name ucin beyle?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Duyn gyzlardan biri bilen gurleship otyrys welin, sheyle gurunlik gitdi sony bilen. Joramyn soyushyan oglany, ol joram bilen soysuhip yor, arada welin gyz jigisine biri soz aydyany eshidip, gyz jigisine azar beryarimishin. name ucin oglanlar ozleri bir gyz bilen soyushyarler, a gyz jigileri ya doganlary soysuhseler welin halanoklar, a name oz soyushyan gyzlarynyn doganlary yokmy? ya ozi soysuhip gelin alsa bolyar welin , agyz jigisi bolsa soyuship gitmek bolanokmy.ya dine ozi sheyle soyup bilyar bashgalary bolsa hic hili soyup bilenok diyip pikir edyalermi,
dine hokman soyushmek barada dalde, daze lak atanlarynda hem sheyle agyr degyar, ozleri bolsa lak atyp yoreyarler.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu yazgi ucin

  • Feya 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!guye degmanka paylap dynayyn :)"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Dwoýnoý standart=double

Dwoýnoý standart=double standard=goşa standart!
Ine sebäp! :) Bu hemme ýerde bar we bolan, şu meselede-de bar.
Men özüme görä aýtsama, oglanlaryň nähilidigini oglanlar bilýär, esasanam özi şoň ýaly biderek bolsa. Onsoň özüniň gyzlara seredişini, köp gyzlara, we şolar bilen aragatnaşyga garaýşyny özi gowy bilýä. Gyz bilýändirin öýdübersin, ýalançy oglan kän. Gyzlar romantik we duýgusal, söýgi-möýgä ynanaýmagy mümkin, şoňa hakyky ynanýan we söýýän oglan bolsa az, muny her oglan gowy bilýä. Şu zatlary 100% bilip duran oglan öz jigisini ýa doganyny hiç oglana ynanmaz, öz standardynda baha keser we DOGRY EDER. "Erkek eşek" etjegini eder, soň namys gyzda galmaz. Ol oglany soýanyň peýdasy bolarmy?

-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "Dogry :))"

Ikinji sebäp

Ikinji sebäbem, Türkmenistanda "gowy" hasaplanylýan gyzlar. Ýagny "gowy" bolmagyň kriteriýalarynyň içinde ýeňilkelle bolmazlyk, asyl söýüşen we "elden geçen" bolmazlyk dur. Bu adamlaryň aňynda bar, detallaryny sorasaňyz muň sebäbini aýdaryn.
Garaz oglan öz jigisini birinjidenä goramak isleýä, ýokarda ýazyşym ýaly, ikinjidenem şol "gowy gyz" kriteriýasyndan çykmazlygyny isleýä. Ýagny gyz biri bilen söýüşse, köp özüne göwni ýetýän we türkmen mentalitetli oglanlar üçin "gowylyk" kriteriýasyndan çykýar we ondan beýläk öýlenmek üçin göz öňünde tutulanok, diňe gezmek üçin. Ýagny gyz söýüşmek bilen diňe söýüşen oglanyna barmak mümkinçiligini goýýa, ondan başga-da "pesräk" statusly oglanlar/maşgalalar bilen mümkinçilik galýar. Şeýle risk etmäge hiç hili sebäp ýok, öz jigisiniň şeýle risk edip, soňam öýünde ýüzi gara oturmagyny isleýän ýok.
Söýüşsinler, ýöne ilki ene-ataly, gudaçylykly zatly. :)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

onda

ondo oglan hic hacan soyenok bolyarda?

Söýýä, ýöne

Söýýä, ýöne mümkinçiligi 0.1% meň hasabym boýunça. Özüňi riske goýanyň hiç hili manysy ýok. Söýýän-köýýän bilen başyňy aýlap ýa ile gep eder ýa erbedräginem eder. Onsoň özüňi ile hödürläp ýörmek galaýýa...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Bayrami dingleme milka!:)

Bayrami dingleme milka!:) Oglanin soymek ahtimalligi onun hasaplamalarindan has yokarda bolyan wagtlari hem bolyar..:)

Yone hakiki manyda bir gyzy soyyan oglan hic hacanam ony garangkida cholarak yerlere swidaniya chagirmazmika diyyan! Goshgy yazar, soygi hatlari bilen bezar gyzyn yuregini yone beyle bet pigillara milt etmez! Name uchin? Sebabi soyyar. Soyse welin gyzyn dile dushmegini islemez, onun erbetligine bolup biljek ahli zatlardan el cheker..

Garaz dushunensinizlay!:)

PS: Bayramin soygi baradaki pikirlerini hic gyza dinglemegi maslahat beremok..:) Ol donnara dash yali birzathow..:)

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Feya 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! "Milka" sozi yaman yokmandyr :)"

Hmmm... Bir tarapdan

Hmmm...
Bir tarapdan goşulýan, men öýlenjek gyzymyň dile düşmegini islemen we swidaniýa çagyrmanam. Ýöne beýleki tarapdanam ýalňyş.
Söýüşýänleriň kelleri, ýürekleri ot, "bir posa ber" diýip az aýdym barmy, az goşgy barmy? "Alkym" ýenäni taryplap? Näme, nireden bardyr öýdýäň şol gürrüňler? Hakyky söýýänler öte şony pikir edip belki ýatyp bilenoklar, bir ýetsem, bir gujaklasam diýip. Bu zatlar baglanyşyklyhow!
Hakyky söýgi gaty howply, däli we samsyk zatlary etdirip bilýä.
Goşgy we söýgi hat... hahaha... bagyşlaň welin, menä şol ýazylan hatlary tapsam, tanyşym ýazan bolsa, gülüp gyrylýan. Nähili ýasama gürrüňler?! :D
Garaz, oglan hakykatdanam söýýän bolup biler, söýmän oýnaýan bolup biler, gyz ýöne ynanyp ýüregine berse, soň bir samsyk işlere eli degýä, ile ady çykýa. Äre barmanka göwreli bolup ýörse, söýýän bolsalar näme tapawut edýär?! Bikanun, "çöpdüýbi" çaga, oglany analizlemän utanç bilen äre bermeli...
Olaryň söýgüsem kelläň gyzgynlygymy, hakyky söýgümi belli däl.
Men biziň obamyzda şeýle wakalary az görmedim...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Bayram! Hakiki soygude gyzyn

