Türkmenistanda dynç alyşymda

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Tm-a 4 Mart-22 Mart aralygynda baryp gaýdypdym. Köpiňiz bilýän bolsaňyz gerek.

Gitmegimiň asyl sebäpleri:

1- 9 Martdaky duşuşyk;
2- 19 Martdaky iň ýakyn dostumyň toýy;
3- Öýmüzdäkileriň öýlenmegim baradaky ýagdaýyny çözmek;
4- Watanymyzy, ene-atamy, dost-ýarlarymy görmek;
5- Dynç almak we ş.m.

Ilki Londondaky tanyşlarym bn görüşip, sagbollaşaýyn diýen niýet bn aýlanyp çykdym, hatda, kiçijek oturlyşyk hem boldy diýseň boljak.

Men indi aşakda ýuwaş-ýuwaşdan ýazybereýin-le, günbe-gün başdan geçirenlerimi.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

1-Talyplardaky

1-Talyplardaky “garabekewül” nikli dostumyň ýanyna bardym. Oň ýanyna-da 2 sany tm oglan bardy, tm palow etdim, adatdakysy ýaly, erbet bolmandyr. Ýanynda-da miwe suwlar, salatlar, miweler, köke-süýjiler, gawun-garpyzlar we dürli-dümen näz-nygmatlar saçagyň bezegidi, gerk-gäbe doýupdyrys. Saçak başynda we soňunda sahypalar barada gürrüň etdik, gülüşdik. Sahypa girip, bir-birimiziň üstünden düşüp oýnadyk. Yzyndanam azyrak Londony ýene bir gezek aýlandyk. Ynha, şu ýerde ol barada ýazgylar we suratlar has giňişleýin bar.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

2- Beýleki kä dostlarym bn

2- Beýleki kä dostlarym bn hem görüşip bolamsoň:”Niredesiň Heathrow airporty 3-nji terminaly?!” diýip, “underground” bn 6-njy zonadaky aereporta tarap ýelk ýasadym. Elimde agyrrak sumkam, hyýalymda tm. Aeroprta baryp, azyrak internede girmek we ýazgylar ýazmak hyýalymda bardy, adaty ýagdaýda “çek-in” üçin 3 sagat öňünden barmaly halyma, 15 minutdan ýapyljak bolup durka ylgap we hassyldap bardym, geçdim hem. Uçaryň uçmagyna az wagt galanda, men internede girdim we siziň bn sagbollaşdym, hatda, duşuşygymyz barada gitmezimden öň soňky yglany hem ýazyp gitdim. Çykyşyma uçara münülýän gapa alňasadym, barsam diňe maňa garaşyp duran ekenler, uçara girdimem welin, gapysyny ýapdylar. Ine, onsoň tel bn dostlaryma jaň edip, soňky gezek sagbollaşdym we hak halallygy isledim.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

3-Uçarda: Uçaryň içinde,

3-Uçarda:
Uçaryň içinde, belki-de, 300 töweregi ýolagçy bardy, ýöne olaryň 15-20 sanysy raýatdaşlardy, galanlary hindilerdi. Londondaky TMHÝ-niň ýekeje işgäri tm bolmaly, galany hindiler. Olar bn düşünişmek hem kyn bolýär, meň ýaly iňlisçä werziş bolmadyklar-a bir welin, olaram durşy bn “RRRR” bolup duran sözleri bn heläk edýäler. Hawa, uçarda bir hindi oglan bn bir ýerde oturyp gitmeli boldum 6 sagat. Ilki kän bir gepleşmedik, soň suw içme bahanasy bn gepe başladyk. Iňlisçe gepleşdik, elbetde. Olaryň döwlet dili iňlisçe ekeni, sebäbi, Hindistanyň 82 üýtgeşik dili(mümkin, şiwedir) bar ekeni, umumy dilem iňlisçe şol sebäpli. Olar örän oňat bilýäler, ýagny, söz baýlygy taýdan, “aksent” taýdan bolsa, onçakly gowy däl umuman. Özüm-ä ondanam beter. Garaz, TM barada, ekonomikamyz barada, däp-dessurlarymyz barada, özümiz barada gyzgaça gürrüňleşdik. Alýan aýlyklarymyz boýunça, olar umuman 3 esse dagy köp alýan ekeni aýdyşyna görä. Uçarymyzy hem arzan bolany üçin “tranzit” bolsa-da ulanýan ekenler. Men hindileriň kinosyny tm-leriň ürç bn seredýändiklerini aýtdym, hatda, köp hindi artist/artistkalaryny ýatdan bilýändigimizi hem bildirdim. Mitgun-y mysal berip bildim men-ä, birem “söýgiň güýji” kinosyny. Gyzykly gürrüň boldy, ýatdan çykaňkyrlansoň, munam geçeýin indi.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

