Aýalyň bilen suwjaryşmak

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Türkmenlerde öz aýalyň bilen suwjaryşmagy gowy hasaplanoklar. Başga ýurtlarda bolsa, şol norma, şony etmeýänleriň aragatnaşygy, "söýgüsi" güýçsiz hasaplanýar. Şoň üçinem olaryň dili we durmuşy suwjyk sözlerden doly: "dear", "honey", "dorogoý", "lýubimyý", "rodnoý" we ş.m.
Türkmenler biri-birine suwjyk ýüzlenenoklar. Ýa-da ýüzlenenokdylar. Häzir bilemok, belki bizde-de eýýäm "ezizim", "mähribanym", "söýgülim", "balam" ýaly suwjyk sözleri ulanýandyrlar. Aslynda şu sözler suwjyk dälde, günde-günaşa, hatda her günde 10larça gezek ulanmak suwjyk.
Men şony başararyn öýdemok, öz aýalymy näçe söýsemem. Many ýok, ýasama! Özem onça ulanmak ol sözüň bahasyny gaçyrýar. 4 gezek äre çykyp, 5-nji gezek äre baran ors aýalam "dorogoý" diýip ýörendir, onsoň hakykatdanam 5-nji äri "dorogoýmy" belli däl. Asyl baha söz bilen däl, iş bilen bolýan bolaýmasa. Sözem elbetde ulansaň, ýöne seýregräk, özem ikiçäk bolaňda.
Suwjarmakda Günbatar medeniýeti hasam öňräk gitdiler. Diňe söz däl, arasynda sebäpli sebäpsiz malçyldadyp, ses we suwuklyk daşyna çykýar kämahal, ogşaşmak bilen has ýokary derejelere getirdiler. Düýbünden bimany, suwjyk herek, maňa galsa-ha. Edil şunyň detallaryna girmäýin, ýöne meň bilen razy bolarsyňyz diýýän.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ýöne mesele başga. Bu

Ýöne mesele başga. Bu ýokardaky suwjarmagy edýän türkmen az, meň bilşime görä. Şonda-da belli bir dereje suwjaryşýalar. Meselem, degişip, ýaňka-ýaňkalaşmak. Netijesi gowumyka? Suwjaryşmak gowy zatmy?
Men pikir edip oturşyma, suwjaryşmaga käbir gyzlar we aýallar dogry reaksiýa berip bilenoklar. Soň käbir buýruklary edenoklar, şolar barada jedel edýäler, we "ýokardan"(oka ärinden) gelýän buýruklara beýle jogapkär seredenoklar. Eger suwjaryşmak başgalaryň öňünde edilen bolsa-ha, tutuşlaýyn sandan çykýalar.
Şeýlelikde, şeýleräk netijelere geldim:
1. suwjaryşmak minimum derejelerde we diňe ikiçäk ýagdaýlar üçin gowy
2. suwjaryşmagyň balansyny saklamasaň, seni ciddiye alanok/serýeznyý görenok aýalyň.
Meň pikirlerim bilen razymy adamlar?
Men gamçy zat taýynlaýyn aýalym suwjarmaz ýaly :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

hmmm

Bayram wrote:

1. suwjaryşmak minimum derejelerde we diňe ikiçäk ýagdaýlar üçin gowy
2. suwjaryşmagyň balansyny saklamasaň, seni ciddiye alanok/serýeznyý görenok aýalyň.

Mena razylashyan:)
arada bir garyndashymyz oylendi welin, bir nace gunden son, indi hilebir yashlarmyshynda hemme kishi serediship durlaram welin bir birlerine gulumde balym diyip gygysrshyp, ya bolmasa degiship urushan bolyalarmyy namemiii hic gelishenok, dashyndan utanyan ozin, name gerek sheyle bolmaklyk ilin arasynda, soy - yigren yone ikininz arasynda galsyn shol, hemme kishin arasynda soyyanligin bildirjek bolup yylgyrshan bolup bir birlerine degishen bolup yoremeklik gerek dal, yone beyle diyilse ilin yanynda oz ayalyny kemsitmekligem gerek daldir, ilin yanynda gygyryp iki cak galanlarynda soyyen bolup yoremekligem gerek dal, bashga bir adamyn yanynda basharsan hickime-de sogmejek bolmaly, hemme zady dushuniship bolyar, daze cagalaryn yanynda hem sogushup yoremekligi halananoklar,
caga diyilyan zada gaty uytgeshiklay, bir caga ejesi bilen kakasy yanynda ogshahypdyr welin baryp sadige gidip tetyasyna gurun beryamishin kakam shu gun ishe gitjek bolanda ejemi oghsap gitdi diyip, "cagaly oyde gep yatmaz" diyyaleri, edil shonun yaly yagday urushan halatlarynda bolup bilyar,

