Däp-dessurlar barada ýene bir gezek

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Edil şu wagt inetden Lajja diýen hindi kinony tapyp gördüm... we täzeden pikir etdim.
Men türkmençiligiň adyna, belki öz ýaşaýşymyzy halaýanlygym üçin, Türkmenistany küýseýänim üçin, belkem başga sebäpler üçin goradym.
Häzirem olardan bir kino sebäpli ýüz öwürmekçi däl, olaryň köpüsi DÖRÄNDE gowy sebäpler we gerek bolandyklary üçin dörän zatlar. Emma wagt üýtgeýä we iň gowy zatlaram adamzat iň bir biderek zatlara öwürýär. Meselem, Allanyň iberen dinlerini eýle ýa beýle üýtgedýäler. Adam hukuklaryny we azatlygy ters ulanyp, başgalaryň üstünden güler derejesinde, kemsidip karikatura çyzýalar, ýa arkaýyn sögünýäler. Şulam azatlykmyş...
Däplerem edil şeýle, ulanyp bilmeýäniň ellerinde üýtgäp, käwagt gaty biderek zatlara öwrüläýýäler...
Men olardan ýüz öwürmegi teklip edemok, emma şol däplere uýanymyzda, şonda many barmy pikir etmek, logikasy we maňyzyny düşünmek gerek!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Kinodan daşary, men öz

Kinodan daşary, men öz öýümize jaň etdim. Goňşymyzyň ogly, garyp oglan, üýtgeşik bir saýlanyp duran tarapy bolmaýan oglan... şol bir çişik gyza öýlenýämiş. Onam uly begenç bilen aýtdylar, menem begendim. Ýöne soň detallaryny aýtdylar... ol gyz üçin dünýäň malyny sorapdyrlar.
Galyňyň gowy taraplaryny şu ýerde özüm köp nygtadym, başga temalarda ýazdym. Ýöne bu nähili ýagdaý?! Oglan bir üýtgeşik gowy ýa görmegeý ýa ýene bir zat däl, bolýa, a gyz näme?! Gyz şondan oňatmy? Şondan gowa mynasypmy? Şondan gowyny taparmy? Hemmesine ÝOK meň pikirimçe. Ol gyzdan 100 esse gowy we owadan gyzlary tanaýan, ärsiz otyrlar. Ýa bir döwür oglana göwni ýetmedik, ýa ýöne gowy oglan duşmadyk. Şolar ýaly gowy gyzlar barka, beýle görmeksiz we hiç hili üýtgeşik abraýy ýok gyz...
Hindilerde bu ýagdaý tersine. Gyzyň öýündäkiler pul tölemeli, ýalbarmaly, ýere siňmeli. Ýogsam olaryň oglanlaryny görseň... köpüsinden menem owadan. Üzümiň suwy ýaly gyzlaryny uly pula, uly minnet edip alýalar.
Bilýän, bu däbi ters tarapdan görkezýän mysallar we gowy edip ulanýanlaram bar. Ýöne ýokardakyny eşidip gaty gynandym. Ol oglanlary tanaýan... garyp maşgala... nätjek beýdip?!
Gyzam beýnisizdä... ynsap talap etse bolmaýamy öz öýünden?!
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

bayram aga natdingiza

bayram aga natdingiza chishik gyzlar bey diyymeli dala belki gownine alan bolar
galyng gowy edipdirler ;))))))))))) eger soyshen bolsa bvelki mugtam alardy yogsada alyp gachaymaly ekenda :))))))))))))) shutka
ey bayram aga chishik diyymangiz bir hili eger gyz soyushmese kop galyng salyar seabai arzyly bolyar

sonky sozlemine

sonky sozlemine goshulyan.
gyzyn galyny koprak tolenilen bolsa, kynlyk bilen gelini alan bolsalar onda ol gelnin gadyry hem bilinyar.
a eger gyzyn ejesi atasy oglanynkylar name diyseler razy bolup gyzlaryny berip goyberen bolsalar onda gadyry bilinmezdi. olar "gyzyn ozi geldi, galynam oz islanimizi toledik" diyip gep hem edip bilerdiler. shonun uchin gyz tarabynam dili uzyn bolmagy uchin galyny galynrak yazyarlar.

