Garaşsyzlyk üçin gan döküldimi?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Bir tanyşym şey diyipdi: "Türkmen halky watanyn garaşsyzlygy üçin gan dökmedi, ana şon üçinem watançy (patriot) adam yaman az. Halkyn aglaba bölümi "watany dalde garnyny" pikir edyar, şon üçinem para almakdan, ogurlamakdan, aldamakdan, umuman öz watanyny talamakdan utananoklar..."

Düynem bir dostum: "Türkmen halkyna "hakyky gahryman" gerek, halkyn tarapyny tutsun, halk üçin yaşasyn. Ana şo gahrymanyn gören kynçylyklaryny, belkem öldürülmegini gören halk, mysal alyp watançy bolup biler." diyip pikrini aytdy.

Watanyn garaşsyzlygy üçin gan döken halklary synlanda, adamlaryn patriotizmini anyk görüp bolar.

Watançylyk düşünjesinin Germaniya, Yaponiya, Türkiya we başga döwletleri nenen öne alyp barandygyny görmek mümkin.

Sizin pikrinizçe, döwlet edaralarynda işlap Türkmenistany talayan adamlaryn watançy bolmazlygyn sebabi "gansyzlyk" bolup bilermi?

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gowy yazypsyn!"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Kopdan bari acjak bolup yordum.Gaty onat"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Yolda yörap baryakak tapan

Yolda yörap baryakak tapan pulumyzyn gadryny bilyas mi, yada işlap-derlap gazanan pulumyzynmy?

---
All our lives we sweat and save
Building for a shallow grave ...

bäh :)

monte_kristo wrote:

Bir tanyşym şey diyipdi: "Türkmen halky watanyn garaşsyzlygy üçin gan dökmedi, ana şon üçinem watançy (patriot) adam yaman az. Halkyn aglaba bölümi "watany dalde garnyny" pikir edyar, şon üçinem para almakdan, ogurlamakdan, aldamakdan, umuman öz watanyny talamakdan utananoklar..."

erbet diýipdir-eý :) Umuman, goşulýan!

Quote:

Düynem bir dostum: "Türkmen halkyna "hakyky gahryman" gerek, halkyn tarapyny tutsun, halk üçin yaşasyn. Ana şo gahrymanyn gören kynçylyklaryny, belkem öldürülmegini gören halk, mysal alyp watançy bolup biler." diyip pikrini aytdy.

halk gahrymanlary gerek, hatda, wajyp welin, beýdip öldürilmek we halky oýarmak pikirine goşulamok. Bolsa-da ýeserje dostlaryň bar ekeni :)

Quote:

Watanyn garaşsyzlygy üçin gan döken halklary synlanda, adamlaryn patriotizmini anyk görüp bolar.

Braweheart-y bilýändirler şu Şotlandlar, ýöne häzrki döwürde şeýle güýçli milliýetçileri bar diýip bilemok men-ä! Elbetde, şol waka bolan wagtlar we ondan soňky ýakyn wagtlar täsiri bolandyr, häzir welin ýok. Bulam ýokarda goşulmdyk bölümimi tassyklaýan ýaly-ha görünýär welin, aslynda, beýle däl pikirimçe, ölmek/öldürmek wajyp däl, onuň daşyndanam oňat zatlar edilse bolar!

Quote:

Watançylyk düşünjesinin Germaniya, Yaponiya, Türkiya we başga döwletleri nenen öne alyp barandygyny görmek mümkin.

Hawa, goşulýýan! Oňat mysallar.

Quote:

Sizin pikrinizçe, döwlet edaralarynda işlap Türkmenistany talayan adamlaryn watançy bolmazlygyn sebabi "gansyzlyk" bolup bilermi?

Ýok, bolup bilmez :)
Asyl sebäp kämil bolmadyk imandamyka diýýän. Allah söýgüsi, şol bir sanda, Allah gorkusy bar bolan bir jogapkär para almaz, nankörlük, zulum, ogurlyk we ş.m. etmezmikä diýýän!
Kämil imany ählimiz üçin dilemek we :"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Quote: Asyl sebäp kämil

Quote:

Asyl sebäp kämil bolmadyk imandamyka diýýän. Allah söýgüsi, şol bir sanda, Allah gorkusy bar bolan bir jogapkär para almaz, nankörlük, zulum, ogurlyk we ş.m. etmezmikä diýýän!

