Gelin-gyzlaryň açyklygy – milletiň betbagtlygy.

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

(bir wagtlar bu makalany terjime edipdim. okamaga hödürleýän.)

Her zadyň çeni bolşy ýaly bezenmekligiň hem çeni bar. Çenden aşa bezemen aýal-gyzlara erkek kişiniň garaýyşy üýtgeýär. Aýal-gyzlaryň göze ilginç bezenmegi we bunuň netijeleri barada men sizi bir zatlar aýtsam „Diri samsyk däl-ä menem, akyl berip aldyň senem“ diýmegiňiz mümkin . Şonuň üçin geliň gowusy bu barada iş salyşýan, köp çaý sowadan medisina ylymlarynyň professoryny diňläliň. Ol Dagystanyň Medisina Merkeziniň direktory, deri keselleri lukmany, urolog, androlog, seksopatolog, medisina ylymlarynyň doktory, professor Azizow Ahmed Pirmagomedowiç. Geliň onuň bilen edilen söhbetdeşliginden bölekleri türkmen diline terjimede okap tanyş bolalyň. Söhbetdeşlikdäki pikirler onuň awtorynyň şahsy pikirleridir. Makalanyň originalyny dolulygyna http://nurul-islam.mn.ru/ni10/10-3.html adresinden ors dilinde okap bilersiňiz. Aşakda bolsa, ondan türkmen diline terjime. Okamagyňyzy dowam ediň...

Gelin-gyzlaryň açyklygy milletiň betbagtlygy

Erkekler aýal-gyzy görüş duýgysy bilen kabul edýär. Hakykatdan hem açyk ýa-da ýarymaçyk geýnen aýal-gyz erkekleriň ünsüni çekýär. Umuman, şeýle geýnip, erkekleriň ünsüni özüne çekmeklik, taryhda ilki bilen ýeňil gezýän aýal-gyzlar tarapyndan, ýagny jelepler tarapyndan ulanylypdyr. Şeýle niýetli aýal-gyzlaryň gözi bilen garaňda, açyk-seçik geýinmek hakykatdan hem „müşderi“ gazanmakda öz peýdasyny berýär. Indi, häzirki wagtlarymyzda döwrümiziň ärleri, kakalary ýa-da erkek doganlarymyz özleriniň aýalynyň, gyzlarynyň ýa-da uýalarynyň köçelere göze ilginç bezenen we açyk geýnip çykmalaryna näme üçin parhsyz garaýarlarka? Şeýle göze ilginç, dar ýa-da açyk geýinmekligiň netijesinde, aýal doganlarymyz başga ýat erkekleriň göz gyzdyrmasyna, bolgusyz lak atmalaryna, kä halatlar-da bolsa zorlanylmaga çenli sezewar bolýarlar. Beýle ýagdaýa düşülende hiç zady geň görmek gerek däl. Sebäbi ýokarda aýdyşymyz ýaly geýnip köçä çykan gyzlary gören erkek psihologiýasy bu gyzlary ýeňilkelle hasaplap, lak atyp ýa-da aldap bolar diýip kabul edýär. Köçede gowy geýinmegi halaýan aýal-gyzlar öýlerine gelip, özleriniň üns çekiji geýimlerini aýyryp, ala-beder halatlary geýýärler. Şu ýerde geň hadysa bolup geçýär. Aýallar öz ärleriniň öňünde bezemen geýnip, gowy görünmegiň ýerine, öýde özleriň betnyşan halatlaryny geýip, ärleriniň ünsini çekmegiň ýerine, öz aralaryndaky gatnaşykda sowuklyk emele getirýär. Emma, ol aýal köçede we işde ähli erkekleriň ünsüni çekmek üçin elde baryny edýär. Ýeri gelende aýtsak, umuman daş-töweregimizdäki ýarym açyk aýal-gyzlar erkeklerde hyjuw-duýgylaryny peseldip, olaryň potensiýasyny peseldýär. Şeýlelikde erkekler aýala bolan höwesli garaýşyny ýitirýär. Yslam we musulman ýurtlarynda ýapyk geýinýän aýallaryň açykrak geýinmekleri erkeklerde uly hyjuw döredýän bolsa, onuň tersine açyk geýinýän aýallaryň gurşawynda bolan erkeklerde öwrenişmeklik sebäpli huwuj-duýgylary pesdir. Bu äçyklyk näçe köp boldugyça erkeklerde duýgylar we potensiýa barha peselýär. Erkeklerde potensiýanyň peselmegi, göwnine ýetilmedik, ýagny, är-aýal gatnaşyklaryndan närazy aýallaryň sanyny köpeldýär, bu bolsa aýallaryň ärlerine ikilik etmekliklerine çenli baryp ýetýär. Elbet-de, bu işe üns çekiji we açyk-seçik geýimler bilen başlaýarlar. Şeýlelikde-de islenilmeýän netijeler emele gelmäge başlaýar.

