Ýaş alymlaryň ikinji simpoziumy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salawmaleýkler!
Aprele gelip düşdik, tomusa wagt az galdy. Indi şu ýylam duşuşyk gurnamak planlar bar.
Agalar telefon etdiler, email atdylar, az-kem gürrüň berdiler planlar barada.
Amerikada bolup PhD ýa Master edýän bar bolsa, habardar boluň!
Ine Kakajan Kömür agadan alan emailimiň käbir ýerlerini aýyryp şu ýerde goýjak, tarypyny diňläň :)

Kakajan Kömür wrote:

Ensalla onki aydisimiz yali Houston'da Iyun 13-15 arasy Simpoziumyn II'sini gecirmekci. Onki gezek hem edisimiz yali Ilci'ni cagyrmakcy, bu gezek gelmegi hem ahmal, sebabi Konsul bizden simpozium barada maglumat sorapdy Ilca gorkezmek ucin, hany goreli...

Ondan basga-da Fatih Universitetindaki Prof. Dr. Allaberen Ashyralyev gelmeli, ol oz temasynda uly isler bitiren matematik. Ondan basga-da su wagt Turkmenistandan birini cagyrjak bolyas, ensalla bolar.

Bu yil biz simpoziumdaky geplesikleri basda onki yilinki yali umumy 'Ylyma bolan howesi artyrmak' ya-da 'Ylmyn ahmiyeti' yaly temalarda etjekdik, yone onun yerine her kim aslynda oz edyan isini hemme kisinin dusuneri yaly edip gurrun berse gowy edip, birem oz uly maksatlary barada, sol edyan isi bilen nadip Turkmenistana peyda getirip biljekdigi barada gurrun berse has gowy bolar diyip pikir etdik. Sonun ucin hem sizden esasy hayist indi simpozium ucin ya 'presentation' ya-da makala tayyarlamak, ya-da ikisem. Esasan hem master Ph.D edyan oglanlar oz edyan isleri barada gyzykly edip bir lektsiya (takal diyesim gelenok J) tayyarlap bilseler gaty gowy bolardy. Menem nesip edeninden kanser barada we oz edyan islerim barada umumy bir zatlar gurrun bermegi hyyal edyan.

Yene bir zat, ensalla bu simpoziumdaky geplesikleri ya ayratin kitap gornusinde, ya-da gazetlerde cap etdirmek niyetimiz bar, eger tayyarlaiklar gowy bolsa (her kim geplan zadyny gowuja yazsa) bu bolup biler. Birem, bu gezekki dususygymyz TMT'de hem cykmaly ensalla, anyrdakylar bilen geplesdik. Garaz gorsuniz yaly bu gezek geplesiklerem hemme zadam 'top notch' bolmaly. Onda sizem gayrat edip oz baglarynyzy ulanyp hem koprak adam cagyryp bilseniz, hemem ya ozuniz, ya-da basga bilyan adamlarynyzdan oz edyan gyzykly islerinde makala tayyarlatsanyz gaty uly komek bolardy. Su wagt resmi cakylygyn sonky gornuslerini tayyarlap yorus, olam tayyar bolanyndan son her kime ibereris.



Ine gowja habar!

Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu yazgi ucin

  • Harezmi 1 telpek goyyar we yazyar: "Bash Sahypa chykarmak ucin."
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • selmonelk85 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • dayhanoglan 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Gelip bilýänler, PhD ýa

Gelip bilýänler, PhD ýa master ýa ýene bir zat tapawudy ýok, GELIŇ!
Gelip bilmeýänler... emeniň(gowy manyda)! :)
Ine, gowy okap Amerika PhD etmäge geljek boluň, onsoň şeýle duşuşyk we simpoziumlara gatnaşyp hezil edersiňiz! :D Meňä ýyl boýy simpoziumuw duşuşykdan doly, ýadadýaram käwagt :D
Men Philadelphiada Amerikanyň himikleriniňem konferensiýasyna gitmekçi, nesip bolsa.