Atamyrat aga, men Yslamyň we Hudaýa imanyň seniň aýdan kemçilikleriňe çäre bolup biljegine ynanýan.
ÝÖNE ol hiç haçanam "asyl sebäp" däl. Näme, Seferiň beren mysallary, Ýaponiýa we Germaniýa, belki Amerikanam goşarys, imanly adamlar bilen dolumy? Yslam barmy? Olaryň ýolbaşçysynyň gursagynda Alla gorkusy barmy?
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

Quote: Ýaponiýa we

Quote:

Ýaponiýa we Germaniýa, belki Amerikanam goşarys, imanly adamlar bilen dolumy? Yslam barmy? Olaryň ýolbaşçysynyň gursagynda Alla gorkusy barmy?

Dogry aydyan Bayram aga, olarda Alla gorkysy, iman yaly zatlar yokdur, yöne ...

Olarda bizin dinimizin wagyz edyan princip we kriterilary bar. Halal işlemek, arassaçylyk, dogruçyl bolmak, punktuallyk, ... yaly "sypat"lar Yslam dininin esasy principlarynda bar.

Türk marşyny yazan şahyr Mehmet Akif Ersoy, Ewropa gidip gelenson, ondan "Otaylary nahili?" diyip sorayalar, Mehmet Ersoyam: "Yaşayyşlary dinimiz yaly, yaşayşymyz olan dinleri yaly." diyip jogap beryar.

---
All our lives we sweat and save
Building for a shallow grave...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Hawa, menem shony aytjak

Hawa, menem shony aytjak bolyan. Esasy zat moral prinsipler. Atamyrat aganyn aydany men uchin erbet dal, gowy. Yone onun aydanyndan "her yolbashchymyzy musulman etmeli, shonda gowy bolar" diyen yaly many chykarsan bolya. Adamlary dine salmak ya zorlamak gerek dal, moral prinsipleri bolan adam, nahili dindenem bolsa, hatda ateistem bolsa, bolya.
Jemgyetde moral prinsipleri her kimden talap etsen bolya, dini bolsa talap edip bolanok! Biz yolbashchylardan gowy musulman bolmaklaryny talap edip bilmeris, yone moral prinsipleri, halal ishlemegi talap edip bileris!
Men ozume galsa, ekonomikadan gowy bilyan, halal we ishennir Yewropalyny, dinine seretman, getirmage tayin bolardym, prezident bolsadym.
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • melike 1 telpek goyyar we yazyar: "günün bırınde senı Prezıdent saylowlarynda görmek nesıp eysın,Lebap senın bılen!"

Bayram, men dineje "musulman

Bayram, men dineje "musulman bolmaly" diymedim-a, "kamil iman" diydim, bulam hemme dinlerde bolshy yaly, shol ulkelerdaki ka jogapkarlerin dinlerinde-de bolup biler, Yaponyany-ha takyk biljek dal, yone beyleki osen ulkelerin aglabasynyn dini Hristiyanlyk. Hristiyanlarda-da "kamil iman"ly jogapkarler kan, yagny, "mominler".
Elbetde, in tasirlisi hem sholmuka diyyan pikirimce, yogsa, senin aydanlarynam hem wajyp. Kamil imanly bolubam, zat bilmese, onda name peydasy bolar ya-da na derejede bolar bu babatda?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Yewropa yurtlarynda

Yewropa yurtlarynda Hristiyanlyk gaty ejizledi sonky dowur, Yaponlara dinsiz kopusi. Amerikanlar yene-yene dindar bolsalaram, olarynam dindarlygy soraglanyp boljak derejede, Men pikirimche, osen dowletlerin kopusunde moral prinsiplere, elbetde Alla ynanyanlar we ynanmayanlar bilelikde, uyup osdurdiler.
HAtda musulman kitaplaryn birinde "Yewropa Hristiyanlykdan uzaklashyp osdi, biz musulmanlykdan uzaklashyp chokduk" diyyar. Bilemok ylalashyp bolyamy doly manyda. Yone hakykatdanam, Hristiyanlyk sonky 2-3 asyrda uytgedi we gowshady adamlaryn arasynda, gumanizm yaly hereketlerem mowjedi. Netijede Yewropa one gitdi.
Gysgacha aytsam, men dindarlyk ya iman bilen baglap bilemok Yewropa we Yaponiyanyn parlap osmegini. Olar moral prinsiplerini, gumanizmi, adama we pikirine hormady zady osdurdiler, muna gep yok
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: ""Yewropa Hristiyanlykdan uzaklashyp osdi, biz musulmanlykdan uzaklashyp chokduk" "

şol diýýän

şol diýýän aýratynlyklaryňy nireden aldylarka/öwrendilerkä olar, Baýram!?

