::gülüp bir hezil edin::

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam ! İne size gerek bolsa.. güler yaly zat..
Birem yekeje sorag .. aranyzda şular yaly wakalardan haysam bolsa başyna gelen bar bolsa yazsa öran hezil bolardy..
Bişip gören zat eden hökman bardyr.. Ya da eşekden yykylan.. yalnysyp nas atan.. garaz yatlanynda yylgyrtyan bir zatlara çykar..kiçikaniz azaşanynyz haysy.. ya da bolyan yerlerinizde gorjalasanyz bir zatlar çykayjak yaly..

http://www.youtube.com/watch?v=hoBaq3wEHpA

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Kiçikam ejemdir öydip bir

Kiçikam ejemdir öydip bir gelnejan elinden tutup bazara aylandym. olam mana öz oglydyr öydipdir.1996yylda, şo wagt agladym indi gülyan...

---------------------
Gözelligi sor bagryna öykenine,
Söyülsen söy,söyülmesen süykenme..!

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "ey menem gülüp hezil etdimay"
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "börük paylayan.. :D"

Bişen bolsanyz nadip

Bişen bolsanyz nadip bolanyny takyk yazsanyz öran gyzykly bolardy..

Meselem men bir gezek (gaty kiçidim) banyadaky parsunkany yakjak boldum.. elime kagyz aldym we düyrledim.. Ondan son onam yakyp parsunkan üstüne goydumda gazy açmaga gitdim.. yanmady.. yanmady.. ejem dagy şeydip yakyady.. yana wagtam howurdap bir hili ses edyadi.. ses zadam gelmanson bi ynjalyk bolup peje seretdim.. gazam açyk.. ona çenli ot aldy parsunka we nam bolandyr öydyaniz.. yüzümden ogşap aldy odyn yalyny.. gözde ne gaş galdy ne kirpik.. o wagta sakal zat yok.. saçymam yaman erbet çürüşdi.. iki hepde okuwa gitmedim öytyan.. her gün zawut çaldylarmy bir zada etdiler.. indi gowu la.. saglygynyz

menem bir gün sadykdan

menem bir gün sadykdan çykdym.. kan yadyma düşenok.. ondan son uly il terbiyeçiler okuwçylar, hemmesi uly yola düşüp yörap başladylar.. menem şolara goşulyp gidibermenmi?! Köpüsi öz köçelerine öylerine sowulyp galdylar.. menem birinin yzyna düşüp barşyma ahyr sorady özi.. tas öylerine gidip oturyadym.. son maşynly bir a öye taşlady.. gyzyl maşyn.. şo yitişim entek enteklerem yadymda..

şuny görüp tasdan oturan

şuny görüp tasdan oturan otagyma.. jürrr..r etyadim..

http://www.youtube.com/watch?v=ENpQtNldTYI&feature=related

Ata agam ! Senem gaydayma

Ata agam ! Senem gaydayma şeydip.. özünden gidip..

http://www.youtube.com/watch?v=-oSXkAtc3R0

ey videony göni nadip

ey videony göni nadip goymalay şu yere
?:?

hemmesini birden goyayyn.. bilyanlerem bar bolsa göni şu yerden görüp bolar yaly etseler öran gyzykly bolardy..

http://www.youtube.com/profile_videos?p=r&user=CrsJns&page=2

neme, sho video sag

neme, sho video sag tarapyndaky embed diylip duranyn icindakini copy-paste edaymeli shu tayyk...

Kiçikam rozetka vilka

Kiçikam rozetka vilka sokupdym, son çaşdym. Bir günlap Frankestein yaly gezdim.

---
I've got all my life to live
I've got all my love to give

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "şu wagt düşünip gülüp otyryn! hezil etdim..:D"

Futboly halayanlar üçin

http://www.youtube.com/watch?v=fow4ZX4TM6g Diyere söz yok galatasarayyn wrataryny gördünüzmi(mandragon)özü oyunçyny süsya özem yykylyar.
_________________
**FENER FOREVER**

Hany onda gulmek ucin dine

Hany onda gulmek ucin dine wideo gorman, suratam gorelin:
Hytayyn kabir welayatlarynda orslaram yashaya, ya-da kabir orslaryn kan gelyan turistik yerlerinden suratlar...