-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Sizden haýyş

Nesip bolsa, men presentation taýynlamakçy şu simpozium üçin, agalar aýtydlar/haýyş etdiler/tabşyrdylar(haýsysy doly bilemok :D).
Umuman, başyn himiýa bilen başlar, öz işim, ýüzleý we düşnükli şekilde. Emma soňuny Türkmenistana baglamaly, TMda näme edip bolar, proýekt zat pikir gerek.
Siz öz pikirleriňizi, maslahatlaryňyzy ýa kelläňizdäkileri proýektleriňizi ýazyň we... maňa "ogurlamaga"(soraşyp ;)) rugsat beriň!
Siziňem adyňyzy belläp sag bolsun aýdaryn, tmolympiad'a hem link goýaryn!
Enşalla, ölmän-ýitmän barsak bolýa şol ýerlere :)
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Harezmi 1 telpek goyyar we yazyar: "Senden gowy chykysha(prezentasiya) garashyandyrys. Koprak gayrat et!"

Bezirgen, senem

Bezirgen, senem taýynlaýaňmy bir zatlar?
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Yash Alymlar

Bayram wrote:

Bezirgen, senem taýynlaýaňmy bir zatlar?

Hawa, nesip bolsa. Yone bu yyl has kop wagt ayyrjak. Gecen yylkydan has professiyonal bolar bu gezek.

Menem, eýýämden pikir

Menem, eýýämden pikir edip otyryn :)
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Gowy bolypdyr. Yangyja

Gowy bolypdyr. Yangyja mollymymyz bn gepleşdin,onson shuwagt seretmane gelip durşym:) Menem nesip bolsa yetişmegim ahmal,gidip bolsa:)

Undergrad gelse yrsaramazlara?:)

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

Muhammet, 1 simpozium diyip

Muhammet, 1 simpozium diyip US'e gidyanmi ? Tuveleme :)

Yoklay onh uchin gidemok.

Yoklay onh uchin gidemok. Yöne birden gidaysem barmagym ahmal.

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

Bayram PhD

Salam agzalar. men bu yerde tazerak.
Bayram aga men sizi tanamok yone

"Ine, gowy okap Amerika PhD etmäge geljek boluň, onsoň şeýle duşuşyk we simpoziumlara gatnaşyp hezil edersiňiz!"
şu yokardaky hatini okadim. Gepin gysga yeri men hakikattanam Amerika PhD etmek barada pikir edyadim. yone bu babatda kan tejribam yok komek etseniz. Men nesip bolsa master programin ders kısmını şu yil gutaryan. Tomus GRE zada girmegi pikir edyan. Toefl bar.(yetse elbette :) ). Endustri muh. ugrunda master yapyan. Men gyzyklanyan zatlarimi elbette unversitetlerin oz internet sahypalarynda gozlap tapyp bolar yone sizin tejribeleriniz onsonam anrik giden turkmen oglanlarin nadip baranligini azda kande bilyan bolmaginiz mumkin şon ucin sizin komeginiz gaty kop degmegi mumkin.
GRE in az nache gerek (kadarak bir unversitet uçin)
TOEFL naçe bal gerek? onsonam toefl gre verbal yerine geçyami?

Agajan salam! Hoshgeldin

Agajan salam!
Hoshgeldin ilki bilena!
Sen soraglaryn gaty gowy soraglar we barde bolup gechyan bosh gurrunlerin arasyna many we maksat goshya. Shu soraglar uchin ayry tema achsanam boljak, hatda Amanmuhammet, aka Merwezi, bir tema achypdy.
Hazirlikche shona link bereyin, shol yeri okanson soragyn galsa shol yerde beray
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Ine shu mowzugy oka

Ine shu mowzugy oka hany
http://www.tmolympiad.org/?q=node/3081
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Häzirlikçe şuny şu

Häzirlikçe şuny şu ýerde goýýan, sebäbi 1-2 sany ýalňyşlar bar. Düzeldenlerinden soň, nesip bolsa, sahypa girişde goýaryn!

-------------------------------------------------
Dostuň garaga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garaga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Offtop: Bayram golungdaki

Offtop: Bayram golungdaki garaga name diymegay? Garga bolaymasin?:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bayram, mana gelmedile shu

Bayram, mana gelmedile shu bildirish. Menin emailime ibersene. Men sonra ony beyleki tanyslara ugratjak...