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Aý umuman adamçylyk

Aý umuman adamçylyk renessans döwründen soň ylym-bilim bilen ösüpdi.
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

Aý, garaz "iman"

Aý, garaz "iman" diýmed-ä:)

Mümkin, şeýle hem bolandyr, ýöne Ronesans alymlarynyň içinde-de imanlylarynyň bolmagy uly ähtimal. Hormat, ýalan sözlemezlik, wada wepalylyk we ş.m. aýratynlyklary iň oňat ýagdaýda ýerine ýetirmek hem şoň bnn baglanyşykly bolsa gerek. Ýogsa pul ýa "stol" görsem, gäbim azjak bolup duryn men-ä, alymlaram men çopandan üýtgeşik dämikä diýýän bu babatda?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Nähili "iman

Nähili "iman diýmedä"?
Atamyrat aga seň sentimentleriňe düşünemok. Renessans döwründe alymlar tutulyp oda ýakylýady Ýewropada, Ýaponiýada öňem, häzirem üýtgeşik imanly adam bara meňzänok.
Meni dine garşy görme. Ýöne moral prinsipleriň gerekligi her pikir edene mälim. Muny akyldarlar, filosoflar, azat pikir edýänlerem Renessans döwründe öňe süripdirler.
Arasynda dine ynananlary barmydyr? Bardyr!
Ýöne meň bar aýtjak bolýan zadym, din-iman gowy ýolbaşçy bolmagyň üçin hökmany şert däl. Dinsiz, imansyz bolan ýolbaşçam parahor ýa biderek boljagyna garantiýa berenok. Hany bir taryha göz aýla dindar, hudaýhon patyşalaryň, soltanlaryň, imperatorlaryň edenini göreňokmy?!
Dilinde Alla, elinde tesbi, bereni sadaka... eden bokçulyklaryna it düşünmeýä ýöne. Taryh näme, edil häzirki arab ýurtlarynyň köpüsiniň ýolbaşçylaryna seret, özümiziňkilere seret, tabiin we tebe-tabiin döwrüniň hökümdarlaryna seret.
A beýleki tarapdan ýaponlara seret, bir topar gowy adamçylykly ateist alymlara seret.
Moral prinsipiň gözbaşy din bolup biler. Ýöne bu başga jedel
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Goşulyas mena!"

Baýram, umuman,

Baýram, umuman, ýazanlaryň dogry, garşylygym ýok!
Meniň aýtmak isleýän ýagdaýym hem şu:
Şol gözel ahlaklar diniň/imanyň emri/öwretmegi arkaly ynsanlar bildi.
Ýöne, ynha, seňem aýdyşyň ýaly, şol häsiýetlere eýe bolubam, Biribara ynanmaýan näçe alym öz ugurlaryndan başarnykly boldy, hatda, ülke jogapkärlerinden birnäçesi hem.
Imanly ülke jogapkär;erinden hem başarnyk, adalat babatda mysal köp. Bu babatda başda pygamberimiz(SAW) bolmak bn birlikde, ilkinji halypalar, tabiin, tebe-i tabiin, Seljukly Imperiýasyndan, Osmanly Imperiýasyndan,.., mysallar bar.

Men seni dine garşy edip görkezmedimem, şeýle kabul hem etmedim. Diýýänleriňem aglabasyna goşulýaryn.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

dogry her halk üçin hatda

dogry her halk üçin hatda we hutda her adamada - şahsyyetede gahryman gerek

çagalykdan her çagan öz gahrymany bolyar - şona göra şekil alyar düyş göryar - hereket etyar...

edl şeylede çaga naçe ulalsada yene ruhy şo bir ruh , elmydama gahrymana mataç
ony dürtüp durjak,oda berjek gahryman gerek
gyzlara bolsa in gowy gahrymnan arleridir:) ol men gahrymanym diyip M.J--e çykasy gelyan münlerçe gyz bar
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

"Urup-yenjip, kesip-biçip,

"Urup-yenjip, kesip-biçip, gan döküp gahryman döretmeli!" diyip pikir edemok menem, yöne "Halk we watany üçin kynçylyk gören şeyle bir gahryman bolsady, adamlara mysal bolardy." diyip pikir edyan.

