Sowgat bermeklik barada

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Duynki gybatdan bashlap shu kella geldi:)
Pygammerimiz (SAW) hem bir kitapda yalnysh okamasam bir birlerimize sowgat berip durmaklygy tabshyryar bir birini sowgat bermeklik arada bolan oyke kineleri ayryp bir birini has yakynlashdyrar diyilyar
Name ucindir biz kawagtlar dine sowgat bermeli diyilende belli belli gunler bermelidir oydyas:(
In arzan gul diyeli shol beyle kan gymmat zat dal bazarda yone name ucindir gulu dine doglan gunde ya-da toyda in bolmanda hassa bolup hassahanada yatan akidip beryaris, shol gunlere hokman garashmak geremika hassa bolup hassahana dushyance garashmak esasanam hem belki bir gun on sen shona gul sowgat beren bolsan ol ozuni gaty bagytly sayyp hassada bolmazdy, yone gulleri dine gyzlar has halayarlar a oglanlara bolsa bilemok ozleri aydarlarda:) yone bilyan zadym hemme kisha kawagt arasynda gowy soz hem uly sowgat bolup bilyar:)
Dushunmedikleriniz bolsa 4 sapar okayyn ondan dushunersiniz:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: ""Pygammerimiz (SAW) hem bir birlerimize sowgat berip durmaklygy tabshyryar!" diýeniň hem-de baş sahypa üçin"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Sen gowja?

Sen gowja? :)
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

Senem gowyja yone men senden

Senem gowyja yone men senden has gowyjada:))) _____________________________
Gozum yashdan doldyryp
cyndan gulesim gelyar
Ykbalyn icin yakyp
Bagtly bolasym gelyar

Ikinizem

Ikinizem gowja.
***************************************
Gozel gyzdan dine gozel pikir yagshydyr.

a ha

menin bir tanayn garryja dayzam bar shonyn elmydama dili bir suyji yone salamlashanda hem Garadagym arkadym nahili bamyn senem diyyade:)))) _____________________________
Gozum yashdan doldyryp
cyndan gulesim gelyar
Ykbalyn icin yakyp
Bagtly bolasym gelyar

güler ýüz hem hem sadaka

güler ýüz hem hem sadaka bolanyna görä, mylaýym söz sowgat bolarmyka diýýän, aslynda, şol sowgada her bir maşgala we olaryň agzalary hemişe mätäçmikä dýýän, gör, nähili gowy sowgat!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

nireden bilýäňiz-aý

nireden bilýäňiz-aý bir-biriňiz gowjadygyňyzy:)
duşuşyklara baryp bilmedim-dä:) ýogsam, men hem häzir paňlar oturardym :))

oýun bir ýana, sowgat barada hadys bardy, gözledip tapyp bilmedim, manysy boýunça şeýle maslahat berilýär:"Herkim uzak bir ýere syýahatdan gelende, maşgalasyna(ýakynlaryna) sowgat getirsin!"

Şol sebäpli-de, bu pikiri goldaýaryn.

Özüm-a gury töňňe ýaly bu babatda, öwrenmeli 1 zat edip, Mergen dagy oňat bilýär öýdýän bu ýagdaýy, Baýram-a meň ýaly, duranja ýerimikä diýýän sowgat meselesinde :))
TÇ-den her ýyl öýe baramda 100 sakgyç bn baryp, gelen goöşy-golamlarymyza paýlan bolýadyk. Öýdäkilere bolsa jorapjyk, el ýaglyk, polotensa, ýaglyk, jalbar, köýnek, köwüş ýaly zatlary eltip berýärdim, iň begenýän zadym hem, azajygam pul elten bolýardym aldarlyk:)
aslynda, özüm talyp-laý welin, ýene-de, hamana, pulam eltip bermeli diýen pikir bardy mende, ýogsam, işlämokdymam-la, diňeje stipendiýa bardy.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Woow, turkmence elipbiy

Woow, turkmence elipbiy bilen yazip bashladinizmi siz hem indi? Gowy, gowy..