1-2 sany kichi yalnyshlaryny

1-2 sany kichi yalnyshlaryny duzeltsinler ya yalnyshly bolsa-da ibereyinmi?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

bildirish

Bayram wrote:

1-2 sany kichi yalnyshlaryny duzeltsinler ya yalnyshly bolsa-da ibereyinmi?

Shu wagtky versiyasyny iber. Son duzeldenden sonra yene iberayersin...

Dostlar birinji

Dostlar birinji sahypa
www.tmolympiad.org'a girip görüň! :)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Author Atamyrat diyyar

Author Atamyrat diyyar welin,sen etdin mi ony ya Atamyrat "myhman user" bolup uytgedip yormi sayty :)

Men etdim, Atamyradyň goly

Men etdim, Atamyradyň goly awtomarda duran bolaýmasa
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Dostlar salam! Men giriş

Dostlar salam!
Men giriş sahypasyna çakylygyň iň soňky görnüşini, onuňam özüm tarapyndan redaktirlenen görnüşini goýdum!
Görüň, çakylyk göwnüňize ýarasa geliň! :)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Menem gatnaşyp

Menem gatnaşyp bilerinmi
Aslynda muny kime soramalyka - Bayramamy ya-da kime

Kim sizin yekemen dolandyryjynyz

satan

Chakylygyn yuzunde bar gerek

Chakylygyn yuzunde bar gerek zat yazylgy, gatnashasy gelyan chakylygy okamaly kyn gorman
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Bayram - çakylygy okasan ol

Bayram - çakylygy okasan ol yere senden başga hiç kim barmaly dal diyen many yüze çykyar. Name dine özün gatnaşjakmy simpozyuma. Mundan başgada sana ya-da size sorag. Bu simpozyumjygynyzyn arkasynda name maksat yatyr. Yagny perde arkasynda - gowulyga yokmyka diyyan. Ya-da kabirlerinin üyşürmek-çaşyrmak üçin gurnan spektaklymyka. Mena şeyle hasap edyan.

satan

Yogsamam sheytan shundan

Yogsamam sheytan shundan gowy zat pikir edip bilmez-le...

seng bey diyen bolushjigin

seng bey diyen bolushjigin arkasinda name yatir?

Sheytan diyse..!!

Bildirishi haysa

Bildirishi haysa programma'da yasadynyz Bayram ?? Chep tarapdaky gyzyl bolegin pixel'leri gorunyar, yagny chep chyzgy dup-duz dal, sagat yaly bolup duran togalak ak shekilin toveregi hem zayalanypdyr, beyleki yerlerinki yaly duz gyzyl dal...Psd gornushi bar bolsa Photoshop'da arassalap, duzeldip berip bilerin, ya-da in bolmanda ashakdaky logo'nyn we yazgylaryn hili govy yazylan jpg'si bolsa-da bolyar...

Photoshopda özümem edip

Photoshopda özümem edip bilýänle wah...
Maňa gelen formaty Microsoft Print Publisher - Print Publication diýýän zat.
Sen özüň dizaýn edäý başga çakylyk, wagtyň bolsa. Şony ýaýradaryn soň men başga ýerlere. Nähili pikir?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Erbet dal munun gornushi,

Erbet dal munun gornushi, simple we gelishyar, yone logo'nyn hili govyragyny ibersen tazeden edip bilerin edil shuny, taze zatlar gozlap yormage yaltanyan, son olam yarajakmy, yaramajakmy...

kiçijek yalnysh...

neme. hemme zat gowy welin. şu bildirişdaki Türkmenistanly sözünin başdaky ''T'' harpy kiçi bolmaly. Türkmenistan has at hem bolsa, ''-ly'' goşulmasy goşulyp sypat yasalyar. sypatlar bolsa kiçi harplar bn yazylyar.

Simpoziuma Çakylyk

Türkmen Ýaş Alymlarynyň 2-nji Simpoziumyna Geliň!
Oguz (June) 13-15, 2008
Houston, TX
Habarlaşmak üçin:


Yaş alymlara indiki hepde

Yaş alymlara indiki hepde geçiriljek simpoziumda üstünlikler!!!