Bayram! Hakiki soygude gyzyn gyzligi yatdan chikyan bolmali..:) Yagni diyjek bolyan zadym: yatlananda, soylende soygulinin jinsiyeti yada dushyan bolsa ol soygi daldir menin pikirimche, senin aydishin yali nebsin gamchilamagidir.. Beyle mysallar yok diyemok menem, aydyan zatlarinda yerden goge chenli sen mamla, yone hakiki soyga beyle az ahtimallik bermegine goshulamok..

Senin diyyan misallarin hemmesi hem shol bir maksada hyzmat edyan mysallar.. Yagni ara hichili duygini goshmajak bolyan.. Goshulyan misallara yetiberengde-de "hakiki soygi howpli" diyip goyayyan..

Garaz ikimiz bu soygi temasinda ongushamizok..

Yone bellap gechmeli yene birzat bar: Hakiki soyguden gyzlarin ozleri hem gorkyan bolaymasalar.. Shu saytda ol barada kop gurrungler edildi. Kop gyzlar aydip bellap gechipdiler: sensiz yashap bilemok, seni dunyede hemme zatdan ey goryan yali sozleri islamok diydi meselem tumar bir yerlerde. Silasin, normalno halasin soysun boldugy diyipdi oydyan yalngishmayan bolsam.. Gyzlaryn aglabasi; oglanlarin olara aydyan yakimli sozlerini, jana hosh yakyanligi uchin halayan bolaymasalar, mana galsa sheyle pikir edyan.. Shol sozlerin hakiki bolmagindan olaram chekinyarler..

Aslinda hakiki soyga (men pikirimche) hicbir zenan layik dal.. Hicbir zenan goterip bilmeyar ol soyguni..:)

Gyzlar näçe "söýgä

Gyzlar näçe "söýgä ynanamok" ýa "gerek däl beýle sözler" diýselerem, şolar ynanýalar. Ynanmaberse tutup malçyldadyp ogşap alýan bir gysymlap, 2-3 gün geçensoň özi gujaklap ýörendir :D Ynanmasaň "Söýgiň güýji" diýen Sanyly hindi kinony göräý, şol gyzam ynananokdy, ýaman betjedi, tutup ýüzünden ŞAMP edip ogşansoň derrew söýendir :D
Men jedel etmekçi däl, men saňa mysal berjek. Sen "Gül-Bilbil" ýa "Gül-Senuber" ýaly dessanlary okadyňmy? Şolaram söýüşýäler, soňam aýdýandyr "bagda görüşdiler, aýşy-aşratda boldular" ýaly zatlar, içinde goşgular "seni eýdip ogşasam" ýaly. Şolaram söýýäler, ol narkomanlar ogşaşman çydap bilenoklar söýgüden ýaňa düşünäýhow :D
Tumar näme diýse diýsin, durmuşa çykyp 1-2 aý geçensoň söýüp ýörendigi borda :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Feya 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! dogry, gyzlardan soyga ynanmayan yok oydyan :)"

hmmm

Gadyr wrote:

Aslinda hakiki soyga (men pikirimche) hicbir zenan layik dal.. Hicbir zenan goterip bilmeyar ol soyguni..:)

bay bayuuuuuuuuu asyl sheyle diysenizle, gyzlara tersine diyyaler hic bir oglan yuregini agyrdyp soyanine degenok diyip, sebabi olaryn kellesindaki tarakanlar oynamak barada pikir edyaler diyip,

Gadyr aga menem

Gadyr aga menem sen yaly Bayramyn beren prosendi beter beter azmyka diyyan...Men elmydama shu yerlerde yazylan zatlary okayan, sonam ozum bn garshylashdyryan, sonam sheyle pikire gelyan, bu yerde beter karamsar yazyalarmy namemi...

Karamsar orsça pessimist

Karamsar orsça pessimist bolmaly.
Orslaryň bir sözi bar "Pessimist - horoşo informirowannyý optimist"
:D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

"soyushmek" sozunin manysyny

"soyushmek" sozunin manysyny oldurmesene milka!

"Halashmak" diyay shona!

