Gyzlar/gelinler gowja nahar...

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Bişiren naharyňyz, nähili siziň sungatyňyz bolsa, äriňizem şeỳle…

“Är nahary nähili bişirilỳär?” Bu sorag birhilek gelip biler. “Är nahary näme diỳmek?”

Süỳji naharlar bişirip bilỳän gelin, ỳoldaşynam bişirip kämilleşdirmese, ỳaşaşmagyň gadyr-gymmaty gaçyp biler. Şonuň üçinem, bagtly, şadyỳan, agzybir yaşaşmagyň hem bir sungat, bilimiň bir şahasydygyny kabul etmek gerek. Şu wagtky ỳaşlara, her hili bilim berilỳär emma bagtly ỳaşaşmagyň tärleri öwredilenok. Bagtly ỳaşaşmagyň tärlerini bilmeỳän ỳaşlar öỳlenỳärler, soňam bir giden problemalar ỳüze çykỳar. Tejribeleri bilen bagtly, agzybir bolmagyň ỳollaryny gözleỳärler emma bulam kän başardanok.
Hawa, är nahary nähilek bişirilỳär?

İlki bilen ỳoldaşyňyzyň göwnüni tankytlar bilen ỳykmaň. Yykaỳsaňyz söygi gülleri solar. Her adam öz ejesini söỳer. Bu, bir tarapdan şeỳle manyny berỳär, her adam her ỳaşda çaga ỳalakdyr. Onda, çagaňyza bolan mähriňizi äriňizden hem gysganmaň. Ariňize edỳän hyzmatyňyzy, hiç wagt hyzmatkärlik diỳip pikir etmäň. Sebäbi siz äriňize hyzmat etseňiz, bir tarapdan onam özüňize hyzmatkär edeniňiz bolar.

Her aỳal adamsyny gol astyna alyp biler. Egerde, gol astyna almagyň syrlaryny bilip bilse. Agzybir, şadyỳan ỳaşaşỳan maşgalalar hem bar. Diỳmek käbir syrlary bar. Kim bu syrlary bilse agzybir ỳaşaşyp biler. Şuny hiç wagt ỳatdan çykarmalyň, bet nyşan, owadan bolmaỳan gyz,gelin ỳokdyr. Edebi-ekramy erbet gyz, gelin bardyr.

Belkem şeỳle diỳip bilersiňiz, “Näme üçin diňe gyz-gelin barada ỳazỳaň? Erkekler barada-da ỳazsaňyz.” İlki başda-da aỳdyşym ỳaly, erkegem gelinem agzybir ỳaşaşmagyň syrlaryny öwrenmeli. Yöne erkek geline has mätäç. Syn edip görseňiz, dul galan erkekler derrew öỳlenmegiň aladasyny edỳärler. Erkegem, çagada aỳal maşgala mätäç bolany üçin aỳal maşgala, guş ketegi ỳasaỳan “dişi”(türkmençesi nämäỳ?) guşa meňzeỳär. Erkegi öỳüne bagly ỳaşatmak aỳalyň elinde.

Bir maşgalada hojaỳyn ol ỳa-da beỳleki biri däldir. Öỳüň hojaỳyny “AGZYBİRLİKDİR”. Ar-aỳal jennet kimin dünyälerini jähenneme öwürmejek bolsalar agzybir ỳaşaşmagyň syrlaryny öwrenmelidirler. Bu ỳerde esasy iş aỳal maşgala düşỳär.

Aỳal, her hili erkegi, mähiri, güler ỳüzü we süỳi dili bilen ỳola salyp biler. Aỳallar şuny ỳatdan çykarmaly däl, ”hiçbir erkegi, jedelleşip, gygyrşyp ỳola salyp bolmaz.” Akylly aỳal, urşup söwüşmek, kejirlik etmek ỳerine, ärine kömek edip, sypaỳçylyk bilen äriniň isleg arzuwlaryny ỳerine ỳetirmek bilen ỳola salyp biler. Hasam işden gelende güler ỳüz bilen garşy alsa, nahar çaỳyny wagtynda berse, adam akylly oturyp söhbet edip gürrüňleşmäni bilse, ol erkegiň gözi näme üçin başgalarynda bolsyn?