Wo-wo... şu gyzlar esasan

Wo-wo... şu gyzlar esasan aşa suwjyklyga bolanok. Bizde erkek maşgalabaşy bolmaly we absolýut awtoritet bolmaly, käbirleri azajyk gowşaklyk berýär welin, gyzlar, has dogrusy gelinleri dogry reaksiýa berip bilenoklar. Urmajakdygyny, sögmejekdigini bilip arkaýyn bolaýýalar, äri gaty serýozno bolan wagtam.
Başgalaryň ýanynda-da gürrüň edip ýörler "meňkä şeýleräkdä... hihihihi".
Şuň ýaly ýagdaýlar bolmazlygy üçin aram-aram gulajyklaryny çekmeli öýdýän gelinleň :)
PS Men şuňa karar berip, eýýäm plan düzüp otyryn öýlenemsoň rejimiň nähili boljakdygyna.
-20 ajimaniýa
-30 oturyp turmak
-40 press
:D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "haha, son dayawlashyp gidip, ozuni nemedaymesin :))"

toba-toba armiya tayarlajak

toba-toba armiya tayarlajak bolyan-a dalsin:)

armiya

Tomiris wrote:

toba-toba armiya tayarlajak bolyan-a dalsin:)

armiya tayyarlamak dal de armiya diysen has dogry bolaymasa ha ha :)

oglanlaryng guni geldi ALL

oglanlaryng guni geldi

ALL MEN ARE IDENTICAL.
NOT LIFE WITHOUT WIFE

Degişýänlaý... :) Men

Degişýänlaý... :)
Men ajimaniýasyz zatsyz sözümi diňlederin ýa nesip. Ýöne semräberse ylgatmala bolar :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Tyňkyja diýdigim, kiçi

Tyňkyja diýdigim, kiçi boýly girdenek bir zat däl, ýöne etlije, hor däl :)
Ylgasa öýüň içinde ylgarda. Öýüň içinde meň ýanymda ýaşmak geregem däl :)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Size gelin bolana gaty

Size gelin bolana gaty nebsim agyryar .-20 ajimaniýa
-30 oturyp turmak
-40 press
Bularyn haysy biri nahili gornusdaki betlik edeninde cekilmeli jeza .Gelninizin Alla yary bolsunda :)

bayram aga sizem goreberis

bayram aga sizem goreberis gelin alabering siz etyangizmi yada gelngingiz

Selbishka, sen shulary

Selbishka, sen shulary etdirjekmi adamyna gelin bolsan??

hatice beytmede gorerisda

hatice beytmede
gorerisda :))

____________________
ALL MEN ARE IDENTICAL.
NOT LIFE WITHOUT WIFE

Gorersin, gorersin, ya-da

Gorersin, gorersin, ya-da gorkezerler :))

gormeli. gormeli yada

gormeli. gormeli yada nabeleyin :)
_____________________
ALL MEN ARE IDENTICAL.
NOT LIFE WITHOUT WIFE

Unide dine gyzyl koynek

Unide dine gyzyl koynek geymeli diyip aydylany ucin gyzyl matanyn gozleginde magazinlary aylanyp bashladym. Bir magazine giremde, 3 gelinin gurrunine shayat boldum, bir yashajyk gelin “garry heley yaly bolup gara renk geyyan dine, shuny aljak men-a, ogrynca-da geyerin, ejemlere gidemde, gabyr bolsun-la yerceken…” diyip sowunip duranyny eshitdim… ilki bilen-a “nahili samsygay bu” diydim, sonam Bayram agan acan temasy yadyma dushdi… ayaly bashdan terbiyelemek, oz diyenini etdirmek barada… shonunam ari berk tutan bolshydyr welin, etjek adam shonda-da edyar eken…. Ari dilini tapyp “dine menin yanymda geyay” diyenem bolsa, utardy, ana indi ayaly ejelerine gidip taze koynek geyer, arem gormez:)))