PS: Shol sozi adaty bir soz yali ulanyarlar welin ichim dagy yanyar!..:)

:(

bor indikide

hmmm

hmmm Gulnar senem bet temalar achyanay.. Dagam name diysin arkayin soyushiber jigim diysinmi?? soyyanligine ynansa azar bermezle, turkmenchilige sigyan zat.. Magtymgulynyn kinosynda bar-a, Magtymguly oz gyz jigisi Zubeydani soyyan oglany bilyarem, gowam goryar.. shonun yali Agalaram gyz jigilerinin soyushyan oglanini gowy bilip tanasalar azar berman gowy gorerdiler.. elbetde ya azar bermek, ya-da gowy gormek sechimleri bar.. ay name bolsa shol bolsun diyip bilmediksirap geziba bolmaz?? gyzyklanylar, owreniler!! halansa gowy goruler, halanmasa-da azar beriler:)

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Feya 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! dogry!"

elbetde menin diyyanimde

elbetde menin diyyanimde dating zat yokdur how:P edil shol Magtymgulynyn dowrundaki halashmalar yali bolmali:)

Eý Yslamjan, maňa ynanaý,

Eý Yslamjan, maňa ynanaý, halaşmak bilen başlanýa şol. Soň bir gün gyzyň elinden tutup özüňe çekip
-Seni göresim geldi...
zat bilen eýdersiň, beýdersiň... Olarda erk barmow, ertesi agşam ylgap gelerdä onsoň swidaniýa. Söýýänmikäm diýer, eýder-beýder... haçanda taşlan wagty aglap-eňräp ýörendir hat ýazyp "özümi asaryn taşlasaň" diýip
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Goşulamok, ol Magtymguly

Goşulamok, ol Magtymguly kinony ýazanyň kellesinde kim bilýä nähili tarakan bolandyr?
Menä el-aýagyny döwerdim, mümkinçilik bolsa söýüşýänlerini bilsedim. Maňa "söýgi-möýgi" oýunlary täsir edenok, özümem erkek, men ol oýunlary az bilemok.
Gowy oglan gyz bilen gijäň bir wagtynda duşuşmaga milt etmez. Näme etjeklermiş? Paý... söýüşseler uzakdan göz bilen söýüşäýsinler, edil aralary ýakynlaşsa oglanlaryň hemmesem erbet meň gözümde. Ene-atasyny ibersin, gowumy biz karar bereris!
PS Şeýle pikir etmeli :)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Oglan gyzlar bilen ozuni

Oglan, gyzlar bilen ozuni nahili alyp baryan bolsa, t.e. nahili "soyushyan" bolsa, onda gyz jigisi hem 1 oglan bilen sholar yaly soyushyandir oydyandir men pikirimche...T.e. eger oglan dogan 1 gyzy gara chyny bilen soyup, hormat goyup, distansiany zady saklap bilyan bolsa, we ol gyzy yitirmegin nahili agyr boljakdygyna dushunyan bolsa, onda gyz jigisine soz aydan oglana-da 1 ahtimal "Belki olam men yaly govy soyyandir ?" diyer, yone oglan dogan gyzlar bilen oynap tashlamak uchin gezyan bolsa, onda gyz jigisinin yzyna dushyanem ozi yalydyr oydaymegi gaty ahmal, herkim oz isporchennost derejesine gora baha beryamish illere, olam soz aydan oglana ozune beryan bahasyny berer...

Yone TM'daki gyzlaryn kopusinin etmesem bolanok, 18-20 yashadymy "Hurrrreeeey, hokman soyushmeli" bolup bashlayar kopusinin kellesinde, kabirleri dagy "ejem 18/20'den son soyushmage rugsat berdi" diyibem yor how...Hamala 1 dereje yaly soyuship-soyushmezlik, sabyrsyzlyk bilen garashyp dagy...

18den oba gochdumika diyyan

18den oba gochdumika diyyan mena, indi ol 15e dushen bolmagam ahmal...indiki chagalar beter kop bilyarlerlay...ulylar maslahat zat berse, bu name dalimay diyjek derejede...

Oglanlara ynanmaň! Gyzlara

Oglanlara ynanmaň!
Gyzlara ynanmaň!
:)
Musulmançylykda ýöne ýere swidaniýada 3 adam bolanoga! "Tretiý - lişniý" diýilýänleri bolmasa, mümin musulmanlara-da ynam ýogow gyz bilen. Şeýleräk dostlar!
Eger diňe ynam bilen bolýan bolsa, beýle agyr we demirden kanunlar bolmazdy...
Gyz bilen oglanlar garşy zarýad ýaly, çekýär biri-birlerine.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Turkmenlerin gadymky

Turkmenlerin gadymky terbiyesi shu wagtkynyn tep-tersi yaly 1 zat...Gadym dovrun gyzlaram duyguchyl bolandyrlar, yone olaryn hereketleri rational bolan in azyndan, akyllaryny duygylarynyn onune gechirip bilipdirler, erkeklera toy edyanchaler gyzlaryn ellerinden ya tutandyrlar, ya onam kop gorendir gyz...Bu dovur azajyk gayrat etdigin gyzlan birgideni eyyam razy, rasionallykdan nam nyshan galana menzanok.

Kerim agan goshgysynda bara gyzyn jogap berishi:

Kem-kemden golaýlap lebiñe lebim
Çabrap başlanda demiñe-demim
Näz bilen iterdiñ:"Hany edebiñ?
Söýgi bulaşmazmy
Edep az wagty ?"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "goshgyng uchin "

