"Ýok" diýmegi öwrenmek

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Men bir wagt garyndaşymyzdan bir haýyş edipdim. Olam bir hili gaty gödek jogap berdi, "özüň et" manysynda. Ýöne men muňa dogry düşünjek boldum we "bolýa" diýdim. Emma ol durmady we birden samsyk gürrüňler etmäge başlady, tankytlap. Özem belki ýalan töhmetdi, "sen eýle, sen beýle" manysynda. Ýagdaýyň erbet tarapy men onuň myhmanydym. Gijäňem bir wagty...
Ol durman 5 minuda golaý dagy dowam etdi, elbetde özi ýaşuly bolansoň, meni kiçi görendir. Ýöne meň sabyr käsäm tükendi. Ondan hiç haçan kömek soramajagymy, hatda gapysyndanam barmajagymy aýtdym we başgarak duzly zatlaram aýtdym we öz myhmanyna ters daranyny, bir aýdyp, "ýok" diýip goýmalydygyny aýtdym we çykyp gitdim öýünden.
Ýöne wagt geçdi, men onuň ýagdaýyna has gowy düşünýän. Sebäbi men häzir sahypada näçe köp oturýan ýaly görünsemem, hepdede 60-65 sagat töwerek laboratoriýada geçirýän işläp. Wagt ýok, öýe ýadap gelýän. Pikir edýän, günde garyndaşu, tanyş, biliş, dost we ş.m. haýyş bilen gelip dursalar nähili bolar?!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Häzirki ýagdaý

Indi meň gün boýunça şeýle wagtsyz gezip ýörşüme, haýyş edýänler gaty kän. Bir gün Türkmenistandan biri jaň edip Amerika bilen edip boljak söwdany soraýa, aýtmasaň/etmeseň gaty görjege meňzeýä. Hatda ýokarda aýdan garyndaşam maňa tel etdi, email etdi Amerika barada. Olaryň daşyndan nädip gelip bolýandygyny soraýanlar kän, soraglylar kän, jogap bermeseň gaty görýänleri bar.
Bularyň daşyndan iňlis dili ejiz bolan türk agalar bar, bir ýere gitjek bolsalar meni alyp gidesleri gelýä. Elbetde, olara wajyp kömek gerek bolsa edýän, janlary sag bolsun, ýöne käwagt ýok diýmek kyn düşýä. Men şony aýdyp bilemok, aýtsamam gaty mylaýym aýtjak bolýan. Nädip "ýok" diýmeli?!
Bu günler olaryň üstüne ýene bir kynçylyk goşuldy, SOP(statement of purpose) we writing sample(ýazgy görnüşi) ýazyp bilmeýän tanyş dost oglanlar ýa maňa ýazdyrjak bolýalar, ýa terjime etdirjek bolýalar. Men ýadap gelibem, olaryň işi bilen meşgul bolmaly.
Garyndaşymyň edişi ýaly edip bilmesemem, ýöne ýok diýmäni öwrenmeli! MAŇA ÖWREDIŇ!
Bolmasa bularyň yzy gutaranok, şol "gaýrat et" bolup dur...
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Ine meselem düýn we şu

Ine meselem düýn we şu gün( altynjy we bazar günler) weekend, bir dynç alyş güni. Ýok, biri 10 sahypalyk işini terjime etmegi haýyş etdi. Şony haýyş etmek kyn dälmikä?! Maňa ýagdaýynyň agyrlygyny aýdansoň razy boldum we şu iki günem işläp geçirdim, hemem laboratoriýa gidip 11 sagat ol ýerde-de işledim.
Ine şu wagt gije 12:24 gutardym. Yzyma seredýän, geçen hepdä. 7 gün... her gün 10 sagat azyndan işlenilen==>70 sagat.
Öňümde eýýäm täze iş hepdesi... Dostlaryňdan pul sorabam bolanok, tanyşam bolsa. Men olara "her sagat tutorlyk edýän işimden 13$ gazanýan, sizem şonça töläň" diýip degişip aýtsam ör-gökden geldiler. Aslynda, men 13$y sagatda berselerem gijäp bir wagty altynjy we bazar günleri işlejek däl...
Borda :D Men entek ýaş, ol ýaşuly garyndaşymy bizar edendirler. Olam çydaman maňa pürkendir ajysyny, üstüne goşup, biderek geplerem aýdyp. Stress... men oňa düşünýän... ýöne bagyşlajak däl :D
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

