Tmde nameler bolyar? (taze döwür barada...)

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

salam millet.
TM'dan adigimin aşagyndaky tozany bn yanyja geldim.
şonun üçin. Anyrda gören zatlam barada biraz iç-gysgynç sysasat garyşykly we kabirinize manysyzrak gelyan zatlar barada yazmakçy.

nameler bolyar?:
Bilşiniz yaly prezident üytgani bari köp zat üytgedi.
Milli döwür bolan önki "Altyn Asyr" üytgedilip "Taze Galkynyşlar Eyyamy" döwür başlady we güyçli propaganda edilyar.
8 mart, sirk, opera, balet, kinoteatr tazeden getirildi. okuw 10 yyl edildi. yaşulylara pensiyalar tölenip başlandy.
üstesine yaşulular güni döredildi. we çagalary goramagyn halkara güni hem getirildi.
TWde ulakan ruhnama makedinin yanynda okalyan ruhnama gepleşigini ayyrdylar.
konferanslar, yygnaklar ruhnamasyz hem geçip biljekdigi göründi.
Garaz assa-yuwaş "önkinin" tasiri pozulyandygy , "küyselinen" sowet döwrüne menzeniljek bolyandygy belli bolyar.

nameler bolup biler?:
geljekde bolup bilayjek myş-myşlar hem az dal.
ing tasirli bolup biljegi, önki üytgedilen aylaryn,günlerin atlarynyn tazeden önküsine getirilmegi,
we has aşa gidip kril harplara geçiler diyip garaşyanlar hem bar.
prezident mejlislerde birnaçe gezek aydyp geçipdi. şaherleri at galdyran adamlaryn (şahyrlar, sazandalar) heykelleri bn bezemeli diyip. we şu maksadyn bahanasy bn önki prezidentin heykelleri hem yykyljakmyş diyaler.
nabilyan? belkide "3 ayagyn" üstündaki heykel ayrylyp dursa? bolup biler diyyan men-a..

dineje geçen yanwar ayy döwlet tarapyndan firmalara jemi bahasy 1.3 milliardlyk maya goyum işi tabşyrylypdyr..
fabrikler , zawodlar, un eleyjiler.. garaz birnaçe zat bar.
başgada köp tehnikalar, maşynlar hem alynyar.

aylyklarda kan bir üytgan zat yok hazir-a..
yöne 2009da pul çalşylanda aylyklar barada güyçli bir sürprize garaşyan men.
yagny 2-3 esse köpeldilmegi mümkin.
hazirem işsiz gaty köp, azalyadygyna garamazdan.

garaz, şeylerak yagdaylar..

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Sagja bol tazeliklerine

Tazeliklerine sagja bol yurekden yazypsyn,yone sen ol yerde begenip yazan zatlaryn kabirleri mena begendirenok mysal ucin : "küyselinen sowet döwri" diyenin , biza gerek dal sol sowet dowri, name ucin hokman birine bagly birinin asagynda yasamaly ya ors ya turk ya usa bagly bolmaly diyen zat barmy , mena hemme zady tazeden sistemalasdyryp dine Turkmen-Turkmene bagly edip yasasym gelya , onsanam ors krilisi bizin asyl harpymyz dal ors krilisi gelmanka su wagty elkipbi ulanylyady su owadan hem bay harply elipbi.
Elbetde her kimin dusunjesi parhlydyr , yone mena dusunjam seyle , hemem gepimi gogertjek bolamok.Sag bolun!

"Küyselinen" sozi gosha

"Küyselinen" sozi gosha dyrnagyn ichinde yazylan Gurban,
goni manyda dushunme ona...

taslarmakina@hotmail.com

Herkesce özü sözü biri olarak bilinen, dostluğa, mertliğe önem veren, ne ise öyle görünmeyi seven, yardım etmeyi ve paylaşımı seven,şeref ve onuruyla yaşamayı ilke edinen bidisiyim. Türkçenın dışında okuma yazmayı bilmediğimi de belirtmek isterim. Türkmen

Ozuni owenin tanapy cuyruk..

Ozuni owenin tanapy cuyruk..

Tuweleme

Bah sonky dowur sahypamyzda basga milletlerdenem gelyanler kopelip baslapdyrla hayrdyr name maksatlary barka?Turkmence owrenesi gelse gelsin Tr-da Turkmen oglanlary doly tolesin puluny, owrensin dilini!
Dogruda walla.

TM'de shu wagt bolup

TM'de shu wagt bolup yoren ekonomiki "reformalara" men duybinden dushunemok, goraymane $'yn bazar bahasy dushen yaly, onler 24.000 bolan bolsa, indi 18.000 toveregi, yagny manat hummetini yitiryar diyer yaly dal, yone inflation rate uchyp baryar, sogan dagy 20.000 manat/kg bolanmysh, halk'yn eline onkusinden 2-3 esse kop manat beryan yok "money supply"-yn beter artyanlygyny gunakarlar yaly, ya-da talap onkusinden 2-3 esse artandyr oydemok gunluk durmusda, onda name uchin bu bahalar beyle uchyar ??? Aylyklar 10% galdy, harytlaryn bahalary name uchin 70-80% galyar ?? 10%'in ashagynda galmaly dalmi artyshlar eger manat hummetini yitirmeyan bolsa ??
T.e. "gury yerden manat pechat edyandirler" diysenem, onda $/manat ratio'sy kopelmeli, yok, beyle edilmeyan bolsa-da, onda manadyn hummedi bu dereje dushmeli dal...Ekonomika govy dushunyan biri dushundirsinle gayrat edip, menin kellam alyp bilenok dollaryn duran yerinde durubam, harytlaryn bu tizlik bilen galmagyny...

P.S. 1$=~17.800 manat berip alyp bolyamy bir bank'dan ??