Bolan waka

Bir ýaş gyz meň ejem keselhanadaka ýatyr ekeni şol ýerde. Aglap öz gürrüňini berenmiş.
Meň ejemem gepi owadanlap, edebileşdirmegi başaransoň, bar aýdanlarynyň dogrulygyna güwä geçip biljek däldirin, azar beräýmäň! :D
Gyz owadanmyş, bir fabrikada işleýän ekeni. Fabrikaň direktorynyň ogly şol ýere kän barýan ekeni, gaty görmegeý we gowy oglan ekeni. Söýgi-möýgi bolupdyr we belli wagtdan soň gyz göwrelidigini duýup oglana aýdypdyr. Oglan zym-zyýat.
Gyz öýündäkilerine aýdansoň nämeleriň bolanyny göz öňüne getiriň... Gaty kyn günlere salypdyrlar öýündäkiler, ýalňyşmasam ahyr zor bilen şol oglana äre beripdirler, ondan öň ejirler çekdirip. Alan oglanam, baran ýerem oňa nähili garaýandyklaryny hem göz öňüne getiriň.
Men gürrüňiň detallaryny ýadyma düşürip bilemok. Ýöne gyzyň kakasy namys edip, keselläp ölüpdir öýdýän, doganlaram ony öldürjek bolupdyrlar.
Şeýleräk... şolaryňam wakasy söýgi bilen başlanan...
Men özümi gowy hasaplamok, ýöne azyndan men gyzlara hiç-haçanam ýalan sözlemejek boldum ýa sähel pikir etmegi başarýan. Ýöne meň tanaýan oglanlarymyň arasynda menden 100 esse "beteri" bara... nädip ynanjak?!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Menä nähili bolsamam,

Menä nähili bolsamam, ejizje bolsa-da, moral prinsiplerim bar we şolary basgylamajak bolýan. Ýöne oglanlaryň arasynda:
1. tekiz moral prinsipi bolmaýan pofigistler bar. Käbirleri şeýle krutoý we süýji sözli...
2. "millioneriň gyzynyň äri däl men" diýmek moda boldy ýaşlaryň arasynda bir wagt biziň töwerekde. Nähili pikir bardygyny göz öňüne getiriň.
3. galyňy arzanlatmak isleýän, "söýýän, öýlenjek" diýip etjegini edýä, soňam "aý gelseňem gelersiň, gelmeseňem gelersiň, menä şu pylançadan kän pul berip biljek däl" diýýäler. Bar söýgülerem şol. Gyzam ýa öýündäkileri razy etmeli, ýa näme bolanyny aýtmaly
we ýeneler.
Söýýän oglanlar bar hakykatdanam, ýöne söýgä ynanmak bilen bolýan bolsa, Ýewropada hemme zat gülala günlük bolardy. Şol ýerde gyzlar kimi saýlasa, nädip saýlasa doganam hiç zat diýenok, kakasam. Ol ýerdäki gyzlar äre barmanka 100 är çalşyp, baransoňam "söýüşeni" bilen ýaşaşyp bilmän ýene 10 sany är çalyşýalar...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Bayram shu beren mysallarin

Bayram shu beren mysallarin niresinde soygi bar.. Bu soygi dal bu gyzy aldamak.. Soygi; iki tarapda-da shol bir derejede ya-da menzesh derejede emele gelen duygi, pikir joshmasidir meng pikirimche.. Gyzy aldapdirlar, goshulyan gyzy aldamak ulanmak ansat we hatda gyzy ozunge ashyk etmek hem ansat.. Yone bular soygi bolmayar..

Soygi 2 taraplayin bolmaly

Soygi 2 taraplayin bolmaly diylen zat nirede bar ??
Den dereje dakisini ha arzuwam edip oturmaly dal, matematiki ahtimallygyny hasaplatman mana shoncha adamyn ichinden 2 adamyn biri-birini denje soymeginin...

Adamlarin ozara yakinliginin

Adamlarin ozara yakinliginin gornushleri bar.. Bu barada onglerem yazipdim welin tazeden beyan etmekden yaltanamok..

1. Shefkat: Bu ejelerde chagalarina bolan soygusi.. Mahir diysegem bolar munga. Yagni garshiliksiz. Chaga, bala ony soymese-de ol chagasini oz janindanam gecjek derejede soyer. Hatda chagasi ejesinin gursagina bir pichak soksa, enanin sonki sozi "balam" boljakdigi barada misallar kan.. (PS: Isklyucheniyeleri goshmajak bolali)

2. Soygi: Iki taraplayin bolmali.. Ol goya diyersin yanip duran ot yali, kabir mysallary bersen. Onun odunini yetirip durmali.Bolmasa wagtyn gechmegi bilen ol sonup bilyar.. Durmush guran yash chatynjalarin soygi bilen asil sinagy durmush gurandan song bashlayar. Sebabi dikensiz gul yok, birbirinin hasiyetlerinin birbirine yakmayan yerlerinde sabyr etmek hem gerek. Garaz kan dorjelemek gerek dal.. Ol bir kichijek chaga yali, idegini yetirip durmali..

3. Angrybash soygi: Bu bolsa yeke tarapli. Hatda birinin soygusine beyleki tarap "yok" diyende hakiki manyda bashlayar diysengem bolyar muna.. Mejnunin Leyla bolan soygusini men shu kategoriya goyyan ozumche.. Belki yalnish bolmagy hem ahmal.. Duzedish girizilse uygun bolsa kabul ederis..

4. Yshk: Bu bolsa saman ody yali.. Chalt mowjeyar we chaltjagam sonyar menin pikirimche.. Gechiji bir synp.. Derrew soyga owrulmeli.. Yagni derrew iki tarapyn hem aladsini edip duryan soygusine owrulmeli.. Bolmasa chalt yanip bashlayshi yali sonup gidyar..

PS: Mergen men deng derejede bolmasa-da menzesh derejede soymeli 2 adam biribirini diyjek boldum.. Hawa dogry, deng derejede soymek ahtimalligi gaty ujypsyz.. Ol yerde diyjek bolan zadym, bir tarap soyup beyleki tarap pitiwa etmeyan bolsa ol soygi uzak dowam etmez..