Menem sen birinji

Menem sen birinji sozune goshulamok, elbetde sen diyen yagdayyn bolyar, yone elmydama bolyar diymek yalnyshmyka diyyan...Hemme zat oylenen oglana bagly, egerde oglan gelninin gadryny bilyan bolsa onda mashgaladaky beylekilerem gelnin gadryny biler, galyna anyrda dursun, mugtam gelen bolsa...Yone birinjisi bn oglanyn gelninin gadryny bilmesi uchin gelin gowy bolmaly...
Sen shol yaday 100% diyyan bolsan yalnysh diyjek, yone 99% diysen belki dogrylyk payy bar diyjek, sebabi 1% mugdyrak gelip, mashgalada hemmeler tarapplayyn sylanyan birilerini tanayanda shondan:::)))

Men 100% diyip aydamok,

Men 100% diyip aydamok, sholar yaly yagdaydan gorkyarlar diyen manyda aytdym.
Mana biri birinin durmushy barada gurrun berdi, shonda oglan oz soyen gyzyny alypdyr. Soyguli gyzyn gadyry elbetde yone alynan gyzyn gadyryndan uly bolyar. ol gelin nache jan etsede gayyn enesine yaranyp bilmandir. shu yerde oglan oz gelnine nache gadyr gorkezsede hich hili peydasy yok...

Feya, sen galynly-galynsyz

Feya, sen galynly-galynsyz butin millet'lerde bar bolan gelin - "gayin ene" dushunishmezliklerini alyp "galynyn mochberi"-ne baglap goysan yalnysharsyn. Islesen menem sana gelinin galynyna kop pul chykaranlary sebapli 2'de bir "oncha pul biderek yere berdikmi, hyzmat etsinda" diyip, gelinin 1 kemsiz eden/edyan hyzmatyna-da at dakyp, hachan gorsen "kop pul berdim, indi mayrylsanam edersin" attitude-i bilen gurleshyan birgiden gayin ene gorkezip bilerin, yagny bu mesele galyn mochberinden has kop, gayin enan hasiyetine, gelinin yagdayina dushunmegine baglymyka diyyan..!!
Chishiklik we sh.m zatlar barada bolsa: mena oylenjek gyzymyn kemchiliklerine ya-da sh.m. zatlaryna gora galynyn az bolmagyny talap etmekchi dal, aljak bolup oturan gyzyn barada-da ejesine "Gyzyn chishik/hushy kem, galyny az sora" diyip bolarmy ? Yok, yone bu yagdayin tersi bolsa, yagny gyz beter akylly/edepli/terbiyeli bolayanda-da esse-esse kop galyn tolemekchi hem dal, sebabi olam samsyk/terbiyesiz we s.m. oglana baranok...Gepin tummek yeri, her oglanyn alyan gyzy ozi uchin #1 bolmaly, in azyndan oglanyn gozunde, beyle yagdayda bolsa hemme chykjak gyz 1-nji yeri paylashyp, ozuni beyleki gyzlardan artyk/kem gormeli dalde, galyny denecherrak soramaly !!

Gonshy golamyn arasynda ene-atasy gaty kop pul sorany sebapli 30 yashlaryna dagy chenli durmusa chykyp bilman yoren gyz bolsa-ha gozleri gorkaray shol toveregin ejelerinin :D

Belki gelin nache

Belki gelin nache jan etsede gayyn enesine yaranyp bilman bolup biler, yone muny galynyn koplugine yada azlygyna baglama...name uchin mundan 4-5 yyl on 30-50 gr zynjyry bashlaryna tach edyadiler chykjak gyzlar, a indi bolsa gowunlerem yetenok, boynuma 100 elime 100 diyship durlar...galynyn mukdary nama gora belli bolyar, kim belli edyar, yada galynyn mukdary gyza edilen shay seplerin yanynda dogan garyndasha ediljek sonky moda koynekdir yene shona menzesh zatlar belli edyarmi...Sen gyz mashgala, senem onunde bar, dogryny ayt, sen galynyn ilden yza galmajak bolup, gurrun edaymesinler diyip moda gora bolarmy yada oglanyn yagdayynam goz onunde tutarmydyn?Yone turkmenler oglanyn yagdayyny hich goz onunde tutanoklar, yone egerde 10-20 milyon ara pul alyp shona oyunize gosh bolar diyip gowja zatlar alyp berselerdi bolardy, yone beyle dalda gynansakda...
Gysgacha aydanynda gelnin gadryny galyn dalde, shol mashgalada yashayan ilki bn adamsy, sonam gayyn ene atasynyn adamkarchilikleri belli edyar...Baldyz yuwrji diydi olar sonky moda zatlar, adamsy hakykatdanam ayaly bn gowy yashashmak islese, elbetde gelni gowy diyilshi yaly gowy bolsa, onda hichkim yanyna gelip bilmez...
Sen mysal beripsin, menem beresim gelyar, bir tanayanym bar, gyzyn ozunede beter gowy shay sep etediler, bashda baldyzlarynynam eshiklerini geydi, oylerinede 2-3 milyon yaly pul gechiripdirler oydyan, yone gelinem narazy dal halyndan...shona gorade gowy durmush yashayarlar olar men pikrimche...munun yalam wakalar bolyar...
Gysgacha hemme zat adamlaryn medeniyetliliginde, adamkarchiliginde chozulip gidyar....