Quote: TM'de shu wagt bolup

Quote:

TM'de shu wagt bolup yoren ekonomiki "reformalara" men duybinden dushunemok

Hamala öňkülere düşünip bolýan ýaly...
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: ":-)"

Onler $'in bahasynyn

Onler $'in bahasynyn peselip, harytlaryn nyrhynyn artan wagtyny gormedim men, artyan bolsa 2'sem bile artyady, shonam argument edyadi adamlar, shonun uchin "shu wagtky" yagday mana has dusnuksiz, onkulere ozumche dushunip bilyadim in azyndan ...

import dilyan harytlaryn

import dilyan harytlaryn bahasy galmady.. yöne azalmalydy, onu hem etmediler satyjylylar.
meselem:
ön 10 satylyan zady; indi 250 mün manat diyip goyaydylar.. yogsam yene 200 mün manat edilmelidi.

sogan yaly tm'nin özünde öndürülyan harytlaryn bahasynyn galmagy , menin pikrimçe gyş bn baglanyşykly..
bilyandirsin, yanwar ayy gaty sowuk boldy. şonda köp gök-önümler zayalanypdyr.. we şol sebapli hem gymmatlayar..
önki gyşlarda hem onyn yaly artyardy aslynda, üstesine has hem gyşyn bolmagy, bahalary beterem yokarlandyrdy.

_________________________________________
Söygü üçin, janyndan geçmek-söygünden geçmekdir!

On dogurdanam

On dogurdanam haryt gymmatlasa dushunip bolyady sebabine, dollar galyar yada aylyk galyar harydam galyar...Yone sonky sapar dollaryn bir nyrhdan we dowlet tarapyndan satylmagy gowulygyn alamaty yalydy, haryt gymmatlamasada in azyndan onki bahasyna galardy. Yone sheyle oyun edyanem bar, eger dollar galsa bahany galdyryalar, eger dollar gachsa yenede dollar bahasy galyar, yagny on dollara satyan zatlaryny indi onki manat bahasy bn satyalar, we dollar bahasam galyar sheydip. Yone aslyna seretsen dashary yurtlardan haryt getiryanler shol onki dollar bahasyna satmalydy sebabi dahsary yurtlarda dollar galanok ahryn. Bir mysal, flash diskin bahasyny soradym 20 dollar diydi, 480 000 manat bolyar, dollar bahasy gachdy, 480 000 manat diyyar yagny 24 dollar bolyar...Ay bolyar munada shukur, halkyn yarsyna peyda yarsyna zyyan boldy, yagny dowlet ederasyndakylara peyda firmadakylara zyyan...
A sonky bolan waka name, benzin 8 esse galsa, hich beyleki zatlar durarmy duran yerinde, on 10mune taksa munyan bolsan indi utanman 25 mun manat diyyaler, 2 sagat ir turup yorep yada avtobus bn gidibermeli boldy indi...Benzin galany bari bazara gitmedim, yone eshidishime gora et Ashgabatda 70mun, Nebitdagda 90 mun manat diydiler. Doly maglumaty bilen mahalym yazaryn..
Bu zatlaryn hemmesi yash chatynjalaryn gowy yashamagy uchin edilyar..Sag bolsunlar....

kabir adamlaryn aytmagyna

kabir adamlaryn aytmagyna gora benzinin beyle bahalamagy dollaryn gachanlygy sebapli, bankda dollar kan, ony hich kim alanok, hemmesi dine satyar, onson banka manat dushenok, bulam bir manady kopeltmegin gornushi bolmaly

Name uchin "dine satyar"-ka

Name uchin "dine satyar"-ka adamlar ?? Ya dollaryn mundanam peslere geljegi barada mysh-myshlar barmy ??
Eger halk'yn elinde gaty kop manat bar bolsa, onda inflation'yn beygelmegi adaty zat, yone dovledin $'y kop bolup, manat yetmezchilik edyan bolsa, we olar dollar'yn bahasyny galdyrmak islemeyan bolsalar, onda gyzyl satyn alyp, manadyn hummedini bolshunda galdyrmak uchin taze basdyrsa-da bolar, beydip adamlardan zor bilen manatlaryny almak bolmaza...2-nji chozgut govy dalmika diyyan mena, uzyn mohletli pikir edeninde yene-de money supply'in kopelmegine getirer we buda avtomaticheskiy inflation'y artdyrar, yene-de bahalar uchar...Shonun uchinem dollary 2-3 mun manat yokarlandyrsalar govy bolaymasa, in azyndan adamlar kosheship, manat abarody yerine gelyancha(eger problema shu bolsa, yogsa bu-da dine mysh-mysh bolsa, kimbilya). IMHO !

hawa, yene gashjagy barada

hawa, yene gashjagy barada mysh-mysh bar, $ satyanlar bolsa olar dashary yurt firmalarynyn ishgarleri, olar on bazarda duryan valyutchiklere satyan bolsa indi banka satyarlar (kabirleri), bankda-da sheydip manat azalyar...

Hehe dollar dalde BENZIN

Ay Mergen Turkmen halkyny ozun bilyan ozallar bazara baranda harytlan gymmatlanyny gorsen sorarsyn name beyle diyip , sonda cigit satyancylara cenli "ay ozun bilyan agam dollar galdy" diysen bolarlar.Hakykatdanam dollar galsa ozun bilsin yaly bahalara uly ziyan etya , yone bu yerde halkyn gunasi yok sebaibi ola na alac galdyrmaly bolya , bu yerde hokumetin ustune kop zat dusya , hokumet eden zadynyn yzynda durbilenok , dollar galdyrdymy , sonun bilen birlikde bazar nyrhyny hem billi bir mukdarda saklamaly, hokumetin oz onumciligi ejiz bolanson bazar nyrhyna hokum edip bilenok, sebabi hemme zady halkyn ozi ondurup (yada dasry yurtdan) getirip satya seyleliikde hokumet dine oz peydajygyny alya.Eger hokumet ozi ondurup bazarlarda arzan nyrhdan satyp ugrasa , sowdagarler islese islemese bahany galdyrman saklamaly bolya. Seylelikde hokumet yzynda durup bilmejek bolsa beyle towekgelcilikler etmeli dalmika diyan , ara yolda yene garyp halk kosenya. Hazir bolsa Benzin sebapli hemmeler ot alya benzinin 3500-manada galanyny esdip agyzlary ucuklan halk aljyraya hemme zady galdyrmaga baslaya.Akyp yatan nebit-gaz barka biderek karar cykarmak yerliksizmika diyan, eger dasary yurda cykyan benzine gynanyp etyan bolsalar, benzinin bahasyny galdyrman, solan ozuni alaymaly , gozegcilige guyclendiraymeli, ol esgerlere diymayin diysem ors dowrunden galan samsyk "cumo-kazyol" oyunlaryny oynadyp yorman hersine yarag tutup yurdy malyny namysyny goramagy owretsin ."gunalin oduna gunasiz yanar" etyaler. Godegrak gurleyanim ucin bagyslan , icim yanyp dur..
Yone su site giryan agzalarmyzy gowy goryan hemmesinin hak isleyani watan diyip durandyklary bolyan zatlara yurekleri agyryandyklary gornup dur insallah bir gun bizin diyan gunlermizem geler.Ozumin yada bir garyndasymyn sol yerlerde oturyp bu zatlaryny islamok dine su dusinjani goteryanlerin haysam bolsa biyri sol yerlerde oturmagy allladan dileyan TMOLYMPIAD sitesinin agzalarnyna haysam bolsa bolya.Sagja bolun mena dusinjami yazyan , elbetde herkimin dusubjesi parhlydyr , belki has dogry dusinjelerem bardyr , bas ustine yazyp oturyn esasy zat "WATAN, TURKMEN MILLETIM, TURKMEN HALKYM.Sag bolun kan zat gurlasim gelya yone her bir zadyn oz cakjagazy bar.
"Zalymlar har bolar galar ayakda
garyp sen yyglama sir dek bolar sen!"