Ariňiz aç bolsa, keỳpi ỳok bolsa ỳa-da gyssagly etmeli işleri barka hiç zat islemäň. Çünki bu ỳagdaỳda size ters jogaplar berip biler. Her wagt halyňyzdan razy bolup ỳaşajak boluň. Bir erkek üçin iň gymmatly zat aỳalynyň özini halamagydyr, söỳmegidir. Çagaňyza nähili seredỳän bolsaňyz ỳoldaşyňyzada şeỳle serediň. Şonda, çagaňyz sizi nähili söỳỳän bolsa ỳoldaşyňyzam sizi söỳer.
Aş gazanymyz süỳji naharlary isleỳşi ỳaly beỳin we kalp aş gazanymyz hem bir zatlar isleỳändir… Bular nämeka diỳip pikir edip gördüňizmi???

Erkegiň ỳumşak damary bellidir. Gelin şolary bilse, erkegi özüne baglap biler. Bir aỳalyn, diňe tutan ỳerli bolmagy, owadan bolmagy, süỳji naharlar bişirip bilmegi erkege ỳetmeỳär. Yan ỳoldaş hem bolup bilmeli…

PS: H.İ. yazan yazgysy...

Telpekler (5 kisiden 7 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ata 3 telpek goyyar we yazyar: "Berekellah! Ynha, bagtly mashgala ucin gerekli zenan tarypy!"
  • Slava 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy Tercime edipsin! Berekella!"
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "eleme deşik :) söz yok!"
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

bah.. sözüm yok..

bah.. sözüm yok.. dogrudanam şeylemay?:)

PS: terjime gowja bolupdyr ;)

Eý sen mekirligi

Eý sen mekirligi öwredýäňmaý gyzlara?! :D
Olar mundan soň kontrol etjek bolarda ärlerini :D
-------------------------------------------------
Wah ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Ýandym, ýandym, ýandym, ýandym,
Üzümgül, Üzümgül, Üzümgül, Üzümgüüüüüül,
Ýandym, Üzümgüüül...

mekirlik...

mekirligi öwrenenlerinde agzybir boljak bolsalar öwrensinlerda...
yöne men şonda-da gaty ynanammok olara... :) oyun edyandirin how... üstüme çozayman...

berekellah!

a_man wrote:

Süỳji naharlar bişirip bilỳän gelin, ỳoldaşynam bişirip kämilleşdirmese, ỳaşaşmagyň gadyr-gymmaty gaçyp biler. Şonuň üçinem, bagtly, şadyỳan, agzybir yaşaşmagyň hem bir sungat, bilimiň bir şahasydygyny kabul etmek gerek. Şu wagtky ỳaşlara, her hili bilim berilỳär emma bagtly ỳaşaşmagyň tärleri öwredilenok. Bagtly ỳaşaşmagyň tärlerini bilmeỳän ỳaşlar öỳlenỳärler, soňam bir giden problemalar ỳüze çykỳar. Tejribeleri bilen bagtly, agzybir bolmagyň ỳollaryny gözleỳärler emma bulam kän başardanok.

Shonun ucinem oylenemok-da :)

Quote:

Hawa, är nahary nähilek bişirilỳär?

İlki bilen ỳoldaşyňyzyň göwnüni tankytlar bilen ỳykmaň. Yykaỳsaňyz söygi gülleri solar. Her adam öz ejesini söỳer. Bu, bir tarapdan şeỳle manyny berỳär, her adam her ỳaşda çaga ỳalakdyr. Onda, çagaňyza bolan mähriňizi äriňizden hem gysganmaň. Ariňize edỳän hyzmatyňyzy, hiç wagt hyzmatkärlik diỳip pikir etmäň. Sebäbi siz äriňize hyzmat etseňiz, bir tarapdan onam özüňize hyzmatkär edeniňiz bolar.

Shuna dogry dushunmeli. Ka zenanlar gelen gunlerinden hojalygy oz ellerine aljak bolyalar. Bu oz mashgalamyzda hem sheyle boldy. Doganym oz yoldashynyn ka gylyklary zerarly, oz ejemiz we doganlarymyz bn sowushupdi. Nahili erbet yagday.