Öz dawalaryny yayjak bolyan ahli adamlara seretsek, olaryn "taryhda, geçmişde" bolup geçen pidagarlik mysallary beryandiklerini görers. Hristianlar üçin "İsa Pygamberin haça gerilmegi", Musulmanlar üçin "kapyrlara garşy söweşen şehitler baradaky rowayatlary", Türkler üçin "Çanakgalada dökülen ganyn derya bolup akmagy" ... yaly faktlar öz dawalarynyn (din, ideologiya, princip, watan) nenen "beyik"digini görkezmek üçin ulanylyar.

Mysal üçin: "Eger-de türkmen halky, SSSR-den ayrylmanka orslar bilen birazajyk urşan bolsa, şugünler öz ata-watanynyn gadryny has gowy bilerdi." diyip pikir edyan.

---
All our lives we sweat and save
Building for a shallow grave...

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Dogry aydyan"

Gahryman gerek bolsa

Gahryman gerek bolsa bizde-de gahrymanlar az dal. Taryhymyzda oz topraklarymyz uchin soweshen beyik serdarlar, serkerdelerden edil shu wagt yadima dushyanler Gowshut han, Eziz han, Nurberdi han, Chapyk serdar we olardan bashga-da at ustunde bolmasa-da akyl-payhas bilen soweshenler Magtymguly, Zelili, Kemine, Durdygylych, Garajaoglan we shm. Bular bizin shu gunki gunumiz uchin kan soweship pida bolan shahsyyetler. Bularyn eden ishleri bizin taryh arhiwlerimizden ogurlandy ya-da bilgeshleyin yok edildi Ruslar tarapindan sonra bolsa olar bize dushman hokmunde tanadyldy yene-de shol orslar tarapindan. shonun uchin shu wagtky yolbashcylar bu beyik shahsyyetleri kan tananoklar ya-da indiden son tanamak hem ishlanoklar. Chaga wagtlary olaryn anyna guyulan, dasha yazylan dek pikirleri unutmak gaty kyn bolmaly. onsonam SSSR'in kommunist sistemasinda yetishen bu adamlar uchin cholde suwsap cheshma yeten yaly boldy birden eline muncha baylyk we wezipe gechdi welin. SSSR dowrunde bu zatlar gaty pugta kontrol edilyardi, kimin nache mashini bar, oyi bar ya-da bashga emlakleri bar bolsa. indi bolsa kim chalt bayamashak ya-da kim kop bayamashak oynalyan yali turkmenstanda. Nira barsan shol gurrunler edilyar. Kerim agan goshgusynda aydyanyny dinleyanem yoga indi:
Basharsan koplugin ichine garysh
Tanyshdan dost tutun, yatlardan tanysh
Jigulin icinde gozleme durmush
Kopluk bilen awtobusa munup git.
awtobusa munmek hamala kichilik gorulyar kabir baysumaklaryn, pulun gadryny bimeyanlerin we halal zahmet bilen gazanmayanlaryn arasynda. menin bu aydanyma ashgabatda okan oglanlar has gowy dushunyandir.

Ononam Atamyrat aganyn aygyshy yaly patriot bolmak uchin hokman gan dokmek ya-da urushmak zerur dal. Esasy zat imanly, wyjdanly, ahlakly we adamlara peydaly bolup yashmagy basharmak. Ynha bizin halkymyzyn kopusinde shu an-dushunje pesligi bar. Gurbannazar Ezizow bu barada gaty sada dilde beyan edyar:
Il derdine ters bakmadim,
Ony dushdan gechirmedim
Gonshymyn ichin yakmadym
Hem oduny ochurmedim.

Ach bolmadym yone welin,
Doklugymdan gagirmedim
Yigit kimin soydum ili
"Soyyan" diyip gygyrmadym.

Men senin aydanlaryn kop bolegine goshulyan, gahrymanlar elmydama gerek.
biz urushsyz, sowushsiz Garashsyz bolanymyza nache shukur etsegem azmyka diyyan. Politikada ulanilyan sozler bar "WAR NEVER PAYS" ya-da "In wars, there is no victory, but only varying degrees of defeat".
Umuman menin aytmak isleyan zadym, halkymyzyn taryhda yashap gechen gahrymanlaryny one chykarmaly, oalr barada teleyaylymlarda koprak gurrun bermeli, kinolar chykarmaly we yashlarymyzyn indi sowesh bilen dal-de ylym, doredijilik bilen watana peydaly boljakdyklaryny undemeli.

