Wakalaryň daşky ýagdaýlary näme diýýär, iç ýüzleri näme diýýär?!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Şugünlerde kän blog açmadym welin, açasym gelip gitdi, ynha-da, netijesi :

Köplenç beýleki ynsanlarda säwlik ýa-da säwlikler göreris. Ýöne özümizde hiç säwlik görmeris ýa-da görmek islemeris. Kähalatlarda bolsa, wakalaryň daşky genuine aldanyp, ýalňyş kararlar çykaryp, netijeleri hem şoňa laýyklykda baglap bileris. Muňa örän oňat iki mysal bermek isleýärin.

1- Hz.Musa(a.s.) we Hz.Hyzyryň(a.s.) ýolagçylyklary:

Gurhanda kyssa halynda geçýär şu waka. Daşyndan hem berilýän maglumatlar bn şeýleräk bolup geçýär:

Hz.Musa Biribardan öz döwründe özünden has akylly bir bendesiniň bolup bolmanlygy soraýar. Biribar oňa elinde öli balyk bn bir ýere barmagyny bildirýär. Kömekçisi Hz.Ýuşa(a.s.) bn şol ýere baranlarynda, öli balyga jan girip, suwda ýüzüp gidýär. Şol ýerde-de Hyzyr(a.s.) bn duşuşýarlar.

Hyzyr(a.s.) başda bu ýolagçylyga çydamajagyny bildirse-de, Hz.Musa daýanjagyny aýdýar. Ýolda 3 waka bolup geçýär, 3-sinde hem Hz.Hyzyr amal edýär we Hz.Musa oňa garşy çykýar. Şol sebäpli-de, ýolagçylyk gutarýar. Indi şol wakalaryň daş ýüzüne seredeli:

1- Deňizde syrah etjek bolanlarynda, özlerini tölegsiz gämä alan serkerdäniň gämisiniň kä ýerlerini belli wagt geçenden soňra Hz.Hyzyr palta bn çapýar;

2- Ýolda barýarkalar bir çagany görüp öldürýär;

3- Ýene ýolda bir oba baranlarynda, ýykyk bir harabany örüp beýgeldýärler.

Hz.Musa şu 3 ýagdaýa seredip, daşky görnüşine görä höküm berýär. Hz.Hyzyra nägilelik bildirýär. Elbetde, ol pygamber we şeýle etmek bn hem wezipesi. Şeýle netijä gelýär:

1-Ýagşylyga yamanlyk-… Günä;
2-Sebäpsiz 1 çagany öldürmek - günä;
3-Biderek ýere amal we ýadamak.

Hz.Hyzyr bolsa, iç alemleriň soltany.
Oňa görä bolsa ýaňky wakalar şeýle:

1- Gämi gurat bolan bolsady, ýolda duşan garakçylar hökman gämini aljakdylar, käbir wajyp bolmadyk ýerlerini palta bn çapyp, almaz ýaly etdi;

2- Çaga geljekde ynançsyz bolup, imanly ene-atasyny hem azdyrjakdy, onuň deregine Biribardan has haýyrly bir öwladyň beriljegini görüpdi, şol çaganyň ýaşamazlygy has malady;

3- Harabanyň aşagynda iki ýetim çaganyň altynlary bardy ene-atalaryndan miras galan. Obadaky erbet niýetli ynsanlar görüp aljaklardy, rugsat bermezlik üçin täze diwar örüldi.

Ynha, görşüňiz ýaly, daşky ýagdaý näme diýýär, iç ýüzi näme diýýär?!

Şeýle ýagdaý sizde-de bolýarmy?!

Hawa bolsa, myssal bn öz pikirleriňizi beýan edäýseňiz!

Men aşakda-da mysal ýa-da mysallar bn dowam ederin, enşallah!

Ýene wajyp bir zat: Gurhanda manysy boýunça şeýle aýat bar:"Siziň halamaýan zadyňyz, mümkin, siziň üçin peýdalydyr. Şeýle hem siziň göwnüňizden tursa-da, şol zat siziň üçin zyýanly bolup biler. Her bir zadyň ýagşy ýa-da erbetdigini anyk we kesgitli görnüşde diňe Allah biler, siz bilmersiňiz!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ýokardakylar word-da

Ýokardakylar word-da ýazdym welin, öz-özünden iňlisçä düzedýän ekeni, säwlikler bolup biler! Şeýle ýagdaýda belläp geçäýiň we meni günälemäň :)

Men Hz.Ömer (r.a.) bn baglanşykda bir waka ýazmakçydym, başga biri men ýazýançam ýazmasa ýazaryn :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

waka:

ata wrote:

Men Hz.Ömer (r.a.) bn baglanşykda bir waka ýazmakçydym, başga biri men ýazýançam ýazmasa ýazaryn :)

