Depressiýanyň gözbaşy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Öňler, häzirem şeýledir, statistikalary çap edýädiler, her dürli anketalary. Şolaryň netijelerine seretseň, baý ýurtlaryň, Ýewropa we Demirgazyk Amerikanyň ilatynyň köpüsiniň özlerini bagtsyz duýýandyklary ýa geljekden umytsyzdyklary belli bolýardy, elbetde dünýäniň beýleki böleklerine garaňda. Käbir statistikalara görä özlerini iň köp ösen döwletiň adamlary öldürýämiş.
Muňa elbetde derrew her kim özleriçe bir düşündiriş tapdylar. Käbirleri ekonomikanyň erbetleşmeginde gördüler sebäbi, käbirleri dinden(musulmanlar Yslam diýdiler, hristiýanlar Jesus diýdiler) uzaklaşmada gördüler, käbirleri ýene bir zatlarda.
Aslynda her zadam belli bir derejede bardyr. Ýöne seredilip oturulsa, Ýewropa ýurtlarynda adamlar robotlaşyp barýalar, ýa bize görä has robotlaşan. Elbetde bular meň pikirim, ýöne öňler stress ýa depressiýa barada okasam "aý samsyk amerikanlaryň tapyp ýören zatlary" diýýärdim. Häzir seredip otursam, edil beýle-de däl...

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Dowamy

Her zadyň gowy we erbet tarapy barmyşyn. Şol gaty dogry pikir. Ýewropalylar, Amerikalylar we beýleki ösen ýurtlylar pully ýöne bagtsyz. Bu umumylaşdyrma, ýöne ekonomika we sistema şeýle bir düzülen welin, adamlaryň köpüsi eşek ýaly işlemeli. Olar bir uly sistemanyň bölegi, şondaky robotjagaz. Olar günde duýýan ýadawlyklaryny aýyrara bir ýakyn jemgyýet gurup bilmändirler. Biziňki ýaly aragatnaşygy kän däl adamlar bilen, sebäbi... wagt ýok.
Şu ýagdaýda nädip bagtly bolmaly? Şu ýagdaýda diňe şu sistemadaky öz roluňdan keýp alyp bagtly bolmaly. Bolmasa şeýle sorag kän kelläňe gelýä, "a maňa şu gerekmi? Şu ýaşaýyş stil degýämi?". Pikirimçe bärdäki bagtsyzlar şol toparda.
Göz öňüme gelýä, men obadaky 1 aýda başdan geçirenlerim, bärde diňe 2 ýylda ýa başda geçirerin ýa geçirmerin. Rejim belli, robotdanam beter. Irden iş, agşam öý. Ýadaw, ýat. Tur we iş. Ýylda 2-3 hepde dynç we dowam.
Din bir durmuşdan lezzet almagyň ýoly. Ýöne sebäp edil musulmançylykda hem däl. Sebäp jemgyýetdäki aragatnaşyklarda. Biz nämäni ýitirýäs we nämäni gazanýas?!
Türkmenler diňe 50-60 ýaşaýan bolup bilerler, ýöne şol ýyllaryň dowamynda olaryň görýäni 90-100 ýaşaýan amerikanlaryňkydan az däl. Amerikanlar özleriniň ömrüniň köp bölegini iş stolynyň öňünde geçirýän ekenler...
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Gowy tema

Gowy tema acypsyn!
Yewropadaky adamlar-a bilemok welin, hytayyn adamlary eyyam robotlashan :)), gaty jynym alanok shulan halkyny, turkmenlerde bir duygy, ruh diyen zadyn bardygyny yuzlerine seredip anyp bolya, bulan yuzune seretsen ruhuny duymak (nadip dushundirjegimi bilemok :)) kyn, roboda sereden yalak... (men hemmesi diyyan daldirin, yone kopculik sheyle)... Mahir zat yaly duygulary gormek kyn :))...
Meselem, kawagt kocede birinden bir zat sorajak bolup "bagyshlan!" diyip saklajak bolsan, hamana birinji gezek adam goryan yaly edip yuzune seredip, yoraberya, ynanmayamy namemi birinin ozuni saklajak bolyanyna :)), sonundan gatyrajyk ses bilen yene "bagyshlan!" diyyan welin, duryalar :))