******************************************
"Ulydyryn oytme etseler taryp,
Kichidirin oytme peseltse gorip,
Ne uly, ne kichi, ne bay, ne garyp,
Tuys baryp yatany, shu bolshun besdir..."

Umuman dogry aýdýaň

Umuman dogry aýdýaň welin, sen has çuň taryhyň gürrüňini edýäň "...Gowshut han, Eziz han, Nurberdi han, Chapyk serdar we olardan bashga-da at ustunde bolmasa-da akyl-payhas bilen soweshenler Magtymguly, Zelili, Kemine, Durdygylych, Garajaoglan we shm..." diýip.
HÄzirki nesil, halkymyz olary özlerine gowja baglap bilenoga. Hany şol Seferiň aýdyşy ýaly giden gan özüne degipjik dursa, meselem, kakasy ýa babasy ýa-da özi urşa gatnaşan!

-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

Seninkem dogry :) yone gan

Seninkem dogry :)
yone gan dokmani hem watansoyerler yetishdirmek mumkinmika diyyan. onda-da turkmenistanda, sebabi bary-yogy 5million halkymyz bar, olaram soweshen bolsa onda bu wagt Turkmenistan nahili bolardy kim bilyar!!!
Hazirem wagtynda "Bitarap" bolayipdyrys. yogsam bizinem Owganystandan ya-da Yrakdan kan bir tapawudymyz bolmazdymyka diyyan kawagt. Amerikada 11nji sentyabr, 2001-de bolan waka barada munlerche documentary chykaryldy. bulara ynanmak hem ansat hem kyn. ansatlygynyn sebabi biz shol conspiracy theory'lara ynanmak isleyaris. yagny shol wakanyn esasy sebabi Amerikadygy barada, kynlygynyn sebabi bolsa munun yaly conspiracy theory'lary subut ediip bolmajaklygy barada (belki geljekde subut edip boljak deliller tapylar). men arada shol documentarylaryn birine gabat geldim welin hayran galdym, Turkmenistan we Orta Aziyadaky beyleki dowletler uchin Amerikanyn planlary barada gurrun berilyar video'nyn esasy boleginde. sizem bir seredin isleseniz "Truth and Lies of 9/11" bolmaly yalnyshmasam. Huday jan urushdanam, sowushdenem uzak tutawersin ahli yer yuzuni!!!
Bizin shu internet sahypamyza giryan oglandyr gyzlaryn kopusi dashary yurtlarda okan we dunya garayshy gin yashlar. In bolmanda dashary yurtlarda dowlet yolbashcylarynyn halka peydaly bolmak uchin ishleyandigini gorendirler. Dowletin dolandyrylyshynyn yolbashcylara bagly dal-de, eysem belli bir duzulen sistema gora ishleyandigine shayat bolandyrlar. Nesip bolsa gysga wagtda shu yashlar yokary wezipelere gechseler oz-ozunden hem duzelip bashlar. yone natjek sabyrly bolmak kyn, biz derrew duzelmegini isleyaris.
Arada Tajigistanyn Prezidenti chykysh etdi Washingtonda, shonda onun aydan zady sheylerak" Bizin shu wagtky in uly problemamyz dashary yurtlara okamaga giden yashlarymyzy yzyna getirmek. Biz olara amatly shertler doretmek uchin elimizden gelenini gaygyrmarys, yone hokman olary yzyna dolandyrjak bolarys" By yone-mone soz dal, onda-da bir dowletin yolbashchysynyn agzyndan chykanda. Indi biz bir pikir edelin, hany bizin yashlarymyz?
bu zatlaryn hemmesi gaty baglanyshykly. Onun uchin yoldashlar gayrat edip elimizdaki mumkinchiliklerin gymmatyny, gadryny yitirmankak bilelin, bildirelin bilmeyanlere!?!?!?
aA aganyn goyan "Babasary Annamyradow" baradaky blogy menin pikirmche uly osush we cunnur manyly sozler:). shonun yaly yashulylarymyzyn shu temadaky pikirlerini hem alyp bolmazmyka!?

