Arsary dialektinden bir mysal

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Kopler Lebapdaky arsarylarynam gepine dushunip bolanokmyka diyip pikir edyaler. Aslynda, arsarylaryn kop bolegi Turkmenistanyn dashynda, esasan Owganystanda. Owganystan turkmenlerinin sany 2-3 million diyilyar, shon aglabasy arsarylar. Men bilshime gora, Turkmenistanyn oz ichinde oncha arsary yok. Yone statistikasyz aytmak kyn.
20-30njy yillaryn statistikasyna gora, Turkmenistanyn in kop sanly tiresi tekeler bolup, sany 200 mun toweregi bolanmysh. Statistikalar takyk dal, esasanam ol yillarda. Meselem, tekelere yashayan territoriyasynyn mayda tire-taypalaryny hem goshupdyrlar, alililer hem tekelere goshulan yaly.
Arsarylaryn sany 150 mun gowrakmy, 170 mun gowrkamy diylip berlen statistikada, yone arsarylara hem sakarlar yaly mayda tire-taypalar goshulypdyr. Barde mayda oz wajyplygy babatynda dal, adam sany babatyndadyr!
Garaz, dunyadaki turkmenlerin sanyny alsan, arsarylar uly bir bolek, Turkmenistanyn oz ichindakileri alsanam, yene uly bolek. Hazir Turkmenistan uchin statistika yok. Baram bolsa, chap edilenok. Yone tekeler urbanizasiyanyn uly yerlerinde yashayardylar 30njy yillardan bari, yagny Mary, Ashgabat, Bayramaly yaly we chaga sany oba yerlerinde yashayany agdaklyk edyan arsarylardan azrakdy. Adam sany tekelerde we arsarylarda denrakdir.
Yagday sheyle bolup dursa-da, bir topar yokary okuwly samsyklaram "Lebaply" bilen "tat" ya arsary bilen "tat" sozuni sinonim goryaler we geplerine dushunip bilmeyandir oydyaler. Elbetde dialektler tapawutly, yone beyle problema tekiz yok.
Ine ashakda shu gun tapan klibim. Owganystanly turkmenler Owganystan kanalynda gurrun edyaler. Gorun, geplerem dushnukli, ozlerem turkmen :)
http://youtube.com/watch?v=VURi5YP6fq4
PS Arasynda "ishliYON" diyaymese :D -yar goshulmasynyn yerine -yor ulanylYO

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Muhammet Tahyr diyilyan

Muhammet Tahyr diyilyan yashulyn gepleyshi men Garabekewuldaki garyndashlarymyzyn gepleyshine menzeya. Alyp baryjynyn gepleyshi azajyk tapawutlyrak, bilemok name uchin
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

klibi görüp

klibi görüp bilmedim.
ärsarylar barada azajygam bolsa mendenem sorap bilersiňiz.
4 aý ärsarylarda boldum.
«ärsarylarda 4 aý» diýip kitap ýazsamam boljak... :-)

baýramyň aýdýany nomer birinji mesele. ýagny «biz – tat däl. tatlaram – bizden däl».
şo meseläni geçen asyrda 1984-nji ýyllarda maňa-da aýdypdylar. «biz aşgabada barsak – tat bolýas. çärjewe barsak – çokaý» diýipdiler.

umuman men häýsy tire super dawasyna girmekçi däl. ýöne men ärsarylaryň arasynda 4 aý ýaşamda köp zatlary öwrendim.
hakykatdanam ärsary uly tire.

olaryň gowy we erbet taraplary barada aýdaýaýyn (ýeri geldi öýdýän)

gowy ýerleri.
* maşgalada uly we kiçi tapawudy uly. kiçi ulyny hormatlaýar. hökman özünden ula «aga» diýer.
* myhmansöýer. oba myhman bolsaň seni myhman ýeriň goňşularam myhman çagyrarlar.
* (umuman) sada we göwy adamlar

gynandyrýan ýerleri.
* dini ýagdaý gaty gowşak.
* içgini halaýarlar. çakyr köp içilýär.
* aýallaryň içýänini ilkinji gezek ol ýerde gördüm.
* özbek täsirleri bar. (dilde, ýaşaýyşda we geýimde)
* gyzlaryň we oglanlaryň elleşip salamlaşmagyny halamadym.

---
kiçijik ýatlama.
goňşulardaky garry mama mellekde işläp ýören agtygyny gygyrýar.
–Gülşa-du-u-u-u-u-u-u-u-u-u-u!
–Hu-u-u-u-u-u-u-u.
–Gel-u-u-u-u-u-u-u-u!

Quote: kiçijik

Quote:

kiçijik ýatlama.
goňşulardaky garry mama mellekde işläp ýören agtygyny gygyrýar.
–Gülşa-du-u-u-u-u-u-u-u-u-u-u!
–Hu-u-u-u-u-u-u-u.
–Gel-u-u-u-u-u-u-u-u!

Soňlarynda "w" bar bolmaly dälmaý? :D
PS Agajan aga gowy we erbet taraplaryňyz bilen ylalaşýan, ýöne Lebabyň etraplary barada tema açypdy utp_li, ýagny käbir zatlar etraba görä üýtgeýä, meselem, özbekleriň täsiri. Häzir Eýranly we Owganly türkmenler bizde-de orslaryň täsirini görer, bizem olarda "Eýranyň we owganyň täsirini" göreris, bu tebigy.
Meň özüm Maryly bolamsoň, Lebaba gitmek uly täsir galdyrdy. Enem-atam ärsary bolsa-da, Lebap asylly bolsa-da, men görmändim Lebaby.
Gidemde aýdýan +laryňyzy gördüm. Ýöne minuslaryňyz umuman türkmenleriň köpüsine degişli edip bolýar, men Tagtabazarda, Maryda ýaşaýan welin, din ýagdaýy ol ýerde-de gowşak, soňky döwür, hasam gowşak.
Içişlerine bolsa, gep ýok. Häzir biziň töwereklerem şoňa ýetiberdi welin, olar bet içýär ekenler. Şony minus gördüm, aýallaryň içýänine gynandym. Hatda Jemal bilen tanyşamda(şu saýtdaky agza) şol barada agzadym welin, ol pahyr ters düşündi meni Lebabyň we ärsarylaryň üstünden güljek bolýan ýaly gördi, ýogsa özüm ärsary.
Gyz bilen oglanlar biziň töwereklerde hem elleşýäler, başga ýerleri bilemok. Dil bolsa dialektdä, ol her ýerden täsirini alýar. Ýöne Garabekde menä özbekleriň täsirini duýmadym dilde we geýimde, utp_li'niň aýdany ýaly, etraba görä üýtgeýän bolmaly.

PS Dil nireden täsir alanyny aýtmak umuman kyn. Dialekt tapawutly, ol täsir alman, diňe tapawutly bolup biler. Meselem, ýomutlaryňam öz dialekti bar, oňa "eýrandan täsir alan" diýip bolmaz, sebäbi ol tapawutly. Siz, meň pikirimçe, teke dialektini standard kabul etmäge öwrenişipsiňiz, bu bolsa ýalňyş. Standard ýok
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

men «din gowşak» diýemde

men «din gowşak» diýemde ol ýerde ak sakally ýaşulyň toýda arak içenini göremsoň diýýän.

«özbek täsiri» barada. elbetde her ýerde başga bir ýeriň täsiri bolar. umuman içi pagta ýazylyp tikilen halat-donlary ýatlap özbek täsiri diýdim. «göş» we «muşt» - bularam üstüne.

baýram seň bilen jedelleşmegem kyn.
men diňe ýatlama ýazdym.

ärzary problemalary umuman ählitürkmen problemalary.

"Göş" we "muşt" nämaý?

"Göş" we "muşt" nämaý? Menä bilemogam...
Men ol ýerde 4 aýam bolmadym, şoň üçin sizden az bilýändirin. Ýöne bolan wagtym şeýleräk pikir döredi. Olaryň gyzlary biziň oba gyzlaryndan sadarak ýaly göründi. Men belki ýalňyş düşünendirin welin, ol ýerde söýüşmek moda girmedik ýaly göründi :D
Biziň obada 20 ýaşyna gelenlerem eýýäm sanap başlaberýä kimler bilen söýüşenini. Her kim söýüşýä, ýöne hindi kino :D
Şol babatynda, gyzlaryň özlerini toýa çenli goraýşy babatda, olar azajyk gowyrak ýaly göründi. Ýöne bu daşyndan görnüşi, häli içinde ýaşaberseň 3-4 aý belki saman astyndan suw göýberenlerdir, biziň obadakylar ýaly
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Göş – et. Muşt –

Göş – et.
Muşt – ýumruk.

gyzlar hem sada hemem sada däl.
sada – sebäbi kän bezenmezler (aslynda oba ýeri). sazlaşyk barada diýjek boldum. ýagny mysal üçin teke gyzy gyzyl göýnek geýse gyzyl (gyzyla ýakyn) ýaglyk dakynjak bolup başagaýdyr. ärsary gyzy ony etmez. alarak geýiner. gyzyl köýnek + ak ýalyk. (belki özbek täsiridir. özbegem ala-mulany halaýar).

sada däl – sebäbi gündiz pagta ýygymy, agşamam hindi kino (klub-diskoteka). ýene bir mysal. gyz adam öz klasdaşlaryny öýüne weçerinka çagyrar. beýle zat «medenileşen» ýewropada bolýar. diýmek ors täsiri :-)

dialekt barada. olar gündelik gepleşikde öz ene dialektinde gepleýärler. toýlarda welin mysal üçin tamada (toý alyp baryjy), edebi dialektinde gepleýär.

Göş we muşt barada näme

Göş we muşt barada näme diýjek bolanyňyza düşünmedim.
Ýöne muştyň ýumrukdygyny bilýädim :D Näme üçin ýokarda "göş we muşt-bularam üstüne" diýeniňize düşünmedim.
Aýdýana, menä Garabekde ak ýalyk dakýany görmedim. Siz Hojambazda bolan dälmi?
PS Eýran barada gürrüňe garaşýan. Men asyl Owganystan, Eýran, Özbegistan, Täjigistan we Gazagystan ýaly ýerlere aýlanyp, şol ýeriniň türkmenlerini göresim gelýä, nähilikäler?
Şol ýerlerde ýomutlar we ärsarylar esasan, tekelerem azrak mukdarda bolmaly. Täjigistandaky we Owganystandaky türkmenleriň köpüsi ärsary, Eýrandakylarda ýalňyşmasam agdaklyk edýäni ýomut, soň gökleň bilen teke. Gazagystandakylaram az mukdarda ärsary bilen ýomut, Täjigistandakylaryň köpüsi ärsary. Özbegistandakylaryň köpüsi ýomut, ärsaram köp.
Şolara aýlanyp ylmy-barlag etmek hezil bolardy.
Biziň tirelerimiziň dilleri, däpleri biziň MEDENI MIRASYMYZ. Bärde tireparazlyk ýok, şol zatlar bilinmeli, kitaplar ýazylmaly! Ynanmarsyňyz, ýöne türkmen tireleri, dilleri we dialektleri, däpleri barada iň köp... ors dilinde rus alymlary tarapyndan ýazylan... Olary näçe ýamansalaram ýaşlar, şolar şol işi eden.
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

göş we muşt barada. men

göş we muşt barada.

men (hojambazdaky) ärsarylaryň gepleşikde bu sözleri ulanýandyklaryny aýtjak boldum. aslynda göş sözi gadymy türkmen sözi bolmagam mümkin. aslynda özbek soňky çykan millet. belki muşt sözem türkmeniňkidir.

emma marlylaryň (baýramalyda eşitdim) «piti» sözüne edil türkmençe gepleýän ýaly edip «кострюль» diýmeleri geň.

Aý agamjan, siz gaty

Aý agamjan, siz gaty ýalňyşýaňyz şu wagt. Sebäbi biz türki millet, türki halkdan söz alnan bolsa ol HIÇ ZAT! Ýa-da "hiç zada" ýakyn. Biziň dilimizde gaty kän parsy we arap sözleri bar, onda olar barada näme diýjek?!
Esasy zat, bar sözüň ýetine täze almazlyk. Mekdep bilen kitabam arap sözi, diwan pars sözi. Bular "hiç" bolýa-da, "özbek"(öz aýdyşyň ýaly, soňky çykan termin) sözi eýýäm bolanokmy?!
Agajan aga, dialektler birmeňzeş bolup bilmeýä, şoň üçinem dialekt. Saryklarda-da seniň eşitmedik sözleriň kändir, ýomutlarda-da, indi olara hem "özbekden ýa parslardan gelen" diýjekmi? Siz ýalňyşýaňyz, özüňizçe standardy teke dialekti edip goýýaňyz...
Bir gezek bir gyz bilen gürleşdim welin, gepiň arasynda "men hakyky türkmen" diýdi.
-Hakyky türkmen kim bolmaly?
-Men hakyky teke türkmendä
-Ýok, ýalan türkmen näme? Teke däller hakyky dälmi?
-Hawa, tekeler iň türkmen
-Goýsana?
-Hawa, beýlekileriň geplerem üýtgeşik, türkmençe däl!
-Diýmek hakyky türkmen boljak bolsaň, teke bolmaly, diliňem Ahal teke dialekti bolmalymy?
-Hawa, muny hemmelerem bilýä
-Aý goýa... bir sebäp barmy muňa?
-Hawa, tekeler... aý türkmendähow, iň köp sanly... hemme kişem bilýä...
-Hmmm... sen özüň sebäbinem bileňok. Iň köp sanlydygyny saňa kim aýtdy? Statistikaň barmy? Ýomutlar bilen ärsarylaram gaty köp sanly, eger Täjigistan, Owganystan we Eýrandaky türkmenlerem goşsaň. Belki teke iň köp sanly tiredir, belkem ýomutlar ýa ärsarylar. Menä aýdyp bilemok.
Şeýleräk...
Ýalňyş, şablon standartlara gabanmalyň!
"Kostrýul" bize del söz, türkmençe görnüşi bar. Ýöne muşt eýýäm dialektiň sözi. Edil "akga", "pyýaz" ýaly saryk dialektinde, ýa "näne" ýaly ýomut dialektinde.
PS Taryhy ýazgylara görä, türkmen tireleriniň arasynda iň gadymysy salyrlar, meşhur SAlyr Gazanam bara :) Özbek zat soňky çykan zatlar :D
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Quote: Esasy zat, bar

Quote:

Esasy zat, bar sözüň ýetine täze almazlyk.

" Göş – et. Muşt – ýumruk."

Muşt bilen ýumruk we göş

Muşt bilen ýumruk we göş bilen et sinonimmi biljek däl, ýöne onyň etden ýa ýumrukdan SOŇ alnandygyny nädip bilmeli? Subuty barmy? Meselem "kaka" sözi türkmen sözimi? Taryhy barmy?
Şola iň taryhsyz söz, ýöne ulanylýa. Taryhy söz "ata", "däde", "kaka" başga bir türk milletinde-de ýok.
Diliň analizini beýle ýönekeý etmeli däl. Bir dilde 10 sany SINONIM bolup bilýär. Sinonimleriň näme diýmekdigine düşünýänsiňiz diýip umyt edýän.
Bärde bar sözi almazlyk, başga dilden almazlyk manysynda. Meselem, "ruçka". Bizde "galam" diýen söz bar, ýöne "ruçka" alnypdyr.
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Dil meselesinde ýene bir

Dil meselesinde ýene bir gezek.
Magtymguly 18 asyryň iň "türkmen dilli" şahyry bolupdyr, ýöne onuňam goşgylary arap we parsy sözlerden doly. Näme üçin? Sebäbi uly döwletler, ösen döwletler kiçiräklere täsir edýäler. Gynansagam, biz köp tarapdan araplara we parslara görä ösmedik bolan we netijede türki halklaryň diline şol diller öz täsirini ýetiripdir.
Özbekler bir döwür regionyň uly döwletlerini guran(Teýmirleň, Şeýbanylar, Buhara Emirligi we Hywan Hanlygy), onuňam täsiriniň bolmagy tebigy zat. Eýranyň täsirini täsir hasaplaman, özbegiň täsirini bolsa, del täsir hasaplamak uly samsyklyk. Azyndan özbekler türki halk, parslar türki hem däl...
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Quote: Näme üçin?

Quote:

Näme üçin? Sebäbi uly döwletler, ösen döwletler kiçiräklere täsir edýäler.

Yalnyshyan Bayram, Pars dili goshgy yazmak uchin in amatly,
owadan dillerin biri diyip hasaplanylyar, arap dili hem koooop
dilden has bay, yone pars'cha yaly goshgy yazmak uchin amatly hasaplanylmadyk...Osman imperiasy name pars'lardan kichidimi ? Yok, yone olaryn patyshalary shol vagtky "Turkche" bolan "osmanlica" dilini ene dilleri diyip bilselerem, parscha kop goshgy yazypdyrlar, sebabi olaram pars'chany goshgy yazmak uchin amatly hasaplapdyrlar...

Amatlylyk uly sorag. Näme

Amatlylyk uly sorag. Näme amatly aýtmak kyn, obýektiw deňär ýaly şkala ýok.
Uly medeniýediň kiçi medeniýede täsirini her ýerde görýäň, häzirki iňlis diliniň köp döwlede edýän täsiri, ors diliniň bize eden täsiri we ş. m.
Başga dildäki täsir, eger bir ugurda bir dil köp ulanylan bolsa, şol has ösen bolsa, olam täsir edýä. Ýagny, pers diliniň edebiýat taryhy uly, ýazuw-pozuw taryhy uly. Biz entäk göçebe halk wagtymyz, türki halklar parslardan köp zat alypdyrlar. Osmanlydan öň, Seljuklaram köp alan. Seljuklar Eýran bilen kontaktlaşandan, uly döwlet guranlaryndan alyp başlaýalar.
Goşgy ýazmak, asyl ýazuw-pozuw taryhymyz biziň kän däl, şol zatlary Eýrandan öwrenipdiris. Osmanly peýda bolanda, Seljuklaryň üstünde peýda bolýar.
PS Ýokarky aýdýanymy dogry subut edýän dünýäde ýüzlerçe subutnama bar. Araplaryň Ýewropa täsiri hem mysal bolup bilýär. Ýewropada ylym bilim ösmedik wagty, has ösen araplardan alnypdyr. Bu tebigy zat, "Algebrany" bilýän okuwçy ;)
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Men dineje Magtymguly'nyn

Men dineje Magtymguly'nyn pars dilini garyp
yazyshyna sebap edip gorkezen zadyny dogry
hasaplamayanymy yazdym, "El-iksir = Elixir"
sozuni bilyan himik :))

Bolmanda Sowhoz bilen

Bolmanda Sowhoz bilen Kolhozyn tapawudy bolmala Bayram. Sowhozda yaşayan gyzlar bilen kolhozda yaşayanlar her tarapdan tapawutlydyrlar birbirlerinden .
Bir şaherli bilen Sowhozlynynam tapawudy bar...

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

Göş we muşt

Göş/göşt sözi kan ulanylanok. Ulanyalar, yöne köprak et ulanylya. Muşt ulanylya.
__________________________________________________
Iň gowy bilýän zadym, hiçbir zat bilmeýänligimdir.

Agajan aga Eýranly

Agajan aga Eýranly türkmenler barada gürrüň berseňizläň
Ine youtube'de bir klip tapdym
http://www.youtube.com/watch?v=N1XKortAeos
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Şolaryň içmek problemasy

Şolaryň içmek problemasy bar, ýöne bu Lebabyň ärsarylarynyň problemasy bolmaly has köp. Owganystanyň ärsarylary beýle däldir.
Ol ýerde myhmansöýer boljak bolup, barana iýdirjek we IÇIRJEK bolup kän alada edýäler. Çekinýändir öýdýäler içmejek bolsaň. Meň bilen köp jedel etdiler. Olar her gelen bilen myhmansöýerlik etjek bolup içiberýäler, aýallaram, erkeklerem, garrylaram. Men şony gaty ters görüpdim. Marynyň ärsarylarynda beýle däp ýok. "Owganlarda-da" ýokdyrlaý.

-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Seni sahypa-da gorjek bolsan

Seni sahypa-da gorjek bolsan Arsarylara "degyan"
1 zat yazmak yeterli Jemal, mena indi yuregim
gyssa "Arsarylar eyle, ayallaram beyle" diyip
yazyshdyrjak, onson sen gelen vagtyn yurek gysasy
yokla, dine pylchamashak bashlar :)))

Aýdanda näme? Men asyl

Aýdanda näme?
Men asyl tireparazlygy halamok. Tireparazlyk diýen zat tireleriň gyz alyp berişmegi bilen gutardy, öldi. Ýa-da ölmeginiň ýolynda.
Ýöne şonda-da samsyklaryň dili ýetýädä. Haýran galaýmaly, dünýäde göti-başy 10 million türkmen ýa bar, ýa ýok, ýöne şonda-da biri-birimize göripçilik, içigaraçylyk, pese düşürmek galanok. Her kim biriniň täsir edip bilmejek zady bilen ýamanlaýa. Ýüzi, gözi, tiresi, saçy, ejesi we kakasyny(meselem, mitis maşgala bolsa)...
Biz 21-nji asyra gelipdiris, ýokary okuwy okapdyrys, ýöne samsyklygymyz peselmändir. "Seň kakaň şeýle" diýmegi samsyklyk görmeýän adam kän. Bolanda näme kakaň şeýle? Näme, çagasy täsir edip bilýämi şol ýagdaýa?
Tire hem şuňa girýä. Ärsarylar bütin türkmenleriň 20-30% bolup durka, käbir ala-samsyklar şoňa düşünmän ters gürleýäler.
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Saňa aýdamoklaý, men

Saňa aýdamoklaý, men umuman aýdýan.
Seň bilen şu problema barada gürrüňdeşlik edýän... seniňem şol öňki ters düşünişiňdä :D Maňa köp ters düşünýäň sen
PS 24-26 ýyllarda, Karpowyň statistikasyny ýokarda getiripdim. Şoňa görä tekeler Türkmenistanly türkmenleriň 39% töweregi, ikinji san boýunça uly tire ärsarylar, olam 22% töweregi. Bu gaty uly san. Tekeler we ärsarylar bilen Türkmenistanly türkmenleriň 61% emele getirýär. Ondan bäri Türkmenistanyň türkmen ilaty 6 esseden gowrak köpeldi, häzirki statistikalar näbelli. Ýöne häzir garyşyk maşgalalaram kän.
Umuman dünýädäki türkmenleriň % düzümini çykarmak gaty kyn. Muň üçin 10 töweregi ýurtda anketa geçirmeli, özem ösmedik ýerlerde... Umuman alaňda, şol %ler dünýä türkmenlerini alanda az-kem köpelip biler, azalybam biler. Ýöne şonda-da uly bölekdigini aýyrmaz
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

bagyşla turkmengyzy

turkmengyzy wrote:

...ozum arsary we shol towereklerden, men sizden has kop bilyan bolmaly shol meselede!!!(ichmek meselesinde)...
TM'da dine Lebap tarapda dal shu wagt her welayatdada ichyan "gyz" mashgala bardyr!?

türkmengyzy göwnüňize degdimmi?
men hojambaza işe baramda okuwy tamamlan studentdim.
aýallarda içgi meselesi barada men konkret baran we gören ýerlemden mysal alyp ýazdym. men başga hiç ýerde içenoklar diňe ärsarylar içýä diýmedim. bu ýaramaz endik ärsarylarda (ýa-da käbir maşgalalarda) has ýiti.

mysallar.
*myhman bolan ýerimiň uly ýaşly daýzasy saçak ýazyp nahar bişirip içgi goýmagyň aladasyna geçdi (we soň özem ol içgiden içmek niýeti bilen).

*ýen bir maşgalada myhmançylykda. ir bilen ähli maşgala (we men) saçak başynda otyrys. gaýynata gaýynene gelin ogul ogtyk we myhman. saçakdaky wino ähli kişä paýlandy. ol çakyrdan gelniň hem bir käse içip soň traktoryny otlap pagta meýdanyna gidişi aklyma erbet täsir etdi. soň okuwçy agtygam içdi... umuman gülmek we ýaňsylamak niýetim ýok.

biz ählimiz (diňe ärsarylar däl) kä bir meselelerde ÝALŇYŞ ÝAŞAÝAS. we iň aýylganjy entegem ýalňyş ýaşamagymyz dowam edýändiris.

aslynda gep ärsarylarda däl.

Tireler barada(ýomutlar)

Ýomutlaram türkmenleriň köp sanly tirelerinden. Ýöne Türkmenistanda olar diňe Balkandamyka diýip ýalňyş bilýäler. Meň bilşime görä, Daşoguzda hem olar känlik edýär. Balkanyň asyl ilady aza.
Özbekler we olardan täsir almak temasynda, ýomutlar belki ärsarylardanam kän täsir alandyrlar. Olar köp wagtlap Hywa Hanlygyna, Hana nöker bolup gulluk edipdirler. Özbegistan we Lebap töwereginde gaty kän wagtlap ýaşan(ärsarylaram, tersine, Balkan welaýatynda köp ýaşan)
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

İrandaky türkmenlerin

İrandaky türkmenlerin yarysyndan köpragi yomutlar bolmaly yagny, 1 milyondan köprak.
Balkanda şol yomutlaryn sany dineje 500mündir ing köp. Daşguzda hem 300 mün dagy bolaymasa.
Göklenler balkanda gaty az.. Dineje Garrygalada yaşayalar..
olarynam sany ing köp 40-50 mündir. (beyleki şaherdakiler bn birlikde)
Göklenler Irandaky türkmenlerin 4de biri, beyleki 4de biri hem tekeler bolmaly.
_________________________________________
Elmydama dostlyk, söygi yensin.

bu ak yaglyk danynmak sözi

bu ak yaglyk danynmak sözi nirden çykday.mena şony tatlardan başga bir arsarynyn danynanyny görmedim.ol hem özbeklerden gelen bolmagy mumkin.yalnyşmayan bolsam özbekler yas tutan wagty ak yaglyk danynyan bolmaly.sonam bu arsarylar üçin diyilenler her etrapdan etraba üytgeyar.....

men dogry düşünýän

men dogry düşünýän bolsam, sakarlar ak ýalyk dakýalar, saryklarda görmedim.
Ýöne şu ömrüme şunça ärsary görsemem, ak ýalyk dakanyny görmedim. Agajan aganyň 4 aýlyk tejribesi ýeterlik bolmandyr öýdýän :)
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Men Rhodora jorama degman

Men Rhodora jorama degman how ozal hem zordan sakladym!mana ansat dal her sapar köşeşdirmek!ol entak mana gerega:)

:)

arsary meselesi gaty agyr geldi oytyan ?! men arsary ve barde yazilanlarin kabirleri yalana yakin ! bolmanam dasardan seredip yada 4 ay boldum diyen bolup bir tire hakynda zynysdyrmak dogry hasaplamyok.!!! belki kabirlerinin guyrugyna basanam bolup bilerin sonda da yazdim !

Hmm...Sen Agajana agany

Hmm...Sen Agajan agany tanamayanyn bildiryar, yogsa olar
yaly adamyn yazyanlaryna "zynyshdyrmak" diymezdin...Name
bilen razylashmadyk bolsan Bayramyn yokarda edishi yaly,
ustune barmak basda gorkeziber, gelip yashulymyza "eden bolup" dagy yaly gepleri atyp durmagyn chaga gurrun bolyar...

123

dayhanoglan wrote:

...barde yazilanlarin kabirleri yalana yakin ! bolmanam dasardan seredip yada 4 ay boldum diyen bolup bir tire hakynda zynysdyrmak dogry hasaplamyok.!!! ...

daýhanoglan. ýalana ýakyn ýerlerini görkezibermeli. 4 aýda men ärsary çöregini iýdim we ol çörege hyýanat etmen. o ýer meniň üçin uly mekdep boldy.
eger ýazgylarym «bir tire hakda zyňyşdyrmak» ýaly görünýän bolsa ýalňyşýaň. men bir tiräni kemsitmek niýetim ýok. meniň gürrüňlerim 1984-iň wakalary. belki indi ýagdaý başgadyr. häzirem gowy gatnaşyp ýören ärsary dostlarym bar...

saňa gowy ýatlama ýazaýyn.
men mekdepde işlämsoň işden geler ýakyn wagtymda maňa çaý-çörek taýýarlap goýýadylar goňşymyz. onsoň çaý taýýarlan goňşy gyzjagaz özem II smena okuwa gitmeli bolansoň I smenadan okuwdan geljek jigisine hatjagaz ýazyp gidipdir ýagny «agajan gelse çaýyny ber» diýip...
soň agşam maşgalada bir kiçijik dawaň bolanyny duýdum. görüp otursam gykylyk eşden ol ýazgyny ýazan jigimiz eken. ýagny ol ýazgysynda «agajan aga» diýmän «diňe «agajan» diýip EDEPSIZLIK görkezenmiş. :-)
ula hormat diýlen zat (aşagyny çyzýan) ÄRSARYLARDA görelde alarlyk.

hormatlarym!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jeyhun 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Elbetde bizlerde hic wagt

Elbetde bizlerde hic wagt sen diyip ozunde ula yuzlenilmeyar .Eger diyaysenem sol gun al petinden alarlar .Ustesine -de Asgabadynkylar yaly myhmanyn habaryny dasardan alman adam yaly garsylayarlar,myhmansoyerde garaz.

123

selmonelk85 wrote:

...Asgabadynkylar yaly myhmanyn habaryny dasardan alman adam yaly garsylayarlar,myhmansoyerde garaz.

wah näsini aýdýaň.
ýöne häzirki aşgabat diýlen ýeriň türkmenistanyň «ýygyndy komandasydygyny» hem ýadyňdan çykarma.
aşgabat mikraýonlaryny howlukman aýlanyp çyk. esasanam oýnap ýören çagalaryň arsayndan geç. şonda çagalaryň öz ejeleriniň ýa-da kakalarynyň dialektinde gepleýändiklerini eşdersiň.
oba adamsy bilen şäher adamsyny deňeşdirseň tapawut uludyr.
umuman uly şäherleň we şäherlileriň derdi bu – gapyň aňyrsyndan garşylamak.

Men kosileri goz onunde

Men kosileri goz onunde tutyp yazdym .Sebabi onki bolan yerimin eyyesi oyune dasyerden myhman gelse ,hatda yatymlyk gelsede olary dasarda,sowukda yatyrdy .Hatda icerik ayagyny hem atdirtmedi.Men seyle adamlara hayran.Emma su wagtky marylylarynkyda bolyan weli yer bilen gok yaly tapawudy bar.

Ey men shol baran obamda

Ey men shol baran obamda Gyrmyzy diyen bir gyz bar ekeni. Beh... shony goremde tok uran yaly bolupdym :)
Gepe gaydyp gelsek, shol yokardaky youtube klibindaki Owganystanly turkmen Muhammet Tahyr aga "watana dolanyp geldim" diydi welin, bir hili boldum, sonam dushundim. Olar Owganystanda Magtymguly guramasyny guranam bolsa, Owganystan olar uchin watan. Sheyle-de bolmaly.
Men Tehasda Owganystan asylly yashuly bilen gepleshemde, ol "owgan turkmenlerinin barysy son baran dal sowetlerden gachyp. Ol yerde asyrlar boyi yashap yoren turkmen az daldi" diydi. Sheyledirem. Owganystanyn ilady gaty kop milletli, aglabasy pushtun, son ozbek, son turkmen/tajik...
Owganystanyn ilaty 18 milliondan kopmushin
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

goşulyan

goşulyan dayhanoglan.arsarylary in gowy dine arsarylar biler...

Yone Arsarylaryn

Yone Arsarylaryn yalnyshlaryny in govy Arsarylar
aydarlar diyen zat yok, kamahal dashyndan sereden
has govy, yagny objectiv tankyt edyar, icherdakiler
gedemlik edip, ya-da bashga sebaplerden, hemme zady
bolshy yaly gorkezman bilerler ...

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • aA 3 telpek goyyar we yazyar: "«Arsarylaryn yalnyshlaryny in govy Arsarylar aydarlar» diyenin uchin."

Menem bu mowzukda şeyle

Menem bu mowzukda şeyle düşinyan.sebabi her adamyn içinde duygy bolyar .Tireperwer milletperwer bolyar gysgaçasy .Eger kemçilik bolayandada şol kemçiligi gizlejek bolyar ya-da aytmajak bolyar başga tierelerin yanynda ya-da milletlerin yanynda .
Mena şeyle kemçilikleri azda kande gizleyan hasam daşary döwletlerde .
Belkide menin milletperwerligimden bolmaly ...

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

Mergenin aydyanyna

Mergenin aydyanyna goshulyan, yokarda-da Agajan aganyn aydanlaryna dogry, obyektiw diyendirin.
Tankyt edilmeli. Arsarylarda shol ichmek ya yene bar gelinlerde, ony Agajan aga dogry aydya. Yone + taraplarynyn yene birem, Lebabyn arsarylarynda narkomanlyk yayran dal. Bizin taraplarda ite dokun narkomanlar. Narkomanlygyn yoklugam, bilshiniz yaly, gaty kop problemanyn bashyny yapya.
Yene bir +, narkomanlygyn netijesi bolan(kop halatlarda) kuntuchilik az ol yerde, ya-da mana sheyle gorundi. Kunti gozlemage shahere, Charjewe gidyaler koplench, bilshim boyuncha. Bizin obalarda "kontorlaram" kuntilerin elinde, aytmayin diysem :D Edil bizin obamyzda, birem gonshy iki obamyzda kuntihanalar bar, bilmeyan yok obada. Ulydan kicha, mentden knb-lere, HEMMESI BILYA, yash oglanlaram aram-aram baryp "oylenip" gaydyalar.
Shu zatlary men ol obalarda gormedim. Bize gora "osmedik" we "sada"...
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Goren we halamadyk zadym

Goren we halamadyk zadym bolsa, Lebabyn arsarylarynyn oyun bezegine kan uns bermeyandikleri. Mary welayatda, kop obalarynda, adamlar sahel yagday bolsa, oyi gowy gorkezjek bolyalar. Yone belki Lebabyn halky garyp, shondan sheyle gornendir mana, yone oylerinin dasham, ichem Marylylarynkycha dal.
Belki olarda yagday bolsa, olaram gowy edyandir?! Biljek dal. Jemal aydaymasa :)
Yone baran yerlerimizin kopusi garypdy, yagny zahmet chekip, mellek zat bilen gun goryanler. Asyl Turkmenistanyn in ishennir halky oydyan, SSSR dowri hem sheyle bolan. Mumkin "Amyderya bar ol yerde" diyersiniz, yone hakyky ishleyaler :)
Bir baran yerimizin 2 mashyny dagy bar ekeni, shonda-da oylerinin ichi sheylerak. Ya gownumemika? Hany Jemal ayt bakaly!
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Gezip goren yerlerim

Gezip goren yerlerim diyyan...hmmm...aydyanyn Halac bolsa gerek (halky ishennir diyenin uchin sheyle pikir etdim).Dogrydanam halkyn esasy bolegi mashgalasyny eklemek uchin yer ishlap yada maldarchylyk bilen meshgullanyp,iyjek nanynyn puluny tapyar.Kop wagtyny meydanda gechiren son,jayinyn ich bezegi uchin kan wagtlaram bolanokdyr.Yada jayinyn ichini birine gorkezmek yaly derdi yokdyr.Gazananja puluna bashga zat ederler,ya mal alarlar yadam yer alarlar,yone shu jayinyn ichini bezemezler.Yone Marynyn bishen kerpichden salynan jaylaryna keypim tutyady.Gynansagam ichi dashy yaly owadan yada bezenen dal,bir hili "Dashy jajik,ichi mojek" yaly bolup dur.

Öýleriniň daşyna üns

Öýleriniň daşyna üns bermeýänligine gazanjy ýada işleri bahana däl.
Ol ýerer ir döwürler hem oturymly ýerler bolan. Soň ol ýerlere kolhoz, sowhoz gurmak aňsat bolupdyr. Maryda bolsa kiçi obalary birikdirip kollektiwleşdirilen we hökümet bir meňzeş jaýlar, köçeler, ... guran. Şeýle düzgün ol ýerde bolmadyk, bir meňzeşlik görülmedik. Her kim kellesine görä jaý guran, mal ýatak ýasan, howly ýasan.
paid tha cost to be da Bo$$

Ballym sula yalan .Meni ahli

Ballym sula yalan .Meni ahli joralarym mary bilen sarahysdan.

Tireleriň kemçilikleri barada

Men bu temany bir problema barada aýtmak üçin açdym, öwmek ýa döwmek üçin däl. Ärsarylaryň dili düşnükli, tatlaryňky bilen deň däl. Bar aýdylýan şol. Agajan aga öwdem, döwdem, ýaşuly bolany üçin "geçirýäs" :)
Ýöne öwmek, esasanam döwmek howply, edilmese gowy. Sebäbi her tire DÖWÜLIP bilner, hiç kime ýaraýmaz. Şoň üçin Mergen, döwmek temasynda gaty häzir bolmaly, bolmasa milletparazlyk başlanýar.
Türkmen kän däl dünýäde, barjamyz biri-birimiziň tapawutlylygym we şol sanda bir mentalitetliligimiz üçin halamaly öz tirelerimizi. Diliniň analizini bolsa, beýle ýüzleý etmezligi haýyş edýärin. Her düşünmedik dialektiki sözüň başga dilinden alnan däldir, ýa täze çykan däldir. "Muşt" we "göş", meselem, meň gaharymy getirdi, sebäbi olar, bolsa-bolsa, sinonimler bar sözleriň. Men meselem Agajan aganyň tiresinden iki meşhur sözleri aýdaýyn. "Eje" we "kaka". Häzir bolaýmalysam şeýle ýalydyr. Ýöne taryhy näçe şu iki sözüň? Haýsy dessanda we haýsy goşgyda bar şu sözler? Käbir dillerde "kaka" birazajyk ters manynam berýär. Diýmek türkmençe däl? Diýmek tekeler özbeklerden... wiý duryň... parslardan alypdyrlar? Beýle analiz nähili biderek görnüp dur. Bu bir dialekt sözi, şeýle-de kabul etmeli, imho.
Ärsarylarda "ene" we "ata" ulanylýa. Deňäň iki sözi, haýsylary "has türkmençe"...
Umuman, "kemçiliklerini aýdasym gelýä" diýip aşa gitmäliň şu temada-da, başga ýerde-de. Bärde ärsarylary öweliň diýmedim, döweliňem diýmedim :) Bolmasa adalat bolsun diýip, hemme tireleriň "gowy we erbet taraplaryny" sanaýmaly bolarys. Şonda köpleriň jany ýanar...

Quote:

Quote:

Şoň üçin Mergen, döwmek temasynda gaty häzir bolmaly, bolmasa milletparazlyk başlanýar.

Ey way, men kimi dovdumay barde ?? Ya senem "gyzym sana aydayin, gelnim dushunsin" logikasy bilen basyp baryanmy ? :D

"Muşt"/"Göş" sozunin goz bashyny senem bilenoga, ony sinonim edip oturma-da hachan/nadip alynanyny bilmeyan bolsan...Bizde
bar sozleri almak nama gerek ?? "Et" sozi Turklerde-de bar,
diymek et sozem 1-2 yuz yilin sozi dal...Yone eyyam dil
belli 1 forma alanson, bar sozlere men rumyncha, T-abat'dakylar ozbekche dagy goshuberse nahili bolar how,
ya indi "turk" oglanlarynam TR'de okap gelip, sonam turkmen
diline taze sozleri garmasyna hem zat diymeli dalmi ??
Manysyzrak bolyar islan sozuni islan dilden alyp, sonam
"Tiraminki" diyishdirip yormek...

Eje-Kaka'nyn hem kokuni bilenok, menem bilemok, yone shu
asyr'da alynan zatdyr oydemok men...Onsonam "Kaka" sozundaki "K" harpy arapchadaky "kaf", "kef" dal, "b*k"
manydaky soz "kef"-li, galyn k'ly dal...

Turkler bilen deneshdirip, "anne" = "ene" chykaryp, "eje"
sozune gep atmak hem dogry dal, beytjek bolsan onda turklerdaki "baba" bilen deneshdirip, bizdaki "kaka"/"ata"
sozlerini "baba" bilen chalyshmaly, "ata" ortada galar
bu yagdayda...

Ynha, shu yerde "Turk dil kurumu"-nyn tayinlan, turki
halk'larda haysy sozlerin nahili ulanilyani bar,
Salyrlardaky "apa", Arsarylardaky "ene" hem Gyrgyz dilinde
ulanilyar diyip berilen !!!
Sho yerde eje=ece'de bar, kaka'da bar Turkmen dili boluminde...

Ýene bir gezek, muşt we

Ýene bir gezek, muşt we göz sözi özbeklerden alnandyr öýdemok. Mundan 4 asyr öň ärsarylar Balkanda ýaşaýardylar. Lebaba mundan 2-3 asyr öň oturypdyrlar, şol aralykda köp söz girendirmi biljek däl, ýöne "göş" we "muştuň" alnandygyny nireden bilýäňize men haýran. Ol söz uýgurlarda-da bar, uýgurlar bilen türkmenler entäk ärsarylar/tekeler/ýomutlar we ş.m. tireler ýok wagty, mundan 10-15 asyr öň bilediler. Belki ol sözler türkmen döräli bäri bardyr?
"Islän söz islän dilden" alnanokhow, nireden çykdaý. Seňem bar bilýäniň iki söz welin, ondan goh çykarýaň. Belki edebiýady analizleseň ol gadymy eposlarda/goşgylarda/dessanlarda bardyr?! Men aýdýana, lingwist bolmasaň, ýüzleý analiz etmeli däl.
Men "eje we kakany" türki dilleriň hiç birinde hem görmedim, "ene we ata" bar türki dillerde diýen ýaly bar, özbekçeden, türkçeden, gazakçadan we tatarçadan gözläp göräý, gyrgyzçadanam, azeriçedenem. Edebi dil durşuna "ene we ata" bilen doly, "ene-atalar ýygnagy, taryhyň atasy Gerodot, ata watan, ene toprak, ene mähri", dessan, epos we goşgylarymyz, asyrlyk taryhly, şol "ene we atany" ulanýa.
Meselem, ýomut dialektinde "däde" ulanylýa, ärsarylaram ýa "däde" sözüni ulanýalar. Tatarlaram ulanýalar.
Garaz, şol "kaka we eje" sözleriniň taryhy uly däl ýaly görünýä. Jedeli şu ýerde goýjak. Ýöne ýokarda bir ýerde aýdypdym, biz türki, halklar, özbekçeden alnan söz BAŞGA DILDEN alnan bolanok! Menä haýran, türki diller "başga" dil kategoriýasyna haçandan bäri girdi? Biziň aslymyz türki halklar! Näme üçin sen şeýle düşünýäň?
Sen beren saýtyňda eti gözledip gör, gyrgyz we uýgurlarda hem "göş" diýilýändir. Biziň gyrgyz we uýgurlardan aýrylanymyza 10 asyrdan köp boldy, diýmek bu taryhy söz we ol söz ärsarylarda galypdyr. Bu almak däl. Eger sen şol sözi almak hasaplaýan bolsaň, onda biz türki halk dälmi? Onda "gelmek" sözünem biz türki halklardan aldyk, "ölmek" sözünem. Biziň asyl dilimiz ýok, hemme sözleri ýa türklerden, ýa azerilerden, ýa gazak, özbek we gyrgyz/tatar/uýgurlardan alypdyrys. Dogry dälmi? Türkmen dilini şol sanan türki dilleriň kombinasiýasyndan ýasap bolýara...
-------------------------------------------------
Magtymguly, dogry söýle,
Ömrüň gelip, geçer beýle,
Zynhar, ýaşulyňy syla,
Baş göre girmesden burun!

Men goh chykaramok, goh

Men goh chykaramok, goh eyyam chykdy, menem dine pikirimi
aydyan !!
"ata/ene" sozlerini 1-nji arka uchin ulansak, onda olaryn
ene/ata'laryna name diymeli ?? Turkmenlerde bashga-da "ata baba sheydip gelipdir.." diyen sozem bar, barde "ata" shu
gunki ulanyshy manysynda, "baba'da sheyle, yagny "garrylar sheydipdir" manysynda dushunyan mena...

"Eje" sozi gazaklarda-da bar ekeni, "äje" diyip yazylan.
Onsonam shol bir sozlukde kaka bilen ata'nyn manysy kop
yerde bir berlen, shol mysal beren "Gyrgyz we Uygur"-larynda-da ikisem "ata", onson Salyr'lardaky yaly bolyar, Olara "enan ady name ?" diyyan welin 1-nji bilen kakalarynyn ejesinin atlaryny aydyalar, son tazeden "Yoook, enan ady name ?" diyyan welin, mama'larynyn, yagny ejelerinin ejesinin adyny aydyalar..
Eger ata sozuni kaka diyip alsak, atan atasy kim bolyar ??
Yene-de ata'my ?? Uly ata ? Garry ata ? Ata ata ?

Men kaka sozunin tarapyny chaljak bolamok, sebabi menin
ozum "kaka" diyemokdym, tohumymam ulananok shol sozi, yone seninem ol sozun nireden chykanynyna-da bilman, "tazedir" diyip durmagyn bolanok..

Menin ozum ata sozuni garry atam uchin ulanyadym, ene hem
onun ayalyna diyyadim, mama diyip ejemin ejesine diyyan,
baba diyibem ejemin kakasyna diyyadim !!

P.S. Shol sozluge gora:
Yumruk - Gyrgyz, Uygur we Ozbek'lerde "musht".
Et - Gyrgyz, Uygur we Ozbek'lerde "göş".

Aslynda shu wagtky edip durlan gurrun "bosh", sebabi meselem "Mergen" sozi Azeri ve Turkche'den bashga hemme
turki dilde shol bir manyny beryan ekeni, yagny uygur/gyrgyz/gazak/ozbek/bashkurt/tatar/turkmen hemmesinde shol bir manyny anladyar, yone asyl soz mongol'larynky
ekeni(shol sozluk aydyar), yagny bu "haysy gadymy bolsa, sholam asyl sozdir" logikasyny chuyredyar, alynan soz hemishe-de
alynanlygyna galyar, "asly turkmen" dal eyyam...
Mena adymy chalyshjak :D :D

Meň üstüme näme üçin

Meň üstüme näme üçin çozjak?! Men ýa minaly meýdana geçäýdimmi eýýäm?! :)
-------------------------------------------------
Magtymguly, dogry söýle,
Ömrüň gelip, geçer beýle,
Zynhar, ýaşulyňy syla,
Baş göre girmesden burun!

Hahahahah.....Editleme

Hahahahah.....Editleme Bayram, goy bashda yazanyny :)))))))
Ay gulup oldumow mena shol 2-nji sozleme :D :D

Görüp ýetişýälerlaý

Görüp ýetişýälerlaý :D
ŞŞŞŞT!
Aý Agajan aga başladyda gowy we erbet taraplaryny, menem sokuldym :)
-------------------------------------------------
Magtymguly, dogry söýle,
Ömrüň gelip, geçer beýle,
Zynhar, ýaşulyňy syla,
Baş göre girmesden burun!

Sana yazmady, Agajan aga

Sana yazmady, Agajan aga yazdy...
Erbet zat dalle, yone biraz chagalygy yatlatdy
"Men erbet zat etmedim how, name mana diyyan, wöööö..." diyip,
aglap bashlayalara chagalar, shony :))))

Şoň üçin edit etdimdä,

Şoň üçin edit etdimdä, maňa aýdylan zady başga birine ýapjak boldum :D
-------------------------------------------------
Magtymguly, dogry söýle,
Ömrüň gelip, geçer beýle,
Zynhar, ýaşulyňy syla,
Baş göre girmesden burun!

Name soragynyz bar bolsa

Name soragynyz bar bolsa atyberin orta ,Basaranymdan jogabyny bererin .Yone bayram agama azar bermeseniz bolyar.

Maýa(selmonelk) goňşylar

Maýa(selmonelk) goňşylar böleginde şuny goýupdyr

selmonelk85 wrote:

"Ärsarynyň gyzy" Kemine

Ỳarym diÿip, ÿola çyksam,
Ỳollar- ärsarynyň gyzy;
Jeren gözläp, çöle çyksam,
Çöller -ärsarynyň gyzy;

Çölüstanda bardyr baÿlar,
Zyndan boldy maňa jaÿlar,
Ötüp barÿar ÿyllar ,aÿlar,
Günler-ärsarynyň gyzy.

Alma- naryň ysy ÿupar,
Ter mämeler goldan sypar,
Ỳüzi görkli, eli çeper,
Çeper- ärsarynyň gyzy.

Ỳerde ÿatmaz ÿazyň güli,
Saÿramaz bagyň bilbılı,
Men islemen özge gülı,
Güller -ärsarynyň gyzy.

Kemine bir dessan ÿaÿar,
Kimler dadar ,kimler doýar ,
Ýüregimde daglar goÿar,
Çöller -ärsarynyň gyzyç

Keminäň özi ärsary däl. Ýa söýäýdimikä birini? :D
-------------------------------------------------
Aslynda söz pähmin bilmez adamga,
Müñ many söýleseñ, gadryn näbilsin.

Pälwan Halmyradow - Ärsary gyzy

Al mendenem bir gowja aýdym
Pälwan Halmyradow - Ärsary gyzy
paid tha cost to be da Bo$$

Aslynda palwanyn aydymlaryny

Aslynda palwanyn aydymlaryny gowy goryan ,sagja bol.

Siz nabilyaniz belki

Siz nabilyaniz belki soyendir .Arsarylar name erbetmi?Erbedi bardyr oydemok,mena.

Menem bilemokda,

Menem bilemokda, gyzyklanýan :)
Özümem ärsary how musulman, baý derrew oda tutaýjak senä
-------------------------------------------------
Aslynda söz pähmin bilmez adamga,
Müñ many söýleseñ, gadryn näbilsin.

Ay oncaklysyndan habary yok

Ay oncaklysyndan habary yok eger isleseniz sorap bilerin .

Quote: Arsarylar name

Quote:

Arsarylar name erbetmi?Erbedi bardyr oydemok,mena.

:))))
Arsarylary goni perishde'lerin hataryna goshaymaly
edip goydunla Maya...
Erbedi "dolup yatyr", her tirede-de bolshy yaly...

Bolyar Mergen sizin

Bolyar Mergen sizin diyeniniz bolsun .Yone adamam degiship biler ahyry.

Degiship biler welin, biz

Degiship biler welin, biz bilip bilmeris hich hili ":D"
":)", ";)" dagy goymasan, shonam goz onunde tutup
"oyun etsen", bizem begenerdik, belkem gulerdik...

Cynynmy .Bolyar beytmeli

Cynynmy .Bolyar beytmeli bolsa ,edayeris ondan ansat zat yok .