Aydym aydylyan zal diyjek bolupdyr :))

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Hahaha :)))"
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Tenis oynasym geldi :-)"

Gozellik salony mun-a

Gozellik salony

mun-a ozumem bilemok :))

:)))

Arka massajy diyjek

Arka massajy diyjek bolupdyr :))

:)))

(No subject)

(No subject)

viy men bu yerini

viy men bu yerini gormandirinaa, eshekden yykylan diyen yeri okap bir waka yadyma dushdi...

kichi wagtym oba giderdim, betchilik baryny ederdim, mellege gidip eshekli aylanardyk bir gezegen ejekemin gyzy men yene bir gyz bolup mellekden gelyadik eshek pahyryn ustune 3 bolup mundik mena ortalarynda oturdym kan eshegi surup onarmanson :) shonda ylgadyp baryadyk welin eshek jyrtlayan ekenda men nirden bileyin ony... birden dalirap bokuberdi bir ylgayandyr ozem goni otlan, bayyrlan, tikenlen ustune birdenem eshigi yza gaytdy men bilen yzymdaky eshik bilen yere gachdyk, mena goni yzymdakyn ustune dushdim yymshajyk yere :) men onumdakem eshekde galdy :) ay gaty gyzykly boldy hem aglayas hem gulyas ozem tikenlen ustiii :))) goz onumden gidenok shol kadr :)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: "eshek namane gerek boldy 11 bar wagty:) "

menem bir gezek eşekden

menem bir gezek eşekden yaman erbet yykylanym yadyma düşdi.. gepin gysgasy sygyr bakyakak, mallar kawagt illerin bugadyyna giryadi.. bakyan yerimizem şüdügar, şoralyk, yylgynlyk yer.. mallary kowup çilik oynamaga başladyk.. bir seretdik welin mallar giniş yaşyllygyn içinde gyzylja garaja bir zatlar bar yaly..ulyly kiçili hemme oglan şo tarapa şüdügarin içi bilen engdi.. eşek janawerlerem şüdügarde çapdyryp bolmanson natjek?! Gyra bilen yazzyny berdik.. meninem eşegim bolmanson gonşy dostumyn (özi menden ulyrak) eşeginin yzyna müdik.. olam ayak aldygyna eşegin gerşine basyar.. menem aslyşyp yatyryn.. barybir zordan münüpdim.. çapdyryan yerimizem agaçlygyn aşagy.. ona çenli önümdaki oglan özi yere özüni zyndy.. eşek gaty batly baryardy.. menem nam bolyarka diyip seretdim welin eşegin geçjek(çapyp baryan) yodasynda ullakan şaha çykyp dur.. kella bökmegem gelmedi.. egiljegimem bilmedim.. aljyrap ullakan agajyn çykyp duran şahasyndan yapyşaymanmy?! Name bolandyr öydyaniz.. edil özi .. şo boldy .. gündizin günortany yedigeni sanadym.. çayyr çeynap yatyryn içigip.. yzam yaman ümürli yada düşyar..

Gechen yil tokay yaly yere

Gechen yil tokay yaly yere camping'e gidipdik 3 gunlik, onson
yakynda 1 fermer'in aty bar ekeni, "Bizem chapyp gorsek bolyamy ?"
diysek, yanky atyny eyerledide berdi "Drrrrrrr diysen duryandyr, gozune
chybyk gorkezsen gaty chapyandyr" zat diyishdirip...Ay bizem kopden
bari at gormedik, nobatyna munup bashladyk yankyny..Oglanlara 1-2 minut
aylanmanka "ay mena boldum" diyip dushyadiler, men 1 munemson 1 sagatlap
dushmedim :)) Chapdyrmak gaty keypli zat ekeni, mashyny gaty sureninden
has kop adrenalin beryar :D Gepin tummek yeri keyp etdim shol gun,
omrumde munmedigimi mundum, yone ertesi irden turanymda....Ufff, sheyle
bir arkam agyryady, egilip bilemokdym, oturanymda-da dine dik oturyp bilyadim
we etc...3-4 gunlap agyryp gezdi sheyle, shonun uchinem ata munmezden on
ustunde nadip durmany ovrenin, yogsa onurganyzyn enesini uvrarsiniz...