Presentation taýyn, bilet

Presentation taýyn, bilet taýyn, murtlar syh-syh.
Bir ters tarapy Euro maçlaryny görüp bilmeýäs göni efirde :((
Bizi TWde görüň dostlar! :)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Bayram, presentation’yñ

Bayram, presentation’yñ gysgaça näme tema barada? Ya-da simpozium geçirilensoñ baryny gürrüñ berjekmi? :)

Edil özi. Meň

Edil özi. Meň presentation'ym iki bölekden ybarat. Ýarysy öz edýän ylmy işim barada, ýarysam Türkmenistanyň organiki DÄL tebigy baýlyklary barada :)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Ine öňümizdäki

Ine öňümizdäki duşuşygyň plany:

Quote:

Event Schedule:

Opening Night / Reception
Date: Friday, June 13
Time: 7 p.m. – 9 p.m.
Attire: Formal Evening Wear
Location: Grand Hall, Rice Memorial Center, Rice University
6100 Main Street, Houston TX 77005

Symposium
Date: Saturday, June 14
Time: 8 a.m. – 6 p.m.
Attire: Business
Location: Herring Hall # 100, Rice University, Houston TX 77005

Evening Reception
Date: Saturday, June 14
Time: 6 p.m. – 10 p.m.
Location: Raindrop Turkevi, 9301 W. Bellfort Ave
Houston TX 77031

Symposium
Date: Sunday, June 15
Time: 8 a.m. – 12 p.m.
Attire: Casual
Location: Raindrop Turkevi, 9301 W. Bellfort Ave
Houston TX 77031

SIMPOZIUMYŇ TERTIBI
JUMA GÜNI
17:00 Registrasiýa
(Houston Raindrop merkezi)
19:00 Reception (Rice University Student Center Grand Hall)
Hoş geldiňiz Merdan Kakajanow
(Organization of Turkmen Scholars)
19:30 Agşam Nahary
20:00 Overview - Merdan Kakajanow (Organization of Turkmen Scholars)
20:15 Juma Jumaýew, MD
20:30 Muammer Türkyilmaz (Türkmenistanyň Bilim Ministriniň orunbasary)

ŞENBE GÜNI
8:30 Ertirlik Nahar (Rice University Herring Hall # 100)
9:00 Finans inženerligi we kredit riski Bezirgen Weliýew (Stanford University – Matematika)
9:45 Täze pniktidleriň sintezi, gurluşy, fiziki häsiýetleri Baýram Saparow (University of Delaware – Himiýa)
10:30 Arakesme - Çaý, Kofe
10:45 Rak keseliniň molekulýar häsiýetnamasy Kakajan Kömürow, Ph.D. (MD Anderson Cancer Center)
11:30 Türkmenistanda tebigy gaz eksport ýollary Wepaguly Nazarow, M.S (Institut Francais du Petrole Energetika Ykdysadyýeti)
12:30 Arakesme - Günortanlyk Nahar
14:00 Sowet soňy Orsýediň Orta Aziýa garşy daşary ýurt syýasaty: üç mertebeli analiz Durdy Ilmämmedow, M.S
14:45 Psihometriki Analiz :Türkmenistanyň ýokary okuw jaý giriş synagy proýekti Perman Goçyýew (University of Arizona - Psihometrika)
15:30 Arakesme - Çaý, Kofe
15:45 Günümizde metbugat ösüşiniň ähmiýeti Ahmet Mämmedow (Park University )
16:30 Finans bazarlary Bagtyýar Babanazarow (University of Texas Lubbock)
17:00 Ýüregiň molekulýar gurluşy Berdimämmet Hojaýew (UT Southwestern Medical Center)
17:30 Türkmenistanda GRE taýýarlyk kurslary proýekti Batyr Jumahanow
19:00 Türkmen Agşamy

ÝEKŞENBE GÜNI
9:30 Yas alymlar guramasy: maksatlar we planlar Wepa Rejepow (Organization of Turkmen Scholars)
12:00 Ýapylyş

-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Gyzykly geçjege meñzeýär

Gyzykly geçjege meñzeýär plany boýunça. Temalaram gowy. 20-30 minut dagy berilýändirda her presentation çykyşa..
Türkmen agşamy..hmm.o jemleýji tapgyrda türkmen agşamy hasam gyzykly geçjek yaly :) türkmen naharlary taýynlanýarmy?