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • melike 2 telpek goyyar we yazyar: "elım ayagym bılen razylaşyan,pıkırımı okap yazan yalak."

Oglanlar, gayrat edip shu

Oglanlar, gayrat edip shu yerdaki tankytlarymyzy gowja argumentli t.e. "gaty" faktlara dayandyryp edelin, problemalary shahyslara dayamalyn....Ullakan hayisht hemmanizden, yogsa gurrunin yzy yene-de kop mowzukdaky yaly
bulashyp gidyar.

P.S. Gurban, bu yazanym sana jogap edilip ya-da kakdyrylyp yazylan daldir, mowzugyn bashyndan 1 hayisht edayeyin diydim umuman sahypadaky parahatchylykly atmosfera uchin.

Myrat, käbir ýazanlaryň

Myrat, käbir ýazanlaryň meni begendirdi, käbirlerem gynandyrdy.
Men umuman üýtgeşmeleriň az-kemem bolsa, gowy tarapa, häzirki prezidentiňem öňküden gowurakdygyna ynanýadym welin, indi youtube'de çykýan klipler Berdimuhammedowyň portrediniň aşagynda çykýanyny görüp, gynandym.
Aý ýene şükür, öňki ýaly TWde altyn kelle we prezident temaly aýdymlar, şäheri öz heýkelleri bilen doldurmaýanyna hem şükür edýän
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

youtube'da name klip çykdy

youtube'da name klip çykdy bilemok.. düşünişime göra; prezidntin suraty barmy??

menin pikrimçe: önki bir topar portler anyrda hemmesi diylen yaly ayryldy..
we şolaryn kabirlerin yerine hem tazesi goyuldy.
emma önki portret sanyndan tazekiler az.

biri aydypdy:
"ene-atasy, maşgalasy, çagalary bolan prezident, beter ynsapsyz bolup bilmez, terbiye gören, söz dinleyan biridir" diyipdi..
şonun üçin menem köp adam yaly geljekden umytly we hoşal.
_________________________________________
Söygü üçin, janyndan geçmek-söygünden geçmekdir!

youtube’de konsertdäki

youtube’de konsertdäki düşürilen kliplerde..Ruhyýetde, teatrda, etc

yone taze prezidentin

yone taze prezidentin gechenine 1 yyl gowurak wagt gechti.we eyyamden shun yaly bolsa 10 yyl towerek sonyny dushun.Enşalla shohratyn penjesine dushmez.

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

Lapym kech boldy tm'daki

Lapym kech boldy tm'daki yagdaylara..:(

sagbol

``Zalymlar har bolar galar ayakda
garyp sen yyglama sir dek bolar sen!" gurban su yerini haladym.kim name etse sony ceker.dowlet zadyny iyip ,halka zalymlyk edenlerin yagdayi kyn.

turkmenistandaki kabir adamlara, dunya dowletlerini gorkezmeli, gezdirmeli.dunyada nameler bolya ,bilenok sular.democracy name, dusunede giryan daldir.un payla,su payla,yag payla,indi benzin payla hacana cenli.sol eje diydik yorduk.kaka diymeli wagt hacan.

Öýe jaň etdim,

Öýe jaň etdim, goýunlaryň 2/3 töweregi öldüpdir, obadakylaryň barynyň mallary ölüpdir. Bu bolsa, obanyň barja baýlygy... :( Galanlaram keselländir diýip gorkýalar.
Iýmleriň bahasy uçupdyr, ýerden gar-buz gitmänsoň, goýunlara iýere zadam ýokmuş. Şu wagt öýdäkiler galan mallary we sygyrlary saklajak bolup alada edýämiş.
Obalar şeýle gyşdan soň, şeýle kynçylykdan soň, bu benziniň bahasyna, benziniň bahasy bilen hemme gymmatlan zatlara çydap bilmez. Ýokardakylar bahany üýtgetmäge amatlyrak wagt tapmaly ekenler, ynsap bolsa.
Turkmenistan.ru girip habarlary okasaň bolsa ýene 100läp million $lyk zakaz edip durlar ony-muny gurmaga... hany kyn günde halka kömek? Gurluşykdan näme peýda?!
Allajan, türkmen halkynyň sabryna haýran...
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