Ayallar name dasharda

Ayallar name dasharda geyilyan koynekleri oyde, dine adamsynyn yanynda geymek bilen yetinerler oydyanmy ?? Oyde rahadyny geyyaler, owadan bolsa govydyr, yone gyzyl pombah zat bilen gezesleri yok, olary dasharda geymek, belki beyleki ayallar bilen deneshmek uchin alyalar, arinin bu babatda edip biljek zady bolmaz ayal dunduk bolsa...Yone yasa gelen yaly, dine gara gey diyip yormegem arinin kemchiligi, beyle gyssan hemme ayal etman gezesi yok..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selmonelk85 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekell!"

Maya, "Berekel" bolanda,

Maya, "Berekel" bolanda, ozbeklerin diyshinde "Bare gel" bolyamy ? :D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: ":))))"

ayaly taze koynek tikinip

ayaly taze koynek tikinip geyjek bolsa-da, ilki oz arine gorkezman geymeli dalmika diyyan. nahili owadanlanjak ya-da turklerin aydyshy yaly "suslenjek" bolsa, onda dine adamsy uchin etmeli. bey diysem, kocha chykanda yyrtyk kone zat geyip, chalem-chash bolup yormeli dal-de, ilki tazejesini oz arine bagsh etmeli. chykmadyk gyzlaram moda kowalashdym bolup, tazeden taze tikinman, name geyselerde geliship duran we arrassajalygyna uns berse boldygydyrda..nama gerek eshige gyzygyan gyzlar bilen basdeshmek ya-da eshigine, sypatyna baha berip halajak oglan.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Harezmi 1 telpek goyyar we yazyar: "Kanagatly bolmak mohum, men pikrimce de. Umuman gaty gowy yazypsyn!"

hatice wrote: nama gerek

hatice wrote:

nama gerek eshige gyzygyan gyzlar bilen basdeshmek

"Basleshmek" bolmali oydyan..:)

hava, sizinki dogry..duzedip

hava, sizinki dogry..duzedip yetishyaniz tuweleme.

hatice sizemkam dogry yone

hatice sizemkam dogry yone meng pikirmche oglan rengkine seredip duran oglan nahila mysaal uchin meng kakam nahili koynek geyibersin ejem hich zat diyyenok achyk bolmasa bolyar yone eyyam rengkine seredip duran oglan nahili men pikirimche hemme zada goshulyandyr ol oglan
____________________
ALL MEN ARE IDENTICAL.
NOT LIFE WITHOUT WIFE

mena ing yigrenyanim oglan

mena ing yigrenyanim oglan gyzyng koynege goshulyp yorse erbet beter yigrenyan name ishi bar gelning koynegi bilen
achyk zat geymese boldyda ak gara syna goshulyp yoren oglan nahili ka
geng gormayin
toba toba
______________________
ALL MEN ARE IDENTICAL.
NOT LIFE WITHOUT WIFE

Men-a ayalimin uns chekyan

Men-a ayalimin uns chekyan rengkde koynek geymegini islemen meselem..:)

Gyzlaň köpüsine

Gyzlaň köpüsine başgalaryň näme pikir edýäni gaty wajyp welin, götlerinde gurt bar ýaly durup bilenoklar. Olara başgalaryň owadan ýene diýmegi wajyp. Şoň üçinem olara "owadan" zat diýip yrýalar oglanlar.
Asyl hemmesi däl, ýöne şeýleleri gaty kän. Şu ýazanlaryňy okap Hatyjaň goňşy temada goýan Magtymgulynyň goşgylary ýada düşýä. Şoň ýaly heleý duşsa bagtyň ýatýa, soýjakmy näme?!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

dine gyzlar dal, umuman her

dine gyzlar dal, umuman her adamda-da birine "gorunmek" islegi bar, prosto herkim ozuce dashyna cykaryar muny, biri hereketleri bilen, biri gepi-gurruni bilen, biri eshigi bilen... nebis diyilyar muna-da...ony basyp owrenmek - ynha mesele...