Yone bularynam yagdayyna

Yone bularynam yagdayyna dushunyan, Hytayda name halk kop, dine gymyldap gezmeli (garynja yaly :)), bolmasa bolanok... onsonam, ynanc, hawa bularyn kop boleginde ynanc diylen zat yok, dine shu dunya barmyka diyyaler, shonun ucinem bilen-bitenjeleri koprak, has koprak pul gazanmak... Okuw okayan bolsalar, okuwynda ustunlikli bolsalar, "bir zat owreneyin-ow" diyip dal-de, pul gazanmak ucin :))

Men asyl şol filosofiýaly

Men asyl şol filosofiýaly adamlara düşünemokda. Ýagny men diňe şu dünýä ynanýan bolsadym, günümi gün edip geçirmek islärdim! Her hili däli pikirleri barlap görerdim.
Hakykatdanam, bary-ýogy 60-70 ýyl maks ýaşajak bolsaň, oňa akylly we aktiw durmuşyň 40 ýyl töweregi boljak bolsa, ony bir ýerde gyrmyldap çemçe bilen mal toplanyňda many ýok.
Men bolmajysyny bolardym. Şükür häläm o dünýä ynanýan :)
Meň üçinä logika ýok diňe bu dünýä ynanybam, 40-50 ýyl durman bir bokly işde işlemek günde 10-12 sagat
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Opasnaya licnost' :)) menem

Opasnaya licnost' :))
menem ozumden gorkyan kawagt, iman bolmasady kim bilyar nirelerde bolardyk:))

nirelerde

nirelerde bolardyn:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

ikimiz bankdan pul ogurlamak

ikimiz bankdan pul ogurlamak uchin birleship grupba gurardyk :D
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Wiý şuny ýazamda ýada

Wiý şuny ýazamda ýada düşdi, biziň tarapyň keýpihonlary keýp edende "Aý näme, dünýä iki gezek gelýäsmaý?!" diýýädiler :D
Hakykatdanam, o dünýä ynanmasaň bolmajysyny bolubermeli :D
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Olam dogry welin,

Olam dogry welin, hytaylylaryn esasy maksady pul gazanmak, bayamak bolansondyr-da...
sebabi bularda birine arzuw, gutlag edilende innnnn gowy arzuw: "Bayamagyny arzuw edyan" diymek, a biz turkmenlerde name, "agzybirlik, jan-saglyk" esasy zatlar, dogry dalmi?

Kerim aganyn gsohgysy

Kerim aganyn gsohgysy bar-a:

Bagt paylansa, 3 baylygy ilki al,
Ylgap barda saglyk bn erki al,
Yany bn cuwal-cuwal gulki al,
Son tapylar, galan zady zynyp git!

diyip. Aslynda, gowy we manyly goshgy.
Ilki iman baylygy, son berk erk, saglyk, agzybir mashgala we wepaly, peydaly dost-yarlar we sh.m. gerek bagtly durmush ucin. Baylyk hem, elbetde, gerek. Gozuni cykaryp baylyk ucin ishlemeli dal-de, mashgalanyn gun-guzeranyny sagdyn dolamak ucin bu wajyp!
Ish, baylyk diyip mashgalany yatdan cykarmak bolmaz. Gerek yerinde mashgala bolup gezmeli, piknige, gonshy-golamlara, dost-yarlara, garyndashlara gitmeli.