Let me guess, Vistali taze komp. aldynyz gerek? Hawa bolsa, Gutly bolsyn. Vistadan eyyam zay bolan bolsaniz pozmaga komekleshjek ;-)

wey, atdash, men on

wey, atdash, men on yazypdym-a alanymy, hatda, suratyny hem goyupdym kompymyn:)
hawa, windows vista home premium, birem, "amd", indi nahili "dandik"-ligini gorensiniz :))
atdash, men ol laptopy dine sahypamyzda TM elipbiyinde yazgy yazyp bilmek ucin aldym, galan zady wajyp dal!
Yone yene-de hemme tanyshlarym biderekdigini aydanson, indi men hem uytgedaysemmikam diyyan?!
Yone Windows XP ucin mana "arassaja" gerekli, ony nireden tapsa bolar?!
Nadip komek etjek, atdash?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ýakynda bergidar bolmak

ýakynda bergidar bolmak diýip blog açypdym, indi bergilerimi üzdüm welin, doganyma tel sowgat edäýdim-ow:)
özem gowja telefon, onuň daşyndan, ýene doganymyň ýoldaşyna-da gowja tel berdim doglan gününe, suratynam goýupdym ses berlişik üçin açanymda.
Funksiýalar/aýratynlyklaryny hem ýazypdym.
Bular meniň üçin iň gymmatbaha sowgatlar kategoriýasyna/görnüşine girýär :))
sizde sowgatlaşma ýagdaýy nähilikä?!
Ýa sizem meň ýaly "odun"-my :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Wah mena dogrymy aytsam

Wah mena dogrymy aytsam gyzlara sowgat saylamaly bolsam ansat saylayyan yone oglanlara welin kan saylap bilemok kawagt arasynda olam:) shu gun hem kakamyn doglan guni hem entak saylamok sowgady name berjegimi hem bilemok:( _____________________________
Gozum yashdan doldyryp
cyndan gulesim gelyar
Ykbalyn icin yakyp
Bagtly bolasym gelyar

kakalar hemişe maşgalany

kakalar hemişe maşgalany eklemegiň aladasynda, şol sebäpli, olar şahyslaryna alynan sowgady däl-de, belli mukdard berlen pula has bgnýän ýaly göwnüme bolmasa?!
Biziň maşgalada-ha şeýle, beýlekilerde hem, umuman, şeýleräkmikä diýýän!
Ýene-de kakalar öz gyzlaryndan aýratyn alan sowgatlaryny hem unutmazlar ýöne. Men-ä köýnejik alyp bererdim, belki. Pul bermejek bolsam :))
Kakam semiz, tüweleme, meniň 2 essem dagyn bar, şol sebäpli, meniň eşiklerim oňa bolanok, kämahal täze eşik alaýmam bar, şolardan birini beräýjek bolýan welin öýe baramda, teý, bolanok-da :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Wah Ata aga kakamyn ozunden

Wah Ata aga kakamyn ozunden biraz pul alayyn diyip durdym sizem beyle diyaydiniz:)))
Wi ondanam mena sizin kakanyza semiz diyip bilmerin sebaibi iki Siz yaly bolsa:))) oyyndyr
_____________________________
Gozum yashdan doldyryp
cyndan gulesim gelyar
Ykbalyn icin yakyp
Bagtly bolasym gelyar

şu ýerde sesli güldüm:))

şu ýerde sesli güldüm:)) sen eşiden dälsiňdir welin, aýdaýyn diýdim :)
jigim, meni şeýle hor gördüňmaý?! Haýsy suratymda şeýle hor ekenim:) Görenem meni çybykdyr öýder seniň ýazgylaryňy okasalar :))
Dädem(=kakam) semiz-le, azyndan 100 kilony-ha geçýän bolmaly ol, menem 77 kilo öýdýän häzir, boýam 1.86 :)
Boýa görä adatyrak bolýan dälmi näme?!
Sowgat babatda meňki hem kyn, yks large (XL=ullakan ölçeg =>çopanlygym belli bolýarmy:) gerek bolup bilýär boý taýdan:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