Bilýäňmi Gadyr aga,

Bilýäňmi Gadyr aga, öýleneniňi logika we kelläňe görä saýlamaly we oňa öýleneňsoňam... söýjek bolup jan etmeli :D Alladan dilemeli!
Bolmasa söýgini gözläp amerikanlar ýaly 30-50 ýaşabam tapman bolýar.
Şefkat är-aýal arasynda hem bolýar we ol söýgüdenem ýokary bolýar käwagt. Azyndan şol bolsun.
Menem söýgi haçan gelerkä diýip köp gezdim, gelýän zat ýok. Söýüşip toý edenler aglaşybam ýör käbiri, söýüşmän toý edenler şükür edip soň söýüp ýör käbiri... Men ikinji kategoriýadan bolasym gelýär! :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Dogry aydyan

Dogry aydyan Bayram, esasy zat oylenenson bir birini soyup bilmek, bizde oylenmankaler soyyan diyip aglashyp yorler, yone durnush guransonlar,1-2 yyldan soygi diyilyan zat galmayar, mena bashdaka ozumche yshk diyip dushunyan...
Shefkatem ar ayal arasynda bolyar, mahir yagny, sanada oylenenson ayalyn bn bir birinizi hakyky manysynda soymekliginizi arzuw edyan, soymek (ynsan soygusi) adamyn yaradylyshynda bardyr....

Bilýäňmi Resçik, eger

Bilýäňmi Resçik, eger işiň pragmatist bolmak bolsa, her zady material ýagdaýda düşündirmek we deňlemä sokmak bolsa, söýmek hem kyn bolýar ekeni. Her zada sebäp gözlemek işiň bolsa, ýyl boýy 344 gün şony etseň, onsoň ol endigem bolaýýa. Romantika azalýa we hemme zada siniki-material garaýyş bolýa.
Indi men käwagt söýüp bilmernem diýýän hiç haçan :D Işim zaýalady meni... Hakykatdan söýgä ynanýan wagtym(8-9 klaslar) öýlenäýmeli ekenimmi ýa?! :D
Bilmedim, diňe Alladan umyt bar söýerin diýip.
Gyz yrmak ýa eýle-beýle kynçylyk däl. Emma kelläm şol prosessde diňe sebäp, netije, effekt ýaly deňlemeli zatlardan doly :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Soygin gornushlerini sanamak

Soygin gornushlerini sanamak gerek dal, Pygamberimiz Hz.Ali'den soranda Patma(r.a.) gowy jogap beryar ona, barde-de goyupdyk ol jogaby, yone senin ol kesgitlemeleri nireden alanyna dushunmedim...T.e. "2. Soygi: Iki taraplayin bolmali.. ". Name uchin ?? Nireden chykardyn bu kriteri ??
Soygi 1 ya-da birnache duygynyn 1 yerde/wagtda doran halynyn ady, ony duymak ya-da duymazlyk garsydaky adama bagly bolmaly dal, ol 1 adamyn shahsy duygusy, paylashyp bilse ona yetesi zat yok, yone bolmadyk halynda-da "Bu duygyn palan zat" diyip bilmersin, yene-de shol bir soygiligine galar...

Anrybashy soygi -- Namesi anrybashy ?? Ya garshydaky hem soyup bashlasa anrybashylygyndan 1 zat kemelyarmi ??

Ozunden yazan bolsana, menin pikirimche duybinden yalnysh kesgitlemeler.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Feya 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! hmm... goshulyan"

GAdyr aga bu aýdýanlarym

GAdyr aga bu aýdýanlarym hakyky söýgi däl welin, men bärde şol erkek doganlaryň edýän hereketlerini dogrulaýan. Ýagny ýokardaky aýdyşym ýaly oglan ite dökün wagty, haýsy oglan öz jigisiniň oglanlara ynanmagyny islär?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

hmm

mena dogry dal diyyan, name oz soyushyan wii wiiiiii halashyan gyzynyn dogany yokdyrmy, onynkam bardyra, ya bolmasa edil oz soysuhsi yaly bashga bir oglan jigisinin ak yurekden soyup bilmezmi?

Teoretiçeski hawa, söýüp

Teoretiçeski hawa, söýüp biler. Emma aýdyşym ýaly riske giresi gelenok hiç kimiň, jigisini riske goýasy gelenok.
Söýen oglan ibersin ene-atasyny, wessalam.
PS "Oglan doganynyň özi söýüşýärä" diýmek nämä gerek bilemok. Belki ol oglan dogany ýalňyşýandyr gyz oýnap ýa belki hakykatdan söýýändir, emma oglanlaryň köpüsiniň pikiriniň nähilidigini bilmeýän ýok. Şoň üçin ýokardaky aýdyşym ýaly, ynam ýook
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

bayram wrote: Gyzlar

bayram wrote:

Gyzlar näçe "söýgä ynanamok" ýa "gerek däl beýle sözler" diýselerem, şolar ynanýalar. Ynanmaberse tutup malçyldadyp ogşap alýan bir gysymlap, 2-3 gün geçensoň özi gujaklap ýörendir :D

Hawa senem "soyga ynanamok" diyen bolyan welin, hazir oylenengson keywanin malchildadip ogshar welin bay soyersinga..:)

Aý agam, meň ýazanlarym

Aý agam, meň ýazanlarym gaty duýguly gyzlar üçin, men ýaly daşlara ogşamak beýle täsir edenoga :)
Nesip bolsa, keýwana öýlenemsoň aşyk bolaryn. Ýöne ýokarky priem maňa işlänok... ynanaý... :)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

"Bir dali bir guya dash atdy

"Bir dali bir guya dash atdy 40 akilli chykarip bilmedi" diyleni boldumi?:)

PS: Milka gaty goraymehow!:)