Görünmek islegi hemmelerde

Görünmek islegi hemmelerde barmyka bilmedim. Pikir edýän...
Aý bar bolmagam mümkin welin, ýöne beýle derejelerde däldä. "Näme pikir etdilerkä? Näme diýdilerkä?" ýaly soraglar kelläňde aýlanyp duran bolsa eýýäm ol has nemerägi bolýa. Ýöne her zady gowja et, näme pikir eden bolsalaram etsinler...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

beyle sozleri dine ikicak

beyle sozleri dine ikicak wagtyn ulanmaly :)ozem yurekden cyksa diymeli, bolmasa olaryn bar gymmaty gacyar...

ay men erbet bolup ugradym..

ay men erbet bolup ugradym.. keywany dagyn mana ola "ezizim, mahribanym .." diymek ekeni.. mana " yerçeken, yeryuwdan.. " diyse de 2-3 hepde damkyrada galyp gezjek:) söygülim diyaysa çaşarmykam diyyan göni... :) wu ha ha ha ha ....

Yuregin yarylmasyn

Yuregin yarylmasyn .Owrenisman gitjek yerin bolasy yok .:D

aauuu:9

selmonelk85 wrote:

Yuregin yarylmasyn .Owrenisman gitjek yerin bolasy yok .:D

bey diyme how.. ay mena utanyanl ay bir zada yazjakdym welin.. ay yazayyn lay.. bor lay yazmayyn lay.. yazaysammykanay.. ay yo yazmayyn la.. hay men ertesi güni çatlarmykam diyyan... men toyum uzaga gidesi yok.. ya kejebede dolduraryn peymanymy.. ya da gelin alyjyda.. ertesi güne galmazmykam ya.. Allajaney.. suwjaryşmaga yetmejegim yaly:D aauuu :O

Gaygy etme olesin yok :))

Gaygy etme olesin yok :)) Insallah ol gunlerde yetersin .Yeten gunin menem bir yerden cykyp sulary yatladaryn .:D

ikichak galangda aydilyan

ikichak galangda aydilyan zatlaram "suwjarishmak" kategoriyasina giryarmay?:)

est

Gadyr wrote:

ikichak galangda aydilyan zatlaram "suwjarishmak" kategoriyasina giryarmay?:)

ha ha :) Gadyr agam! Yaş zehinleri bulamalyn!

wii..:) bagyshlang..:)

wii..:) bagyshlang..:)

Ony son bilersinizda .Name

Ony son bilersinizda .Name onunden biljek bolyarsynyz .Her zadyn oz wagty bar .Yogsam Lupopytnoy warware nos otarwali diyyarlera.Birden solardan bolayman :))))))))))

menem

selmonelk85 wrote:

Ony son bilersinizda .Name onunden biljek bolyarsynyz .Her zadyn oz wagty bar .Yogsam Lupopytnoy warware nos otarwali diyyarlera.Birden solardan bolayman :))))))))))

türkemençesi yokmy onun...:P me na düşünmedim.. başga düşünmedik ba my:?:P

Yasama hasap edyän menem

Yasama hasap edyän menem köpçulikde suwjaryp dursalar. Dine suwjarmagam däl, öýde syçan daşarda şir bolýan erkeklerem ya-da oyde erbet gelin, dashyndan sheyle ishennir gorunyan ayallaram ýazgarýan..aslynda hiç zady göz uçin etmeseñ dogry, il barybyr bilýä nämäñ hakdygyny. bilmeselerem, özuñden ýa aýalyñ/adamyñdan başgalara bildirmek nä görgi?!
Ýöne şeýleräk hasiýetli adamlaram bolýandyr, dine ayalyna däl asly nirde görseñ suwjaryp gezýäler..dostjan, oo drug, balaçka, jana, dorogoý drug, başlyk zat diýip muñ gepiñ başynda suwjyk sözleri aydyp..
Aslynda ar-aýal öz duygylaryny (söýgisini, gaharyny, närazylygyny ya ş.m) ikiçak bolmadyk yerlerinde sözde we hereketde hiç bildirmese gowy we gurruñem bermeli däl “intim” durmuşlaryny..esasanam erkek adamalara gelşenok şol..