:)

ata wrote:

şu ýerde sesli güldüm:)) sen eşiden dälsiňdir welin, aýdaýyn diýdim :)
jigim, meni şeýle hor gördüňmaý?! Haýsy suratymda şeýle hor ekenim:) Görenem meni çybykdyr öýder seniň ýazgylaryňy okasalar :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ata aga, shu yerde Ayaz babanyn gulishi "hohoho" goz onume gelip gitdi. Dash keshbinizem dayaw boldy :)

bah, taze yilyn gelyani her

bah, taze yilyn gelyani her yerde bildiryar-ow :)
Feya, jigim, indi senem mana cishijek diyip bashlayma birden :))
dogrudanam semrap baryan-ow, horlanjak bolmaly, yogsam hojayin helak edip biler:) (multikden bir sozlem)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

wiý, kakaňdan dagy pul

wiý, kakaňdan dagy pul alyp, sowgat aljak bolsaň, onda ilki onuň egin-eşik taýdan haýsy zadynyň köneligini öwren, soňam şony alyp beräý-da, hem söýgüli gyzyndan sowgat, hem-de mätäç/gerekli zat:))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

WIIIIIIIIIII saytdashlar bu

WIIIIIIIIIII saytdashlar bu bloga sizem yazynda nahili sowgady gowy goryanligini ya bolmasa kime uytgeshik sowgat edenizi
_____________________________
Gozum yashdan doldyryp
cyndan gulesim gelyar
Ykbalyn icin yakyp
Bagtly bolasym gelyar

Plan zady sowgat etseler

Plan zady sowgat etseler gowy görýän diýip biljek däl, sowgadyň hemmesi hem gowy. Garaşylmadyk pursatda ýada ýagdaýda sowgat berseler täsirli bolýa.
Bir tanyşym USAiii gidip geldi, maňa Bob Marley-yň disklerini sowgat getiripdir, ýaman begendim. Bu adaty sowgat däl, birine köýnek, duhy, kitap alandan has täsirli.
Birem men özüme sowgat etmäni halaýan. Ýöne olar ýalak sowgady epesli wagtlap garaşyp alýän. Mysal üçin diýýän "Şu sezon çempion bolsak özüme forma (jersey) sowgat etjek", sowgada çenli 4-5 aý garaşmaly bolýan.

paid tha cost to be da Bo$$

ata aga siz yaman horlay

ata aga siz yaman horlay tanyş görünyanizlay:))))))))))

mena her tr gidemde sowgat hökmünde kilelap tatly- akityan barybam gürp iyas maşgala bolup---gyzlara name sowgat aljaga mena bilip bilemok,oglanlara men ayakgap-jeans...sypyryalar:)

......................edebi edepsizden öwren.......................

ejem-kakama hiç haçanam

ejem-kakama hiç haçanam uly sowgat alyp gormedim oydyan men-a.. ejeme bir zatlar alan bolyan welin kakama sowgat berenim yadyma düşenok..yone tr'den baranymda şu yil kakama kitap alypdym.. kakam kitap okamany yaman gowy gorya..boş durmaz.. özi hem bir wagtlar bir kitap yazypdy welin çap edilmedi.. özüm yene azajyk ulalayin son çap etjek nesip bolsa..sonam kakama şony sowgat etmek islardim..

Mahri wrote: WIIIIIIIIIII

Mahri wrote:

WIIIIIIIIIII saytdashlar bu bloga sizem yazynda nahili sowgady gowy goryanligini

Owadanja ya bir gen-tasin suvenir berseler gowy goryan :)))

pul

pul berseler:D
......................edebi edepsizden öwren.......................

uytgeshik birine sowgat

uytgeshik birine sowgat edendirin diyemok.
"Plan zady - sowgat gowy görýän diýip biljek däl, sowgadyň hemmesi hem gowy. Garaşylmadyk pursatda ýada ýagdaýda sowgat berseler täsirli bolýa." shuny iki elim bilen goldayan!