******************************************
"Ulydyryn oytme etseler taryp,
Kichidirin oytme peseltse gorip,
Ne uly, ne kichi, ne bay, ne garyp,
Tuys baryp yatany, shu bolshun besdir..."

Men ýazanlaryňy okadym we

Men ýazanlaryňy okadym we belli bir derejede goşulýan saňa monte_kristo. Ýöne ine Amerika ýaly ýurtda "öz ýurdym üçin uruşýan" diýip urşa gidip, soň gaýdyp gelen weteranlar öz ýurduna öýkeleýäler. Sebäbi... görseler hiç kimiň piňine-de däl, meselem Wýetnam ýa Yrak urşy ýa başga. Şoň üçin uruş bolanda, belki halkdan her kime degse, her kim şoň täsirini duýsa, onda seň aýdanlaryň gaty dogry bolar. Edil şol damara basybermeli gaza getirjek bolsaň :)
Birem urşa gatnaşan ýa uruş döwrüniň adamlarynda elbetde özlerine talap, birem öz ýurdundan talap bar. Özlerine talap "şu ýurt üçin söweşdik, şu ýurt üçinem söweşeris" diýen belki ideal bar. Döwletdenem talap "bu ýurt şagallara şam bolsun diýip söweşmedik! Kimem bolsa almytyny alar" diýýäler. Olar belki öz haky, ýurdy üçin döwletden talap edip biljek adamlar.
Häzirkiler näme? Häzirkiler gorkýalar. "Birden aýdan gepim artyk bolsa, onsoň hiç kimem meni goldamasa, menem kyn günlere düşsem, garyndaşlarymam kyn günlere düşse". Ine bar gaýgy
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

Gahryman bu gunde bar

Bizde watan gahrymanlary bu gunler hem bar, emma olar hakda gurrun etmeyarler ya-da gurrun etmek gadaganmy... Gahrymanlar kopelse halap barylmayan yaly gorunyar... Men bilshime gora bizin serhetlerimisi gorap wepat bolyan yash turkmen esgerleri bar...kontrabanditler bilen soweshyarlermi..narkotik getiryanler bilen urushyarlarmy, garaz watan uchin wepat bolyarlar...olar pul uchin ya-da garnyny doldurmak uchin olmeyarler...yone biz olary tanamayarys...watan uchin jan beryan bashgalarda bar bolmagy mumkin...yagny bir ya-ada bir nache bendelering janyny, emlagini ot belasyndan gorayan ot sondurijilermi...garaz gozlesen olar kopdur...yoen biz olary tanamayarys...

Geping gysgasy watanchy bolmak uchin kop zat gerek dal.. ol hakda Gurbannazar sheyle diyipdir:

Söýme Watanyňy gursagňa guýup,
Eneňi söýşüň dek söýüber onam.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekellah! Näbelli gahrymanlarymyz bar, ýöne biz bilemzok!"

Gahryman gerek we aslinda

Gahryman gerek we aslinda baram shol gahrimanlar hazirki dowurde-de.. Sefer'in aydanlarina doly goshulmak bilen, mesela bashgarak penjireden seredip gorsek nadya?

Men pikirimche 2 sani chagasini butin negatiwni wakalara garamazdan gorap saklamak, eklemek uchin dish-dyrnak bolup yoren bir ene yeterlik ol gahrimanchilik uchin..

Yone bizin media'miz sholaryn durmushini filmleshdirip, makalalashdirip yazilmagina rugsat bermeyar..

Erkin we akilli payhasli politika bilen yoreyan metbugat bize gaty kop hyzmat ederdi imho..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Durdy 1 telpek goyyar we yazyar: "Eneler uchin!!!"

Quote: Yone bizin media'miz

Quote:

Yone bizin media'miz sholaryn durmushini filmleshdirip, makalalashdirip yazilmagina rugsat bermeyar..

Hä?
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

TM'daki Metbugat gullugimiz

TM'daki Metbugat gullugimiz shol zatlary edenok diyjek boldum.. Sencor (tr=sansur) bar..

