Aspirantura we doktoranturanyň kwotalary we şertleri belli boldy.

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda ylmy işgärleri taýýarlamak baradaky düzgünnamany tassyklaýan karara gol çekipdi.

Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda 2008-nji ýylda ýokary okuw jaýlaryna kabul ediljek ylmy işgärleriň kwotalary hem kesgitlendi. Şu ýyl uniwersitetlerimizde we institutlarymyzda 75 sany aspirantura talyby okuwa başlar. Doktorantura kwotasynyň bolsa 27 adamdan ybaratdygy habar berildi. Saglyk taýdan ylmy işgärleri taýýarlamak üçin bolsa kliniki ordinatura 33 adam kabul ediler. Şeýle hem ylmyň dürli pudaklary boýunça alymlyk derejesine dalaşgärler döretmek üçin 80 orny döretmek göz öňünde tutulýar.

Raýatlarymyzyň ýaşy babatynda çäklendirilmezden aspiranturalara we doktoranturalara girip biljekdikleri hem mälim edildi. Kliniki ordinatura bolsa öz hünäri boýunça 3 ýyl iş stažy bolan we ýaşy 35-i geçmedik medisina işgärleri kabul edilýär.

Aspirantura üçin bolsa hünäri boýunça 5 ýyl iş stažy, çap edilen ylmy makalalary we işläp düzen ylmy makalalary hökmany suratda talap edilýär. Şeýle hem ylmy edaralar tarapyndan dalaşgäriň ylmy barlaglara ukyplylygy we ylmy işe gyzyklanma bildirýändigi barada rekomendasiýa hem talap edilýär. Aspirantura synanyşjak dalaşgärler hünäri boýunça we daşary ýurt dili boýunça iki synagdan üstünlikli geçmeli. Şeýle hem ylmy-barlaglaryü temasy boýunçe referat tabşyrmak şerti talap edilýär. Okuw döwründe aspirant kanditatlyk minimunlarynyň üçüsini we zaçýot tabşyrmalydyr diýip şertlerde mälim edilýär.

Doktorantura üçin bolsa ylmy işgäriň häzire çenli alyp baran ylmy işiniň üçden iki bölegi ýerine ýetirlen bolmaklyk şerti talap edil

Aspirantlara we kliniki ordinatorlara kiçi ylmy işgäriň aýlyk iş haky möçberinde stipendiýa tölener. Doktoranta bolsa ylymlaryň kanditaty derejesi bolan uly ylmy işgäriň iş haky möçberinde stipendiýa berler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşe aspirantura we doktoranturalary bir aýyň dowamynda açmak üçin guramaçylyk işlerini geçirmek tabşyryldy. Kliniki ordinaturalary açmak baradaky guramaçylyk işi bolsa 1 aý möhlet bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tabşyryldy. Aspirantura, doktorantura synaglaryny Bilim Ministrliginiň taýýarlajakdygy mälim edildi.

www.turkmenpress.com

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • dr turkmen 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

hemmamiza nesip etsin şeyle

hemmamiza nesip etsin şeyle yerlerde okamak!:)

BIrinji bilena, ordinatura

BIrinji bilena, ordinatura alynyanlaryn sanynyn aspirantura alynyanlaryn sanyndan kopdugi hayran galdyrya. Hemme ugur birleshende bir medisina bilen den bolup bilmandir, hayran galaymaly.
Ikinjiden

Quote:

Aspirantura üçin bolsa hünäri boýunça 5 ýyl iş stažy, çap edilen ylmy makalalary we işläp düzen ylmy makalalary hökmany suratda talap edilýär. Şeýle hem ylmy edaralar tarapyndan dalaşgäriň ylmy barlaglara ukyplylygy we ylmy işe gyzyklanma bildirýändigi barada rekomendasiýa hem talap edilýär. Aspirantura synanyşjak dalaşgärler hünäri boýunça we daşary ýurt dili boýunça iki synagdan üstünlikli geçmeli. Şeýle hem ylmy-barlaglaryü temasy boýunçe referat tabşyrmak şerti talap edilýär.

Shu shertler dunyanin hich yerinde yok shertler, Turkmenistan uchin mission impossible shertler. Kagyzyn ustunde "shertlere gabat gelya" diyaymeseler, shun boljagyna ynanamok
-------------------------------------------------
Aslynda söz pähmin bilmez adamga,
Müñ many söýleseñ, gadryn näbilsin.