Gutly Bolsun.

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalarymyz we myhmanlarymyz.Men bu blokda Türkmenistan Döwletimizde bolup geçen taryhy wakany yazayn diydim. Buşluk!!! Ata Watanymyz Türkmenistanda taze bir etrap döredildi.Mary welayatynyn Oguzhan etrabynyn yanyndaky Jojukly düzünde taze Altyn Asyr etraby açyldy.Gutly bolsun.Watan üçin peydaly etraplaryn biri bolsun.

www_turkmenistan_gov_tm wrote:

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň KARARY

Mary welaýatynda Altyn sähra etrabyny, şeýle hem bu etrapda obalary, geňeşlikleri we daýhan birleşiklerini döretmek hakynda

«Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamamyzy durmuşa geçirmek, Mary welaýatyndaky Jojukly düzlüginde özleşdirilen hem-de täze özleşdirilýän ýerleri netijeli we rejeli peýdalanmak, şol ýerlerde oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, täze özleşdirilýän ýerleri abadanlaşdyrmak we zerur durmuş-ykdysady şertleri üpjün etmek arkaly ilatyň zähmet çekmegi üçin amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Mary welaýatynyň ilatynyň isleglerini we häkimliginiň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahaty karar edýär:

1. Mary welaýatynda täze etraby döredip, ony Altyn sähra diýip atlandyrmaly.

2. Oguzhan etrabynyň Parahat şäherçesini bu etrabyň düzüminden aýyrmaly hem-de täze döredilen Altyn sähra etrabynyň düzümine goşup, ony Altyn sähra etrabynyň edara ediş merkezi edip bellemeli.

3. Jojukly düzlüginde şu ilatly ýerleri, geňeşlikleri we daýhan birleşiklerini döredip, olary Altyn sähra etrabynyň düzümine goşmaly:

Mary etrabynyň daýhan birleşikleriniň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde oba derejesi bolan ilatly ýerleriň 2-sini, geňeşlikleriň 2-sini döredip, bu obalary geňeşlikleriň edara ediş merkezi edip belläp, olaryň çäginde daýhan birleşikleriniň 2-sini döretmeli hem-de olara degişlilikde «Türkmenistan» we «Garaşsyzlyk» atlaryny dakmaly;

Wekilbazar etrabynyň daýhan birleşikleriniň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde oba derejesi bolan ilatly ýerleriň 2-sini, geňeşlikleriň 2-sini döredip, bu obalary geňeşlikleriň edara ediş merkezi edip belläp, olaryň çäginde daýhan birleşikleriniň 2-sini döretmeli hem-de olara degişlilikde «Altyn asyr» we «Ruhnama» atlaryny dakmaly;

Türkmengala etrabynyň daýhan birleşikleriniň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde oba derejesi bolan ilatly ýerleriň 2-sini, geňeşlikleriň 2-sini döredip, bu obalary geňeşlikleriň edara ediş merkezi edip belläp, olaryň çäginde daýhan birleşikleriniň 2-sini döretmeli hem-de olara degişlilikde «Bitaraplyk» we «Ýaşlyk» atlaryny dakmaly;

Sakarçäge etrabynyň daýhan birleşikleriniň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde oba derejesi bolan ilatly ýerleriň 2-sini, geňeşlikleriň 2-sini döredip, bu obalary geňeşlikleriň edara ediş merkezi edip belläp, olaryň çäginde daýhan birleşikleriniň 2-sini döretmeli hem-de olara degişlilikde «Lälezar» we «Altyn sähra» atlaryny dakmaly.

4. Oguzhan etrabynyň halk maslahatyna öz işini agzalarynyň bellenen sanyndan az düzümde amala aşyrmaga kadadan çykma hökmünde ygtyýar bermeli.

5. Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar Altyn sähra etrabynyň etrap halk maslahatynyň agzalarynyň we täze döredilen geňeşliklerinde Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny 2008-nji ýylyň ikinji ýarymynda geçirmeli.

6. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugy Mary welaýatynyň etraplarynyň, şol sanda täze döredilen Altyn sähra etrabynyň edara ediş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

7. Türkmenistanyň Maliýe ministrligi täze döredilen etrapda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryny saklamak üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinden zerur maliýe serişdelerini bermeli.

8. Mary welaýatynyň häkimligine Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen ylalaşyp täze döredilen etrapda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň garamagyndaky pudaklaýyn gulluklary şol ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde döretmäge ygtyýar bermeli.

9. «Türkmenistanda administratiw-territorial düzümleriň statusyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 1992-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 14-inde kabul eden 6-njy çözgüdiniň 6-njy böleginiň altynjy bendine, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 5-inde çykaran 1327-nji karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanda şäherçeleriň we geňeşlikleriň sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Yenede Ata Watanymyzda taze yokary okuw jayy,yagny Halkara Gatnaşyklary İnistituty açyljak. 2008-2009 okuw yylynda birmaçe türkmen yaşlaryny kabul etjek bu inistitut administratiw-dolandyryş işlerine Magtymguly aýynyň 1-inden başlajak. Taze açyljak Halkara Gatnaşyklary İnstitutyny Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, Halkara ykdysady gatnaşyklary, Halkara hukugy we Halkara žurnalistikasy hünärleri boyunça Türkmen talyplaryna bilim berjek.

www_turkmenistan_gov_tm wrote:

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurluşy tassyklanyldy. Institutda administratiw-dolandyryş işlerine 2008-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 1-inden başlamak bellenildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Institutyň Tertipnamasyny we hünärler boýunça okuw meýilnamalaryny bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de bellenen tertipde tassyklamaga, Instituta 2008-2009-njy okuw ýyly üçin Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, Halkara ykdysady gatnaşyklary, Halkara hukugy we Halkara žurnalistikasy hünärleri boýunça talyplary kabul etmäge hem-de okuwa 2008-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 1-inden başlamaga borçly edildi.

Yene-de bir gezek gutly bolsun. Türkmenistanyn at-abyrayyny dünya yayratjak Türkmen yaşlaryny yetişdirsin.Goy Ata Watanymyz Türkmenistan güllp össün.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Türkmen Döwlet Halk

Türkmen Döwlet Halk Hojalygy İnititutunun ady üytgedildi. Türkmenistanyn Ykdysadiyet we Dolandyryş İnistituty boldy.

Dostlar HER habary täze

Dostlar HER habary täze temada açmasaňyzlaň!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

"woow" diyerche habar dal

"woow" diyerche habar dal imho..:)

Taze etrap..

Taze etrabyn açylmagynyn maksady Türkmenistanyn halky şu wagtky şaher we etraplara sygmanlygy üçinmi?
Ya-da şu wagtky şaherdir etraplaryn yaşayyş derejesi şeyle bir ösüpdir welin artykmaçlyk edyan maddy mümkinçilikler yüzünden mi?
Men-a ikisem dalmika diyyarin..
Üçünji we hakyky sebabi bilyan barmy?

ol etraba towerekden ishgar

ol etraba towerekden ishgar dashayardilar enceme wagtlap.. Pytrap yatan ekeranchilik yerleri bar yone ishlare adam gyt ol yerlerde. Marydan, wekilden yatimliga ekeranchilar gidyardi ol yerlere.. Eger etrap etsen mekdep bolmali, yashayish jaylar gowulashmali, hassahana etc zatlar gurulmali.. Eger bular bolsa, adamlar ol yerlerik yashamaga gelerler.. Eger yashamaga gelseler ol topraklar bilen has yakindan gyzyklanjak adamlar dorar oz ozunden.. IMHOO:)