Sizin pikirinizche shu yil Chempionlaryn Ligasynda kim chempion bolar?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
Manchester United
28% (21 votes)
Barcelona
18% (14 votes)
Chelsea
18% (14 votes)
Liverpool
8% (6 votes)
Arsenal
4% (3 votes)
Fenerbahce
24% (18 votes)
Roma
0% (0 votes)
Shalke04
0% (0 votes)
Jemi 76 ses berildi

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Chempionlaryn ligasynda

Chempionlaryn ligasynda charek finala yetdik we yokarda sanalan sekiz topar galdy.Charek final dushushuklary sheyle:

Arsenal-Liverpool
Roma-M.United
Shalke-Barcelona
Fenerbahce-Chelsea

yarym final dushushuklary hem sheyle:
Arsenal/Liverpool-Fenerbahce/Chelsea
Shalke/Barselona-Roma/M.United

Her toparyn oz ayratynlyklary bar.Toparlar barada gysgacha review etmage rugsat berin:

Manchester United-gaty chalt,dinamichnyi,her sekuntda name boljagy belli bolmayan oyun oynayarlar.Bu yil gaty guychli we kop kishi uchin birinji favorit.Aralarynda hemman hayran galyan,dunyan in gowy oyunchylarynyn biri bar.O barada sheyle diyesin gelyar:"promchalsa mimo zashitnika,kak poezd mimo nishego".
Barcelona-bu yil kan bir gowy oynanoklar,esasy sebabem trawmalanan oyunchylaryn kopligi we uzak wagtlap doly birinji sostawyn biri-biri bilen oynamanlygy.Uzuk-uzuk oynayarlar.Barcelonan guychli tarapy-toparda hasaba tasir edip biljek oyuchylaryn kopligi.Ronaldinho,Messi,Eto'o,Deco,Henry,Xavi...yazdykcha agzyn suwaryar.Aralarynda Ayratyn Messini bellap gechmesek bolmaz,yone ol hem trawma sebapli charek finalda oynamaz.
Chelsea-sostavy boyuncha in guychli we in gymmat topar.Derwezeden bashlap hujumcha chenli iki sany chempionluga oynap biljek topar chykarmak mumkin.Goragy birinji planda tutyarlar we bu yil chempionlar ligasynda bary yogy derwezelerinde iki gol gorduler.Chelsiden bu yil name garashjagyny bilip bolanok,kawagt gaty gowy oynayarlar,kawagt name bulayanlary belli dal.Sonky dowur Ballack-Lampard ikisi biri-biri bilen onli-arkaly gowy oynap bashladylar we bu topar uchin uly pyus.Esasy oyunchylary:Terry,Lampard,Drogba.
Leverpool-Yevropada her topary ansatlyk bilen yenip bilyan topar.Topary hemme taraplayin chalt we guychli.Premier ligadan biraz uzakda galdylar shon uchin bu yil hem bar guyjuni chempionlaryn ligasyna bererler.Bashlaryndada name etjegi belli dal Benitez bar.Toparyn esasy oyunchylary:geniy Gerard we babek yuzli Torres.Edil shu gunki gun men pikirimche Torres-dunyan in gowy hujumchisi.
Arsenal-Arsen Wengerin ogrenjileri biri-biri bilen gozuni achmany paslashyarlar.Mehanizmin hemme zapchastlary duzuw we uznuksiz ishleyar.Disciplina in yokary derejede.Topar yash,dinamichnyi, energichnyi we garadan-gaytmaz oyunchylardan duzulen.Toparyn esasy oyunchysy-yash vunderkin Fabregas.
Toparyn ejiz tarapy-kawagt goragda yalnyshlyk goyberyarler.
Fenerbahce-menin on turkiyede indi bolsa yevropadada:) tutyan toparym.Yokardaky sekiz toparyn arasynda baylygy we abrayi in pes topar,emma oyunchylaryn mundan habary yok bolmana chemeli.Topar charek finala her dushushukda sonky demine chenli soweship geldi.Bedenleri shramdan doly we topar sonuna chenli gitmekchi.Toparyn guychli taraplary:Ynam,yhlas,garadan gaytmazlyk we drujnyi futbol.Minuslary:sostav yokardaky toparlara gora hemme taraplayin pes.Goragda kop yalnyshyarlar.In esasy oyunchysy-GenerAlex.
Roma-komandnyi futboly bir kemsiz oynayan yene bir topar.Italiyada Interin yzynda chempionlugy kowalayar.Her dushushugy bashda garshydashy durdurmak,son bolsa urmak plany bilen chykyarlar.Toparyn guychli tarapy her italian toparynky yalak gaty gorag we chalt kontr-ataka.Bellemeli adam-toparyn beyni,yuregi we kapitany Totti.
Shalke-chynymy aytsam,anhili topardygyny bilemok.Az gol atyp az iyyan topar bolmaly.Eshidishime gora yash derwezewanlary Neuer uytgeshik guychlimishin.

men-a boldum,indi sizin gezeginiz.

Fener yirtilman sypsa kayil gelsin

Sel_MagnificoX

MU gonna be CL. winner......

:))

:))

YOK YA

Kimin yyrtylanyny görjek bolsan youtubedan Fener Deividin müthiş golü diyip gözle Çelsinin DEWYATKASYNY YYRTAN Deividin udaryny dörersin
_________________
**FENER FOREVER**

Men Barselonanyň

Men Barselonanyň janköýeri we şoň üçin "elbetde Barsa" diýäýesim gelip dur.
Ýöne ýagdaýa obýektiw seretsek, şu sezon we geçen sezonyňam köp bölegi 2-3 sany baş roldaky oýunçylar, ýyldyzlar öz derejesinden oýnaýalar.
Henry geldi we absolýut "flop" boldy, häli-şindi gowy oýunçydygyny ýatladaýmasa, Barsanyň topar oýnuna goşulyp bilenok. Dribliňi diňe tizlikde we ol tizliginem garrap/trawmalar(şikes?) sebäpli ýitiripdir.
Ronaldinho eýýäm köp wagt bäri öňküsi ýaly däl, diňe soňky 2-3 oýunda gowulaşdy, entägem ýöne saz däl.
Deko hem eýýäm 2 sezon ýaly boldy gowy oýnamaýany.
Barsa şu wagt ilki bilen Messi, soňam EtoO(olam köp wagtlap ýatdy), Xavi we Iniesta ýaly oýunçylara bagly. Gaty gynanýan. Dünýäniň iň talantly topary, ýöne işlänok.
Bojan hem Henryden gowy oýnaýa, öňünde oýnamaly.
Ýöne Barsa barada bulary aýtsamam, gowy oýnan oýunlaryny gaty gowy oýnaýalar. Men köp seredýän Barsaň oýunlaryny. We şu wagtky galan komandalaryň arasynda ýene iň güýçlilerinden. Hatda ManU bilen bir hatarda faworit meň gözümde.
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Men shu yil Barcelonany kan

Men shu yil Barcelonany kan dal iki uch sanak oyununy gordum we menin pikirimche problema Deco,Ronaldinho yada Henryde dal.problema barselonan ozunde.Toparda arkadashlyk we hyrs yok.Henry voobshe toparyn bir bolegi dalde,son goshulan bir zapchast yalak.Pahyrjyk chetrakde zashitniklerin liniyasynda dur garashyp hachan pas bererler diyip we chynymy aytsam yuregim awayar yagdayina.Sebabi achyk wagtyn pas bermeseler agyr degyar.Barcelona asyl iki pasda derwezan onune gelyan topar dal.Henrinin reportajynda "barselona gaty yuwash oynayar"-diyip zeyrenyadi.
Barselonan elinde ynanmasy kyn dream team bar.Yagdayi duzeltmek uchin men pikirimche yeke yol treneri chalshmak.Scolari,Ericson yada Luis van Gaal gowy onarar oydyan topary.