wall

Sabryna hemmamız hayran.Bır begenıp seretyas geljege,taze prezıdent taze durmuş dıye.Bılemok name boljak sonumyz.Bır yerde okadym artyk kasam aytyranokmyş dıye dogrumyka?Hem önkı prezıdentın yuwaş -yuwaş yzyny sılıp başlamyş.Indı "otes wseh turkmen" dalde"prezıdent Turkmenıstana"dıyıp yüzlenmelı dıymış Türkmendaşa.Hem o "küyselen" sowet dövrıne menzap başlady dıyyanız ay garaşsyz,bıtarap bolduk bırazjyk o döwre menzesekde yıtıren zadymyz bolmaz,gaytam gowy bor.Hem Gurbana gatylyan ıkı elım hatta ıkı ayagym bılen.Nalı bolda hey bır nebıt-gaz bılen dünya yurtlarynda ady bellı tm yaly yurt gelıp -gelıp benzını galdyrya ay samsykça.On yaly pul gazanasy gelse gazy gymmatrak satsyn daşary yurda,tagam geday halky önküsınden beter geday etyaler.Dogrudanam şu esgerlerımızı bırazjyk yarag tutmayı öwretselerda.Ya hazırkı bızın gulluklarda dıne soska we sallancak yetenok başga zat bar sadık yalay.Huday saklasyn uruş bolsa söweş etman gönü plena dobrovolnyy gıdaymelı,a bızın esgerler nırde pagta yygyp yör,stroyka edıp yör kımı wobşe öyünde her hepdan sony.Dollara gelende banktan dollar alan yotur ya tersıne dollary manada çalyşyan ,çünkü bankroda gıryan ,pahyr adamlarda name etsın "çornyy rynoktan" walyuta alyalar, bıraz para gazanyalar.Hıç yadymdan çykmaya 2005 yumurta aljak boldum bazardan yanky garry mama yumurtalary normalden has köp aydyada bahasyny menem "yaman gymmatlay 5 yumurtan yerıne 1 towuk alsa bolya"dıydım,yanky seryoznyrap "ay gyzym habaryn yok öytyan dollar göterılda "dıyya.Gaharlanjagymyda bılemok güljegımıde,bır trajekomık bır zatlar boldu koroçe.Dollar yumurtalarda tasır edyan bolsa mena bır ulurak zat almanam gorkyan . :-)

Nalı bolda hey bır

Nalı bolda hey bır nebıt-gaz bılen dünya yurtlarynda ady bellı tm yaly yurt gelıp-gelıp benzını galdyrya ay samsykça.

Şu sözlerine goşulamok, halk "mugt zat"a öwrenşipdir; gaz mugt, suw mugt, elektrik energiya mugt, benzin hem mugt yarym, yöne...

Boldy how, bu zatlar bilen "bay"ajak bolsak onda işlemek nama gerek. Kynçylyk bolmasa üytgeşiklik, galkynyş hem bolmaz. "Ay biz gowy yaşayas, hemme zadymyz mugt" diyip yatjak bolsak onda yurt galkynmayar.

Halka işlemegi, dvijeniya etmani öwretmeli. İş köpelyar Tmde, daşary yurtlardan gelen firmalaryn işgarlerinin 70% türkmen grajdany bolmaly diyip kanun çykdy.

Televizorda eşitdim, prezident: "Ilatymyzyn sany ösenok, sebabi halkyn işi yok, pul gazanmak kyn. Ana şon üçin biz halkymyza iş bermeli, halkyn yagdayy gowy bolsa ilatymyz köpeler..." diyyardi.

Koroçe mena taze reformalary haladym ;-)

---
All our lives we sweat and save
Building for a shallow grave...

Menem umuman benziniň

Menem umuman benziniň galmagynyň tarapdary, ýöne şu gyş agyr boldy, azajyk garaşaýmaly ekenler...
-------------------------------------------------
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze – hiç, bilenlere – nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.

gaz, suw, elektrik energiya

gaz, suw, elektrik energiya mugt bolany bilen agzyna chorek dushenok, halk onsuzam hasyrdashyp ishlap yor, ishlemeyanlerde ish gozlap yor, mun dvizheniye etselerde shol bir aylyk, ol aylygam hich zada yetenok...

benzini galdyrmaly, dogry, yone birden nache esse edip galmagy agyrrak degyar halka, esasanam oba yerlerinde...

Berdymukhammedov’s

Berdymukhammedov’s announcement that foreign culture was welcome again in Turkmenistan is welcome news to many. Mommak Kuly, a Turkmen artist who now lives in Germany, tells RFE/RL’s Turkmen Service he hopes Berdymukhammedov’s decision will bring performing artists back to Turkmenistan.

"We are so glad about the news that the ban on opera, ballet, and circus has been lifted," Kuly says. "I hope that former theater performers will come back to the theater. It was not good to say that our people didn’t understand opera or ballet and ban these arts. It is very important to let the people understand [these things.] This is an art and a culture that help the world understand the nation."

The announcement of the return of the performing arts was also good news to Akmukhammet Saparov, a well-known singer and composer, who stayed in Turkmenistan despite the fact he was officially unable to perform.

"Like other artistic workers, I continued my work as a singer and composer, without ’turning either to the right or to the left,’" Saparov says. "I have been giving concerts to the people, creating songs, and composing music; helping the [young] singers and musicians who need my assistance."

Even before he was elected president in February 2007 Berdymukhammedov promised changes, and he has delivered, restoring the education system that Niyazov had cut back, replenishing funding for the health-care system that Niyazov had all but destroyed, and allowing some Internet cafes to open and lifting a number of small restrictions that unnecessarily complicated the lives of Turkmen citizens.

But Berdymukhammedov has stopped short of introducing any of the major changes that many have called for, such as breaking the monopoly that the sole political party, the Democratic Party of Turkmenistan, formerly the Communist Party of the Turkmen Soviet Socialist Republic, has or allowing independent media to exist.

Some say that Berdymukhammedov inherited one of the most repressive and bizarre governments in the world and that it takes time to make some of the more important changes.

PS: Turkmenistandan gelenime 3 gün boldy, hakykatdanam Berdimuhammedowyn daşary yurt politikasy has gowy diyip pikir edyan.

---
All our lives we sweat and save
Building for a shallow grave...

yokarda kop zat yazylypdyr.

yokarda kop zat yazylypdyr. umumy netije cykarangda shu uytgeshmeler halkyng yagdayiny gowulandyrdymyka?. internedem gulala-gulluk bolupdyr bizde. sagady 60 ors bazaryng yanynda mail-lermi acyp bilmamsong pulumy yzyna alyp turup gaytdym. hemme zat gowy sheyle bolsunda gelejekde-de.

1nji "myş-myş" dogry bolup

1nji "myş-myş" dogry bolup çykdy. :)
_________________________________________
Dünyade ahli zat kyn, hatda pikirlenmek hem...