men-a kichijik chagajiklari

men-a kichijik chagajiklari gorsem lak atman durup bilemok..:)

Sholam suwjarmak bolyarmikanay?:)

halayan bolsan sen edyanin

halayan bolsan sen edyanin chagajyklar bilen suwjarmak dal-de, ol chaga yaly denlikde gurleshmekdir..men ozuma sheyle, gownuni tapjak ya-da dushundirip on dilinde gurlejek. sen nahili suwjarman gurrunini edyan..yalandan oynayanmy ya? gurrun ulularyn arasynda yasama suwjyklykda..

yoo bilyan, bu aydanlarim

yoo bilyan, bu aydanlarim birhili gurrunden dashari bir gepdi.. Diyjek bolyan zadym chagalar bilen birhili chaga yali boluberyan, song dashymdan edyan hereketlerime seredip ozum utanip gidyan kawagt..:)

Aslinda mashgalamdaki gyz jigilerim bilenem edil chagalar bilen gurleshishim yali gurleshyan.. Olar-a halayarlar welin men oz dashymdan ozume birhili bolyan kawagt.. Bu yagdayda hichili ne-to zat yokdur-a..:)

ne-to zat yok :)

ne-to zat yok :)

Çagalar bilen suwjaryşyp

Çagalar bilen suwjaryşyp bolýa, ýöne lälik etmeli däl :)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

ilin yanynda, hatda dogan

ilin yanynda, hatda dogan garyndaşyn, çagtalaryn yanynda suwjaryşmaly dal.. yone ikiçak galanynda dozasyny geçirman suwjaryşybermelimika diyyan..

hmm..

a doza nahili dereja chenlika.. :))

Bu 2 adamyn arasyndaky

Bu 2 adamyn arasyndaky mesele, goshulmaly dal :D

haha..ay bilip goysak zyyany

haha..ay bilip goysak zyyany degmez. birden dozany gechseler "hayt" diyer yaly :)

Beyle yagdayda doza sen,

Beyle yagdayda doza sen, islan wagtyn hayt diyersin, islemesen yashyl yshyk gorkezersin, yone seresap bolmaly, erkek yashyl'dan kop gyzyly gorup yorse, dali okuze donaymesin birden :D

suwjara suwjara suw akyberse

suwjara suwjara suw akyberse dozany geçdigin bolyandyrda:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Hakykatdanam, dozasy

Hakykatdanam, dozasy nämekä?!
Daşary ýurtlylara görä doza başga ýerde, türkmenlere görä başgarak ýerde. Türkmenleriň öz içinde hem doza üýtgeýär adamdan adama...
Asyl dozany saklaýan erkek bolmalymyka diýýän, aýallaryň köpüsi suwjarmaga taýyn ýaly görnüp durlaý :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

ay bey dıyme

On yalam godek bolmaly dal. Dıyışmeli o sözleri emma,mınutda dalde hıç bolmasa ıkı günde bır.Menem kan eşıtsem on yaly suvjuk sözlerı halaman başlayan ,yalandan,yapmaja yalak gulagyma gelya.Emma hıç bolmanda onun menın söyyanlıgını bılesım gelya.Meselem bır gezek gözlerıne seredıp"senı söyyan" dıysın o yeter mana.Bıde şu war uzak boldugunda dılde aydyp bılmedıgını yazy bılen aytyalar.Meselem mesajlarda zatda"janym,söygülim,aşkym" dıyışyaler,ha ha yüz-yüze gelende bolsa şolan bırınem aydyp bılenoklar.Men pıkırımçe söyyan adam hıç bolmasa gyz bolsun erkek bolsun aydyşmaly şon yaly arada,koneçno suwuny çykarmadan.Yokarda Bayramam dıydı.doza adama göra üytgeya. Men dozam mesela hepdede 1 gezek hokman dıyılmelı mana şo söz.YOGsa menı artyk söymeyamıka dıyıp pıkır edıp başlaryn :D

ay bilmedimda melike..

ay bilmedimda melike.. hepdede bir gezek diyip adam muna wagt goyup bilmezmika diyyan.. kawagt hakykatdan yureginden cykyandyr we diyyandir şo sözleri.. kawagt bolsa keypi yokdyr, hiç zat diymez.. kawagt gödek hem bolup biler..yone ol mana godek gurledi söyenokmyka yada mana şeyle sözler diyya söyyandir diyip kesgitlemek mumkin dalmika diyyan..imho

kabiri sözleri bilen belli eder kabiri herekedi bilen.. a kabirileri üçin bir mahirli yılgırış yada soygi dolky bir goz bilen seretmek hem hemme zadyn yerine tutyamyka diyyan..