Men Barselonanyň

Men Barselonanyň oýunlarynyň köpüsini iki sezon bäri görüp gelýän. Geçen ýyl problema nämededi? Şu ýyl nämede?
Soraglar açyk ýatyr, ýöne her dürli teoriýalar öňe sürüldi. Meniň pikirimçe, biri gaty logiki gelýär. Olam belli bir oýunçylaryň "doýmagy". Olar iki ýylda dünýäň bar alyp bolýan medallaryny aldylar, motiwasiýa gutardy we öçdi Ronaldinhoda we Dekuda. Olar bolsa Barselonanyň birinji ýyldyzlary, top şolara gidýädi.
Barselona bu ýyl gowy goragçylary aldylar we goraglary has güýçli. Ýöne köpüsinde motiwasiýa beýik däl. Toure gaty oňat oýanaý, Zambrotta bilen Abidal, Milito hem gowy oýnaýalar. Ýöne atakadaky ýyldyzlar doýan. EtoO doýana meňzänok, ýöne ol geçen sezonam belli wagt trawmalydy, bu sezonam ilkä 3-4 aý trawma bilen ýatdy, soňam Afrikaň kubogyna gitdi. Indem oň üçin sezon täze başlaýan ýaly.
Entägem aç bolup oýnaýan 2-3 oýunçylar ýaşlar, Iniesta we Messi, onsoňam Bojan. Dos Santosyň derejesi beýle gowy däl.
Henry öňem doýan oýunçy. Arsenalda soňky sezonyny edil Barselonadaky ýaly, belki sähel gowy geçiripdi. Arsenalda ol birinji rolda, toplar diňe şoňa görä, komanda şoň oýnuna görä. Barsada elbetde beýle bolmaz! Näme, bir sanjak Henry geldi diýip Barsa Arsenal ýaly oýnarmy?! Ýok. BArsa Henry ýaly oýunçynyň 100 sanysyny, ondan köpüsini gören.
Onsoňam, sähel sagat EtoO hem Barsaň atakasynda Henryden 10-100 esse gowy oýnaýa. Dribliň we komanda oýny ýoga ol çagada. Ispaniýada diňe tizlik bilen alan ýok, oň tizligem kän ýok. Onuň bar driblingi pökgini öňe depmek we ozmak...
Fernando Torresem gowy oýnap bilenokdy Ispaniýada. Tizlik Angliýada gowy.
Garaz, arkadashlyk barada köp gep bar inetde. Bilemok nä dereje dogry. Ýöne häzirki Ronaldinho mundan 3 ýyl öňkiniň onda biriçe däl, häzirki Deko mundan 3 ýyl öňkiniň 100de biriçe däl ýaly, häzirki Henry mundan 3 ýyl öňkä meňzänogam.
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

A ispaniyada tiz oynayan

A ispaniyada tiz oynayan komandalar yenilyami?Tizlik hemme yerde gowy. Eto'o,Messi,Ronaldinho hem tizligi bilen alyalar koplench.Senin pikirinche Eto'o gowy, menin(dine meninem daldir) pikrimche Henry gowy.Barselonada Henrinin gowy oynamayanlygy hich zat anladanok,prosto komanda bilen slitsa edip bilmedi.Gowy oyunchydygyny bilmek uchin in barkisi Celtige atan goluny goraymeli...
Torres ispaniyada gowy oynanokdy diyipsin,emma Torres yash bolmagyna garamazdan Atletiko yaly chempionluga oynamayan klubda her yil 15-den kop gol atyady.Yalnyshmasam Atletiko taryhynyn in yash kapitany bolupdy.Zaten liverpoolam "Torres chalt,angliyada gowy oynar"-diyip alyp goyberen daldirler,bilyandirler birzatlar.Has dogrusy her kim bilyadi torresin gowy futbolistdygyny.

Henry

Henry woobşe diňe Arsenalda gowy oýnady. Çempionlar Ligasynda gowy oýnamady hiç haçanam, diňe super biderek komandalara garşy. Ol kontinental stile bolanoga tekiz.
Ýuwentusda biderekdi.
Fransiýa üçin oýnanda hiç haçanam Arsenaldaky oýnaýşyny görkezmedi.
Indem Barsa...
Menä alanlarynda gynanypdym. Ondan ýaş hyrsly Torresi ýa Wilýany almalydylar
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Henrynyn gowy oyunchymy ya

Henrynyn gowy oyunchymy ya daldigini tartyshmak gelshiksiz bolarmyka diyyan.Dine Arsenalda gowy oynan bolsada eden zatlary belli.Altyn ayakgap,nache gezek premier liganyn in gowy oyunchusy,etc aldy,gowy oyunchy garaz.Fransiyada gowy oynamady diyipdirsin,emma fransiyan taryhynda in kop gol atan oyunchy hem Henry.Fransiyan yigyndysynda Dunyan we Yevropan chempiony boldular.Senin aydyshynyn tersine Henride dribling,komandnyi oyun we tizlik bar gaytam.Hawa,belki barselona Willany yada Torresi alsa has gowy bolardy,emma sho wagt logicheski pikirlensen Henry hemme taraplayin has gowydy.

Bolya, bu tema Anri barada

Bolya, bu tema Anri barada dal. Ayry tema achsan jedellesheris.
PS Barca yene-de yenip bilmedi...
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Beýleki toparlar barada