Che wrote:... we şu

Che wrote:

... we şu maksadyn bahanasy bn önki prezidentin heykelleri hem yykyljakmyş diyaler.
nabilyan? belkide "3 ayagyn" üstündaki heykel ayrylyp dursa? bolup biler diyyan men-a..

hawa, gadyrly ildeşler, heykeller hem ayrylyp başlayar..
indiki nobat;
"ruhnama"ny ayyrmak bolup biler..
sebabi; daşary yurda "reformaçy prezident" hökmünde görülmek üçin, şol hem gerekli; yagny şony ayyrsan, seni daşary yurtda öwerler.
_________________________________________
Dünyade ahli zat kyn, hatda pikirlenmek hem...

Myratjan sen palça

Myratjan sen palça daldirsinda :)) Ya 6 duygyn bilen gaty onat syzyp bilyan ...
Bizinem taleymize seredip goybersene :))
---------------------------------------------------
Gör , arylar öz toplayan balyna ,
Çümüp çyka bilman gidyar ölime .

Tuweleme, indi TM'a gitmeli

Tuweleme, indi TM'a gitmeli dal hem ediljek yali! Pekin-Ashgabat bilet yalnishmasa 12-15 mln manat diyip eshitdim:) .... shol baha bolsa, Dollar hem ashak dushulgi bolsa, Turkmenistana gidip gelmek uchin 1000$ chykarmaly boljak! Men ol pula barde PATYSHAH bolup yashap bilyan:):):) Tuweleme, Tuweleme, Tuweleme

Mana shu tazeligin, hakyky ya-da yalandygyny hem aydip berin! Men duyn agsham eshitdim.

Hajyjana

biletlerin gymatlanlyga

biletlerin gymatlanlyga cyn:( Pekin arasyna entak bilemok nahili baha bolanlygyny yone Icindakiler on Dashoguz aralygy 35 manat bolsa 50 manat bolupdyr. Tursiya bolsa 5 305 000 bolupdyr

sen muny hachan eshitdin?

sen muny hachan eshitdin? sebabi men gaytmakam(Baydak ayinin 24-unden on) hem birazyrak bahalar galypdy, 1mln manat yali!

hmmm

ayyn 5ne gidenimde soradym, a Pekinkini bolsa duyn gidemde soradym Pekin Ashgabat bir tarapyna 7 200 000 manat diydi, eger men yalnysh dushunmedik bolsam dine bir tarapy shol diydi,
duyn onson ol gyzdan obshiy biletlerin ustune nace % goyup gymmatlady diysem, ha haaaa diyip dushunmediklige saldy

dollary hem 14,5-15 edip

dollary hem 14,5-15 edip hasap etsek, galsam mana hem oydakilere peydaly bolarmyka diyyan:D

Hmm, seni yeke goyup bolmaz

Hmm, seni yeke goyup bolmaz onda bu taylarda :)), yoldashlyk ederin :))

hmm

Dollar yene gymatlap bashlady, 14-15 dollar alyp bolanok, duyna 18 hem cykdy diydiler

tm-tr arasy hem 5.500.000

tm-tr arasy hem 5.500.000 manat ekeni....
veliklije gidaysekmikaray?
teklip edilse tomus tr-daki talyplar her velik alyp tm dogry yola çykarysmy???
hem gymmatlaşyga protesto(!) bolar hem habarlara çykarys:):):)
kim goldasa mena gidip bilerin...
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Hakkari illerine yetmakak

Hakkari illerine yetmakak tükgerers :D.. Eyranyn içindenema geçmeli bolar )))..

Quote: tm-tr arasy hem

Quote:

tm-tr arasy hem 5.500.000 manat ekeni....

Dineje 1 tarap 5.5 mln manatmy ??

sdsd

el_mariachi wrote:

tm-tr arasy hem 5.500.000 manat ekeni....
veliklije gidaysekmikaray?

in sonkyja münen wölsepidn şo wölsepid bolar onson?!:)

tazelikler

Ekonomika barada oz pikirimi bellap gecsem, shu wagt halkyn kosenyani anyk. Hakykatdanam edilen reformalar chylshyrymly reformalar. Munun uchin hokman kelle dowyan bardyr yone halka seredeninde welin hal yagdayi gun gunden kynlashyarmyka diyyan. Dollar reformasy edilmeli hatda edilen reformalaryn bary hokman edilmeli yone her zadyn oz yoly barmyka diyip chaklayan. Halk eshidyar ertir bezin gymmatlajak nace esse, 875% elbetde halk shok bolar. Onun yerine 5 yillik in bolmanda 2 yillik bir plan edip, olam halka tanadylyp edilen bolsa onda dovlet ishlerin nahili boljakdygyny yagny bazary test edip bilerdi. Yone bizde hemme reformalar birden edilyar shonun uchin halk onuni gorup bilenok. Her kim planyny oz ondengorujulugune gore goyyar. Biletlerin nyrhynyn uytgemegi tarpa tayin boldy. Onun yerine 1 yil sona gora plan edilen bolsa her kim shona gora eshegini dushardy. Biz ekonomika entek doly dushunemzokmyka diyyan. Sebabi ekonomika 'demand' we 'supply'dan has chylshyrymlymyka diyyan. Bashga bir tema bolsa osup baryan dowletler osenlerinde shuna oran aga bolmaly, olam dayhanchylyk. Sebabi hacanda sen osjek bolsa gundelik sarp edilyan onumlerin bashynda galla, bakja we miwe onumleri gelyar. Eger dowlet sholarda nyrhlary belli bir yerde tutup bilmese ana shonda has uly krizise yol acyar. Bizin hazirki bashdan geciryan tejribelerimiz kop dowlet bashdan gecirdi. Biz hokman shol sapaklardan oz dersimizi owrenmeli. Bizin shonun uchin eger elimizde yetishen kadr yok bolsa onda hokman Gundogar Yevropa ya-da Turkiyeden hokman maslahat soramaly. Sebabi olar hem sheyle infliyasiyalary bashdan gecirdiler.