Men sowgad uchin azap edilen

Men sowgad uchin azap edilen bolsa gowy goryan.Meselem azap edip goshgy duzup berseler,yada seyrek kitaby gozlap tapyp berseler has begenyan.Bazaryn bir ujundan baryp gabat gelen gowja zady satyn alsalar name bolsada on yalak tasir edenok.
Birem mana yakyn dal birisi shu wagt gerek zadymy berseler bir hili bolyan.Sebabi menin shona matachdigimi bilipdirler we shon uchinem ozumi biraz gozgyny duyyan.A yakyn biri berse onda eyyam uytgeshik bolyar.

***************************************
Gozel gyzdan dine gozel pikir yagshydyr.

Oglanlara sowgady almagyn

Oglanlara sowgady almagyn mohum daldiginin sebabi olaryn beyle zatlary kan pikir edip durmayanligindandyr.Gyzlar bolsa ynjyk(havadan nem kapan)bolyar.

Mena oye gidenimde elim bosh

Mena oye gidenimde elim bosh gitmejek bolyan, in azyndan
mashgalama bir zatlar alyan...
Kakam barka ona koynek alyadym TR'den, ejeme ve gyz doganlaryma kumush yuzuk alypdym(altyn'a pulum yetmedi :D),
Oglan doganyma jynsy/fudbolka dagy alyan, yone olam menin
birgiden zadymy sypyryp galyar, bu yilima ne gozel adidas
ayakgabym, cargo short'ymy ve yene-de 2-3 sany govy ve
gymmat zadymy sypyrdy "Barde tapdyranok, sen barsan alarsynda" diyip, hamala men pul guzlayan yaly...

Ozuma manylyja zatlary govy goryan, maddy mochberi mohum dal..Klasiki bolup giden kop zat meni kan begendirenok, uytgeshigrak zat bolsa has govy goryan,
azap edilen dagy bolsa hemmesinden govy...Yagny, gyzlar
elleri bilen 1 zat orup berseler, menin uchin shol belki
300$'lyk telefon berenden has gadyrly bolar...

Mana bir sapar doglan

Mana bir sapar doglan gunumde on bile ishlan joram son ishi gaty ulanyp gitdi welin doglan gunum welin jan etdi bir erbet begendim yadyndan cykarman jan edenne dine yadyndan cykarman jan etseler gaty uly sowgat bolyan eken
_____________________________
Gozum yashdan doldyryp
cyndan gulesim gelyar
Ykbalyn icin yakyp
Bagtly bolasym gelyar

Bir gun oglan doganyma

Bir gun oglan doganyma kozynyy gapjyk alyp berdim beremden son sag bolsun aydyp :"pul sowmaga yer tapmayarsyn oydyan men gapjyk goteremok" diydi welin gaty oykelapdim:(

Ondan bir sapar bir ishde bir ishgarimize doglan gununune 5-6sany her tuysli darak upakowka edikli gowy gorup aldyk arzanam daldi oza shol wagt, sowgaty gowshyrdyk sonyndan bildi sowgady menin almaga gidenimi sag bol jigim yatlap sowgat alyp berenize yadygarlik galar diydi yone mende sac yokda ony darar yaly diydi gulup hezil edipdik shonda ol elmydama sacyny syrylan yaly kici edip osduryanligi yadyma dushmandir:)
_____________________________
Gozum yashdan doldyryp
cyndan gulesim gelyar
Ykbalyn icin yakyp
Bagtly bolasym gelyar

ha yada düşdi,öylenemde

ha yada düşdi,öylenemde ejem mana " maşyn sowgat etjek "diyip söz beripdi...
......................edebi edepsizden öwren.......................

