1 USD = 15,000 TMM

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Men gaytmakam gara bazarda 25000mundi, hazir 15000 bolypdyr. Onkiden 40% arzan. Chatdaky mysh-myshlara gora 10 gunden gara bazary yapip bankda 5200-den berjekmishler. Oydakilere soradym, prezident merkezi banka sheyle diyipdir: "Bazar bilen bank nyrhy bir menzesh bolsyn. 10 gun icinde shu meselani cozun".

Menin pikirimce beyle dushmegi bizdaki ekonomistlerin ishi dalde, sonky gunlerde US dollarinin bahasinin hemme yerde dushmegi.

Investmentde bir zat bar. "Buy low, sell high". Stock bazarda share-lerin bahasy arzanlan wagty satyn alyarlar we sonra gymmatlan wagty hem satyarlar.

Oydakilere aytdym, kan manat tapynda dollar alyp goyun, 2-3 ay sonra onkusi yalak bolar bahalar diydim. Goz onunize getirin, hazir 1000$ almak ucin, 15mln manat gerek. Bahalar galyp 25,000 gelse, 1000$ satyan we 25mln manat yzyna alyan. 10mln girdeyji, otyran yerinden we gysga wagtda! Bilyansiniz bankda pul goysan yillik 5% girdeyji uly hasap edilyar. Bu yerde 40% girdeyji ozi, hem 2-3 ayda.

Elbetde risk hem bar we oni hem goz onunde tutmali. Bahalar yenede dushmage dowam etse, 10 gunden 5200 gelse batyan!

Ine shu oyuna investment diyilyar. Yone bu stock bazarda gyzykly bolyar. Kompaniyalarin share-lerini alyp-satmashak, bar pulini bir yere yatyrman bir nace yerlere paylamak, riskleri azaltmak ucin. We s.m. zatlar..

Bu barada sonra yene yazmakci.. Hazir gyzykly zat, dollarin 2-3 ay sonra bahasynyn name boljagy. Bazary yzarlap duraryn we tazelikleri yazaryn.

UPDATE: Okap gorenlerin kabirleri men USD satyn alyn diyip maslahat beryan yali dusunipdir. YOK, men ony hic kime maslahat beremok. Yatladayin, gara bazardan TMM/USD calyshmak Turkmenistan kanunlaryna garshy we jenayat ishidir.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Chynynmay Atamyrat ?? Eyyam

Chynynmay Atamyrat ?? Eyyam 15.000'den alyp bolyamyshmy $ ??
Manat uyshurip yorenlerin guni geldi...
Yone beyle reskiy dushmegi, TM'nin ekonomikasynyn enesini uvremezmi ??

Quote: Menin pikirimce

Quote:

Menin pikirimce beyle dushmegi bizdaki ekonomistlerin ishi dalde, sonky gunlerde US dollarinin bahasinin hemme yerde dushmegi.

Ylalashamok. Name, 1-2 gunde dollaryn bahasynda 5/3=167% tapawut nirede boldy TMdan bashga?
Bu bizde prezidentin sozuni, gorkup, aljyrap, yerine yetirjek bolyanlaryn ishi.
Hazir bilshime gora 2 hili reaksiya bolup biler:
1. Atamyradyn aydyshy yaly "$ gyt bolar yakynda we yene 25 000 bolar" diyip $ satyn almaga bashlanlar
2. "Dollar 15 000 wagty satyp bir galayin, 5000 bolaysa, bary koyer" diyip satyp bashlanlar.
Ikisem risk. In gowy eden adam, 25 000 wagty bar dollaryny satyp, indem 15 000 wagty hem alyp oturanlar. Munyn yaly edenem bardyr.
Yone dowlet bir zady EMELI SHEKILDE arzanlatsa elbetde ekonomika tasiri bolar. Nadip? Bazardaky dollarlar kopusi birinji punkt boyuncha alnyp bashlanar-->dollar gytlygy - manadyn asha koplugi-->dollaryn bahasynyn yene galmagy. Mumkin 25 mundenem gecher indi...
Dowlet dollaryn bahasyny arzanlatmak uchin dollary bazarda "asha kop" etmeli bolandyr, yagny banklar toplanylan dollar fondyny chykarandyrlar bazarlara, olaram asha kop bolup, manada gora arzanlandyr. Yone Turkmenistanda $yn bahasyny shu shekilde uytgetmage nacherak walyutniy($) rezerwi barka? Shu $a boljak isleg adamlar taze baha owrenishyancha normadan kop bolar. Olam banklaryn shol dollarlary halka yetirip durmagyny TALAP edyar, eger shol baha saklanjak bolsa. Bolmasa, dollar gytlygy bolar we bahasam galar
PS Menin ekonomikadan bar bilyanjam
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

jenayatchydan salam

Atamyrat wrote:

Yatladayin, gara bazardan TMM/USD calyshmak Turkmenistan kanunlaryna garshy we jenayat ishidir.

dogry. ýöne bize jenaýatçydygymyzy ýatlatmak nämä gerek?
biziň ählimiz (dollary satýas we alýas).
biziň ählimiz (jenaýatçy).

Men shunyn jenayatdygyna hem

Men shunyn jenayatdygyna hem ynanamok. Konstitusiyanyn haysy maddasynda $ chalyshmagyn jenayatdygy bar? Bizde hemme zat gorky, kanunam gorky. Name uchin $ chalyshmak jenayat? Onda nireden chalyshmaly? Bank chalyshyamy?

---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

Quote: Konstitusiyanyn

Quote:

Konstitusiyanyn haysy maddasynda $ chalyshmagyn jenayatdygy bar?

Beyle zat konstitusiyanin hic maddasynda hem yok. Konstitusiya olar yali zatlar ucin dal.

"Madda nomer" gorkezishmeshek dereja gelen bolsak.. okasyn gelse asahkda kabir tapanlarymy goymakcy.

Türkmenistanyň Kanuny
Türkmenistanyň pul birligi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1993 ý., № 9-10, 85- madda)

Quote:

6-njy madda. Türkmen manadyny başga pul birlikleri bilen çalyşmak (konwertirlemek)

Türkmen manadyny başga pul birlikleri bilen çalyşmak (konwertirlemek) işi Türkmenistanyň kanunlary arkaly düzgünleşdirilýär. Türkmen manadyny daşary ýurt walýutasy bilen çalyşmagyň şertlerini we tertibini Türkmenistanyň Merkezi banky kesgitleýär.

Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.
1993-nji ýyl, 8-nji oktýabr.
№ 888-XII,

----------

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
VI – 6 – Б
Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1993 ý. № 9-10¸ 86- madda)
(Türkmenistanyň 23.09.1994 ý. Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Quote:

V bölüm.
ALYS-ÇALYŞ KURSUNY BELLEMEGIŇ SYÝASATY,HALKARA ÄTIÝAÇLYKLAR, BAHALANDYRYLÝAN ÄTIÝAÇLYK SÇÝOTY WE ALYŞ-ÇALYŞA GÖZEGÇILIK

38-nji madda. Türkmenistanyň pul birligi
Pul birliginiň dolanyşygynyň şertleri we tertibi Türkmenistanyň «Türkmenistanyň pul birligi baradaky» Kanuny tarapyndan düzgünleşdirilýär.

39-njy madda. Alyş-çalyş kursunyň syýasaty
Türkmenistanyň alyş-çalyş kursy boýunça alyp barýan syýasaty Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan işlenip düzülýär we tassyklanýar.
Türkmenistanyň Merkezi banky walýuta gözegçiligini amala aşyrýar. Şu Kanunyň düzgünlerinde göz öňünde tutulan ähli hasabatlar we maglumatlar Türkmenistanyň Merkezi bankyndan geçirilýär.

--------

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
VI - 8
Walýuta operasiýalaryny düzgünleşdirmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1993 ý., № 9-10, 88- madda)

1-nji maddadan bolek wrote:

«Ygtyýarly edilen banklar» - walýuta operasiýalaryny geçirmek üçin Merkezi bankyň lisenziýasyny (ygtyýarnamasyny) alan banklar.

Quote:

4-nji madda. Alyş – çalyş hümmeti (kursy)

Walýutalaryň alyş-çalyş hümmetini kesgitlemegiň tertibini Türkmenistanyň Merkezi banky belleýär. Bellenen tertibe laýyklykda kesgitlenen alyş-çalyş hümmeti Türkmenistanda geçirilýän ähli walýuta operasiýalarynda ulanylýar.

5-nji madda. Ygtyýarly edilen banklar

Türkmenistanda ähli walýuta operasiýalary ygtyýarly edilen banklaryň üsti bilen amala aşyrylýar.
Ygtyýarly edilen her bir bank öz müşderileri bilen özüniň dellallyk etmeginde (araçy bolmagynda) geçirýän alyş-çalyş operasiýalarynyň kanunylygyny üpjün edýär.
Ygtyýarly edilen bank Türkmenistanda we daşary ýurtda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenen tertipde, walýutany erkin satyn alyp we satyp biler.

6-njy madda. Türkmenistanyň walýutasy

Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi manatdyr.

"Konwertasiya" etmek ucin Turkmenistanin Merkezi Bankyndan license almaly. License-siz ishlemek kanuna layik dal we ona salgyt gullygy (nalogiwiy) gozegcilik edyar. License-siz ishlemegin jezasy/temmisi barada "TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamak we güýje girizmek hakynda" atly 141 sahypalyk dokumentden gozlemage yaltanyan.

License alman arak satyp gor. Yok, yok ol anyrda dursyn. Nalogiwiydan rugsatsyz magazin acyp gor Ashgabatda (basga yerleri biljek dal). 2 hepde ishletseler menin zat bilmedigim.

Jenayat bolmasa name ucin dollari bukyp satyarlar we alyarlar?

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Dash etdin!!!"

Quote: Jenayat bolmasa name

Quote:

Jenayat bolmasa name ucin dollari bukyp satyarlar we alyarlar?

Mena dayzalaryn nirede satyp alyanyny bilmeyan bardyr oydemok, her kimem bilya.
Kanun Konstitusiyadan gelip chykyan ekeni wikipedia gora, yagny bir ashagy basganchagy.
Yokardakylaryn, menin pikirimche, konstitusiyanyn bolekleri. Ol classify we define edya. Has dogry at, "Turkmenistanyn jenagat kodeksinin nachinji maddasy?" diymelidim. Sebabi jenayat bolsa==>onun jezasam bolmaly. We ol jeza kanun tarapyndan belli edilen bolmaly.
Yokardakylar dowlet tarapyndan goylan belli duzgunler.
Men bulashdym, yone gysgacha aytsam, $ alysh -chalyshy uchin jenayat kodeksine gora nache jerime tolemeli? Nache wagt turmede yatmaly?
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

jenayat

jenayat kodeskden.

Quote:

240 madda. Bikanun bank işi
(1) Bellige alynmazdan ýa-da ýörite rugsadyň (ygtyýarnamasynyň) hökmany bolmaly halatlarynda, şeýle rugsadyň (ygtyýarnamanyň) bolmazlygy ýa-da ygtyýarnama bermegiň şertleriniň bozulmagy bilen, eger şol hereket graždanlara, guramalara ýa-da döwlete uly zyýan ýetiren bolsa ýa-da uly möçberde girdeji almak bilen baglanyşykly ýagdaýda bank işiniň (bank operasiýalarynyň) amala aşyrylanlygy üçin,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdak mahrum etmek jezasy berilýär.
(2) Şonuň ýaly hereket:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa;
b) aýratyn uly möçberde girdeji almak bilen baglanyşykly edilen bolsa,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini konfiskasiýalap ýa-da konfiskasiýalaman üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

IANAL! Yokarky jerimeler maximumlar. Kime nahili name jeza bermelidigini sudda sudya cozyandir.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azik 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella Atamyrat Gaty gowy yazypsyn.Nireden tapyanay bu kanunlary.kitapdanmy ?internetdenmi? Salgysyny bersene yaman gyzyklanyan welin?"

Quote: dogry. ýöne bize

Quote:

dogry. ýöne bize jenaýatçydygymyzy ýatlatmak nämä gerek?

Birine bir gizli zady aytjagyny aydanindan sonra "seret, menden eshiden dalsin" diyyarlera..
Yazan zatlaryn jogapkarciligi oz ustunden ayirmak yali bir zat.

Mana biiiirden yrsaraysalar, sen name ucin jenayat zady etmegi maslahat beryan diyip, men name diyeyin?

şu günler şu dollaryň

şu günler şu dollaryň iki bahasy (5000 we 24000) birleşdirmek gürrüňi ýokarda aşaga çenli bizi aljyradýar.
we bir süri soraglara jogap gözledýär.

1. şu reformany 2009-da täze pul goýberenlerinde edilse has laýyk dälmi? hem täze pul hem täze kurs. şonda dollary erkin satuwa çykarsalar has gowy bolardy. iň bolmanda iki başagaýlygyň ýerine bir başagaýlyk bolardy.

2. ozallar ekonomikaň ýagdaýy ýokka halka aýlyk bermek üçin dollary emeli galdyryp onam banklaryň özi bazarda satyp manat toplap soňra halka aýlyk berilýädi (şu güne çenli). ýagny manadyň aýlanyşygy ýok. diýmek indi ekonomikamyz gowlandymyka?

3. dollary bir bahadan erkin satmaga uzak dowam edip bilerlermikä?

...

erteki

sada aýy we mekir daýhan barada ertekini hemmäňiz bilýänsiňiz.

1. daýhan we aýy şertnama baglaşýalar.
2. ekin ekmeli we ýokarsy daýhana aşagy aýa.
3. ekýäler bugdaýy. ýokarsyny daýhan alýa köküni aýy
4. aýy aldanýar.
5. indiki ýyl şertnamany täzeleýärler. indi ýokarsyny aýy almaly aşagyny daýhan.
6. şugundur ekýäler. köküni daýhan alýar. ýokarsyny aýy.
7. ýene-de aýy aldanýar.

indi täze erteki.

1. merkezi bank we halk şertnama baglaşýalar. dollary erkin satmak barada...
2. (yzyny özüň ýaz.)

Ay edil beyle-de dalle

Ay edil beyle-de dalle Agajan aga...Hiy bolmanda shu vagtlykcha halk utyar, yagny eline gelyan manady 15.000'den
dollara ovurdip bilayseler, herkimin elinde biraz $ uysher,
bu eyyam 1 plyus, yone minus bolup biler, sebabi 5200'e dushse has kop ellerine gelip bilerdi...
Yone dovlet islan vagty "Chynyny etse kakasy yener" edip,
dollary uchuryp biler, buda eyyam halk'yn uzyn mohlet'de utuldygy bolar, yone "uchurmak" hem $ 24.000'i gechse bolyar,
shona chenli name uytgetse-de, halk shu vagtky halyndan
hich zat utduranok...

Aslynda, hususy firmalaryn export'y uly pul getiryan dovletlerinde "yerli valyuta"/$ proporsiasyny kan dushurmek
yerli halk uchin "govy" yaly gorunse-de, dovlet uchin kan
govy zat dal, sebabi yerli pula ishchi ishledyan, yerli chig-maly ulanyan firmalar, harytlary $ boyuncha has gymmat export etmeli bolyalar, on meselem
400 lira=270$'a satyan zadyny, indi 400 lira=320$'a satmaly
ve bu olaryn klientlerini azaldyp biler, yerli ilat hem
$ berip dashardan zat satyn alar, yagny dovledin $'lary
dashary gider, oz harydy bolsa ne icherde idili satylar,
ne-de dashary gider...Garaz, dashary yurda haryt satyan hususy karhanalar utulyar => Dovlede az nalog tolenyar => Dovlet yitiryar...

Yone bizde olar yaly uly hususy firma pochti yok, shonun
uchinem yokardaky shertlere gora utuljak "hususy" firmalaryn yerine, dovlet firmalary utular...

Meselem:
Hazir biz TM'nin yasayan jynsylaryny 150.000 bolanson
arzan goryas ve 3-4 sany jorap alyan yaly edip alyas(mena sheyle, sebabi barde shol pula 3 sany jorap alyan), yone
$ 5200'e dushse, shol jynsylar 30$ boldygy bolyar, onson
kim alar shol harydy ustune azajyk goyup, hili has govy ve marka alyp bolyaka ?? Yene-de dovledin harydy satylmaz,
bizde satylmayan zat dashary yurtda-da kan satylmaz sebabi ol harytlaryn hili pes, dashary yurda gidyancha olaryn bahasy 45-50$'y gecher, muncha $'y bolsa bermezler ol
jynsylar uchin....

Yone bazaryn shu hala gelmegi, harytlaryn hilini ha artdyrar in azyndan, sebabi indi olar dashary yurtly harytlar bilen yaryshmaly bolyalar baha/hil boyuncha...
Enshalla dashary yurt'dan gelyan harytlara esselap nalog
goyup, ozlerem harytlaryn hilini goterman, halky 2 odun
ortasynda goymazlar....

dogry bahsyny tapmaly

yagny dollar bilishim gora dasary satyan zadyn we alyan zadyna gore bahasy belli bolyan.dogry bahasy bolsyn we bankda dursyn bolany.nirde bar howwwwwwwwwwwwwwwwwwwwww bizdaki yagday.5200 dowlet 25000 dayza

Tazelik: Dollar yene

Tazelik:

Dollar yene onkisine galypdyr oydyan. yany bir ishgarim aytyar "dollar owurmane bardym, "yene bir sagatdan gel" diydi bir tanysh valyutchigim, menem name uchin 1 sagatdan diyip sorasam "hazir 22-den satyp durys 1 sagatdan 23-e onki bahasyna galyar"" diyipdir.

Yone tochno belli dal!

Ay mena shu zatlary okap

Ay mena shu zatlary okap gara dere batyp otyryn, dilegim dollar galsyn! Ynanmarsynyz, shu gun gechen hepde kitaphanadan alan kitabymy okap otyrkam ichinden 100 dollar chykdy, gozume ynanmadym! Pulymy name etjegimi bilemok, yone skoreye wsego ony boldurman biraz garashyp gorerin, mumkin hemme zat onkisi yaly bolar!
Bahalar Feyan aydyshy yalaga dal, dollar kursy shu wagt 17-18 mun aralygynda bokup dur.

Kitaphana gidip eyesini

Kitaphana gidip eyesini gozlesen nahili bolar?
Eger eyesini tapsan sogap gazanarsyn,hem ilin zadyny almarsyn.
eyesini tapmasan pul ozune galar+sogap gazanarsyn.

kim chynyny aydarkanay.

kim chynyny aydarkanay. eyesine bersen elbetde sogap, yone hakyky eyesi tapylaysa. yone her zat bolup bilyar, belki biri bilgeyshleyin goyandyr.

yany yene telda gurleshenimde dollary satanlarynda 23 000-e a satyn alanlarynda 15 000-e alyarlarmysh. bizdeya sheyle ekeni.

Dayzalary vopshe

Dayzalary vopshe ayirjakmyshlar diyip mysh-mysh
yokmy ???
Diymek olaram entak tochno bilip bilenoklar yagdayin
haysy tarapa gitjegini, ozleri uchin yenilgisiz variandy
saylapdyrlar velin, beydip 15.000'a $ satjak tapylsa
nablayinda...

düyn biza gutladyk bayadyk

düyn biza gutladyk bayadyk diyip
hayp bomasyn how

......................edebi edepsizden öwren.......................

Samanhana yanyar boldy

Samanhana yanyar boldy munynyza...

el geljek onda. aylyk

el geljek onda. aylyk uytgemese, zatlaryngam bahasy galmasa onda halk gaty bayar. bu turkmenistanyng bayyanlygynyng alamaty,,,elbetde $ ashak dushmegi bilen baglanyshykly yone beyle birden dushmesi dowleting baylygynyng alamaty. dunya boyunca tm. 10 yerde duryar gaza we nebit boyunca.
tizirak okuwy gutaryp tm. baryp ishlap bashlamaly onda.

eyyam zatlaryn bahasy galdy.

eyyam zatlaryn bahasy galdy. aylygam %10 arttyrylayar. stipendiya %40 arttyryldy (yalnyş bilmeyan bolsam)

Vii...Hany 2 esse

Vii...Hany 2 esse galjakdylay yilin bashynda ???
Baydak ayindami ya ol kopeldilishik ??

munca puly sowup etiship

munca puly sowup etiship bilaysema?:))

2 sagat on doganym bilen

2 sagat on doganym bilen gurleshdim Mary'da okayan,
ola "20'den alyp, 23'den satdylar shu gun" diydi..
Hich zat uytgemejek oydyan bu gidish bilen, shol 2 gunde
15.000'den $ alyp yetishenler utan bolaymasalar...

men-a 16000 diyip eşitdim,

men-a 16000 diyip eşitdim, mana-da doganym aytdy (maryda)

Menin doganym valyutchik

Menin doganym valyutchik dal, hergun dollar oynap
yorenem dal, yone soranymda sheyle diyenson yazdym
bare...Ertir tel edip, "Bar, gorup gel" diyerinda :D

Türkmenistanda dollaryn

Türkmenistanda dollaryn bazar bahasyny döwlet bahasy bilen denleşdirmek bunun yaly yenil iş dalmika diyyan. Çünki dollary bir haryt diyip göz önüne getirelim. Bu "harydy" Türkmenistan öndürmeyar. Şonun üçin döwletin içinde bu "harydyn" bahasyny arzanlatmak üçin ony daşary yurtdan köpürak satyn almaly.Buny nadip etmeli? Daşary yurda çykaryan (satyan) harytlarymyzy (exsport) köpelitmeli.Başka bir yagdayda beyle bir zat bolmazmyka diyyan.
Buny döwlet zor bilen edip bilermi ?
Meselenm diyelim mende 2,5 milyon manat pulum bar . Men bu manada dollar satyn almakçy. Bazardan satyn alsam 100 dollar ,döwlwt banklaryndan satyn alsam 500dollar düşyar diyelim . Men elbetde bankdan alaryn.(500 dollar). Beyle yagdayda dowletin dollaryna bolan halkyn islegi Bazar bahasyndaky dollara bolan islegden 5 esse köp bolar.Meselem ön bir günde Türkmenistanda 500 milyon dollar (bazarda)satyn alynyan bolsa indi bir günde döwlet halkyn şol bir mukdardaky puluna 1,5 milyart dollar satmasy gerek.Buny Türkmenistan döwlet ekonomikasy başaryp bilermi , bilmezmi ony bilemmok. Eger buny başaryp bilse halk ösermika diyyan . Çünki ön 2,5 milyon manat aylyk alan bir adam her aylygy 100 dollar bolyan bolsa indi 500 dollar bolar. 1 yylda ya-da 1,5 yylda bir maşyn satyn alyp biler.(normalny maşyn). Daşary yurtdan gelyan harytlaryn bahasy ütgemez.

Ay garaz gepin keltesi Döwletin pulunun hümmetinin artmasy dine ykdysadyyetin ösmegine baglymyka diyip pikir edyarin.

Ay onsanam biz ekomomika düşünmerislay. Unwersitetde-de mydama ekonomika dersinden gaçyp gezyarin.
Yazgylarymda yalnyş bar bolsa önünden ayytyaryn. Bagyşlan!

ww

azik wrote:

Türkmenistanda dollaryn bazar bahasyny döwlet bahasy bilen denleşdirmek bunun yaly yenil iş dalmika diyyan. Çünki dollary bir haryt diyip göz önüne getirelim. Bu "harydy" Türkmenistan öndürmeyar. Şonun üçin döwletin içinde bu "harydyn" bahasyny arzanlatmak üçin ony daşary yurtdan köpürak satyn almaly.Buny nadip etmeli? Daşary yurda çykaryan (satyan) harytlarymyzy (exsport) köpelitmeli.Başka bir yagdayda beyle bir zat bolmazmyka diyyan.

shu erde bir zat, mening pikirimce dollaryng hummeti ongkuligine galyar, sebabi dashary yurtdan alynyan haryt $ tolenip alynyar ol hic hili uytganok, shol ongkuje toleyan $-yngy toleyang ene-de. bizing pulyngam tm.-nyng icinde hummeti galanok, hummeti galdy diysengem onda zatlar gymmat bolyar. meselem 1 kilo alma 25 mung manat 1$ ong. indi 1 kilo alma 25 mung manat yone 4,5$. bu dinge dashary yurtdan gowy harydyng bize gelmegine islendik zadyng hemde halk ony elyeterli alyp bilmegine uly komegi bar. sen dubaya gidip mashyn aljak bolsang indi arzan, shonung ucin sen ongki toleyan pulunga indi gowusyny alyp bilyang hem arzan. Munung beyle edilmegi ucin dowlet elbetde bir az pul goyberyar halkyng icine elbetde guyji etyandirde,, bizde name sanaymaly adam bar hemmesi somalyot munende-de ene bir az wagtdan bizing dowlet ony goterermika diyyan.

duyn oye jang edemde 14 mung

duyn oye jang edemde 14 mung bolupdyr.
mening pikirimce $ pese dusheni bilen(gara bazar yapylany bilen) zatlar shol durshuna galyar. meselem 1 packa cilim 15 mung manat. 25.000 ongki dollaryng bahasy bilen 1$ etenok, $ ashak dushensong ol pocti 3 $ bolyar. yone ony getiryanlerem ony ongem dashary yurtdan $ tolap alyarlar. bizing puly bank bahasyndan calshyp dasharda meselem hytayda sowsang bu erde kop zat yetyar ing barkisi mashyn aljak bolsangam, shonung ucin indiden beylak turkmenistana dinge yokary hilli zatlar getiriler, hili pes zadyngy song bizde hic kim almaz, sebabi shol ongki hili pes zada sowyan pulunga ,hili yokary zat alyp bolyar. ongki 100$ bizde 25.mn. owurip bu erden pes hilli zatlary alyardylar, indi 25.mn.-y 450$ owurip hem gowy zady satyp bilyar hemem ustunden ongkuden-de kop girdeyji alyar. beyle boldugy tm. krisise dushmez bizing halkymyz az birem dowlet bay. yone halkyng azlygy koplugi bilen gaty baglanyshygy yok.

Bu zatlar manadyn hummetini

Bu zatlar manadyn hummetini galdyrmak uchimi ya-da dollaryn hummetini dushurmek uchin edilyan zatlarmy, mena dushunyan daldirin. Manadyn hummedini galdyrmak uchin bolsa harytlaryn bahasy arzanlamasa peydasy name?

------------------------------------------------------------
Bu gün bolmasa, ertir bolar!

Adamlaryn girdeyjileri kop

Adamlaryn girdeyjileri kop bolup, harytlaram gymmat bolanynyn
ziyani yok, adamlar dovledin ichinde yene onki "alma" guychlerine eye bolyalar, yone onki dovurden tapavutlylykda,
indi dashary yurt harytlary hem elyeterli bolyar...
Yagny, 2000$ aylyk alyp, chorege 1$ berenin govy, 2 mln manat
aylyk alyp, chorege 1000 manat bereninden, "sovmak" proporsiasy uytganok, yone onler 1 ayda 500.000 ya-da 1 mln
manat anyrsyna oklap bilyan adam, indi 500-1000$ suyshirer
ve bu ona dashary yurt bazarlaryndan kop harydy elyeterli
eder...

Men yokarda-da yazypdyp harytlaryn hil'inin artmaklygy barada,
yone buda dovlede bagly sebabi eger dovlet ich bazarynda oz zatlaryny, yagny yerli harydy satmak islese, onda TM'e dashary
yurt'dan import edilyan zatlara uly olchegde salgyt goyar,
ve adamlar uchin yerli haryt has arzan geler...Yone enshalla dovlet beyle zat etmez ve halk arkayin peydalanar
hili govy hyzmatlardan, dovledem biraz konkurensia diyen
zady gorer ve belki(enshalla diyesim gelyar su yerde) dovlede degishli firmalar hem onumlerini dunya standartlaryna den geler yaly edip yasarlar !!

Ashgabat'daky agzalar,

Ashgabat'daky agzalar, biriniz gayrat edip Dayza'lardan
dollaryn alysh-satysh bahasyny bilip gaydyp bilmersinizmi
hayisht etsek ?? Yogsa mysh-mysh bolup yatyr hemme yerde,
herkim eshidenjesini yazyar takyk bilip bolyan vagtam...

yokaryny okamaok bilemok

yokaryny okamaok bilemok doly gurrun name hakda gidyanini shu wagt dayzalar dine dollar satyn alyalar hic biri satanok shu gun 22 000 manatdanam alan bar diydiler
_____________________________
Dunya yuzu menzar duzsyz tagama
soz icinde gelin gyz hem bolmasa

dollar 25-e galjak diyyarler

dollar 25-e galjak diyyarler banklarda hem mena sheyle mysh etshtdim. bilemok chynmy yalan.

Sheyle mysh-mysh'lary

Sheyle mysh-mysh'lary yazmansana how , menina yuregim
agyrjak bolyar eyyam....
Yone beydip bilmez dovlet, aylyklar duran yerinde, harytlar bolsa 5 esse diyen yaly galdygy bolar, bu bolsa vopshe
kabul edip boljak zat dal...

Sheyle radikal uyteshiklik

Sheyle radikal uyteshiklik meni hemishe gorkuzyar..

Herna gowulyk bolabersin..

Ezizim

Eýjejigim gorkma! Men bardyryn!
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

eyjejginin orsyetde galdy:)

eyjejginin orsyetde galdy:) bokup yanagyndan ogshan boyni chorlija gyz ol:)

hay cola giden pullarym hay

hay cola giden pullarym hay
rent Cd,cinema giden pullarym
hay hay
:(
......................edebi edepsizden öwren.......................

Haysy birine aydyan? Meni

Haysy birine aydyan? Meni ogshan wagty chorly daldihow, son bir gun kirli gordum :D Ogshan wagty yany dushdan gelip baryan wagty :D
PS Ey sen shol gurrunlerimi dagy okan bolsan, muncha husyt bolmasan, bir telpek zat echilaymelida :D
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

wah telpek bolsa paylajak-la

wah telpek bolsa paylajak-la menem..:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

peydaly peydasiz

namede bolsa dunyady gormeli bora byr.hacana cenli beydip gezmeli.barde byr tm grajdany bolmayan adama men on 100 dollara byr ay isleyan diydim agzyna depeyin hezil edip gulday.bizem dunyada yasayas, dunya bilen bile hereket etmeli bora .dalin bellani demir yol boldylay.

wagt gorkezerde "kasha"

wagt gorkezerde "kasha" bolupdyra.

Entak problema chykmaka her

Entak problema chykmaka her kim gorkyanda-gorkyan bolup dur.Garashyn gorun how,name biderek yurekagry bolyanyzay?

panika

ol dine halkyn içindaki panika. hiç zat üytganok. hemme zat önkisi yaly dur. kim 15,000 alyp bilyan bolsa mana habar bersi. men ondan naçe bar bolsa hemmesini alaryn. edil hazirki yagdayda satylyan yeri 23,500

Yene onkisi yaly bolupdyr

Yene onkisi yaly bolupdyr diyyaler, yanja jan edip soradym

40 yyl maya gezinchan, butun 1 yyl ner gezgin!!!

käbir adamlaryň örän

käbir adamlaryň örän mekir planlaşdyran ULY gazanjy diýip bolar.
gazanan gazandy. gazanmadyk gijä galdy.
beýle ýagdaý seýrek bolýar.

1. Ulu baý özüniň uly baýlygynyň ujundan arzan dollar satmaga başlaýar we ähli manatlary toplaýar (manat gytçylygyny döretmek üçin).
2. Kiçi baýlaram dollar arzalaýar diýip kiçi baýlygyny manada öwürmäge başlaýar.
3. bazarda manat az. dollar köp ýagdaýa gelýär.
4. şo wagtam hälki Uly baý ellerindäki manady bilen ähli dollarlary arzanladylan kursdan yzyna satyn alýar.
5. we öňki-öňkilik gaýdym gelýär.
6. netije-de Uly baý Gaty-Ulybaý bolýar. Kiçi-baýam Ownuk-baýa öwrülýär.
7. garybam garamaýaga öwrülýär.
8. şondan soň hämmämiz gowy ýaşap başlaýarys.

Bu ssenariya ynanamok mena.

Bu ssenariya ynanamok mena. Beyle etmek gaty kyn we uly riskli, akly yerinde adam beyle etmez.

TM-de bular yali ish etmage guyji yetayjek barmak basyp sanaymali adamlar bar. Olaryn hem hemme adimleri 24sagat/7gun seredilyan bolaymasa..

Eger sheyle bolayan yagdayindada, MHK(kgb)-de ykdysadiyet jenayatlary (economic crimes) bilen gyzyklanyan bolum bolmali yalnyshmasam. Sholar mesele bilen gyzyklanyandyrlar we adalatly shekilde edenlere jeza bererler diyip umyt edyarin. fanatik hany aytsana name tazelik bar? ;-)

Belkide Ulubay Döwletdir

Belkide Ulubay Döwletdir ...

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

bashga kim bolup biler,,,

bashga kim bolup biler,,,

Dogrusuny ayytsam

Dogrusuny ayytsam Türkmenistanda dollaryn Döwlet bahasy bilen bazar bahasynyn tapawutly bolmasy öran gynandyryjy yagday. Bu öran uly ekonomik problema.
Bu problem nireden çykdy?
Umuman Türkmenistanda Ekonomistlerin az bolsmasy Ykdysadiyetimizin düşük bolmasyna yol açyar.Daşary yurlara satyan harytlarymyz öran az. Bolanjasynam dünya bahasyndan gaty arzan satyarys. (gaz) Bunun hem bir topar syyasy ( politik ) sebapleri bar.
Dollarlaryn bazar bahasynyn ütgedi diyip bir gürrün çykdy . Men beyle bir zat bilemmok. Yöne Berdimuhammedow Dollaryn bazar bahasy bilen Döwlet bahasynyn bir bolmasy barada degişli adamlara tabşyryk berdi. Buny hemmanizem bilyansiniz.Yöne bu bir ya-da iki günde düzediljek mesele dal.Biraz wagt gerek bormuka diyyan. Bu babatda birnaçe işler alynyp barylyar.Measelem dollaryn döwlet bahasyny galdyrmak üçin bir topar taslamalar işlap düzüldi. Dollaryn döwlet bahasy 15 müne çykarmak üçin.Yakyn wagtda Türkmenistanyn Prezidentinin bir yygnagyna garaşyarys.

Bu babatda (bu meseleleri çözmekde)bir pikiri bolan barmy?Meselem ykdysadiyet bilen baglanşykly ugrlarda okayan talyplarymyz bir tsalamanyz ya-da pikiriniz barmy?

Türkmenistana yaş ekonomistler gerek.Dünyan yüzünde ekonomika bilen baglanşykly ugrlarda okayan yaşlarymyz bardyra? Türkmenistan size garaşyar!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Bay-ba, sen-a, dogrudanam, guycli oydyan:) Berekellah, yazgyn ucin!"