4- Tm-a 5 Mart irden bardym,

4- Tm-a 5 Mart irden bardym, barlagdan şeýle çalt geçip, aeroportyň daşyna çykmakam, taksiçileri daşymy gabap, elleri bn Aşgabadyň içine äkidäýjek ýaly boldular ilkibada. Nyrhy sorap, Mir-3-e çenli 60 müň manatlygyny öwrendim. Men ýanym bn manat almamsoň, kän umydygär däldim olar bn gitjegime. Ýene-de jübimi barladym, 2-3 sany 50 we 2-3 sany 100 manat çykdy. Men hem olara:“awtobus barmyka?!” diýip soradym. Olaram:”Päheý-de welin, biz-ä Angliýadan gelenleri dollar milýoneridir öýdýädik, gör-ä, bujagaş oglan 50 manat çykarýar...” diýip ýaňsylan ýaly etdi 1-2 taksiçi. Men hem “şeýle bolan bolsam, günüm size düşjekmi?!” diýen manyda bir zatlar diýip gaýtdym. Soň Kerim akgaň:
“Taksiniň içinden gözleme durmuş,
Köplük bn awtobusa münüp git!”

diýen pendine gulak asyp, Aşgabadyň içine awtobus bn gaýdyberdim.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

5-Aşgabada geler-gelmez,

5-Aşgabada geler-gelmez, resmi işleri bir dynyşdyraýyn we amantlary hem gowşuraýyn diýip alňasap başladym. 2 gün ýetmedi diýseňem boljak, 3-lenji gün “indi bir öýe baraýyn, galanynam soň ederin” diýen pikir bn, Aşgabada başga bir iş bn gelen kakam bn bile taksili Mara ýelk ýasadyk öýlänara. Nyrhlar uçan ekeni, adama 150 müň manat diýdiler, azyrak arzana ylalaşdyk. 5 sagat soň öýe bardyk. Öýdäkiler ýatman ekeni, begenip garşy aldylar. Ýene ejem ýaňagymdan ogşap aldy, ullakan oglan bolsamam, ejem üçin henizem men çaga-da. Getiren ojuk-bujuk zatlarymy sowgat berişdiren boldum, köke-süýji, sakgyç daşardan gelenler üçin örän oňat sypalga boldy, daşyndanam 10-20 manat tutdyrýan goňşy-golamlara.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

6- Marydaky işlerimi

6- Marydaky işlerimi (amanat, bilet we ş.m.) dynyp, indi 9 Martdaky duşuşyk üçin Aşgabada gitmelidim, taksi bn gaýtdym, arzanrakdy, ýagny, 90 müň manat. Duşuşygyň öňisyrasynda aA aga, Atamyrat, Akmuhammet we Kakajan dagy bn görüşdim. Maslahatlaşdyk, özara gepleşdik, surata düşdük we ş.m. duşuşyk barada aýratyn blog açypdym, ynha, şu ýerde. Has giňişleýin şol ýerde okap bilersiňiz.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

7- Duşuşygyň ertesi yzyma

7- Duşuşygyň ertesi yzyma gaýtdym Mara. Uçar bn gaýtdym. Maryda 1 hepde töweregi bolup, 17-sine agşamky sapar bn ýene uçarlyja Aşgabada dostumyň toýuna gaýtdym. Toý şeýle hezil boldy. Toý barada goňşy bloglarda kä ýazgylar ýazypdym. Ýene bir gezek döwrebap toýlaryň birine şaýat boldum. Gyz tarapam, dostumam toýlaryny restoranda etdiler. Dostum “Altyn Ýyldyz” restoranynda etdi, bolsa-da ol ýeri “daýow” ekeni, men-ä haladym, ýöne bahasy hem daýow bolaýmasa, kän gyzyklanmadymam welin. 3 gat ekeni we 3 toý birlikde bolaýdy öýdýän. Biz gyz toýda gyzlar we daýzalar bn gyr-tut bolup, çemodandyr haltalar üçin urşup, ala-basgy bolup ýörkäk, öýlenýän ýigit uzakda görünmän durmaly ekeni. Toýda bolsa tans edildi, men çyksama el çarpyp durmakdan başga zady başaryp bilmedim. Hä, surata welin düşdik. Men hem gutlanlar arasyndadym, ýöne gowy taýýarlanyp bilmedim. Öňünçä bärik girip, gereklije maglumatlary alaýyn diýsemem, beýleki işlerim sebäpli edip bilmedim, internedem irden 9 we ikindi 6 arasy işleýän ekeni, birem ruh hem-de dynçgünleri işlemeýän ekeni. Garaz, gysgaça we diniräk gutlap, kiçijek sowgadyny gowşuryp, ýene-de stoljagaşymyza oturdyk.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hmmm

ata wrote:

öýlenýän ýigit uzakda görünmän durmaly ekeni.