menina doglan gunumu

menina doglan gunumu tuweleme gyzlara sagbolsunlar esasanam akgül men o gun biraz yuzum solukty namede bolanda arkadaşlar bar hemme yerde yaman hezil boldy men ozüm ŞOK da boldum akşam erbet edip tort getirdiler welin yone bir zada hakykatdan hem gaharlydym men esasan hem ejemin janyna garaşyadym yone jan gelmedi men ozum tel.etdim welin oyumizin 10 lugyny yapypdyrlar we ejem tel.edip bilman men janyma garaşyp oturan ekeni ozlerice bellapdirlerem ana yekeje ejemin sozi hem men ucin uly bagt!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "Sozlemin sonuna cenli mert durup, birje punktuasiya belgisem goymadygyn ucin :)))"

Agyzzz, senem punktuasia

Agyzzz, senem punktuasia belgileri(?) bilen dostlashaaaay,
butin post'ynda yekeje yuzlenme bar, oda in sonynda, mena
Turkmenem bolsam haysy sozi haysysyna baglajagymy bilman,
pikirlenmeli bolyan how...Beytmeda jora, bize haypin gelsin,
hemmamiz kriptograf dal ahyry...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "Sana-da syncylygyn ucin :)))"

Menin elmydama ozume sheyle

Menin elmydama ozume sheyle sowgat edesim hic dozemok ozume pul cykarmany:)
oz suradymy ullakan 1kw.metr edip cekdiresim ya bolmasa suradyn ozuni shonyn yaly cykartdyrasym gelyar
gecen yyl etdirjek boldum bary 50sm - ligini (cekilmedik yone surady ulaldyp cykarmak) 500 mun manat diydiler oydyan dozmedik boldum shona
_____________________________
Dunya yuzu menzar duzsyz tagama
soz icinde gelin gyz hem bolmasa

üytgeşik zat. men surada

üytgeşik zat.

men surada nahili gowy düşsem hem özümi suratda doly görkezip bilmeyan yaly duyyan ..
suratda yylgyramda hem halamok, yylgyrmasamda halamok.
emma ayna sereden yagdayymda elmydama öz yüzümi halayan.
(köp adam hem şeyledir yalnyşmasam?)
________________________________________
Aşyk bolanda saçyn düşyarmika? Kelleşip başladym.. :)

Maňa öz suratlarymyň

Maňa öz suratlarymyň 1-10% ýaraýa diňeje. Özem surata düşen badyma diňe 1-5% ýaraýa, ýöne wagt geçip, täzeden görsem şol suraty has halaýan :D
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

:)

Oglanlar sovgat saylamak kynrak bolya. Gyzlara ozume yaly alyp beryan :)
Kakama men futbolka, jortik :) sovgat edip beryan. Ha haysy yutrlara barsam sho yurdyn nadpisi futbolka yada kepka alyan.
A tak men goni sorayan nahili sovgat ili name alyp bereyin. Bilyan sovgat surpriz bolmaly, yone ne vsegda ugadat edip bolyar.
Orslarda bir nakyl bar " Дареному коню в зубы не смотрят" No vse ravno standartnyy sovgatlar: suvevir-muvenir, foto-ramkalar, krujka-mrujka etc zatlary podarka etyanlere nemnogo udivlayus.
Men pikirimche sovgat bersen, ozune alan yaly zad bolmaly. Yone, nahili ne byl podarok, vnimanie samoe glavnoe.

Ha, hazirem taze yyl, indi podarka zat pikirlenmeli :) Gaty kyn, matemeticheskiy rebus yaly :D

M.D.'den aldynmy tomus'da

M.D.'den aldynmy tomus'da goyup gaydanymy ? :D

:)

Hova, aldym. Sagbol, gaty govy gordum. Surata dusheyin ibererin

taze yylda in gowy sowgat

taze yylda in gowy sowgat şapka-ellik-şarf bolaymasa mena halayan şo zatlary,ine yetibem gelyar...name almaly name almaly???
......................edebi edepsizden öwren.......................

manaya sharf bilen ellik

manaya sharf bilen ellik bolsa bolyar :)

syrly gülişmay

syrly gülişmay ol?
:D
......................edebi edepsizden öwren.......................