Uc Ayak we beylekiler

Uc ayak ya-da Tmdaki kabri uytgeshiklikler barada da oz pikirlerimi bellap gecmekci. Biz oz taryhymyza seretsek, mydama biz gecmisimizi ya soz bilen ya-da ozumizi alyp baryshymyz bilen inkar etdik. Rus dowrunde hamana biz Turkmen dalde Soviet rayaty hokmunde gorduk. Belki shona zorlandyk dogrudyr. Yone garashsyzlygymyzy alanymyzdan son bolsa hamana Rus dowri bolman gecdi bolanam bolsa biz oran erbet yagdaydan, altyn asyra gecdik. Turkmenbashydan son bolsa indi onki edilen zatlary yikmak, uytgetmek ya da bashgasy bilen chalyshmak. Elbetde kabir reformalar edilmegini her kim gollar. Uc ayak barada aydyp gecesim gelyar. Uc ayak bizin uchin indi ol yadygarlik, kop wagt bolmadygam bolsa taryh. Biz shol taryhy bayliklarimizi goramagyn yerine ya yikyarys ya da bashga yoldan halkyn nazaryndan uzaklashdyryarys. Bu bizin halkymyzyn haraktersiz bolmagyna yol acharmyka diyyan. Sebabi biz gechmishimiz bilen yashamany bilemzok, we shony owrenmek hem islamzok. Gundogar Evropada Rus dovrundaki yadygarlikler yignanip yorute turistler uchin park doredilyar. Biz bolsa Lenina gechdik yone Turkmenbashyn yadygarliklerini ayirip bashladyk. Aylar barada aydanymda, Turkmen aylarynyn sheyle galmagyny goldayaryn. Belki kabir aylar uytgap biler yone Turkmenin Turkmen atlary bolmaly, Grek dal. Greklerler bilen bizin hic hili dahylymyz bolmadyk. Gunler barada bolsa gunleri Dushenbe Sishenbekada hic kim kan ulananokdy. Hazirkinem resmi guramalaryn dashynda kan ulanyan yok. Shonun uchin halk name ulanyan bolsa shony goyaymaly. Ol bolsa 1 gun, 2 gun, ... 6 gun we bazar guni. Bu hemme kisa makul gelermika diyyan. Resmi dil halkyn ulanyan dilinden kan uzaklashmaly dal diyip chaklayaryn.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • OldBoy 1 telpek goyyar we yazyar: "Tüweleme göz degmesin .Onat analizlapsin"

men pikirimçe

men pikirimçe türkmenistanda geçirilyan kabir reformalaryn arkasynda daşary güyçler barmyka diyyan.. sebabi türkmenbaşy öz döwründe ülkamize daşary güyçlerin tasirini yetirenokdy.. bolar bolgusyz habarlaryn türkmen halkyny bimaza etmegine yol bermedi.. emma indi bolsa belli belli güyçler yygy yygydan dollaryn üstünde oynaya.. harytlaryn nyrhynda oynaya.. aragatnaşyk nyrhlarnyn üstünde oynaya.. we türkmenistandaky rayatlar elindakijesini islese de islemese de saklamaly bolya.. sebabi birden dollar galaysa ya da düşayse diyen psihologiya bilen ne bir zat alyp bolya ne de bir zat sayp bolya.. ne bir zat gurup bolya ne de şuna menzeş zatlara byudjet ayyryp bolya.. bulam bazar dolanşygyndan ta çig mal dolanşygyna we türkmenistanyn ahli senagat pudaklarynyn paraliç kakan yaly edya.. halem türkmenistan medyasy bilen kan oynap bilenoklar.. bolmasa edil şu wagt halk onça dawleniyany göteribem bilmeya.. üç ayagy yykmak meselesi bolsa daşary güyçlere baglayan.. türkmenbaşyn tasirini mümkin boldygyça azaltmak, başaryp bolsa yok etmek maksatlary.. sebabi türkmenbaşa çyndanam hormat goyyan wepaly türkmen halkynyn bardygy hemma ayan..

Ine onsoň Oldboy meni

Ine onsoň Oldboy meni radikal garşy görýär. Men ýokardaky bilen tekiz ylalaşamok.
Türkmenbaşy döwründe ýapyk we kümsük syýasat bardy, türkmeniň daşardan, daşaryň türkmenden habary ýok. Edil sowet soýuzynyň bolşy ýaly.
Gaty ters tejribe, gowulyga getirmedi şu çaka çenli.
Türkmenbaşyň soňky 10 ýylda eden daşary syýasadyny Berdimuhammedow diňe bir ýylda etdi! Gazyň bahasyny näçe esse galdyrdy. Türkmenbaşa bolsa öwüp, Ruhnamasyny şol dilde çykarmak ýetýädi gazyň bahasyny pes tutmak üçin...
Borda...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bilyan ,sen çunnur we

Bilyan ,sen çunnur we giniş düşinip bilyan in azyndan halkyn aladasyny etjek bolyan .Edil şeylede şu yerdaki agzalaryn hemmeside şeyle diyip bolarmy bolmazmy bilemok ,men öz adyma gürlayin edil menem sen yaly önki ramkadan nagile ... Yöne peydasy yok hernaçe tankytlay ,hernaçy gerşy çykay dineje gysylan yumrugy baryndanam beter bek gysmaklygyna sebap bolunyady , daşarda tankytlanylya , bolyan zat içerdakilere bolya .Birgiden tankytlayjy sahypa açylya ,tm içinde
i-neti kesip taşladylar.Elbetde tankyt bolmaly könelerimizin " akylsyz dostdan ,akylly duşman yagşydyr" diyen sözini men halayn .Yöne türkmenbaşy ony düşinip bilyadimi name ? İnha yene bir mysal ...Türkmenbaşyn janyna kast etjek boldylar 2002 de ,paşa barmady son Orsyetde ilçiligin öninde garşylyk (protesto ) edipdirler içinde talyplaram bar bolmaly .
Netijede name öz puluna okayanlaryn 800 $ döwlet tarapyndan bolanlaryn bolsa 400 $
alyş-çalyş (konwertasya ) yatyryldy we diplomy geçersiz edildi ...

Gaz meselesinde bolsa özbeklerem , gazaklaram şol bahadan satdylar we satyarlar ...

...

Nebit'i turkmen'e gymmat

Nebit'i turkmen'e gymmat edip satyalar! Galanjasyny bolsa gazagystana satyalar:) habaryn barmydy?
Menin hem nebit magnaty bolasym gelyar, men name turkmen dalmi? Men TM'da benzinin arzan bahadan satylmagyny isleyan! Gidip samsyk-sumsuk gazaklara yada yene bir yerik satylandan!