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Ay shu gyza gaty akillija!..:)"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Waheý... bu gürrüňler

Waheý... bu gürrüňler diňe romantikada... MEN BOLAMOK! :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

men pikrimche...

"suwjyk" soz diymalinde, "suwjyklashdyrylyan sozler" diysek has gowy bolar, eger gerek yerinde, wagtynda, we frequency'sy dogry kesgitlense, bu sozlern soyyan adamlar uchin gymmatly bolar! herdurli gyz bar, herdurlisi bilen yuzleshdim, belli bir dereja chenli romance gatnashygym boldy, yone yekeje birijesini soyyan!
kabir gyzlara sho "suwjyk!" sozleri eshitmek innan uly tasir edya ekeni, ozlerem sho sozleri sana kop aydip bashlaya garshylygynda sendenem eshitjek bolp, a men bolsa uje iryan sheyle gyzdan!
Sho seryozno soyyan gyzym hat yazanynda, bashynda we ahyrynda "mahribanym" "ezizim" yali sozleri ulanya! telfonda gurleshenmizde bolsa, o sozleri aydamok, yone duyya olam menem, ayda birgezejik aydyandyryn belki! kawagt bolsa spetsialno dine sho sozlerden gowysny eshitdirmek uchin telfon edayyan!
Hemme zadyn chaky cheni bar! ile eshitdirp yuzlenyanleri bolsa yigrenyan

"İl-ulusdyr,
Dosty-Ýary Ýekäniň" Magtymguly

...:::surHyan:::...

wayeeey

wayeeey romantika:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

o diyyanleriniz şetdaly

o diyyanleriniz şetdaly bolaymasa.. :D

Way menem ılın yanynda

Way menem ılın yanynda suwjaryp duranyny kan halamoklay, "tryapka" dıyya gysgaça orslar.Prostu dozdan gürrün gıtdı,on üçin dıyaydım,hepdede bır gezek dıyse govy dıyıp.Dıymesede alajyn yok,ha ha yakasyndan tutup dıydırjek gümanym yok.Eh romantıka,romantıka.Ruslaryn dıyşı yaly"Ujın prı sveçah,a potom zavtrak prı ognetuşıtelyah".Bu dünyade arada bır romantık bolmanyn bır zerary yokla,yeslı v meru.

ha ha

melike wrote:

ha ha yakasyndan tutup dıydırjek gümanym yok.

yogsada yakasyndan tutup diydirip bilmersin:) yone shol sozleri eshidesin gelse shol sozleri aydar yaly etmelida:)
Menin pikirimce her bir zanan oz adamsyny ozune cekjek bolmaly,

Mylayym, :D quote edenin

Mylayym, :D quote edenin baryny melike yazan yaly bolupdyrda..sen sozlerin onda-da tapawutlandyryp bolyar :)

dogry dushunyang...

Gyzlar hemishe oglany, yzyndan ylgadyp yormeli dal-de, sizem brazjyk alada etmeli, ozunize chekmeki basharmaly, sebabi owadandan owadan gyz bar, akyllydan akylly gyz bar, erkeginem hiyaly gayp biler bashga birisine, refresh edip duryn erkegi kawagtjyk...