bayram aga.. yaman erbet

bayram aga.. yaman erbet için gysana menzeya.. gowy bolup gider le.. darygyp , pejigip ugrasanyz in gowusy sandykaçynyn ginişlik yaşyl yaşyl meydanlaryny... şoralaryny, şüdügarlerini göz önünüze getirin... tallaryny.. gowaçalaryny.. potradynyz barmy:) .. bir gün nesip bolsa o yerlere ymykly gowşarsynyz ö za.. :) saglygynyz..:P

jan saglygy la how....

salam bayram aga ay biza tanamanam bilersingiz how..... Özümi tanatjak bolup ugrashmayın lay.... amerikang yagdayınam o diyen düshünyandirin öydemok yone welin vVv ngem diyishi yaly winsowhozy yadyngyza getirjek bolung men-a hemme wagt sheyle edyan.... chaltrak shu okuwy dynyp hachan öye gidermikam dyr öydip... oylanyp yatyan...(synanshyng kawagt ishe yarayar) on suzam tomusta winsowhoza geljek shol yashulynyng adresini bering baryp öz pikirimi onga aydyp gaydayın.... magsadyng kakasa daldir bu.... gurbandurdıyew.....

Umuman şeylerak . Adamzat

Umuman şeylerak . Adamzat garşysyndakyny gepleşeninde doly tanamasa azda kande syzyp bilyan şekilinde yaradylypdyr .Şon üçin biri bilen gepleşeninde yada tanyşanynda onyn nahili birisidigini azda kande çykaryp bolya we şona göra hereket etjekdigini bilip bolya .Bu yagday " köpi gören " diyip atlandyrylan birnaçe hadysany başyndan geçirenlerde hasam çalt garşy tarapy öwrenme güyji güçli bolya .Edil şeylede sen dostlaryn sana yuz tutanlarynda yok diymedigin üçin we olaryn gownini yikiji negatiw jogap almadyklary üçin çekinmeden sana yuz tutyalar we tutarlar,. mundan sonanm senin olara beren jogabyny üytgetmedikçe olaryn hayişlarynynam yzy kesiler diyip düşinme .Elinden geldiginden kömek etjek bol yogsada gönimen yok diymegi başar .Bolmasa iki ortada sen " yigrenji" bolup galarsyn .Sebabi etjek diyip boynuna alanyndan son senin öz işin olaryn gözine görinman biler diyip düşinyan ...

---------------------------------------------------
"Sagat dili gylyç,
Kesip dur ömri"

men hem Sanjara

men hem Sanjara goshulyan.

Mende-de kamahal sheyle bolyar. Gowy goryan ynsanlarym ka hayish bn yuz tutyalar, hic-hili ynjydasym gelenok. Kabir dostum bar, yagdayimy aydyp, shol wagda denic edip bilmejegimi, bashga birini tapmagyny aytsamam, menden bashga komekcisinin yoklugyny we okamagymy aydyp otyryberyar. Ay, menem "etjek bolaryn" diyip boyun alayyan. "Yok!" Etjek dal!" diyip curt-kesik aytsanam boljak welin, shey diyenson diyip bilemok men-a!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Alev Alatli-nin kitabi bar

Alev Alatli-nin kitabi bar “Hayır, diyebilmeli insan!” diyip.
Sho "YOK" sozi bir adamyn in kop diymeli sozlerinden biri diyyar.
Men hem eger mumkinciligim/wagtym elbermeyan bolsa mylayymlyk bilen bir zady kabul etmeyan(yagny "YOK" diyyan). Koplenc "+" tasiri bolyar, adamlar hem dusunyar...