Beýleki toparlar barada gysgarak pikirlerim.
Şalke - patologyna ýetdi. 99% mundan aňry gitmez.
Fener - ýokaryk seret. 70% mundan aňary gitmez, sebäbi Çelsiniň goragçylary gaty güýçli. Atakasam erbet däl.
Roma - ManU Ýewropada edil Angliýadaky oýnuny kän görkezip bilenok ýyllar boýy. Ýewropada käwagt gowşak oýnaýalar. Roma şu wagt gowy ýagdaýda, Realy iki gezek ýeňdiler, Interi tas ýeňýädiler we ondan gowy oýnadylar, Milanam täzelikde ýeňdiler. ManUdan ejizem bolsalar, mümkinçilik berýän. 60% mundan aňary gitmezler ýöne.
Arsenal - Arsenalam hiç haçan Ýewropada Angliýadaky oýnuny görkezip bilen komanda däl. Diňe käbir matçlarda görkezäýmese, oýunlarynyň hiliniň tapawudy duýulýa. Men Arsenaly köp gördüm bu ýyl. Ýöne bularyň bagty çüwdi, sebäbi olar iňlis komandalaryna garşy gowy oýnaýalar we Liwerpulam köp gezek ýeňdiler soňky 10 ýyllykda. Häzir Angliýada biderek oýnaýalar. Wan Persi, Adebayor, Hleb we esasan Fabregas has gowy oýnamasalar, geçmezler. 50%
Liwerpul - häzir ýanyp durlar. Men Angliýada esasan Liwerpuly, soň Arsenaly halaýan. Ýöne Liwerpul iňlisleriň güýçli komandalaryna garşy gowy oýnanok, Benitez beýleki Ýewropaň güýçlilerini has aňsat ýeňýä. Şonda-da häzirki oýunlary Arsenaldan gowy, Torresem Angliýaň iň gowy hüjümçisi, belki dünýäň. 50%
ManU - öz güýjüni görkezseler uçup geçmeli. Ýöne Ýewropada bular seýrek öz güýjüni görkezýäler. Taktikalary Ýewropa üçin gaty biderek. Şoň üçin 60%
Çelsi - bu ýyl kän ugurlary ýok. Mourinhodan soň taktikalary ejizledi. Ýöne entägem gaty biderek garşydaş, şuň ýaly, Liwerpul ýaly komandalar beýleki komandalar üçin uly kynçylyk. Onsoňam bularyň bagty çüwdi Fener bilen. 70% geçer
Barsa - 99% geçmeli. Nemes komandalary ýeňil bolýa Barsa üçin.

-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Finalda

Finalda Liwerpul/Arsenal-Barselona oýnar.
Has takygy, Liwerpul-Barselona.
Ýeňiji Barsa.
Iň gowy oýunçy Messi ýa Iniesta ýa Xavi
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Barca

Barca bilen Man U faworit.Liverpoolam bet oynaya Champions League-de. Men a Barcelonan utmagyny isleyan. La ligadan a umydym az :D. Yone plan diyp bolmaz. Fenerbahche yarym finala chyksa begenerdim, yone beyle bolmazmyka diyyan. Barsa Shalke-ni utsa yarym finalda Manchester (Eger Manchester Romany utsa) bilen dususmaly bolya. Mancester bilen Barsa gyzykly oyun bolar. Men a olary finalda goresim gelyadi, yone yarym finalam bolsa gyzykly bor ;)

Milan a da nebsim agyrya, pahyrlar 2 oynam 10 adam bilen oynadylar:D.

Where is Hereket, There is Bereket!

Real we Barsa

Barsaň häzirki ýagdaýy Realyň Figo, Ronaldo we Zidanely döwürlerini ýada salýa. At köp, hyrs ýok. Hemmesi hemme zady ýeňen adamlar...
Lui Wan Gala men garşy. Ol Figoly, Kluiwertli, Riwaldoly, Owermarsly Barselonany bulam bujar edip, Ispaniýada 8-10njy ýerlere düşüripdi geçen gezek. Hatda şondan soň Bekham hem Barsa geçmejegini aýdyp, Reala geçipdi.
Rijkaard galsa galsyn, azyndan futboly owadan Barsanyň. Bolmasa-da... Wenger ýa ýene birini almaly
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

men in uly favorotim Barca.

men in uly favorotim Barca. her nache gowy oynamasalar hem. eylekiden hem Liverpool gelermika diyyan. Belkem Chelsea. oz yurekden tutyan komandam konechno Fener, yone yarym finala chykmagyny kan sheyle bir islap baramok. Son yene-de bir 8-0 priklyucheniya bolar oydup gorkyan :-D Chelase gechip biljek guycleri bar, gaty motivated bolsalar. basga shekilde shanslary gaty az. R.Carlos yetishse Edu yene bir bulagaylyk etmese ...vs...
Man U gowy oynayar yone yarym finalde Barca'ny gechip biler oydemok. Hemme zat gowy oynamak'da dal-a. Barca sonky sapar alanda kubogy Messi yokdy dalmi name?! bu sapar bolmazlygy elbetde uly minus yone onsuzam Barca'da "motivated" bolan wagtlary onunde DAG dursun.

men favoridim fener.

men favoridim fener. :)
chelsea güyçlidir welin, name boljagy belli dal, hemme zat 180 minuda bagly zat.
şon üçin, fenerin hiç şansy yok diyip bolmaz.
_________________________________________
Söygü üçin, janyndan geçmek-söygünden geçmekdir!

Barcelona kop ses berlipdir,

Barcelona kop ses berlipdir, tutyan kop oydyan :)
Menem dine Ronaldinho ucin tutyan shony :)

fener jan fener jan jan

fener jan fener jan jan fener jan jan jan... aaauuuu... fener..

----------------------------------------------------
Başa iş düşende hasratam gerek!
Yöne olam gerek öz çeni bilen!
Öz ilin hasratyn çekenin daldir,
Öz derdine aglap geçenin bilen!

netijeler belli boldumay?

netijeler belli boldumay? Yazinsana bilyan bar bolsa..:)

entak oynalanoga,sen namani

entak oynalanoga,sen namani sorayan?
chempion mayda belli bolyar.

FENERBAHÇE

Eger Fenerbahçe çelsini yenayse onda liverpul ya da Arsenal bilen oynaşar eger onam yenayse çempiyon. bu toparlary yenmegi başaran topar çempiyondyr.
________________
**FENER FOREVER**

MAÇ

Fener kesın yener mençe,çelsın napadayuşılerı govy velın yöne şonda-da önkı güyjı yok,emma fener bu yyl baya güçlendı,koneçno Aurelyonyn ve Alexın payy bar munda,beylekı Kezban dagyda govy oynaya.Çempıona gelırsek Barselona mence,MU erbet dal güçlı,lıverpool,çelsı-de govy oynar yöne olardanda çempıon çykmaz.Roma dagy otpadayet srazu.Men Fenerın fanatyym emma,realıst bolalym Barselonadan galya eh görelım nam boljagyny hayyrlysy.......

Fener'liler hiyalynam gurup

Fener'liler hiyalynam gurup oturmasyn :)
Gelin shu blog'da "bet" edelin kim-kimi haysy hasap bilen yenyar...

Chelsea 3-1 Fener
Fener 1-1 Chelsea

gowy pikir

gowy pikir, aslynda hemme komandalarynkyny yazmali..
son kiminki yakin bolayr gorelin..
ozem nache adam gatnashsa sholar in yakininka hersi bir telpek bermeli edelin, gyzykla bolardy:))
men sonurrak gelemde guess ederin..

Abi geçmiş olsun

Diymek hyyalynam gurmaly şeylemi DEİVİDin ol goluny görüp nadip beydip bileyin Wolkanyn ol duruşy bilen nadip beydeyin Alexin Kazymyn Aureliyon Kezmanyn Semihin Zikon ol oyuny bilen nadip muny diyip bildiney. Çelsi Kadyköyde 1 gol hem urup bilman gitdi. Drogba naçe gezek bire bir çykdy (Ne demişti Alpay Bekhama BURASI KADIKÖY KAÇ KERE VURSAN BİLE ATAMAZSIN)
_________________
**FENER FOREVER**

beh.. gaty bet fanat

beh.. gaty bet fanat ekeninay dost!:)

Panlamasana Fenerli,

Panlamasana Fenerli, gorayeris entak FEner'in name bok iyjekdigini, 1 gezek utdylar diyip yere goge sygdyrmadynlay olary...Yokarda gozuni ulyrak edip achsan Fener 1-1 Chelsea goyanymy gorersin, gaty dashda dal hakyky hasapdan, Feneri indi Chelsea'nyn oyunde goreli...