Ikinjidenem, eger yoldashym meni gowy gorse, men ony name ucin gowy gormayin! Ynha, bagtly mashgala hem sheydip doreyar umuman!

Quote:

Bir maşgalada hojaỳyn ol ỳa-da beỳleki biri däldir. Öỳüň hojaỳyny “AGZYBİRLİKDİR”. Ar-aỳal jennet kimin dünyälerini jähenneme öwürmejek bolsalar agzybir ỳaşaşmagyň syrlaryny öwrenmelidirler. Bu ỳerde esasy iş aỳal maşgala düşỳär.

Mashgalanyn dowamy we bagtly bolmagy babatda ish-a esasy ayal mashgala dushyar welin, mashgalada, elbetde, agzybirlik hojayin bolmaly, yone, umumy manyda, zenan mashgala oz yoldashyna tabyn bolmaly, eger-de hemme zat dogry we yerbe-yer gidyan bolsa. Muny onki we hazirki zamana mashgalalaryna seredip subut etse bolyar. Barde men zenan mashgala yanyoldashyn guly bolmaly diyemok, yone ynanc we medeniyetimizde bar bolan zady beyan etdimmikam diyyan pikirimce!

Quote:

Aỳal, her hili erkegi, mähiri, güler ỳüzü we süỳi dili bilen ỳola salyp biler. Aỳallar şuny ỳatdan çykarmaly däl, ”hiçbir erkegi, jedelleşip, gygyrşyp ỳola salyp bolmaz.” Akylly aỳal, urşup söwüşmek, kejirlik etmek ỳerine, ärine kömek edip, sypaỳçylyk bilen äriniň isleg arzuwlaryny ỳerine ỳetirmek bilen ỳola salyp biler. Hasam işden gelende güler ỳüz bilen garşy alsa, nahar çaỳyny wagtynda berse, adam akylly oturyp söhbet edip gürrüňleşmäni bilse, ol erkegiň gözi näme üçin başgalarynda bolsyn?

Doly goshulyan. Bu babatda 2-nji nama gerek blogynda hem beyan edilip gecilipdi, shu yagdayin nahili ahmiyetlidigi barada!

Quote:

Ariňiz aç bolsa, keỳpi ỳok bolsa ỳa-da gyssagly etmeli işleri barka hiç zat islemäň. Çünki bu ỳagdaỳda size ters jogaplar berip biler. Her wagt halyňyzdan razy bolup ỳaşajak boluň. Bir erkek üçin iň gymmatly zat aỳalynyň özini halamagydyr, söỳmegidir. Çagaňyza nähili seredỳän bolsaňyz ỳoldaşyňyzada şeỳle serediň. Şonda, çagaňyz sizi nähili söỳỳän bolsa ỳoldaşyňyzam sizi söỳer.
Aş gazanymyz süỳji naharlary isleỳşi ỳaly beỳin we kalp aş gazanymyz hem bir zatlar isleỳändir… Bular nämeka diỳip pikir edip gördüňizmi???

Garaldylan yerdaki yagday zenanda-da bolup biler, shu yagdayda shu maslahata erkekler hem eyermeli!

Yzyndaky dushundirishlere-de telpek!

Quote:

Erkegiň ỳumşak damary bellidir. Gelin şolary bilse, erkegi özüne baglap biler. Bir aỳalyn, diňe tutan ỳerli bolmagy, owadan bolmagy, süỳji naharlar bişirip bilmegi erkege ỳetmeỳär. Yan ỳoldaş hem bolup bilmeli…

Doly goldayaryn! Shol bir sanda erkeklerem dine ryzyk taydan mashgalany dolandyrmagyn dashynda, oz yanyoldashlaryna, sozun doly manysy bn, hakyky yoldashlyk edip bilmeli!

Quote:

PS: H.İ. yazan yazgysy

Hekimoglu Ismail bolyarmy ol?!
Mende-de onun mashgala barada yazan ka yazgylary bar, terjime edip goymalymyka diyyan, oran peydaly sebabi!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Slava 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! (hani terjime edip bir goy)"

sheyle onat bloglar

sheyle onat bloglar acylypdyr, aram-aram goz gezdirip, olary jan getirmeli oydyan!

PS: Aman, jigim, berekellah! Ilkinji acan blogyn hem gutly bolsun! Maksatydyna-da gowushsyn, enshallah!