yna men ol yerde yazdyma oz

yna men ol yerde yazdyma oz ishimi goyup illerin ishini etjek bolyan diyip, shol yok diyip bilmezlikden gelyan zat hemme wagt basharyp bolanok, yone aydylan zat barda Altyn gapyn agac gapa ishi dusher diyilyar bu gun olaryn ishi sana dushse ertir senin ishin olara dushmegi ahmal bolyar,

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Gülnar senden gaty seýrek

Gülnar senden gaty seýrek duş gelinýän nakyllary eşidýänle soňky döwür :)
Sagja bola
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Gulnar sizin diyyaniniz

Gulnar sizin diyyaniniz dogry.Yone eger adam yok diymani olsede basarmasa name .Ona durmusda yasamak kyn bolarmyka .Men birje gezek kursdasymdan telefonda oydakiler mana opside jan edip aydyp beray diyemde ,yerliksiz yere gownume degdi.Emma su wagt onun mana nace isi dusyar ,yone men ona yok diyip bilemok .Yone sol diylen soz gulagymdaher gezek hayys bilen gelende yanlanyp gidyar .(Sol gun zerur isim cykypdy)

ay men-a mumkunçiligim bar

ay men-a mumkunçiligim bar bolsa yok diyemok yone eger şol işi etmage mumkunçiligim yok bolsa onda gaty görme, komek edesim gelya yone edip biljekdal.. sebabini aydyp bolayjak adamlara aydyan, aydyp bolmajaklara da aydamok..

Aý ýöne başgalar üçin

Aý ýöne başgalar üçin edýän haýyşlary uly görünmän biler, sen bolsa öz dynç alyş wagtyňy şoňa aýyrmaly bolýaň. Onsoň şoň ýaly haýyşlar yzygiderli gelip dursa, dynç almagam ýok.
Meselem, obalarda doktor bolsaň, agşam ýadap öýe gelseňem adamlardan biri hassalansa göni geläýýäler... Gaty kyn işdä.
-------------------------------------------------
Dostuň garaga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garaga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

eliñden gelip biljek

eliñden gelip biljek kömegiñ bolsa edip zyýan tapmarsyñla… Mylaýym ana, gowja nakylam yazypdyr..”Altyn gapyñ agaç gapa işi düşer “. Ýöne mümkinçiligiñ bolmadyk halynda, ilki diñe sozunden geçibilmän, “bor” diyip işini alyp, son ökünip zeyrenip ýöreniñden “yok” diýmegi başarmaly bolaýmasa…”bolyar, komek edeyin” diyeninde pikirlenip dogry aydyp bilseñ, käwagt ”yok”-da dile basym geler..

seninem

seninem diyyanin dogry Hatice, pagta bilen damagyny calan yaly edip:) bor diyip boyun alyp sonam etmesen ola eyyam gowy dal bolyar, yone kawagt "yagshy soz yylany hininden cykarar" diyilyan zadam bar-da yok diyip curt kesiik diysen, gaty yureklerine degilaymegem mumkin bolyar,

bugunlerde bir zady susdun

bugunlerde bir zady susdun oydyan, Milka, dine nakyl yazyp bashladyn-la :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

agam sizede gudaçylyga

agam sizede gudaçylyga gelseler sizem sayrap başlarsynyz...1000 adam geler biri alar zat diyip
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Kime gudachiliga

Kime gudachiliga baripdirlaray?

Ya milkani eyyam yrdylarmi?:)

agam men yrylan gyzlan

agam men yrylan gyzlan hasabyny tutamok how men nabileyinay:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Mylaýym, ýene bir gowja