Men bir gun

Men bir gun dayzamlara gitjek bolup yola cykdym, taxsi tutdym, gitjek yerimi salgy berdim olam bolya diydi-de onune seredipdir manada minendir oydupdir, men bolsa yany bir ayagymy salypdym o bolsa masynyny surup gitdi garaz 10 metr gidendir bir ayagym dasynda, men bolsa gygyryan dura-dura diyip olam bolsa wiy sen intagem minmandinmi diyyar! Gapdalynda yldap barysym yadyma dusdi birden!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Haha :)))"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Shu wagt 1 Turkmen gyzynyn

Shu wagt 1 Turkmen gyzynyn skate suryan yaly bolup, 1 ayagy mashynyn ichinde, beylekisi bilenem bad alyan yaly ylgap barshyny goz onune getirdim...Hezil edip guldumay :)))

menem yany kalkulyatora

menem yany kalkulyatora nauşnigi (kulaklyk) (ya naruşnikmidi) dakyp onam gulagyma dakyp otyrypdyryn dali yaly.. aydym zadam açman 2,5 yarym sagat yaly şeydip oturypdyryn dali yaly.. yöne şeyledigini dine men bilyan indem siz:)

birem wölsepid

birem wölsepid sürmaninidanim men 8.synpda öwrendim.. yagny şu wagtky 9lar bolyar öydyan.. bir gün jigim bilen oba aylanmaga çykdyk.. men wölsepidin önünde otyryn.. olam süryar.. öye geldik.. durdy.. men ayagymy çep gapdala uzadyp otyrdym.. onunam ayagy yere yetenok (ikimizem kiçi) mana düş diyipdir menem eştmandirin.. (sonundan aydyşyna göra) olam wölsepidi sag tarap sahel yaplady welin gürp tarp gaytdyk iki bolup.. göz önünize getirin.. men a arkan gaytdym.. onam ayagy galdy men aşagymda.. özümiz yykylamyzson aglamadygam..:)

Mena "welsepid"-i entagem

Mena "welsepid"-i entagem surup bilemok, masgaraaa :)))
Yone shu yil owrenmekchi, sebabi tomus'a yakyn menem 1'ni edinjek we surup bashlajak :) Enshalla 8-9 yil onki yaly yikilip, 1 yerlerime degeni sebapli tigiri depip gyshartmaly bolmaz :D

Bah, "welsepid" diyyaniz

Bah, "welsepid" diyyaniz welin, "bishyar-ay" :)), shu okuw yyly gelenimden bir tigir alypdym, 2 ay gecmanka ogurlatdym, ozem gundizin gunortany-lay :)))... Indi howa maylap bashlady, yene birini edinmeli oz-a, indi 2-3 gulp dagy dakyp goyaryn-da :))

muny naçe yyl ön

muny naçe yyl ön yazdynay:)kikihihih
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Mundan uch yil on,gyshda bir

Mundan uch yil on,gyshda bir dostum bilen choganlyda bir kommercheska gidipdik.kommercheskiden aljak zadymyzy aldyk,son o dostumun shotayda yashayan garyndashlarynynka baryp biraz gurleship izimize gaytdyk.taze yil toweregi we keypimizim erbet romanticheski. yanky kommercheskin yanyna yetip baryakak anardanam bir owadan gyz chykdy.Bizem "gyzyn denine yetenimde typyp yikylansyran bolaylimy?Galdyrarmyka?"-diyip gulushen bolup gelyas.Barden biz,anardan nazenin kommerchiskin denine yetdik welin duran yerimde agdarlyp dushdum.Ozem edil kinodalardaky yalak owadan,gorizontal yikyldym.
O gyz dagy gorkujundan gygyraydy oydyan.Turdum,bir adim atmakam yene agdarlyp dushdum.Son yene.son yene bir gezek."tuf,tuf,tuf toba huday".bir gezegem gotume dushumedim,hemmesinde arkama.dostumam hem gulyar,hem meni galdyrjak bolyar.ay sheydip ahyry sony zordan turup demimi dursap yorap gaytdyk.Ol gyzam son gormedim:(
Ine sheydip gidishin her katokda typyp giden adam,yzyna mini adimler biler yorap gaytdy.