P.S. Men Chelsea'nyn jankoyeri dal, yone FEnerlilerin sheyle pan geplerindenem bizar, rising sun'myshyn...Biderek gurrunler, suyrenip-suyrenip zordan utdylar penalti'de Sevilla'nam, yene-de panla diysen...

bu yil fenerin in ezyet

bu yil fenerin in ezyet çeken yeri öz özüne gol atmak boldy. şu yagdaylar bolmadyk bolsa şu vagtki derejesine has arkayin yeterdi. çelsini elemane de has şansi kop bolardy.
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

gerchek betting siteler

gerchek betting siteler fenerin chempion bolmagyna 1-e 41 beryarler.
chyny bilen ynanyan bar bolsa goyaysin 10 dollary...

ps.utandan sonam ismarlasyn:)

Arsenal chempion bolyar! AC

Arsenal chempion bolyar! AC Milan'a yendi, name Liverpool'y hem yense bolar durarda.
Man U. Chempion bolmagy has hakykata yakyn. Ronaldo hemme zady etyar diyen yali. Bir mahalky Barcelona menzeyar
Barcelona: Shu yil arassa sachmalady. Henry'ni alyp yalnishlik etdikleri. Eger oz oynayan yerinde oynatmasalar. Onsonam, Henry bilen dine Wenger normalnyi dushunushup bilyardi. Monaco'dada, Arsenal'dada. Juventus'da 1 sezon oynap-oynaman gaydipdi. Barca'nyn yagdayi hem uytgeshik dal.
Chelsea: 1 gram islegleri yok diyen yali. Mumkin Kalu, ya-da Joe Cole'un komekleri bilen yenmekleri mumkin. Galanlary 1 zat diysen gachjak yali bolshup yorler.
Fener: Greece Euro 2004'de chempion bolupdy.
Schalke: Hasaptan pozaymaly
Roma: Shu yil shularyn oynayshyna hayran galyan. Real'y yendiler, Man U'danam gechen yilki arlaryny almak uchin tayyarlanyp yorendirler oza
Liverpool: Bilmedimda. Mumkin yene'de chempion bolar.

barcelona duyn olen valencia

barcelona duyn olen valencia yenildi we kubokdan gaytdy.son dowur shalke surpiz edip diyip pikirlenip bashladym:D

ey vayey

Men bır düzedış gırızmek ısleyan ,o öndekı yazymda "fener kesın yener "dıyıp başladym o Çelsı konusunda dıydım ony , çempıonatda kuba Barselonada boljak öytyan.

(No subject)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Tagan 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella! :D:D"

Adamlar taýyn boluň! Şu

Adamlar taýyn boluň!
Şu gün we ertir oýunlar bar.
Gijäňizem rahat bolsun!
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Mes Que Un Club

Men ucin Barselona favorit. (Sonky oyunlary bu sozleme garshy gelya :D). Betisden utulanson men a gorkubam bashladym, Schalke Barsany utaymasyn diyp. Ay goreris da, men a Barsa balet edyan.
Men pikirimce ya barca ya da man.u chempion bomyka diyyan.

Fenerbahchanem oynyny goresim gelya,IStanbulda utarmyka diyyan. Yone Chelsea'ny utmak ucin olara luck gerekmika diyyan ;)

Where is Hereket, There is Bereket!

Chelsea

"Come on Chelsea"

HELL

FENERBAHCE:RİSİNG SUN OVER EUROPE
________________
**FENER FOREVER**

Ohoooooo...MU'nyn goluny

Oyunlar sag aman gutardy, syurpriz yok bu guna...
Roma 0-2 Manchester U. (39:C.Ronaldo, 66:Rooney)

Schalke 0-1 Barcelona (11: Krkic)

C.Ronaldo'nun 88-nji minutlarda sypdyran golyna gynandymlay, gaty owadan boljakdy giren bolsa. Roma 2-nji yarymda hachan gorsen garshy tarapyn boleginde bolsa-da, derwezan yanynda eden ishleri bolmady, Ferdinand dagy bugun maladesdiler..

bah ikisem myhmanchylykda utupdyrda..

bah ikisem myhmanchylykda utupdyrda.. ay hawa yenede uytgeshik zat yok.. bolup biljek zat..

Manchester-Barcelona

Shu ikisinin haysam bolsa biri chempion bomyka diyyan. Shu oyyn gyzykly bolar (Eger syurpriz bolup Barca hemem Man.u ozoylerinde utulmasalar)

Barcelona-Manchester final yaly oyun, eger finalda dushushan bolsadylar hasam gyzykly bolardy.

Where is Hereket, There is Bereket!

liverpool-y yatdan çykarma

liverpool-y yatdan çykarma how olam betdir
men pikirima liverpool MU oynar we MU yenermika diyyan olam penalty bn..
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Liverpool

Dogry aydyan, Liverpool gowy komanda. Esasanam Champion's League-da Liverpool gowy oynaya. Gechen yyl Barcelonany utupdy Nou Camp-da.

Where is Hereket, There is Bereket!

repa turkemenler oynamayamy

repa turkemenler oynamayamy

:)))) Ahhh selbishka,

:))))
Ahhh selbishka, guldurip samsyk etjekda sen meni :D

name samsyk boldungmy yone

name samsyk boldungmy yone soradym dogrymy aytyan HTTU kamanda gowy oynayara

Degisyanle

Degisyanle menem...
Chempionlaryn ligasyna Yevropan toparlary gatnasyar, HTTU dagy bolsa bizinki, azia tarapa degisli, biz hemmesini utsagam bu yarysha gatnashyp bilemzok(100-200 yildan dagy utaymasak :D)

Yone MU edil WOW diydirip

Yone MU edil WOW diydirip oynamadylay duyn, mundan esse esse govy oynan yerlerem boldy, Rooney dagy Ronaldo'nyn oni achyk yagdayda beren topunam dashary atyp goyberdi, onkusi yaly hitay chozan yaly edip ataka etmediler birhili...Garaz, birhilirakdi oyunlary, utdylaram welin, yene-de omuryp utmadylar, goraga has kop aksent berildi.. Mena 1:0'dan son Roma'nynam 1 gol atmagyny isledim, sheyle bolan bolsa has gyzykly bolardy oyun...

Ayıp ya

Ay myhmançylykda name 0-2 hem gowy skor. Eyse name Romany geçen yylky yaly edip 7-1 yensinmi öz öyünde. Onda dagy Roma taraftary diri çykarmaz MU-y.
_________________
**FENER FOREVER**

MU'nyn jankoyerleri

MU'nyn jankoyerleri Roma'nynkyny edil enesinden doganyna pushman etdirmeyarmi, Anglian huliganlary Italyanlardan yenilen yerini yatlatsana sen beyle diyenine gora...

bu italyadaky oyun barada

bu italyadaky oyun barada aytya.italyada 2-3 mun sany inlis huliganlary name edip biler oytyan.