Quote: gyzyn ozunede beter

Quote:

gyzyn ozunede beter gowy shay sep etediler

Shu yerde etmediler diyjekdim...

Resul aga kosheshing!!! men

Resul aga kosheshing!!!
men size 100% diyip aydamoga. menin aytjak bolanym mysal uchin gyz chykman oturan bolsa, ya bir kemi bar bolsa galyny kop soramaklarynyn bir sebabi diyen manyda aytdym.

a mana beren soragynyza jogabym, men galyna moda kowalashyanlara dushunip bilemok. hazir karz edip gyzyl, galyn, toy uchin alyarlar son welin gelin shol oye baryp bar alynan karz puly olar bilen bilelikde bermeli. nama gerek olar yaly zatlar... hazir yagdayynyn yetdiginden bersin, son welin ozumiz gazanyp shol isleyan zadymyzy alyp bilerdik. menin ozuma ol 100gramlyklary dogrymy aytsam halamok.

Name bolsada mena aldym

Name bolsada mena aldym gownume .Ustumden edil gaynak suw guyulan yaly boldy .:(

Sana kim name diydi Maya ?

Sana kim name diydi Maya ?

Men Selbinin hatyna reply

Men Selbinin hatyna reply yazdym welin olam ucup basga yere dusupdir .Aslynda men Bayram agamyn :"bir çişik gyza öýlenýämiş"diyen sozuni okanymdan erbet boldum .Nadende-de adam gownune alyar .Ustesinede menin yaly kompleksli adamlar .Men basga lisni zat diymek islemedim .

hmm

Quote:

chishik gyzlar bey diyymeli dala belki gownine alan bolar

name Mayajan shuny gownume aldym diyjek bolyanmay, gin bolsana sen chishik dalle
haysy bir diyilen zady gownune aljak, gin bolmasan yashamak kyn bolar

Howwa bildin .Tuweleme sen

Howwa bildin .Tuweleme sen nahili dusba .Basramok gin bolmany .Nadeyin sondanam ejir cekyan .

Maýa sen menden

Maýa sen menden bilgeşleýin göwnüňe alýan ýalyla.
Sen çişik dälhow, men tyňkyjalary, etli-ganlylary halaýan öte, beýleki temada aşa horlary halamaýandygymam aýdypdym.
Ýöne çişikligiňem çaky bar. Käbirleri aşa çişik, gürrüň şolar barada. Beýle göwnüňe almada.
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Dogry sizin bilen razylasyan

Dogry sizin bilen razylasyan .Yone sizem beydip indikide godek yazmayyna .Yone men bilgesleyyin gownume hic zady alamok .Degnama degmese diyemok .:(

Bilýän, mende

Bilýän, mende politkorrektlik ýok, ýöne Zita-Gitadaky aýaly nädip taryplajak meselem?
Ýa google'da gözle "fat women" diýip, gör nähili suratlar çykýa...
Men bärik uly, çişik, ýaga çümüp giden adamlaryň suradyny goýmakçy däl, emma gelşikli zat däldigini bilýäň. Bagyşla welin, pikirimi göni ýazaýypdyryn.
Sen olar bilen deňäňde horajykhow
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Haha:) Misallarinam hindi

Haha:) Misallarinam hindi kinolardan beryanmay?:) Bolsa-da betay sen bayram, adamlarin dilinden gurlemegi basharyan!:) Mayang hindi kino halayanini hatda bir yerde zita gitani beter gowi goryanini okap misali hem shondan berishine telpek menden..:)

Hany? Nirede telpek? Menä

Hany? Nirede telpek? Menä göremok :D
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

maya haysy bir zady gownunge

maya haysy bir zady gownunge aljak shu durmushda oglanlardyrda oglanalar nabeletmi