WAH Anna ony mana

WAH Anna ony mana berayselerem gar oynap bilemokda gar yaganok:)
yone gowyja pikir pikirlenip gormeli sowgat hokminde
_____________________________
Dunya yuzu menzar duzsyz tagama
soz icinde gelin gyz hem bolmasa

"yssy ulkelerin birinde bay

"yssy ulkelerin birinde bay zenanlar owadan palto we sh.m. gymmatbaha we moda egin-eshikler alyp, sonam oylerine ozleri yaly bay zenanlary cagyranlarynda, oylerini sop-sowuk edyan guraly (ady yadyma dushmedi, wentilyator-a dal yone) yorite ishledip, shol eshiklerini hem gorkezmek ucin geyerler ekeni" diyip bir mysh eshitdim, bolmasa, senem tebigy bolmadyk gar yagyan yerlere gidip geyaymeli ekenin :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Bah Ata aga gowyja maslahat

Bah Ata aga gowyja maslahat pikirlenip goreyin elime-de gar ufleyan dezdorant yaly bir zat bardy shonam ustumden dokup durayyn:)
_____________________________
Dunya yuzu menzar duzsyz tagama
soz icinde gelin gyz hem bolmasa

haysysynyn dogrydygyny

haysysynyn dogrydygyny bilemmok.
"Sowgada sowgat bermek sünnet" mi ya-da
"sowgady sowgat bermek sünnet"

Kim dogrysyny bilse menden 1 telpek ...

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

Sowgady sowgat bermek sunnet

Sowgady sowgat bermek sunnet !!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • OldBoy 1 telpek goyyar we yazyar: "Nireden alandygyny yaz yene bir sowgat telpek al"

Telpek berip oturma Sanjar,

Telpek berip oturma Sanjar, ozune gerek bolar
entak !!
Sen turkche bilyan, "shu yerde" okap bilersin sowgady
sowgat etmek barada !!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • OldBoy 1 telpek goyyar we yazyar: ""

berlen linkde sowgady sowgat

berlen linkde sowgady sowgat etmek barada soralyp, jogabam berlipdir. umumy yagdayda sowgat bermek sunnet, dineje berlen sowgady sowgat etmek dal. jogap dogry, yone dine sowgady sowgat etmek bn caklenmeli dal, bashga zat alyp sowgat etmek hem sunnet bolmaly!
shol undelyar!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Men sowgadymy lda yene

Men sowgadymy lda yene birine sowgat beray .

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

mahri name ucin 5 ya-da 3

mahri name ucin 5 ya-da 3 dalde 4 gezek okamaly syryny dusundirsene.

wah shajan on bir sapar bir

wah shajan on bir sapar bir yerde jogap yazypdym shony hic dushunmandirler in sonynda 4 sapar okanlaryndan son dushunipdirler:)
_____________________________
Dunya yuzu menzar duzsyz tagama
soz icinde gelin gyz hem bolmasa

yenede slm

glawnoye ne podarok a wnimaniye
men dogrymy ayrsam sowgat bermani halayaryn. birem her saparynda da üytgeshik sowgat bererin. finans yagdaydanda hich gysganmaryn. yok bolsada biryerlerden taparyn yone sowgat berjek adamy boş goymaryn. kade bolsa kafama gore takılırım giderin ejeme ya dademe bir sowgatjyk alaryn. prazdnik doglan gun diyibem otyrmaryn helede anne babam icin. bilyan bolsan ene-ata hemme zatdyr. nache sowgat bersen de olaryn seni ulaldyp yetishdirenleri uchin garshylygyda sonsuzdyr.
dostlarymada sowgat almany halayan yone men ozum oz doglan gunimi bellemane halamok. bilemok durmush prinsiplaryndan biri. berlen sowgatlaryda bratişkalaryma dademe beryan.
senin aydyshyn yaly kate adam doglan gun, toy, prazdnik bolmasada ozüne yakyn birisinden bir zatlary garashyar. bil ki bazıları için bir tebessüm bile bin hediyeden de güzeldir. yöne bu her sapar gulup aldamak dal. bazen hediyede almalısın ayip olur. bilmem anlatabildim mi??? peace!