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

MU'nyn jankoyerleri

MU'nyn jankoyerleri toparlaryny 2-3 mun adam bilen goymazlar Italia yaly yakyn yurt'da, indiki oyunda uns berde goray stadionda nache gyzyl-agyn bardygyna. Bu owarram, yone sen Italia'nyn adaty bolelshiklerini, inlislerin Huliganlary bilen deneshdirme, olaryn kopusi barmaklarynam batyrmazlar, dashdan seredip durarlar urysh bolayanda-da, batyranjalar bilenem MU'nyn tarapdarlary chozulisher...

in erbet jankoyerlera

in erbet jankoyerlera İtalyanlanki diyip bilyadim, yalnişmayan bolsam...
tersine inlislerem in jentlmen jankoyerler dalmay
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

"Tarihinde bir mazi yatar,

"Tarihinde bir mazi yatar, yasha Fenerbahce!"

Men GS li welin, FB gutlayan, hich yenilmedi shu yyl Stambuldaky oyunlarynda. Inter, Sevilla, Chelsea hemmesini yendi. Yone 2:1 yensede Chelsea-ni, turu gechip bilerlermyka bilmedim, gecsede yene penaltylarda yada 90njy minutlarda gol gecirip yener. Turk komandalry(milli komandasy hem) elmydama shonun yaly in sonunda zordan belli bolyar name boljagy...

Men iki oýny gördüm,

Men iki oýny gördüm, Şalke-Barsa we Fener-Çelsi.
Ikisinde-de has güýçli komandalar gaty arkaýyn, trenirowkada ýaly oýnadylar. Ýöne derejeleriniň tapawudy görnüp durdy. Eger Çelsi serýezno oýnan bolsady, esasanam atakada paslaşyp, 30 metrden depmän, onda Feneri gaty erbet ederdi.
Barsa hem gol salansoň, arkaýynjak paslaşyp geziberdiler.
Şonda-da Feneri gutlaýan. Ýeňer öýtmändim
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Fener'in oynuny dine

Fener'in oynuny dine arasynda 1 "jyklap" gordum, Arsenal-Liverpool'y doly gordum...
Oyun aram-aram hereketsiz galsa-da, umuman erbet daldi..Yone Arsenal biraz shanssyzragam boldumy namemi, Hleb'i Kuyt yiksa-da penalty berilmedi, derweza girmegine yarym metr galan topy oz adamlary ayagyna cholashdyryp chykaryar....Yone Tores gowy oynamady bu oyunda, 1'je gezek derweza urdy, aldap edip alyp-chykybam barmady, men bolsama 1-nji yarymdan son ony oynatmazdym, keypsiz guni yalydy...Crouch'yn yokdygyna-da jalko, M.City'ye 1 gitmesedi..

Deivid'in atan 2-nji goly owadan ekeni.

urra fener yendi:) hiç gol

urra fener yendi:)

hiç gol geçirmedi, dine özüninkini geçirdi:))

basşda şok.dadym yone son gowulaşdym:) yenenlerinde hem oran begendim:)

mena futbola dushunemok dine

mena futbola dushunemok
dine ronaldinany bilyan birem braziling gowy oynayany bilyan

gynanma selbi ine indiki yyl

gynanma selbi
ine indiki yyl Merw komandosy gatnaşjakmyş şonda görersin ronaldinhonam kakanam:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

merwde muslim agayew diyip

merwde muslim agayew diyip bir gowy oyunchy bar oytyan.

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

uzak gun aglayanda

uzak gun aglayanda turkmenler gornenok diyip
uf shu turkemenlering oglanlary passiw gaty myllyk shu wagt gyzlaryng kamandysy bolsa gyzlar shu wagt turkmenistan dunya chempionatynda birinji bordy

ay shu gunler "bosh" sozuni

ay shu gunler "bosh" sozuni yaman gowy goryan-ay :))

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: ":D"

Fener cozdu... Gaty gowy

Fener cozdu...

Gaty gowy macty

Gyzyklydy

Fener cozdu... Gaty gowy

Fener cozdu...

Gaty gowy macty

Gyzyklydy

Turkmenistan

Turkmenistan

Her horoz kendi çöplüğünde öter

*************WELCOME********************
**************Stamford Bridge***********

her yerde "içi-yananlar"

her yerde "içi-yananlar" (yada gödek dilde "göti bişenler") topary çykyarda..
Fener yendi, oyun gutardy. Çelsi yaly uly topary yenip bildi. Gayrat edip, sylamagy hem öwrenayin-da.
Oyun barada:
Wratar Volkan yaman gowy oynady, 2-0 dagy bolan bolsa, sonky 2 goly geçirip bilmezligimiz mumkindi.
Anyrda, Carlos, we sagda oynayan Gökhan Gönül hem oynayar, Ugur Boral bu oyunda oynap bilmedi, emma geçen Sevilla oyunlarynda gowy çykyş edipdi, 3si hem,
Enşalla anyrda awariya bolmaz we tury geçeris.
Fener köplenç gol geçirmegi bilyan komanda, anyrda 1ini geçirsek, Çelsinin zorlarys..

_________________________________________
Söygü üçin, janyndan geçmek-söygünden geçmekdir!

Tipichniy Fenerli'nin aytjak

Tipichniy Fenerli'nin aytjak geplerida Myrat...
Sizin ozuniz panlamanyzy goyanzok, onson ile diyyaniz
"siz bahyl", eyle, beyle. Senem, bizem bilyas oz oyunde
yenmegin o diyen "Woww" diyiljek zat daldigini, Besiktas
name Liverpool'y 2:1 yenmanmidi oz oyunde ?? Eee, anyrda
name b*k iydi ?? 8:0...Garaz, hormat diyilyan zat 1 ustunlik
gazanylanda dalde, ol ustunlik dovam etdirilende goyulyan bolmaly. Fener gidip Chelsea'ni oz oyunde-de yensin, onda ona oyuny uchin hormat goyular, yone shona chenli aydyan bar "dovyar, yirtyar" yaly gepleriniz dine pan'ladygynyz bolar...

men nirde panladym??

men nirde panladym?? "yyrtyar" sözüni hiç yerde hem ulanamok.
herkim şol oyunda çelsi yener diyip garaşyardy, yagny logika göra şeyle bolmalydy.
emma bolmady. we fener yendi.
Fenere berekella diymeli edil şu yerde.
(sebabi Fenere üçin aslynda şol öz öyünde yenmek hem köp görülyar)

_________________________________________
Söygü üçin, janyndan geçmek-söygünden geçmekdir!

Panlaman, adam shekilli

Panlaman, adam shekilli begenip bilyan bolsanyz, onda name uchin bardakilere ichi-yanan adamlar sozuni gelishdiryan ?? Adamlaryn ichi Fener'in utany uchin yanyamy ?? Nahili logika bu ?? Fener utanmys, gep gutaranmys...CL'de oyun 90 min dal, minimum 180 min, shu 180 min'den son kimin "utany" belli bolar.
Yokarda men meselem Fener 1-1 Chelsea diyip oz oyunde, sebabi oz oyunde utmak ahtimallygy az daldi olar yaly jankoyer we oyunchy bilen, muna herkimem dusunyar(futbol goryan bolsa dusunmeli in azyndan).