Sen gaty belet oydyana

Sen gaty belet oydyana oglanlara ? :)

Selbijan sen mana beleta

Selbijan sen mana beleta .Men bir sada ,turkananynam turkanasy.Belanyn korigam sonda :(

Selbiş senem semizjemi? Men

Selbiş senem semizjemi? Men aslynda semizje we tyňkyjalary halaýan, maňa ters düşünme! Bagyşla!
PS Maýa oglanlara beletmi bilemok, ýöne maňa belet bolmaly az-kem :) Şu sahypada köpden bäri bolsa
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Mayajan, ol nemang

Mayajan, ol nemang kimingdiray shol karochi "... balagy yaly ging bol" diyilyara ana ging bolsana, haysy bir zady gownunge alyp yuregingi agyrdyp yorjek?! Bizem alybermeli bizem hor zat dala :) yone Aysoltanyng aydyshy yaly "bosh ver"yas :)

ha ha

Feya wrote:

ol nemang kimingdiray shol karochi

Hajyn balagy yaly gin bolyar diyilyardimiiiiiii:)

Ýöne bu meselelerem bir

Ýöne bu meselelerem bir gapdala. Käwagt bizde gelen gelne gaty biderek daralýa. Käwagt gelen gelin gowy bolanok. Her ikisem bolýa. Bir many bolara hereketlerde? Oglanyň öýündäkilerem gelen gelniňem, öz ogullarynyňam ýaşdyklaryna bir düşünjeliräk seretmelä!
Bilmedim... men soňky döwür pikir edip oturşyma, emelsiz adamlaň elinde her däp-dessuram uly bir biderek zada öwrüläýýär öýdýän...
Onsoň olaram alyp gaçmagy çäre görýäler... Alyp gaçmak näme abraýmy?! Menä şony iň biderek zatlaryň biri hasaplaýan. Ýöne ynsapsyzlyga ýüz urulsa, oglanam ynsapsyz bolýa.
Men özümi gowy ýa mysal bolar ýaly türkmen hasaplamok. Ýöne elementar pikirlenmek gerek... Elementar pikirlenmegi başarmaýan köp ýöne. Professorlaryň arasynda hem kän, munam öz gözüm bilen gördüm.
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

söymeyan gyzyna şonça pul

söymeyan gyzyna şonça pul berip name barkaray?:D
_________________________________________
Söygü üçin, janyndan geçmek-söygünden geçmekdir!

Söýgi näme? Söýgä

Söýgi näme? Söýgä garaşyp bir çen ýaşan bolsaň, onda bu durmuşy ýalňyz geçirmejek bolup öýlenersiň! Azyndan çaga üçin, durmuşa gyzyk üçin.
Her kim aýdanyny aýdybersin, ýöne öýlenende söýüp öýleneni az bilýän. Köpüsinde simpatiýa bar, halaýalar, ýöne alyp barýan söýgi ýok. Köpüsem, simpatiýa ýene-de ýok, diňe "öýlenmeli" bolany üçin öýlenýäler...
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Mena soygi diylende

Mena soygi diylende sheyle pikir edyan, Bayram sen diyshin yaly bashda soygi diyilyan zat soygi dalde, sempatiya yadanam yshk bolup biler..Asyl soygi gosh birikdirip yashashyp bashlanda yuze chykyamyka diyyan...Bir birini sylap, sabryny zorlamajak bolmak, yalan aytmazlyk, izmenyat etmezlik ve shuna menzesh zatlar asyl bir birine bolan soygimika diyyan...Sen aydysgyn yaly bizde kopisi yash yetdi indi oylenmeli diyip awa chykyar, we dashyndan seredip shuna diyip goreyinle belki bolar diyip sonam oylenyaler...
Yone galyn meselesinde menem dushunemok, kabir eneler kop galyn alsa ozune abray goryami namemi, belki dash towerekden gep gurrun geler zat diyip...YOne asyl gyz rol aynayarmyka diyyan, eger hakykatdanam oglan gowja bolsa, baranyny bilmeli, yenne pay diydi, jigi aga dogan anry barilere sowgat diydi gerek dal hichisem, bir ene ata etsen yetikmika diyyan, elbetde gyzada....
Yone kamahal alyp gachmagam charesizlik yagdayynda chare bolup duryar....

name dinge soyyan gyzynga

name dinge soyyan gyzynga pul bermeli

taze gelin taze oyunde oz

taze gelin taze oyunde oz tazeje yoldashy bn yashashmaly, tazeje guran mashgallasy ucin gerek pul, shu yagdaya goz yetiryan bolsa, onda, elbetde, shona gora-de hereket etmeli bolar we oz ilkinji mashgalasyny hem bu babatda razy etmeli bolar. Yogsam, elyetmez baha diyen ejesi ya yakynlarynyn sozune gulak gabartsa, barjak yerinin enceme berga batmasyna ya-da ozunden mejbury el uzulmesine ya-da alynyp gacylmagyna we sh.m. yagdaylara sebap bolup biler. Bular bolan zatlar.