Aslynda, her bir sozlemini "sitata=quote" almalydym welin, bizar etmayin gaytadan yazan yalak edip diyen pikir bn etmedim :)

Sana 3 telpek! Neme, sheyle bloglaryn howrunin kop bolmagy ucindir olar :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

sagbolun!!!

Telpek berenlerin hemmesine köp sagbolsyn aytyan :) yöne men muny telpek almak üçin terjime etmedim. peydasy degen bolsa men gaty hoşal bolaryn we menin bu hoşallygymyn yerini hiç bir telpek alyp bilmez::))
Ata aga: H.I. diymek Hekimogly Ismail. özi yazdymyka ya bir yerden ogyrladymyka diymesinler diyip H.I. yazdym.

Quote: peydasy degen bolsa

Quote:

peydasy degen bolsa men gaty hoşal bolaryn

saytdaky gyzlaryn kopusi durmuşa çykmadyk.. durmuşa çykanson aydarlar da peydasy degdimi degmedimi :)))

+ Saytdaky gyzlaryn yarysy

+ Saytdaky gyzlaryn yarysy turkche bilyar, olarynam yarysy HI'nin kitaplaryny bir rentgen'den gechirerler durmusha chykmankalar :)

ay yok men-a yörite şeyle

ay yok men-a yörite şeyle kitaplary okaryn öydemok.. wagt bamay:))

bu blogda yazylany yöne bir yere save edip goysa boljak, peydaly zatlar:))

arhiw'chi gyzlar opasno

arhiw'chi gyzlar opasno bolya.. Seni hem birgun arhiwa goyaymaklary mumkin..:)

hmmm

akgül: öwrenmegem bir peyda dalmi name? yagny yazylanlardan bir zatlar netije çykaryp, her kim özüne gerek netijani çykaran bolsa şolam peydamyka diyyan...

Bah men şu internet toruna

Bah men şu internet toruna bagly boldugymça köp zat öwrenernow wara. Yuwaş yuwaş terbiyelenip baryan gyzykly wakalary zatlaram okap:))
Aman aga oglanlar üçinem bir tarjagaz öwredersin da:))
---------------------
Gözelligi sor bagryna öykenine,
Söyülsen söy,söyülmesen süykenme..!

Ba, shu yerde shu yerde

Ba, shu yerde shu yerde zenana gulak asyp, ylalashykly yashalmagy, ynha, barde bolsa bagtly mashgala ucin altyn kanunlar undelyar!

SuleymanYs, olara-da bir jykla onda :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ay sagja bol akga, gowy

ay sagja bol akga, gowy zatlar yazylgy. men şu yazgylary okap sapak yatdan çykyp gidyar dogrymy aytsam, sapakda oturyn:)) (dinlasimem gelip baranoklay sapagy). Dileginizem a gowja eken :D

---------------------
Gözelligi sor bagryna öykenine,
Söyülsen söy,söyülmesen süykenme..!

Mana yazdyn-may, Suleyman

Mana yazdyn-may, Suleyman :)

Neme, ikinji linkde gowy zatlar bardyr, doly gornushi hem bar, yakynda goymaly oz-a:)

Suleyman, sapak hemishe birinji, galan zatlar ahmiyetlerine gora 2-nji, 3-nji,..., n-nji bolmaly! Degishyanini bilyan-le, yene-de yazayin diydim:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Sapaga 1nji bolmaly weli

Sapaga 1nji bolmaly weli bolanokda, her gezek bu semester gowy edip başlajak diyyan yene de önki boluş, gaty yaltanyan sapak dinlemane,garradyk my name mi?:)) Ay şu ERK diyilyan zady bir gezejigem ulanyp namedigini bilip bolsa gowy boljak weli...

---------------------
Gözelligi sor bagryna öykenine,
Söyülsen söy,söyülmesen süykenme..!

ey, shu erk bar-a, kop zat

ey, shu erk bar-a, kop zat yazan boldum welin,...

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hmm...

süleyman erkekler barada name yazayynay...menem köp bilip baramson yazammok.okan zadymy siz bilen paylaşayyn diydim... ata aga gowja zatlar bilyan bolsa yazarda...