüldi. Ol adamlara merhemet eden bolsaň, kerep hemmäňizi götjekdi

Söỳgi, baỳlyk,

Söỳgi, baỳlyk, üstünlik

Bir gün bir aỳal öỳünden daşary, gezmelemäge çykanynda üç sany aksakal ỳaşulyny gördi. Ol: “Daỳyjan, siz ajygansyňyz, biziň öỳümize geliň, size nahar hödür edeỳin.”
Ỳaşululardan biri ol aỳaldan ỳan ỳoldaşynyň nirededigini sorady. Ol aỳal ỳoldaşynyň öỳde ỳokdygyny aỳtdy. Onda ỳaşuly: “Ỳoldaşyňyz öỳde ỳok bolsa, biz siziň öỳüňize girip bilmeris” diỳdi.
Agşamara ol aỳal üç ỳaşuly barada ỳoldaşyna gürrüň berdi. Ol: “Daşary seredip gör. Eger olar daşarda oturan bolsalar olary nahara çagyr” diỳdi. Ol aỳal ỳaşululary görüp, olaryň ỳanyna bardy we “Indi ỳoldaşym geldi, haỳyş edỳärin, öỳe girip bize myhman bolaỳyň-da” diỳdi. Onda ol ỳaşululardan biri: “Biz üçimiz bile hiç bir öỳe girmeris. Sag tarapymdaky daỳyň baỳlyk, çep tarapymdaky üstünlik, men bolsa söỳgi. Öỳüňize üçimizdern diňe birimiz girip bileris. Gidip ỳoldaşyňyz bilen maslahatlaşyň we haỳsy hem bolsa birimizi myhmançylyga kabul ediň” diỳdi. Ol aỳal öỳüne girdi we bar bolup geçenleri gürrüň berdi. Är-aỳal maslahatlaşyp sygüni çagyrmaga karar berdiler. Ol aỳal daşary çykdy we “Söỳgi” atly ỳaşulyny myhmançylyga çagyrdy. Söỳgi ỳerinden turdy we ỳöremäge başlady. Yzyndan baỳlyk we üstünlik hem ỳöräp başlady. Ol aỳal: “Biz diňe söỳgini çagyrmaga karar berdik, siz näme üçin gelỳärsiňiz?” diỳip sorady. Onda olar jogap berdiler: “Siz diňe üstünligi ỳa-da baỳlygy çagyran bolsaňyz, çagyrylmadyk iki kişi size barmazdy. Emma siz söỳgini çagyrdyňyz. Bu ỳagdaỳda üçimiz hem gelmeli bolduk.” diỳdiler. Aỳalyň “Näme üçin?” diỳen soragyna olar “Sebäbi söỳginiň bar ỳerinde, biz hem, ỳagny baỳlyk we üstünlik hem bolmalydyr.” diỳip jogap beripdirler.

dowamina garashyas..:) PS:

dowamina garashyas..:)

PS: Shu BTTM'lar tuweleme..:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: ""tam şakird" diyilyanlerdenmi? :)"

Bashkent, Bayramali,

Bashkent, Bayramali, Balkanabat TTM?

Haysisi ilki alan bolsa at

Haysisi ilki alan bolsa at shonkudir-da..:)

Elbetde Bayramali..

bayramaly

bayramaly

bar telpegim seňki, Wepa!

bar telpegim seňki, Wepa! Ýetmedi welin, wajyp däl-laý, niýetim ýeterlikdir-ä :))

Allah senden razy bolsun!

Bärik üns bermändirin ýa ýatdan çykarypdyryn, gör, nähili, jöwherler bar ekeni !

Dowamyna-da garaşýas welin, kän garaşaýmasal indi onuň bar bolan mümkinlikdir şertleri üçin :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"