Mylaýym, ýene bir gowja nakyl ýazypsyña :) pagta (palta ??) bilen damagyny çalan ýaly edip :)

men ýokarda gerek wagty “ýok” diýmek isleýänler üçin aýtdym we bor diyip etmeseñ däl-de, edeñden soñ zeýrenmek hakyndady ýazanlarym.
Ýogsa menem adamyñ göwnüni tapyp öz işim baram bolsa, kömekden el çekemok. Bolya diýen wagtym biriniñ göwni üçin edemde-de ol adama göwün üçin bor diýenimi bildirtmeýän başartsa..soñam, el uzatdymmy, şony soñuna çenli geplemän yerine ýetirmek bilen, kyn bolsun añsat bolsun, iş bitenden soñam gaýdyp agzamaýan ile eden kömegimi. Maña gerek wagty kömek edenleri ýatlasamam özüme ýeterlik hasap edyän. öz eden bir üýtegeşik zadym bolsa-da dilime dolamaklyk manysyzdyr, ýöne şeýle edýänlere hiç hili garşylygym ýok..sebäbi ol öz işleri..men bolsa özümi şeýle rahat duýýan.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Aslynda seň edeniň dogry,

Aslynda seň edeniň dogry, ýöne alaly meň ýagdaýymy. Men ony isläp edemok şol terjimeleri. Öz işim başymdan agyk we olara näçe düşündirsemem ýalbaryp durlar. Garşylyk isläsim gelenok, ýöne men 1 sagat işim üçin minimum 13$ alýan, a oň ýaly terjimeler üçin professionallar her sahypasyna 10-20$ alýalar. Men puly ara goşamok tanyşlara welin, men hepde-de labda 60-65 sagat işlämsoň... ýene biriniň 10 sahypasyny, özem çuňňur tehniki ýazylan ýazgyny terjime etmeli... Minimum 10 sagat.
Minnet etmegi özüm halamok, ýöne başlamankam aýtdym näçe maňa kyn diýip, gaýrat et bilen doly. Soňam towuk satyn alyp geljekmiş "sag bolsun" üçin... Ahow, gülkünç dälmaý?!
Eger şol 1je gezek bolup gutarsa, gözümi ýumjak welin, oçered'de beýleki oglanlar dur. "Aý ine şu oglanlara kömek etdiň, gaýrat et". Olaryň gözünde ol aňsat iş ýaly... "Towuk iýdireris Baýram aga gaýrat et". Men oglanlara her gezek "soramaň" diýýän welin, ikiçäk gelip ýalbarýalar...
Men ömür minnet ederin öýdemokdym, ýöne käwagt kelläm gelýä, mümkinçilik berseň seni ulanjaklar, eşek edip münjekler köp. Şoň üçin häzir bolmaly. Men iň soňky sorana
-Ahmet aga haýyş edäý, oň iňlisçesem meňkiden gowudyr, ýazyşam
-Aý Ahmet agaň işi köpä, öýli-işikli, çagaly...
-Heh? Näme, men ýatyrynmy gün boýy? Şondan soramaga ýüzüňiz ýok bolsa, mendenem soramasaňyzlaň! Siziň yzyňyz üzülenoga, bir-birden haýyş doly baryňyz
PS Olar bilen meň ýerime nobatçylygyň üstünde gürleşýädim öňler. Indi bizar.
-------------------------------------------------
Dostuň garaga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garaga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

birje duzedish: "altyn

birje duzedish: "altyn gapylyn agac gapyla ishi dusher"

Men şeýle karara geldim.

Men şeýle karara geldim. "Ýok" diýmegi BAŞARMALY! We şony diýýänlere DÜŞÜNMELI!
Ýok diýip bilmeseň, senden peýdalanjak kän. Özem yzy ýok. Menden sapak bermegimi haýyş edýänler köp indiwidual'no. Özem mugt... ýa terjime... ýa ýene bir zat.
Bir wagtlar daýymyň ogluna bir zadymyz döwülse bejerdýädik we bir gezek aýdanymyzda gelip etmese öýdäkiler derrew gaharlary gelýädi oňa. Ol pahyra düşünýän. Biziň oba garyndaşlar bilen doly, ýa tanyş-dost-ýarlar ýa goňşylar. Özem pahyr şondan pul gazanmaly adam. Gaty ýuwaş we mylaýym bolansoň, diňe "bor görerin". Ony ulanyp, ulanyp, sag bolsun aýtmagy ýa bir pul bermegi hökman görýänem ýokdy.
Menä özüm birine iş etdirsem biçak minnetdar bolýan we pul isleýämi soraýan.
Şeýle-de bolmaly!
-------------------------------------------------
Dostuň garaga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garaga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "Dogry! "Yok" diymegi basharmaly... hokman..."