Galtamanjan nama icimiz

Galtamanjan nama icimiz yansyn-ay :)), begenyas bizem gayta... yone, yokarda-da aydyshym yaly, owende "suwuny cykarsalar", elbetde fenerliler ucin suyji gelyandir, yone "gapdaldakylar" ucin biraz bosh gelya...
meselem, sen shu wagt goz onune getirip gor, men rammstein barada blog acyp, ayak aldygyna rammsteiny owup bashlasam, elbetde bir-a Mergen dushuner :) birem ozum, beylekiler ucin hiy gyzygy barmy?

yone shu tayda "ici

yone shu tayda "ici yananlar, goti bishenler" sozun goni mana kakdyrylyp aydylanyna dushundim welin......... bu gun "dukkan senin" :))), diyiber arkayin ;))...
yone bir zadam aydayyn, men turk komandalarynyn birinem tutamok, bisher yaly, tak chto, yokardakyny sen-a yazmadyn, menem gormedim hasap edayeli...

Dogrymy aytsam men ilki

Dogrymy aytsam men ilki türkiya gelenimde topar tutammokdym. son fener bilen beşiktaşy dutup başladym. emma kabir sebaplerden feneri yigrenip başladym we şondan barem feneri halammok. feneri tarapdarlary gaty "fanatik". bulam menin gaharymy getiryar. her kimin öz topary özüne göra gowydyr emma in gowy topar dine menki diymek...
ay bolyada...önümizdaki ikinji gün feneri göreris. chelseama öz öyünde feneri ennere etman goymaz...

ennere-ha edip bilmedi, ozi

ennere-ha edip bilmedi, ozi bolyady tasdan chelsea-nyn welin, menin hem antifenerlik hasiyetim yok daldi TC-de, olam jankoyerlerinin aglabasynyn ozlerini alyp baryshlary we fenerin oyuncylarynyn yerli oyuncylarynyn tasirsizligidi. Hazirem sheylerak, has takygy, antifenerlik yok-da, tasirsiz yerli oyuncylarynyn yoklugyna ya azlygyna gynanyan, aslynda, hemme tc futbol toparlary ucin sheyle.

Yewropada bolsa, ahli tc futbol toparyny tutyan, yense-de, yenilse-de :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Hmm.. Janköyerleri bir

Hmm.. Janköyerleri bir bütin edip alsan onda Fenerinkiler fanatik, Beşiktaşynky edepsiz(terbiyesiz), Galatasarayinkam mübarek(yarsy hajy-hoja) bolmaly :D. Hatda GS-nin mübarekligi şeyle bir gen galdyryar welin, bir inglis komandasy gelende aeroportda önlerinden çykyp "çelsi çelsi" diyip gygyrşyalar, dileglerem şul: "Allajan Fener yenilsin", ynanasym gelenok..

Fenere doga dileg edyan az dal yaly, yogsam haçan eyyam TSL gaydardy :))..

Mena çynymy aytsam Sevilladaky oyunyn penaltylarynda her uruş üçin uzyn bir doga okadym. Kabul bolaydy öydyan :D..

Menin pikirimce Manchester

Menin pikirimce Manchester United yenji bolaymasa .Cunki ertirki sport habarlarynda onun onde baryanyny gordum .:)

Futbolyn o - syny bilenim

Futbolyn o - syny bilenim bari RRREal madridli mena...

işde bir bet yaşuly bar - gaty bet ol- şol mana başda sorapdy haysy komandany tutyan diyipmenem :
-real madriddd
-wahaha mena öz komandamy tutyan:):)

diyip eli bn tutup görkezdi:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

İçinizde fenerliniz bar

İçinizde fenerliniz bar bolsa gaty görmesin!!!

Bugün Chelsea-ni tutyan şonkylyk mena
sebap
geçen hepde Kayseri-fener maçynda fener haksyz yendi!!!
1 penalty haksyzdy,
2. semihin goly offside boldy ... yaman gaharym geldi
ayratynam gollar maçyn sonunda geldi bolmasa Kayseri üweyadi:)
pulunyz kan bolsada Chelsea yetmezzzz
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Liganyn 1-nji yarymyndaky

Liganyn 1-nji yarymyndaky Kayseri- Fener macy Fenerin elinden alynyp Kayseriye berildi. Gecen hepde, tersi boldy. Odeshdik. Eger Fenerin elinden alynan her mac yzyna seyle berilse, Fener, Porto yaly 6 hepde on cempion bolardy.

Fenerin, Chelsea'a yenilenine gynandym. Stambuldaky Chelsea macyny stadiondan seretjekdik. Biletlary dine Fenerbahce Taraftar Kart'y bolanlara satdylar. (Aslynda gaty dogry sistema, yone menin isime yaramady) Kart cykaryp yetismedik, biletlar gutarypdy. 1/2 finala gitmekcidim, bolmady :( Nesip bolsa, indiki yyl.

şu fenerliler name için

şu fenerliler name için barynyz diyen yaly öz komandonyzy beylekilerden üstün göryanizay...
kayseri 1. yarymda menem bardym welin hiçhili sowgat-mowgat görmedim mena...fener şu gezegem ondan önki gezegem kayseri bn oynap bilmedi...kayserin beyle pulam yok maçy alar yaly alsa fener alardy we...kayserin oyunçylary,oyun stili,treneri fenerinkiden gowy--bizin özümizem gowulay kaysera gelen janköyerler ala goh bolşup ilka policeler bn uruşdy sonam setkan beylesindaki kayserililer bn uruşdylar birinina arkasam yyrtyldy gara gan bolup ...
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Ana, bu gunki oyunlaram

Ana, bu gunki oyunlaram gutardy.
Gozuniz aydyn Fenerliler :))

Chelsea 2-0 Fenerbahce

Liverpool 4-2 Arsenal

Men Chelsea-Fenerbahce'ye 3:1 goyupdym, hasaby
yalnyshsamam net goal sany ha tutdy :))

Arsenal sonky minutda atjak bolup, gayta hasaby
betonlashdyrdy...Indiki yil synanysharlarda :)

şu yyllyk şu yeter Fenere,

şu yyllyk şu yeter Fenere, indiki yyl yola dowam ederis-da. :)
Chelsea beterem uly tapawyt bilen oynamady..
we hasap, Londonda normal şeyle yenmegi.
Birazajyk hem bolsa, daşary yurtda türkiye futbolynyn abrayyny galdyrdylar.

_________________________________________
Söygü üçin, janyndan geçmek-söygünden geçmekdir!

Bye bye Fener

Bye Bye Fener....

umuman men-a beter

umuman men-a beter gynanmadym, wobshe gynanmadym diysemem boljak :))... chelseany bu gezegem utayan bolsalar, onda Fenerden gol uranlar nemerak jankoyerler ucin "Living Budda" bolar diyibem gorkym bardy :)), bilip bolmaz :))

Bu gunki oyunlaram oynaldy,

Bu gunki oyunlaram oynaldy, yene-de hich
hili syurprizsiz, gowshaklar yolda galdylar...