Birinji çykyş etjek

Birinji çykyş etjek Stanfordly ýigidimiz Bezirgen Weliýewdir, şu ýerdäki Harezmi :)
30 minut ýaly çykyş, 15 minut ýaly soraglar.
Türkmen agşamy gaty gyzykly bolýa, her dürli oýunjagazlar oýnapdyk geçen gezek :D Owganystandan gelen türkmen agalar we daýzalaryň taýynlan naharlaryny iýipdik :)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Gayrat edip baryp

Gayrat edip baryp bilmeyanler üçin tayyarlanan presentation'lary video düşürüp youtube goyayinda .
Gaty gyzykly mowzuklarda tayyarlapdyrlar . Lukmançylyk ugurlaryna düşinmesemem hemmesini dinlasim gelya ...
Gayrat edip bilersiniza oglanlar gyzlar !!!
Hemmesinin ellerine ,beyinlerine güller bitsin :)) ...

Dostlar! Ertir, ýa nesip,

Dostlar!
Ertir, ýa nesip, simpozium başlanýar. Irden 7de turup(meň üçin uly mesele şu) Philadelphia aeroporta gitmeli. Ol ýerden 10da Houstana uçýan. Houstanda biriň ýarynda(ýerli sagat) gonýan. Şu wagt ýatmaly, eýýäm ikä on bäş minut bar. 5 sagat ýatmaly we ýola. Beh...
Ütükläp eşikleri, futbol görüp gijä galdym, açylyş dabarasynda ot ýaly bolup oturaryn :(
Nesip bolsa gowy geçer we size göni efirde kommentariýalar we nesip bolsa suratlary ýetirip duraryn!
Bir gynandyrýan zat, Euro 2008e el degmejek ýaly :((
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

ýoluň ak, ýoldaşyň Hak

ýoluň ak, ýoldaşyň Hak bolsun, jigim!
simpozýumdaky çykyşyňda-da başarnyk dileýän!
salam aýt ol ýere gelen ähli myhmanlara/diňleýjilere biziňem adymyzdan!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Gün 1

Birinji günüň mazmuny. Anna güni, 13 Iýun, 2008.
Irden turdym, ala sarmyk...
Seretdim, irden sagat 7. 10da samolýot uçýa Filadelfiýadan. Dostumy turuzdym, meni äkitmelidi.
Derrewjik ýöredik, bardym Filadelfiýa. Uçduk. Ýolda uçaryň içinde gaty sowukdy, ýatyp bilmedim. T-shirt geýmän, bir azajyk galyňrak geýinmeli ekenim.
Geldim. Houston, Tehas. Meni garşy aldylar.
Daşary çykdym, gaty yssy we dymyk ýer ekeni.
Geldik we ýerleşdik. Oglanlar bilen ýüzleý tanyşdyk. Agşam açylyş dabarasy bardy.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Gün 1 agşamky açylyş

Agşam açylyş dabarasyna gatnaşmagy garaşylýan Hajy Muammer Aganyň gelip bilmejegi bilen başlandy we bizi biçak gynandyrdy. Bilmeýän bolsaňyz, Hajy Muammer aga Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary.
Ondan başga, Dr. Aşyralyýew hem gelip bilmändir, sebäbi wizasyny alyp ýetişmändir. Gynandym.
Edil häzir simpoziumyň ikinji güni, muny çykyşlaryň arasynda ýazyp otyryn. Azajyk soňrak dowamyny ýazaryn
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Ynanmarsyňyz, şeýle super

Ynanmarsyňyz, şeýle super boldy. HÄzir Simpoziumyň üçünji, soňky güni, ertirlige garaşyp otyryn. Sowan şunça wagtym, ýol pulym we harajatlarym hiç zat, simpozium SUPER boldy!
Muny taýynlanlar ägirt uly iş edipdirler, detallaryny şu agşam öýe baramda, arkaýynçylykda ýazaryn :)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Öýe geldim. Energiýa 0.