Dogry! Dogry! Dogry!..:) PS:

Dogry! Dogry! Dogry!..:)

PS: bir hayisht etsek goz ongunde tutaris-da..:)

Güýç bu ýazanlarym seň

Güýç bu ýazanlarym seň bilen bagly däldirow :)
Sen ony tarapa süýreme
-------------------------------------------------
Dostuň garaga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garaga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

ay, Bayram natdin-ay muny,

ay, Bayram natdin-ay muny, utandyrdyn-ay :))... bilyan-ow men bilen bagly daldigini, men bilen baglydyr oytsem, barde yazmazdym-how :))...

Haýyşlar barada ýene bir gezek

Bärde her kim özüne çekipdir, belki gowudyram şol :)
Ýöne men hakykatdanam sizi göz öňünde tutup aýtmadym oglanlar. Ynansaňyz, türk aga/dost/tanyşlaryň arasynda adym iňlisçäni gowy bilýän bolup geçipdir. Bir gün biri "Marylanda gidip prawo alaly maşyn sürmäge", ýene bir gün başga biri, ýene bir gün biri suda gitmeli, ýene bir gün biri keselhana, ýene bir gün, ýok köp gün, kagyz terjime edeli...
Hijisiniň ýüzünden geçip bilemok, Alla bar. Ýöne gaty ýadadýa. Aýtmasaň edip ýörmeli, professor bilen urşyp wagt üstünde, aýtsaňam düşünýän ýok...
Meň öz doganym Türkiýä laptop ýa ony-muny iber diýende geçen ýyl göni "ýok" diýipdim. Doganyma ýa ýene birine göni ýagdaýymy aýtmakdan çekinemok, beýlekiler bolsa düşünmejek ýaly...
Täzelikde doganym Amerika-TM maşyn söwdäsy barada bilmegi sorady. Göni "ýok", wagt ýok, isleg ýok, kapital ýok! Ýöne başgalaryna aýtsam düşünenoklar...
-------------------------------------------------
Dostuň garaga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garaga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

ehh

ehhh Daway Bayram onkiligimize galalylay:) mena owrenjek dallay yok diymekligi, belki Bizin shu Turkmenchiligimiz
aydaly Biz shu wagtdan bashlap yok diyip dursan, bizden sonkylar pul diyip durarlar, sonkabaka wapshe bolarlar, onson shol onkije nakylyma bashlanar:) "kreysiz klim kakylmaz" diyilip
shonun ucin elden gelyan komegi bir birimize edip durmaklykdan gacmaly, "ishden adam olmez" diyilipdir, yadawlygam gecer giderda

YOK diyip bilmanim sebapli 2

YOK diyip bilmanim sebapli 2 sagat uky bilen ayakda duryn, gelen adamlara
ekskursowodlyk edyan we suratlaryny alyan....Uffff, gozumem yumulyp gelyar,
bularynam yzy uzulenok...Kynay shu "Achyk gapylar gunleri"...

ekskursowod bolsang hezil

ekskursowod bolsang hezil welin dogrudanam gaty yadadyar.. Gecen hepde menem ysykkole bir grupba myhman alip bardym welin agshama chenli sutunim suyndi..