Manchester United 1-0 Roma

Barcelona 1-0 Schalke

Yarym finala in guychli 4 topar galdy, Barcelona'dan bashgasy inlis topary, bu yagday mena hasam begendiryar...

turup bilmedim-a:D

turup bilmedim-a:D yone Mergen tmolympe hasaby yazandyr diyip geldim yorite;))

Cheksea-Fener macynyn bilet

Cheksea-Fener macynyn bilet bahasy £350=700$ ekeni fener jankoyerlerinin tarapy ucin. onam tapmak oran kyn diydiler, hatda, onunden alyp, sonam "karaborsa"da satyanlar bar diyip eshitdim, bahasy 1000$-y gecyan ekeni. Ay, onson biz-a miltem etmedik, yone 700$ toweregi berip, bilet alan turkler bardy, sheyle jankoyer bolmaly olar:))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

"Cheaksea" dal ata aga,

"Cheaksea" dal ata aga, CheaLsea..:)

paşyrdama gadyr aga 1 a

paşyrdama gadyr aga 1 a köp o yerde:P
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Hawa, sheyledigini "send"-e

Hawa, sheyledigini "send"-e basan wagtym bildimem welin, "edit"-lemage yaltandym, galyberse-de, onun "Chelsea"-lygy hemme malim-le, men "Cheksea" sen bolsa "CheaLsa" diysenem:)
Anna hakyndan gelipdir-le bolsa-da!
Anna jan, sana-da minnetdarlyk bildiryarin:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hany telpek:) sagbolsuna zat

hany telpek:)
sagbolsuna zat yok agam:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "64 telpege 3 telpek, hmm, al onda :))"

chelsi liverpuldan kop ses

chelsi liverpuldan kop ses alypdyr gen chyndanam.Mourinho'nyn onarmadyk ishini Grant onararmyka?

Indiki hepde shu wagtlar

Indiki hepde shu wagtlar bellisi bolup bashlar :)

Hawa,belli bolup

Hawa,belli bolup bashlar.yone men kime sorasam Liverpul dargadar diyyarler,bizin forumda bolsa tersine:)aslynda menem bir-hili chelsi gecher oydyan.logika gora dal, bir-hili "onsezgi".

Mena Liverpool - Manchester

Mena Liverpool - Manchester finalyny gormek isleyan, shonun uchinem indiki 2-nji gun Liverpool'yn yenmegini isleyan :))

Chemionlar ligasy yarym final oyunlary

Duyn Liverpool bilen Chelsea oynapdyr. Hasap 1-1 boldy. Men ozum a oyny gormedim, sebabi Angliyanyn 4 uly klubynyn arasyndaky oyunlar koplench ichgysgynch bolya (men pikirimce). Iki komanda da yapyk futbol, gaty kontrolly oynayarlar. Hujumden kop goraga uns beryarler. Garaz men halamok, shon uchinem gormedim. Oyundan on kop kishin pikirne gora, Liverpul favorit hasaplanyady. Yone 1nji oyunyn garashylmadyk netijesi Chelseany avtomaticeskiy favorit etdi. (Chelsea Riise-a sagbolsun aydyandyr ;))

Bugun bolsa Barcelona-Manchester bar. Kop adamyn pikirine gora final bolmaly oyun. Barcelona ucin tapawudy yok. oni-sony chempion boljak bolsan in guyclini utmaly. Manchester hazirlikce in guycli hasaplanyar, primer ligada 1nji baryar. Champion's League-da hic utulmady. Komandalan shu wagtky formalaryna seretsen, onda Manchester favorit. Yone bu komandalan oyunlary hemishe gyzykly bolya. Kimin utjagy belli dal.

Men elbetde Barcelonan utmagny isleyan. Messi-den owadan oyna garashyan. Barcelona gowy form-da bolmasa-da Chempionlar ligasynda shu wagta chenli utulmady. Nou Kamp-da utar diyp umyt edyan. Old Trafford-da denbe-den-e garashyan. Barcan utjagna-da ynanyan.Oyun gaty gyzykly bolar diyp pikir edyan.

Where is Hereket, There is Bereket!

Riisen goluny

Riisen goluny gordunizmi?!O_o
men-a islesemem atyp bilmeyan on yalak,nadip atday entagem aklym alanok:)

Yuzuni yere surtup atypdyra

Yuzuni yere surtup atypdyra :)
Menem bashda gollary Kuyt bilen Riise atdy diyenini okap, sonam 1-1 diyseler "Bu nahili bolyaray ?" diyip durdym, kellame-de gelmedi Riise'nin oz derwezesine atan bolup biljegi :)
Duyn'a gorup bilmedim, hany bugun sypdyrmajak bolaly...

degmedik bolsa onsuz hem

degmedik bolsa onsuz hem Anelka saljakdy! In azyndan dashyna chykarjak boldy:D

Arsenal'yn chykandygyna entek hem ynanyp bilemok:(((( haksiz bir penalti berilipdi

Dashyna chykarjak bolman

Dashyna chykarjak bolman dine kellesi bilen chalaja degse-de bolyady, derwezewan 1 metr yanynda durdy, bokup alardy...

Arsenal galsynlay, bu yil shu 4 komanda has govy yagdayda yaly...

howwa lay

owadan salypdyr Riise. Men a hujumcimika diydim :D

Analiz edenlerinda , Riise chepbekey diydiler, shony bahana edyaler ;)

Where is Hereket, There is Bereket!

Barcelan 0-0 M.United

Barcelona 0-0 M.United

Manchester biderek oynady, Barcelona'nyn yarym bolegine barmaklaryn bilen sanaymalyja gezek gitdi, 2-nji minut'daky penalty'nem sypdyrdy Ronaldo...Barca hak edyadi utmany, yone gol atyp bilmediler, gozlerini yandak bilen supursinler :)

Aý ine ManU'nyň

Aý ine ManU'nyň janköýerleri nähili beýik komandadyklaryny bir aýlap aýtsalaram, Ýewropada ÝENE BIR GEZEK gaty biderek oýnadylar. Angliýada awtoritet bolsalaram, gaty ýakymsyz oýnaýalar Ýewropada. Faworit bolmagy hijem başaranoklar. Kiçijik toparlary owadan oýnap ýeňäýmese, Liga Çempionowda tekiz oýun görkezenoklar.
Ine bu gezegem iň bir ýigrenji we ejiz komandalaryň stilinde, 11 adam bolup gorandylar. Belki geçen ýyl Milandan bolşy ýaly 3-0 ýeňilmekden gorkandyrlar...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Hmm

Men oyuny gordum, netijesine gaty gynandym, sebabi Barcelona utmagy hak edyardi. Manchestere bolsa sada soz bilen "shame". Sheydibem bir defensive oynap bomay. Edil shun yaly oyun Russia- England arasynda boldy, shonda da inlislen hemmesem goragcy bolup oynady. Ferdinand Eto'ony gowy tutdy.Barcelona utmalydy. Oyunda Yaya Toure oran gowy oynady,Rijkaardyn yalnyshan yeri Henry-ny irrak salmalydy, sebabi ol Angliyada kan oynan, tejribesi bar, Manchestere de belet. Yone olam oyundan on griplapdir, belki de shon ucin gic oyna girendir. Messi erbet daldi, yone olam doly sagat dal, yanyrak travmadan chykan. Deco gowy oynady, umuman Barcelonan ortadaky oyuncylary gowy, problema goragda, goragcylar agyr(Abidal,Milito),Manchester bolsa chalt oynayar.2nji oyunda shondan gorkyan. Cristiano Ronaldo-dan uytgeshik zada garashamokdym, yykylmaga okde, simulyant, beydeninden adam yaly oynanyn gowymyka diyyan. Messi bilen deneshdirip bolmaya. Messi-de hem tehnika hem tizlik bar. Bu elbetde men pikirim, garashy chykan elbetde tapylar. Kim garshy bolsa, bash ustune yazyberin.