Yazmaga zat kan-le, yone shu yazylanjalary hem etmek oran amatly!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Yene bir meselem,

Yene bir meselem, turkmenlerde eger birinin arkasyndaky portfel acyk bolsa, ya balagynyn etegi eplenip galyp, betgelshik duran bolsa, ya jubusinden bir zady cykyp, gacjak bolup duran bolsa natanysh birem bolsa, gorseler aydyalar. A barde sen ryukzagyn acyk galan bolsa, ozun goryancan (ya-da bashga bir dashary yurtly student/kursdash gorup aydyanca) sho agzy acyk ryukzak bilen gezyan.

Onson, yene bir zat; bir gezek bashga bir shaherden oz shaherime gaytmak ucin wokzala gelip, sho towereklerdaki restoranlan birinde nahar iyip otyrdym. Aynan onunde, birden gecip baryan bir ayalyn yzynda sumkasyny acyp dorup baryan oglanjyk gordum, "ay, oguljygy betje eken" diyip pikir etdim ilki, yone geyen eshiklerini deneshdirsen, ogly daldigi belli, ogry eken. Yolun gyrasynda-da adamlar serediship dur, biri bir yerinden dem cykarayanok, onson gapa cykdym-da "weeei" diyip gygyrdym, ayal yzyna owrulip, ol oglany gorup, kowup goyberdi.

Şol şolda... bärde hemme

Şol şolda... bärde hemme zat kapitala bagly. Adamlar ýaşlykdan we kiçilikden puluň nähili beýik zatdygyny bilýäler we şoň guly bolýalar. Haçanda baýap pul gazananlarynda... näme etjeginem bilmän ýene gara-der işe dowam edýäler. Sebäbi puldan başga maksadyň bolmadyk bolsa, puldan başga dostuň ýok bolsa, puluň bolaýanda-da bir üýtgeýän zat ýokda! Adam adama, adam jemgyýede, adam beýleki adamlara mätäç. Indiwidualizm hemme zadyň tagamyny gaçyrýa we men şeýle durmuş stilini ýigrenýän.
Bilmedim, belki dünýäň ekonomikasy indiwidualist, gul ýaly işgärler bolmasa çöker. Ýöne bütin ömrüňi edil şeýle geçirmegem meň üçin keýpli görnenok. Emma adam üýtgeýär, iň bir biderek zadam edip öwrense, şol endik bolaýýa.
Menä ýene şu rejimde 10 ýyl işlesem trudogolik bolaryn we TMa barsam içimi it ýyrtyp ölerin :D
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

Shonun ucin, name diysenem,

Shonun ucin, name diysenem, halk biri-biri bilen gatnashyp yashasa gowy (yagny, turkmen medeniyeti :))
Meselem, mekdepde ish beter kop gunler, ish gutaranson, ejem kabir mugallymlar bilen oye gelya (bizin oy mekdebe gaty yakyn :)), degship-gulshup, cay-nahar iyip, yadawlygam yatdan cykaryalar, ine in gowy metod :))... Yogsam, shondan yeke ozi oye gelse, onun yagdayyna dushunjek az-da :)), onson mugallymlar bn "dertleship", shol guni nahili gecirendiklerini aydyp berip bir-birlerine, sheydip agyr gunun stresem galanok zadam :)), dogry dalmi? :)))

Dogry. Adamlar bärde halys

Dogry. Adamlar bärde halys indiwidualist bolaýypdyrlar. Ýöne bärik gelip bir akyma girseň, bulara meňzemezlik kyn.
Asyl türkmen diasporasy bolsa gowy bolaýjak özä :D
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

mende shugunler birhili

mende shugunler birhili razocerowaniye gidyar:((

kim seni razocirowat edyar?

kim seni razocirowat edyar?

Mende her kanikulda hokman

Mende her kanikulda hokman depressiya bolyar. Turkiyede bu bolanokdy, yone Amerika gelenim bari her gezeginde bolyar. Yone sapaklaryn bolyan wagty, ishin kop, hergun kursdaslary goryan, depressiya wagt galmayar...