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

ha ha

toya cenli oglanlar yglayar gyzlaryn yzyndan, a toydan son bolsa gyzlar oglanlaryn yzyndan yglayarlar:))))))

myka? Menä ylgap ýörenim

myka?
Menä ylgap ýörenim ýadymda däl :D Ulumsylykdan däl, ýöne hindi söýgi bilen söýenim bolmady, beýlekilerine bolsa subut edesim gelenok hiç zady. Nämäni subut edeýin? Näme üçin ylgaýyn. Halasam aýdýan, halasa razy bolsun! :)
Gyzyň yzyndan ylgamak diňe galyň meselesinde bolaýmasa, menä ylgap ýörjegimi göz öňüme getirip bilemok
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

wahey

wahey hakyky soyga bir gun dusarsyn welin bay ylgarsyna:)

Aý ýok, hakyky söýgä

Aý ýok, hakyky söýgä garaşardan giç, garrap barýan, sabrym-takadym tükendi :D
Menä nesip edeni saýlamakdan başga çäre tapmadym. Hakyky söýgi toýdan soň bolaýadyrda... :)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

bayp ba

Bayram wrote:

Aý ýok, hakyky söýgä garaşardan giç, garrap barýan, sabrym-takadym tükendi :D

diyipsiniz welin.. name?! O how Bayram Aga wapşe umyt yokmy?:D entekler ejizleman? onat bolup giderle hemme zat.. :D oçur (oçered) sizde bolsa bolya la.. :P

yglaaa

yglama, ylga, tuzyrma turuz, hozor dal horoz! naraz dal nazar

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

neme

metamorphic wrote:

yglama, ylga, tuzyrma turuz, hozor dal horoz! naraz dal nazar

name diysemkam:P bor diyip sypaymasak..:D

Menem inete girenime

Menem inete girenime gora shu temada bir zatlar yazayayynda...suwjaryshmak, suwjyklashan sozleri ulanmak...
Haysy sozlerin bu kategoriya giryanini bir adamyn kesgitlemesine gora almak dogry dal menche..
Bir soz ona gora suwjardylyp aydylan, mana gora daldir...Yone Turk gyzlaryn soygulilerine aydyan hemme sozem suwjardylyp aydylanmyka diyyan::))Okayan dowrum gaharym gelyadi...
Yone hem ayal hem erkek, hepdede 1 sapar dal bir nache sapar soyyandiklerini belli
etmeklerinde hich hili zyyan yokmyka diyyan...We yuzlenenlerindede, mysal uchin, balam, lalam, gulum yaly sozleri ulanmalaryndada hich hili suwjuklyk goremok mena...Yone shu yagday bar, egerde ilin yanyndada shu sozler bn yuzlenyan bolsalar yone ikichak galan mahallaram shol sozleri hich agzaman, gykda-wak bolup yoren bolsalar, yadanam 1-2 yyl sheyle sozler bn gowy gornushup, sonam beyle zat galmasa onda belli wagytlyk suwjaryshmak yaly bolyar.. ile gowy gorunmek bolyarmyka diyyan..Yone ikichakde shol sozleri ulanmak zyyan dal gaytdam gowy...Uly yashuly dayy dayzalaram bar shonun yaly sozleri ulanyan...dimek durmushlarynda lezzet bar...
Yokarda koynek, yada ayalyny adamsynyn yanynda bashga hili hereket edip dashardada
bashga hili hereket edishi barada yazylypdyr,egerde adamsy diktator yaly bolup ony sheyle et, muny etsen sheyle bolar zat diyip yorse, onda ayalam sheyle edermika diyyan...yone adamsy mahirli bolup, mylayymlylyk bn dushundirip, sheyle sheyle zyyanlary getirip biler zat diyip dushundirse ayalam yok diymez we uly ilin yanynda adamsyny yamanlap yormezmika diyyan...

hmmm

oglanlar gerekli yerlerini bellap alyberin gerek bolar:) tejribeli adamlar yazyshlary ayratyn bolyaray:)

Siz bellap alyp

Siz bellap alyp alyp yorman,men kurs sheklinde durshundirayerin::::)))))

80 ýaşly baba aýalyna

80 ýaşly baba aýalyna "gülüm, balym, ..." diýip ýüzlenýän eken. Bunu görüp haýran galan ýaş oglan soraýar:
- Bah, tüweleme ýaşuly. Bu ýaşda beýle sözler aýtmak nireden kelläňe gelýä.
- Ah balam, 15 ýyl öň men oň adyny unutdym.
paid tha cost to be da Bo$$

haha

nice 1 :)

If God had wanted me otherwise, He would have created me otherwise.