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • melike 2 telpek goyyar we yazyar: "ha ha romantıçno."

ha ha

Bır samsygyn tekı "eger men bılen surata düşmesen atlaryn" dıyıp oyundan podokonnıge çykty .Menem "atla,ölmersın vsyorawno" dedım(çünkı 4 etajdan yykylan bır gonşymyz wardy ölenokdy)Yanymdakıler gorkmaya başladylar,"bor gyz bır surat bılen zat bolmaz,hazır bır yerını dögya ,ya kellesını yarya "dıyışyaler.Onson yanky samsyk "bor ne vsponayte lıhom"dıydı ve atlady, uly agaç bardy on şahasyna ılıp galdy.Bize gorktuk hakykatdanam bökaydı dıyıp, o bızdende beter gorkmuş.son agaçta gördükten sonra rahatladyk.Bız bır -bırden on yanynda surata düştük,ola asyly dur öyle.Her kım gülüp öldı.Aslynda o bökjek daldı,anyrdan bırı ıteklemış,ve onu halem Huday saklady halem agaja ılıp galdy.Yöne menem daş yürek dıyıp pıkır etman ,aşagy çagelıkdı yykylan bolsada hıç zat bolanok,şon üçın "ay name etsen şony et "dıyıp prıkol tutdum ona. Gepın gysgasy pahyrjyk yarym sagat öyle durdy donra,kömek etdık aşaga düşürdük.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: "ha haçünkı 4 etajdan yykylan bır gonşymyz wardy ölenokdy:)"

bir gün yene öye

bir gün yene öye kanikula(dynç alyşa) bardym.. men sygyrlary getirmane gitdim .. jigimem yzymdan barypdyr ynjalman .. (özem wölsepitli) .. ay şu şaherden gelen gowşak oglan başarmaz diyendir da.. yanyma gelen badyna wölsepidi aldym.. aylanan bolup yörin yolda.. (sürmegi yany öwrenen mahalym) jigimem dostlary bilen menin üstümden gülen bolup dur.. "Şulara bir görkezeyin nahili wölsepit sürülyanini.." diydim içimden we azajyk uzagraga gidip bat alyp gaytdym.. maksadym şolan yanyna yetenimde edil önlerine gelip tormuza basmakdy.. kakjak yaly eden boljak bolan bolan boldum.. kellamem börükli.. anyrdan bat alyp geldim.. duran yerlerem kanalyn gyrasy.. sahel galyp duran depan üstünde durlar olaram.. yakynlaryna yetiberemde,ön munun yaly tizlige yetenim yadyma düşenok.. hemme zat gözümden çalt çalt geçip ugrady.. ayagymy pedala basmaga tayynlandym.. depa yetiberende pedala basdym welin ayagym boş geçdi.. şypbydygym (şlyopkam) gaçyp galdy.. pedalam "şalk-şalk " edip aylanyp dur.. ona çenli oglanlaram gygyryşyp eyla beyla gaçyşdylar.. menem birden asmana uçan yaly boldum.. jaylaryn üsti görünip gitdi.. tigir baş ujumda aylanyp duran yaly.. 5-10 sekund a uçandyryn.. ona çenli malç.. kanalyn ortasyna.. derrew kanalyn daş töweregine üyşüşdiler.. yylan bar yylan bar diyip gorkuzyan haysy..

meninem dine egnimden yokarsy öl bolupdyr..:) dik başşak giripdirin gamyşlyga..

wölsepidinem yzky tegeri.. :)

Menem sürüp bilemokdym,

Menem sürüp bilemokdym, diňe 8-10 klas aralykda öwrendim. Onda-da reşotka ýenäni köp kakdym, goňşymyz Myrat gazagyňam çatanynyň arasyndan geçjek boldum. Tas urýady :D
Aý Amerika gelibem ilki göni welik aldym. 2-3 gündenem beýikden pese sürüp barýakam gaty tizlenip, tormoza bassam ýykylaryn diýip, iki sany musor baçogyň arasyndan geçjek bolup... uçdym :(
Elimi ýüzümi ganadypdym :D
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

biza çagakak sünnet etjek

biza çagakak sünnet etjek dostumy alyp bayramala tarap kakasy dagydan gaçypdygay
:d
şondan başlady sürmek 3 tekelekli welin son tekerlek azaldy indi dikbaşşagam süryas:):):):)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

irsaramadilarmi

irsaramadilarmi bayramalililar?:)

hehe, el_mariachi,

hehe, el_mariachi, senem
gyrýañaý, gaçaly diýip sen alyp gidensiñda hawamy? :)
Daşary ýurtda bolsañ surup bilmeyan turkmenlerin arasynda gyzlaram sürmegi öwrenýär welisopedi, bärde 4-5 ýaşymda 3 aýaklysyny sürüp görenim. menem ilkinji 2 aýaklyny sürmegi öwrenemde gezek depeden gaýtmaly boldum..tormozy gowudy hälem ýykylsamam gaty agyrtmadym hiç yerimi

bu waka men intak 1

bu waka men intak 1 yashymdaka bolan waka eken.men bilemok yone son aytdylar.sho wagt ejemin elinde bazara gider ekenim.bir gezek ejemin elinde durkam yanymda duran garryrak ors ayalyn yakasyndan elimi sokupdyryn.sho wagt babek uchin in gowy zat shodyrda.....