Buda Bayram'yn Tozal'daky

Buda Bayram'yn Tozal'daky klasdashynyn edishine bardy, etjegini edenson(aytjagyny aydanson) "Bez obid" diyaymelimi ? :))

Myrat Sadyk, hany sen paylashda taze tejribelerin bilen, oylenmezden on we son soygi-moygi yaly duygylarda ozgerishlikler bolyamy ?? Na dereje ?? :)

ha ha

dali diy, yene bir zat diy, garaz adam diymede senem:)

Asyl tema barada

Tüweleme pikirleriniz gaty gowy yöne asyl temadan azajyk daşlarypdyr öydyan.
Men pikirimçe eger oglan öz gyz dogany yada gyz jigisin söyüşmegini islemayan bolsa ol dine olary gowy göryandikleri üçindir. Yogsam gysgançlykdan daldir. Hany bora kawagt sende gowy zat bardyr senem gysgançlyk edip başgalarindadam bolmgyny islemersin.
Sebabi elindaki zadyn(söyüşmeginin)dine wagt öldurmek digine düşünüp anyrsyna çykyp ayagyny sallap oturandyr :))

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

mesele söyüşmek hakynda

mesele söyüşmek hakynda my söymek?

yagny hakyky manyda soymage ve soyulmage oglanlar hem öz jigilerine rugsat berre.. yone soyuşup, ile gep bolup wejera bolup yormage elbetde hiç oglan hem öz jigisine rugsat bermez.. hatda hakykatdan soyyan oglan öz soyyaninin hem ile gep bolmagyny islemez, onun hakynda, onun bilen arasynda bolyan zatlary hem başgalara aydyp bermez.. öz aljak gyzy hakynda erbet zat diyilmegini hem islemzmika diyyan..

menina oglan doganym men eyyam 18 yaşlarymdakam aydypdy.. söyup bilersin, yone soyyan oglan gelsin gudaçylyga, ejemin kakamyn habary bolsyn.. hemem yolda eylede beylede el tutuşup gezip yorenini gormayin diyipdi.. yagny bile yolda yorap baryanyny gorsem zat diymerin (elbetde onunden mana aytsan ol barada) yone el tutuşup gezip yorenini gorsem gaty gorme.. diyipdi

"Soymek" diylen zat hemme

"Soymek" diylen zat hemme adamda bir bakyshda doranoga Akgül, ol oglan entak soyup-soymeyanligini bilmeyan gyzynyn oyune gudachylyga ibermeza ejesini ?? Galyberse-de, bizde 18 yashdan bellap goyulyp, son 5-6 yildan toy edilenoga...In amatlysy kopchulik yerinde gurleshmek bolaymasa, in azyndan biri-birilerini tanayanchalar 1-1 galmasalar zat bolasy yokla.

dost bolsynlar prosto way..

dost bolsynlar prosto way.. hokman soyuşmeli diyilyan zat yoga.. yagny birbirinin soyyandiklerine düşünyançaler dost bolaysynlar :))

Kabir gyzlar "dost" diyyan

Kabir gyzlar "dost" diyyan oglanlaryna asyl erkek gozi bilen seredenoklar, kabir oglanlaram dost gyzlara, beyle yagdayda name etmeli onson ?? 1 tarap(kamahal 2 tarapam) elevrap duryar "Ufffff, mena muna indi has seryozniy gatnashyk guraly diysem, buda yok diyse, soyguli islap dost'danam galsam name ?!!" diyip, sheyle yagdayda name etmeli bey diyyan ??
Garaz, planlashdyrylan dostluk bolmasa kyn, kamahal 2 tarapynam dilini baglap goyyar...

"Just friends" diyen kinony gorun, shol kino sheyle dostluklaryn kynchylyklary barada gidyar :)

2-sem allahyn gözünde 1

2-sem allahyn gözünde 1 dami name???
günali kim ol diyilmeya...
erkek köp zatda üstün bolany sebapli...dünyani höküm etyan erkek mydamada şeyle bolar --önem şeyledi...erkeklen ruly--- kanynlary - kural bar şonam isleyaler we şonada her kim ynanyar...

gyzy dvijeniya etjek ogln bolşy yaly bayrak-owadanrak oglany dvijeniya etjek gyzam
köplenç gyz yenilsede:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Sena myjjygyny chykardynay

Sena myjjygyny chykardynay bu post'yn, "erkek, erkek, ustun, kanun, myjjyk.." bolup dura how ?? :)

Turkmenchiligin shu gunki gelen nokadyndaky asyl kemchiliklerin in ulylarynyn biri, yashlaryn(yagny bizin) terbiyesinin yalnysh berilendigimika diyyan mena, t.e. kopimiz(erkekler) kichilikden:

- Hany oglum, gel dyzymda otur
- ?!..
- Oglum, senin halayan gyzyn yokmy ??
- Name uchin yok, bar...
- "Erkek oglum, maladis"

mazmunyndaky dialog'lar bilen onup-ulalan dalmi ?? Kaka diymese-de dayi diyyar, dayi diymese aga diyyar, agalar diymese kochedaki balamutlar diyyar, garaz kichilikden kella guyyalar gyz yrmagyn 1 edermenlikdigini, belli 1 yasha gelip, tejribe + kella'ni ulanyp bu zatlaryn yalnyshdygyna dushunmesen, sheyle-de dovam ediberyan butin durmushyn boyuncha...
Barde utanara zat yokmyka diyyan mena, edil shu mowzukda mena ozumin yalnysh terbiyelenendigime dusunyan we muny kabul edyan, indem zordan duzeljek bolup yorus...