Hz. Ömer (r.a.) bir sahabany haýatdan ogrynça girip, 1 zatlar içip, 1 aýaly hem arkasyna alyp gidenini görýär we yzarlaýar. Bir öýe girip gidenini görýär. Soňam oň üstünden barýar we şeýle diýýär:

"Günä etdiň:
1-Ogrynça biriniň bagyna girdiň;
2-Şerap içdiň;
3-Bir zenany betpäl niýet bn öýüňe getirdiň?!" - diýýär, ondan gorkan sahaba bolsa, özüni hakly hökmünde goramaga başlaýar we şeýle diýýär:

"1-Haýat ejeme degişlidi, ogurlyk däl;
2-Şerap diýýäniňiz adaty suwdy, arak däl;
3-Zenan diýýäniňiz bolsa, meniň öz ejem. Men ony hergün şol ýerden öýmüze alyp gelýärin we oňa ýoldaşym bn seredýäris. A siziň edýäniňiz näme?! Gurhanda "...içalylyk etmäň!(...we lä tejessesü) diýilýän halda, siz meni günäkärlejek bolýäňyz?!" diýipdir. Hz. Ömer (r.a.) şol bada öz säwligine düşünip, sahabadan hak halallygy alýar we ötünç sorap, olaryň mätäçlikleri bar bolsa giderip aýrylýar.

Ynha, ýokardaky sanlar bn görkezilen hem-de düýbinden tapawutly 2 ýagdaý.
Siziň bilýänleriňiz ýa başyňyzdan geçen(ler) barmy?!
Hawa bolsa paýlaşaýsaňyz!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

sagbol ataga.peydaly zatlar

sagbol ataga.peydaly zatlar

Käbir ýagşy eşretli

Käbir ýagşy eşretli zatlara eye bolmazlyk hem haýyrdyr diýilýäni..nämäniñ nesip edip nämäniñ bize haýyrly boljagyny biz bilemzok.. Alladan hayyrly zady nesip etmegi dileýän mena..
şu tema azam bolsa degişli bolan bir degişme ýaly kiçijek tymsal:
Söyen, halan gyzyny almadygy üçin özüni betbagt hasap eden bir ýaş oglan, gynanç we depressiýa içinde bolup, akly üýtgäpdir.
Oña gidip hassahana psihologa barmagy maslahat berýäler. Ol ýaş hassahanada edil özi ýaly birini görýä we näme sebäpden bäri düsenini soranda:
- pylan gyza öylenenim üçin aklymdan azaşdym diýipmişin.
Görüp otursa, öýlenen oglanyñ gürrün beren gyzy beýleki ýaşyñ söýup almadyk gyz bolsa näjek?! Beýleki oglan şo wagt düşünip galypdyr, her bir işde haýyr bar diýmek.

Ar-ayalin chagajiklary

Ar-ayalin chagajiklary olyar.. Kaka ginanjyndan dalireyar wagtyn gecmegi bilen. Son dalihana dushyar. Ayali birgun ony gormage gelende adamsy ony kowyar..
- Name uchin meni gormek islangok?
- Sebabi Sen daliremedin..

Hmmm, munda bir haýyr bar

Hmmm, munda bir haýyr bar diýmek, elbetde, iň dogrusy, ýöne şeýle ýalňyş ýa-da üýtgeşik tarapdan düşünme ýagdaýy barada bilýänleriňizi we bu babatda pikiriňizi ýazmagyňyzy haýyşt edipdim, meni gorkuzma, ahyryn, Hatyja :))

Hawa, seň ýazanyňdaky ýaly ýagdaýlaram bolýar bu dünýede. Allah sabyr bersin şol we şoňa meňzeş ýagdaýa düşenlere!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ata aga...

ata aga köp sagbolun şeyle gowı bloglar açyanız üçin...eliniz dert görmesin...
şeyle bir söz bar "teslim ol, selameti bul".hem şeyle bir ayet bar "Sizin şer bildiginizde hayır, hayır bildiginizde şer vardır, fakat siz bilemezsiniz Allah bilir.."
birem şu yere bir seredip görün.men düyn okadım.mena haladım: http://www.sizinti.com.tr/konular.php?KONUID=4003&SAYIID=349&KATID=10

linkdäkide ýazgyda

linkdäkide ýazgyda aýatdyr hadyslar bolansoň, gör, nähili, hikmetli, dürdäne bolaýýar. Şolar bn owadan we peýdaly bolýar. Gysgaçasy, söz ýok!
Doly okamadym, ýöne gysgajyk göz gezdirmek ýetdi. Doly hem okamaly, enşallah!

Aman, seň ýazanlaryňa-da biz ynsanlaryň boýnumyz gyldan inçe bolýar, umuman! Goşulýan!
Minnetdar, jigim!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"