Öýe geldim. Energiýa 0. Ýazmaga ýagdaý ýok, ýazara bolsa zat kän...
Nesip bolsa, ertir başlaryn! Habarlary her ýerde çykarla ýakynda, turkmenpressden tut, TMdaky habar çeşmelerine çenli.
Ýöne olar bir gapdala, köpçülikden aýrylyp, aeroporta gelemde bir hili gaty gynandym. Bir hili boşap galan ýaly boldy gün tertip... Şeýle gowy, şeýle gyzykly boldy. Ýöne gyzykly zatlaram gutarýar... indiki ýyla çenli nesip bolsa :D
Men ol ýerde Bezirgenem gördüm, bärde Harezmi(geçen ýylam şonda duşupdyk), Poladam gördüm(bärdäki niki Polche öýdýän) we beýleki tanyşlary ýa tanyş däl bolup soň tanyşan oglanlary gördüm, oturdyk, dostlaşdyk...
Surat almak üçin köp jan etdim, emma... bir topar adamda professional fotoapparatlar bolansoň, şolaryňka düşüp gezdim. TWa interwýu bermedim, mende gyzyk ýokdy oňa. Beremde, görkezjekleri näbellidä...
Şonda-da özüm az-kem surata düşürdim :) Olaram ertir ýa nesip!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Bayram çykyşlaryn

Bayram çykyşlaryn hemmesini yazsanyzla eger münkin bolsa.
Esasan Bezirgen Weliýewin, Durdy Ilmämmedowun, Bagtyýar Babanazarowun çylyşkary bar bolsa gowy bolar.
Birem hany Amerikadaky, aspiranturadaky yada doktranturadaky agalaryn okuwlaryny gutaryp Türkmenistana gityanleri yokmay? Birhili göwnüme bolmasa Türkmenistana gidesleri gelmeyan yaly görünyarda?

Bu yyl garasysymyz yaly

Bu yyl garasysymyz yaly simpozium gowydy. Gecen yylkydan has professioyandy bu yyl. Gelen adam sany we chykysh eden oglanlaryn sany we chykyshlaryn hili babatyndan hem gecen yylkydan ondedik bu yyl. Chykysh ucin Fransiyadan gelen oglanlar hem bardow! Men yakynda oz temam barada " Finans Injenerligi we Kredit Riski" diyip ayratyn bir blog achjak nesip bolsa...
PS- Men simpoziumy doly taryplap gurrun berip bilmeyarin. Synanyssam hem Bayramynkyca bolmajagy belli. Shon ucin Bayram ederda, yaltanmak yokdur :)

Simpoziumdan suratlar



Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu komment ucin
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: "gülgüli galstuk, ütüklije eşikler, bay bay :D, göz degmesin, bize-de huday yetirsin.."
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "çykyş edeniň üçin!"
  • Feya 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella! "tuweleme!!!""
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "suratlar uchin!"

suratlary nireden

suratlary nireden aldyň?
maňa-da ibersene!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

suratlar

Bayram wrote:

suratlary nireden aldyň?
maňa-da ibersene!

Mende dine ozume degisli 5-6 surat bar. Hazir garash sana email atayin suraty almak barada...

Simpozium hakynda Zamanda chykan habar

Gowy edip video

Gowy edip video tayyarlapdyrlar simpozium barada: http://youtube.com/watch?v=DtrV-4ce6V0

Indiki yyl nesip bolsa

Indiki yyl nesip bolsa simpozium Chicago da bolmaly.
PS-Yokardaky videonyn yarysh gorensiniz; sho yaryshda Bayramlaryn topary 4 toparyn arasynda 1nji boldy. Biz 2nji dik...

Hawa, ýatladyp dur

Hawa, ýatladyp dur şeýdip! :)
Wäheý, men birinji güni ak köýnek geýip, ikinji güni kletkaly baraýypdyryn. Hemme çykyş edenler akkuratno geýinipdirler. Borda.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Ine simpoziumdan käbir

Ine simpoziumdan käbir suratlar.
1. Açylyşynda:

2. Ýene biri:

3. Ikinji güni:

4. Ikinji güni naharyň we ýaryşyň öň ýany, ertesi ýapylyş. Suratdakylar size tanyş bolmaly:

PS Suratlarym gaty biderek çykýaraý, saýlap saýlap goýaýmasam. Saýlanlarymam idili däl welin, käbirlerini görüp özüm gorkýan :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!