Arzyly Myhman

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Arzyly Myhman

Bir aýal öýünden çykanda onuň öňün­­den üç sany ak sakgally ýaşuly adam çykypdyr. Bu zenan olary görüp:

- Men sizi tanaýaryn, siz ajygan bolsaňyz ge­rek. Haýyş edýän, öýe giriň, bir zatlar gar­banyň - diýipdir.

Ýaşulular ondan:

- Adamyň öýdemi? - diýip sorapdyr.

Aýal bolsa:

- Ýok - diýip jogap beripdir.

- Onda biz ol gelýänçä garaşaly.

Agşam adamsy öýe gelende, zenan oňa bu wakany bolşy ýaly gürrüň beripdir. Adam­sy:
- Olary öýe gelenimi aýt-da bärik çagyr. - diýipdir.

Aýal daşaryk çykyp, ýaşululary öýe ça­gy­rypdyr. Olar:

- Biz bir öýe ählimiz girmeýäris - diýipdir.

Aýal munuň sebäbini bilmek islände olar özlerini tanatmaga başlapdyr:

- Onuň ady “Baýlyk” - diýip, biri beýle­kŷsini görkezipdir. Beýleki birine yşarat edibem:

- Onuň ady “Üstünlik”, meniň öz adym bol­sa, “Söýgi” - diýipdir. - Ŷndi ýoldaşyň bŷlen maslahatlaş-da, haýsymyzy myh­man­çy­lyga çagyrjakdygyňyzy çözüberiň.

Bu sözleri eşiden adamsy begenip:

- Beýle bolsa, “Baýlygy” çagyraly. Öýü­miz baýlykdan dolsun - diýipdir.

Emma aýaly:

- Näme üçin “Üstünligi” çagyrmaly däl? - diýipdir.

Şol wagt bulary diňläp oturan gyzy:

- “Söýgini” çagyrsak, gowy bolmazmy gaý­tam? - diýipdir.

Ene-atalar öz perzendiniň saýlan myh­ma­nyny çagyrmagy makul bilipdirler.

Aýal daşaryk çykyp, “Söýgini” myh­man­çy­lyga çagyrypdyr. “Söýgi” olara tarap ug­ran­da beýleki iki ýaşuly hem onuň yzyna dü­şüberipdir.

Aýal haýran galyp:

- Men diňe “Söýgini” çagyrdym ahyry. Siz näme üçin gelýäňiz? - diýipdir.

Şonda “Söýgi”:

- Eger siz “Baýlygy” ýa-da “Üstünligi” ça­gyran bolsaňyz, beýleki ikimiz galardyk. Emma siz meni myhmançylyga çagyrdyňyz. Men nirä gitsem, “Baýlyk” bilen “Üstünlik” şol ýere gidýär - diýýär. - Çünki söýginiň bar ýerinde baýlygam, üstünligem bardyr…

www_zamantm_com

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

"Baylyk" we "Ustunlik"

"Baylyk" we "Ustunlik" sozlerinin ulanyshyna gora uytgeyar bu tymsal'yn(?) dogrulyk payi. Eger maddy baylyk we ustunlik barada bolsa, onda dogry dal, her soyguden doly mashgala bay dal, ustunlikli hem, yone ruhy baylyk barada gidyan bolsa onda dogry, maddy tarapdan garypja bolsa-da ich dunyaleri bay olaryn kopusinin...

birhili edilip terjime

birhili edilip terjime edilipdir ekeni...

name her söyen üstünlik we baylygy ayamyşmy
onda munça garyplar name???

baylyk üstünlik sebapli bolyan mahalam bar üstünligin bay etyan pursaty hem kan...diymek onda söygi dine baylykdada yada üstünlikde...

kem öza...
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Kanagat baylykdyr. Kanagat

Kanagat baylykdyr. Kanagat eden ile zar (mataç) bolmaz, bulam onun üstünligidir.
Yöne söygin yzyna name üçin düşenlerini düşünmedim :D..

Men pikrim boyuncha hemme

Men pikrim boyuncha hemme zat Soygide gutarmayar!

Dogry. Hemme zat söýgüde

Dogry. Hemme zat söýgüde BAŞLAÝAR!
PS Baýram seýrek romantik bolýandyr :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

barde baylyk ve ustunligin

barde baylyk ve ustunligin yerine "bagt" we "agzybirlik" goysan has gowy gelishjek yali gorunyar. sebabi soygi hem bagty, hem agzybirligi ozunde jemleyar diysegem bolar men pikirimche.
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş