Allaberen aga bilen söhbetdeşlik dowam etyar

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Bellik: Bu sohbetdeshligin Dowamy.
Bashyny okamak ucin,
Allaberen(Aşyraliyew) aga bilen Söhbetdeşlik guramakçy bolyas - Allaberen aga barada we soralan soraglar
Allaberen aga bilen söhbetdeşlik başlady - Sohbetdeshligin basy.

3.Paul Erdos (shuwagda chenli ing kop makala yazan matematik) gunde 17 sagadyny akademiya sarp etyar eken. Siz gunde nache sagadynyzy akademiya sarp etyaniz?
Agşam sagat 8-den son nahar iymejek bolyan ve 11-den son bolsa yatmak bilen bolyan. Ertir irden sagat 6-7-de turyan. Galan vagtlarimin 80%-di menin iş vagtlarim. Matematika sarp etyan vagtlarim:
-sapak okatmak(bu bolmasa guych gelmez)
-ekzamen gecirmek(halamayanim yone onsuzda bolmayar bu ekdigin gulun nehili yetishdigini bilmemezlik yalydyr. Ekzamen gechirilende goyberdigin bir yanlishlyk bashga birisinin sana inanjini yok edebiler. Onun üchin kop dikkatly bolmaly yagday)
-taze isleri ovrenmek(kop vagtini alyar ve kindir)
-resenziya ve editorlik
-pikir etmek ve işleyen ugurlarini gozden gecirmek(dusunde-de ve husunda-da, in onadi ve kavagt alnan taze bir açis birnaçe gunki ukuni alar)
-alnan netijeleri basgalarin dusunejegi yaly makalari yazmak(in kini yone bu bolmasa galanlarina çidap bolmaz. Bu ekdigin hasili bazara getirmek diymekdir)
-konferesiyalarda ve seminarlarda cikiş etmek ve onun icin doklat tayarlamak
- Doktor, aspirant, talip okuçilarim bilen uznuksiz islemek
-gelyen profesional hatlara ve soraglara jogap bermek(turkmençe, rusça, turkçe ve inglisçe)
4.Turkmenistana dolanma niyediniz barmy?
Men Turkmenistanin rayati ve Turkmenistandan ayrilmadim. Geçen yila çenli butun yazan makalarimda ve kitaplarimda iki adres bar: Turkmenistan ve Türkiye.
Bu iki dovlet adina bir zat edip bilenime her vagt begendim. Turkmenistandan Turkiye gelen taliplara ruhy komekçileri bolmaga çalişdim. Doktor, aspirant taliplarim iki dovletde-de bar. Men özimi dasari yurtli hasap etmedim. Sebebi men-de biz iki dovlet bir milletin adamlaridiris diyip dusunyerin. Internetin sonki yagdayi dunyeni bir kiçiçik oba yaly etdi. Biz bilelikde gormedik adamlarimiz bilen internetin komegi bilen iş edip ve makaleler yazip bilyeris. Meselem, sonki vagtlarindaki makalarimda Turkmenistandan, Turkiyenin durli universitetlerinden, Rusiyadan, Germaniyadan, Polshadan, Vengridan, Brazilyadan, Israilden, Ispaniyadan bilelikde işleyen adamlar bar. Menin bar islegim adamzadin ilimda gazananlarina azajik bolsada gosant gosmak.
5.Türkmenistanyn gelejegi üçin haysy ugurlar has peydaly,haysy ugurlar Türkmenistan üçin gerekli.
Bu soraga jogap bermek biraz kinrak bolyar. Yone menin dusunjem boyunja ilmin hemmesi bir-birine baglidir ve adamlarin onat yaşamagini saklanak ücin niyetlenendir. Onun ücin adamzadin onunde duran ahli problemalar bizede degislidir. Az vagtda belli bir ugur bir yerde has osüp biler. Yone eger uznuksuz onun osmegini islenilse bar bolan adamzadin bilgilerinin den derejede ösmegini saklamak gerek bolyar. Bu yerde yene birzadi bellemek isleyen taze alnan aciş naçe geniyal bolsada açilan vagti guyji bardir. Az vagtdan son hemme kişi duşunenden son onun ne guyji bardir nade muştagi. Onun ücin ilki bolmak gerek ve o vagt bu bizinki diyip bolar. Onun ücinde dunyenin bilgilerinin harmanini(database) ilki bilmek gerekdir. Bu bolsa: dil , internet ve personal komputer.
Bizin yaş vagtimizda internet ve personal komputer yokdy. Moskvada yeke tek Lenin adindaki kitaphanada dunyenin bilgilerinin harmani(durli dilerdeki kitaplar ve jurnallar) bardy. Her yil ol yerde 10-20 gun galip aldigimi bu gun sagatlarin içinde internetin komegi bilen alip bilyerin. In esasy zat. Eger internet bar bolsa onda universitetimizde yok bolsada dunyenin bir bashga yerinde bolan isi alip bolyar. Onun ücin siz vagtinizin gadrini bilin.
6. 2000. yillarda meşhur bolmana başlan Matematical Finance ugry hakynda name pikir etyaniz?Yaş matematiklere şu ugry maslahat beryanizmi?
Ginansakda menin giziklanyan ugrum del. Menin giziklanyan problemalarim matematikanin üç sani uly ugurlarinin ortasidir. Bular: Partial Differential Equations, Numerical Functional Analysis, Computational Mathematics. Yone iki yil ozal Ankarada geçen halkara konferensiyada bir dokladim bardi. O parabolik tipli hususu onumli differensial denleme ücin lokal bolmayan problemalar baradady. Norvegidan gelen bir professor mana Matematical Finance onat ulanilişini tapa bilersin diydi. Bu gune çenli seredip bilmedim. Aslinda seretjek ve seredip bilmedik kop zerur islerim bar. Onun ücin güychli grup ve gagt gerek. Matematikanin islendik emprik ugurlara ulanylysy bunun yali hadisalari çikarip bilyer. Onun ücin her vagt tamamlayan işlerin ulanilishina ve onun mumkinchiliklerine üns bermekde peyda bar. Elbetde yaş matematiklere Matematical Finance ugry maslahat beryarin. Yone menin size maslahatim has umumy boljak. Işlejek ugrunuz iki yada üç ugurlaryn orta nokatlari bolsa has onat bolardy.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

maslahatlarynyz uchin sag bolun!

merka

:D Bardede sheydipsin

:D Bardede sheydipsin ....curious edyan adamlari :)