Men goşulamok. Şu ýerde

Men goşulamok.
Şu ýerde ekonomist oglanlar bar, şolar menden gowy bilýändir. Ýöne biz häzir geçiş periodda. Iru-giç, dünýäniň bazar ykdysadyýetine geçmeli bizem. Baha dünýä bahalaryna deň ýa ýakyn bolmaly.
Häzir şol prossess gidip dur. Kyn we agyr. Ýöne her wagt ýagdaý şeýleräkdä...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Mana 1-2 hepdelikde,

Mana 1-2 hepdelikde, Turkmenistanda, dowlet ishgari bolmayan adamlar(on kabir yerde oturanlar) Gazagystana nebit(gaz dal!) satyalar diyip aytdilar. Kabirlerine gazaklaryn premia(sowgat?) berendiklerini, sowgadynyn bir oteldigini...:D Ya-da dowlet tarapyndan sheyle ylalashyk barmyka? Ylalashyk bar bolsa bagyshlarsynyzda, sebabi bilemokdym:(

Aý meň oň ýaly

Aý meň oň ýaly mehanizmlerden habarym ýok, ýöne elbetde men täze gelenleriň ýüzüni ýuwamok.
Olaryň nähili zatdygyny ýakynda bileris. Belki häzir baha bermek kynrak düşýär. Ýöne prezidentligiň 5den 7ä galany gaty gynandyrýar... Öňki simptomlar...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Name üytgese üytgesin

Name üytgese üytgesin welin, atdaşym üç ayak bir dursun )))..

yone...

Tagan senin atdashyn durar, gaygi etme...
Tagan, üstünde gazan, gazan üstünde pali azan... üns ber sana zat bolmaya! :DD
~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

nas gadagan edildi..

türkmenpressden habar:
http://www.turkmenpress.com/habar-1157.tmps

Şu günden başlap temmäki önümi bolan nas ýurdumyzda düýbinden gadagan edildi. Bu babatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary gazetler çap edilip güýje girdi.

Prezident Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda temmäki önümi bolan nasy öndürmek,ýerlemek we ulanmak gadagan edildi. Şeýle hem Saglygy gotaýyş we derman senagaty ministrligine ilata nasyň zyýany barada yzgyderli düşündiriş işlerini geçirmek tabşyryldy.Mundan başgada Adalat Ministrligine nasyň gadagan edilmagi baradaky degişli kanunlary we düzgünnamalary bir aýyň dowamynda taýýarlap Ministler Kabinetine hödürlemegi talap edildi.

Bazarlarda nasyň satylmagyny we ilatyň arasynda bu maddanyň ulanylmagyny goýdurmak meselelerine sermek bolsa degişli hukuk goraýjy edaralara, bilim we saglyk pudaklarynyň ýolbaşçylaryna tabşyryldy.

Nasyň gadagan edilmagi elbetde naskeşleri hoşal etmese de, ilatyň arasynda uly gollanma eýe boldy.
_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

Men nasy halamok, hatda

Men nasy halamok, hatda ýürek bulanjy we ýigrenji hasaplaýan, ýöne... ýöne ýokardaky ýaly kanunlar halk tarapyndan goldanmasa, onda adamyň hukugyny kemeldýän kanun bolýa.
Gyzyl diş, nas, çilim... bu zatlar erbet kararlaram däl welin, halk goldamaly köpçülik bilen, bir adamyň kellesine geleni üçin döremeli däl
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

nas - tüberküloz we rak

nas - tüberküloz we rak keseline yol açyar diylip bilinyar.. we gaty arzan bahadan bazardan tapmak bolyardy.
Çaga yaşlylar hem atyp yörler. Şonun üçin hökman kontrol gerekdi. Indi köp yerde erkin satylmaz, yöne-de doly yok edip bilmezler.. şon üçin..gaty aşa isleg bildiryanler, yene-de taparlar diyip pikir edyan.
we nasy goyanlaryn köpüsi çilime gönelyar.
Çykdayjysy köp bolup başlar, nas atyanlaryn.
_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

shaherde yene dollar oynayar

shaherde yene dollar oynayar ertir 10 gelyar diyip her kim dollary calyshyar

Dollar bankda

Dollar bankda gachanok, ayyn 1ine TVde gurlediler, dollaryn gachma yaly zady yok diyip..Belki bazardakylar adamlary howsala salmak, elindaki dollarlary almak uchin eden oyunlary bolaymasa...

dollar 12 bolupdyr öydyan,

dollar 12 bolupdyr öydyan, we yakynda 10a gaçjakmyş.

yene bir "gowy" myş-myş.
firmada şol bir wezipede işleyan yerli işçiler bn daşardan gelenlerin aylyklary deng bolmalymyş,
dollaryn gaçmagy firmada işleyanler üçin erbet tasiri bolupdy, işden çykanlar bolupdyr, aylygyn deng yarysy kesilen yalydy.
yöne şu habar çyn bolaysa, onda yene has köpeler.
adalat geler.
_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

mysh mysh chynmyka? ynanyp

mysh mysh chynmyka? ynanyp ozuni aldasynam gelenok welin, yone hakykatdanam ishde edyan ishine howesin galmasa, "promotion" bolmasa, ustesine-de shu $ utgeyan wagtyny goz onune tutyp on az tolenyanlere galdyrylmasa, onda fimrada ishlemegin kop pluslary bolanok..mena pikirlenip bashladym ishim babatynda..

bahh şu wagt pikirlenip

bahh şu wagt pikirlenip otyryn welin taze prezident hem şu saytyng agzasy yaly bolup durey, geçen yyldan bari oglanlar haysy temalarda pikir yöredip döwletli karar alan bolsalar hemmesi diyen yaly durmuşa geçirilyar nesip bolsa şu okuw meselesini hem çözayseler, kemçilikler yok dal, bu temalar yenede autocrasy bilen edilyar welin halk üçin peydaly, şeylerak autocrsy'a peydasyz democracydan hem gowyrak bolymasa:)
TÜRKMENİSTAN ÖNGE!!!!!

shu gullugam

shu gullugam nemedaysedi:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

neme etda how, 1 yyl neme

neme etda how, 1 yyl neme etdida yöne ya wapşe neme etsinmay:)

talyplara 1 yyl edildi,

talyplara 1 yyl edildi, şona begenmeli :)
beyleki 2 yyllyklary hem 1.5 yyla gaçyrjakmyş diyen gürrün bar.
_________________________________________
Söygi - yasama arak yaly, gözi kör edyar...

howwa yollarynyng billetleri

howwa yollarynyng billetleri yene-de ongki bahasyna gelipmishin.

http://www.chrono-tm.org/?025

chrono-tm.org/?0251044175000000000000011000000
wokzalyn önündaki heyleki ayyryp duranmyşlar.