Garaz, galyn, has takygy, dini taydan parz bolan "mehir", elbetde, gerekli, yone gozuni hem cykaraymaly dal-a bu yagdayin.

Men bulary umumy yazdym, dineje yokardaky "cishik" diylen gyz we eli yuka oglan ucin dal.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Gecen tomus bolan

Gecen tomus bolan waka..:

Agam 1980nji yil. Gecen tomus oylenmek isledi. Goz hassahanasinda az-owlak yatanda shol yerde ozi bilen yashdas bir gyz bilen tanishyar we oni halayar. Okuwy dinip, gullugy dinip yanibir gozlege chikanda gabat gelipdir. Ay garaz gyz razi bolyar derrew, sebabi neresse kop oturipdir. Ideshdiripdirler gowja diyipdirler. Ozem gorki gormegi yerinde. Nadip shuncha wagt oturdika diyip pikire batyarlar bizinkiler. Garaz gudachiliga barilyar. Ejem dagy ol meshur SPISOGY gorup tas zahresi yarilan ekeni..:) Yaman asha kop yazipdirlar. Spisok yzyna berlende ejesi skidka dagy ediji bolanok, ugurlasjagam bolanok diyya. Hani eje diyenin kop oturan gyzyny caltrajik bashgoz edayjek yalidir welin, beyle edip baranok.. Yogsam bizinkilerem kan gaydasi gelmandir agam birneme gownanson..

Gepin tummek yeri ejesi gyzynyn ustunden bayajak bolyanlardan oydyan.. Juda beytmegem gerek daldira.. Ol gyz yaman ginanipdir diyyarler shu waka sebapli..

Agam bashga bir gyz aldi gechen yil..

in gowy guli aljak bolyan

in gowy guli aljak bolyan gyzyn mysalyna menzapdir. Shu yagdayda shol gyzlara-ha gynanyan, sheyle ejelere-de dushunip bilemok! Allah sheyle zenanlara ynsap bersin-da, herna!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Yokardakylary doly

Yokardakylary doly okamadym.
Shu gunlerde turkmende dap-dessur diylende goni "yashmak"(yashynmak) kella gelyar.
Olam gechenlerde "Yuwash Gelini"(tihaya nevestka) seredenimdendir. Ol kinoda gelin gayynenesi bilen hem gurlesenok. Shu dap shu wagt Turkmenistanda nacherak ulanylyar(sizin yashayan yerinizde)? 1-2 yyl(yada belki ay) gechen son gurlesip baslayar my? nahili bolyar? Sebabi menin bilsime gora, bu dap Yslam dininden gelenok. Yslam-da gelin gayyn enesi, hatda gayyn atasynyn yanynda hem yuzi yashmaksyz gezip bilyar. (belli bir edep bilen)
Shol sebapli Turklerde we Gazaklarda shu dap yok eken.

Gazaklarda aslynda bar bolup

Gazaklarda aslynda bar bolup biler, ýöne olar häzir türki halk däl, orslara has kän meňzeýäler dälmi?! Olar beýle däp-dessurçyl däl ýaly.
Biziň töweregiň düzgüni şeýleräk. Haçanda gaýyn ene gelne sowgat edip, gepleşmek islände gelin ýaşmaksyz gürleşip bilýä. Eger şol edilmese, gaýyn ene rugsat bermese, onda gelin mydama ýaşmakly bolmaly gaýyn ene bilen. Gaýyn ata bilen, ýagdaý gerekdirmese, göni gürleşmeli däl. Üçünji adama ýüzlenýän ýaly edip gürleşmeli, eger gerek bolsa. Hemme wagtam gaýyn atadan ýaşynmaly.
Meň bilşim şeýleräk
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Gelin gayyn enesi

Gelin gayyn enesi bilen gurleshse mena gowymyka diyyan,belki birazda gelin gayyn ene davalarynyn onune gechip biler, ikisi hem problemany goni dushundirip biler bir birlerine...

Kakam-a gelnejeme rugsat

Kakam-a gelnejeme rugsat berdi, yashynman gepleship bilyar "Dayi" diyip, kakam "jon Turkmen" bolyan daldir-le :) Men hem sheyle rugsadyn tarapdary, oz geljekki gelnim ucin hem :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yashmak turkmen gelinlerin

yashmak turkmen gelinlerin bezegi. yslam dininde bolmasa-da ol ongden gelyan dap.
her kimde bir hili ulanylyar. mysal uchin: kabir gayyn eneler eger oglanyn gyz jigisidagy bolmasa oyunde onda gelinin agzyny basym achdyryarlar, kabirleri birinji chagasy bolyancha yashyndyryarlar, kabirleri ondan son. yone gayyn eneden achsanam atadan achmaly dal.

gayyn agan özi "aç"

gayyn agan özi "aç" diymese, gelnin özi açmayar.
meselem; men ejem, 48 yaşynda we hazirem gayyn agasyndan (yagny dademin agasyndan) yaşynyar.
şeyle gijikdirmegin manysy barmyka??

________________________________________
Söygü üçin, janyndan geçmek-söygünden geçmekdir!

A namesi bar atandan

A namesi bar atandan yashynmagynyn ?? Achayanda ullakan 1 chozup baryan meselesi barmy ?? Onsonam halkyn arasynda "irirak achsa-da bolarla" diyen pikir chyksa, ol yash limitini kimler goysun ?? Senin ejen 48'de achsa, yashyrak gelniniz 45'de achsa, yene-de 15 yildan yashynmak dine bashdaky 40 gunde edilaymese ??!!

Belli bir wagt'dan son gayin enelerin(rugsat bilen) yanynda achylsa name bolsa-da OK, sebabi olaryn 2'sem ayal mashgala we chagalara seretmek, bile nahar bishirmek, chorek yapmak we sh.m. "ayallaryn arasyndaky" ish we gurrunleri yenilleshdirip biler, yone gelinin gayindan yashynmazlygyna nache sebap gorkezip biliner ?? Gelin gayin bilen owalam gurleshyar, yone yashmagyn arkasyndan we dik gozune seretman gurleshilyar..

Mesele yashmak barada bolsa, onda Turkmenchilikde kichi erkek jigin gelininin, uly erkek dogandan hem yashynyandygyny yatdan chykarmalyn, doganlaryn ozleri rugsat bermeseler achanoklar gelinler...

Arasynda erkek dogandan

Arasynda erkek dogandan yashmany yatdan chykaryanlaram bar:::))) Yagny gelin pislerin pisi bet bolsa:::))

ha

shu yerde birhili bir anekdot yadyma dushdi:) owalam bir gyz durmusha cykypdyr, ejesem ona tabshyrypdyr
- gyzym hic kimden agzyny acmagyn senin agzyndan erbet ysy gelyar diyip
ol gyzam ejesinin tabshyryshy yaly agzyny acmandyr, yone bir gun gayyn enesinin yuregi gysyp gelnine agzyny acmaklygyny islapdir
gelin yok mana ejem tabshyrdy agzymdan erbet zadyn yzy gelyar acmaryn diysede
gayyn enesi hem, hey taze gelninem agzyndan erbet zadyn ysy gelermi ac diyip acdyrypdyr, arada bir iki gun gecipdir welin yanky gelin gayyn enesi bilen gurleship bashlapdyr gelni
gayyn enesi men adamym (hic zat bolmadyk yone horrajyk) bir hili gaty horrr, eger menin adamym olayse sen meni kici yurjyma dakarmyn ya ondan kicisine diyip gepleship bashlapdyr way gyzymjan bar agzyna yapay senin agzyndan erbet zadyna dal ondan betterrak zadyn ysy gelyar diyip yapdyryar
onson yene bir nakyl bar onam bir zat bolmasa yone yere doredilenna daldir yashmakdan cykan dil, bulutdan cykan gun yakar diyip, shonun ucin gayyn enendenem acsan gayyn atandan yapyk bolsa gowy bolar oydyan sebabi sanashyp bilmezler:)

men "ata" barada dal-de,

men "ata" barada dal-de, "gayyn aga" barada yazypdym.
namesi barmy??
sen meselem, agzyny yapyp göreyli, we biri sen yanyna gelip, sana birzatlar aydyp gitsin. sen şonda nahili bolarsyn??
"gepleme" diydigi bolyar.
ne jogap berip bolyar, ne adam yaly gepleşip bolyar.
ayal maşgalany göni, 2nji-synp adam yerine goymak.
menin "yaşynmak" diyanim, hiç-hili gürleşmezlik,
_________________________________________
Söygü üçin, janyndan geçmek-söygünden geçmekdir!

Nireden chykaryanay bu

Nireden chykaryanay bu biderek netijeleri ??? Name ol gayin ata dalimi gelip aydyp-aydyp, sonam "gepleme" manysyny berip gider yaly ?? Men gyz dal 1-njidena, mana "ozune edip gor" diymek eyyam biderek analogia, her jyns uchin adaty we adaty dal zatlar bar, yashmak hich gyz uchin hem "insult" dal, in azyndan manysyna dusunyanler uchin, barde "modern"-siran bolup yashmaga gep atmak gerek dal, sen dusunmesen hem yashynyanlar dusunyar manysyna, ozlerini 2-nji sort adam hasaplayandyrlar hem oydemok...
Onsonam yashynmak hich hili gurleshmezlik dal, gayin ata gelip "Adamyn nira gitdi ?" diyse "Hmmmmmm..mmmyyy..mmm" edilip durylanok, aydylyar, yone yashmagyn arkasyndan aydylyar...Shunyn ichine oglanyn erkek doganlary hem giryar.

Ynha, yevropada zatda yashynmak dagy yokda, nache sany plyusy bar shonun ??? Gayta biderek arlerini yurjylary ya-da dost-yarlary bilen aldap, masgara bolup yorenler dolup yatyr, sholar bilen yashmak arkasyndan salam-salam diyip, soraglaryna minimum shekilde jogap berip yorsediler, yagday sheyle bolardymy ?? Yok, yok, we yene-de bir gezek YOK !!!

Shu temada Mergene doly

Shu temada Mergene doly goshulyan, "2. synp yerine goymak" bilen hic hili dahyly yok...
Onsonam, shuny yazypsyn welin, Turkiyede "turbana" garshy cykyanlaryn diyyan sozleri/bahanalary yadyma dushup gitdi...

Ön nahili bolanyny bilemok,

Ön nahili bolanyny bilemok, yöne şuwagta bizde yaşmak yok.

sizde yok bolmagy mumkin,

sizde yok bolmagy mumkin, yöne balkan welayatynyn türkmen maşgalalarynda şol dap bar. ahalda, maryda hem bar öydyan.
_________________________________________
Söygü üçin, janyndan geçmek-söygünden geçmekdir!

hawa, Maryda-ha takyk bar

hawa, Maryda-ha takyk bar shu yashmak. Hemme yerinde %100 diyip biljek dal, yone, kop boleginde bolmaly!
Beyleki welayatlarda-da sheyledir-le, pikirimce! Belki, az boleginde bolman biler.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

On hemme yerde-de

On hemme yerde-de bolan!
Menin ejem hazirem Garly dayimdan, Jora dayimdan we beylekilerden yashynya, yogsam ozi eyyam yashuly.
Diymek yashynmak koneden bolanda :)
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Ey shol ayallaryn geyyan

Ey shol ayallaryn geyyan keshdeli balaklari hem yatdan chikaydi oydyan indi..

hiiiiiiiiii

gayrat edinde indi ol guruune bashlaman, ol eyyam cenden asha bolyar yashmak dashky eshiklerin hataryna geyyar a sizin bu etjek guruniz bolsa ayal mashgalanyn icki eshiklerine giryar

Aý aýallaryň balagam

Aý aýallaryň balagam däp-dessura degişlidä.
Men öň şony gaty wajyp görýädim. Häzir şeýle gerekmi aýdyp biljek däl, sebäbi gaty yssy we tomusda geýmek kyn bolar, üýtgeşik dizaýny bolmasa. Ýöne geýjek diýýänlere diňe telpek goýýan!
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selmonelk85 1 telpek goyyar we yazyar: "tuweleme guldirip icimi gyrdyn!"

Maýa muň nämesi

Maýa muň nämesi gülkünç?
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Gulkincda sebabi ,ozunizem

Gulkincda sebabi ,ozunizem bir menin gozum bilen okamaga calysyn solary tazeden :)))))

Offtopic bolsa-da... Yany

Offtopic bolsa-da...
Yany telewizorda hytayda gecirilen "Miss Tourism" (ya-da "Miss Bikini")-in bayrak gowshurylysh dabarasyny gordum, Turkmenistandanam bar eken, "Turkmenistan" yazgyly lentada, bikinili turkmen gyzyny gorup, birhili bolup gitdim-ay :))), yone begendim ;)))

Näme, biziňkiler ýer bir

Näme, biziňkiler ýer bir alyp bildimi? Ýalaňaçlanyna görä, bir baýrak zat almadyk bolsa dällaý...
Screenshotlaryny ibersene :D
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

hmm, video upload edyan

hmm, video upload edyan kitayskiy saytlardan gozlap gordum, entek goyulmandyr, surat gozlemek kella gelmandir, tapsam ibererin :))
edit: ay entek tazeler goyulmandyr suratlaram...

Ýo özüň baha

Ýo özüň baha beräý.
Şol baýragy alana 5lik berseň, türkmene näçelik berjek?
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

kanadalay biri aldy 1.ligi,

kanadalay biri aldy 1.ligi, ondan-a turkmen gowja, gulupjik duran, ak yuzlije gyzdy, men-a turkmene shondan 2 esse kop baha bererdim :))
wiy, gecen yylyn maglumatlaryny tapdym, Turkmenistan 5. bolan eken shonda, ashakda originalynam goyjak: http://www.sx.chinanews.com.cn/2007-12-14/1/56864.html

12月12日,总决赛及颁奖晚会拉开帷幕,56位佳丽身着各具特色的民族服装在T型台上一展风采,激情火暴的泳装、婉约柔美的晚装展示和诠释了女性的优雅美丽。经过激烈的角逐,来自捷克的51号选手伊薇塔·路托夫斯卡一举夺冠,亚军和季军分别为来自特立尼达和多巴哥的选手斯黛芬妮·托马斯和来自希腊的选手葛洛丽亚·安东尼奥。第四、第五名被秘鲁土库曼斯坦选手获得。

1. Cehoslavakya
2. Trinidad-Tobaco
3. Gresiya
4. Peru
5. Turkmenistan bolupdyr gecen yyl...

Tak, bul-a 1. alan kanadaly

Tak, bul-a 1. alan kanadaly Sahar Biniaz (22)

bulam Turkmenistandan Vera Maksimova (19)

bu-da hytayly Tong He (19)

Ay, yok-lay, men-a hytayla ses bererdim :)))

Aý ýoklaý... hytaýlyny

Aý ýoklaý... hytaýlyny doly boýuna goý, horajyk girdenek(kelte boýly) bir zatdyrla.
Sahar Biniazyň bir hili "gaty" ýüzi bar. Ýöne doly boýuna goýsaň, syratyny görerdik. Maňa "türkmen" has ýarady :)
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

yok, girdenek dal, 174

yok, girdenek dal, 174 hytayam, turkmenem... kanadankyny bilemok yone...
hawa-lay, "turkmen" has owadanja, gowja :)), aydyan-a gulupjik durdy diyip nemede-de...

Aý bolýada, gyzlaryň

Aý bolýada, gyzlaryň tarypyna dowam etmäýin
-----------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

nama owrulipdiray bu

nama owrulipdiray bu Blog::))

Mena bilmedim !Edil suwagt

Mena bilmedim !Edil suwagt asmandan dusen yaly bolup otyryn .Ilki koynek son balak son gyzlar .Yzy name boljak ,bir Alla bilyar :)

Düşündiriş

Men bedroý gyzy nähili taryp etjegimi bilemok, ýöne ýokardaky ýazan ilki ýazgymda şol bedroýlygy sebäpli hiç kimiň üns bermedik gyzy diýjek boldum. Muny özüňe çekmeli däl derrew, ýöne şol galyň meseläni düşündirjek bolup aýdypdym.
Bedroý gyzy nädip taryplasaň hiç kim göwnüne almaz? Elbetde, daşky sypat beýle wajyp däl, ýöne iýip iýip, gaty semränleriň özlerinde hem günä bar bolmaly? Ine käbir çişikler:
Free Image Hosting at <a href=www.ImageShack.us" />

QuickPost Quickpost this image to Myspace, Digg, Facebook, and others!

Free Image Hosting at <a href=www.ImageShack.us" />

Free Image Hosting at <a href=www.ImageShack.us" />
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Ewwu aga beyle suratlary

Ewwu aga beyle suratlary nireden tapyanay .Mena bu sahypany ak altynda acmagada utandym !.Siz tuwelemey ahli yere girip cykyanyz oyudyan .