Ata aga oylenyan yigit nireli asly, men gelenok diysem yok baryar diyyalerde shu Anna bilen Mergen:) barajikde bir kocede durdymy
Hazirem ol oglan oyin icinde durmaly diyayse Ata aga:)

Oylenyan oglan habarsyzdyrda

Oylenyan oglan habarsyzdyrda namanin nahili bolmalydygyndan, senin yaly 1 gyz "girme yigrenji, dasharda garash" diyen bolsa, ol gorgulem durandyr gune kak bolup :))
Ay mena gelnimi ozum alyp gaytjak, ilin getirip bereni gerek dal, kurteli zatly, agasyna manlayini sygadyp, ejesinin zadynyn halallyklaryny alypjyk gaydaryn nesip bolsa...

şony aytsanay Mergen:)

şony aytsanay Mergen:) süyt haky diydi,gaymak haky diydi:):):)
ahow 1 ejeden süyt içendira ol 4 ayal süyt haky diyip döşüni galdyryp dur :):):):):)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Yigit kocede mashynyn icnde

Yigit kocede mashynyn icnde duraydy oydyan, men gelmelidir diyip pikir edipdim, gelmedi, hic gorunmedi, yone mashyn bn gelenin-a gorupdim:)

Oglan menin obadashym, yagny, Mary T.galadadan. Yone indi ol shaherli, men kolhoznik entagem:)

"Hazirem ol oglan oyin icinde durmaly diyayse Ata aga:) "

Bu yere dushunmedim-lay, gowjarak dushundirsene, jijush :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

8- Öýlenmek barada bolsa,

8- Öýlenmek barada bolsa, men-ä ýene gaçmagy başardym, entäk ir-ä how. Aý, wagty gelende bolsun-da haýyrlysy bn olam, enşallah. 29 ýaşamsoň ýa has hem gijiräk.

PS: Bayram, bu yazgy ayratyn senin ucin :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ir bolsa, gaçyber

Ir bolsa, gaçyber :)
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

9- Londona yza gaýdamda

9- Londona yza gaýdamda ýene bir hindi sih oturdy ýanymda. Onuň-a ysy hem bardy ýakymsyz. Wah, özümem ibaly däldirin welin, olaryň iýýän “curry sauce”-larynyň ysy endamlaryna siňensoň we ömürlik şeýle bolansoň, hemmeler bilýär bärdäkileriň şol ýagdaýy we olardan gaça durýalar. Ýöne men hiç zat diýmän gaýtmaly boldum. Gepleşmedimem. Naharyň ýany bn piwo we gyzyl şerap alansoň-a hijem.

Sag-aman Tm baryp geldim. Allaha soňsuz şükürler bolsun!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Köp surada düşdim, ýöne

Köp surada düşdim, ýöne ýekeje suratymy hem goýup bilmez ýaly bir ýagdaýa düşdim. Yazdyran DWD-im satdy meni. Ilki açyldy, soňam gaýdyp açylmady ulanjak bolamda, bar suratlar we käbir gerekli maglumatlarym şondady, şol sebäpli, bu bloga surat hem goýup bilemok. Enşallah, bir ýagdaýyny tapyp açaýadym-da!

Mary aeroportda Hytayly biri gelen ekeni, oz shereketlerinin Tm-daki gurnajak "telekomunikasiya sazlashygy" boyunca. onun bn hem azyrak gumur-yamyr etdik, yanynda Lebaply we Malayda okap gelen bir oglan bar ekeni, tanyshdyk, gurrundesh bolduk we sh.m.

Häzirlikçe bular ýeterlik. Soňam kellä gelse ýazaryn-da.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ata aga suratsyz blogyn

ata aga suratsyz blogyn agaçsyz çaga menzapdir
wii çagasyz agaja
köksiz agaja:):):)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Anna, suratlarym acylmady

Anna, suratlarym acylmady entagem DVD-de, indi shony acyp bilsem, suratdan doldurjag-a barini:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ata aga sallahlyk rekordy

ata aga sallahlyk rekordy shu wagt sizdemi turkmen tanyslarynyzyn/dostlarynyz/mekdebiniz ucurymlarynyzyn arasynda? bolmadyk yagdayynda hem rekordy goyarman siz, bu gidish bilen...