Gepin tummek yeri, biz erkek chagalarymyzy ozumizin chagalykda yetishdirilishimiz yaly yetishdirmeli dal, gyzlary oynap tashlamagyn edermenlik daldigini dushundirmeli we etc...

Gyzlaryn her yerinden chekip erkeklerin denine yetirenimizden, erkekleri(ozumizi) galdyryp, arassa gyzlaryn denine yetirjek bolmalymykak diyyan. Yogsa indiki nesilin dat gunune...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

belki shu yerde gyzlar oglan

belki shu yerde gyzlar oglan doganlary bilen edil gyz doganlary bilen gurleshisheyleri yaly gurleship bilmeyanligindendir!
sebabi koplenc gyzlar ulalalnlardan son oglan doganlary bilen ac acan gurleship duranoklar, shunun yaly yagdayda belki oglan doganlary bilen ac acan gurleship, icki syrlaryna aydyshyp bilseler, ol oglan doganam jigisine soz aydyan oglany ozi baryp tanap gaytsa gowy bolar oydyan

Hmmm,kyn sorag.Menin gyz

Hmmm,kyn sorag.Menin gyz jigim yok,onun uchin begenyan,yone gyz jigim bolsada sheyle yagdayda azar bermezdim.sebapleri:
1.Bu adalatsyzlyk.
eger men biri bilen Gadyr aga aytmyshlayin halashyan bolsam,halashyanlygym sebapli ona bolan hormatym kemelmez.sebabi ozumem shonun edyan gunalerine "ortak".Onsan bir "prestupnik" beyleki prestupnige gep atsa...adalatsyzlyk garaz.
2.Gyz=oglan.
Turkmenistandaky mentalitedi halamok.Oglanlara bolyar,gyzlara bolanok yaly zatlara men garshy.Koplench birine bir gyz barada "plany bilen soyushipdi oydyan"-diysen boldugy,gyzyn bahasy gozunde uch esse azalyar(hatta barlanoklaram).Gysgacha aytsama,men(oglan) name edyan bolsam,gyz jigimin yada islendik bashga bir gyzyn shony etmage haky bar gozumde.
3.Peydasyz.
Gyz jigim bir gezek bildirtse,ondada gygyrsam,ursam gaydyp bildirtmez.Ondan gowusy ach-achan hemme zat barada bir-birine gurrun bermek we gyz jigin bilen bolup gechyan hemme zatdan habardar bolup durmak.Sheytsen in azyndan kabir "mohum" yerlerde maslahat berip yada chykjak netijeler barada gurrun berip bilyan.

mena beyle pikir edemok eger

mena beyle pikir edemok eger sizing gyz jigingiz bar bolsa sheyle bir gababardyngyz soyshayse yuregingiz yarylardy

dayzam erkek bolsa dayim

dayzam erkek bolsa dayim bolardy:)
men senin doganyn yaly daldirin,eger gaharlansamam,gabansamam sowukganlylygymy yitirmerdim we asla sogup gygyryp azar bermezdim.gowuluk bilen elimden name gelse duzetjek bolardym elbetde,yone aydyshym yaly gygyryp,sogmezdim.

Her zat gowulyk bilen we

Her zat gowulyk bilen we güler ýüz bilen bolaýanokda bu durmuşda. Ýalbarmak, düşündirmek, öňünden seresap bol diýmek käwagt netije berenok. Iş-işden geçmänkä aklyna aýlamaly bolsa, gerek ýerinde bir şapbat 1000 sany ýalbarmakdan has oňat.
Çagalary ýa ýaşlary ýalbaryp we düşündirip terbiýe bermek Ýewropa we Amerika ýaly ýurtlarda hem her wagt işläýänok. Sen öňünden aýdan bolsaň, olam diňlemän gökbeýinlilik, guş beýinlilik edip söýüşýän bolsa, gygyrmagam erbet däl. Haçan oglan etjegini edensoň, ýaş perspektiwniý gyz ýüzi gara bolup öýüňde aglap oturanda näme edersiň?! HIÇ ZAT! Öz geljegini öz eli bilen ýumrany bolar
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

yene bir zat

yene bir zat goshmakchy.
kabir gyzlar 17-18 yashyna chenli jynsy geyyarler,a son bir-hili "ulalyarlar" we oz-ozunden turkmen koynegine gechyarler.A kabir gyzlar bolsa tersine,17-18 yashyna chenli turkmen koynek,son birden "indi ulaldym,hemme kishi geyyar menem geyjek"-diyip jynsy geyip bashlayar:)
Edil shon yalak,bashinji-altynjy klasdan soyuship bashlan gyzlar,son has tejribeli bolyarlar we gerek bolan wagty dogry kararlary berip bilyarler.Olar sho kichjik wagtlarynda oglanlaryn nahili nejisdigini,hachan name bolyanlygyny,nadip aldayandyklaryny,sheyle yagdayda name etmelidigini owrenyarler,a yitiryan zatlary bolsa yok.O yashdaky soyga soygi diymegem bir-hili,yagny denishdiribem bolmayar sonky bolup gechjek zatlar bilen.Sheyle gyzlar yokardaky fabrikaly gyzyn yagdayina dushmeyarler, shon uchin gich bolandan boljak zat ir bolsun.