duyn hem agym tutyar, hem

duyn hem agym tutyar, hem gaharym gelyar, ichi yananyn hem gulkisi bolar diyip hem gulkum tutyar, selyy den bez nastroyeniya boldum
on bir iki sapar elimden gelen kichijik komek bolsada komek edip berdim, duyn welin yene komegin gerek diyyar, gayrat et men shu gezek hic hili shol diyyan ishini basharamok, hic hili komek edip bilemok, mumkinciligim yok diysem, bar onki edilenlerin ustuni gomdi, in sonynda shol yokardaky yazanymy "Altyn gapyn agac gapa ishi dusher" menin gunume dushup gorsen bilerdin diyip, hamala indi men hem shonun gunune dushup gormegimi we ozune dilegim dushmegini dileyar, beyle etsenem bolyarmyka:( men gunakar dala ol yerde ozunin nahili gune dushenne yada menin mumkinciligim bolman ishini bitirip bilmanime, beyle diymegine name sebap boldyka diyip,
Allajan ozi yone ol gozuni bu gozune zar etmesin diyilyani, hic kime ishin dushmesinle

Aý kän kelläňe

Aý kän kelläňe alma.
Öňem bir anekdot bara.
-Bar oglum goňşylaryň pilini getir
...
-Kaka berenoga
-Haý ýaman biderek ekeni, öz işi düşer şonda göreris... Bar oglum öz pilimizi getir
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Dogrudanam, sen alyp

Dogrudanam, sen alyp bakylanmy? :D
Prikol ekeni şol fraza :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

bakylyp alnan

bakylyp alnan diyerler:))))))))))))
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Geçen altynjy güni we

Geçen altynjy güni we bazar güni birinin öy işini edip bermek bilen geçdi. Şonda Bayram senin yagdayyna hasam anyk düşündim.
ay biri hayyş etdi. flash programmasynda bir öy işim bar. bazar güni agşama çenli etmeli diyip altynjy gün günortan aydyar. menem bor diyip aldym we öye gelip edip başlayyn diysem bir oglan gelip loptopunu bersene öy işim bar diyip dur. menkem bar diysem "eylen beylen" diyip dur. menem çydaman berdim. beremsonam öz bolşyma gaharym gelyar. birden öy işi yetişdirip bilmesem name ederin diyip gaharym gelyar. ertesi getirdi we menem mana hayyş edilen öy işi etdim. akidip berdim we nahili edenimi gürrün berdim. bu gezegem şu yerini şeyle etsek bu yerini beyle etsek diyip aldy sapsym. sagat 5'de dyndym diyip akiden öy işini agşam sagat 11 töwerigi dynyp yzyma geldim.
öye gelsem oglanlar aytyar "bilemmok "diyip dynmaly ekenin. menem aytdym "diyip bilmedim". olaram aytyar "mundan son bizem sana etdireris onda"
admynyn yüzünden geçip bilmek kyn zat...

turkmenin "YOK" sozi YOK

turkmenin "YOK" sozi YOK bolmaly..shon uchin kabir yerde ozumiz kosenyandiris oytsegem, belki bizin terbiyamizde, dabimizde bashgalar bilen deneshdirende ol gowy taraplaryn biridir.

yok,yak,bar,bor.

bir dashoguzly yomut bn maryly teke elektrik tokly bir zat bejeryaler. yomut byradar bejerip dur,teke byradar beyleki switch on-off edilyan yerinde.aralary 30-35 metr uzak. bejerip boldumyka, bolan bolsa barlap gormek ucin switch on edeyin diyip teke yomutdan sorayar:
-Yakayinmi?
-Yaa...k!
Teke kardesh switches on the current, yzynam ozuniz bilyaniz.

p.s:dashoguz tarapda 'yak' diymek 'yok' diymek manysyna gelyar.

kissadan hisse:gurrundeshin dushunyan dilinde 'yok' diymani owrenmeli.

*******************************************************************
If God had wanted me otherwise, He would have created me otherwise.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: ":)"

in yüzsüz agza men

in yüzsüz agza men öytan:)
1 zat islense edesim gelmese...yok diyyan..sonam sag bol ...
tm-de kan beyle dldim welin şu endigi tr-de öwrendim...

__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

turkiyede yuz tutyan kopmidi

turkiyede yuz tutyan kopmidi ? Turkmenistana gelsen onkin bolarsynla.

tm-de hezil name

tm-de hezil name diyilse
kakamdan-ejemden - şundan-ondan sorayyn diyyan
yok diydi diyibermeli
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr