Kakaň öýünde ýaşasaň aýlygyňy bermelimi?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Ine türkmenlerdäki däbe görä, öýleneňsoň ryzkyňy aýyrýançalar eneň-ataň bilen bolmaly. Şunyň gowy we erbet taraplary barada öňem gepleşdik. Bir uly adam hökmünde, öz maşgalaň başy hökmünde ýene biriniň gol astynda, kakaň ýagny, öýünde ýaşamak gaty kyn.
Sebäbi ýaşulylaryň gowusy näçe köp bolsa, gepe düşünmez, öz diýenli, käwagt garranyny boýnuna alasy gelmeýän, iňir, göwnünden turup bolmaýanlaram duşýar. Bir gep aýtsaň artyk, aýtmasaň oň diýeni bilen robot bolup, şonda-da göwnüne ýaraman, ýaşamaly. Şeýle ýagdaýlaram gördüm.
Ýöne şuň bilen bilelikde, işleýän bolsaň ýagdaý nähili bolýa?! Onda türkmençilikde aýlygyňy kakaňa bermeli hasaplanýa. Sebäbi ryzkyňy aýyrmadylar we entägem siz bir hojalyk. Şu dogrymy?

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Muny näme üçin soraýan,

Muny näme üçin soraýan, sebäbi her kimiň puly nähili, kime, nädip sowmalydygy barada pikirleri bar. Kakaňa bermeli diýen pikirde men, ýöne şolam kyn zatdyr.
Ýöne kakaňam seniň ryzkyňy aýyranda boş goýmaz, şoň üçin bermeli.
Meniň obamda käbir ýaşulylar bar, hiç göwnüne ýarap bolýana meňzänok. Marazmatik, iňir, hemme wagt ondan mundan birazy... onsoň olar bilen ýaşamak hakykatdanam kyndyr diýip içimi gepledýän. Kynam bolsaň ogul... näme diýjek?! Näme etjek?! Kelläňi çişirýändirler...
Men şu tipli adamlar bilen tekiz bolamok, nerwim çydanok. Dälirejek bolýan. Dünýäni şeýle göz bilen görseň, onda ýaşamakda keýpem ýogahow!
Bir Alla şükür edip ýaşaman, bir aýdara zat tapýanlary bar :D Şonuň ýaly adamlaryň ogly bolup, şolarda ýaşamaly bolsaň, gaty kyn bolar diýip pikir edýän...
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Dogry, olar yalak garrylaram

Dogry, olar yalak garrylaram bar bolsa bardyr...
Yone menin atam pahyr-a gyzyl yalak adamdy (yatan yeri yagty bolsun!). Pensiyajygyny alsa, ilk-a oydakilerin hemmesine harclyk pul berip cykyady (ay, onun ucin hemme-de caga-da :)), ulular almajak bolsa-da, gaty goraymegi mumkin, shonun ucin berlen adam alyady. Galanjasynam ozi gerejik yerlerine sowyady, ansat pul soranokdy. Kawagt ejem-kakam dagyn aylygy gijikse-de, ozune gerejik puluny alyp galyp, galanynam kakama ya ejeme beryadi "gerek bolsa, son yene sizden alaryn" diyip. Gaty dushunjeli adamdy.
PS: yene bir ayratynlygy, hemishe sakal-murty syrylgyja, ust-basham arassaja gezerdi. Muny aydyanym, oba yerlerde ust bashyna, sac-sakalyna uns bermeyan garrylaram dushya...

Hudaya shukur bizinde

Hudaya shukur bizinde ene-atadan hich hili azar gormedik, oz aylygymyzy ozumiz sovyas, gutarsada olar ustune yene berjek bolyarlar, yone mena onardygymdan almajak bolyaryn, yone almaly bolyar :) sebabi bu aylyk bilen yashamak gaty kyn, dine gyzymyn ozune yarty aylyk gidyar, ozumiz barada gurlabem durjak dal :)

A birden eneň-ataň seniň

A birden eneň-ataň seniň puluňa mätäç bolsalar?
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Hudaya shukur entege chenli

Hudaya shukur entege chenli matach bolmadylar, bolmazlaram enshalla, men korpe yone onda-da olar bizi ayry yashatjak bolyarlar, jay alyp berdiler yone mena entegem garry oyi tashlap gidemok, tashlar yalam dal ejemin yeke ozi oyde, dadem ayda yylda bir gezek gelyar oye :), ay garaz bizin shu vagtky yashayshymyz bir hili dushuner yaly dal, ne standartnyy yashayysh :))...,

Men göz öňüme

Men göz öňüme getirýän, eger professorym türkmen bolsady, we şoň ogly bolup öýleneňsoň galyp bile ýaşamaly bolsady... gaçyp giderdim!
Mümkin däl
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Mümkin bolsa aýry

Mümkin bolsa aýry ýaşamaly, sebäbi her maşgalañ öz aýry ojagy bolmaly..eger ilki beýle mümkinilik bolman, kakañ öýünde ýaşasañ, aýlygyñ köp bölegini ene-atana bermeli bolaýmasa. bermejek bolsanam ganryp alarlarmyka?!

Aý ýoklaý, gaňryp nädip

Aý ýoklaý, gaňryp nädip alsynlar? Onsoňam utançlaý, ondan göçüreniň gowy dälmi?
Aýry ýaşamalydygy barada goşulamok. Tekiz.
Biziň medeniýetimizde, däbimizde garrylar taşlananok. Bilýän, ýaş başyňa garrylaryň keýpine görä ýa olaryň pikirlerini göz öňünde tutup ýaşamak aňsat däl, ýöne özüň garraňda nirede ýaşasyň geler? Hä, garry daýza bolsaňam, ýeke özüň öz öýüňde ýaşasyň gelermi? nähili durmuş ol? Çagalaryňy öýlendireňsoň ýatyp öläýmelimi ýa?
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Ýalñyş düşünme, meniñ

Ýalñyş düşünme, meniñ aýtjak bolyan zadym her maşgalañ aýry ojagy bolmaly diýýän....edil täze toý edenden soñ bolmasa-da birneme wagtdan soñ aýratyn ýaşasalar dogry. Eger ene-ata syrkaw ya juda garry bolsa, özüni saklap bilmese gürrüñ aýry. Ýöne olaram “way, oýlendiñiz indi meniñ uçin ýaşañ diýmelem däla”. Olary öz ojagyña getirip hem saklasañ bolyar. Ya howly bir bolup öý aýra bolsa bolmaýamy? Onsoñam meniñ garrylara seretmäge hiç garşylygym ýok..menem agtyk, we seretyänem..onuñ yaly zatlara garşy pikir yok mende

korpe bolsan

korpe bolsan gitjek yerin yok, ene-atan yagdayi erbet gowy bile yashamalikmika diyyan men-a?!

Garrylyk nähili

Garrylyk nähili ölçelýä?
Men aýdýan, biziň däbimiz dogry!
Ýaşulylar öýüň körpesi bilen galmaly. Olar şeýle ýagdaýda ýaşasalar özlerini gerekli duýýalar, özleriniň durmuşa gyzygy has köp bolýa we ş.m.
"Bar tä aklyň üýtgeýänçä, ýa syrkawlap halsyz bolýançaň ýa-da garrap tapdan düşýänçäň ýaşa, haçan şoňa ýeteňde serederis" nähili ters pikir?!
Bizde ene-ata çagalaryny iýdirýä, geýdirýä, okatýa, öýlendirýä. Elbetde sag bolsuny beýle bolmaly däl.
Olaryň düşünjesizi bar, men ýokarda-da aýtdym. Nätjek, ugur tapmalyda. "Jennet ejeleriň aýagynyň aşagynda" bolýan bolsa, bir manysy bardyra? Ýagny hadys "Jennet tä öýlenýänçäň eneleriň aýagynyň aşagynda" diýlen remiksi ýok. Ölýänçä aýagynyň aşagynda...
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

hehe..sen gabshyryp goyduna

hehe..sen gabshyryp goyduna mana yalnysh dushunip. ol aydyanlaryn dogry, men goshulyan. zounem bir wagt ene ata bolmaly, garramaly, son seredip durarsynda hachan gelerlerka meni gormage diyip..hich kimem islemez yeke bolmagy.

Men göz öňüme getirýän

Öz hojalygyňa getirip ýaşatsaň bolýa. Ol dogry Hatyja. ÝÖne sen körpe bolsaň, eneň-ataň hojalygy saňa miras, sen şol öýden çykyp täze hojalyk ýasajagam bolmaly däl, hökman bolmasa!
Menä göz öňüme getirýän. Guwanyp ulaldan çagaň seni 20 ýaşyndan soň öz başyňa taşlap gitse. Senem 50 ýaşyňda. Otyrsyň... dünýäde näme stimulyň bar ýaşamaga? Näme motiwasiýaň? Näme üçin? Näme gyzyk?
Meni taşlap gitjek çagalar bir duşmasyn Allajan
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

dushmaz, gaygy etme :) senin

dushmaz, gaygy etme :) senin chagalan sen yanynda ta sen ozun kowynchan ayrylmaz :)

Menden gaçyp gitmekleri

Menden gaçyp gitmekleri mümkin köp başlyk bolsam :D
Ýöne dozany bilip, psiholog bolmak her garra başardanok. Eger olar şony başarmasa, çagalary şony başarmaly. Başga alaç ýokda
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Yokardakylan hemmesinde

Yokardakylan hemmesinde Bayrama 100% goshulyan, ene-atanyn yeke ozlerini yashatmaly dal...

karz bersen

karz bersen bolar:):):):)
eger uly bolsan göçmeli-maşyn aljak-çagama horaz süyji aljak - gelnime name aljak diyip gayta kakamdan pul alaymasan
uly bolsan kyn tarapy senden kiçi oglan jigilen toyy sen boynuna bolyar:(

__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Bizde beyleki milletlere

Bizde beyleki milletlere göra gowy tarapy körpanin ulalanda ene-atama men bakmaly diyen pikir bar, eger maddy yagdayy gowy bolmasa agalary seredip biler ene-atasyna.

Aylyk meselesi gelende, taze işe başlan kişi köp yerlerde birinji aylygyny öyüne, ene-atasayna ugradyarlar.

Ene-atan bilen bile yaşasan aylygyny bermek hökman dalmikan diyyan. Eger alyan aylygym artykmajy bn mana yetyan bolsa onda yaşuly bn maslahatlaşyp bir zatlar ederin.

***MENZİL***

Bizde beyleki milletlere

Bizde beyleki milletlere göra gowy tarapy körpanin ulalanda ene-atama men bakmaly diyen pikir bar, eger maddy yagdayy gowy bolmasa agalary seredip biler ene-atasyna.

Aylyk meselesi gelende, taze işe başlan kişi köp yerlerde birinji aylygyny öyüne, ene-atasayna ugradyarlar.

Ene-atan bilen bile yaşasan aylygyny bermek hökman dalmikan diyyan. Eger alyan aylygym artykmajy bn mana yetyan bolsa onda yaşuly bn maslahatlaşyp bir zatlar ederin.

***MENZİL***