Milletçilik

Türkmende milletçilik duygysy biraz kynyrak oyanyar. Men naçe gezek barlap gördim, türkmenlerin 90%-nin milletçilik duygusy yogyn bari yany...

gowy pikirler bar

yone su wagtdaki adamlary kim yetisdirdi.

bu meselede

Size bu meselede bir zat aytmak isleyan.Azerbeyjan 1991-de 20 yanwarda Rusyadan esgerler gelyar we bir facia yasadyarlar.Olen adamlang sany 300 towerek.Yone her gezek yignak,gurrun bolsa hokman olary yatlayarlar.
Yone bizin halkymyz uchin muny diymek kyn.Men hic wagt hem shehitlerimiz uchin 1 min ayakda garashanym yadyma dushenok.
Yagni bizin watan uchin janyny gurban etjek gahrymanlar gerek.(Aydishiniz yali bardyr)muny halkyn bilmesi gerek...

Gan gerekdal :)) Uruş ,goh

Gan gerekdal :))
Uruş ,goh - galmagal bilen bu döwirde zat düzedip bolmaymasa .Eger içimizden bir "gahryman" çykdy diyelinda onam halkyn köp bölegi goldasa Andijan bolanlar bizinkilerede bolar .Eger onyda yenip halkyn has köp bölegi galdayan yagdayinda birgiden gyrgynçylyk bolar onsan Amerika diydinmi yene şona menzeş birgiden beyleki döwletler "Türkmenistana asudalyk getirjek" diyip içeri girerler .Onsan şu günkije günimize şükür edip yaşaymaly ekenimiz diymeli bolarys men pikirimçe.

---------------------------------------------------
"Sagat dili gylyç,
Kesip dur ömri"

gan döker yaly zat yokdy

gan döker yaly zat yokdy name üçin döksün. mundan öng SSSR yaly hökümeding watandaşlary bolan türkmen halky garaşsyz bolanda begenmedi hem name üçin begensin. sebabai SSSR gelende edilen zulumlary yatda saklajak adamlar öldü gitdi nesil tazelendi. adamlaryng yaşayyş hakyndaky umytlary bolsa SSSRde entek doly öçmandi. şol umygdygar adamlar yagny garaşsyz bolanyna gynanjagyny hem begenjigeni hem bilmeyan adamlar bolsa şu wagt yaşayar. nesil çalyşmaly hemöde taze nesil tazeden Yapılandırma şekilinde bilim berilmeli şeye yagdayda yenede watançy bolarlr yone 30 yyl song....

wah der dokuldimi

wah der dokuldimi diysene,,,loterey utan yaly boldy oydyan mening pikirimce.
yone watan ucin ata-babalarymyz gan dokup gelenler. gelejekde-de sheyle bolar watana gezek gelse.
PS.shu wagt gan tabshyrsang ep-eslije pul beryarler oydyan:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: ":-)"

Sohbetdeshlik

Essalamugaleykum!!!
Men name aytsamkam "Name Vatanchi boldamda" birzat uytkar oytyanmi???
Vatanchi bolsa son milletchi bolar son tirechi son taypachi ay garaz oz pikiri(idealogiyasi bilen vatanini ichinden parchalar).
eger adam 1 hudaydan gorkmasa onda oni name saklap biler(vatana bolan soygisimi? YOK)??? Edil sheyle 1924 yilda OSMAN imperiyasi yikilandanson(Has dogrusi Inglisler yikdi(75%)) bizi europa demokiratiya diyip zaherlap bashladi.(Hatta ozlerem dushinenoklay name diyyanlerine). olarin sheydip esasi maksadi halkin(garamayak halkin) unsini esasi problemadan chekip meloch(mayda) problemalara buryar we halk ol problemalar bilen bashagay bolyancha ozleri heziller edyarler. Uzin sozin gisgasi Watanchilik (Patriod) problemani azaltman kopeltjek yali!!!

Quote: OSMAN imperiyasi

Quote:

OSMAN imperiyasi yikilandanson(Has dogrusi Inglisler yikdi(75%)) bizi europa demokiratiya diyip zaherlap bashladi.

Osman imperiasy yikilanda sen onun "nireraginde"-din ?? T.e. Sizi Yevropa
zaherlar yaly, sizinkiler yevropan tasir edip bilyan yerinde yasayamydy ?

Sizin ayytyanynyza dübinden

Sizin ayytyanynyza dübinden goşulamok.Yokarda oglanlar birnaçe mysallar görkezipdir.Yagny döwlet yolbaşçylarynyn watançy bolmasy ol döwlet üçin zyyanyndan peydasy kanmika diyip pikir etyarin.