Belli bir "edep-ahlak çaklerinde"mi ya-da...

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Eger bir aybi yok bolsa sözüming başynda erkin pikir yöretmek we şol erkin pikirleri erkin dil bilen beyan etmekde "edep-ahlak serhedi çakleri"ning çaklerini çyzmaga synanyşjak...
Hiçbir şahs(lar)a göni ya-da göçme manyda aryna,namysyna, dinine we ynanjyna howup salmajak ya-da zeper yetirmejek dozada aydylan sözlering ahlisi "edep-ahlak serhedi çakleri"ning içine giryar. Şolardan galanyna welin "edep serhed"ining işigindenem seretdirilmeyar...
İndi bolsa geleli "samsyk kanun" gürrüngine... ynanç haty hakyndaky kanuna "samsyk kanun" diymek "edep-ahlak çak"lerine giryarmi?!
Türkmenistanda bilişimiz yaly kanunlar "kanun" kabul edilmezden onürti "Yaşulylar Maslahaty"nda 3000 sany we halk wekilleri hasaplanan aksakallara hödürlenilyar. Eger aglabasy kabul diyip "ses" beren yagdayinda kanun prezidenting gol çekmegi bilen yörarlige giryar. Türkmenistanyng çaginden bir yetginjeging özbaşyna çykyp bilmegi üçin 18 yaşini dolduran bolmasy-da şol kanunlardan biri. İndi şol kanuna "samsyk" diymeklik bilen 3000 sany aksakalyng şahsyna(aklyna) dilhaty arkaly hüjüm etmek dal-de name? Eger "hawa" bolsa bu hereket "edep-ahlak serhedining çak"lerine giryarmi?! Eysem şol köpçülüging halamadyk kanunyna "samsyk kanun" diymeging yerine "edep-ahlak çakleri" içinde narazylyk bildirmek şeyle kynmyka?
Eger üns berilse bu wakanyng Daniyada Kabir Gazetlering Hz.Muhammed(sav)ing şahsyny karikatur arkaly ynjydan waka bilen menzeşligi açaçan ortada. Karikaturlara goldaw berenler-de "Erkin pikirlenme we pikirlerimizi beyan etmek hakymyz bar" diyip aklandylar. Karikatur wakasyndan sonra-da dünya musulmanlary narazylygyny bildirmek üçin köçelere çykdy. Sebabi name bolup biler?! Yeke tak sebabi bar, olam çyzylan karikaturlaryng edep-ahlak çaklerine sygmayanlygy.
"samsyk kanun" gürrüngi üsti bilen 3000 sany yaşula dil yetiryanligine akyl yetirip bilmedikler-de, edep-ahlak çakleri içerisinde hereket edyandirin öydüp özlerini aklamakçy bolyar. Şol sanda halkdan saylanan we halkyng wekilleri hasaplanan yaşulylara "samsyk" diymek bilen Türkmenistanyng ahli rayatlaryna(özleri bar içinde) dil yetiryandiklerini duyduran çykmasa özlerinden bilmeleri köp wagt alarmyka diyyan.
Meni tanamayanlaryng hat-da hiç görmediklerinig mana samsyk diymelerini hiç islamok...

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

submarine

submarine
Meniň saňa garşylygym ýok welin, eýýäm ikinji gezek birine ýazan ýa ýazjak jogabyňy aýratyn tema edip açýaňla? Şu ýazgyny başga ýerde-de gördüm. Beýtmesene, gaýrat et.
"Edep çäkleri"? Edep çäklerini kim kesgitleýä? Eger şol edep çägi bar bolsa, onda "maňa moral taýdan zyýan berdi aýdanlary" diýip suda beräý adam hukuklary boýunça.
Muhammet Pygambere karikatura bilen "samsyk kanun" diýilmegi bolsa nädip deňeşdirýäň düşünemok. Sen şeýle konstitusiýany goldaýanmy? Onda näme üçin seniň şu ýerde şony tankyt edip tema açanyňy görmedik geçen ýyl Berdimuhammedow prezidentlige kandidat bolanda? Şolama kanun boýunça kandidat bolup bilenokdy?
Maýdaçyl bolma, samsyk kanun gaty köp. Türkmenistanda däl, dünýdä köp. Ideala ýakynlaşjak bolýa her sistema. Biziň sistemamyz idealdan gaty uzak, dünýäniň köp döwledine görä samsyk kanunlarymyz has kän. Eger prezidentiň kanuny basgylap ýörenini görmän(öňki ömürlik prezident boldy we ş.m.), biriniň alaçsyzlykdan ýaňa "samsyk kanun" diýýänini görýän bolsaň, onda aýdara gepem ýok.
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

:)))

men bu sahypa agza bolanyma 50 den gowrak hepde boldy, emma bu sahypada iki hepde ön pikirlerimi yazip başladym. Eger sahypanyng şeyle köp üns çekyanini bilen bolsam in az 49 hepde ön yazip başlardym pikirlerimi. Berdimuhammedowyn prezident bolmagy hakyndaky pikirlerimem yazardim wagtinda.
Konstitusiyany goldayanlygymy kimden eşitding ony-da bilemok. Konstitusiyany goldaman bilerin emma hormat goyyan. Yazgylarymyn asyl sebabi konstitusiya gelişmejek sözlering sarp edilmegidi. Goldamadygynga garşylyk bildirmeginem yol yordamy bar ahyryn ya-da men yalnişyanmikam))