PS- Menem Londonda 1 gije boldym. Heathrow aeroprtda yatdym.[ Amerikada okayanlara London usti bilen gitmegi maslahat beryan. Sebabi 2nji we 6njy gunler London-Asgabat Turkmenistan Howa Yollary bar, arzana gelyar bilet.] Dogrusy yatyp bilmedim. O oturgyclar yatar yaly dal-how. Dine oturyp bolyar. Oturyp hem gowy edip uklap bilmedim. Yanynda goslar zatlar bardy sebabi, ogurlanmasyn diyip goshun ustune hem yatjak boldym...

He-he, gelende kicijek

He-he, gelende kicijek gyzjagash, yashy dolmanson biri bn gecmeli. Shukur et, entagem dostlarymdan biri dadyna yetishayipdir, yogsam hasam biderek edip goyardyn barini :))

Garaz, senem habarsyzrak gelipsin, yogsam, Londonda-da birgiden tm gyz okayan bolmaly, hazirden jora bolup goy, gerek bolar geljekde :)

Germaniyada hem uytgeshik bolasy yok-la, bir hazir tejriban we dilin bar diyaymesen, kan kyncylyk cekmersin Londondaky yaly-ha, yone olaram Inlisce bilman dursa, senem nemesce bilyan dalsindir :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

men hem Londona gaytjak

men hem Londona gaytjak bolup yorkam, meni bir zat edib-a tapypdyrlar we hic tanamayn birini yashy yetmeyanligi ucin howandar/hossar hokmunde getiripdim barik :)

Ay, owrenishen bolsan bolyar-la:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

:)

Harezmi wrote:

ata aga sallahlyk rekordy shu wagt sizdemi turkmen tanyslarynyzyn/dostlarynyz/mekdebiniz ucurymlarynyzyn arasynda? bolmadyk yagdayynda hem rekordy goyarman siz, bu gidish bilen...

Yok, entak bar men yalylar, yone, uly ahtimallyk bn, rekord mende bolarmyka diyyan, senem yazsyhyn yaly :)

Quote:

PS- Menem Londonda 1 gije boldym. Heathrow aeroprtda yatdym.[ Amerikada okayanlara London usti bilen gitmegi maslahat beryan. Sebabi 2nji we 6njy gunler London-Asgabat Turkmenistan Howa Yollary bar, arzana gelyar bilet.] Dogrusy yatyp bilmedim. O oturgyclar yatar yaly dal-how. Dine oturyp bolyar. Oturyp hem gowy edip uklap bilmedim. Yanynda goslar zatlar bardy sebabi, ogurlanmasyn diyip goshun ustune hem yatjak boldym...

Guk diyaymeli ekenin-da gelende, Londona aylardyk azyrak seni :)
Tranzit bolanson, dineje aeroportda galmaly bolansyndyr?!
Yene-de habar beren bolsan, yorgan-dushek getirip, goshlaryna-da garawullyk ederdik-da :))
Indikide yatdan cykarma:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Tm-da goren ka zatlarymdan

Tm-da goren ka zatlarymdan yene kabir yagdaylar:

Men yetimler oyune-ha gidip bilmedim, indikilerde, enshallah. Bahanaragam yaly welin, hic wagtym bolmady diyen yalydy.
2 hepde oran az geldi. Oymuzde dineje 4 gije yatdym, hatda, gundiz doly oyde hic bolup gormedim. Ashgabatda 1 hepdam gecdi, 1 hepdam hem Mary, Yoleten, Bayramalyda we Turkmengalada. Edilen ishler bardy, gidilen toylar, zyyarat edilen garyndashlar we sh.m.

Hazir Tm-da 35 dereje yssy bolmaly, men yanyp yetishmedim, menden 3 gun son gaydan 1 dostum yanypdyr, garaja bolup geldi:)

Dollaryn bahasy 1 Aprelden bashlap 11 000 manat boljakmysh myshy bardy, benzinin 1 litrinin nyrhy hem 6 200 manat boljak diyilyardi resminamalara gora.

Garaz, sheylerak boldy.

Hazir UK-ya owrenishdim, sagat tapawudy hem 5-den 4-e dushdi 2 gun öñ. Bari mayil, belki, 15 derejani gecyan daldir. Agshamlary entagem sowugrak.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"