Nabileyinda... soygi we

Nabileyinda... soygi we aragatnashyk, jynsy bolsun yone bolsun, keyp beryan zat, tejribesi bolan gyz ondan boyun towlaya diyen zat yok. Tejribesi bolan gyzlar kontraceptiv, yagny preservativ zat ulanyp shol fabrikaly gyzyn yagdayina dushman biler, yone bu umumy manyny uytgedenok. Ya olaram kellesi gyzan wagty "zaletet'" edip bilerler, son nache tejribesi bolsa-da, abort etjek bolup yorendirler...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

manga iki sany oglan doganym

manga iki sany oglan doganym bar hudaysaklasyn sheyle bir meni gabanyarlar hemme kishiden

shu tema biraz degishlirajik

shu tema biraz degishlirajik Ozbeklerin kinosy bar "Zohre Fatima" diyip shony gorup bilseniz gorsenizle gaty gyzykly, oglan doganyn name ish edip yoren bolsa gyz jigisinde goryar, gaty gynancly kino

Düşünmedim... azajyk

Düşünmedim... azajyk gürrüň bersene Gülnar
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

hmm

son goresin gelmezda:)
oglan dogany gunde diyen yaly Gyzlar bilen gezyarler, bir gun oz gyz jigisi shol koca oglan dogany gozlap gidyar, oglan doganyn dostlary alyarda edil bashga gyzlar bilen gezishleri yaly ol oglanyn jigisi bilen gezyarler, hic biri tananok ony, oglan doganam bilenok daze arak ichip oylerine gaydyar, onson gyz jigisi gelyarde ozuni olduryar, oglan doganam bilyar shol agshamky dostlarynyn akelen gyzy oz gyz jigisidigine hat okap. onson oglan dogany baryp dostlaryny oldurjek bolyar, dosty alyp ozuni oldurup goyberyaler, kakalaryny dostlarynyn kakasy mafiyan bashlygy olduryar, ekeje bir gyz jigisi galyar, ol gyz jigisi barysynyn aryny almak ucin shol oglan doganyn dostyny gozlap bashlayar, oglanyn dosty we ol gyz bir birlerine ashyk bolyar, gyz bilenok shol dushmanydygyny, oglanam ozuni name etjegini bilenok olam gyzy cyndan soyyar, sheydip in sonyndan ol oglanam olyar, dineje ol gyz galyar

sheylerajik doly guruun berip bilmedim oydyan:)

Gezmek manysyna başgaça

Gezmek manysyna başgaça seredýäsmikäk diýýän. Gezmek bar, zorlamak bar.
Ol gyzy zorlapdyrlar, doganynyň gezeni bilen deňdir öýdemok.
Hiç kimi aklamok, ýalňyş düşünme, ýöne haçandan bäri zorlamak bilen gezmek sinonim boldy?!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

bosh

bosh wagtyn bolan wagty tapda gorsene ozin, dushundirmesi kynyrajyk , gowyja aydymlaram bar asasynda

Kinony tapsam

Kinony tapsam görjekle
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Ozbeklerin meshur aydimcisi

Ozbeklerin meshur aydimcisi bar, zenan.. Ady yatda dal.. Shonun kinolarindan biri.. Shol aydimin sozleri esasinda gurnalan ssenariya bolaymasa..

Aydyara: "Hayotaayyyt.." diyip..:)

shahzoda aydyar, chyndanam

shahzoda aydyar, chyndanam gyzykly kino, gyz jigisi ar almak yakinlarini oldurip chykyar oydyan...
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

sen nirden gorup yorsunay bu

sen nirden gorup yorsunay bu kinony?

DUSHINJEK BOLAYYNG BAYRAM

DUSHINJEK BOLAYYNG BAYRAM AGA gyzlar uchin mena erbet sozmeka diyyan shoinung uchin aydylyar bizem bilyas shonung manysyny :)

_________________________

ALL MEN ARE IDENTICAL.
NOT LIFE WITHOUT WIFE

Oho,nejis kino ekeni.gormeli

Oho,nejis kino ekeni.gormeli chyndanam.

men gorupdim ol kinony 1-2

men gorupdim ol kinony 1-2 yila bolandir.. Ol oglanlaryn hobbisi gyz zorlamak.. Hatda bir zenan chykyp baryarka: name hayisht edip bilmedinmi? diyip olara agyly gozler bilen seredyar.. Yone ol oglanlar haysidir bir gyzy alip gachanoklar, kochede durup tenini satyanlary alip gachyarlar. Zorlayarlar. Songam ep-esli pul beryarler.. Ay garaz birhili birhili kino oz-a..

Milayimin aydyan gyzyny totanleyin alip gachyarlar. Ol gyz beyleki erbet zenanlarin yanindan gechip baryarka, sholardan birimika oydup alip gachyarlar koroche..

gaty gyzykly kino

gaty gyzykly kino bolsa,tizden turkmenlerem chykararlar hemmamimez gorup bilers shonda...

Turkmen televideniyesinde

Turkmen televideniyesinde olar yaly wahshy ishler edilyan kinolary entak-entak gormaymesek :))

Ay nabileyin,ozleri

Ay nabileyin,ozleri duzmejegini bilyas,gochurenlerinde bir idili gochurerlerda herna:(

türkmenler yene yalnyşyp

türkmenler yene yalnyşyp oglany zorlayan gyz barada çykaraymasa:D
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

yazan zadyngyngyzyng

yazan zadyngyngyzyng manysyna dushunyangizmi?
meng pikirimche tmolympiadda ing erbet sozlem

ALL MEN ARE IDENTICAL.
NOT LIFE WITHOUT WIFE

Bolup bilayjek zat..

Bolup bilayjek zat..

oglanlar aytmady

oglanlar aytmady diyman,
selbişkadan daşda duryn.. :D
_________________________________________
Garry oglanjyk...

sheyle gowy kino mena

sheyle gowy kino mena haladym yone ozbekche bolanshong kan dushunip bilmedim
gaty gowy kino
eden zadyny ozu goryar