_________________________________________
Ölüp baryaryn.Isa, Alla, Budda hemmanizi söyyan men. :)

wokzal

«...wokzalyn önündaki heyleki ayyryp duranmyşlar...»

güldürmäň...
gürrüň aşgabat wokzaly barada gidýän bolsa ýalňyşmaýan bolsam oň öňündäki postamentden Wladimir Iliç gideli bäri onuň ýerine hiç kim oturmady (oturdylmady).

goluň hökmünde gidýän «Ölüp baryaryn.Isa, Alla, Budda hemmanizi söyyan men. :)» ýazgyňy halamadym. soňunda ýylgyrypsyň welin sen oýun edipsiň öýdýän. oýun edlimeli däl territoriýalaryň bardygyny unutmaly däl.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "aA agany goldaýan! Myrat jan, ol goluňy üýtgedäý :-)"

asb-daki 50 manatlyk dowlet

asb-daki 50 manatlyk dowlet awtobuslary 1000 manat bolupdyr?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hawa

hawa

sen nireden eshitdin?! mana

sen nireden eshitdin?!
mana tm gidip-gelen 1 dostum aytdy

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

mana bomako aytdy.. ejem

mana bomako aytdy.. ejem aytdy diyipdi

awtobuslar 1000 manat

awtobuslar 1000 manat (ýa-da 1 täze manat. o-da bolýar nesip bolsa 1$)

umuman bir salym başagaý boldular. ostanowkalarda eli rasiýaly häkimligiň (ýa transport ministrliginiň) adamlaryny goýdular. kontrol üçin.

5-10 gün geçdi. indem awtobuslarda türkmen ussalarynyň «igeläp ýasalana» meňzeş komposterler (bilet deşijiler) peýda boldy.

umuman reforma edilenine görä sowet döwrüniň tehnologiýasyna dolanylman täze elektron tehnologiýalary getirilse gowy bolardy.

awtobusda düşýänler 1000 manat oklap gidýärler we hiç kim (köplenç) talon soramaýalar. soralmadyk talon diýmek bolsa hasapsyz manat diýmek. hasapsyz manat bolsa ýene-de döwleti aldamak bolýar. döwlet aldansa halka aldandygy.

(ana- ýene bir saçymyň tary düşdi.:-))

Talon diyyaniniz namay

Talon diyyaniniz namay Agajan aga ?? Ya kwitansia yaly 1 zat almalymy 1000 manat tashlanyndan son ?? "Avtobusa munmankan bilet alyp munmeli we ony komposter'de deshmeli" diyen kada-kanun yokmy ?? Barde ha suruja pul bermek ya-da ondan bilet soramak bolanok, munmankan aladasyny etmeli biledin. Kontrolerler bir barmy onson ?? Deship-deshmanini nadip bilyaler ??

rumynda tç-däki ýaly

rumynda tç-däki ýaly ekeni.
bärde bileti awtobusyň içinden almaly, şafýoryň kontrolynda.
ýa-da hepdelik, aýlyk biletler satyn alyp bolýar - has amatly.
bilet bahasy bärde iň pes 2$ diýen ýaly.
günlük - 6$,
hepdelik - 30$,
aýlyk - 100$ gowrak

tm arzan entegem, ýöne tm-däkiler üçin gymmadrakmyka diýýän.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

111

Mergen wrote:

Talon diyyaniniz namay?? Ya kwitansia yaly 1 zat almalymy 1000 manat tashlanyndan son ?? Kontrolerler bir barmy onson ?? Deship-deshmanini nadip bilyaler ??

bir topar soraglara jogap berjek bolaýyn.

1. awtobus gelýär.
2. durýar gapysyny açýar.
3. münýäň we barmaly ýeriňe çenli barýaň.
4. proýezdnoýyň ýok bolsa düşmeli duralgaň gelende gapydan düşýäň we şowýoryň ýanyna barýaň.
5. ozalky 50 manat oklanýan korobkanyň içine 1000-lik teňňäni şyňňyrdadyp göýberýäň.
6. edil şol wagt goýulan düzgün boýunça şofýor ýerinden turup saňa täzeje gökje talony sumkasyndan alyp gözüň üňünde ýyrtypjyk eliňe berýär.
7. ýöne köplenç ol talony şofýora berenok. ýolagçam soranok.

kontrolýor babulýalar ýok.
bir aýlyk proýezdnoý satylýar. alyp bilersiň. bahasy 40.000 manat.
okuwçylara 10.000 manat.
pensionerlere 5.0000 manat.
kiçi ýaşly çagalar, frontowikler... mugt.

dogry tarapy. belki indi transport ministrligi girdejili edara öwrüler.
gynandyrýan tarapy. kämil däl hasaplaşyk prosesi. kontrol ýok. ýygnanýan puluň dogry hasabyny ýöretmek mümkin däl.

ertekiň başy. bir obada

ertekiň başy.
bir obada awtobusyň ýol bahasy 1000 manat bolupmyş.
şondan bärem adamlar gowy ýaşaýamyşlar.
goňşy obaň adamlaram gowy ýaşaýamyş.
sebäbi olaň obasynda asla awtobus ýokmuş.
ertekiň soňy.

(1000 oňuşmazça san dälläý. hemme zat gowy)

off-top welin, Jenap-Çhe,

off-top welin, Jenap-Çhe, dost sahypada täze ýasama "galtaman" çykypdyr, köne "ga1taman" bn ýaman meňzeş ýazsa-da, ikisi bir däl ýaly görünýär :-)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

tm-de name kan pul

tm-de name kan pul kan....

ilki bn suwy onardyp bolar welin
yoldan başlasak
abatda awtobus yolagçylygyny azaldyp on yerine (kayserid edip yorler)
metrobus ulansan natya
hem arzan hem arassa , howanam hapalanok şaherem...

kynyrak,gurmak üçin köp pul gityar welin abady gaty owadan etse bolar
men gurup bereyin how:D
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr