ss

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

aaaa xc x c xcx cx cx c xc xcxcxc xcxcxc xasxsd sd sd sd sd sqwewq wewewe

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • dr turkmen 1 telpek goyyar we yazyar: "sag bol"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

A gyz dur disleme entak.

A gyz dur disleme entak. Sayatly bolsan bagisla. Menem esiden zadymy yazyan. Oyme oy girip barlamak pikirima yok.

Berekella

utp_li wrote:

A gyz dur disleme entak. Sayatly bolsan bagisla. Menem esiden zadymy yazyan. Oyme oy girip barlamak pikirima yok.

Sen Saýatdan bilimi bilen at galdyran adam barmy diýibem bilersiň

hmm..

Zynhary Halaçda yaşap geçen bolmaly. Menin bilşime göra Abdulhekim dalde Abdyrahym Zynhary bolmaly. Abdulhekim diyipsin welin, Abdyhekim Gulmuhammedow bolaymasyn?!
Halajyn gelip çykyşy hakynda her-hili gürrün bar. Halaçlar şu wagt Eyranda yaşayan bolmaly. Halaç etrabynyn hazirki halky sonradan göçüp gelen arsarylar.
__________________________________________________
Iň gowy bilýän zadym, hiçbir zat bilmeýänligimdir.

Ýok

Jeyhun wrote:

Zynhary Halaçda yaşap geçen bolmaly. Menin bilşime göra Abdulhekim dalde Abdyrahym Zynhary bolmaly. Abdulhekim diyipsin welin, Abdyhekim Gulmuhammedow bolaymasyn?!
Halajyn gelip çykyşy hakynda her-hili gürrün bar. Halaçlar şu wagt Eyranda yaşayan bolmaly. Halaç etrabynyn hazirki halky sonradan göçüp gelen arsarylar.
__________________________________________________
Iň gowy bilýän zadym, hiçbir zat bilmeýänligimdir.

Seniň diýýän eýranly halaçlylaryň bir wagt Hallajy hanyň basyp alan ýerinde galanlary bolmaly.Aslynda halaçlylar Halaçda(häzirki) ýaşapdyrlar.

Eger diskriminatsiya yakin

Eger diskriminatsiya yakin sozler bar bolsa bagislan. Yone beyle pikir yokdur.

Men gyzyk bilen

Men gyzyk bilen okadym.
Ärsarylar asyl başda Balkan daglarynyň töwereklerinde ýaşapdyrlar, Ärsary Babanyň döwründe. Ol ýogalypdyr, mazaram Ulymy Kiçi Balkan dagynyň üstünde bolmaly. Ondan soň az wagtdan Maňgyşlaga, Gazagystan tarapa gidipdirler. Soň aýlanyp Horezme, häzirki Lebap töweregine gelipdirler. Ol ýerlerde şol döwür ýomutlaram köp ekeni. Soň ýene Maňgyşlak tarapa gidýäler. Soň ýene aýlanyp Lebap töwerege gelýäler we Aşagrakda, Owganystanyň häzirki territoriýasyna hem gelýäler.
Türkmenistanyň ärsarylarynyň aglabasy şol Halaç, Garabekewül ýaly etraplarynda bolmaly. Ýöne şu tomus Tehasda "alym ýaşlar duşuşygynda" gürrüňleşen Owganystan asylly ýaşulam ärsary bolup çykdy "bizä tiräň näme diýip soramanam bilmän gezipdiris. Türkmenistanda muňa üns berýäler, bizde, Owganystanda üns berlenokdy. Men Türkmenistana baramda soran köp boldy. Owganystanda 2-3 million türkmen bardyr, şolaryň köpüsi ärsarydyrlar" diýdi.
"Ors döwründe gaçyp baranlarmy ýa öňden şol ýerde ekenlermi?".
-GAçyp baranam bar welin, köp bölegi öňden bäri şol ýerde. Ol ýerde saryk we tekelerem bar.
diýdi.
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Asyl şu infoň üçin

Asyl şu infoň üçin telpek berýän!
Öz ejemem, kakamam Garabekewül asylly bolansoň(Kakam tarapa mundan 100 ýyl ýaly öň gelipdirler Mara, ejem tarap barada bilemok, belki 150 ýyl töweregi), menä ärsarylaryň köpüsi şol ýerdedir öýdýädim. Ýöne Halaç sap ärsary diýdiň welin, näme, Garabekewülde başga tirelerem barmy?
Seýdiniň mazaryna toýda-da gidýär ekenler :D Aý mazaryna diýmäýin, ýadygärligine diýäýeýin :D
Ol ýerdäkilerä "ýor" diýip geplänsoňlar, men ärsarylaryň bary şeýle gepleýändir öýtdüm. Gel"ýe"... hmmm...
Men asyl şol ýeriniň gyzlarynyň sada we arassalygyny haladym. Bilemok başga etraplary, Garabekiň obalarynyň gyzlary, biziň obamyzyň gyzlaryndan has oňat şol "söýüşmek" temasynda, gaty sada. Bilemok, arak içýän bolmaklary mümkin, emma gaty arassa we türkmençilikli!
Baran obamyzda bir peri ýaly owadan gyz bar ekeni, il içinde "gowy däl" diýen ady bar ekeni, bar bolan zadam... bir samsyk oglan bir gün toýdan gelýäkäler elinden tutup çekipmiş "men seni söýýän" diýip :D
Biziň obamyzda nähili "söýüşýänlerini" ol obanyň adamlary eşitse, ýatyp ölerler şok bolup :D Biziň obalara gutaryberdi, gyzlykly gyz azalyp barýar :(
Men bir gyzyň toýda(munda 3-4 ýyl ýaly öň) öýüne gitjek bolup duranyny görüp, galdyrjak bolup
-Galaý, entek giç dälä!
-Meni enem öýe salmaz! Urup öldürer, ýogeý
:D Şeýle sadalyga we gönülige keýpim oturypdy. Pahyrlar garyp ýaşaýa ýöne.
Şol ýerleriniň adamlarynyň iň halaýan zadym, gaty myhmansöýer. Kakam maňa elmydama dostlarym barada aýtsam "myhmansöýermi?" diýip soraýa birinji bilen we Garabekiň adamlaryny mysal berýär. Men toýa gidemde gördüm, aşa myhmansöýer we garyndaşçyl :)
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • garabekewul 2 telpek goyyar we yazyar: "sagbol yonekeyden sada sypatlandyryp bilipsin"

?

Bayram wrote:

Biziň obamyzda nähili "söýüşýänlerini" ol obanyň adamlary eşitse, ýatyp ölerler şok bolup :D Biziň obalara gutaryberdi, gyzlykly gyz azalyp barýar

Bayram sen haysy obada yaşayanay? Marylymy sen? Onun yaly obalaram barmay maryda?

Menä

Menä Ymambaba-Winsowhoz-Sandykgaçynyň gürrüňini edýän :)
Başga obalary özüm görmämsoň pylan diýmäýin ýöne
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

belki garyndash cykarys:)

belki garyndash cykarys:) sebap menin hem garyndashlarymz maryda turkmengalada yashayarlar, kone "komsomol" kolhozy bolmaly, enem dagy hali hazir hem gidip gelyaler. emma yash nesil yetiship baryar welin, ara yitip baryar.

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

Bizinem garyndashlar bar

Bizinem garyndashlar bar Turkmengalada, yone men dogrymy aytsam, nahili ilteshyanimizi, kimin kimdigini, nirede yashayandyklaryny zady bilemok. Men umuman Lebaply garyndashlarymam gowy tanamok. Olaram, Turkmengalaly bolsun Lebaply bolsun, meni gowy tanayan daldirler
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ýöne bir gynandyrýan zat,

Ýöne bir gynandyrýan zat, Lebaplylaryň baryny bir kategoriýa aýyryp, olara "şat" ýa "tat" diýilmegi. Olaram öz gezeginde adamlary "ig" bilen "gula" aýyrýan ýaly. Olam erbet.
Ärsarylar türkmeniň iň köp sanly tireleriniň biri. Onsoňam, kimiň hakyky, has arassa türkmen, kimiň däldigini karar berjek bolýanlar samsyk, meň pikirimçe.
Özem, iň üýtgeşik ýeri, Maryly ärsarylaram Lebaplylara(baryna aýtmaýan bolup bilerler, belki diňe Çärjewlilere?) şony aýdýalar. Meň dostlarym gulluk etdiler, arasynda Marynyň ärsarylaram kän. Şolaram "aý Lebabyň tatlary, şatlar, şotlandlar bilen uruşýadyk" diýýä. Men düşünemok...
Birinjiden Lebabyň näçe % tat? Ikinjiden, özüň şondan oňly türkmenmi? Üçünjiden, özüň ärsary bolup durkaň, Lebabyň ilatynyň köp bölegi ärsary bolup durka, şeýle zady aýtmak samsyklyk. Özüňe hem şony aýdanyň bolanokmy?!
Meň pikirimçe, hemme welaýadam türkmenligini deňemekçi bolsalar, onda türkmençiligini saklaýyşlaryna görä deňemeli!
Umuman, gowy info.
PS Gababeki suw alýanyny ejem gürrüň beripdi kiçi wagtym
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Aý düşünje meselesi

Aý düşünje meselesi barda ýene turuw başda. Käbirleri baý bolanyň, maşynyň bolany, ýa bir ýerde okanyň ýa hatda Maryly ýa Aşgabatly bolanyň seniň düşünjelidigiň alamaty ýaly görýäler. Ýöne beýle zat ýok.
Men ýokarda aýdanym, Lebaplylara ýa Daşoguzlylara "tat" diýýänler. Bilemok, Daşoguzlylara kän aýdylanok öýdýän, ýöne şol iki welaýadyňam aglabasy türkmen. Daşoguzda, ýalňyşmasam sakarlar bilen ýomutlar kän, Lebabyň aglabasy ärsarylar. Tatlar ýa özbekler barmy? Bar, tatlara Çärjewde, meň bilşime görä, özbeklerem bar ýaýraň. Ýöne bu ol ýerde türkmenleriň ýaşamaýanlygyny görkezenok.
Onsoňam köp ýerilde görülýärä "Lebapmy? Şotlandiýamy?" diýip aýdýanyny oglanlaryň. Youtube hem doly, ýazýan oglanlar göräýmäge uniwersitediň talyby ýaly welin, düşünje diýen zat ýok
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

turuw başdan yazylanda

turuw başdan yazylanda arasyna boş yer bolmaly dal!
dogrusy turuwbaşdan bolyeeeeeeeeeee:)

......................edebi edepsizden öwren.......................

tatlar

tatlar bolanda kimler bolyar,özbekleşen türkmenlermi
_______________________________________
nice insan gördüm,üzerinde elbisesi yok.
nice elbise gördüm içinde insan yok

Ay onun kesgitlemesi yitip

Ay onun kesgitlemesi yitip giden yaly. Shu yerde 2-3 sany agza shol Turkmenistany Respublika etjek bolup, Lebaba Ozbegistandan ozbekler gochurilip getirilenmishin, kabir ozbek obalaram Lebaba goshulypmyshyn. Shol gochurilip getirilenlere tat diyenmishler.
Bashga, men pikirimche dogra has yakyn, wersiyasyna gora, tatlar ne ozbek ne-de turkmen. Ozbekler "harezmi" diyyaler shol Horezmde yashayanlara, olara "ozbek" ya "turkmen" diyenoklar. Shol horezmilerin turkmenlerin arasynda bolany olardanam azajyk uytgap, tatlary emele getiren yaly. Biz olara tat diyyas, olar ozlerine name diyjeklerini bilenoklar pahyrlar. Olar ozlerine "ozbek" diyseler, ozbekler olar bilen ylalashanok, dilleri uytgeshik, olar ozlerine "turkmen" diyseler, turkmenler ylalashanok. Men Charjewde bir tat taksistin name diyenine tekiz dushunmandim. Bir zatlar aytdy, goydy...
Garaz, olar ne ozbek, ne-de turkmen, men dushunishime gora.
Arsarylaryn, azyndan Garabeklilerin, dili sap turkmenche.
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Men bir kitapda okapdim

Men bir kitapda okapdim Tatlar barada .
Olar Esasy türkmenistanyn türkmenabat şaherinde we Tajigistanda barmyşlar .Belki indi köp yerlere yayrandyrlar ...
Nireden gelip çikyşy :
Mangollar Seljukly döwletine yöriş edenlerinde söweşde yaralananlary yagny söweşip bilmejekleri yanlaryna yük etmezden bir yere toplapdyrlar .Olara seretmeleri üçin bolsa özbek we türkmen ayallary yanlarynda goypdyrlar .Şolardan emele gelen bolmaly diyip yazyardy kitap.
Mangollarda öylenmek maşgala gurmak diyen zat yok eken ol döwürlerde .Beybars kinosyndada şol mowzugun üstinde durulyar.Görenlerin belki yatlaryna düşer .
Umuman yaraly galan mangollar bilen özbek türkmen garyşygy bolmaly .

Başgada Nohurlarda şeylerak bolmaly .Aleksandyr Makedonskinin yaraly esgerlerinin yerli halkdan bolan çagalary diyip okapdym ...
Belkide yalniş bolup biler yöne mana in yakin gelen maglumatlar ...

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

Mangollar

Mangollar Horezmşalar döwledine yöriş edya dalma? Birem ol wagtlar özbekler orta çykmandy öydyan. Özbekler 14 asyrda orta çykan bolaymasa. Altyn ordy hany Özbek han bolya we sonra onyn halkyna özbekler diyyaler. Senin diyyanin Gypjaklar bolaymasyn?
__________________________________________________
Iň gowy bilýän zadym, hiçbir zat bilmeýänligimdir.

Turkmenin Azan Taypalary

oz soragyma yakinda ejemden geng jogap aldym:)
"turkmenistanyn serheti chyzylan vagty, bilemok hachan garashsyzlykdan sonmy ongmi maglumatlara uns bermandirin,yolbashcylar shol yerler barada maglumat beryan ekenler. shol vagt turkmenistanyn yolbashcysy hem amyderyadan has gowy peydalanmak uchin serhedi yokarrakdan chyzmaga isleg bildiren ekeni. amyderyanin ashaky boleklerinin turkmenlerdigini subut etmek ansat, barde arsarylar, barisi saryklar hemme zat ap-achyk ayding gornup dur. amyderya bilen serhet arasynda galan bolekden bolsa bashy chykman Turkmenin Azan Taypalary(TAT) diyip bellapdir. shondan songam shol towereklerin adamlary tatlar bolup galan" ejemden eshiden rowayatima gora:D

Ashgabadam amyderyanin suwy bilen yashap yoreni uchin tatlara sagbolsun aytmaly :)
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Rowayatyng taryhy faktlara

Rowayatyng taryhy faktlara layyk gelyarmika? Yada yene-de kimdir birining oylap tapan yada sheylerakdir diyip aydan rowayatymy. Mening pikirimche bu rowayat, shol tire-taypalary we shol etraplarda yashayanlaryng ing kemsidiji gurrung. "Turkmening Azan Taypalary-TAT"- beyle gurrung gaty gowun agrydyjy termin, "azanlar" diymeging ozi hem gaty kan zady oz ichine alyar. Beyle gurrunlering yerine biri-birimizi goldayan we gowy ishlere ruhlandyryan zatlary aytsak gowy bolardy!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • LEBABYM 1 telpek goyyar we yazyar: "dogry aýdýaň., welin.........."

Turkmenlerde 1 soz bar:

Turkmenlerde 1 soz bar: "Tata tat diysen aglasy geler, Turkmene tat diysen gulesi geler" diyip. Senem ya shou sozlerin diri tassyknamasymy ? T.e. Tat ozuni tat saymayan bolsa, ya-da shol kesgitlema uymayan hasap edyan bolsa, onda name uchin Tat diylende gaharlanyar ? Turkmena gaharlananok ? T.e. mana-ha tat diyseler gulyan chyndanam, "isleseniz diyiberin, topuga-da chykanok" diyip, yone shu wagta chenli gaharlanyanlaryn arasynda "Hawa, men tat, aytjak zadyn barmy ?" diyenini gormedim... Birhili, oz gelip chykyshlaryna garshy pritenzialy bolup, ozleri ozlerine gerekli hormaty gorkezman, illerden garasyan yaly! "Menem Turkmen" diymek bilen dalde, garyshyk bolsan aslyny bilip, "Men shu" diyip bilmeli adam, beylekiler her nahili at berse-de!
Sen shol youtube'daki bolsan, senem tat bolmaly, sozun shu wagtky ulanylysh manysynda, yone "hava men tat, tatlygyma guvanyan" yaly gepa eshitmedik ?! Ya ozbek bolsan ozbek diy...Her name bolayanda-da, birinji bilen namedigini bildirip, yzyndanam shol "nema"-ne buysanmaly.

Eysem-de bu tatlar kim? Name

Eysem-de bu tatlar kim? Name uçin olara tat diyyaler? Aslynda olar hem arassa,her kim ozini nahili turkmen hasap etyan bolsalar, olar hem şeyle hasaplanyar. Taryhda Turkmenistan SSSR-i doredilende G.Atabay amyderyanyn kenaryny aylanyp,golunda mauzeri bolanmyş,we ahli ozbekleri, “turkmen” diymedigi atyp, olary turkmen hasabyna goşupdyr diyyaler!? Eysem bu nadereje-de dogryka, aslynda şeyle zat bolupmy? Nirede yazylan maglumat? Kim okapdyr? Dine eşitmek bilen hemme zat deň bolayanok.alili,gökleň, yomut,mukry,mejewür,olam,salyr,saryk,teke,hoja,arsary taypalarynyň düzüminde “tat” diyen tire bar. Tat sozi gadymy türki termin. Ol 8 asyryň orhon yenisey yazgylarynda hem duş gelyär. Garahanlylar dolwetinde bolsa, ol yslamy kabul eden eyran dilli halklara aydylypdyr.meselem kop yerlerde uygurlara hem tat diyilipdir.gadymy dowürlerde turki taypalar basga dili ayry, turki dal taypalary basyp alanlarynda olara tat diyip yuzlenipdirler.meselem Mahmyt Kasgaly ozunin yazgylarynda, “tatsyz turk bolmaz, başsyz bärük” diyen nakyly ulanypdyr. Akademik radlow “tat” sözüne iki hili dushundiriş beryär.
1-hökümdarlara hyzmat edyän we olaryň yanynda yaşayan halk.
2-oz ilinden ayrylyp,agalyk ediji halka rayat bolan halk, a akademik tolstowyö pikiriçe tat-salgyt töleyän otyrymly ilata aydylyar.wagt geçdigiçe çarwa halk otyrymly ilaty “tat” diyip atlandyrmaga, we garşylyk çarwa halkynyö ayaga geyyän ayakgabysy bolan “çokay” diyip atlandyrylmaga başlayar.

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

1-njidena men Tat sozunin

1-njidena men Tat sozunin gelip chykyshy barada 1 gram zat yazmadym, we men bilshime gora-de yokardaky kesgitleman 2-nji punkt'yna uyyan adamlara tat diyyaler, we turkmenlerin arasynda tat'laryn bolmagy, olary turkmen edenok. We olaryn gelmishekdikleri kabul edilen zat! Gadymy "Turki"-lige gitsek onda ozbek-turkmen tapavutlaram yiter belli 1 yerden son we etc. Garaz, men tapavutlyklara akcent edip, halky biri-birinden uzaklashdyryan politika yoredemok, yone "tire-taypa dagy gerek zat dal" diyyanlere-de garshy chykyshym yaly, muna-da garshy! Halkyn oz arasyndaky tapavutlaryny gormezlikden gelip, adamlary "Men Turkmen"-den bashga zat diymez yaly etmege garshy! Men meselem Kakaly, Gaday, Alili, Orazmuhammedow'lardan... Garaz, dine mana degisli nahili bolunishik bolsa hemmesini bilmek men hakym. We men Alili, Gaday, Kakalylygyma buysanyan!
Tatlaram edil sheyle bolmaly. Her Tat "Men aslym pylan yerin pylanylaryndan" diyip bilmeli "Menem Turkmen" diyip yorman, we gelip chykyan yeri on uchin buysanch goz bashysy bolmaly! Tire-Taypa yaly zatlaryn arasyndaky asyl problema olaryn birini beylekisinden beyik gormegi, oz aslyny bilmeklerinde dal.

Men seniň aýtajk bolýan

Men seniň aýtajk bolýan sözleriňiň tassyklamasy däl! Men özümiň haýsy tireden gelip çykandygymy we kimdigimi bilýärin. "Tatlar" diýilip salgylanýan adamlaryň hem özlerini tatlar diýip tananoklar we atlandyranoklar. Eger sen şol 'tat" diýýilýänleriň hataryna sokulan obalara bir baryp gör we olaryň taryhyny öwrenip gör onda olaryň henizler hem özleriniň kiçijik tireleriniň adyny aýdyp ýör. Garabekewul idleşimiziň taryhy faktlar bilen tassyklan Salyrlaryň we Saryklardan gelip çykan tireleriň atlary şol obalarda maşgalalarda aýdylyp gelinýär. Gep "tat" bolup özüne men tat däl diýmek bolman, "tat" diýen adyň umuman ýokdugy we şol taýyň adamlaryna başga bir ýeriň adamlarynyň kemsitmek we üstünden gülmek maksady bilen aýdylan söz. Beýle zada mysal üçin "çokaýlar" sözuniň ulanylmagy hem degişli. Men mysal üçin tekeleriň ýada ýomutlaryň we başgalaryň özüne biz "çokaýlar" diýip aýdanyny eşitmedim, munuň tersine beýle at olara bolan erbet garaýşyň bardygyny görkezýär.
Sen haýsy youtubdäkiniň gürüňňini edýäň?! Men "tat" diýen tireden däl bu sebäpden men tat diýemok özüme, men salyrlaryň akjyk tiresinden, emma özümiň Lebapdan bolandygym üçin maňa "tat" diýjek bolsaň onda ýalňyşýaň we "tat" sözi maňa kemsitme ýaly eşidilýär, "sen doly adam däl" diýen ýaly eşidilýär! Meniň obama baryp sen "tat" diýip gör, şonda bilersiň adamlaryň reaksiýasyny!:)
Kakanyň halky biri-birine "gadaý" diýip aýdýarlar diýip özüň aýtdyň we bu söz meniň pikirimçe kemsidiji eşidilmeýär, seniň aýtmagyňa görä "gadaý" diýmek bilen adamlar guwanýarlar. Emma "tat"-laý diýilýänler biri-birine "tat" diýip gezenok, olar biri-birine özlerniň tireleriniň adyny aýdyşýarlar we şolar üçin hem buýsanýarlar!

hmmm, meng yokarda yazanim

hmmm, meng yokarda yazanim biraz yetersiz bolupdyr. "... Azan taypalar" diymegim yoldan chykan, bulashan manysynda dal, beyleki taypalar bilen garyshan, yagni sap bolup galmadyk manysynda yazildi. TATlary yamanlamak, gownune degmek niyetim yok, menem bir tarapym lebaply...
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

sizin ejeniz onda kan

sizin ejeniz onda kan taryhdan bilenok ekeni.. yalnysh dushunman! egerde turkmenabadyn we lebabyn demirgazyk etrabynda( bolyar gundogarynda arsarylar yashayar) bilesin gelyan bolsa "SALYRLARYN" taryhyny oka we ol salyrlar arassa turkmen taypalarynyn hemmesini kemala getiren shahadyr!
http://tmolympiad.org/?q=node/3938 su linkin asagynda turkmenabat saherinin yakyn etraplarynda yashayan salyrlaryn nesli daragty bolmaly..

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

...

E "taryhchy" ongem shu mesela degishli achan blogyngy sen pozdyng gerek...

..'

..

...

Agam turkmenche yazmasang mena tatcha bilemok...

ol yerleri hazir hem suw

ol yerleri hazir hem suw alyar her yaz ayynda, sebap gacy bar deryadan barede, emma indi ol konelipdir,hemde dali derya bir suw uryar tolkuny bilen, derrew ekin meydanlaryna yetip gelyar, yaz aylary obadan adamlary alyalar, suwy beklemege gitmeleri ucin.

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

Lebap yurdy ajap yurt

Gowy yazypsyn. Men Lebaplylaryn bishiren tamdyrlamasyny we on bilen bile edilen palawuny iyip gorupdim. Ony owgan turkmenleride bishiryan ekenler. Lebaplylar myhmansoyer halk. Ol yerde barara-gorere yer kop. Gynanchly yeri ony hatda turkmenlerin ozleride bilenok....

Käbir düzeltmeler... -

Käbir düzeltmeler...
- Dargan ata, şu wagtky ady Birata (Niýazow üýtgedipdi)
- Mansur Hallajyny ýakyp külüni derýä dökýaler, onuň mazary ýok.
- Mansur Hallajy Nesiminiň halypasy dälde, ikisi hem sufizmda şol bir ýoly yzlan.
- Halaç ady gaty köne, pars medeniýetinden galan at. Pagtaçylar bolany üçin şol at dakylypdyr.
paid tha cost to be da Bo$$

19nji asyrda Osman

19nji asyrda Osman Imperýasy orslaryň arasyna içaly, jansyz göýberende türkmenleriň üstü bilen ugradar eken, ors tutup soraýsa "adym myrat, özüm ärsary" diýgin diýip öwretýän ekenler. Şol döwür Myrat adynyň we ärsaryň känligi sebäpli, birem "ýor" diýip gürlenşine türk diliniň hem ýakynlygy sebäpli eken.
paid tha cost to be da Bo$$

Bardede köp şol Kerki

Bardede köp şol Kerki ttm-ni gutaran Halaçlylar.. Kerkililerin özünden köp öydyan.. (Barde diyanim, Ankara)
utp_li , gayrat edip, her etrabyn yanynda ilat sanyny hem yazaysadyn, gaty gowy bolardy.
sagbol.
gyzykly maglumatlar.. Balkan barada hem yazmak isleyan, bir boşamda.. :)
_________________________________________
Elmydama dostlyk, söygi yensin.

"Gelye", "gidye", "edye"

"Gelye", "gidye", "edye" diyip Alili dialektinde ulanilyar,
Arsarylaryn hem edil beyle gurleyanlerinin bardygyny bilemokdym.
Yone edil gelor/gidor diyip gurleyan adam az gordum mena...

"Darganata" = "Dargan ata", yone munyn manysy name ?? Shu gunki koche
Turkmen dilinde "dargan plany" diyilmegi govy manyny berenok, yone adamlar
ol "ata"-nyn shanyna oba dagy adyny beryan bolsalar, diymek bashga bir zady
anladyan bolmaly, ol govy manysy nameka ?

Ay bir yagshyzadanyn

Ay bir yagshyzadanyn adydyr.
PS GelOR/gidOR diyip saryklar(esasan Marynyn Yoloten, Tagtabazar we Gusgy etraplarynda) gepleyaler.
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Yagshyzadalygyna yagshy

Yagshyzadalygyna yagshy bolandyr velin, "Dargan ata"
name many beryaka, shony bilesim geldi meniin...

Mergen wrote: "Gelye",

Mergen wrote:

"Gelye", "gidye", "edye" diyip Alili dialektinde ulanilyar,
Arsarylaryn hem edil beyle gurleyanlerinin bardygyny bilemokdym.

Garrygalalylaram (goklenler) sheyle gurleya.

Yone Garabegem ozbek

Yone Garabegem ozbek medeniyetinden tasirini alan.Kimem bolsan meni bagysla welin men seni su sozun bilen razylasamok .Onsonam biz tat dal .Name ozunizi ,yagny halajy akja juyje edayipsinizle. BOlanok.

Bir zada başlaýjak ýaly

Bir zada başlaýjak ýaly :D
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

?

utp_li wrote:

Sol aydilan uly mafiyanyn yasap gecen yeri.

Haysy mafiyadan gürrün edyanizay .Bize-de açyk-açyk ayytsanyzlan!Kim ol, haçan yaşap geçipdir?Gowy adammy?...

hii mafya bolarda gowy

hii mafya bolarda gowy bolarmy?

......................edebi edepsizden öwren.......................

hmm

men ozume şoool magdana bay Magdanly şaherinden!!

yone kop maglumatlar bilen ylalaşamok!ne ozbek ne turkmen ne gazak diyip aydypdyrlar Çarşanny üçinem.beyle dal howww.turkmen hem bar ozbek hem bar gyrgyzam bar hatta koreyalysy hem bar.her milletden adam bar.beydip bimillet etdinizlay!!
men hem ozbek yone dogry Özbegistandaky özbekler yaly dal.men ata babam Özbegistan topraklarynda doglup şol topraklarda önüp ösen.sonabaka çopançylyk edenligi üçin geçen asryn ortasynda yagny 1957-1958 yillarynda Özbegistandan bu topraklara gelen!!men kakam barde doglan.men hem şeyle!
aytmak isleyan zadym beydip milleti belli dal diymek bolanok!!
çurt kesik garşy!!!

gel ne olursan ol yine gel...

Lebap welayaty hakynda

Lebap welayaty hakynda gurrung yazypsyng welin her bir etrap barada doly maglumatyng yetishmandir, bu sebapden etraplar we ol yerde yashayan halklar barada yazanynda : olar ne ozbek ne turkmen kimdikleri belli dal diyen yaly gurrunleri nadogry bolyar. Hatda Charjew etrabynda (Serdarabat)bar bolan oba obadan tapawutlanyar, bir obanyng gurleyish dialekti beylekisinden tapawutly. Elbetde kabir obalarda has koprak ozbek medeniyeti tasir eden yerleri bar. Mashgala mashgaladan tapawutly, shol durli dialektde gurleyan ildeshlerimizing hem aslyny idekleseng ozune mahsus taryhy bar we Turkmenlering belli uly tiresine baryp degyar. Elbetde dil nirede bolsada golay yashayan milletlering dilindaki sozler bilen utgashyar. Mysal uchin belli shahyrymyzyng goshgularyny original nusgalaryny okap gor, kabir goshuglarynyng yarysyna hem dushunmek kyn, magtymgulynyng ulanyan sozlerinde ozbeklering ulanyan sozleri bar. Aslyny alsak hemmesi hem bir halk bolup chykyar, yagny Turki halklar. Mening pikirimche idleshlerimizing nahili gurleyandigine seredip olara her hili at dakmagyng, arassa yada arassa dal Turkmenlere bolmeging ozi gowy zat dal. Kabir etraplarda yashayan halklaryng durli dialektde gurlemeklerine taryhy we geografiki faktlar tasir edipdir. Biz Turkmenler bir tire taypany yada bir regiony owup arsha galdyrmak, in arassa Turkmen dieyn yaly gurrunlerden dashda dursak, munung yerine ynsanyng ynsanperwerligine, medeniyetine we ahli halk uchin edyan goshantlaryna uns bersek we sholar esasynda gatnashyk gursak in peydaly bolar!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Yarym kilo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty dogry aytyan!!! Esasy zat tirede dal, ynsanyn akly we kalbynda!"

Menä "Talantly Abraýly

Menä "Talantly Abraýly Türkmenler" diýip eşitdim diýsem...

Edep bir täçdir nur-y Hudadan
Geý ol täji, aman bol her beladan

tat yok how bahh barde,

tat yok how bahh barde, agzamang indi sholary:)( bu komment kabir hayshlara gora duzeldildi)

...

Bizar etdi tat bir turkmen tiresi diyip ozlerem tat diyseng shat diyene donyaler. Kim bilya
belkem ong tat diyip tire ya-da taypa bolandyr, yone danniy moment tat sozi tire hokminde
dal-de ,taze atlandyrlan turkmenler uchin ulanylya.