Aý biljek däl welin,

Aý biljek däl welin, kanunlar, konstitusiýa hemme ýurtlarda-da üýtgedilip dur ýyllar boýy. Diýmek kanunlar doly düzüw däl. Arasynda samsyk kanunlaram bardyr hökman
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

Kanunlar üýtgedilip dur,

Kanunlar üýtgedilip dur, diýmek olar bir ideal zat däl. Olara beýle seretmek gerek däl. Döwlediň kanunlary diniň parzlary, Allanyň kanunlary ýaly däl, günde üýtgäp duran zatlar.
Pensiýany aýyrdylar. Biderek, belki samsyk kanun bilen aýyrdylar. Indem gaýdyp berdiler. Indi pensiýany aýyrmak samsykmy, gaýdyp bermek?
Okuwlaryň 9 ýyllygy samsyk kanundy. Indem täzeden 10 ýyllyk. Saňa görä haýsysy samsyk?
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

samsyk kanun bolsa samsyk

samsyk kanun bolsa samsyk kanun diymeli bolar.ya name diymelika.......................

Haha..:) Shu Mergen bilen

Haha..:) Shu Mergen bilen Bayramyn jedel edish stilini halayan.. Chuyleyarler ikisem.. Yone ikisi garshilashsa has gizikli bolyar..

Biri sheyle bir gurleyar welin "bu gepin ustune beyleki indi aydara gepem tapmaz imho" diyip otyrkam, beyle goranisha gecyar welin onun goranishmy ya attack'digindan shubhelenip bashlayan..

Aslinda her yere gerek sheyle adamlar.. Mergen we Bayram yali hem argumentli gurlemegin hem-de jedel sungatynyn ince ayratinliklarindan habardar bolan adamlar.. Eshidisime gora oyun programmalayan firmalar oyuni/programmani tayyarlap goybermanka kabir wunderkid'lara pul toleyarmishler shol zadyn kemciligini tapmak uchin..

Ine men TM'da kanun goyuji bolan bolsam hokman bu iki yash(?) yigidi sheyle ish bilen wezipelendirerdim.. Ynha sana kanun yazgisi.. Gor hany diyip onune oklardim..:)

Garaz halayan sheyle adamlary.. Berekella...:)

Oyuni barlayan bolmak

Oyuni barlayan bolmak islardim :D
Esasanam futbol oyunlaryny ya mashyn chapyshygy.
Tankyt bolsa... tankydyn gerekliginin chagi yok. Bir eseri, bir kanuny, bir karary we sh. m. We tankyt chaklendirilmeli dal "dine shuny edyanler tankyt edip bilya" diyip, eger shol eser, ish kopchulige goylan bolsa, ya tasir edyan bolsa.
Dowlet bir zat etse, shony shol dowledin her rayady, dayhan bolsun, adikchi bolsun, bashga yurtda okap yoren yash oglan bolsun we sh. m. tankyt edip bilmeli.
Meselem, ylmy makala yazlanda "peer review" diyen sistema bar. Yagny yazlan makala, jurnala gora, koplench 3 ylmy grupba tankyt uchin iberilyar. Olaram argumentli tankyt edyaler we gowy bolsa gowy, kemchilikli bolsa kemchiliklerini aydya. Sheydip makala ya chap edilya, ya yzyna iberilyar, sebaplerem gorkezilip.
Edil sheyle-de kino, aydym-saz, tehnika review'lary internet doly. Shonam "tankytlan" ya "tankytlaman" diyyan yok, tankydyn gerekligi "tebigy". Yone gel-gel Turkmenistana gezek gelende, ya bashga bir bizinki yaly hokumetli sistema gerek gelende, tankydy edyanleri tankyt edyaler :D Turkmenistan gazedinin makalasy ideal bolaymaly, hokumedin kararam, otlylaryn ishleyshem, otly kassasy hem...
Bizde bir sany "Huday tarapyndan berlen tankytchy" bar, olam... ol kim? Kim bilmeshek oynaly :D
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

Tankytchy diyyanin Onjuk

Tankytchy diyyanin Onjuk Musayevich bolaymasyn? :) :) :) :) :)

******************************************
"Ulydyryn oytme etseler taryp,
Kichidirin oytme peseltse gorip,
Ne uly, ne kichi, ne bay, ne garyp,
Tuys baryp yatany, shu bolshun besdir..."

Onjuk Musayewiçiň ömür

Onjuk Musayewiçiň ömür tankyt edenini göremok, öwüp gezýä. Türkmenistanda ýüňli döşüni görkezip, iliň öňünde tankyt edip bilýän diňe prezident bar. Öň öňki, häzir häzirki
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

menem Onjuk barada prikol

menem Onjuk barada prikol uchin aytdimlay...yogsamam bilmeyan yokla onun in okde tankytchydygyny (??? )...:( :)
******************************************
"Ulydyryn oytme etseler taryp,
Kichidirin oytme peseltse gorip,
Ne uly, ne kichi, ne bay, ne garyp,
Tuys baryp yatany, shu bolshun besdir..."

dogry gadyr!meninem hemme

dogry gadyr!meninem hemme wagt unsimi cekyaler...

" Türkmenistanda iki sany

" Türkmenistanda iki sany erkek bar : bira edenini etyar , birem diyenini diyyar " diyip Nuryşkanyn degişmejigi bolmaly .
Belkide Nuryşka bolmasyn Bayram .Yöne ol pahyr boldy .Yatan eyri yagty bolsun ...

---------------------------------------------------
"Sagat dili gylyç,
Kesip dur ömri"

SUBMARINE

SUBMARINE men sana jogaby o blogda yazypdym! okagyn gayrat edip