Maşgalasyndan daşarda öz seksual höwesini kanagatlandyrmak isleýän aýal, şeýle ýola düşmek bilen, ol hakyky sarsgyny başdan geçirýär. Bu bolsa onuň durmuşynda yzsyz galmaýar. Bu sarsgynyň öwezini dolmak üçin, edýän ikiliginden aňrujy lezzet almak isleýär, bu hem elmydama başardanok. Bu sebäpli hem, ol başyndan geçirýän psihologik ejirlerini aýyrmak üçin ýene-de täze zyna gatnaşyklaryna ýüz urýar we her gezekde onuň islegi köpelip, kanagatlanma derejesi bolsa peselýär. Bütin bu zatlaryň netijesinde aýal her gezek ýat erkegiň öňünde peselýär we her kime elýeterli ýaly bolup görünýär. Ol elmydama masgaralanmak we peseldilmek howpy içinde ýaşaýar. Oňa ýokuşjak keseller barada gürrüň hem etmäli.

Biz ýazgymyzyň başynda açyk-seçik geýnip köçä çykan gyzlary gören erkek psihologiýasynyň bu gyzlary ýeňilkelle hasaplap, lak atyp ýa-da aldap bolar diýip kabul edýänligi barada aýdyp geçdik. Şeýle aýal-gyzlara zorluk görkezilende, olaryň hiç hili garşylyk görkezmez diýip hasaplaýarlar. Olaryň hasaby köplenç dogry çykýar.

Bunuň tersine, köçede asylly geýnen aýal-gyzlara betniýetliler kelç-külç söz aýtmaz, birinji bilen ol aýgytly garşylyga duşjagyny bilýär, ikinji bilen onuň asylly aýal maşgala mahsus bolan geýnişi, erkekde erbet pikirleri oýarmaýar, üçinji bilen bolsa zorluk görkezilen ýagdaýynda onuň gerekli ýerlere ýüz tutjakdygyny bilýär. Meniň medisina praktikamda asylly maşgalalaryň zorlanylan halatlary gaty seýrek duşdy...

Makalanyň originalyny dolulygyna http://nurul-islam.mn.ru/ni10/10-3.html adresinden ors dilinde okap bilersiňiz.

-----------------------------

Awtor barada maglumat
Professor Azizow Ahmed Pirmagomedowiç:
Dagystanyň döwlet medisina institutyny 1983-nji ýylda tamamlady. Deri keselleri lukmany, urolog, androlog, seksopatolog.

1996-njy ýylda medisina ylymlarynyň doktorlygyna kandidaty, 1998-nji ýyldan bäri medisina ylymlarynyň doktory. Doktorlygyny Moskwada gorady. 100-den gowrak ylmy işleriniň awtory. Professor Azizowyň 4 sany oýlap tapyjylyk şahadatnamasynyň we birnäçe medisina enjamlarynyň hem-de derman serişdeleriniň patentiniň eýesi.

------------------
Bellik. adresi berlen link baglanman biler. bu terjime köne terjime.

Telpekler (4 kisiden 6 sany)

Bu yazgi ucin

  • OldBoy 1 telpek goyyar we yazyar: " Berekella! aA aga sag bolun"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"
  • vatan 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

okadym

AgAjan agA terjime we makalany payashaniniz ucin kop sag bolun . sonua chenli okadim(ish vagty kynyraga boldi velin :)) )
Bu makala dine bir gizlara degishli dalmika diyip pikir etyan. geljekde hemmamiz ene - ata bolmali(yada bolanlar hem bardir)
mena oz shasyma aytsam gizimin shu yagdayda gezmegini islemezdim.

ps.size telepk berip bolyada muny yazan(orginalini) yashula nadip telpek bemeli? :)

***********************
Sen! - Sen bol...

turkmenim

sagjabol gowy zatlar yazypsin. ayal gyzlarymyz su wagta cenli turmen esiklerini geydiler yagny yapyk geyindiler.ens dowam eder.

+ erkekler hem

+ erkekler hem başardykalaryndan gözlerini haramdan gorasynlar..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • OldBoy 1 telpek goyyar we yazyar: "He he gabanyanmy !? "

Quote: Şeýle

Quote:

Şeýle aýal-gyzlara zorluk görkezilende, olaryň hiç hili garşylyk görkezmez diýip hasaplaýarlar. Olaryň hasaby köplenç dogry çykýar.

Shu yerine 1 gram goshulamok...Biderek zat,
kop gyz achyk sachyk geyinse-de garshylyk
berer elinden geldiginden, achyk
geyinyanlerem "Hachan biri gelip meni zorlarka, menem hezil ederin" diyip geynenok...Garaz, edil shu yeri eshik bilen baglanyshdyrmak yalnysh, ayalyn zorlanmakdan
gorkmagy bashga-da birgiden sebapden bolup biler.

Bizin goşulsagam

Bizin goşulsagam goşulmasagam psihologiki köp kişide görilenligi üçin umumyrak edilip yazilipdir makala.
Sana tersdir yöne köpçilik üçin dogry bolsa şeyle hasap bilen alynyar ...
********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

Beyle zatlarda kopchulik

Beyle zatlarda kopchulik diylen zat yok,
psiholog'laryn statistikalarynyn kopusi hem
subut dalde, dine teoria, shunynky edil yokarda
yazyshy bilen duybinden yalnysh, kop yerde gaty kop
ayal bar achygrak geyinibem, zorlanmakdan erbet zat
bilmeyan...A ol hamala garsham dal yaly edip goyupdyr.