Barcelona gowy oynady posession 65%-e 35%-di. Manchester ataka etmage gorkdy, inlisler italyanlara defensive diyyaler, emma Manchester ozlerinin nahilidiklerini gorkezdi. Barca yekeje yetmeyan zat goldy, gynansamam futbolda in wajyp zadam shol. Netije gerek,oyundan son netije yatda galyar.

Manchesterdaki oyun kyn bolar. Yone Manchester achyk yer goyar, barca hujum etmage gowy shans bolar. Rijkard, onde Messi, Henry, Eto'ony goysa gowy bomyka diyyan. Manchester favorit, shanslar 55%-e 45%-mika diyp pikir edyan. Yone Barca-n utmaga doly shansy bar.

Where is Hereket, There is Bereket!

Chelsea 3-2 Liverpool 90

Chelsea 3-2 Liverpool

90 minut'dan son 1-1 boldy, goshmacha 30 minutda 3 gol atyldy.
Chelsea'nin 1-nji golunda Kalou, 3-nji golunda Anelka offside'de yalydy, iki goly hem Drogba atdy bularyn paslary bilen. 1-nji goly Reina samsyklap goyberdi, menem bilip durdym shol burch'dan dine yakyn kunjege arkayin atyp bolyanyny...

Hyypia Ballack'a fall edip, penalty atdyrmasa gul yalam bolardy belki, yone olam samsykladyda...

Anyway, gechdi indi, Moskwa'da M.United-Chelsea oyunyny gorerisda.

bolsa-da shu chelsea gowi

bolsa-da shu chelsea gowi komanda..:) Men-a shona ses beripdim oydyan..:)

Bah, Tmolympiad'chylar

Bah, Tmolympiad'chylar betow, yokardaky ses berilishikde "M.United-Barcelona" arasyndan MU, Chelsea-Liverpool arasyndan Chelsea has kop ses alypdyr. Arsenal hem bolmalyja yerinde. Bir Fener sokulypdyr yokardakylaryn arasyna, yagny subjectiv pikir edip ses berlendigi bildiripjik dur :))

bah seninem

bah seninem gozun dushyan yerini diysene:P

chelsi bet oynayan

chelsi bet oynayan ekenow,hayran galdym.birinji taymda vobshe liverpool top gormedi.ikinji taym liverpool biraz gowy oynady,extra taymdada chelsi mesemalim has gowy oynady.essiene hayran galdym.

ne gozel gol saldy welinem

ne gozel gol saldy welinem hasap etmediler yone, Essienyn goly!

Hergun uniwersitetde oylan

Hergun uniwersitetde oylan nahary iyyan yerimde seretsem futbol oyuny gorup oturlar. 60 minutlar. Chelseaa 1-0 onde eken. Men bolsa Liverpool tutyan. Menem bir sonuna chenli 30 minut seredeyin diydim. 5-6 minut bolmanka Liverpool gol gecirdi. Yone 90 1-1 gutardy welin, mena yzyny seretman ofise gacdym. Sonra Liverpool yn yenilenini esitdim.
Bilyansiniz, final Moskwada. Ruslaryn hem kopusi Abramowic sebapli Chelsea ny tutyan bolaymasa, shol sebapli "+" bolar Chelsea ucin...

M.United 1 - 1 Chelsea

M.United 1 - 1 Chelsea (90+30)
Penaltilerde MU 6-5 utdy.

Terry'nin ayagy typdy, shtanga degdi top, MU'nyn utmagyny islan bolsamam Terry'nin sypdyrmagyny islemedim shol wagt, yone bolmady...Anelka'nyn sheytjegi bellidemlay.
Umuman oyun final uchin WOW diydirjek derejeden gowshakdy, nache sany gol gitdi yone 2 tarapda-da...

Onda chempions leage'de

Onda chempions leage'de MU!
UEFA'da-da Zenit yengiji bolupdir-da bu yil!

men ses berlişikde

men ses berlişikde manchester diyipdim. bildimayt... ay yöne in kop ses berilen hem şol ekenda...
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

Man U chempion

Men oyny gormedim, ertesi gun ekzamenim bardy, yone duyn gordum,sagbolsun oglanlar download edipdir. Yone birhili polya, gowy dami namemi, ya da sonky wagtda yasama otdan hakyky ota gacirenlerindemi bilmedim, oyuncylar typya. Van der Sar Lampard-yn golyny iyende de ayagy typdy, Terry penalty depende de typdy, bashga da oynyn icinde 3-4 gezek shon yaly boldy, belki de koprak, sanamadym;)

Terra gynandym, C.Ronaldo-n miss etmegne gynanmadym. Olama indi best player saylanjaga menzeya EPL-i aldy, UCL-y aldy. In uly garshydash bolubiljek Messi bn Kaka, olaram hiczat utmady, a yeniji bolsa yenish gazanmaly, yenish Messide-de Kaka-da yok. Belki Euro-da Benzema,Ribery, Huntelaar dagy gowy oynar yone shonda da C.Ronaldo best player saylanarmyka diyyan.

Where is Hereket, There is Bereket!

c. ronaldonu halap

c. ronaldonu halap bilemok..
mu'nyn yenmegini isleyadim, chelsea'ni halamayandygym üçin,
hem mu yendi, hem-de ronaldo sypdyrdy. Anelka hayran galaymaly, özü depmedik yaly, hiç gynanmady hem. :)
yerin typançak bolmagy, şol wagt güyçli yagyn yagyardy, şondan bolaymasa..
_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

C. Ronaldo

Yagysh son yagyp bashlada, bashda yagysh yaganokdy. Menem halamok sho Ronaldo-ny. Yone natjek da, halamasamam gowy oynayanlygyny boyun almaly, yone kawagt, hatda kawagt dal, koplench simulyant bolya. Kan "dive" edya, uytgeshik bir skill-am yok. Yone chyndanam shu yyl, hemme diyeni boldy. Mundan gowy zady arzuw edibem bilmezmika diyyan. EPL-yn in gowy oyuncysy boldy Champion's league-y aldy, euro2008-de de chalarak ozuni gorkezse best player-em bolya. Real-a geljek bolyamysh, La liga-da EPL-daki yaly gowy oynabilmezmika diyyan.

Messi bilen denesdirenlerinde gaty gaharym gelyadi, Messi ondan has gowy oynayar.

Where is Hereket, There is Bereket!