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "bir yerden a telpek düşdi.. toyda gey.. azerbeyjan ors ayal üçin.. "

hayt garagol..:)

hayt garagol..:)

Quote: garryrak ors ayalyn

Quote:

garryrak ors ayalyn yakasyndan elimi sokupdyryn.sho wagt babek uchin in gowy zat shodyrda.....

:)))
Babek uchin in gowy zat garry, ors dayzalaryn nemesimika ? :D :D Bolsa-da kimin yakamasyna sokmalydygyny ha bilipsin, yashyrak turkmen gyzyn yakasyndan sokan bolsana... :)))

Shona dogry aytdin mergen..

Shona dogry aytdin mergen.. Indiki ka yash gyzlan yakalari garry ors ayallaryn yakalarindanam achyk-how tm'de..:)

Namemish modamysh..:)

men orslan nemesi diyjek

men orslan nemesi diyjek bolmadym.dine neme diyjek boldym

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

dr turkmen, ine sen yaly

dr turkmen, ine sen yaly garagol cagan biri :)))

hmmm masgara etmedahow.

hmmm masgara etmedahow.
yone men sho wagt ajygandyryn.mun yaly maksadym bolmadyk bolaymasa

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

Ajygan bolsan kellani

Ajygan bolsan kellani sokmalyda how, name uchin "lapat" edyan o dayzany ? :D

elim bilen chykarjak

elim bilen chykarjak bolandyrynda.ors dayzalaram bolsa kelle sygardan kiçirak how..

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

ukrainan bazarynda aylanyp

ukrainan bazarynda aylanyp yorkak oglan jigim ejemdir diyip bir hohlushka gyzyn elinden tutupdyr, kicijigem bolsa utanan bolupdy:)

menem gyz doganlarym we ejem

menem gyz doganlarym we ejem dagy kawagt yatlaya welin utanan bolyan....
ejem ony oylensen gelininede aydaryn diyip degishya kawagt

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

Ay, ahyry aytmaly etdiniz-ay

Ay, ahyry aytmaly etdiniz-ay :))
men entek emedekleyan wagtym, ejem dasharda danylgy itimizin yalagyna nahar guyup, iceri giripdir, menem emedeklap baryp, sho it bilen bile yalakdan "nahar" iyipdirin :)))... halem it degmandir, yogsa, naharyna yakynlashylsa yaman gaharlar-a gelya janawerlen...

4-5 yashlarymdakam, oydaki adamlaryn hemmesini zala yygnap (myhman-syhman bolsa-da), her haysynyn eline agac cemce berip olara "saz caldyryp", ozumem aydym aydyar ekenim :)), etmejek bolsalaram, atam pahyr zor bilen "saz caldyryan" eken beylekilere, ozem goshulyp :)))

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "hehe:) boljak oglan pilanisindan belli diyleni dogry ekeni:)"

bir gezek kichikam men

bir gezek kichikam men ustume gonshymyzyn golesi geldi.menem ondan gorkujuma elimi ona uzadypdyryn.olam gonshymyzyn ogly tarapyndan elini on manlayyna degirsen ol seni susyan edip ogrenishdirilipdir.gole men elimi goreninden sheyle bir bat alyp gelip susdu welin yzy yadymda dal.oza 1-2 sagat son ayanypdyryn welin dashymda oba mahellesi uyshayipdir ekeni.bir tarapdan ejem aglap otyr olensin oytdum diyip...son yatlasan hezil oza

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

meylis diyya na.. yere

meylis diyya na.. yere sereden yer gorkar diyyaler welin dogry öytyan.. me na senden çekinip ugradym..

yakynyma gelme

yakynyma gelme

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

yany çay goyupdym e-nedin

yany çay goyupdym e-nedin gapdalyndan içerin hezil edip diyip welin yatdan çykyp gidipdir.. çaynek pahyr sygyryp duran ekeni.. :G
----------------------------------------------------
Başa iş düşende hasratam gerek!
Yöne olam gerek öz çeni bilen!
Öz ilin hasratyn çekenin daldir,
Öz derdine aglap geçenin bilen!

biz gezek, 2 gyz bolup pul

biz gezek, 1nji 2nji klasda 2 gyz bolup pul goshup 1-2 manatdan prokadyn 2 sany hindi kino'ly kassetsyny aldyk..onam 2sini gormage razy bolman..ylgap oye gelip, 1njisini chalt chalt saradyp, aydymlaryny dagy gechirishdirip gorup yzyna eltipdik.."wii, dayy, muny gorupdirisa oon, biz bashgasyny alayaly" diyip..dayy'da ynanyp berdi. pulam almady. sheydip 3 kasseta..kate 4 kasseta gorup bilyadik..biz uchin shol wagt oz denlerimizin arasynda "sho kinolary gordum" ady bolup owunsek bolyady :)))

edil özi.. bizem barde

edil özi.. bizem barde türkmenler bilen sobrazim edemzde kino alyas bir iki sany we birini derrew kompyutere kopyalap yzyna eltip" Muny bizin kompyuter açmady ..we ş... m" bahanalar bilen berip tazesini alyp gaydyas.. onam oglanlar halamasa yene de çalşyp gelyas.. garaz hezil bolya

----------------------------------------------------
Söygi bar yerinde gülki hem gerek!
Yöne ol gerekdir öz çeni bilen!
Öz iline hözir berdigin daldir,
Dünyaden jakgyldap geçenin bilen!

Kino gormek uchin in sonky

Kino gormek uchin in sonky gezek hachan pul berenim yadymda dal, 3-4 yila bolandyr, islan zadymyzy diyen yaly inet'den alyp otyrys biza, mugtjak, ozem hilini ozumiz saylayas, owalky yaly Cam Rip dagy gorup yoremzok...

Mekdepde wagtymyz bolsa yakyndaky kasseta prokatdan alyadyk kinolary, ol yerde-de 3'sini alana 1'i mugt berilyadi, bizem onson sheydip 3 indiyskiy + 1 hollywood'ynky, ya-da 2-2 alyadyk, onam alanymyza gora gije gorjek bolup, 6-nje gunin dandanyna chenli goryadik, ondan sonam 9'daky sapaklarda uklasyp yatyrdyk :D
TV bilen video'ny terbiyechilerden sorashyp almagam 1 ayry dert, kopusi berenokdy, yone ahyr 1'ni tapyp, koplench 1 gizlinrak otaga girip goryadik :)))

...

f2.live4fun.ru/pictures/img_7454354_157_0.jpg
f2.live4fun.ru/pictures/img_7_3_0.jpg
f2.live4fun.ru/pictures/img_4528859_533_0.jpg
f2.live4fun.ru/pictures/img_5657586_25_0.jpg
f2.live4fun.ru/pictures/img_8269614_14_0.jpg
f1.live4fun.ru/pictures/img_3618846_385_0.jpg
f2.live4fun.ru/pictures/img_7_3_0.jpg

Казалось бы причем тут Владимир Владимирович?
f2.live4fun.ru/pictures/img_40900_68_0.jpg
f2.live4fun.ru/pictures/img_40900_68_0.jpg

Senin aydaninam dogry

Senin aydaninam dogry

Ashgabatdan gelyan firmanyn

Ashgabatdan gelyan firmanyn mashyny 1 dashary yurtlyny getiryarmish. Yolda zapravkada saklananda, suruji mashyndan chykypdyr we birneme eglenipdir. Bir gorse mashynyn golayynda 1 adam dashary yurtlydan bir zat sorap azar berip duranmysh. Surujem seretse, ol azar berip duran "narkoman yalyla..", "yolun bilen bol" diyip ugratjak bolupdyr. ol adam bolsa : dur how 100 dollar karz pul sorayan. Bersin hazir diyip duranmysh. dashary yurtly (hindistandan) ak saman bolupdyr gorkup..

men bir klasdasym bardy

men bir klasdasym bardy (erkek)oyde yeke oglan bolanson koplenc oyde bolmayady kakasam hemishe ishde oylerinde bolsa gyz doganlary ve ejesi dagy bolyady bir gun ishiklerindaki bakjada(ekinde) bir narkoman ir-iymislerden yolup alyp duran eken ejesi ona "gyw name etyan yok bol" diyipdir
narkoman bolsa
"gelneje bizem ac olmeli dala" diyipdir

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "çözdi:::P"

men 7-8 yaşlarymdakam

men 7-8 yaşlarymdakam başymdan güjükli bir waka geçdi. Obada tanymal bir köçe bar .. güjükli köçe .. oban in uly hem de dayaw hem de guduz hem de bet ... itleri umuman şo köçede saklanyarlar.. menem şo köçanin ayak ujundaky bir klasdaşymdan harplyk almaga gidyan.. günortanyn jokrama yssysynda.. harplyk bahana lay.. şolaryn video sy bardy welin arnold ya da nynjaly kino görmage baryan.. edil öylerinin arka tarapynda bolsa goçak alaşa (yap) bar. Gepin gysgasy suwa düşdük. kino gördük.. indem öye gaydyp baryan.. titrap titrap şo köçanin sonuna yetiberdim welin bir kiçijek gürji çykdy önümden.. olam gomparan bolup mana üyrüp başlady.. meninem özüme göwnüm yet ya da .. inda yzymdan yetmezler şo güjükler diyip halki gürja elimdaki daşy zyndym.. olam beter üyrmage başlady.. waratlarynyn içine çenli kowaladym gürjini.. ona çenli dayaw bir köpegin sesi geldi.. gyşa tayynlanan bedelerinin aşagyndaky kölegeden bir süri it çykdy.. menem bilyan bütin it atlaryny sanadym.. "alabay mo mo.. ajdar.. pelen.. garabay.. şarik .. tuzik... :P" ilki ylgamadylar.. başga tarapa seretdiler.. men bolsa pursatdan peydalanyp gaçyp ugradym.. ona çenli yzymdan yetdiler.. bir tarapyma seretsem yap.. kella bökmek geldi.. son bogulaysam natjek diyip , nam etjegimem bilman göni yere yatdym.. özümem ayak aldygyna aglayan.. yere de yüzin yatdym.. çemodandan çorbalyk alyp galdylar.. son yene azajyk yrsaradylar.. ona çenli bir gelneje çykyp güjüklerden halas etdi meni.. sonam dukdora ona muna.. ... başga güjükler bilen başdan geçirmesi bolan agza barmy::::::P

bayram bar.. gurrun

bayram bar.. gurrun beripdi..:)

it meni dishlapdi

men on 1nji klasdady oydyan itden gorkyan wagtym gonshymyzyn "alabay" diyen iti dishlapdi ayagymdan. gaty erbet bolupdym, ay dogtora zadam gitdim. duyshume girip gorkup turyadym. son sonlar name uchindir itden gorkman bashladim :) degmesen degmeyandirem olar. kim bilya, shol wagt ilki oynajak bolup dependirin, bir zat edendirin..

gulup hezil etdimow

gulup hezil etdimow


etmane bashga ish tapmadyk yali:D kitaphanada edilen, ses chikarmak bolanok=))

Munyn yzyny alyp goterdiler

Munyn yzyny alyp goterdiler kop yurt'da, orslaryn
MTV'sinde-de "Tihiye igry" diyip chykaryadylar..

yene okap gulup hezil edeli

yene okap gulup hezil edeli :) eh, birmahal aktiw yazyadyk..gowyday shol gunler..

edil özi... men dagyn gaty

edil özi... men dagyn gaty aktiw yazyan ekenim.. yene de azajyk yazayyn.. bir okuwçymyz bilen bilelikde bir magazine gitdik.. bizem yany Türkmenistandan (Boston'a) Amerika gelemizson kan adamlar bilen gepleşemzogam.. okuwçym eşik aldy hem de barlamaga girdi.. ay garaz eşik çalşylyan yerden çykyp men bilen gepleşip başlady.. yanymyza Amerikan biri geldi.. içinde adam barmy diyip inlisce sorady.. olam derrew gomporan bolup "no " diydi.. olam bize seretdi de " how do you know?" nadip bilyaniz diydi inlisçelap.. olam aljyrady da türkmençelap "yanja özüm çykdym " diydi.. halki pahyr hayran galya.. :D gülmeli yeri..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "hahah gyzyk eken"